21:46 "Halasgärim!“ diýdi saňa dert çeken..." | |
“HALASGÄRIM!” DIÝDI SAŇA DERT ÇEKEN…”
Goşgular
Zehine baş egmek ynsana mahsus, Lukman inim, şo-ol zehiniň biri sen. Lap edip men muny aýtdygym däl, - Ýürekdäki damarlaryň piri sen! Bu sarpa her kese başardýan däldir, Bi hormat, bi sylag, bi ýagşy päldir, Alkyş bilen seni ýaşardýan kändir, Saýlap aldyň halas etmek käri sen. Ýetmiş ýaşda diňläp bir gün ýüregim, Diýdiň: "Agam, bitin eken çöregiň“. Aldyrjak ekenim suwda küregim, Alyp çykdyň ýagtylyga köri sen. Özüm bilmeý, ýörän ýolum kert eken, Dertleriň içinde bu ne dert eken?! "Halasgärim!“ diýdi saňa dert çeken, Eýelediň kalbyndaky töri sen. Sallançakda seni hüwdülän ene Mejalsyz ýatyrka jan berdiň ýene. Bu sogabyň seniň däl ýöne-möne, O dünýe-bu dünýe bolduň diri sen. Sag bol, inim, Bährem, taňryýalkasyn, Dakýaryn boýnuňa alkyş halkasyn. Dertli göwünlere dagdan arkasyň, Pyragy aýtmyşlaý, äriň äri sen. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |