HALKLARYÑ ARASYNDA MEDENI ARAGATNAŞYKLARYÑ ÝAÝBAÑLANMAGYNDA BEÝIK ÝÜPEK ÝOLUNYÑ ÄHMIÝETI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
“...Beýik Ýüpek ýoly gadymyýetde we orta asyrlarda Hytaý bilen Alynky Aziýany, Ortaýer deňzini birleşdiren halkara ýollarynyň rowaýata öwrülen şertli adydyr” [2. 36s.].
Adamzat ykbalynda öçmejek yz galdyran, halklaryň medeni gatnaşyklaryna ýol açan, olaryň maddy we ruhy medeniýetiniň ösmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda uly ähmiýete eýe bolan taryhy wakalaryň biri hem ykballary birleşdiren, halklary biri-biri bilen ysnyşdyran, dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna ýol açan Beýik Ýüpek ýolunyň işläp başlamagydyr. Bu şanly ýol barada alymlaryň ýazgylary, agtaryşlary, gözlegleri gymmatly maglumatlary ýüze çykarýar. Dürli ýurtlaryň taryhçy alymlary bu ýol hakdaky pikirlerini, toplan maglumatlaryny, çaklamalaryny ylmy makalalarda, monografiýalarda, dürli ýazgylarda halka ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly gymmatly kitaby okyjylaryň Beýik Ýüpek ýoly baradaky düşünjelerini has artdyrdy. Üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurtlaryň beýleki gyrak-bujakda ýerleşen ýurtlara garanda ösüşiniň aýratyn tapawutlanýandygyny hormatly Prezidentimiz kitabyň girişinde aýratyn nygtaýar. [2.26s.]. Köp bölegi Türkmenistanyň üstünden geçýän bu ýoluň ugrunda ýerleşen şäherler öz döwründe gülläp ösen şäherler bolupdyr.Bu ýoluň çatrygynda ýerleşen şäherleriňher biri hakdahormatly Prezidentimizaýratyn durup geçýär. Hytaýdan gaýdan Ýüpek ýoly bilen uzak ýollary geçip gelýän argyn kerwen Amul (häzirki Türkmenabat) şäheriniň derwezelerinden girýär. Şol ýerde gurlan kerwensaraýlarda dynç alan kerwen ýene-de örän kynçylykly, suwsuz, uç-gyraksyz çöl ýollaryny söküp, Merwe tarap ýola düşýär. Ahmal bolsaň suwsuzlykdan şehit bolaýmagyň mümkin bolan bu agyr ýollardan geçen kerwen otparazlaryň kitaby bolan “Awestada” ady “Mouri” diýlip agzalýan irki şäherleriň biri bolan Merwe gelip dynç alýar. Bu hili uly şäherlerde ençeme hammamlaryň, kerwensaraýlaryň, çaýhanalaryň bolandygy kitapda sada dilde düşündirilýär.
Halklaryň medeni gatnaşyklarynda uly ähmiýete eýe bolan bu ýoluň esasy böleginiň biziň Watanymyzyň üstünden geçýänligi barada gymmatly maglumatlar beren hormatly Prezidentimiz Türkmenistany bu ajaýyp ýoluň ýüregi hasaplaýar. Taryhy maglumatlara görä, ýedi müň kilometre uzalyp gidýän, iki müň ýyla golaý dowam eden (b.e.ö. II asyrdan biziň eýýamymyzyň ХVI asyryna çenli) Beýik Ýüpek ýoly adyna eýe bolan bu ajaýyp ýol baradaky ençeme gymmatly maglumatlar Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda ýeterlik. Käbir şahalary hatda ХVIII asyrlarda hem dowam edipdir. Elbetde, bu ýoluň söwda ähmiýeti ХIV asyrdan soň, deňiz ýolunyň has köp ulanylyp başlanylmagy bilen birneme gowşapdyr. Hormatly Prezidentimiz bu gymmatly kitabynda Beýik Ýüpek ýolunyň her bir şahasynyň ÝUNESKO-nyň “Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna” girizilmäge mynasypdygy hakda aýratyn durup geçýär. Çünki, bu ýollar dünýä medeniýetiniň biri-birine täsirini artdyrmaga ýardam beren altyn ýollardyr.
Beýik Ýüpek ýolundan örän uzyn hatarly düýe kerwenleriniň geçendigini, Günbatara gymmatly harytlary äkidendigini, elten harytlaryny öz ýurtlarynda geçginli boljak harytlara çalşyp, ýene-de şol hatarly ýollardan yzlaryna Hytaýa sary rowana bolandyklary barada taryhy maglumatlar kän. Elbetde, olaryň ýanynda gorag üçin ýörite ýaragly batyr ýigitler hem bolupdyr.Galyberse-de, söwda kerwenleri üstünden geçýän ýurdy tarapyndan hem goralýar ekeni. Ýollarda täjirler üçin ýörite dynç alyş kerwensaraýlary, çaýhanalar, düşelgeler gurlupdyr. Ýol ugrunda ýerleşen şäherlerde olaryň dynç almaklary üçin ähli şertler döredilipdir, hatda ençeme hammamlar hem işleýär ekeni. Çünki täjirler bu beýik ýol bilen söwda gidenlerinde käbir wagtlarda alty aýlap hem öýlerine dolanyp bilmändirler.
Gymmatbaha ýüpek parçalardan ýüküni tutan kerwenler gatnamagyny yzygiderli dowam eden bu ýoluň adamzat durmuşynyň dürli ugurlarynda uly ähmiýetiniň bolanlygy welin, aýdyň hakykatdyr. Bu söwda ýoly bilen gatnan täjirler diňe söwdagärller däl-de, eýsem, medeniýeti ýaýradyjylar, özara täsirleri güýçlendirip, dünýä medeniýetine uly goşant goşan ynsanlardyr.
Täjirler uzak ýoly ýeňilleşdirmek üçin ýanlary bilen alymlary, ulamalary, rowaýat aýdýan rawylary, degişme gürrüňçileri hem alyp gidipdirler. Olar dynç alyş wagtlary gyzykly ertekileri, rowaýatlary, degişmeleri diňläpdirler. Bu ýol Hytaý bilen Ortaýer deňiz döwletlerini birleşdiren ajaýyp ýol. Elbetde, ýerlerdäki kerwensaraýlarda hem ýerli halklardan bolan dil bilýän adamlar hem bolan bolmaly, özara gürrüňdeşlikleriň bolan bolmagy-da ahmal, söwdagär täjirleriň ýanynda, dilmaç-terjimeçiler hem bolandyr. Şeýlelikde, ol täjirler ýerli ýagdaýlary öwrenipdirler, hatda gepe-söze düşünýänleriň, golýazmalaryň gymmatyna göz ýetirýänleriň gymmatly kitaplary satyn alyp giden bolmaklary-da ähtimal, şeýdibem, golýazmalaryň dünýäniň çar künjeklerine ýaýran bolmagy ahmaldyr. Halk döredijilik eserlerini diňlemek miýesser eden täjirler bolsa ýatda galanlaryny hakydalary arkaly äkidip, dürli ýurtlara ýaýradan bolsalar gerek. Şeýlelikde, ajaýyp dessanlaryň aňyrsynda duran rowaýatlaryň, ertekileriň, Görogly hakyndaky hekaýatlaryň ýaýramagyna hem şol gymmatly ýoluň sebäp bolan bolmagy hakykata ýakyndyr.Şeýlelikde, adamzadyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagyna täsirini ýetiren gymmatly eserleriň ýaýraýyş ýollary uzak ýyllar dowam edipdir. Halklaryň arasynda meňzeş sýužetli eserleriň peýda bolmagynyň şu ýagdaýlar bilen bagly bolmagy-da ahmal.
Beýik Ýüpek ýolunyň baryp irki asyrlarda halklaryň dostlaşmagynda, özara gatnaşyklaryň ýüze çykmagynda, medeniýetleriň ýakynlaşmagynda uly ähmiýetiniň bolanlygyykrar edilen aýdyň hakykatdyr. Belli Gündogary öwreniji alym W.W.Bartold Türkmenistanyň çäklerinde ýaşan parfýanlaryň Beýik Ýüpek ýolunda guralan söwda aragatnaşygynda uly hyzmat görkezendikleri barada aýratyn belläp geçýar. Bu baradaky söhbetlerinde alym parfýanlaryň beýleki halklara görä, b.e. öňki II asyrda dörän bu söwda ýolundan has artykmaç peýdalanmagy başarandyklary hakda gürrüň berýär. Olar Rim bilen Hytaýyň arasyndaky söwdada arany sazlaýjy bolup hyzmat edipdirler. Ärsaklaryň patyşalygy döwründe, Mitridat II (b.e.öň 124-87ýý,) tarapyndan Hytaý ilçileri kabul edilipdir. Alym munuň dünýä taryhynda ilkinji gezek Uzak Gündogaryň beýik döwleti bilen, şeýle hem, Günbataryň dünýä belli imperiýasy bilen ilkinji gatnaşyklaryň ýola goýulmasydygy barada “Türküstanyň medeni ýaşaýşynyň taryhy” atly makalasynda gürrüň berýär[3. 8 s.].
Hormatly Prezidentimiziň iline-halkyna sowgat beren “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň V bölümi “Daşoguzyň gadymy topragynda” diýlip atlandyrylýar. Bu ýerde üç ýüz altmyş erenleriň guburlarynyň ýatandygy hakda söhbet açan hormatly Prezidentimiz häzirki Köneürgenjiň taryhda “Müň derwezeli şäher” diýlip ýatlanylýandygyny belleýär. [2. 235 s.] .Bu bölümde awtor Köneürgençden günbatara, Sarygamyşa tarap giden kerwenleriň Mangyr belentligine çykandyklary, şol depede şu wagtlar hem uly şäheriň yzlaryny görmek bolýandygy hakda söhbet açýar. Hormatly Prezidentimiziň berýän gymmatly maglumatlaryna görä, bu ýerlere Maňgyr gala diýilýär ekeni. Onuň esasy ýörgünli ady Halap bolup, ol Siriýadaky Halap şäheriniň adyny göterýär. Ýene-de dessanda agzalýan Şamahy we Diýarbekir şäherleriniň hem Kawkazda hem Türkiýede meşhur bolan şäherleriň atdaşlarydygy hakda kitapda aýdylýar. Orta asyr şäheri bolan Suwburun şäheri hem şol ýerde ýerleşip, halk köpçüligi ol ýeri Şasenem atlandyrýar. Soňra hormatly Prezidentimiz Şasenem bilen Garybyň söýgüsi hakdaky rowaýatyň has ir döwürlerde dörändigi, şol rowaýatyň hem kem-kemden çeper halky dessana öwrülip gidendigi hakda söhbet açýar. Elbetde, Şasenem bilen Garybyň söýgüsi hakdaky rowaýat hem Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen goňşy ýurtlara hem ýaýran bolmaly. Bu rowaýatyň many-mazmunynyň“Gorkut ata” eposynyň “Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder” atly bölümine siňendigi barada alymlar nygtaýarlar. [7].
Rowaýatyň şeýle çeper, halk aňyna täsir eden ajaýyp esere öwrülmeginde bagşylaryň hyzmatyny aýratyn belläp, hormatly Prezidentimiz “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen kitabynda şeýle ýazdy:“Türkmenleriň dürli döwürlerde jemgyýetçilik, syýasy, medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalar dessançy bagşylarymyzyň kämil sungatynyň üsti bilen biziň döwrümize gelip ýetipdir. Olaryň aýdymlary we sazlary halkymyza egsilmez güýç-gaýrat we synmaz erk beripdir”[1. 15 s.].
Türkmen halkynyň şeýle ruhubelentligine dessandaky akgynly, okaňda aýdyma öwrülip barýan setirler şaýatlyk edýär. Dessanyň her goşgusy aýdyma öwrülip bagşylaryň dilinde ýaňlanyp gelýär. Biz bu ajaýyp eserde merdemsi, gaýratly, söýgä wepaly, sözünde durýan, öz sözüniň hakyky eýesi bolan gahrymanlara duş gelýäris. Olar – Şasenem bilen Garyp hiç kimden gorkmaýarlar, çekinmeýärler. Olar öz söýgüsiniň erkinligi ugrunda gaýduwsyzlyk bilen göreşýärler, duş gelen kynçylyklary ýeňip geçýärler, öz öňlerinde maksat goýup, maksadaokgunly hereket edip, ahyrda öz bagtlaryny tapýarlar. Gaýduwsyzlyk we ruhubelentlik türkmen halkyna mahsus bolan häsiýetler. Dessanyň iki sany ýaş gahrymanynda biz şu häsiýetleri görýäris. Şu häsiýetler hem bu ýaş ynsanlara öz bagtlaryny tapmaga kömek berýär. Elbetde, olar durmuşda köp kynçylyklara gabat gelýärler, emma hemme kynçylyklardan üstün çykýarlar.
“Şasenem-Garyp” dessany hem dessançylyk ýoluna mahsus bolan “Rawylar andag rowaýat kylarlar kim, Diýarbekir atly bir şäher bar erdi, onuň patyşasynyň adyna Şaapbas diýer erdiler. Şaapbasyň Hasan wezir diýen bir weziri bar erdi” diýip, däp bolup ýaýran dessançylyk äheňlerinde başlanýar. Dessanda beýan edilişine görä, günlerde bir gün Şaapbas Hasan weziri bilen awa çykýar. Patyşanyň öňünden bir bogaz towşan geçýär. Ol aýagy agyr-hamyla aýalyny ýatlap, towşana azar bermeýär. Soň ol towşan Hasan weziriň hem öňünden geçýär. Ol hem hamyla aýalyny ýatlap towşana degmeýär. Soňra olar söhbetdeş bolup oturanlarynda, özlerine bogaz towşanyň duşanlygyny biri-birine gürrüň berýärler, ikisi hem pikirdeş bolup çykýarlar. Ondan soň patyşa Hasan wezire: “Eý, Hasan wezir, ikimiz ýürekdeş ekenik. Eger meniň oglum, seniň gyzyň bolsa, gyzyňy meniň ogluma ber, meniň gyzym bolsa, gyzymy seň ogluňa bereýin. Şunlukda, ikimiz guda bolarmyz. Her kim şu sözünden dänse, lagnata giriftar bolsun” diýip, dilinden hat ýazyp, ähtnamasyny Hasan wezire berýär.
Aradan belli wagt geçenden soňra Hasan weziriň ogly, patyşanyň gyzy bolýar. Ýedi ýaşda okuwa berlen çagalar biri-birine şeýle mähribandylar, bileje okuwa gatnardylar. Şeýlelikde, olar on dört ýaşa ýetýärler. Bir gün Hasan wezir näsaglap, ýanyny ýere berdi we dünýäden öter boldy. Ol aýalyny ýanyna çagyryp, Şaapbasyň beren ähtnamasyny aýalyna gowşurýar. Soňra ogluny çagyryp: “Eý, oglum, men bu dünýäden ötermen, “Atam meni öýlendirmedi” diýip, menden närazy bolmagyn! Men seni patyşanyň gyzyna adaglap, ähtnama alandyryn. Men ölsem-de, patyşa saňa gyzyny berer, özüne giýew hem wezir ediner” diýip, ak ýürekli wezir ogluna aýtdy. Ol patyşa ähtinden döner diýip asla pikir etmeýär, çünki onuň özi beren sözünde durýan, lebzi halal, arassa kalply adam bolansoň, patyşany hem şeýlemikä diýip pikir edýär. Hasan wezir patryşanyň ähtine ynanyp, oglundan arkaýyn halda dünýäden ötýär. Garyp ähtnamany Şaseneme görkezýär, ikisiniň hak aşykdyklaryna gözleri ýetip, arkaýyn okuwa gatnap ýörler. Ine, bir günem ejesiniň zalymlygy bilen Şasenemi Garypdan daşlaşdyrýarlar, aýra salýarlar. Şasenemiň ejesi Şaapbasa “Indi sen uýalman, gyzyňy öz ýetmiňe berermiň?” diýip, gyzyny okuwa goýbermeýär. Şasenem ynsan bagryny paralaýan ajaýyp şygyr bilen “Ene, men dertlini ýandyrma beýle!...” diýip, enesine ýalbaryp zarynlaýar, emma zalym enede rehim-şepagat ýok. Biz şu ýerde Zöhräniň, Leýliniň gyzlaryna kömek etjek bolup elewreýän ejelerini göz öňüne getirýäris. Okyjylar bu dessanda zalym keşpli ene bilen tanyş bolýarlar, adatça, eneler rehimdar bolýar, emma Şasenemiň ejesi, tersine. Şundan soň birek-birege wepaly aşyklaryň kynçylykly göreşlerden doly durmuşlary başlanýar. Emma wepaly aşyklar kynçylyklardan gorkmaýarlar. Garybyň ejesi Abadan Şaapbasyň ähtnamasyny alyp şanyň ýanyna barýar weli, aýalynyň gepine gidip, ähtinden dänen Şaapbas ony kowup goýberýär. Olary şäherden hem çykaryp kowýar. Garyp çopançylyk edýär. Birden hasaplap görse, bäş ýyl geçipdir, ol bakýan mallaryny eýesine tabşyryp, şondan soň gaýduwsyz hereket edip başlaýar. Soňra dessanda aşyklaryň başyndan geçýän hupbatly wakalar beýan edilýär, olaryň wepaly söýgüsi bolsa gün-günden berkeýär. Dessanda adamzada Allatarapyn berlen şirin dil, söz olaryň ýardamçysy, aşyklar köňül dertlerini söz arkaly egisýärler. Çeperlikde, akgynlylykda, şirinlikde dessandaky aýdyma öwrülen setirlere taý geljek sözleri tapmak iňňän kyn. Ol şirinden şirin şygyrlar täsirliligi, ýakymlylygy bilen baryp gös-göni adam aňyna täsir edýär, çeperligi bilen hakyda ornaşýar. Dessan türkmen halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda döreden ruhy baýlygynyň çürbaşy, türkmen ruhunyň hakyky aýdymçysy.
Eseriň baş gahrymanlarynyň söýgä wepalylygy, gaýduwsyzlygy, maksadaokgunlylygy her bir okyja görelde. Dessanda halkymyzyň uýan dini, yrym-ynançlary, däp-dessurlary, ýaşaýyş-durmuşy, ahlak ýörelgeleri aýdyň beýanyny tapypdyr. “Gorkut ata” eposynda ulanylan janlandyrma çeperçilik serişdesi “Şasenem-Garyp” dessanynda hem ýerlikli ulanylypdyr, suwa, daglara janly zat hökmünde ýüz tutulýar. Şasenem ýaryna şemaldan salam iberýär, Tüni derýadan, daglardan ýaryny soraýar. Garyp harazçynyňkyda harazman bolup işlände, semen ýabyna ýüzlenip şygyr okaýar. Elbetde, bularyň barysy, dessanda tebigaty janlandyryp görkezmegiň güýçli saklanyp galandygyny alamatlandyrýar.
Hatda rus şahyry M.Lermontow hem Kawkazda bolanda “Aşyk Garyp” atly ertekini ýazyp alypdyr, ony şygyr görnüşinde kitap edip çykardypdyr. Dessanyň dürli wersiýalary – nusgalary Kawkaz halkarynda (gruzin, ermeni, azerbaýjan we b.) hem-de türklerde duş gelýär. Elbetde, şu rowaýatyň ýaýramagynda Beýik Ýüpek ýolunyň täsiri iňňän uly bolmaly. Çünki täjirler bu ýoldan gatnanlarynda her şäherde dynç alyp, birnäçe gün saklanyp, aýdyjy rawylary diňläp, aýdylanlary hakydalarynda saklap, ýat tutup, her baran ýerlerinde oturyp, çaý başynda aýdyşyp, ähli baran ýerlerine ýaýramagyna sebäpkär bolupdyrlar. Olar, belki, golýazma nusgalaryny hem alyp gidendirler. Şeýlelikde, halky eserleriň köp nusgalary döräpdir. Her millet özüçe timarlap, ajaýyp eserleri, täsin keşpleri döredipdir.
Akademik Baýmuhammet Garryýew “Şasenem-Garyp” dessanynyň hem anonimdigini, ýagny awtorynyň ýokdugyny ýörite belläp, onuň döreýşini, kämilleşiş pursatlaryny ХVII-ХVIII asyrlara aralaşdyrýar, ýöne onuň rowaýat nusgasy has irki döwürlere degişl. Ol “Şasenem-Garybyň” dil aýratynlyklarynyň Magrupynyň, Mollanepesiň we başga husgawy şahyrlaryň şygyrlary bilen ýakyndygyny ýörite belläp geçýär. Şaapbasyň (1587-1628) ýyllarda patyşalyk eden taryhy şahsdygy baradaky pikiri orta atýar, dessandaky agzalýan ýer-ýurt atlarynyň Daşoguz welaýatyndadygyny aýratyn nygtaýar. Şol wagtlarda Akgoýunly, Garagoýunly türkmenleriniň Azerbaýjanda höküm sürendiklerini, aralykda gatnaşyk bolandygyny delillendirýär [5]. Elbetde, bu aragatnaşyk hem Beýik Ýüpek ýoly arkaly amala aşyrylan bolmaly.
“Türkmenleriň dessan düzmek, dessan aýtmak däbi gojaman döwürlere baş urýar. Dessanlaryň birenteginiň türkmen topragynda emele gelip, soňra goňşy ýurtlara geçendigini ХIХ asyryň hem ХХ asyryň atly-abraýly alymlary aç-açan aýdýarlar. Mysal üçin, ХIХ asyr wenger alymy Ignan Kunoş türki dillerdäki dessanlar bilen tanşyp, şeýle netijä gelýär: “Bu halk eserleri aslyýetinde türlkmenleriň gahrymançylyk eposydyr. Olar (şol dessanlar) türki dilli ilaty bolan Eýrana, ýa başga ýurtlara geçip, sünni ýa şyga (şaýy) reňkine boýalypdyr. Şeýlelikde, türkmenleriň halk romanlary (dessanlary) azerbaýjanlylara, anadoly (osman) türklerine geçipdir.” (Ignan Kunoş. Türki halk romanlary (dessanlary) Kiçi Aziýada. “Wenger habarlary” 1893, t. ХIII, 315 s., nemes dilinde). Akademik B. Garryýew wenger alymy Kunoşyň kesgitlemesini mysal almak bilen akademik A.N. Samoýlowiçiň hem bu pikiri goldandygyny aýratyn nygtaýar[4.167s.].
Dogrudan-da, türkmen halky dessanlara baý, olaryň arasynda belli bir awtor tarapyndan döredilen dessanlar hem-de uzak ýyllaryň dowamynda awtory ýitip gidip, halky eserlere öwrülenleri hem gabat gelýär. “Arzy-Gambar”, “Warka-Gülşa”, “Şasenem-Garyp”, “Asly-Kerem”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Saýatly-Hemra”, “Nejep oglan” halky dessanlardyr. Şularyň köpüsiniň dürli halklaryň arasynda gabat gelýänligi hem şu ýagdaýlar bilen baglanyşyklydyr. “Şasenem-Garyp” dessanynyň birnäçe nusgalary gabat gelýär. “Aýsenem-Garyp”, “Baýsenem-Garyp”, “Helalaý-Garyp” dessanlary hem şol nusgalardandyr. Bu ajaýyp nusgalar hem uzak ýyllaryň dowamynda halk arasynda diňlenilmegini, bagşylaryň arasynda aýdylmagyny dowam etdirip gelipdir.Milli Liderimiz halklaryň medeni gatnaşyklary, birek-birege täsiri barada “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda hem ýatlap geçdi: “Gadymy döwürlerden bäri türkmen topragy uly söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşipdir. Munuň özi ösen türkmen medeniýetiniň dünýäniň dürli halklarynyň medeniýetine täsir etmegine şert döredipdir. Şol bir wagtyň özünde dünýä halklarynyň medeniýeti hem türkmeniň medeni mirasynyň has baýlaşmagyna täsir edendir” [1. 7 s.].
Dessanlaryň köpüsiniň halk ertekileriniň esasynda döränligini bu ugurdan iş alyp baran alymlar belläp geçýärler. Irki halky dessanlara, köplenç ýagdaýlarda, türkmen ertekileri esas bolup durýan bolsa, bu ýagdaý belli bir awtory bolan dessanlara hem degişlidir. Mysal üçin, Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanyny halk ertekisiniň esasynda ýazandygyny ol barada düýpli ylmy iş alyp baran alym şahyr Aman Kekilow öz ylmy gözleglerinde ýörite nygtap geçipdi. “Hüýrlukga-Hemra” dessanynyň döreýiş taryhyny yzarlanynda A. Kekilow şeýle ýazýar: “Türkmen halk dessanlarynyň köpüsi diýen ýaly halk ertekilerini täzeden işlemek esasynda döredilipdir. Bu pikiri tassyk etmek üçin halk arasynda örän giňden ýaýran “Mämmetjan” diýen erteki bilen meşhur türkmen halk dessany “Hüýrlukga-Hemrany” deňeşdirmek ýeterlikdir. Bu iki eseriň arasynda sýužet jähtinden baglanyşygyň bardygy we dessanyň ertekini täzeden işlemek esasynda döredilendigi gümansyzdyr” [6. 55 s.].
Elbetde, bu pikiri ilkinjileriň hatarynda ýazuwly dessanlary döretmegiň nusgasyny görkezen Nurmuhammet Andalybyň dessanlary barada-da aýtmak bolar. Ol dessanlaryň esasynda-da taryhy wakalar bilen birlikde erteki wakalary, şeýle hem, hyýalkeşlik gabat gelýär. Gurbanaly Magrupynyň “Döwletýar”, “Ýusup-Ahmet”, “Alybeg-Balybeg”ýaly dessanlarynyň esasynda şol döwrüň taryhy şahslarynyň başdan geçirmeleriniň beýanyny tapandygyny görmek bolýar. Magrupynyň “Seýpelmelek-Methaljemal”, Şeýdaýynyň “Gül-Senuber” ýaly yşky-hyýaly häsiýetli dessanlarynda “Müň bir gije” ertekiler toplumynyň wakalarynyň şöhlelenmesini tapandygyny bellemek bolar. Şabendäniň “Gül-Bilbil”, dessanynyň esasynda-da yşky häsiýetli ertekiler durýar. Bu ertekiler toplumlary hem Beýik Ýüpek ýoly arkaly halklaryň köpüsiniň arasyna ýaýran bolmaly. Söz ussatlary özleriniň döreden ruhy gymmatlyklarynda halk döredijiliginiň çeper tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, wakalary utgaşdyryp, ýerbe-ýer goýup, çeper beýan etmegiň hötdesinden gelipdirler.Nusgawy şahyrlarymyz Andalybyň, Magrupynyň, Şabendäniň, Şeýdaýynyň, Mollanepesiň kämil dessanlary, şeýle hem, halk dessanlary bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe-de halkymyzyň kalbyny, ruhuny tämizlemegini dowam etdirýär.
Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynda “Zöhre-Tahyr” hem-de “Şasenem –Garyp” dessanlary barada agzap geçmek bilen dessanlary düýpli öwrenmelidigini alymlaryň öňünde borç edip goýýar. Türkmen halky dessanlara baý, olar bagşylaryň dilinde ýatdan aýdylyp, hem-de golýazma nusgalarynyň esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýetipdir, şeýle herm giň çäklere ýaýrapdyr. Olary asyl nusgalarynyň esasynda düýpli öwrehnmek alymlaryň mukaddes borjudyr.
Gurbanjemal Ylýasowa,
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
■ Peýdalanylan edebiýatlar:
1. Berdfimuhamedow G. Medeniýet halkyň kalbydyr. A.: 2014
2. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi. A.: 2017
3. Бартольд В.В. История культурной жизни Туркестана. Л.:1927
4. Самойлович А.Н. Очерки по истории туркменской литературы. т.1., М. – Л.: 1929
5. Garryýew B.“Şasenem-Garyp”. Kitapda, sözbaşy (rus dilinde). A.:1945
6. Kekilow A. Mollanepes. A.: 1957
7. Короглы Х. Г. Взаимосвязи эпоса народов Средней Азии, Ирана и Азербайджана. М. : 1983.
Edebi makalalar