17:43 Hakyň didary -8/ romanyň dowamy | |
15.
Romanlar
Büzmeýiniň türmesi Eminde hiç hili täsir galdyrmady. Köne, poslan armaturlar, birine berk kebşirlenen demir gözenekler. Elujy salnan belent diwarlaryň üstünde gyşyk-gyşyk dikilen uzynly-gysgaly demir sütünlere dakylan üzlem-saplam tikenli simler, ýykyljak ýaly bolup çaýşaryp duran diňler, kirli gara ýyrtyk eşikli bendiler onuň ýüreginde ejizlik döretdi. Üç-dört müň bendi saklanýan, bäş ýüze golaý saklaw iki ýüze golaý hyzmatyny özünde jemleýän bu zyndan jaýa indi indi köp wagt bäri ýagşylyk niýetli el, göz degmändigi bildirýärdi. Ony iki hatar gözenegiň arasynda maşyndan düşürdiler. – Bendi Emin Jumagurdow. Eliň arkaňa tutup, çyk. Emin basgançaklar bilen assajadan basyp, aşak düşdi. – Goşuňy al. – Goşum ýok. Ony öňünden bir esger yzyndan bir esger saklawlap, birinji gabawhana getirdiler. Bu ýerde onuň maddasyny, toparyny, barmaly ýatakhanasyny anykladylar. Soň oňa öň geýlen köýnek, jalbar, kirze botinka bilen geýdirdiler. – Tussag Emin Jumagurdow. Bir ýüz elli bäşiň birinji bölümi. Sen dokuzynjy ýatakhananyň «Be» bölegine gitmeli. Indi ony gara eşikli türkmençäni çalgyrt gepleýän goja yzyna düşürip äkitdi. Ol adamyň ýüzünden çyp-gyzyl kökler asylyp duran ýalydy. – Haýsy etrapdan – diýip, ony alyp barýan sorady. Berlen jogapdan razy bolup, başyny atdy. – Maddaň-a gowy eken. – Nämüçin? – diýip, Emin töweregini synlap barşyna sorady. – Bileňokmy? 155-ler bu ýerde şadyr. Başyňy belent tut. Hiç kimi äsgerme. Türme ogrularyň jennetidir. Olar azatlykda güzap, gargyş, ýigrenç iýip geçýärler. Zyndanda bolsa olara diňe eşret garaşýandyr. Sen şony unutma. Diňe şu ýerde däl, biziň ata-babalarymyz olary kada edip gidipdir. Türmäni ogry ekleýändir. Ogry türmäniň şöhratydyr. Ogrusyz türme ölüsiz mazardyr. Ol adam uzyn iki barmagyny agzyna goýdy. – Haýsysy? – Hemmesi. – Molodes Emine bellenen baraga getirdiler. Onuň üçin içi ala dolurakdy. – Näçe – diýip, gözi çaşy adam türkmençe sorady. – 155.1. – O-o! – Ol adam gelip Emin bilen iki elläp salamlaşdy. – Ýaşuly, salowmaleýkim. – Ol çaşy Eminiň hor, uzyn barmaklaryna seretdi-de yza çekildi. – Ýaşuly ýaňy geldiňizmi? Emin baş atdy. Ol agşama çenli görkezilen naranyň birinji gatynda oturdy. – Bu meniň ýerim bolmaly, eý deçjan! – diýip, daýaw pyýada hasyldap aýtdy. Häzir oturyber. Soň başga ýere geçmeli bolarsyň. Hälki çaşy adam oňa erbet jabjyndy. – Eý, ganjyk. Sen kime gygyrýaň. Ol 155-iň 1-i. Sen, näme, halys adamçylygyňy iýdiňmi. Çaşynyň ýüzi agardy. Ol ýüzüni naýynjar edip, iki elini uzatdy. – Bagyşla, agam jan. Ötünç soraýan, göwnüňe alma. Men giderin. Gidýän, gitdim. Agşam ýerler doldy. Çaşy orta çykdy. – Eşidiň-how, bize 155-iň 1-i geldi. Hemmäň hormat ediň. Bendiler ýeke-ýekeden gelip, Emin bilen salamlaşdylar. Ol bu topbakda iň ýaşam bolsa, ady «Agam!» boldy. Ertire çenli Büzmeýiniň türmesiniň ähli bendisi ýene «155.1»-iň gelenini bildi. Irden topbakdakylaryň ählisi ör turup, baş egip başlady. – Şef gelýär. – Allow gelýär. Orta ýaşlaryndaky, maňlaýy beýin süňküniň düýbüne çenli çuň çukur adam, keltejik ellerindäki türme topbusyny bir çekgesine geýip, howlukman geldi-de, Emini gujaklap: – Doganym - diýip, pyşyrdady. Gadamyň mübärek. Hoş geldiň, hoş gördük. Emin baş atdy. – Men seni agşam çörege çagyrýan. – Ol töweregine seretdi. Soň gazaply äheň bilen. – Men bar, sen bar. Sen aman, men aman! – diýdi. Soň baş egdi-de: – Rugsat berseň, gideýin! – diýip, gelşi ýaly, agras, saldamly ädimläp, gitdi. Onuň ýany bilen gelenlerem Allowyň edenini gaýtalap gitdiler. Allow diýilýän «Kanuny ogry» adyny alan adam bolup, şu türmede onsuz çöp başy gymyldamaýardy. Ertesi öýlän iki bendi gelip, Emini çörege çagyrylýan ýere eltdiler. Bu ýer 9 «B» baragyň beýleki gyrasydy. Dört-bäş para bärden odeala bilen gerdeklenendi. Ol ýerde tussaglar iki-ikiden nämedir bir zada güýmenip otyrdylar. Olaryň gözi-gulagy töwerekdedi. Allow Emini gujaklap garşylady. – Doganym! – diýip, gujaklap durşuna iki sapar aýtdy. Soň naranyň üstüne ýazylan şahy düşekçäniň üstünden ýer görkezdi. – Geç! – Emin görkezilen ýere geçensoň, naralaryň üstüni birikdirýän ýörite tagtany goýdular. Saçak ýazdylar. Saçagyň üstüne dürli-dümen nygmatlar geldi. Emin beýle saçagy ömründe görmändi. Onuň özem, süňňem açdy. Etrapda on-onki günläp duz datmany üçin, onuň tutuş süňňi açdy. Ol bu gün naharhanada-da bir döwüm çörek iýdi. Bir döwüm gara çöregem suw bilen iýerin diýip alyp gaýtdy. Oňa el ýuwdurdylar. – Al, doganym. Mürähet myhmandandyr – diýip, Allow aýtdy. Onuň ýanynda oturan müşrük, horlugyndan bir gysym bolup oturan kellesi takyr adam alyp göterdi. – Haý, berekella, ömrüň uzak. Haý berekella. Allow Eminiň elini çörege uzadanyny görüp, ýanynda guran tut agajynyň köki ýaly bolup oturan adama mürähet etdi. – Alyň, Işan aga! – Kök gymyldady. Üstünde towugyň butlary gyşaryşyp duran, käşirli, kişmişli palawa penjesini urdy. Emin bir bölek çöregi, öňünde duran ýagly çorba batyrdy-da, ep-esli saklady. Soň çorbanyň, çöregiň, tagamyna ýetjek bolýan ýaly, ony uzak wagt çeýnäp, ýuwutdy. Birdenem... Ol erbet düýrükdi-de, gark bolup barýan ýaly boýnuny gapdala uzatdy. Iýeni pürkülip gitdi. Içinde yzgar galmaz derejede ögedi. Oňa agzyny-burnuny süpürer ýaly esgi alyp berdiler. – Wah, iýsen-e. Emin içiniň awusyna gözünden gaýdan ýaşy süpürdi. Oturanlar onuň balkyldap duran gözlerine seretjek bolup, nahara haýdaşdylar. – Iýsen-e! Emin başyny ýaýkady. Allow bir bölek towuk etini öz eli bilen onuň agzyna tutdy. Emin bu hödürem uzak çeýnäp ýuwutdy. Olam gaýtdy. Soňam. Içen suwam. Üzümden bir hoşa agzyna saldy, olam gaýtdy. Nahar saýpallaşdy. Allow oňa dözmedi. – Näm-ow, ýa pis kesellimi, sen? Emin başyny ýaýkady. – Eger bar bolsa, şu türmäniň öz çöreginden bir bölek bolsa, bir käse suw bolsa... Hyzmat edip ýörenler iki baka elesläp gitdiler, emma bir bölek gara çörek tapylmady... Saçak ýygnaldy. Işan aga geçi ýaly çekräp, bokurdagyny oýnadyp, uzak mahallap doga okady. Alladan Allowyň özüniň, maşgalasynyň jan saglygyny diledi. Oňa «Allanyň bürgüdine» uzak ýaşlar diledi. Soň el ýuwdurdylar. Çaý, miwe getirdiler. Çaý başynda Işan aga ýaramsaklyk edip başlady. – Allow şir, bu gelenje ýigidiň kim bolmaly. Muňa sen gaty gadyr goýduň-la! Diýdi. Allow ýüzüni asy. – Işan aga, ýoknasyzlygyňy goý – diýdi. Soň Eminiň ýanyna süýşüp onuň gulagyna: – Doganym, näme kemiň bar. Arakmy, tirýekmi, beňmi, morfymy? Adyny aýt. Emin ýere bakyp oturşyna, başyny ýaýkady. – Men ýerime baraýyn. – Ýok, otur! – diýip, ol düýbünden başgaça, gyňyr ses bilen aýtdy – Otur. Emin sesini çykarmady. – Çagyryň! Bir ýerlerden orta ýaşan, etli-ganly pyýadany alyp geldim. – Sazak, gel! – diýip, Allow ol adamy başdan-aýak synlap aýtdy. – Saňa gysga söz. Erte agşam oglanlary bir myhmanla. Näme gerekdigini oglanlaryň özi aýdar. – Ol töweregine seretdi. – Annyş, Anna – Ol ýaşulyny görkezdi. – Erte kömek beriň, guramaga. – Ol Sazaga garap: – Bar, gidiber – diýdi. Bir salymdan Annyş geldi. – Şef, ol-a meniň ýagdaýym ýok – diýip, ýer depip otyr. Allow Annyşyň ýüzüne kessir çalyp goýberdi. – Haý, bajyňy... Düşnükli edip aýtman, maňa köp gepletme. Düşündiriň... Soň, getiriň... Emin turjak bolup durka Sazak diýilýänini getirdiler. Onuň her gapdalyndan bir bendi saklap durdy. onuň özi sähel goýberseň bagryny ýere berjekdi. – Hä, Sazak. Onda erte agşam agalaryňa duz-tagam berjek-dä – diýip, Allow sowukganlylyga meňzeş bir äheň bilen hüňňürdedi. Onuň kellesiniň tüýi syrylan guduzlan möjegiňki ýaly keşbi, ýylanyňky ýaly gabagy, gözi ýandy. Ol Sazaga barmagyny çommaltdy. – Sen Aşgabadyň söwdasyny on iki ýyllap ýeke iýdiň. Halky gan aglatdyň. Künti heleýiň götüni doýurjak bolup baý çygyldyň. Eşitdim-eşitmedim diýme. Allow henize çenli sözüni iki gaýtaladan däldir, seniň hökümediňi – Ol iki satanynyň gutarýan ýerini gysymlady – Muňa-da saýamok. Ugra, diýleni et. – Ol onuň yzyndan tüýkürdi. – Porsy maslyk. – Haý, berekella. Haý, ýaşa. Haý, oňa geregem şudy – diýip, işan aga sarnady. Işan aga diýilýäni başyny silkeledi. – Bor! Bor! Bor! Allow ýuwha ýylanyňky ýaly gabaklaryny galdyrdy. – Hany, Bedene! Emin ol adamy tanady. Ol özüni şu ýatakhana getiren çaşy adamdy. Bedene onuň ýanyna geldi. – Saýra! Bedene saýrap başlady. – Nunna aga diçip biri geldi. Etrap milisiýasynda Bazarowdan arz edýär. Gyzyna azar berýär. Myrat aga diýip, Çyryşdan biri geldi. Ministr Gulamowyň adamlary azar berýär. Şäherden Aman ýeňňe diýip bir aýal arz edýär. Ogluny öýerjek bolup durka, gyza geçmeli sepini ogurlap gidipdirler – Bedene birden dymdy. – Ýenemi ýa boldumy? – Dört et. Bedene az-kem dymdy. – Içeri işler ministriniň orunbasary Çokgaýew arz edýär. «Iki «Gazigimiz» gitdi. Tapsyn» diýip. Tüýi syrylan möjek kellesiniň kepjebaşyňky ýaly bolan gözi ýandy. – Çokgaýewe, bar aňyrda s... diý. Galanlaryna erte agşama çenli «Iş düzeldi» diýip maňa habar beriň. Näme kynçylyk bolsa aýdyň – diýip, gözi şikesli, kakmaç ýaly bolup giden ýüzlä seretdi. Gep gutardy. Soň Emine garady. – Gardaşym. Senem haçan diýseň bir gün bularyň öňünden geçmeli bolarsyň. Häzir seniň halyň harap. Bar, özüňi bejert. Baraý ýeriňe. Olar Emin ýa düwnük keselli ýa-da agyr inçekeseldir öýtdüler. Emin ýerine geçip, ertir nahara çenli dişiniň suwuny sorup ýatdy. Nahar mahaly alýumin, kürüşge iki sapar gyzgyn çaý içdi. Iki bölek gara nan, bir tabak tagamsyz şüle iýdi. Naharhanada adam köpdi. Bendiler ýaga topulan ýaly bolup, nahara ýapyşýardylar. Soň bolsa biri-biri bilen hyňranyşýany, hümürdeşip oturany haýsydy. Bendileriň arasynda nahar iýmäge däl-de habar alyşmaga gelýänem az däl. Naharhana, duşuşyk ýeriniň hyzmatynam edýän borly. Bir uzyn boýly, horja ýaşuly Eminiň ýanyna geldi. – Oh-oh, köşek. Sen nire, bu ýerler nire? Emin ol adamy tanamady. – Men Arça dädeň-dä. Sklady otlady diýip ýedi ýyl bermedilermi? Men şol-da. Tanamadyňmy? Men Çendiriň daýysy-da Jan ýaly daýysy. – Ýok. Ol mydyrdap başlady. – Alla bar, sklady men otlamadym. Ony seniň dädeň Jumagurt otlady. «Sen boýun al, men ony ederin, muny ederin, muny bererin» diýip, meniň üstüme ýapdy. Soňam poham etmedi. Ol Emine seredip güldi. – Ih-i, ihi-i-i! «Kasas kyýamata galmady», Alla şükür. Onuň ýeke balasyny getirdi, meniň alnyma. Indi seniň türmä düşeniň-ä gördüm. Enşalla «petuh» bolanyňam bir görsem, onsoň Alladan razy. Türmeden çykarmasa, syrtyna soksyn... Emin ol adamyň hor, myrtary çykan ýüzüne, şöhlesi öçen gözüne seretdi. – Sen ýaşuly küpür sözleme. Ýokarda Alla bardyr. «Gaçanam Hudaý diýer, kowanam». Henize çenli Allanyň buýrugyndan sypan ýokdur. Menem Allam boýnuma näme ýük ursa, razy. Ol adam burnuny çekdi. – Seniňem, seniňem Allanyňam bajysyny epläp-epläp içine s... Düşündiňmi? Seniň «petuh» bolanyňy görmesem içim sowamaz. Şonuň üçin dünýe malyny harç ederin. Emin üç sapar ýakasyna tüýkürdi. Ony türmäniň edarasyna çagyrdylar. Ol Bedenäniň yzyna düşüp, diýilen ýere bardy. – Sen Jumagurdowmy? – Hawa – diýip, Emin elini arkasyna tutup durşuna aýtdy. – Bilimiň näçe? – Ýedi klas. – Näçe? – Ol gulagyna ynanmaýan ýaly, Eminiň ýüzüne jikgerildi. – Näme üçin okamadyň? – Ogurluk üçin mekdepden kowdular. – Onyň bolýar. – Ol garşysynda oturan epeý pyýada baş atdy. – Ýedi klas diýýär, nädýär. Ol epeý adam hem baş atdy. – Wah, okuwçy tapsak haýsy klasam bolsa okajak-la. Şu ýyl-a sekizi, dokuzy goşaýmasak okuwçy tapylanok. Az bolsa-da, mugallymlara sagat bolanok. Ony çagyran kapitan Eminiň ýüzüne seretdi. – Biziň döwletimiziň türmä düşen haramzadalary äkidip hapa çukura gömenok. Olaryň şu güni, ertiri barada alada edýär. Ine, şonuň netijesinde türme mekdebi. Ine direktory. Sähetdurdy aga. Sagat bäşden soň ýanyna bar. Mekdebe ýazyl. Sen 155.1. Iki ýyl berlipdir. Iki ýylda atestatam al. Jeza möhletiň gutararam, gir döwlet unwersitetine. Gül ýaly bolar. – Meni unwersitete alarlarmy? – Alarlar, biz atestata türme mekdebi diýip ýazamyzok. Şäherde bolsa-da, türme bolsa-da, barybir ol sowet mekdebi. Biziň ýolbaşçylarymyz Içeri işler ministrligi däl. Magaryf ministrligi. – Bolar, men hökman okaryn. Onuň adyny, atasynyň adyny ýazdylar. – Ýöne ogrynyň sözi bolmasyn. Özüm barlaryn – diýip, kapitan aýtdy-da, Emine ýerine barmaga rugsat berdi. Günorta, agşam naharynda Emin gowy garbandy. Onuň iýen naharlary ýuwundy ýaly bolmasa-da, yzyna gaýtmady. «Diýmek bu naharlar meniň üçin halal edilipdi»r diýip, Emin begençli oýlandy. On günden soň ol eýýäm şäher-de gurulýan bir ymaratyň gurluşygynda işläp ýördi. Okuw hepde-de bary ýogy iki gündi. Ol ikinji, dördünji günler geçirilýärdi. Emin nahar iýileni bäri gün-günden daýanýardy. Işde Wasil diýen ýaşuly kerpiç örijiniň ýanynda, palçyk alyp berýärdi. Wasil ýarawsyzdy. Ol pensiýä çykyp, hakyna jaý gurýan eken. Bir sapar az-kem içgili halda işden ýadap öz «Moskowiçi» bilen gelýärkä, bir adamy kakypdyr. Ol adam maýyp bolupdyr. Wasile üç ýarym ýyl jeza beripdirler. Onuň ýogyn içegesinde agyr babasilisi bardy. Her gün ýa ýüz gram wino ýa-da piwo içmese, içi gatap, şol babasili gynaýardy. Şonuň üçin zora galyp, jalbaryny garagan edip işleýärdi. Emin oňa dözmedi. – Wasil, sen maňa kerpiç örmäni, burç çykarmany öwret. Soň, otur gymyldamada. Özüm palçygam alaryn, ikimiziň paýymyzam ederin – diýse-de, ol eňegine tutup Emine hiç zat öwretmeýärdi. – Palçygyň bilen bol. Sen kerpiç örerden agzy sary. Ýöne Eminem bu adamyň bütin kerpiji nädip goýýar, ýarty kerpiji nirede ulanýar, burç çykaranda, aýlaw edende, penjire gapynyň ýerini nähili goýýar, baryny ýadyna saljak bolýardy. – Bir jaýyň boýy bilen kerpiçden on ýedi aýlaw, ini, dört ýarym, jemi dokuz ýüz onki bütin, ýüz ýigrimi ýarty. Kyrk bedre palçyk... Ol öz hyýalynda jaý örýärdi. Gapy, penjirä edil Wasiliň edişi ýaly şaplaşyp duran ýer goýýardy. Ýöne özi bir kerpijem örenokdy. Günleriň birinde Wasil tapdan düşüp işe çykmady. Onuň ýerine Atanur diýen ýaşuly adamy goýdular. Atanur neşebentdi. Şonuň üçin düşendi. Ol her gün işe çykyp, eýdip-beýdip bir tüňçe çaý gaýnadyp, ajy çaý içýärdi. Şonda howlukman bir konfetiň toşabyny sorýardy. Çaý gutardam, onuň inileriniň biri saklawyň daşyna gelip, olaryň belleşen ýerinde durýardy. Soň Atanur ýokarky gatlara çykyp inisi bilen uzak aralykdan gürleşýärdi. Soňam nahara çykylýardy. Brigadir, gözegçi oňa kän bir hemle-de uranokdy. Diňe Eminiň getiren palçygy gatap galýardy. Öýlän hem Atanur kölegeräk ýere geçip ýatýardy. Emin Atanura bir gün garaşdy. Iki gün garaşdy. Bäşinji gün Wasiliň ülňüsi boýunça özi örüp, palçygyny özi getirip, garyp ugrady. Ilki ol kerpiji sünnäläp ördi. Soň döwük, ýarty kerpiçleri endiganlap, howlukman ördi. Kemräk, gyşygrak ýerlerini gaýta-gaýta söküp ördi.. burç çykarmagy, aýna gapy üçin ýer goýup örmegi ram edindi. Onuň ören ýeri Wasiliňkiden hem enaýy, endigandy. Ol şeýdip, iki günde on günde örülmeli otagyň kerpijini ördi. Barlamaga gelenler iň gowy edilen iş hökmünde Atanura «Sag bolsun» yglan edip, ony juda ezber, tejribeli ussa aýratyn möhüm uçastoga geçirdiler. Emin ýene-de Wasil bilen işläp başlady. Wasil ýarawsyz bolsa-da, Emine işini ynananokdy. Üç geçenden soň brigadir, prorab hem-de möhüm uçastogyň naçalnigi nahardan soň tussaglary ýygnady. – Dördünji blogyň üçünji gatyndaky ikinji otagyň kerpijini kim ördi – diýip, tussaglaryň gurluşyk brigadasynyň brigadiri Meleje sorady. – Haýsaý? – Basgançagyň sagymy? – Wasil! Wasil. – Net. Men ony gutarmadym. Men keselhana girdim. Men däl. Adamlar nähilidir bir bolmaz iş bolandyr, ýa bir ogurlyk zat tapylandyr öýtdiler. Şonuň üçin hiç kimiň ady tutulanokdy. – Soň Atanur. Haha Atanur ördi. Şonuň ýeri. Atanur iki elini galdyrdy. – Men arassadyryn. Emin ýerinden turdy. – Men ördüm. – Çynyňmy – diýip, uçastogyň naçalnigi gadyr bilen sorady. – Onda düş öňe. Tussaglar uzyn boýly, hortaňdan gujurly, her gözünde bir pyýala goýlan ýaly ýigidi gördüler. – Kim-äý, ol? – 155.1-de. Allowyň inisi. – Görgülini ýene gapjapdyrlar-ow. Emini başga, örän möhüm diýilýän gurluşyga geçirdiler. – Ine, bu ketdeleň kabineti bolmaly. Munuň kerpiji üç hatar bolup, elektrik, aragatnaşyk ulgany, suw, gaz, beýleki ulgamlar, kerpiçleriň içi köwülip, şondan şu otagyň syry gizlin. Onuň suwagynam, kerpiç daşynam, alyp bermek, örmek işinem diňe özüň etmeli. Seniň üçin adaty otag. Nahar getirerler. Kerpiç, rastwor üçin gerekli zatlar geler. Sen gaty arassala, howlukman, çalt işlemeli. – Uçastogyň naçalnigi Emini gyssady. – Oňarmajak bolsaň, boýun al, häzirden. Başga koloniýalardan gözlejek... – Synanaýyn. Emin çyzgyny alyp, synlady. Örüm beýle bir kyn däl. On aýna, dört gapy bar. Otagyň esasy giň, berkden tekiz guýlupdyr. Ertesi ony şu gurluşugyň naçalniginiň maşyny bilen işe alyp gaýtdylar. Ýomut diýilýän şofýor ýigit agrasdan salyhatlydy. – Näme bilen düşdüň – diýip, ýylgyryp sorady. – Işe çenli ep-esli ýol bardyr. – Ogurlyk. 155.1. – Näme ogurladyň? – Maşynyň tigirini, motorynyň şaýlaryny. Onam tapdylar. Ýomut güldi. – Onam tapdylar?! Ond-a basmalam däl ekeni. Gül ýaly ýigit ekeniň. Emin başyny ýaýkady. – Ah. Bolýa-da. Sen bir meniň derdimi gozgama, dogan. – Emin aýasy bilen maňlaýyna urdy. – Maňlaýdan gaçyp, gutulyp, nirä gitjek. Emin ýola seretdi. – Dogrymy aýdaýynmy? Ýomut oňa seretdi. – Maňa ýaraýar. – Nähili? – Iş. Üç wagtyna nahar. Agşamam okuw. Pukara, betbagt, boýny synyk adamlaryň arasy. Öýden-ä gowy, maňa. – Ine, seniň bilen tanyşdym. – Ol ýoldaşyna seretdi. – Gör, seret, mertebäniň kemelen ýeri, jebriň, sütemiň, zulumyň yzy barmy? – Ýok, tüweleme. – Emma sende bar. Gaýgy bar. Alada bar. Emma bendileriň özi gaýgy. Özi alada. Olara her kimiň nebsi agyrýar. Bendileriň welin göwni al-asmanda. Ýomut elini Eminiň dyzynyň üstünde goýdy. – Düýün dograma etdik. Gury dograma bar iýseň. Emin başyny ýaýkady. – Maňa bolanok. Diňe türmäniň nahary bolmaly. Başga nahar-a däl, suwam geçenok, bokurdagymdan. Ynan. Hödüriň üçin sag bol. Olar «Möhüm obekte» çenli dymyp gitdiler. Emin höwes, gujur yhlas bilen işe başlady. Kerpiçleri dür monjugyny düzen ýaly ördi. Sementi boldan garýardy. Başaryp bilse ýarty kerpiç ulanmajak bolýardy, eger ulanmaly bolsa-da, ony burça düşürýärdi. Birinji diwar ýokary bahadan kabul edildi. Indi ikinji diwara başla. Howlukma. Uçastogyň naçalnigi oňa gaharlandy. – Näme iberilen nahary yzyna gaýtarýaň. Türkmenä meňzäňok. Mes bolýaň-ow. Emin elini tallatdy. – Ýok, agam, maňa öz halan höregim bolmasa bolmaz. Ol aşgazanyny görkezdi. – Kabul edenok. Emin ikinji diwary örän seresaplylyk bilen örýärdi. Oňa içi köwülip ýörite bişirilen gowy hilli kerpiçleri getirdiler. Ol bir metr ýaly öl adaty kerpiçleri ördi. Örüm owadan düşdi. Soňra gyzgyn suwly turba geçmeli gaty ördi. Ondan soň gaz geçmeli gaty ördi. Deşik aňyrky otagdan, diwaryň aňyrsyndan geçip gidýärdi. El ýerlere geçmäge Emine rugsat edilmeýärdi. Şonuň üçin beýleki otaglara geçjegem bolanokdy. Bu jaý näme, haýsy edara bolmaly, biljegem bolanokdy. Öz işi bilen gümrady. Ol aragatnaşyk kabelini örjek bolup durka aşakda bir zadyň ýatanyny gördi. Galdyrdy. Äýnek bilen gapjykdy. Onuň gapdalynda açarly zynjyram bardy. Emin olary galdyrdy-da burçda, iki sany kerpiji biri-biriniň üstünde goýup, onuň üstünde goýdy. Soň diwary örüp başlady. Gapjyk beýleki ýadyna düşer ýaly däldi. Sesini çykarman haýdap, işläp otyrdy. Bir ýerlerden uçastok naçalnigi geldi. Ol işe çala-çula seretdi-de burçda oturdy. – Haý, nälet siňen – diýip, gargyndy. – Gapjygymy, maşynyň açaryny, äýnegimi bir ýerde galdyrypdyryn. Ters aýlanyp gözleýän, tapamok-da. Mende huş galmandyr. Gapjyk hiç welin äýneksiz kösenýän. Maşynam göni birleşdirip sürüp ýörün. Emin işden başyny galdyrdy. – Olar şu ýerde gaçypdyr. Naçalnik ziňk edip ýerinden turdy. – Nirä? Hany? Emin olaryň gaçan ýerini görkezdi. – Hany? Emin burçy görkezdi. – Şu kerpijiň üstünde goýdum. Naçalnik Emine betgumanlyk bilen seretdi. – Özi tapyldy dälmi? Şu ýerde eken. – Ol töweregine seretdi-de çykyp gitdi. Soň gelmedi. Emini ol obektden bada-bat boşadyp, yzyna, türmä alyp gitdiler. Soň ony jeza kamerasyna saldylar. Emin hiç zada düşünmedi. Jeza kamerasy dört tarapy beton içi durşuna suw, darajyk, pessejik jaýdy. – Meni näme üçin bu jaýa gabadyňyz – diýip, ol özüne bir kružka suw bilen iki bölek gara çörek getiren gözegçiden sorady. – Saňa soramak bolanok. Agşam ony edaranyň bir otagyna saldylar. Daýaw, derlek, porsap duran, garaýagyz adam onuň garşysyna geçip oturdy. – Sen, Jumagurdow, uçastok naçalniginiň pully gapjygyny, äýnegini, maşynynyň açaryny aldyňmy. Emin baş atdy. – Men alamok. Ýerde ýatan eken. Galdyryp, kerpiçleriň üstünde goýdum. – Hany onsoň, ol? – Soň seretsek, ýok. Pohuňy iýme, haramzada ogry. Aýt, nirede gizlediň.? Emin sesini çykarmady. Gara pyýada ilki arkaýyn duran ýalydy, birdenem küdüň ýaly ýumruk bilen Eminiň içine urdy. Emin garaşmandy. Ol demini aljak boldy, bolmady. Ol howa ýapyşdy-da soňam aşaklygyna eňterilip gaýtdy. ...Ol gelip ýene-de şo-ol ýagtylyga düşdi. Ony durşuna şugla bolup duran goja, ak eşikli diwana hem-de boýy haýran galaýmaly derejede ösen goja güler ýüz bilen garşylady. – Oglum, geldiňmi? – diýip, durşuna ak şugla bolup duran goja aýtdy. – Beýik Ýaradan saňa garaşýar. Onuň saňa aýratyn serpaýy bardyr. – Gözel Ha! – diýip, goja onuň aýasyny ogşady. – O-o-o-lar seniň halyňa agladylar. – Ol gözünden iki damja ýaş döküp, ol damjalary aýasynda saklap, Emine görkezdi. – Bular meniň halymyň öz gözel Hasyna gynanç gözýaşlarydyr. Emin başyny ýaýkady. – Men ölümi? Ak şugla sözledi. – Siz ne öli, ne diri. Basym ýene öz ýeriňize bararsyňyz. Olar düýşüň hem-de oýalygyň aralygynda eräp gitdiler. Emin gözüni açdy. Ol sowutgyçly jaýda, tagtanyň üstünde ýalaňaç ýatyrdy. Eli garnynyň üstünde, biri-birine daňylgydy. Aýagy biri-birine çatylgydy, dodaklary tikilendi. Iki sany gara eşikli adamyň bir ölüniň garyn-içegesini çykaryp, ellerine alyp, barlap durşuny ol gözüniň gytagy bilen gördi. – Şol diýýänim, çüý ýudupdyr. Olam çüýräp, aşgazany haraplapdyr. – Ondan ölen däldir-ä. Çüý hapa bolmaly. Şol zaraženiýe beren bolmaly. – Aşgazanam gastrit eken. – Munuň özi agyr neşe, neşe tapman, azarlap, özüni zaýalapdyr. Meýdi açyş barlagynyň zaklýuçeniýesini şeýle diýibem ýazmaly bolar. – Ine, çüý – diýip, inçe içegäni eline alyp, gulaçlap duran uzyny aýtdy-da, gaýçy bilen içegäni sowup, çüý çykardy. Soň ony orta boýlynyň gözüniň öňüne tutdy. – Çüýräp gidipdir. Olar öliniň içiniň goşlaryny kesip-kesip, üzüp daşyna çykaryp, soň batly akýan suw bilen ýuwup, gapdaldaky jamdan ak un alyp sepdiler-de iňňe-sapak bilen çalt-çalt tikdiler. – Munyňa beýläk. Kelte Emini görkezdi. – Ony keselimi? – Keseli, keseli. Şu gün dynaly-laý, baryndan. Ertir toý bar diýdim-ä, barmasam gaty görerler. Uzyn Emini görkezdi. – Biderejik ölen adam, şu. – Hawa, haramzada Gara urup öldüripdir. «Bir ýelmände janyny jähenneme iberdim» diýip öwünýär. Şu aýda üç tussagy urup öldürdi. Kelte ýaňky meýidiň içinden çykan goşlary legene gapgaryp, batly suw çüwdürýän şlang bilen meýdi, stoluň üstlerini ýuwuşdyrdy. – Günäsem ýokmuş, bu bendäniň. Ol Alik bar-a, naçalnik obýekt. Şol gapjygyny, äýnegini, maşynynyň açaryny gaçyrýar. Bu oglan ony tapyp, kerpijiň üstünde goýýar. Şol ýerde işleýän bir haramzada-da ony alypdyr. – O-da tussagmy? – Ýok-laý, Aligiň öz doganoglany. – Onsoň. – Onsoň Alik bu oglanyň ýanynda «Açarymy ýitirdim, şeýle-şeýle» diýip aýdýar. Ol oglanam «Men galdyryp, şu ýerde goýdum» diýýär. Görseler, açar-da ýok, gapjyk-da. Onsoň Alik bu oglana betguman bolup, ony türmäniň naçalnigine aýdýar. Olaram muny Gara berýärler. Gara-da şeýdipdir. – Be, onsoň munuň gapjygy almany nähili açylýar. – Üç-dört gün geçensoň Alik çekjek bolanda äýneksizlikden zeýrenýär. Onuň doganoglanam: «Mende bir äýnek bar köne görmeseň» diýip, çykaryň berýär. Görse, öz äýnegi. «Nireden aldyň?» «Aý, tapdym» Gyssaberse, şol haramzada ogurlan eken, gapjygam, äýnegem, pulam. Alik geldi. Ol oglanyň ölenini eşidip, bir dyzyna urýar. N äme, puşman edeniň bilen ölen gaýdyp gelýärmi. Olar iki bolup Eminiň daşyna geçdiler. Onuň aýagynyň, eliniň daňysyny çözdüler. Eminiň tutuş süňňi doňupdy. Uzyn gaýçyny Eminiň garnynyň üstünde goýdy. – Bar, şlangany alyp ýuw. Sowuk suw Emini gyzdyrdy. Ol elini galdyrdy. Gözüni açdy. – Eý, weý. Uzyn wägirdi. – W-ä-ä! – Näme? – Gel, diri! Emin elini hem galdyrdy. Olara seredip, baş atdy. Uzyn titir-titir edýän eli bilen Eminiň agzynyň tikinini kesdi. Olaryň hiç birinden ses çykanokdy. Pyçak alyp gaçjak oglan ýaly, taýzarylyp durdylar. – Üşeýän. Eminiň bar aýdany şol boldy. Başga bir öliniň üstünden ganly prostini getirip, onuň üstüne ýapdylar-da, olaryň ikisem aýagaldygyna işige ylgadylar. * * * Öliniň direlendigi baradaky habar tutuş türmä ýaýrady. Emini türmäniň böwründäki keselhana eltdiler. Oňa dürli kuwwatlandyryjy sanjymlar, süýtli şüle, gantly çaý hödür etdiler. – Iý, iý, kuwwatyňa gel. Emin şülä, çaýa seretdi. – Özüňiziňkimi? – Hawa, öýden. Emin boýun gaçyrdy. – Türmäň çöregi ýokmy? Ýaşajyk türkmen gelini güldi. – Il-ä türmäniň çöreginden bizar. Sizem şony soraýaňyz. Ýaş gelin gidip naharhanadan gant, çaý, suw getirdi. Soň Emini naharlady. Ýaş lukman Emine ýarady. Ol gelin Eminiň garşysyna geçip, oňa çaý guýup berdi. Emin gaty gara çörekleri gantly çaýa batyryp, howlukman iýdi oturdy. – Ölüp, soň direlip iýip-içmek nähili lezzetli? – diýip, Emin şunça iýip-içip oturşyna utanyp aýtdy. – Känem iýme, birbada. Sen indi on gün bäri morgda ýatyrsyň-a. Agzyňy tikenlerine üç gün boldy. – Adyň näme? – diýip, iýip-içmek üçin eden hereketinden halys haldan düşen Emin krowata gyşaryp sorady. – Täzegül! Näme? – Men – Emin. 155.1. Täzegül käseleri ýygnap durşuna: – Bilýän! Bilýän! – diýdi. Soň – Siz ýatyň. Häzir yzyňyzdan gelerler. Öýlän hakykatdan hem baş wraç, türmäniň naçalnigi, şol Alik, obektiň naçalnigi Eminiň yzyndan geldi. Emin gözüni çalaja açyp. Düşeginde ýatyrdy. Türme ýorgan düşeginiň reňki nähili bolsa onuň ýüzüniň, elleriniň reňki şonuň ýalydy. – Ýagşymyň? – diýip, türmäniň naçalnigi agras ýüzüne gelişmeýän mylaýymlyk bilen aýtdy. Onuň gap-gara, lopbuş ýüzi, köýnegine sygman guşagynyň üstünde açylyp duran, gylly, kirli garny titredi. Ol lukman gelne ýüzlendi. Türmede «Naçalnik şu gelin bilen gezýär. Ony her gün öz maşynynda işe getirip, her günem alyp gidýär» diýen hyşy-wyşy gürrüň bardy. – Nähili munuň taby. Bir zat iýip-içdimi? Emin gözüniň gytagyny Täzegüle aýlady. Täzegül ejap bilen ýylgyrdy. Onuň ak sopbajynyň öwüşginindenmi ýa-da saçy gara bolansoň-my, lukmanyň ýüzi perişdäniňki ýaly nurana ak şugla beslendi. Onuň näzik ýaňaklary nar ýaly boldy. Emin: «Alla şunuň ýaly perişdäni bu kirli gara arwaha nädip dözýärkän» diýip, oýlandy. – Işdäsi erbet däl. Ysgyny ýok. Özem türmäniň naharyndan, suw çöreginden başga zady iýip bilenok. – O näme üçin. – Ol gapdal jübüsine elini sokdy-da bir gysym puly üstünde türmäniň alýumin çäýnegi, alýumin kuružka, köne mis tabak duran köne gara reňk bilen reňklenen tumboçkaň üstüne oklap goýberdi. – Iber bazara, meniň şopurumy, towuk, kolbasa, hyýar, pomidor getirsin. Emin gözüni ýumdy. – Dädebaý, düşün. Bu bendi diňe öz azaby bilen, alyn deri bilen gazanan çöregini iýmeli. Galany, iýse-de, yzyna pürkülýär. – Goýsan-a. Ol ogra, professional ogry. 155.1. Hakyky ogry. – Ol Alige seretdi. – Sen ondan ahun ýasajak bolma. Alik öňe süýşdi. – Ine, menem iýer-içer ýaly zat getirdim. Ine, termos, arassa gap-gaç, el-ýüz süpürmäge. Naharam bar. Türmäniň naçalnigi bir-ä zatdan doly sumka, soňam Täzegülüň ýüzüne garady. – Iýdiriň-içiriň. Şu gün onuň garyndaşlary gelmeli. Olara «Ogluňyz öldi» diýip habar iberilipdi. Olara-da ogullarynyň ölmändigini görer ýaly, görkeziň tussagy. Ol duranlara «Gideliň» diýip başyny aýlady. Günorta naharyna golaý Emine ýene sanjym etdiler. Täzegül azara galyp täze, gymmat gap-gaçlarda salat, nahar, miwe suwuny, alma, nar getirdi. – Gel, nahar iý. Emin yra-dara bolup ýerinden turdy. Soň otagyň burçundaky krantdan elini, ýüzüni ýuwdy. Agzyny çaýkady. Urlan ýeri döşüniň sepleşýän ýeri bolsa-da, Eminiň kellesi larkyldap bölünip barýardy. Gabaklary ýarylan böwrek ýalydy, gözi, gabagy ýere gaçyp barýardy. Ol gülli, akja käsäniň içindäki gyrmyzy reňk çaýa ymsyndy, käsäni alyp yzly-yzyna birki owurtlady. Içeni bada-bat yzyna pürküldi. – Al, şu çorbadanam owurtla. Çorba-da, beýleki naharam, agzyna alany, yzyna pürkülip, Eminiň barja ysgynyny aldy. – Sen, dogtor, gaýrat edip, naharhanadan ertirki ýaly iki bölek nan, çaý, azajygam gant getirdäý. Men gaty ajygýan. Täzegül krowatyň gapdalynda goýanja oturgyjynyň üstüne ýazan klýonkasyny, onuň üstündäki ýapon şakäsesini, guýlan çorbany, ýaýbaň tarelka salnan makoron garnirli bifliteksi, salatly gaplary, miwe suwly çüýşäni gapdala aýyrdy. Soň türmäniň gaplaryny alyp daş çykdy. Ol gözüni açanda üstüne kimdir biriniň abanyp duranyny gördi. Ony tanady. – Eje! Ol aýal «Waý balam!» diýip, özüni Eminiň üstüne goýberdi. – Ýeke bala, başy gowgaly bala. Ejeň ölsün. Seni türmä dykan ejeň ölsün-eý. Balam-eý, dirimiň-eý. Täzegül ol aýaly galdyrdy. – Daýza, daýza, turuň. Oňa ynjalyk gerek. Onuň ýüregini ýarýaňyz. – Ol Gulýa Jumaýewnanyň elinden çekdi. – Turuň! Bu ýeri türme. Gulýa Jumaýewna silkinip-silkinip yzylady. – Men öleýin, Allam. Meni al oglumyň deregine. Näme gördi. Näme gördi balam. Ol ýaglygynyň bir ujy bilen gözüni süpürdi. Emin ejesiniň çynlakaý keşbini ilkinji sapar gördi. Ol aýal çyny bilen aglaýardy. Ol az-kem köşeşip, oglunyň üstüne egildi. – Emin jan, balam – Onuň dodaklary kemşerdi. Gözünden akýan çagba burnundan akýan bilen birleşip, Eminiň ýaňagyna damdy. Gulýa Jumaýewna oglunyň ýaňagyny sypalady. – Nähili ýagdaýyň, bir zat iýip-içýäňmi? Bir zatjyk bişirip geleýinmi, hä, balam. Emin ejesiniň elinden tutdy. – Otur, eje, men, gowy. Gurluşykda işleýärkäk, bir ýagdaý boldy. şolam maňa zeper ýetirdi. Ölüp direldim. Ýöne soňy haýyr boldy. – Ýaňja gelip durşydy. Arçman krortyndan. Bu habaram öňki agşam barýar. Onam «Ýüregine zarba urmasyn» diýip, düýn aýtdylar. «Bar alan bejergim biderek boldy. Ýene gidäýmesem. Ähli bejergi biderejik boldy.» Indi Emin öz ejesini tanady. Ol başyny galdyrdy. – Eje, nähili ýagdaý bolanda-da, men sendenem, kakamdanam razydyryn. Öýkäm ýokdur. Gulýa Jumaýewna bu sözleri eşitmedik ýaly boldy. ol Täzegüle garap: – Men diýýän, il içinde abraýymyz-a uly eken. Il-gün öňünden gelip, işigimizde orlaşyp otyr. – Ol aglamjyrady. – Men munuň kakasyna diýdim «Ýeke ogul ölse-de öldi welin, bizi abraýly edib-ä gitdi» diýdim. Indem, «Oglumyz ölmändir» diýip, bärden barsyn. Olaram öwlüýäden gabyr gazyp garaşyp oturandyrlar. – Ol ogluna bakyp, burnuny çekip, agyly eňredi. – Jan oglum, iliň-günüň içinde bizi masgar-a etdiň-dä, masgara. Ne öldüň, ne direldiň, ne sana geçdiň. Täzegül bu aýaly palatadan çykardy. – Boldy, daýza, boldy. syrkawa güzap etmäň. Gaýdyň. Daşarda Gulýa Jumaýewnany gyssadylar. – Wagtyň boldy, Jumaýewa çykmaly... Emin ejesi üçin Täzegülden azajyk utandy. Täzegül sowap galan naharyň ýüzüne seretdi. – Gel nahar iýeli, men naharlary gyzdyraýyn. Saňa çaý demläýin. Täzegül nahar iýilip otyrka, oýa batdy. – Adam başynda her hili gün bar. Oňa begenjegiňem, gynanjagyňam bilip bolanok. Ine, seniň ejeň seniň diri galanyňa begenýär, görgüli. Iliň öz derdi üçin aglamagynyň ýerine düşmänine gynanýar. Ol türmäniň şülesini howlukman iýip oturan ýarawsyza seretdi. – Menem şeýle boldum. «Gowy ýigide durmuşa çykdym» diýsem, agzy hapa eken. Öýümi talady, eşiklerimi, gyzyllarymy äkidip satdy. Aýrylyşmagy, onuň ölüp-ýitip gitmegini isledim. Ol köpüräk neşe edip öldi gitdi. Indi dünýä doly erkek, sen bolsa ýalňyz. Indi, «Wah ölmese gowy bolardy» diýip, ýatlap aglaýan. Zat, pul näme?! Heý, eziz adamyň ýerini tutmajak barmyka? Emin ýuwaşlyk bilen ara goşuldy. – Türmäniň naçalnigi nämäň? – Iň uly erkek doganym. – Enebir, atabirmi? – Hawa. Emin sesini çykarmady. Oňa derek Täzegül sowal berdi. – Senem-ä Emin jan syrly adam. – Näme üçin? – Näme üçini şol. Özüň-ä tüýkesme ogry. Şonuň üçin türmä düşen. Özüňem iliň ýeke damja suwunam haram hasaplaýaň. Kesekiniň bir döwüm çöregini iýseňem burnuňdan gelip dur. Ýaman düşünüksiz. Emin öňündäki mis okarany tumboçkanyň üstüne goýdy. Soň düşegine gyşardy. – Sen synçy ekeniň, lukman. Emin öz ýagdaýyny hiç kime gürrüň bermeli däl diýip, öz-özüne söz beripdi. Şonuň üçin ýagdaýyny iki sözde aýtdy. – Meni ogry diýip, türmä bassalaram, meni biabraý etselerem, men onuň ýaly däl. – Ol ellerini görkezdi. – Eger şu aňym, şu pikir-duýgym, düşünjäm bilen, seret, ine, şu ellem kişiniň ýeke çöpüni galdyrsa, alla meniň bu elimi keser. – Ol kellesini işige tarap öwürip ýatdy. Täzegül ony aglaýandyr öýtdi. – Köşeş. Özüňe agram salma. Emin ýene başyny galdyrdy. – Ýöne meniň ogrydygymam, däldigimem, hiç kim subut etjek bolanok. Maňa-da ol syry açmak bolanok. Şeýdip, men gaty kyn ýagdaýa düşýän. – Ol janykdy. – Hakyky ogry men däl, hakyky ogry erkinlikde, ol başga, ýöne subut et-dä. Ol uludan demini aldy. – Ýöne ynan, lukman, türmä düşenime şeýle bir begenýän, heý, sen sorama. Şu bir aýda gören täsirlerimem, giden bir dünýä. Bu sözler Täzegül üçin uly açyşdy. Ol şu ýerde iki ýyl bäri işleýärdi. Ondan öňem, düşünjeli durmuşynda «Türme gowy!» diýen adama gabat gelmändi. Ol ertir kesellini «Newropotologa görkezmeli» diýen nätijä geldi. – Gutuldygym, türmäniň mekdebinde okabam başlajak. Edebiýat mugallymymyz bilýäňmi, kim? Şahyr, janly şahyr. Kitapdaky däl, gezip ýören. Täzegül gelen kararynyň dogrulygyna ynandy. «Hökman newropotologa» görkezmeli. – Bolýar! – diýip, ol öz kabinetine girip gitdi. – Meniň wagtym boldy. ertire çenli, hoş sag bol. Täzegül gideninden soň ýaşuly rus aýaly gelip, pollary ýuwdy, penjireleri açyşdyrdy. Soň Eminiň garşysyna geçip, oňa ep-esli wagt seredip durdy-da, çokundy. Soň çykyp gitdi. Emin bir irkilip tursa, içeri ýagty. Lukman Täzegül başujuny alyp otyr. – Weý, gaýtmadyňmy? – Lukman sesini çykarmady. – Ýat, dynjyňy al – diýip, ýuwaşja aýtdy. Emin lukmanyň ýüzüne seretdi. Ol Täzegül bolsa-da, birwagt etrap keselhanasyndaky owadan, ak ýüzli lukman gelne meňzeýärdi. – Beh, bularyň bary meňzeş-äý – diýip, oýlandy-da, bir zatlary ýadyna saljak boldy. emma agyryp duran başyna zor salasy gelmedi. – Men bir zady pikir edýän, lukman – diýip, ol Täzegüle seretdi. Täzegül ak şugla bolup duran ýüzüni Emine öwürdi. Onuň gözlerinde ýene-de, şol lukman gelinde gören jenneti röwşenligi gördi. Şol gözlerde aýdyp bolmajak näziklik, yşk hem-de güýç-kuwwat bardy. Oňa bakan ýekeje pursatynda Emin gurbatyna geldi. Onuň ysgyn-mydary boşap galan bedeni gujurlanyp gitdi. Onuň ummasyz dünýäsine umydyň hem-de islegiň şuglaly güýji doldy. Emin birden ysgynyna gelip, uçmaga taýýar juwan bürgüt ýaly, gollaryny gerdi-de, dik oturdy. – Iller türmeden dat-dat edýär. Iliň näleti, iň gorkýan ýeri türme. Men welin bu ýere düşenime begenýän. Näme üçinkä? Täzegül ýylgyrdy welin Emin tas balagyna buşugypdy. Gelniň ýüzündäki şuglaly nur, näziklik bilen tirpendi. Eminiň ýadyna O-o-o-laryň şerbet guýup beren bulgury düşdi. Ol bu keremli zenanyň gözünden gözüni aýryp bilmedi. – Şonam bileňokmy? – diýip, Täzegül gabaklaryny goýberdi. Onuň didesindäki Allahy çeşmäniň nurly ýalkymy gelniň gabaklarynyň daşyndanam bildirip durdy. – Seni ynsabyň horlanok. Seniň Allanyň öňünde-de, il-günüňde-de zerrejik ýazygyň ýok. Şonuň üçin ýazyklylaryň arasynda ynsaplylygyň şasysyň. Şonuň üçin saňa zyndanda-da, erkinlikdäki ýalydyr. Erkinlikde-de zyndanda ýalydyr. Sen indi başgaça bolup bilmersiň. Emin baş atdy. – Dogry. – Ol Täzegüle seretdi – Ýöne şu demir germewiň içinde üç müňden gowrak adam bar. Olary näme üçin ynsaby horlanok. Olar göräýmäge gaharly, gyňyr görünse-de, diýseň wagtyhoş. Men olarda puşman görmedim. Gaýta, daşyndan olaryň ýanyna gelenlere gaýgy, puşman, hasrat bar. Bular welin... Lukman gelin baş atdy. – Olar Hudaý buýrugyndan aýrylyp, şeýtanyň eşretine düşenlerdir. Olaryň ynsaby, namysy, ynsapçylyk duýgusy elinden alnandyr. Munuň üçin olaryň ýüzünde binamysçylygyň hem-de haýasyzlygyň çyragy ýanýandyr. Olaryň ýüzi, olaryň hakyky ýüzi däldir. Olar hakyky ýüzlerinden utanyp gezýändirler. Emin süýji uka gitdi. 16. Türme mekdebi, beýle bir mekdep diýer ýalam däldi. Ol bary-ýogy dört otagdy. Ol otaglar hem gündizine türme edarasynyň dürli hajatlary üçin ulanylýardy. Eminiň giren klasynda alty sany stol bardy. Bu ýer hasapçylaryň otagydy. Ýöne olaryň iş esbaplary, zerur kagyzlary seýflere salnandy. Her stoluň gapdalynda ullakan seýf durdy. Emin iň öňdäki stola geçdi. Sebäbi iň öňde hiç kim oturmaýardy. Onuň bagtyna şahyr Gowşut Şamyýew sapak geçýärdi. Mugallym özüni ýygra, utanjaň alyp barýardy. Onuň saryýagyz ýüzi, gulagynyň ýanyndan alnyp, depesiniň düşen ýeri ýapylan sargyt saçy, hüžžerip duran kertik gaşy ony mugallymdan şahyra köpräk meňzedýärdi. – Şu günki temamyz on dokuzynjy asyr edebiýatynyň taryhyna giriş. Yzyrakda oturanlaryň biri elini galdyrdy. – Şu on dokuzynjy asyra haýsy ýyllar girýär-äý? Mugallym ýylgyrdy. – On dokuzynjy asyra 1800-nji ýyldan 1900-nji ýyla çenli döwür girýär. – Maňa welin başgaça ýaly. – Näme üçin? – diýip başga biri sorady. – Aý, on dokuz bolsa, dokuzdan başlaýjak ýaly. – Aý, mugallym, ol 109-y alansoň, hemme zady dokuza deňlejek bolýar öýdýän. Gowşut mugallym ýylgyrdy. – Geliň ýuwaşja bolup diňläliň. Şu sorag egzamende-de bar. Kitap ýok. Şonuň üçin men size aýdyp bereýin. Mugallym «Olar iki tarapyny deňlän, türme möjekleridir, gaty ägä bolgun» diýlip, gulagy gandyrylypmy ýa-da öz tebigatynda ejizlik, ýumşaklyk barmy, ýa türme adamlary bilen oňşukly işlemek üçin bilgeşleýin edýärmi, okuwçylaryna ýaýaplamak duýulýardy. Ony hiç kim äsgermeýärdi. Emin Gowşut şahyry, sapagyny halady. Sesini çykarman onuň her bir pikirini aljak bolýardy. – Magtymgulynyň XVIII asyrdaky şahyrana mekdebi XIX asyra-da geçdi. Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes, Mätäji... türkmen şahyrana edebiýatyny durmuşyň, döwrüň, taryhyň filosofiýasy bilen ýugrup, öňe alyp gaýtdylar. Ol bu gün Seýdi barada gürrüň etdi. Diňleýjiler seýdiniň merdana, eline gylyç alyp, gözlerini gazap bilen ýandyryp, bedew atyň jylawundan gaňryp tutup, üzeňňä dyzap «Ýörüň begler, ar almaga gideliň!» – diýen sözlerini demlerini alman diňleýärdiler. Arman wagt boldy. Emin hassahanada ýatyrka, bir sapar ýerine baranda ony Allowyň çagyrýanyny aýtdylar. Ol türmäniň «Hudaýynyň» ýanyna şol bada bardy. Allow gaharlydy. Ol ýanyndaky gulagy kesik, pälwansypat adama ýumrugyny görkezdi. – Şol pul erte agşam şu ýerde bolmasa, şäheriňi otlaryn. Öýüňi däl, şäheriňi. – Olar haw, gulak asanoklar. Men düşnükli aýtdym. «Allow, kim, aňyrrakda s...» diýýärler. – Haýsysy? – Ministr! – Ertir agşam sagat sekize çenli möhlet. Gep gutardy. Bar, ugra... «Bedene» titredi. – Ol haramzada hökümede daýanýar. Allow onuň ýüzüne tüýkürdi. – Porsama, gawno. Hany, hökümet. Tüf hökümediňe. – Ol saçaga seretdi. – Bary, ýeke käse çaýymy sowadanyma degenok. Işlesin. Tutuş şäher işlesin. Ýöne diýenim bolsun. Ol syrylan möjek kellesini «Ugradyň» diýen manyda silkdi. Soň dik duran Emini ýerinden turup, salam;aşyp garşy aldy. Emin oturýança garaşyp, soň möjek ýylgyryşyny etdi. – O dünýä gurgunmy? Emin düşünmedi. – Ölüp, direlipsiň. Dogrymy? Emin baş atdy. Allow nahara başlady. Ysy janyňy alyp ýarýan ýagly çekdirmeden inçejik, näzik, ýagy akjaryp, pökgerip duran gapyrgalary gyzgyn türkmen çöregi bilen tutup, agzyna saldy. – Hany, iý, iç. Emin içini görkezdi. – Bolanok. Allow ýagly gapyrgany eline aldy-da ony ýokary göterip, synlady. Soň göwniýetijilik bilen Emine seretdi. – ME, şuny iý. Geçer. Men diýsem, gepi bolmaz. Emin Allowyň sözüni ýykmajak bolup hödüri çeýnäp, ýuwutdy. Allow Ana, gül ýaly... diýmänkä Eminiň iýenleri yzyna pürküldi. Ol zordan gapdala egilip etişdi. – Häk?! Allow soň dyzamady. Başga ugurdan gopdy. – Hany, aýt. Näme boldy? Emin işde gapjyk, açar, äýnek tapyp kerpijiň üstünde goýşuny, soň şondan soňky wakany gürrüň berdi. – Ol düşnükli. Gara niräňe urdy. Emin döşüni görkezdi. – Näçe sapar? – Bir. – Sen öldüň? – Hawa. – Alik geldimi? Hun töledimi? – Geldi. Ýöne hun gerek däl. – Ol bize gerek. Bizem ýaşamal-a. Bar dynç alyber. Emin Allowdan razy boldy. ol keselhanada ilki naçarlap, Allowa, Gara, Alige gaharlanypdy. Emma lukman gelniň gözündäki keramatly çeşmeden güýç alandan soň, bar zady bagyşlady. – Türmede munça-munça zulum bolmasa, ondan türme boljakmy – diýip, oýlandy. Ol keselhanany ýatlady. Şol gije lukman gelin başujundan turmady. Emma ertesi irden ol başga eşikde az kem başgarak keşpde işe geldi. – Bütin gije nobatçylyk edip, ýene işe geldiňmi? – diýip, Emin oňa dözmän sorady. Täzegül Eminiň maňlaýyna aýasyny goýup durşuna: – Agşam, nobatçy bolmadym-a. Özüň gördüň-ä, gaýdanymy? Emin onuň gözlerine seretdi. Onuň çynydy. – Onda öten agşam sen bolup, nobatçylyk eden kimdi? Täzegül aladalandy.– – Şu gün men seni, şähere, newropotologa äkitmeli. Men häzir gepleşip geleýin – diýdi. Içeri türmäniň naçalnigi girdi. – Ejem nähili? – diýip, ol Täzegülden sorady. Täzegül tolgundy. – Öten agşam goňşymyzyň kellesini kesip gidipdirler. – Haýsy goňşy? – Ministriň. Ejemem eşidip ýene gan basyşy galdy. Gije ýatmadyk. – Kim edipdir? – Naçalnigiň gara ýüzi öňküdenem beter boldy. – Kiçijik ors adammyşyn. Görenler bar, aýnadan çykyp gaçyp barýanyny. Naçalnigiň elleri titredi. – Biziňkiler-ä, Hudaýa şükür, ýerindedi. Täzegüliň owadan gözleri tegelendi. – Şeýle bolawersin. Naçalnik çykyp gitdi. Täzegül onuň yzyndan ylgady. – Maňa maşyn gerek. Kesellini newrologiýa institutyna görkezmeli. – Saklawammy? – Hawa. Günorta golaý Emini köneje «Žiguli» bilen Aşgabada alyp gitdiler. – Unwersiteti görermikäk? – Göreris. Aşgabat güýzüň, saralan ýapraklary paýrap ýatan baglygyň içinde meýmiräp otyrdy. Giň aswalt köçeler baglaryň saýasynda ýitip gidýärdi. Ol gaýdyşyn: – Ölmänkäm Aşgabadam gördüm! – diýip, begençli aýtdy. Täzegül ýylgyrdy. – Çaga ýaly – diýdi. – Ölüp näme! Entek Aşgabatda ýaşap unwersiteti gutaryp, iň uly adam bolarsyň. Indi dünýe seniň ýaly halal adamlaryňky bolmaly. Gördüňä newropatologam senden sag adam ýok diýdi. Sen sag. Eminiň gözüne ýaş aýlandy. – Belki, Alla jan «Omyn!» diýsin-dä. – Onuň gulagyna «O-o-o-laryň Omyn! Dogry! Dogry! Dogry!» – diýýän sesi, soňam Beýik Hanyň mübärek demi eşidilip gitdi. Ol: – Eşidiň, lukman! – diýdi. – Men unwersitete okaryn. Unwersitet, Aşgabat, tutuş ýurt meniňki bolar. – Eý, 151.1. Ýuwaş. Otur gapyl-da – diýip, onuň gapdalyndaky saklaw adamy aýtdy. Indi Täzegül «Belki!» diýdi. Şondan soň türmä çenli hiç kimden ses çykmady. | |
|
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan / romanyñ dowamy - 09.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |