4. ZYÝARAT
"Görüstany gör-de, otur, pikir eýle,
Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup!"
Magtymguly.
Gonamçylyk. Bu ýeriň ýalaňaçlygy, tukatlygy tomsuň jöwzasyna ýanyp ýatan türkmen sährasyny ýatladýar. Käýerde birki düýp gandym görünýär diýäýmeseň, başga saýalara daragt ýok. Ýiten mazarlaryň suduryny saýgarsa bolýar. Zeýiň, şoruň zoruna sagdynlygyny ýitiren topragyň ýüzi kesmekläpdir, sähelçe agrama owranyp, bedeninde aýak yzlaryňy galdyrýar. Sarygarynja iri çöpleriň düýbüni, şahalaryny suwap çykypdyr. Mör-möjekleriň ululy-kiçili hini gorpa düşmegiň ähtimaldygyny duýdurýan alamat bolup görünýär. Bu ýere idili ot hem bitmändir, bitenjeleri-de sary-samana öwrülipdir, tikenlerini, ýapyşak baldaklaryny geýimiňe bolluk bilen ýelmeýär.
Ölüleriň mesgeni. Çagakam bu ýer maňa howatyrly hem gorkunçdy. Häzir welin, altmyş ýaşy arka atan adama onuň täsiri düýbünden başga. Tukat mazarystanda meniň atam-enem, iki doganym, ýakyn garyndaşlarym, obadaşlarym ýatyr. Mende olaryň hersi bilen bagly duýgular, pikirler, ýatlamalar bar. Olar meniň ömrüme, men olaryň ömrüne dahylly. Her biriniň ýagty ýalançydan gitmegi bu topraga bolan örkümi gowşadýar. Ýiten hem ýitip gitmeli mazar tümmekleriniň aşagyna duwlanan adamlar haýran galaýmaly çaltlyk bilen geçip barýan aý-ýyllaryň olara dahylsyzlygyny, şol dahylsyzlygyň dirilere, maňa-da hä diýmän nesip etjekdigini ýatlatsa-da, geň galaýmaly, gorky duýamok. Öwlüýäniň ümsümliginde üýtgeşik ýakym bar, ol seniň paýhasyňy bakylyga ugrukdyrýar. Ölüm bakylygyň başlangyjy. Adatça, adamlar ölümdenem, bu bakylykdanam gorkýarlar. Mazarystanda oturyp pikir etmäge olarda höwes ýok. Türkmenlerden Magtymgulyny sorasaňyz ony pygamberden pes görmeýändiklerini aýdarlar, bu meselede ähli hyzmaty şahyryň eserlerine ýöňkäp bolmaz, bu ýerde şygar-lozunga diýen belanyň hem oýny az däldir. Biz Marksy, Lenini oňly okaman, olary-da pygamber ornunda goýupdyk, şol endik, belli derejede, beýik şahyrymyz babatda-da dowam edýär. Magtymgulyny pygamber ornunda goýup, oňa hormatymyzyň çäksizdigini bildirjek bolmagyň derkary ýok, kanagatyň, ýetse, onuň eserlerini oka, öwren. Magtymgulyny anjaýyn bilýän adam görüstana baryp pikir etmekden çekinmez. Görüstanda edilýän pikir, elbetde, häkimleriň köşgünde edilýän pikirden üýtgeşik bolýar, bu ýerde adam etmişini ötenleriň öňündäki borjuň çäginde seljermäge synanyşýar. Bu bolsa, özüňi tanamaga synanyşykdyr. Filosofiýanyň bissimillasy-da özüňi tanamakdan başlanýar. Ata-babalarymyz: “Özüni bilen – weli” diýipdirler. Hawa, diýipdirler, atalarymyzyň haýsy bir diýeni bolup barýar diýip, eňege tutjaklaram tapylar. Olaram ähli adam özüni tanagadan welilik derejesine ýeter diýip aýdaýan däldirler, weli diýeniň pygamberiň bäri ýanynda duran adam-a! Ähli adam özüni tanap, weli bolup oturyberse, haýsy ideologiýa, haýsy bir serdar olaryň başyny aýlap biljekmiş! Ata-babalarymyzyň paýhasynyň gurbany bolalyň, ýöne olaram muny hemmeler üçin elýeterli zat diýen däldirler. Gowusy, Magtymgulynyň tüýs bilip aýdan sözüni ýatlalyň: “Adam özün bilmez ham-hyýal bolar” diýipdir. Özüňi bilmegiň, juda müşgil işdigini Magtymgulam nygtapdyr gerek! diýerler. Ine, pikir ýaltalygyna endik edinen türkmeniň tapjak bahanasy! Ýa-da has gönümeline tutar: “Pikir edip dünýäniň aňyrsyna ýeten ýok, kelläňi agyrdanyňa degenok. Ak düýäni gördüňmi? Göremok, wessalam!” Eger şu ündewe jähennemçilik däl-de, paýhas diýjek bolsaňyz, onda şu günki türkmeniň aglabasy paýhas bilen ýaşaýar diýiň-de, hondan bäri bolup geziberiň! Ýeri geldi, gulaga ýakmajak ýene bir gürrüň: türkmenleriň arasynda köp ýyl ýaşan bir kişi öz ýurduna dolanyp baranda ildeşleri ondan: “O halkyň bolşy, gylyk-häsiýeti nähili?” diýip sorapdyrlar. “Geň häsiýetleri bar, bolmaýan zada-da bolýa diýşip otyrlar” diýip, jogap beren.
Altmyşynjy ýyllaryň başynda ýaş türkmen kinoçylary “Şükür bagşy” atly çeper film döredipdiler. Respublikadan daşarda bada-bat çuňňur filosofiýa äheňine ýugurlan eser diýlip, uly baha mynasyp bolan bu filmde: “Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da filosofiýa bar” diýiliýär. Şol döwür üçin geň eşidilen bu söz türkmeniň gulagyna ilen-de bolsa, aňyna ýetmändi. Halkyň pikir öwürmäge ukyplydyr öýdülýän gatlagynyň beýnisinde marksistik-leninçilik filosofiýadan gaýry filosofiýany kabul etmäge orun galmandy. Rast, “ýekäň çaňy çykmaz” diýilýän bolsa, ýekäň filosofiýasy-da bolmaz diýmelidi, diýilýärdem! Biz filosofiýa diýlen düşünjä tutuş partiýanyň, jemgyýetiň birleşen tagallasyndan döremelidir öýdýärdik.
Görüstana baryp oýlanyp bilýän adamyň pikir ediş endigi biziň filmden eşiden geň sözümiziň manysyna bap gelmelidi. Emma görüstanda häli-şindi ýeke görnüberseň töwerekdäkileriň saňa söwdaýy diýmekleri-de ähtimaldyr. Söwdaýynyň pikirini-de, sözüni-de hiç kimiň diňläsi gelenok. Men welin, paýtagtdan dogduk obama gezelenje gelen adam, maňa söwdaýy diýesleri ýok-la. Gölegçiler bolaýmasa, ýerli ilatdan mazarystana gelýäne sataşmak juda çetin. Uly ýylgynyň düýbi enteşip ýören itleriň mesgenine öwrülipdir. Gonambaşynyň gümmezli mazarynyň töweregini tutup ýatan giňişlikde golaýdaky obalar ölenlerini jaýlaýarlar. Obalaryň biri-birinden çäk saklap oturyşlary ýaly, her obanyň ölenleriniň-de çäkli meýdany bar. Territoriýa bilen bagly soňky ýyllarda ýüze çykan alamatlar obalara-da, öwlüýälere-de häsiýetli. Kolhoz ýerleriniň mellege paýlanmagy obalaryň ýaýrawyny giňeltdi, olaryň biri-birine juda golaýlaşmagyna, käbir ýerde goşulyşmagyna getirdi. Bu hadysanyň, mazarystanda-da ýüz bermegini, megerem, bäş-alty ýyl bäri ilat arasynda ölümiň artandygy bilen düşündirse bolar.
Mazarystanyň öz obamyza degişli böleginde töweregi synlap durun. Ýigrimi ýyl ozal geçirlen zeýkeş topragyň şoruny biraz peseldip, mazarlaryň ýitip gitmek möhletini az-kem uzaltdy. Ýörite çekilen asfalt ýol öwlýäniň başlanýan ýerindäki ýas mitingi üçin gurlan beton meýdança ýetip tamamlanýar. Gapdaldaky üç tarapy ýapyk bassyrmanyň aşagynda merhumlary jaýlamaga zerur gurallar, kerpiç ýatyr. Bularyň hemmesi sowetler döwründe urukdyrlan işler. Öwlüýälere anjaýyn ýol çekmek, olaryň içini-daşyny rejelemek, has arzyly adamlary ýas mitingini geçirip jaýlamak taze däp-dessurlar diýlip ündelen, döwlet tarapyndan hökmany suratda ornaşdyrlyp başlanan çärelere girýärdi.
Öwlüýäde aýdylan sözüň manysy güýçli bolýar, ol ýerde adamlaryň paýhasy durlanýar. Çyn bilen ýalanyň arasyndaky parh ýitileşýär. “Nähili adamdy” diýlen sowala “gowy adamdy” diýlen standart jogapda merhuma biparhlyk bar diýsek ýalňyş bolardy. “Häk, öz-ä ogruja-dow” diýäýmegi ähtimal gölegçiniň hem bolup biljekdigine garamazdan, şol pursat dirileriň kalbyna nähili-de bolsa, ýumşaklyk aralaşýar. Adam rehimli bolmaga, öleniň etmişine düşünmäge, ony döreden sebäplere özüniň dahyllydygyny, däldigini seljermäge zerurlyk duýýar. Ýagty ýalançyda ýoly tamamlanan, il-gününe ýagşylyklar eden adamlar babatda aýtsak, gara ýere duwlanmazdan öňinçä onuň ruhy duranlardan minnetdarlyk sözüni eşitse, ýakymly bolmajakmy! Merhumyň ruhy üç günläp töwerekden gitmezmiş, ol hakynda aýdylýan gep-gürrüňi gabanjaňlyk bilen diňlärmiş diýýärler. Ýagşy söz eşitmek merhumyň hossarlaryna-da ýakymly. Men beýle däbiň girizilmeginiň tarapdarydym, häzirem ynanjymdan dänemok. Obadaşlarym oňly ornaşmaga ýetişmedik däpden sowet häkimiýetiniň gowşap ugran ýyllary el çekipdiler. Belki, bisarpa emeldarlary mahabatlandyrmak üçin ulanylandyr? Tüýs bolaýjak ýagdaý! Beton meýdança geçmişiň gereksiz alamaty ýaly gapdalda galypdyr, töweregine ekilen agaçlar gurapdyr. Eger ýalňyşmaýan bolsam, bu daragtlar obadaşlarymyň mazarystanlyga eken ilkinji agaçlary bolsa gerek. Haýp, ol dowamsyz galdy. Beýle bir aladalaryň köne ýola gabat gelmeýändigi hakynda haýsydyr bir bisowat mollasumagyň aýdýanyny ylymly-bilimli, dünýäden habarly türkmenlerem diňläp, baş atyp oturandyr. Gonamçylyga agaç ekmek diniň ýoluna gelişmez diýilse-de, hä diýer oturar. Ylymlynyň erksizligini, musulmançylygyň düýp ýolundan bihabar nadaranyň öňünde kiçelip oturyşyny gören adamlarda mollanyň ylmy güýçli ekeni diýen pikir döreýär. Şeýdibem ylymlylyk diýen düşünjä, ölçege bulaşyklyk aralaşýar.
Türkmenler ölenleriň mazarlarynyň çaltrak ýitmegini isläpdirler, göçe-göçlük mahalda tümmekleriň üstünden süri geçirip, tekizläpdirler diýen pikir bar. Halkyň geçmişdäki ýaşaýyş şertlerine ser salanyňda, bu pikiri tassyklamaga-da obýektiw sebäpler tapsa bolar. Hazar bilen Amyderýanyň aralygynda göçüp-gonup ýören illeriň, taýpalaryň öýünden başlap, ähli guraly möwsümleýin şertlere tabyn edilendi. Emlägini tüweleýe ýüklän ýaly haýran galaýmaly çakganlyk bilen menzillerden aşyryp bilipdir. Göçülen ýurtda bialaç galdyrlan mazarlaryň aýak astyna düşmezliginden, namart duşmanyň olary zaýalamagyndan ätiýaç edipdir. Gowusy, bilinmesin, göze ilip durmasyn diýipdir. Dünýä halklarynyň däpleri bilen gabatlaşdyrlan halatynda başgarak sebäpleri-de tapsa bolardy. Sahara çöllüginde ýaşaýan tuaregler ölenleriň ruhunyň dolanmagyndan juda howatyrlanypdyrlar, howpdan dynmagyň hatyrasyna tiredeşiniň mazaryny taşlap gaçýarlar. Ýurt täzelänleri bilen oňman, merhumyň adyny dile getirmekdenem gorkýarlar, ady agzalsa, onuň ruhy çagyrlan ýaly bolýarmyş. Hatda atlarynyň gapdalyna atalarynyň adyny goşmagy-da gadagan edipdirler.
Türkmenler tuaregler ýaly çölde göçüp-gonup ýaşan-da bolsalar, merhumyň adyny-da, hatyrasyny-da saklapdyrlar, diňe ruhunyň däl, adynyň-da dolanmagyny küýsäp, ogullaryna, gyzlaryna olaryň adyny dakýarlar. Diýmek, türkmenler üçin birinji sebäbi has ýerlikli hasap etse bolar.
Türkmeniň göçüp-gonup ýörmeden gutarnykly dynanyna tutuş asyr geçdi. Şäherleriň, obalaryň tutumyny göreniňde bu halk bir mahal çarwa ýaşandyr diýmersiň. Diýilse-de, diňe öwlüýäleri synlanlar diýer. Keseden gelip, mazarystanlygyň tukat hem gözgyny görnüşini gözi bilen gören adama türkmeniň “Ölüsini sylamadyk dirisini sylamaz” diýen sözüni düşündirmek kyn bolsa gerek.
Ýalaňaç gonamçylykda biri-birine egin berip ýatan mazar tümmekleriniň çetinde ýüzlerini asyp oturan gölegçileri synlamda türkmeniň agyr geçmişi hakynda okanlarym, eşidenlerim janly görnüşe girip, dikelip barýana dönýär. Golaýdaky köşgi-eýwanly, kaşaň ymaratly, bag-bakjaly şäheriň reallygy birden örän daşlaşýar, has takygy, teatr sahnasynyň düýbünde goýlan surata öwrülýär. Şäher bilen aralyk bir asyrlyk yza dolanylan ýol bolup görünýär, sähelçe wagtda uzak geçmişde galan çarkandakly mazarçylyga ýetilen ýaly, geňlige maýyl bolýarsyň. Ýüzlerini tozan basan gölegçiler haýsy eýýama degişli adamlarka diýen pikir kelläňe gelýär. Birnäçesiniň anjaýyn egin-başy-ha, ho-ol, bir asyr uzaklaşan şäherden gelenlere meňzeýär. Olar depin edilýän merhumyň mysalynda, bir gün özleriniňem tukat geçmişi ýatladýan ýalaňaç meýdana getiriljekdiklerini göz öňüne getirýändirler? Ýa-da öwlüýäni şol şäheriň gözelligine mynasyp şekilde özgertmäge erkleriniň ýetmejekdigini boýun alyp, gussa batýan bolmasynlar?.. Bu sowallar üçin siz meni bagyşlaweriň. Juda bolmasa, bu adam bilesigelijilik keseline ýolugypdyr, onuň irnik sowallaryna jogap bermäge biz borçly däl diýäýiň. Dogrudanam, meni gyzyklandyrýan zat siziň köpiňizi gyzyklandyrýanam däldir. Men ýene özüme sowal berýärin: näme sebäbe oturymly durmuşa geçen bir asyryň dowamynda türkmeniň aň-düşünjesinde, ýaşaýyş şertlerinde, dünýägaraýyşynda ägirt öňe gidişlikler bolan-da bolsa, şäherleri, obalary dünýä standartyna golaýlaşsa-da, mazarystanlyklary babatda aňy, garaýyşy üýtgemändir? Belki, munuň örän çuň kökleri bardyr?
Türkmen ertekisinden garry atasyny arkasyna alyp, çöle zyňyp gaýtmaga barýan ýigidi ýada salyň. Dynç almak üçin tümmegiň üstünde oturanlarynda garry gülüp goýberýär. Asyl onuň özem bir mahal atasyny zyňmaga barýarka şol tümmegiň üstünde oturyp dynç alan ekeni.
Oglankak latyn elipbiýindäki Göroglyny pelteli çyranyň öçügsi ýagtysynda okap berenlerinde Göroglynyň garrap, ölüm halyna ýetende Ýyldyz dagynyň gowagynda ýalňyz galyşyna aglardyk. Näme sebäbe il-gün öz penakärini gowakda goýup gaýtdyka diýen sowal ulyň-kiçiň kellesine gelmänine geň galýan. Geläýende-de bu sowala göwnejaý jogap berjek tapylarmydy näme? Başga-da birnäçe halk ýaly, gadymda türkmenlerem garrylaryny çöle, daga zyňyp gaýdypdyrlar diýilse, biziň bu wagşylyga ynanmajagymyz, oňa türkmeniň dahyllydygyny kes-kelläm inkär etjegimiz belli ahyry. Onda ýokarky faktlara näme diýersiňiz? Bu sowalyň jogabyny her kimiň özüne goýalyň, ýöne meniň üçin-ä däbe eýerip, garrysyny çöle zyňan adamlar bilen şu gün kaşaň jaýlarda ýaşap, gapdallaryndaky mazarystanyň tukat hem gözgyny görnüşine adaty alamat hökmünde garamaga endik edinen adamlaryň arasynda nähilidir bir baglanyşyk bar ýaly bolup dur.
Şeýdip, dogduk obamyň kyblasyndaky öwlüýäniň gyrasynda gussaly oýlara batyp durun. Aňyrsy üç-dört ýyldan boş ýerler mazardan doljak. Ýa-ha gonamçylygyň serhedini giňeltmeli, ýa-da başga bir ýerden gonambaşy edinmeli bolar. Çägesöw topraga duwlanan merhumlaryň üstündeki tümmekler ýeliň-ýagyşyň, mör-möjegiň hemaýaty bilen tekizlenip ýiter gider. Ýatan bendeleriň adyny göterip ýörenler gapdaldaky obalarda ýaşap ýörler. Heý, mazarystanlygyň golaýyndan geçenlerinde olar özlerine ady berlen adamlaryň şu ýerde ýatandyklaryny ýatlaýarlarmyka? Ýatlaýan bolsalar, wagtal-wagtal zyýarata geläýjek ýalylar. Gelenoklar. Biziň hakydamyz şolar bilen bagly. Hökümetleriň, häkimleriň karary, permany bilen merhumlarymyzyň mazaryna zyýarata barjak bolsak, bu eýýäm mejburylygyň alamaty. Ölenleriň kalbymyzda galdyran ýatlamalarynda ynsan gatnaşyklaryna mahsus pynhanlyk bar, köpçülik, märeke pynhan duýgulary küteldýär. Ýurt möçberinde köpçülikleýin geçirilýän çäreleriň ýörite düzülen bir düzgüni bolýar. Birmeňzeş düzgün, adatça, adamlary tiz ýadadýar. Munuň hem özüne ýetik sebäpleri bar. Onlarça ýylyň dowamynda baýramlar, serdarlaryň ölümi bilen bagly ýas günleri döwlet möçberinde ählihalk dabarasy hökmünde geçirilip, agalyk edýän ideologiýa olary köpçüligiň aňyna täsir etmegiň uly oýnuna öwrüp geldi. Bu oýunda şahsy inisiatiwanyň, pynhanlygyň bolmagyna ýol berilmeýärdi. Guramalardaky, kärhanalardaky, köçelerdäki gurnalýan şagalaňlar köplenç şol ýerde-de tamam bolýardy, her bir maşgalanyň pynhan dabarasy hökmünde dowam edip bilmeýärdi. Ideologiýanyň oýnuna mejbury gatnaşmaly bolýan adamlar gaýtawul çäresi hökmünde perwaýsyzlygy galkan edinýärdiler.
Gynansagam, türkmenlerde ählihalk möçberinde bellenen milli baýramlar ýok. Munuň-da sebäbini halkyň tire-taýpa pytyraňňylygyndan, özbaşdak döwletiniň bolmanlygyndan gözlemeli.
***
Beýik mugallym atlandyrlan türkmen Prezidenti üç-dört ýyllykda telewideniýe arkaly halkyna sapak berip otyrka: “Ýedi arkasyny bilmeýän adam ýetimdir” diýen pähimi aýtdy, garaşsyz milli döwletiň çyn raýaty bolmak isleýän her bir türkmeniň, çaltrak ýetimçilikden çykmalydygyny duýdurdy. Eger ýokarky pähime eýerip aýtmaly bolsa, menem ýetim. Ýedi arkamy bilemok. Ejemiň, kakamyň bolandygyna, çagalar öýünde däl-de, şolaryň döwletli ojagynda önüp-ösendigime garamazdan, ýetim galaýan ekenim. Obadaşlarymyň hem köpüsi men ýaly ýetim, ýedi arkasyny bilenoklar. Ýetimçilikden çykmagyň ählihalk hereketinden öňinçä doganlarym sorap-idäp, dört arkamyzy anyklaşdyrmagy başaran ekeniler, şoňa-da şükür. Ondan aňyrsyny belerdip biläýjek ýaşulular biz oglankak dünýäden ötüpdirler. Wah, olaryň gürrüňini köp diňlesegem, çintgäp aňrymyzy soramak kellämize gelmändir, aýdanam bolsalar gulagymyzda galmandyr. Indi men ýarym ýetim diýen ýaly bir ýagdaýda galybermeli boljak. Birden arhiwlerden bir fakt tapylar diýen umyt bizde ýok, türkmenleriň geçmişinden maşgala bilen bagly ýazgy galmandyr. Adatça, ýazgy bolmadyk ýagdaýda legenda, rowaýat öňdäki orna geçýär. Legendany fantaziýa döredýär. Eger käbir adam ýaly menem fantaziýama güýç beribersem, bäri-bärlerde duraryn öýdemok, nesil daragtymy seljuk soltanlarynyň çarbagynyň bir çetinde dikip biljegime ynamym bar. Ýok-la, oturybersene, sensizem oda-köze düşüp, gülkä öwrülip ýörenler tapylýar.
Dördünji arkama Muhat bagaja diýýän ekeniler. Teke iliniň, syçmaz taýpasynyň bagaja tiresinden. Muhat bagajanyň ogly Ýegennazar bagaja. Ýegennazaryň ogly Baky. Biz olaryň nirede, haýsy gonamçylykda jaýlanandyklaryny bilemzok, ýöne Görogly beg ýaly dagyň gowagynda ölmändiklerini aýtsa bolar.
Obamyzyň oturan ýeriniň öňki ady Mülksyçmaz. Tekeler Saragtdan Mara aralaşanlarynda syçmazlaryň ilki ýük ýazdyran mülki. Ondan bäri takmyn, ýüz elli ýyl geçipdir. Sowet ýyllarynda obamyz Ždanowyň, Çkalowyň adyny göterip gezdi, indi garaşsyzlyga ýetileli bärem beýik serdar bolan Saparmyrat Türkmenbaşynyň şanyna, onuň doglan gününiň senesini – 19-njy fewraly at ediniň diýdiler.
Gonamçylygyň orta gürpünde, belent ýylgyn düýpleriniň gapdalynda kakam Jumageldi Baky oglunyň mazary ýatyr. Ony men ýedi ýaşymdakam, 1945-nji ýylyň oktýabrynda jaýlapdyrlar. Tamkepbäniň üstüne çykyp, öwlüýä tarap haýdaşyp barýan gölegçilere seredenimi bilýän. Olar meniň kyrk bäş ýaşly kakamy jaýlamaga barýardylar. Ejem Ogulbeg Gulluk gyzy otuz ýedi ýaşynda dokuz çaga bilen galypdy, iň kiçi jigim kyrk günlük bäbekdi.
Kolhoz arhiwinden tapylan fotosurata haýran galyp garaýan. Silkme telpekli, hor ýüzüni ýygyrt basan, gyrçuw sakgal-murtly, ezýaka köýneginiň üstünden penjek, çäkmen geýnen kakam ekin meýdanynda otyr, elinde ýaňy köwlenen kartoşka düýbi, düýpden alty-ýedi sany iri kartoşka sallanyp dur. Kakamyň ömür ýolundan bihabar kişi suratdaky ýadaw görünýän adama altmyş-ýetmişden bäri ýaş bermez. Hakykatda welin, ol şonda kyrk üç ýaşynda ekeni, kyrk üçünji ýyla gabat gelýär, Watançylyk urşunyň aldym-berdimli ýyly. Suratyň gazet üçin alnandygy belli. Front üçin irmän-arman zähmet çekýän kolhozçylar bol hasyl ýetişdiripdirler, ony kakamyň elindäki kartoşka düýbi görkezmeli, kolhoz başlygyň ajaýyp netijä buýsanýandygyny bolsa, onuň ýüzündäki şatlyk beýan etmeli. Kakama ýylgyryp seret diýendirler, gussaly gözlerine gabatlaşmaýan ýylgyrmadan mejburylyk alamatyny duýmak kyn däl.
Jumageldi Baky Mary raýonynyň iň uly “Synpy göreş” kolhozyna on ýyl baştutanlyk edipdir, wezipesinde işläp ýörkä-de uzaga çeken inçekeselden ölýär. Köp wagt geçenden soň şol ýylyň gazetlerinden kakamyň aradan çykmasy bilen bagly berlen gynanç habarlaryny okadym. Kartoşkaly surata düşüren ýyly ony Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni bilen sylaglapdyrlar. Ordeni ýörite Moskwa gidip, Kremlden alyp gaýtmak şol mahalyň düzgüni ekeni. Syrkawlygy zerarly kakamyň uzak ýola gitmekden saklanandygyny soň ejem aýdardy.
Ýadymda galyşyna görä, kakamyň mazaryny ilkinji sapar görenimde töweregine aýlanan haýat şora owranyp, diňe gapynyň üstündäki arka ýykylman galypdyr. Mazaryň tümmegi peselipdir, onuň tekizlenip, ýitip gitjekdigi meni asla geň galdyrmandy, sebäbi töwerekdäki mazarlaryňam köpüsi ýitipdir. Meniň oglanlyk, ýetginjeklik ýyllarym öwlüýäniň golaýyndaky meýdanlarda geçenem bolsa, ol ýere barmalydyr, ölenlerimiziň mazaryna zyýarat etmelidir diýen hyýal hiç kimiň hakydasyna-da gelmändir, gaýta bakyp ýören malymyz gözden sypyp, mazarçylyga giräýse, ägirt howsala, gorky bilen kowup çykarardyk. Mazarlaryň astynda ýakyn adamlarymyzyň ýatandygy barada oýlanmag-a beýlede dursun, jyn-arwahlaryň mesgeninden çaltrak ara açsak bolany! Elbetde, çagalaryň kalbynda beýle ätiýaç, gorky ulularyň täsiri bilen döräp biler. Öwlüýäleriň tukat görnüşine, mazarlaryň ýitip gitmegine adaty bir hadysa hökmünde garamak endigi şu döwürden başlanýardy.
Mazarystanlygyň ümsümliginden geçmişiň owazyny eşitse bolýar. Bu owazda adamyň kalbyny arassalaýan sazyň güýji bar. Men ony kyýamat pikirlerini teswirleýän goşgy setirlerini saza goşup aýdýan ussadyň heňine deňäp biljek. Ol owazdaky manyny pikir endigine werziş bolan adamlar aýratynam ýiti duýýarlar.
Biz ölen bendelere “ýatan ýeri ýagty bolsun” diýýäris. Näme üçin gara ýeriň asty ýagty bolmalymyş? Magtymguly adama ýüzlenip:
Ahyr boljagyň şudur, teniň ýer bilen ýatsa,
Işigi, tüýnügi ýok, garaňky jaýa geldiň – diýýär.
Şahyryň bu aýdany gabyr hakynda gorkuly göz öňüne getirmämiziň reallygyny tassyklaýar. Eýse, Magtymguly merhumyň ýatan ýeriniň ýagty bolmalydygyny bilmedimikä, ýa-da bu dileg onuň ýaşan döwründe aýdylmadymyka? Heý, aýdylmazmy! Bu dilegiň esasyndaky dessur baryp-ha yslamdan müň ýyl öň agalyk eden zaorastrizm, ýagny, otparazlaryň dini bilen bagly döräpdi. Siz türkmenleriň arasynda göramana ýerlemek dessurynyň şol ýerden gelip çykandygyny bilmek isleýän bolsaňyz Arazbaý Öräýewiň “Adat” diýen kitabyny okamagy maslahat berýärin.
Ýene. Sowetler döwründe “baky ot” diýen düşünje aňymyza ornapdy. Ol rusça “weçnyý ogon” diýen aňlatmanyň sözme-söz terjimesi. Uruşda wepat bolanlaryň ýadygärliginiň bakylygyny ot bilen aňlatmak kada öwrülipdi. Munuň göçme manysy bolmaly. Hawa, bar, özem on-on bäş müň ýyl ozal dörän ynançdan gözbaş alyp gaýdýar. Daş eýýamynyň adamlary oda ýer astyndaky dünýäniň hudaýynyň keşbi diýip düşünipdirler, hudaýyň bakylygy oda-da bakylyk manysyny beripdir.
Bakylyga isleg, bakylyga ynanç, ösüşiň haýsy basgançagyna ýetilendigine garamazdan, her bir halka mahsus. Gadymy müsürliler faraonlaryny-patyşalaryny hudaý hasap edipdirler, hudaýlara mahsus bolan bakylygy ölüleriň dünýäsine giden patyşalarynyň jesetlerini mumyýalaşdyryp, gabyrlarynyň üstüne äpet piramidalar galdyryp, gazanyp bolýandyr öýdüpdirler.
Türkmenler ogullaryna Baky diýen at berseler-de, olar bakylyk diýen düşünjäni ruhuň bakylygyna ýöňkeýärler diýse bolar. Adam ölende jesetden çykan janyň, ruha öwrülip, bakylyga rowana bolýandygyny bilipdirler. Emma materializm ideologiýasynda önüp-ösen soňky nesiller adam ruhunyň ölümden soňky öwrümli ýollary baradaky aýdylýanlary hyýaly ertekileriň beýanyndan enaýy görenoklar.
Mazarystanda oýlanýan türkmen öňi bilen Magtymgulynyň setirlerini ýatlaýar:
Bu dünýä panydyr, tutmaz binany,
Bu dünýäge gelen geçip baradyr.
Adam ömrüniň wagtlaýynlygy jähetden dünýä panylyk manysy berilýär. Bu dünýäde bakylyk diýen zat bolmaz, bakylyk ol dünýä mahsus. Adamlar gelerler, geçerler, täze mazarlar dörär, köneler ýiter gider... Eýse, türkmenleriň gonamçylyklary şu filosofiýanyň illýustrasiýasyny ýada salanokmy? Dünýäniň panylygy, berlen ömrüň çäkliligi, mazaryň hem sähel wagtdan ýitip gitjekdigi, elbetde, adamyň kalbynda gussa döredýär. Soňky asyrlaryň dowamynda öz döwleti bolmadyk türkmen wagtlaýynlygyň agyr labyrynyň astynda ýaşady. Eger biz “bu dünýä panydyr”, “bu dünýä bina tutdurmaz” diýen pelsepä düşünýänden bolup, şoňa ygrarlygymyzy görkezmäge jan etsek, biziň halk hökmünde-de wagtlaýyn ekenligimiziň äşgär boljakdygyna garaşybermeli bolsa gerek.
Müňgyşlakda ýaşan türkmen illerinden galan mazarlaryň mysalynda welin, başga pikirlere maýyl bolýarsyň. Olar görüstanlyklarda asyrlara aşan ýadygärlikler galdyrypdyrlar. Daşa çekilen şekillere garap, merhumyň kim bolandygyny bilse bolýar. Bu gün ol ülke türkmene degişli däl, emma ýitmedik mazarlar taryhda onuň türkmenlere dahylly bolandygynyň tas ýeke-täk güwäçisi bolup galdy. Olar halkyň taryhynyň degerli ýazgysyna öwrüldiler.
Kerpiç aýmançanyň içinde goşa mazar ýatyr. Olar meniň mähribanlarym: kakam bilen ejem. Olaryň ruhuna salam berip barýaryn. Kakam ýedi ýaşly, ejem elli ýaşly oglunyň gelendigini duýup ýatandyr. Meniň aňly-düşünjeli ömür ýolumy synlamak kakama miýesser etmedi. Men welin, onuň durmuş ýoluny jikme-jik öwrenip biljekdim, ýörite meşgul bolmadym, hatda: kakam nähili adamdy diýip, obadaşlarymdan, il-günden soran adam däl. Ony tanaýanlaryň özleri meýletin söz açardylar, aýratynam urşuň agyr ýyllaryny ýatlap: “Açlykda Jumageldi aga bize kömek edipdi” diýenlere obamyzda-da, daşynda-da köp duş geldim. Olar diňe haýyr işi ýatlap, kakama ýüreklerinde galan minnetdarlyklaryny beýan etmegi niýetläbem däl-de, onuň ýagty ýadygärliginiň öňünde meniň hem borçludygymy ýatladýan äheňde aýdardylar. Seniň hem her ädimiňe kakaňdan gören ýagşylyklarymyzyň ölçeginde baha berýändiris diýýän ýalydylar.
Zyýarat her bir bendäni ynsabynyň öňünde hasabat bermäge tijendiren halatynda zerurlyga öwrülip biler. Zyýaratyň pynhanlygy-da şu ýerdedir. Ony diňe ynsabyň permany bilen gazanyp bolar.
Türkmenistan sowet respublikasyny döretmegiň ähli aladasyny gerdeninde çeken türkmeniň beýik ogly Gaýgysyz Atabaýew Garagalpagystanda ýaşap ýören ildeşlerimiziň arasyna ýörite baryp: “Öz döwletimizi döredýäris, sizem watana dolanyň” diýende, ýaşulylar agyz birikdirip: “Biz ölenlerimiziň mazaryny taşlap gidibiljek däl” diýipdirler. Bu jogapdaky paýhasy men goşa mazaryň başynda durkam on iki süňňüm bilen duýýan. Goşa mazar meniň bu topraga, bu ýurda dahyllylygymyň iň degerli alamaty, meniň örküm. Men onuň ýitip gitmegini islemen ahyry!..