14:04 Hamd ede | |
HAMD EDE
Goşgular
Serim, köňlüm sadaga, Möwlam Haka gardaşym, Kelamyndan bar eden, bir Allany hamd ede. Bu dünýäniň baýlygy, altyn, zeri, ser hoşam, Watanyňdyr! Il-günüň kalyplarda bent ede. Watan seniň Ataňdyr hem Eneňdir gardaşym, Topragyndan alynan gumy seni bende ede. Allaň ýalkan milleti! Bu toprak jennet hoşym, Nazaryňdan goýmaber, özüň gora pent ede. Türkmen, il-gün, milletim kalbymda köňül hoşym, Döwrüň ajap lideri barça gowulyk bent ede. Parahatlyk nygmaty, şükür hamdu iç-daşym, Asuda asman, zemin, saçak nany gund ede. Halk, Watandyr şygary gör zamany gardaşym, Sansyz bina bar etdi, ajap döwri munda ede. Halka yhlas mydary çäksiz Arkadag başym, Arkadagly Serdary dogalarda hamd ede. Ýurduň her bir başynda azan çekiler gardaşym, Hak imanly patyşa Alla söýmek emir ede. Öwülmäge mynasyp, goldamak parz her başym, Ýurt ilimiň lideri bir halk millet bent ede. Göz gezdiriň daş-aşa, ýokdur munça gardaşym, Halallykdyr, päklikdir syýasatyn pent ede. Halmyratnyň ygrary Watan halkym ser başym, Döwrüň ajap liderin, waspym Hakdan ant ede. 13.12.2023 ýyl. | |
|
√ Belki, gelersiň / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Gýoteden goşgular / Goşgular - 05.10.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Söýgime ynanyň / Goşgular - 16.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |