17:46 Hakyň didary -9/ romanyň soňy | |
17.
Romanlar
Emin gutulan badyna işe – gurluşyga çykardylar. Bu sapar ol daş örüjileriň toparynda däl-de, agaç ussalarynyň toparyna goşuldy. Olar Metbugat öýüniň içini bejerýärdiler. Otaglar diňe işige, aýna garaşýardy. Ölçegler deňdi. Ussalar her günde on aýna ýa-da on gapy goýmalydy. Ýöne Eminiň ýanyndaky «ussa» gury sandy. Ol hykylap, çokulap ýarym günde bir gapyny zordan çalajan edip goýýardy. Öýlänem birini. – Äý, özzeri gerek wolsa, soň goýubersin-däräý. Biz bir ugur-ugur edeli. – Ol Eminiň ýüzüne seredip gülüp, şeýle dälmi how, jüwlük! – diýýärdi. Emin üç gün çydady. Brigadire aýdyp kürt adamsynyň gapdalyna geçdi. – Plotniklik – matematika. Şol bir hasyp. Özem dört sany. – Ol gulagyna gysyrylan galamyny alyp, gapyň ýüzüne ýazdy. – Daşyndan 14 santimetir – gapy. Içinden 27 santimetir – gapy. Daşyndan 14 santimetr – aýna. Içinden 27 santimetr – gapy, başka hasyp, olmaz. Oňa ali diýýän ekenler. Ol ýumşak edenli adam bolup çykdy. – Dokuzynjy klasda kyzym okaýyr. Ýedinjide oglum. Olar-da bilir bu hasyby. Ali aga türmeçileriň arasynda işlese-de, özi erkinlikdäki adamdy. Emin ýaşula ýalbardy. – Ali agam, sen maňa bir ýagşylyk et. – Näme geräh? – Dokuzynjy, sekizinji klasyň näme kitaby bolsa getirip ber. Ertesi ol dokuzynjy klasyň «Edebiýat», «Himiýa» kitaplaryny içine salyp getirdi. Emin guş bolup uçdy. – Sag bol, agam, sag bol. Emin «Edebiýat» kitabyny iki günde okap boldy. «Himiýa» bir hepdä çekdi. – Ali aga, sag bol, agam, kitaplaryňa. Ali aga çaý içip oturyşyna. – Ýoh, özüňe sowgat – Ol elini bulady. – Ber, bäri. Ol kitabyň sahypasyny agdardy. – Oky, şuny. – «Patmadan Emine ýadygärlik!» – Emin erbet tolgundy. Ali aga hezil etdi. – He-he-he! He-he-he!.. Soň ol çynlakaý görnüşe girdi. – Ogurlygyňy goý, gyzymy bereýin. – Ol oturşyny üýtgetdi. – Bah, şeýle gowy gyzym bar. Saçy bir gyza, her gözi müň gyza, özi million gyza degir. Şertim, ogurlygyňy goý. Emin onuň ýanyna baryp oturdy. – Ali aga, jan agam, seni meni ogrudyr hasap edýäňmi? – Kesilen ýylyň aýdyp dur-a. – Men ogry däl. Ýöne, saňa aýdaýyn. Men unwersitetde okaryn. Unwersitet meniňki bolar. Men Aşgabatda ýaşaryn. Aşgabat, tutuş ýurt meniňki bolar. Ali aga elini uzatdy. – Kak bäşi. Ýöne ogurlyk etme. Walla-bylla, gyzymy bereýin. Men seni ýakyn gördüm. Şondan soň hut ýeke özi her günde on bäş gapy, on bäş aýna goýup başlady. Onuň işleýşine Ali aga haýran galdy. Ol brigadire: – Ol ýoldaşly. Bir adam munça iş edip bilemeý. Ol mümkin däl – diýdi. – Onuň ýoldaşy bardyr... Eminiň bir ýyly geçdi. Ol türme durmuşyna öwrenişip barýardy. Türme bendiniň egniniň gysyklygyny, gorkaklygyny diýen edijiligini hemişe gözegçileriň, milisionerleriň, sakçylaryň, äkidip, getirýänleriň, ugradýanlaryň öňünde «Lepbeý» diýip, durmagy gowy görýärdi. Döwletiň öz kanuny, türmäniň öz kanuny bardy. Bu ýeri şagallaryň sürenine çalym edýärdi. «Gün güýçliniňki, gowurga dişliniňkidi». Nahar mahaly seni çemçe bilen ursalar, sen ony tabak bilen urmasaň, ertir seni hiç kim äsgermeýärdi. Biri seniň barmagyňy çapsa, sen onuň elini çap. Bu bir adaty zat ahyryn. Emin muňa düşündi. Ýöne ol bu ýerde iki zatdan gorkýardy. Biri – Allow. Ikinjisi – öz obadaşy Arça dädedi. Allow uýansyz guduz iner ýalydy. Ol haçan üstüňden ýoly düşse, weýranyňy çykarjakdy. Onuň ýoluny üstüňden düşürmejek bolmalydy. Arça däde-de ary köýüp ýatandy. Onuň naharhanada aýdan sözi, ýöne söz däldi. Ol Emine duşanda: – Köşek, howa tarapyň amanmy. Ony ýagladajyk, gorap gezip ýörüber. Onuň gerek mahaly ýakynlaşýar – diýýärdi. Türmäniň kömekçisi hojalygyny arassalamaga alyp gidenlerinde, ony iki oglan gabady. Sygyr ýatakda adam ýokdy. Emin ýatagy arassalap ýördi. Edil ýerden çykan ýaly bolup iki ýigit dazyrdaşyp geldi-de, sen ýok, men ýok, hersi Eminiň bir elinden tutup garaňky burça süýräp başladylar. Emin şunça garşylyk görkezse-de olar güýç berer ýaly däldi. Garaňky burçda iýim guýulýan agaç ahyr durdy. Olaryň biri eminiň aýagyndan tutdy, beýlekisi elinden tutup ahyryň içine diýip taşladylar. Emma Emin elini ahyryň gyrasyna diräp ýetişmedi-de badyna ahyryň gyrasyna jalkyldap degip, soň onuň beýleki gapdalyna düşdi. Hasyr-husur turdy-da ýatak arassalaýan pilini alyp ýetişdi. Päliýamanlar ýene topuldylar. Emin elindäki pili bilen ilki gelýäniň ýüzüne urdy. Soňky gelen onuň aýagyndan tutdy. Emin ähli gazabyny jemläp, pili onuň depesinden eňterdi. Soňam agyr köwşi bilen biline depdi. Olaryň ikisem waňkyryp galdylar. Emin hiç zat bolmadyk ýaly, maşyna ders ýükleýänleriň arasyna baryp işläp başlady. Bu waka Emine ýene bir sapak öwretdi. Türmede hatyrjemligi ýeke pursadam elden bermeli däldi. Geň ýeri, ol soň ýüz-gözleri persala bolan şol oglanjygy Arça dädäniň töwereginde gördi. Olar Arça dädäniň yzyna düşüp, Eminiň ýanyna geldiler. – Köşek, hywa tarapyňy ýaglyja durmy? Şu gije ony apgatkadan geçireris. Taýýar bolup oturawer – diýdi. Maňlaýy ýarylan haýyn eli bilen öňüni görkezdi. – Özüm gyzlygyňy alaryn, petuh – diýdi. Emin öz ýerine geldi. Bu ýakymsyz duýgy ony her gün horlaýardy. Bu ýerde sähel ejizligiňden ýüregi ýukalygyňdan peýdalanyp, seni küstpürş edip taşlaýardylar. Soň bolsa elden-ele geçirýärdiler. Emin indi ýeke özi mekdebe gitmäge-de gorkýardy. Ýagdaýyňy hiç kime aýtmaly däldi. Ýöne onuň agyr süräde goşulasy gelenokdy. Allowyň hem ýanyna barasy gelenokdy. Bu işleri Allowyň özüniň guramaýandygyna-da kepil geçjek ýokdy. Okuw ýok mahaly hezildi. Ýeriňe geçip, kitabyňy okap ýatmalydy.şArça dädäniň samsyklap, dilini başyny çeýnän güni onuň ýanyna bir bendi geldi. Emin işden gelip mekdebe gitdemmikäm diýip, otyrdy. – Sen Jumagurdow Eminmi? Emin baş atdy. – Seni dogtor çagyrýar. «Keselhana gelsin» – diýýär – diýdi. – Bolýar, bararyn. Eminiň ýüregine howsala urdy. Ol öňki giden ýoldaşyndan galan ujy taplanyp, ýiteldilen kelteräk sim pyçagy köýneginiň içine saldy. Emma hiç ýere butnamady. Ol mekdebe-de gitmelidi. «Haýynlar keselhananyň töwereginde meni güpbasdy etjekdirler...» Sähel salymdan başga bir näsag geldi. – Sen Jumagurdowmy? – Hawa. Näme. – Lukman gelin Täzegül: «Bir aýak üstünden gelip gitsin» – diýdi. Emin ýatak jaýy boýunça toparyň ýaşulysy bellenen Esen aga ýagdaýyny aýtdy. – Keselhana barjak. Soňam mekdebe barjak. Sorasalar. Ýaşuly ylalaşdy. – Bolar ogul, ýagdaýyňa seret. Emin Hudaýy çagyryp keselhana bardy. Çyra ýanyp dur. Ýöne hiç kim ýok. Daşky gapy jarka açylyp, soň ýapyldy. – Girdi! – diýip, şol wagşy ses eşidildi. Emin açyk penjirä özüni zyňdy. Soň keselhananyň ters ýüzi bilen mekdebe tarap ylgap gitdi. Onuň okap mazasy bolmady. Sapagyň ahyrynda işigi biri kakdy. Mugallym baryp gapyny açdy. – Jumagurdow barmy? – diýip, aýal sesi eşidildi.. – Bar. Emin daş çykdy. Dogrudanam işikde lukman gelin durdy. Onuň ýanynda-da ýaşuly rus aýaly. – Emin! – diýip, Täzegül begenip aýtdy. – barmyň? Emin ýylgyrdy. – Boşadandyrlar. Indi görüp bilmen diýip, gorkdum. – Ol elindäki kagyzy görkezdi. – Ýöri, sen üç günlük keselhana girmeli. Emin yzyna girip, kitabyny, depderini alyp çykdy. – Göni keselhanamy? – Näme, aljak zadyň barmy? Emin baş atdy. Hem-de bu ýerde bir şübheli ýagdaýyň barlygy-ýoklugy barada oýlandy. Soň «Hudaý bardyr» diýip, olaryň yzyna düşdi. Täzegül keselhana girilen badyna aýnalary, penjireleri ýapdy. Tutulary goýberdi. – Indi sen gaýdyber, Katýa daýza – diýip, ýanyndaky rus aýalyna aýtdy. – Ýagşy. Gitdim. Häzir gitdim. Ol aýal çykan badyna Täzegül Eminiň oturan ýeriniň çat maňlaýyna geçip, aglap başlady. – Ejem ýogaldy, Emin. – Ol ýüzüni ýaglygy bilen ýapdy. Emin düýrügip gitdi. – Kim? – Ejem. – Täzegül horkuldap aýtdy. Emin az-kem gowşady. – Yzy ýarasyn. Alla iman bersin. Täzegül baş atdy. Soň ýene aglady. – Bar mydarym ejem eken. Dünýäm boşap galdy. – Ol eňredi. – Indi dünýä sygman ýörün. – Ol dikeldi, gözlerini, ýüzlerini elindäki ýaglygy bilen gyp-gyzyl edip süpürdi. – Ýogalmanka oňa sen barada gürrüň beripdim. Ölüp direldi. Ömründe haram çörek iýmedik. Seni urup horlaýyşlary barda... Ol ölmeziniň öň ýanynda bir düýş görüpdir. – Ol ýene bozulyp aglady. – Düýşünde bir ak şugla bolup duran baba: «Türmede Emin bardyr. Oňa Beýik Ýaradan Jennetde nurdan köşk gurup garaşýandyr» diýipdir. Täzegül gynançly ýüzüne begençmi, buýsançmy öwüşginini çaýyp gürledi. – Ejem jan, on iki ýaşyndan bäri namaz okap oraza tutup gelýän bir mähribandy. Arassady. Doganymyzyň türmede işleýänini hiç halamazdy. Ölende-de: – Alla diýiň! – diýip, jan berdi. Emin ýüzüni sallap otyrdy. Ol: «Ol baba näme üçin ol aýala aýtdykan. Ýa-da mende bir hapalyk gördümikän« diýip gamly oýlandy. – Gowy habaryň üçin Taňry ýalkasyn. Lukman gelin ýerinden turdy. – Ejem, soň «Şol oglany hor etmäň» diýip, agama-da, maňa-da tabşyrdy. Agam: «Türmäniň deň ýary inçekeselli. Keselhana sal, Aşgabada äkidip barlat» diýdi. Saňa üç günlik rugsat ýazyp berdi. Emin baş atdy. Täzegül gelip onuň başyndaky köneje türme topbusyny çykardy. – Men saňa täzeje pežama, içki eşik satyn aldym. Şony geýäý. Emin titiredi. – Ýok, ýok. Lukman. Keselhanada ýat diýseň ýataýyn, diňe üç gün. Ýöne, men türmä buýrulanmy, naharam, eşigem diňe şoňa laýyk bolsun. Men günüme-de, hakyma-da kaýyl. Täzegül höwesi döwlen zenanyň keşbinde durdy. Ol «Emin turup gidibermesin» diýip gorkdy. Onuň Emine aýtmaly zatlary bardy. – Emin sen sadakadan galan nahary iýip bilermiň? – diýip, «Ýok» diýilerinden gorkup, çekine-çekine sorady. – Bilmedim. – Ol Täzegüle seretdi. – Näme gerek, azara galyp. Men aç däl – diýdi. Soň gaýtsa, özüm kösenýän, lukman. Men iýmäýinem, horlanmaýynam. Maňa buýrulany türme, onuň nahary, işi, egi-eşigi. Özüň türmede wagtyň ministr ýaly geýinmek, han ýaly iýip-içmek, beg ýaly erkin bolan bolmak ýagşy däl. Täzegül baş atdy. – Bolýar. Onda geç ýeriňe. Dynjyňy al. Meniň seniň bilen gürrüňim bar. Emin hiç ynjalyp bilenokdy. Ol öz narasynda ýatsa, oňa rahat boljakdy. Emma Täzegül ony goýanokdy. Täzegül eminiň garşysyna geçip oturdy. Eminiň ýüzüne seredip gyzardy, bozardy. Soň näme bolsa bolsun diýýän ýaly, ýere bakyp gepläp başlady. – Ejem jan meniň bar mydarymy alyp gitdi. Dünýäm boşap galdy. Göwnüme bolmasa, bu dünýäde meniň üçin bir sen galan ýaly. Çynymy aýdaýyn seni ýatlasamam göwnüm giňeýär. – ol dymdy. Ýüzüni usully göterip, Eminiň ýüzüne dikdi. – Ejem ýogalansoň diňe sen barada oýlandym. Eger razy bolsa, näçe garaşmaly bolsa garaşaýyn – diýdim. Täzegül ýere garady. – Men el degmedik gyz, Emin. Bir nika gyýyldy, diýmeseň. Ýoldaşym ýanyma-da gelmedi. Özi özüne dert boldy. soňam geçmän awariýa düşüp ýogaldy. Şondan başga adam ýüzüme gaňrylyp bakanok. Emin sesini