HALYPALARYÑ HALYPASY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
– Medeni miras – maddy we ruhy gymmatlyklar ynsana şatlyk, ata-babalara hormat, ýaşaýşa söýgi, dowamata hyjuw döredýän gözellik älemidir. Bu älem tümlügi – gündizlige, çöli – lälezarlyga, duşmançylygy – dostluga öwürýän, ýürekleri buýsançdan doldurýan, beýnileri paýhas bilen durlaýan egsilmez güýçdir[4. 12 s.]
Gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdan gymmatly edebi ýadygärlikler, akyldar şahyrlaryň ençemesiniň döreden adamzada ruhy lezzet paýlaýan ajaýyp eserleri bilen türkmen halkyny tanyşdyrmakda ägirt uly işleri durmuşa geçiren,milli mirasa degişli gymmatly ruhy baýlyklary pars dilinden terjime edip, ol eserlere ylmy seljerme berengörnükli alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Rahman Rejebow hakda söz açmak iňňän ýakymly hem jogapkärli. Ýakymlylygy – şol irki eserleri ilkinjileriň biri bolup, türkmen edebi dilinde neşir etdirip, köne ýazuwdan häzirki zaman diline geçirip, halka elýeterli bolmagy üçin “gijeleriň ýaryny gündize goşup” yhlas bilen zahmet çeken Rahman aganyýagşylykda ýatlamak. Jogapkärliligi – onuň seljerme beren, öwrenen, halka ýetiren işleriniň ählisi gadymy hem çylşyrymly, şonuň üçin-de, bu işe uly jogapkärçlik duýgusy bilen çemeleşmeli.
Görnükli alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Rahman Rejebowyň eden işlerini sanap geçmek üçin hem ençeme sahypalar gerek. Elbetde, beýle işleri ýerine ýetirmek üçin özüňi, saglygyňy unutmaly, diňe yhlas siňdirip işlemek gerek. Ylma ulaşan hakyky alym diňe köpräk işläp, halka elýeterli bolmadyk ruhy gymmatlyklary mirasa “suwsan goýun ýaly” teşne halka ýetirmäge çalyşmaly. Türkmen halky üçin uly işler bitiren Rahman Rejebow şeýle hem edipdir.Onuň galamyna degişli, yzly-yzyna neşir edilen gymmatly kitaplaryň, ylmy işleriň gymmaty hiç wagt egsilmez. Ine, olaryň käbirleri:
■ Terjimeler:
Satim Ulugzade. Ýaşlygymyzyň säheri. 1960 ý., Fizuly Muhammet Süleýman ogly. Leýli- Mežnun. 1963 ý., Nowaýy Alyşir Nyzametdin. Perhat-Şirin poemasy, 1965 ý., Omar Haýýam. Rubagylar. 1977 ý., Abulgazy Muhammet Bahadur “Şejerei-terakime” 1992 ý. we başgalar.
Rahman Rejebow “Şejerei terakimäni hem terjime edip, hem ol barada ylmy iş taýýarlap, türkmen halkyna düşnükli bolmagyny gazandy.
■ Ylmy işler, seljermeler:
Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. 1966 ý., Liriki mazmun we şygyr sungaty. 1968 ý., ХVIII-ХIХ asyrlar türkmen edebiýatynyň döredijilik stili. 1995ý., Gadym türkmen edebiýaty (VIII-ХII asyrlar) 1982, 1991 ý., Çeper edebiýatda estetika we stil meseleleri. 1982 ý. we beýlekiler.
Bular ýaly işleriň sany kän. Bulardan başga-da, bir ýere jemlän bäş tomluk ylmy işleriniň ýydyndylary. Elbetde, ylmyň şeýle çylşyrymly pudaklary boýunça ylmy seljermeler alyp barmak üçin, ata-babalarymyzyň aýdyşlary ýaly, “atyň kellesi ýaly” ýürek gerek. Ylma yhlas bilen ýapyşan Rahman agamyzda şol ýürek bar ekeni.
Alymyň güneşli Türkmenistan Watanymyzyň metbugat sahypalarynda çap edilen makalalarynyň hem sanawyny sanap gutarar ýaly däl. Adamzada berlen gysga ömürde beýle köp işleri durmuşa geçirmek, elbetde, danalaryň aýdyşy ýaly, “gijeleriň ýaryny gündize goşmasaň” asla başartjak işler däl. Bulardan başga-da, ýaş alymlara halypalyk etmekde, olary ylma ugrukdyrmakda, olaryň taýynlan ylmy işlerini redaktirlemekde, syn ýazmakda hem Rahman Rejebow uly işler alyp barypdyr. Görnükli alym biziň halypalarymyzyň halypasy. Belli alymlar Abdyrahman Mülkamanow, Tejen Nepesow, Şamuhammet Halmuhammedow, Babyş Mämmetýazow, Kaka Salyh, Durdumuhammet Nuralyýew, Muhammetnazar Annamuhammedow, Baba Weliýew, Şamuhammet Gandymow, Amangül Durdyýewa dagylar ony özleriniň halypalary hasaplardylar. Çünki Rahman Rejebow olaryň alyp barýan ylmy işlerinde halypalyk kömegini gaýgyrmazdy. Sözüň hakyky manysyndaky alym Rahman Rejebow redaktor hökmünde hem uly işler alyp barypdyr. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işlän döwürlerinde ençeme kitaplary redaktirläpdir. Alym, şahyr Aman Kekilowyň, alymlar Kaka Salyhyň, Aba Gylyçdurdyýewiň we beýlekileriň ylmy kitaplarynyň redaktory hem Rahman Rejebowdy. Olar bolsa biziňhalypalarymyz. Şol sebäpden görnükli alyma “halypalaryň halypasy” diýip, arkaýyn aýtmak bolar.
Zähmet çekmekden hiç wagt ýadamadyk alym wagty bisarpa tutmazdy, boş gürrüňlere sarp etmezdi, adamlar bilen gadyrly salamlaşykdan soň säher bilen derrew işine başlardy, maslahatyny alýanlara hem diňe işlemeldigini, döretmelidigini aýdardy. Galam, kagyz, kitap onuň iň ýakyn syrdaşlarydy, hemralarydy.Ine, şol wagtlarda, ýaş wagtymyz, Rahman aganyň häsiýetlerinde gören, duýan aýratynlyklarymyz.
Häzirki döwürde TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Käbe Borjakowanyň “Türkmen halk döredijiliginde Alyşir Nowaýynyň (Myralynyň) obrazy” diýen temadan ýazan dissertasiýasyna synçy bolup çykyş edeni ýadymda. Şonda Käbe (kursdaşym, uniwersiteti bile tamamlapdyk. G.Y.) meniň ýanyma gelip, “Ýolbaşçym prof. Mäti Kösäýew meni Rahman Rejebowyň ýanyna iberdi, ol meniň işime ilkinji synçy bolmaly (ylmy dilde opponent), barybilmän ýaýdanyp ýörin” diýdi. Biz ol wagtlar ýaşdyk, ýygradyk, ýolbaşçylyk edýän alymlaryň ýanyna barmaga hem çekinýärdik, olary şeýle bir sylaýardyk. Men şonda Käbä “Hiç ýaýdanma, çekinme, ol örän mähriban, adamkärçilikli adam, ýöne kän geplemeýär, hakyky ylym adamlary geplemezek bolýar diýýärler” diýipdim.
Çünki men, Rahman aga bilen günde-günaşa salamlaşýardym, şol wagtlar TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň aspirantydym.Käbe şondan soň Rahman Rejebowyň öýüne dissertasiýasyny alyp barypdyr, onuň özüni şeýle gowy garşylandygyny, degerli maslahatlar berendigini begenip-begenip gürrüň bereni şu günki ýaly ýadymda. Käbe Borjakowa ony häzir hem ýagşylykda ýatlap, şeýle gürrüň berdi. Ol gürrüňi okyjylara hem ýetirsek kem bolmasa gerek: “Uly alym, beýik adam Rahman Rejebowy müdimilik hormatlap, kalbymdan syzylyp çykýan sözlerimi mydam gaýtalaýaryn. Bu uly alymyň 1970-nji ýyllarda ýazan işlerini okap, öwrenip, nusga edinip, ýören wagtlarymdy, aspirantlyk ýyllarymdy. 1973-nji ýylda dissertasiýamy ýazyp gutardym, hemme işler taýýar boldy. Indi işe synçy gerekdi. Halypam professor Mäti Kösäýew “Saňa, gyzym, ilkinji synçy (ylmy dilde opponent) bolmagy uly alym Rahman Rejebowdan haýyş edeli!” diýdi. Men birhili çekindim, ýöne sesimi çykarmadym. Soň alymyň ýanyna baranymda, ol meni mähirli garşylady. “Geçiň, oturyň!” diýdi-de, temam barada sorady. Men çekinjeňlik bilen “Türkmen edebiýatynda Alyşir Nowaýynyň (Myralynyň) obrazy” diýen temadan iş ýazandygymy aýtdym. Alym gymmatly wagtyny ýitirip, bir ýaş aspirant bilen gürrüňleşip otyrdy. Gürrüňdeşligiň dowamynda meniň çekinjeligim hem aýrylyp gitdi. Şeýdip türkmen ylmynyň ussatlaryndan biri bolan Rahman aganyň ýanyna baranymda, bir hakykata gözüm ýetipdi. Ilki biraz çekindim, emma özümi asuda alyp bardym. Adam edepli bolmaly, sada bolmaly, adamkärçilik duýgularyňy kem-kemden taplamaly. Şonda halypa maňa şeýle diýdi: “Siziň öň ýanyňyzda hem bir ýigit gelip, synçy bolmagy sorady. Men oňa razylyk bermedim, edepsiz hasapladym, gürleşende elleri jübüsinde, gepleýiş labzy hem hondanbärsi, beýle adamlary men halamaýan, ine, seň işiňe bolsa synçy bolmaga men razylyk berýän, arkaýyn bol, gyzym!” diýdi. Men halypanyň ýanyndan guş bolup uçup gaýtdym, baş halypamyň ýanyna.Rahman Rejebowyň razy bolanlygyny aýdyp, ony begendirdim.Häzir hem halypalar hakdaky ýagşy ýatlamalar aňymyzda aýlanyp ýör, ol ýatlamalar hiç ýatdan çykmaz.”
Görnükli alym Rahman Rejebow “Gadym türkmen edebiýaty” (1991ý.) atly kitabynda daşdan ýadygärliklere ýazylan “Oguz-Orhon ýazgylary” hakda söhbet açýar. Alym bu ýazgylary irki türkmen edebiýatynyň gymmatly nusgalary hasaplap, irginsizlik bilen, “iňňe bilen guýy gazan ýaly” zähmet çekip, bu daşa ýazylan eserler baradaky ylmy seljermelerini türkmen halkyna ýetirdi. Işiň başynda bu ýazgylary ýazdyran kaganlaryň (hanlaryň) ýolbaşçylygynda bir topar türki taýpalaryň birleşmesinden VI asyryň orta gürplerinde dörän Türk kaganaty hakda maglumatlar berip, bu ýazgylaryň olaryň döreden döwletiniň soňky döwürleriniň wakalaryny şöhlelendirýändigi barada düşündirişler berýär. Türk kaganatyny esaslandyranyň Bumyn kagandygyny aýdyp, ol barada degerli maglumatlary okyjylara ýetirýär.
Görnükli alym “Şu ýerde aýratyn bir ýagdaýy belläp geçmegimiz zerurdyr. Bu ýazgylar ilki taryhda tapylan badyna alymlar olary birbada okamagyň hötdesinden gelip bilmeýärler. Köp tagallalardan soň onuň birinji nusgasyny ilkinji bolup 1893-nji ýylda Wilgelm Tomsen okaýar” diýip ýazýar. [20. 21 s.]
Alymyň işinden “Oguz-Orhon” ýazgylary hakda maglumat berýän ýerlerinden mysallara ýüzlenýäris: “Oguz-Orhon ýazgylaryna “Ongin ýazgysy”, “Kültegin hormatyna ýazgy”, “Bilge kagan hormatyna ýazgy”, “Tonýukuk hormatyna ýazgy” we “Kuly Çor” we “Moýun Çor” hormatyna ýazgy ýadygärlikleri girýär. Bu ýazgylara Orhon ýazgylary hem, oguz ýazgylary hem diýýärler. Biz bu sözüň ikisini bilelikde ulanyp, olara “Oguz-Orhon ýazgylary” diýip at berýäris” [20. 21 s.].
Soňra alym bu ýadygärlikleriň Orhon derýasynyň kenarlaryndan tapylandygy üçin Orhon ýazgylary, şol ýerler şol wagtlarda oguzlaryň ýaşaýan ýerleri bolanlygy sebäpli, oguz ýazgylary hem diýilýändigi barada düşündiriş berýär. Şeýle hem, bu ýazgylaryň esasynda oguz diliniň duranlygyny, galyberse-de, Türk kaganatyna kaganlyk eden patyşalaryň oguzlardan bolandygy barada aýdyp, şeýle ýagdaýlar sebäpli, oguz ýazgylary diýlenligi hakda durup geçýär. Özi hem işinde “Oguz-Orhon” ýazgylary diýip, bilelikde ulanjakdygyny aýdýar.
Soňra degerli mysallaryň üsti bilen bu ýazgylaryň esasynda oguz diliniň durýandygyny subut edýär, ol sözleriň arasynda häzirki dilimizde gabat gelýän sözleriň hem kändigini mysallar arkaly düşündirýär. Kültegin hormatyna ýazylan ýazgyda “Dokuz oguz begleri... ança biliň!” diýlip, şol durşuna gabat gelýändigini, arkyş sözüniň häzirki döwürde argyş manysynda duşýandygyny, başga-da köp sözleri degşirip, mysallar arkaly düşündirýär. Bu daşdan ýadygärliklere ýazylan ýazgylaryň oguzbegleri tarapyndan ýazdyrylandygyny mysallaryň üsti bilen berkidip, öz sözlerini subut edýär. Mysal üçin, “Moýun Çor hormatyna ýazgyny” Moýun Çoruň özi dirikä (751-ý.) ýazdyrandygyny, bu ýazgynyň prof. G.I.Ramsted tarapyndan açylandygyny, onuň 1909-njy ýylda muny çap etdirip çykarandygyny belleýär we bular barada giňişleýin düşündiriş berýär. Elbetde, bu hatlaryň belli bir bölekleri 1889-njy ýyllarda tapylýar.
Alym şu ýazgylaryň şol gadymky ýitirilen oguz elipbiýi bolaýmagynyň mümkindigi hakyndaky pikirlerini, çaklamalaryny delillendirip, gaýta-gaýta nygtaýar. Olary ýazdyran kaganlaryň oguz begleridigi baradaky çaklamalarynymysallaryň üsti bilen esaslandyrypdyr. Muňa eserde ýygy-ýygydan gabat gelýän “Dokuz oguz begleri!...” diýlen ýüzlenme sözleriniň hem şaýatlyk edýändiginiň üstünde aýratyn durup geçýär.Türkmen diliniň taryhyny öwrenmekde uly ähmiýeti bolan bu ýazgylaryň tekstlerini alym S.G. Malowyň “Памятники древнетюркской письменности” hem-de “Памятники древнетюркской письменности Монголии и Киргизии” atly kitaplaryndan alanlygy hakda maglumat berip, S.G.Malowyň terjime eden tekstleriniň ilki rusçasyny berip, ony hem türkmençä geçirip, her ýazgydan diýen ýaly mysallar getirip sözlerini delillendirýär. Kültegin hormatyna ýazylan ýazgynyň 22 we 23-nji böleklerinden alan, sözlerini düşündirip, şol bölekleriň galplaşdyrylmadyk terjimesini berýändigini aýdyp, şol bölegiň terjimesini ýerleşdirýär: ”Türk-oguz begleri, halky eşidiň! Beýik gök basaýmasa, aşakda ýer ýarylaýmasa, türk halkynyň ilini, döwletini, düzgünini kim ýok edip bilerdi,... Bir ýerden ýaragly adamlar gelip, seni dargatdymy näme? Bir ýerden naýzaly adamlar gelip, seni alyp gitdimi näme? Mukaddes Ötüken ýyşyndan, eý, halk, sen özüň gitdiň!” [20. 15 s.]
Bu mysal alnan böleklerde Malowyň ony birneme ýalňyş berendigini, ol ýüzlenmäni türke hem oguza ýüzlenen ýaly terjime edendigini, hakykatda bolsa, dokuz oguz beglerine ýüzlendirilendigini deliller bilen subut edýär. Ýazgyda “Türk oguz begleri!” diýilýändigini, Malowyň bolsa “Тюркские и огузские” diýip, alandygyny deliller bilen düşündirip, şu ýazgylary türkmen edebiýatynyň ilkinji nusgalary hökmünde tanyşdyrýar. Bu alymyň bitiren ägirt uly işlerinden biridir.
Elbetde, bu ylmy işi ýazmak üçin alym erjellik bilen zähmet çekipdir, kän-kän edebiýatlary dörüpdir. Muňa şu iş bilen tanşylanda, aýdyň göz ýetirmek bolýar.Eger-de halypa alym Rahman Rejebowyň şeýle tutanýerli, erjel zähmeti bolmadyk bolsa, bu günki günde biz bu gymmatly maglumatlary öz ene dilimizde arkaýyn öwrenip bilmezdik.
Ol kaganlar özleri hem-de özlerinden öňki ata-babalary bolan kaganlar baradaky taryh üçin gymmatly ýazgylary daşlara ýazdyryp, bu ýazgylaryň geljekki nesillere ýetmeginiň aladasyny edipdirler. Muňa şol taryhy, daşa ýazylan ýazgylar tapylyp, alymlar tarapyndan “Dokuz oguz begleri!” diýlen ýüzlenmeler okalyp, many-mazmuny bilen tanşylandan soňra, has anyk göz ýetirilýär. Görnükli alym Rahman Rejebow Bu döwletiň araçäkleri barada şeýle pikir ýöredýär: “Türk kaganatynyň araçäkleri Ýuwaş okeanyndan başlap, tä Kaspi deňzine çenli bolan topragy we halklary öz içine alýar. Ol Hytaý, Eýran, Wizanyiýa döwletleriniň gapdalyndan berk bir döwlet bolup ýetişýär” [20. 9 s.].
Görnükli alymyň “Gadym türkmen edebiýaty” atly gymmatly kitabynda ýerleşdiren ylmy-barlag işiniň biri hem “Gorkut ata we onuň “Kitaby dädem Gorkut” eseridir. Halypa alym bu işinde Gorkut atanyň türkmeniň parasatly ýaşulusydygyny hem-de paýhasly döwlet işgäridigini, bu oguz türkmenleriniň taryhyny beýan edýän kitaby hem özüniň ýazandygyny, bu kitabyň oguz türkmenleriniň şol irki asyrlardaky ýaşaýyş-durmuşynyň çeper beýanydygyny subut edýär. Pikirleriniň barysyny alym degerli taryhy ýazgylardan mysallar alyp delillendirýär. Ylymda delil gerek, alym erjellik bilen zähmet çekip, şol delilleri hem tapýar.
Pahman aganyň ýazgylaryndan mysallara ýüzlenýäris: “Gorkut atanyň asyl ady Gorkut bolupdyr. Oňa lakam hökmünde “ata” we ‘dede” sözleri soň goşulypdyr. “ata” lakamy esasy we baş lakamydyr. Sebäbi Gorkut hakynda esasy maglumat berýän Abulgazynyň “Şejerei terakime” kitabynda, Gorkut atanyň öz “Däde Gorkut” atly kitabynda, Alyşir Nowaýynyň “Nesaýymul muhabbet” atly tezkiresinde Gorkut “Gorkut ata” diýlip atlandyrylýar. “Däde” sözi diňe bir boýuň soňunda agzalýar. Emma türkmen halkynyň arasynda şu lakamlaryň ikisi-de ýörgünlidir. Gorkut atanyň kakasynyň ady Gara hojadyr”[20. 95 s.].
Ylmy işde çuňňur barlag edilip, netijeler çykarylan beýle maglumatlar kän. Alym Gorkut atanyň Maryda doglandygyny, uzak ýaşandygyny taryhy maglumatlara salgylanyp düşündirýär. Soňra alym belli alymlar A.Ý.Ýakubowskiniň, Ý.E.Bertelsiň we beýleki köp sanly alymlaryň işlerine, her hili ensiklopedik maglumatlara daýanyp, oguzlaryň türkmenlerdigini delillendirýän ýazgylary okyjylara ýetirýär.
Gysga makalada R.Rejebowyň çeken zähmetiniň miweleri hakda gürrüň uzaltmak mümkin däl. Emma esasy agzap geçmeli ruhy gymmatlyklardan Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany –lugaty – et – türk” sözlügindäki şygyr bölekleri, atalar sözi we nakyllar”, “Oguznama” eseri baradaky ylmy-barlaglary hakda gysgaça-da bolsa durup geçmek derwaýysdyr. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi barada gürrüň edeninde, Rahman aga ýene-de oguzlaryň türkmenlerdigi baradaky meseläniň üstünde durup geçýär. Bir kiçijik bölegini mysal alalyň: “.... Mahmyt Kaşgary sözlükdäki sözleriň we koşyklaryň bäş halka degişlidigini, bäş ýurtdan ol sözleri we kapyýalaryýygnandygyny, şolaryň biriniň türkmen-oguzdygyny görkezýär. Gyzykly zat bu ýerde Mahmyt Kaşgarly “türk, çigil, ýagma,gyrgyz” sözleriniň arasynda “we” baglaýjysyny ulanýar, emma türkmen-oguz sözüniň arasynda şol baglaýjyny ulanman, olary bir söz hökmünde görkezýär[20. 192-193 s.].
Näme üçin, bu eseri türkmen edebiýatynyň hataryna goşýandygyny tapan delillerini yzly-yzyna getirip,subut edýär. Türkmen-oguz sözleriniň bu sözlükde esasy orny eýeleýändigini, sözlügiň içinden eriş-argaç bolup geçýändigini gaýta-gaýta nygtaýar.Oguz sözüniň gaýtalanmaýan sahypasynyň örän az duşýandygyny, käbir sahypalarda ”Bu söz oguz sözüdir, bu söz oguzlara düşnükli däldir” diýen ýaly sözleriň ýygy-ýygydan gaýtalanyp durandygyny öwran-öwran bellemek bilen şu sözlügi ХI asyr türkmen edebiýatynyň hataryna goşýandygyny delillendirýär. Alym her bir setiri örän inçeden yzarlaýar, her bir sözden many gözleýär, şony tapýaram, has dogrusy, türkmen halkynyň parasatly sözlerinde aýdylyşy ýaly “iňňe bilen guýy gazýar”. Soňra alym bu eserde gabat gelýän goşgy setirlerinden mysallar getirip, olary düşnükli dilde okyjylara ýetirýär. Ine, bir mysal:
Körklük tonug özünke,
Tatlyg aşyg azynka,
Tutgul konuk agyrlyg,
Ýazsyn çawuň budunga
diýen setirleriň manysyny şeýle düşündirýär: Görkli donuňy özüň üçin sakla, datly tagamy, aşyňy başgalara-da dadyr. Myhmany agyrla, hormatla, goý, ol seniň şöhratyňy ile ýaýratsyn” [20. 191 s.].
Bu ýerde görüp geçişimiz ýaly, ses üýtgeşmeleri bolaýmasa, esasan, häzirki günlerde ulanylýan türkmen sözleridigine, üns bilen okasaň göz ýetirmek bolýar. “Görkli, don, özüňe, datly aş, tutmak, agyrlamak, “çaw, konuk” sözleri hem gadymy türki sözler. Bu sözler şu gün hem ýaşuly nesillerimiziň dilinde, ýerli gepleşiklerde ulanylýan sözlerdir. “Gonak, çaw” sözleri häzir hem ulanylýar. Bu sözler nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň şygyrlarynda örän kän gabat gelýär.
Ylmy işde ilkinji goşuklardan, nakyllardan mysallar getirilip, düşündiriş berilýär. Şol nakyllardan şu günki günde hem şol durşuna ulanylýanlary-da gabat gelýär, mysal üçin: “Alymçy – arslan, berimçi – syçgan” – “algyly – arslan, bergili – syçan” görnüşinde bu nakyl häzirki günlerde hem gabat gelýär. Alym şular ýaly ýagdaýlary mysallar arkaly delillendirip, Mahmyt Kaşgarlynyň bu sözlügini hem türkmen edebiýatynyň hataryna goşýar, elbetde, ol sözlügiň başga halklaryň – oguzlardan başga-da dört milletiň arasyndan toplanan sözlerdigini inkär edenok, olary aýyl-saýyl edip, gadymy türkmen sözlerini düşündirýär. Bu iş biz alymlar üçin gymmatly bolşy ýaly, gyzyklanýan okyjylar üçin hem gymmatlydyr.
Görnükli alym Rahman Rejebow oguzlaryň durmuşynyň belli-belli pursatlaryndan, olaryň ýörişlerinden habar berýän “Oguznama” eserini ХII asyr türkmen edebiýatynyň nusgalary hasaplaýar we bu eser barada gysgaça gürrüň berýär, şol gysgaça söhbetde-de taryhy maglumatlar, rowaýata öwrülip giden gürrüňler bilen tanyşdyrmagyň hötdesinden gelýär.
Görüp otursak, meşhur edebiýatçy alym Rahman Rejebow gadymdan gelýän mirasymyzy öwrenmekde ägirt uly işler bitiren eken. Biziň agzap geçen maglumatlarymyz onuň alyp baran ylmy barlaglarynyň diňe bir ülüşi. Şu günki günde şu ajaýyp ylmy işler, terjimeler bilen tanyş bolanymyzda, alymyň zähmetiň ajaýyp nusgalaryny görkezip, bize uly miras goýup gidenligine göz ýetirdik.
Şu günki günde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlykdöwründe Hormatly Arkadag Prezidentimiziň halkyň gadymdan gelýän milli mirasyna artykmaç üns berip, her bir nusgasyna sarpa bilen çemeleşýän döwründe Rahman Rejebow bolan bolsa, gör, neneňsi işler bitirerdi. Onuň çylşyrymly ýagdaýlarda türkmen halkynyň öňündäki mirasy öwrenmekdäki hyzmatlaryny sanap gutarar ýaly däl. Şeýle alymlarymyzyň bolandygyna her bir türkmen buýsanmalydyr, guwanmalydyr. Beýle adamlar ýatdan çykarylmaýar. “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” diýýändir türkmen.
Belli alym Rahman Rejepowyň zähmetsöýerligi, işine şeýle yhlaslylygy, ylma teşneligi şu günki günde ýaş alymlara görelde mekdebi bolup hyzmat edip biler, şol wagtlarda-da biziň döwürdeş alymlarymyza nusga bolup hyzmat edipdi. Danalaryň aýdyşy ýaly, Allatagala “Baýlygy islänime bererin, ylmy – yhlas edene” diýermiş. Dana pederlerimiz hem “Yhlasa – myrat”, “Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar” diýipdirler. Şu günki bagtyýarlyk döwrümiziň ýaş alymlary yhlas bilen zähmet çekmegi Rahman aganyň işlerini okap öwrenseler, olar ylmyň şaýollaryna düşüp, arkaýyn ädimläp, ajaýyp işler bitirip bilerler. Çünki, hormatly Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk döwründe olaryň öňünde ylmyň ak ýollary açyk, biziň mähriban Watanymyzda mirasa çuňňur sarpa goýulýar, geçmiş mirasymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň ajaýyp nusgalary halka ýetirilip dur. Halka ýetirilmesi kyn bolan gymmatlyklary, olar baradaky ylmy seljermeleri hem Rahman aga ýaly halypalar bize elýeterli etmegiň belent nusgalaryny görkezip, bize öwrenmäge mümkinçilikler döredip, alkyş eýesi boldular.
Eger-de halypa alym hormatly Ýurt baştutanymyzyň milli mirasymyzyň ajaýyp eserlerini halka ýetirmek üçin edýän taýsyz tagallalarynyň durmuşa geçirilýän Berkarar döwletimiziň bagtyýaryk döwründe ýaşan bolsa, gör, neneňsi guwanardy, zähmetiň ajaýyp nusgalaryny görkezerdi.
■ Edebiýatlar:
1. Berdimuhamedow G. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. t.7, A.: 2014
2. Berdimuhamedow G. Ösüşiň täze belentliklerine tarap. Saýlanan eserler. t.8, A.: 2015
3. Berdimuhamedow G. Medeniýet halkyň kalbydyr. A.: 2014
4. Berdimuhamedow G. Türkmen medeniýeti. A. : 2015
5. Berdimuhamedow G. Ile döwlet geler bolsa... A.: 2015
14. Ulugzade S. Ýaşlygymyzyň säheri. A.: 1960
15. Fizuly Muhammet Süleýman ogly. Leýli-Mežnun. A.:1963
16. Nowaýy Alyşir Nyzametdin. Perhat-Şirin. A.: 1965
17. Edebiýat ylmyna degişli terminleriň sözlügi. A.:1966
18. Liriki mazmun we şygyr sungaty. A.:1968
19. Omar Haýýam. Rubagylar. A.: 1977
20. Gadym türkmen edebiýaty (VIII-ХII asyrlar). A.:1991
22. Abulgazy. Şejereýi terakime”. A.: 1992
23. ХVIII-ХIХ asyrlar türkmen edebiýatynyň döredijilik stili. 1995.
Gurbanjemal YLÝASOWA,
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň
esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Edebi makalalar