çykarmady. – Kärim bar, merkezden iki otagly jaýym, adamymyň adyna maşynym bar. Ep-eslije pulum bar. Meniň kem zadym hossar. Sen hossar boljak diýseň, ömrüm diňe seniňki, bu ýerden çykansoň, oka, işle, men seniň hyzmatkäriň. Adamçylykdyr bir ýerde «Wah!» diýsem, ýüzüme tüýküräý... Ol ýerinden turdy-da Eminiň başyny gujaklady. Emin çekildi. – Otur, gürleşeli – diýdi. Täzegül ýene baryp oturdy. – Emin gelniň gözlerine seretdi. Gözler çirksizdi. – Men saňa ýene dogrymy aýdaýyn. Men ogry däl. Men düşünjeli ömrümde kesekiniň çöpüni galdyran adam däl. Kesekiniň çöregini-hä däl, bir damja suwam bokurdagymdan geçiren adam däl. Men başga zat üçin düşdüm bu ýerlere, men Allanyň synagynda. Men ynsabyň, päkligiň, ahlaklylygyň synagynda. Meniň daşym doly gorag. Men öz erkimde däl, düşün. Hemmesini aýtmaýyn. Ejeň pahyryň gören düýşündäki sözleri meniň özüme-de aýdýarlar. Şonuň üçin sen maňa bil baglama, Täzegül. – Näme üçin? – Meni synagdan boşadanlarynda-da, men entek ýaş, bilimim, kärim, öýüm ýok. Men seniň öýüňe girip, seni aýal edinip, seniň gazanjyňa ýaşap bilmerin-ä. Görýäň-ä meniň näme iýip, näme içýänimi? Diňe öz alyn derim bilen gazananymy bokurdagymdan geçirýärler. Onsoňam, men mal däl-ä, ysnyşmaly, gowy görmeli, söýmeli. Täzegül howlukdy. – Onda umyt ýok-da. Emin ýerinden turdy. – Sag bol, lukman. Hapa bolmaň... Ol keselhanadan çykyp, öz ýatan ýerine gitdi. 18. Tomsuň jöwzaly günleri başlandy. Eminiň ýene-de üç aýy galypdy. Ol gurluşykda tejribeli agaç ussasy hökmünde, ýanyna iki oglan alyp işleýärdi. Işi gowy gidýärdi. Oglanlar ondan ýaşy ýaşy ulam bolsa, Eminiň bir diýenini iki gaýtalatmaýardylar. Türkme Emini taplady. Onuň halallyk häsiýeti, dogruçyllygy ony abraýly etdi. Emin şu ýylyň içinde ýeke saparam dişini syrtardyp ýylgyran adam däldi. Ol on söz aýtmaly bolsa, bir söz aýdýardy. Ol özüniň şo-ol agşam Täzegülüň öňünde köp, gaty köp gürländigi üçin henizem utanyp ýördi. Ol mekdepde, gutardyş egzamenlerini tabşyranda, gaty gysga, manyly gürledi. Dogry oňa, üçem, dördem goýdular. Ýöne ol bahalar halal gazanylan bahalar. Gowşut şahyr özüniň «Aýallar» žurnalyna işe geçýändigini aýtdy. – Çyksaň bargyn! – diýip, kertik gaşlarynyň astyndaky sarymtyl gözlerini birhilije çerreldip gülip aýtdy. – Ýöne, e-e-eý, ogurlugyňy goýup bargyn. Ýogsa ýene düşersiň. Emin gülmedi. – Ol Allanyň işidir – diýdi. Şondan soň bu mugallymyny görmedi. Hä diýmän sentýabr geldi. Bir gün Emin işden gelip, ýuwunyp durka çaşy – «Bedene» onuň ýanyna geldi. – Seni hem naçalnik çagyrýar. Hem şef çagyrýar. Haýsyna gitjek. Emin Allowyň bolýan ýerine baş atdy. Allow çaý içip, öňündäki şeşebeşe seredip otyrdy. Ol Emini görüp, elindäki çöpleri tapyrdadyp, atyp goýberdi. – Geldiňmi? Emin onuň alnynda somaýak durdy. – Otur-da, näme üstüme siýjek ýaly bolup dursuň. – ol gaharlandy-da, oýnalýan gapyrjagy ýere taşlap goýberdi. Soň dişini syrtardyp, sögündi. Emine garady. – Haçan çykmaly? – Basym-a diýýärler. – Näçe gazandyň? – Bilemok. Allow ýassygy goltugynyň aşagyna çekdi. Soň gözüni süzgekledip Emine seretdi. – Näçe gazananyňy sen bilmeseň, men bilýän. Ol «Bedenä» seretdi – Näçe? – Müň sekiz ýüz manat. Allow aýagyna urdy. – Müňüni getir. – Bor. – Bar, gidiber. – Allow beýlesine öwrüldi. Emin türmäniň naçalniginiň otagyna ugrady. Ony «Bedene» ugradýardy. Ýolda «Bedene» özbaşyna samrady. – Şu türmede üç maň iki ýüz elli adam bar. Hemmesini bilýän. Olar çykýar. Men galýan. Emin sesini çykarmady. Naçalnik Emini mylaýym garşylady. – Jumagurdow şu gün «Azatlyga goýberiş» komissiýasynyň mejlisi boldy. Arkaňda özüm durdum. Seniň dokumentiňem goşduk. Iki ýylda ýekeje düzgün bozmansyň. Diňe minnetdarlyk alypsyň. Iki ýylda jemi müň sekiz ýüz elli manat gazanypsyň. Dört sapar elli manatdan baýrak berlipdir. – Ol iki tokga puly eline, gowşurdy. Soň kagyz uzatdy. – Me, gol çek. Bu-da seniň orta mekdebi tamamlanyň baradaky şahadatnamaň. Gutlaýan. Ertir sagat onda öýüňe gaýdýaň. Dokumentleň taýýar. Eminň gözlerinden ýaş paýrap gitdi. Onuň eli arkasynda bolany üçin, gözýaşyny sürtüp bilmedi. Naçalnik iki ýylda daýaw, syrdamdan owadan ýigit bolup ýetişen Eminiň didaryna başdan aýak seretdi-de «Graždan eşigine girse gaty owadan ýigit bolsa gerek» diýip oýlandy. Daşyndanam: – Aglama, aglama, sag-aman çykanyňa begen. Hana öňki agşam iki adamy öldüripdirler. Duşmanyňam düşmesin türme diýen ýere. Emin baş atdy. – Graždanin naçalnik. Meniň barara ýerim ýok. Meni şu işleýän uçastogyma işe ýerleşmäge kömek ediň. Maýor bir salym oýlandy. – Neçjar bolupmy? – Daş örüji ýa-da neçjar, beton guýujy, tapawudy ýok. – Höwes bilen. Ol biziň öz obektimiz ahyry. – Ol Emine barmagyny çommaltdy-da telefona ýapyşdy. – Ýeriňdemiň? Ertir ýanyňa meniň bir tanyşym barar. Şony işe-de al, umumy ýaşaýyş jaýyndan ýerem ber. Hawa. Işe ertirden alaý. – Adyň! Ataň ady? Walla häzir. – Emin Jumagurdow. – Al, aý, Emin, Emin Jumagurdow. Bolýa, görüşýänçäk. – Ol gyzardy. – Şu huşsuzlyk masgara edýär-läý. – Ol elini uzatdy. – Hoş sag bol. Emin kontordan çykyp, birsalym durdy. Ony ugradan «Bedene» ýokdy. Ol sähel salymdan çykdy. – Eý, hoý, şunça pulmy? Seni işe-de ýerleşdirdi. Naçalnik garyndaşyňmy? Emin «Bedenäniň» çaşy gözlerine, kök-kök bolup duran ýüzüne geň galyp soňky sapar diýen ýaly seretdi. Soň iki tokga puluň biriniň ujundan ep-eslisini sogurup, oňa uzatdy. «Bedene» almady. – Allow biler. Allow bilse meni öldürer. Sag bol. Ýöne jübiňde goýma puluňy. Biliňe guşa. Jübüňde goýma. Emin bölüp alan puluny jübüsine saldy. Soň olar tirkeşip, Allowyň ýanyna bardylar. Allow nahar iýip otyrdy. – Gel, doganjygym. Nahar iýeli. Emin oňa müň manatlyk topbagy uzatdy. Allow puly aldy-da töre, naranyň törüne taşlady. – Wiý, sen iýýän dälsiň-ow – diýdi. – Näme gürrüň boldy – diýip, ol «Bedenä» seretdi. – Işe, obžite ýerleşdirdi. «Aglama, begen» diýdi. – «Türmä duşmanyňam düşmesin, öňki agşamam iki adamy öldüripdirler» diýdi, wessalam. Kellesiniň tüýi syrylan möjek hyňrandy. – Sa-ab-bbana! – Ol tumşugyny şol durşuna saklap: – Arassamy? – diýdi. – Arassa. – Ol elini görkezdi. – Bu maňa-da pul berjek bold-ow, «Allow käýýär» diýip almadym. Allow hyk boldy. – Oňarmansyň. Saňa pul nämä gerek. – Ol Emine ynamsyzlyk bilen seretdi. – Bolýa. Gidiber! Emin sag bollaşyp ýerine geldi-de ýerine gyşardy. Onuň kellesi gumdan doldurylan ýalydy. Ol türmeden çykjagyna begenmeýän, gynanmaýan ýalydy. Sebäbi ol ertire taýýar däldi. – Nirä, kimiň ýanyna barmaly? Ol Aşgabatda işlejegine begendi. – Oba indi aýagym degmesin! Ol tokga puly ýaglyga dolap biline daňdy. Soň ýerine geçip, arkaýyn ýatdy. Ol ertir irden oýanyp ýuwundy. Nahara gitdi. Soň bolýan böleginiň adamlary bilen ýeke-ýekeden hoşlaşyp, kontora bakan gitdi. Boşadylýandygy baradaky kagyzlary alyp, ammardan gelendäki geýimlerini almaga gitdi. Ýaglyga düwülip, köne tora salynan eşikler oňa darrak boldy. onda-da Emin Olary geçdi. Ammarça puljagaz bereýin diýip jübüsine elini sokdy. Puly ýokdy. Soň bilindäki puly çözüp, ammarça on manat berdi. Az-owlak pul alyp, ýene ýaglygy biline daňdy. Puluny kim, haçan alyp ýetişdi? Ol haýranlar galdy. Ol çykalganyň işiginde türmeden çykýanlaryň nobatyna durdy. ony goýberdiler. Emin türmeden çykyp, yzyna öwrülip, şol köne demir derwezä, üzüm-ýolum simlere, seretdi. Ýöne indi onda bu zatlara hiç-hili täsir ýokdy. – Emin! Emin! – diýip, kimdir biri oňa gygyrýan ýaly boldy. Ol türmäniň demir derwezesine gorky bilen seretdi. Ses gyrada duran kuzowaly «Gaz-51» maşyn tarapdan gelýärdi. – Emin. Ol obadaşlaryny tanady. Olara bakan ugrady. – Çykdyňmy? Gözüň aýdyň? – diýip, köne tanşy – Meret begenip aýtdy. – Siz bäri gelipsiňiz-ä – diýip, Emin howsalaly sorady. Meret türmä elini uzatdy. – Ho-ol, Sazak aga bard-a. Kakaň bilenem skladda bile işledi. Soň bir zat üçin ýedi ýyl basdylar. Şony öldüripdirler. Habar bardy. «Alyp gitsinler» diýip, habar bardy. Şoňa bir topar adam bolup gaýtdyk. – Meret güldi. – Senem «Ölüpdir, alyp gitsinler» diýip, habar bardy. Her kim aglaşyp, çozup gaýtdy. Soňam ýalan eken. Men aýdýan «Bu-da ýalandyr-ow, entek howlukmalyň» diýsem, bary güpürdeşip gaýtdy. Meret Eminiň dar, kirli egin-eşigine seretdi. – Mazaly, senem çykypsyň. Biderek ýatdyň. – Ol papagyny gözüniň üstünden galdyrdy. – Men aýtdym: «How, maşynyň motoryny, tigirini söken Emin däldir. Ol kapotyň nähili nähili açylýanynam bilýän däldir, başga biri ogurlap, şoňa ýapandyr» diýsem, sud edip ýörler. Arada Şyhy kör Hudaýoly etdi. Şonda maşyny Çendiriň söküp oturanyny gören adamlar bar. Oraz Şapy bilen aýaly Päpek ýanyndan çekipdirler. Ýöne Çendiriň ejesi: «Heriňe bir tokly bereýin, aýtmaň» diýip, seslerini çykartmandyr. Tutuş oba seniň biderek ýananyňam aýdyp otyr. Arzany ýazanam Çendir eken. «Doganymy basdyrdy, menem balasyny basdyrdym» – diýip, Aýjan gözi gök gygyryp ýör-ow. Şol wagt täzeje taksi türmäniň işiginde durdy. Onda eli goş-golamly iki sany rus aýaly düşdi. Taksis töweregine seretdi. – Sag bol, Meret aga. Sag-aman baryň. Salam aýdyň. Meret Eminiň hoşlaşmak üçin beren elini saklady. – Seniň üçin ýörite gelen ýaly boldum diýip, begenip otyryn. Seni äkideýin-de – Ol taksa seretdi – Näme, indi oba gitjek dälmi? – Ýok, ýok, Aşgabatda işim bar, Meret aga. – Puluň bir barmy, bolmasa bereýin! Emin taksa mündi. Şol wagtam türmäniň derwezesi açylyp, onuň obadaşlary Arça dädäniň meýdini alyp çykdylar. Emin uçup barýan takside yza däl-de ümürläp görünýän şähere nazaryny dikdi. Emin köýneginiň döşündäki jübüsine barmagyny sokdy. Ondan şol jadyly peri, bäş alty däne dälimäş dänesini çykardy-da, barysyny gysymyna gysdy. – Agam, bu töwerekde badam agajynyň bitýän ýerini bilýän dälsiň? Taksini sürüp barýan adam Emine seretmän gürledi. – Botanika bagy badam agajyndan doly. – Meni şoňa elt. – Bor. – Şofýor emini geň galma bilen synlady. – Türmeden çykdyňmy? – Hawa. – Gözüň aýdyň! – Näçe ýyl oturdyň? – 155.1. Iki ýyl oturdym. Şofýor howsala bilen: – Ogry-da – diýdi. – Hawa. – Ýene ogurlyga gitjekmi? – Alla saklasyn. Diňe dogrulyga. Diňe! Diňe! Diňe! – Beý, ýaman çalt ýola gelipsiň. Emin taksiste seretdi. – Bir günde näçe gazanýaň. – Ýigrimi bäş, otuz. Emin şakyrdap duran hasap maşynyna seretdi. – Hä, näme? – Azyrak eken. Sen näçe berersiň?– – Diýen puluňy. Ýöne meni ýaňky diýen ýeriňe elt. Özem garaş. Soň ol kagyzy şofýora berdi. – Şuňa elt. Ýene garaş. Soň umumy ýaşaýyş jaýyna elt! – Bor-la. – Ol ynamsyzlyk bilen Eminiň ýüzüne seretdi. – Bor, elt diýseň elterin. Emin Botanika bagyna mugt girdi. Soň işige golaý ýerdäki badam agajynyň astynda, oňa arkasyny berip çökdi. Soň dälimäş dänejiklerini agzyna atdy-da ýelejik bilen ýüzüni ýelpedi. Salgym ýapraklary ýyldyrym çaltlygynda lowurdap, göz öňünden geçirdi-de galyň ak buluda diredi. Bulut kem-kemden dargady. Ol şol röwşen şuglaly obalary, şäherleri, kentleri gördi. Olar Gün nuruna näzik buldurap ýatyrdy. – Geldiňmi, gözel Ha! – diýip, Goja o-o! Onuň aýasyna mündi-de, elinden ogşady. – Geldim! – Synagyň bir etaby tamam boldy. Beýik Ha sizi gutlaýar. Seniň halkyň saňa telwas edýär. – Goja öz halkyna elini galdyrdy. – Gözel Ha salam! Gözel Ha salam! Gözel Ha salam! – Goja baş egdi. Halk oturdy. – Siziň bu ýoluňyzy Beýik Ha mübärekleýär. Ol siziň bilendir. Indi synagyň ikinji etaby başlanýar. Ol bagtlylygyň, açyşlaryň hem gözel eşretleriň eýýamydyr. Goja Eminiň barmagyna üýtgeşik ýüzük geýdirdi. – Bu beýik hanyň baky rowaçlygynyň nyşanydyr. Siz aman boluň. Beýik Ha! Gözel Ha. Onuň halky bu sözi soňsuz gaýtalady durdy. Emin tisginip oýandy-da barmagyna garady. Onuň gözi tenine siňip barýan şuglanyň suduryny görüp galdy. Taksiniň şofýory eline köneje tory alyp, Emine garaşyp durdy. – Näme işleýäň-äý. Emin usulluk bilen ýerinden turdy-da, dänejikleri agzyndan çykaryp, döşki jübisine, peri jalbarynyň jübüsine saldy. – Ýöri, agam, indi gideli. Iş bitdi. – Adyň näme? – diýip, şofýor hatda görkezilen gurluşyk uçastogynyň işiginde sorady. – Emin! Sagat näçe? – On bir. Kakras ýerindedir. Emin ymarata yňdarylyp girdi-de, işiginde oturan ýaşulydan hatda görkezilen adamy sorady. – Bar, bar, ýokarda. Merduwandan çyk, sagyňa öwrül. Emin ýokarky gata çykdy-da, aýdylan gapa bardy. – Allaberdi aga barmyka? – Jumagurdowmysyň? – Sekretar aýal Emini boýdan-başa synlady. – Hawa. – Şu wagt «Gelmedimi» – diýip sorap dur. Emin salam berip girdi. Onuň öňünde Alik durdy. – O-o-o! Gel, gel, asyl senmi? – Alik ýerinden turup, ony garşylady. Emin ýerine geçip oturýança, ýanynda dik durdy. Emin oturansoň, onuň garşysyna geçip oturdy-da, çilim otlandy. – Bagyşla, dogan. Tas ölümiňe sebäp bolupdym. Men, adam bir çig süýt emen-dä. Men, beýle bolar öýtmedim. Müň sapar towakga edýän, bagyşla. – Alla bagyşlasyn, men bir wagt... Alik çilimini içine dartdy-da, owadan ýaşyl gözlerini güldürdi. – Türmeçi diýilse, diňe erbet zatlaryň pikiri edilýär. Men ýalňyşypdyryn. Gaty ýalňyşypdyryn, bagyşla. Emin maý tapyp arzyny aýtdy. – Bor, bor. – Alik owadan, ýaşyl gözlerini çynlakaý görnüşe getirip, Eminiň nurana, bäbägiňki ýaly çirksiz gözlerine bakdy. – Ol, hiç. Geljekki planlaňy aýt. Geljekde okuwa girjekmi, ýa oba gitjekmi? – Nesip bolsa, unwersitetiň biýologiýasyna okuwa girjek. Alik öňündäki kagyza bir zatlar belledi. – Soraýanymyň sebäbi. Biziň uprawlenýämiz seni aklamak üçin Ýokary suda haýyşnama, siziň häsiýetnamaňyzy ibermeli. Bolmasam äden ýeriňde «Sen pylan ekeniň» diýer durarlar. Ýokary sud aklasa welin, bu elhenç ýere girmedik ýaly borsuň. – Maňa umumy ýaşaýyş jaýyndan bir ýer berseňiz. Alik baş atdy. – Ýöne ýekeje otagdyr. Basym özümiz üçin jaý gurmaly. Şondan özüňe kwartira-da bereris. Ol trubkany galdyrdy-da şol bada ýanan gyzyl çyrany basdy. – Komendant geldimi? – Geldi. Garaşyp otyr – diýip, aýalyň dury sesi ýaňlandy. – Girsin. Içeri orta ýaşan, saçy kesilip timarlanan orta ýaşly owadan zenan girdi. – Alma, gel. Şol meniň otagym bar. Şony şu ýigidiň adyna ýazyň. Meniň goşlarymy, ýygna. Gap-gaç, termos dursun. – Holodilnik, telewizor. – Olar özümiňki, olaram men şu oglana berýän. Türkmen halynyň ulusyny aýraý. – Alik elini salgady. – Onam berýän. – Ol aýala aýratyn dykgat bilen seretdi. – Çaýyna, suwuna seredeweriň. – Soň ol eline garap, owadan ýaşyl gözlerini güldürdi. – Ine, gardaş. Ýaşa, işle. – Ol kagyza ýene bir zatlar ýazdy. – Dur puluň bolmasa, awans ýazdyraýyn. – Sag bol. – Işe bir hepde dynç alyp, soň çykarsyň. Baryber Ali aganyň ýanyna. Meni görse, seni soraýar. Taksis garaşyp, gözlerini ymaratyň işigine dikip durdy. Emin onuň ýanyna baryp, işige seretdi. – Alma çykmaly. – Iş düzeldimi? – Düzeläýjek ýaly. Alma tasanjyrap çykdy. – Wiý, sen taksi tutup nirä barýaň? Gel, bärde. Al, goşlaryňy. Emin geň galyp taksiste seretdi. – Ýöri, bile baraly. Olar almanyň yzyna düşüp, ymaratyň içine girip, koridor bilen saga aýlanyp, daş çykdylar. Ymaratyň ters ýüzünden başga bir jaýa girip, ikinji gata çykdylar. Bu ýer gum-guklukdy. Alma otaglaryň çetkisiniň işigini açar bilen açdy. – Geliň. Koridor. Soň uly otag. Diwan, iki kreslo. Uly komnat, ýere iki sany el halysy ýazylgy. Törde telewizor dur. Owadan tuty içerini has baý görkezýärdi. Alma burçy görkezdi. – Ine, holodilnik. Aňyrda kuhnýa, tualet. Nesip etsin. Hözirini görüp ýaşa. – Ol taksise seretdi. – Näçalnik özüne gurdurdy. Gelmedem. Ýaşamadam. – Soň Emine seretdi. – Hemmesini saňa bagyşlaýan diýdi. Alma holodilnigi açdy. – Hemme zat bar. Iýiň, içiň, günortan, nahar wagtam boldy. Emin beýle bolar öýtmändi. Ol kreslo bir çökdi. Soň ýene turdy-da: – Agam, adyňam bilemok – diýip, mydyrdady. – Durdy. – Durdy agam. – Ol bilindäki ýaglygy çözdi-de içindäki puly ortadaky stoluň üstünde goýdy. – Ine, pul, näçe diýseň al. Sen maňa kömek etdiň, Taňry ýalkasyn. Taksis pul dessesiniň üstünden iki kagyzy aldy-da jübüsine saldy. Soň emine seretdi. – Munça puluň bolsa, bir zat edeli. – Al, al, ýene näçe gerek bolsa al. Durdy aga ellerini talowlatdy. – Bor-laý, gerek bolsa geläýerin. Ol Emine seretdi. – Munça puluň bolsa, bir zat edeli. Gowy jalbar, gowy köwüş, gowy köýnek al. – Iki-ikiden diýsene, çalşyrgyç. Ýör gideli. Durdy aga maşynyň ruluna geçensoň ýylgyrdy. – Hä, näme? – Gör, adam nähili ýaradylypdyr! Ynamsyzlyk, biziň ganymyzda ynamsyzlyk bar. – Ol Emine seretdi. – Şu ogurlyk edip türmä düşen. Indem çykdy. Pulam ýok. Meni aldap gaçar gider diýen oiirden doly kelläm. Seniň jübüleň boş, toruň boş. Pul bara meňzäňog-a. Emin baş atdy. Olar Emine ölçäp iki köýnek, bir gara, bir çal jalbar, iki sany gowy gara köwüş, jorap, el ýaglyk, bloknot, ruçka aldylar. Emin maşyna münüp, taksisiň ýüzüne seretdi. – Gaty howlugýaňmy? – Näme? – Taksis ýadaw gürledi. – Meniň bir garnymy doýursan-a. – Puluň känmi? – Pul kän. – Onda, ýör restorana. Olar günortanyň yssysynda azykdan, egin eşikden ýüklenip gelende, Alma içerini syryp-süpürip gül ýaly edip ýördi. Ol Emini görüp. – Bu-uw, ne beýle kän zat aldyň. Holodilnik dol-a – diýdi. Emin holodilnikdäki ähli azygy, çüýşeleri, owadan bankalary çykaryp stoluň üstünde goýdy. Öz getiren mesgesini, gaýmagyny, peýnirini, goýaldylan süýtli bankasyny, etini, ýagyny saldy. Sogany, çaýy, duzy, tüwini, çöregi, hyýary, pomidory goýmaga ýer gözledi.. – Bulary näme etjek? – diýip, Alma sorady. – Maňa gerek däl. Özüňiz alyň. Alma Durdy aga seretdi. – Siz çüýşeleri alyň. Menem beýlekileri. Emin begendi. Ol Durdy agany razy edip ugradyp, duşa girip ýuwundy. Täzeje eşiklerini geýdi. Soňra unwersiteti görmäge uly umyt bilen täze synaglaryň älemine bakan assaja ýöräp gaýtdy. 15.09.2005 ý. Baýramaly. BIRINJI KITABYŇ SOŇY. Elektron görnüşe geçiren: Erkin ÇARYÝAROW. | |
|
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -25: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |