HARAP BOLAN HAZYNA
Ene goýun öňem kän guzlapdy.
Ýöne bu gezek öň etmedik işini etdi. Ýaňyja doglan guzusyny agzyna alyp agylyň bir künjüne eltdi. Bu eden işine özem oňly düşünenokdy. Sowuk howada bugaryp duran guzujygyna howatyrly seredýän ene goýun çürrelip giden toýnaklary bilen agylyň dersli topragyny peşäp ugrady.
Bu görünşe geň galyp seredip duran Dursunbaý pälwan:
-Garabagyr öz balasyny gömäýjekmikä?-diýip, gür gaşlaryny çytdy.
Aýaz güýjeýärdi, howa barha garalýardy.
***
Dosty Aman pälwanyň tutan toýuna üç gün ýatymlyk gidip, başyndan-aýagyna märekä beýemçilik eden Dursunbaý pälwan ahyr öýüne dolandy. El-aýagyny ýuwup ýaňy bir içeri girdim diýende daşardan “düýdüldi” eşidildi.
Aýagulagyň artgülberini açyp, aýagy güýlünmedik dowary düşürmäge hyýallanyp duran egni güpbüli ýaş ýigit:
-Pälwan aga, toý serpaýyňy alman gaýdyberipsiň-ä?!-diýip ýylgyrdy.
Aýagulagdan ýere düşürilen arryk goýuna biperwaý sereden Dursunbaý pälwan:
-Amanam bir töwra adam-diýip başyny ýaýkady.
Dowardan üstüne ýokan gyl-gyşlary kakyşdyryp, aýagulagyna atlanan ýaş ýigit Aman pälwanyň aýdanlaryny dostuna ýetirdi.
-Aman pälwan şu goýny pälwan aga ýörite eltip gaýt diýdi. Şu janawara pälwandan gaýry garaşyk etjek ýokdur diýip tabşyrdy.
Aýgulagyň eýesi arkany görkezýän aýnadan yzyndan garap duran ýaşulyny ýene bir ýola synlady, Aman pälwanyň : “Dursunbaý köňli hazyna ýaly adamdyr” diýen sözlerini ýatlady.
Daşlaşyp barýan aýagulagyň yzyndan garaş durşuna ol bir zatlary ýadyna saljak boldy.
***
Täze doglan guzujyk agylyň ygaşynda bir gysym bolup ýatyrdy. Ters tarapdan öwüsýänaýazly şemal guzujygyň öl endamyna degende onuň derisi garamtyl goňurdan elwan gyzyla öwrülýärdi. Misli üýşmek küle ýel degende astyndaky közleriň gyzaryşy ýaly guzujygyň buýralary ýagtylýardy.
Öýle namazyny okap daşary çykan Dursunbaý pälwan agylyň düýbünde guzusyny ýalap duran goýny görüp: “-Hä-äk, meni ahmallap, eýýäm guzlap ýetişipdir-ow”- diýip, hyrçyny dişledi.-“Üşetmedik bolsa-da biridir”.
Guzujygy dünýä getirip, mejaly gaçan arryk goýun başyny galdyryp, garşysynda duran pyýadany görüp, birden mäläp goýberdi.
Dursunbaý pälwan ene goýnuň özüne mölerip seredip durşuny geň gördi. “Dogumdan soň janawar ýeldirgän ýaly bolaýypdyr öýdýän.”
Biynjalyk bolup duran goýun birden guzusynyň ýagyrnysyndan agyz salyp, çalasynlyk bilen ýerden göterdi. Guzusyny agzynda göterip, agylyň çola künjüne ugran goýny pälwana ganjyklaryň öz güjüklerini agzyna alyp täze ýere göçürişlerini ýatlatdy.
***
Giň howla süýnüp-sarkyp giren ak reňkli aýagulag Dursunbaý pälwanyň deňinde saklandy. “Gadym guma ot çekýän 52 maşynlardan-a kiçi däl şü” diýip oýlandy.-“Hä-ä, Jiýp diýýänleridir bi”. Aýagulagdan düşen tegelek ýüzli, kelteräk kişi öý eýesi bilen elleşip görüşdi.
-Pälwan aga, salawmaleýkim!
-Waleýkimessalam! Gurgunçylykmy, bally, öý-içerilerem saglykmy!
Dursunbaý pälwan geleniň ýüzüine siňňin seretse-de tanap bilmedi. Gara gadyr hal-ahwal soraşan myhman mürähede ýakyn eken, aýdylyp-aýdylmanka içeri girdi. Myhman otagynda dyz epilen dessine beýleki otagdan guzujygyň mäleýän sesi eşidildi. Myhman gelen kişä hem bu gep açmaga bahana boldy. Çöpden-çörden, maldan-garadan gep açyldy gitdi. Bir käse hem çaý içmän çäýnegi sowadan myhman matlabyny beýan etdi:
-Şol täsin baganalyja guzujygy satyn alaýjak. Dursunbaý pälwan: “-Hä-k, dogurlan entägem” diýip içini gepletdi.”-Häli gelip oturyp-oturmankaň içiňdäki gumalagyňy sanadym”.
-Pälwan aga,-diýip myhman dowam etdi.- Pula satylýan bolsa maňa beriň, agramyna deň pul ölçäp bereýin!
Dursunbaý pälwan gyrçuw sakally eňegini dyrmap:
-Pula berilmeýän bolsa nä?-diýip myhmana yzgytsyz garady.
-Pula berilmeýän bolsa-da…-diýip tegelek ýüzli kişi Dursunbaý pälwanyň ýüzüne garady.-Nämä berilýän bolsa, satyn aljak.
***
Mäläp duransoň ene goýny hem jaýa geçirmeli boldy. Guzusynyň ýyly otagda öň aýaklaryny jüpläp, birenaýy bolup ýatyşyny görensoň ynjaldy.
Dursunbaý pälwan ojagyň gap böwründe çaý içip otyrşyna guzuly-goýna garady. Olaryň parahat ýatyşlary Dursunbaý pälwanyň kalbyna rahatlyk berýärdi.
Guzujyk ýeňillik bilen ýerinden turýar, hezil edip gerinýär.
“Beh-h, janym Allam, seniň her bir işiň gudrat-ow, bi janawar otyrka bir dürli öwüsýär, ýerinden tursa ýene bir dürli öwşün atýar. Älemiň ýüzünde her kysym geň-üýtgeşik zatlar ýaradypsyň. Bularyň baryny gudratyň bilen edýäniňe ynanýan, ýöne düşünip bilemok, bu janawara eçilen gözelligiňi ýene özüniň başyna bela edip inderipsiň-dä, jan Allam?!”
***
-Däde, men-ä seniň ýanyňa hyzmatlyja geldim!
Dursunbaý pälwan öňüne üýşürilgi garpyz paçaklaryny dograp oturyşyna:
-Hä, bolýa, Rüstembaý, aýdyber oglum!-diýdi-Uly iliň hyzmatyny edip ýörüs, senem aýt bakaly.
Howada giçki güýzüň ter, suwly garpyzlarynyň ysy bark urýardy. Rüstembaý: “Dädem kinaýalap gep oklamasyny goýjak däl-ow” diýip içini gepletdi. Nämeden başlajagyny bilmän ýaýdandy.
-Neme, däde… Şü garry goýnuň guzusy…
Dursunbaý pälwanyň kesgin sesi oglunyň zähresini ýardy.
-Garry goýnuň guzusy bilen işiň bolmasyn!
Rüstembaýyň göwnüne garpyz ysly howa kül sepilen ýaly boldy.
-Däde, bir ýaşuly köp pul tölejek diýýä.-Rüstembaý kakasynyň ýüzüne garap bilmän dursa-da sözüni dowam etdi.-Onsaňam, özüň bilýäň agtyjagyň ýarawsyz, zol-zol keselhana gatnaýas, çykdajy bolup dur.
-Ýalan sözleme, oglum! Ýarawsyz çagalara höküwmet gaty oňat kömek edýär.
Rüstembaý ýene bir zat diýmäge hyýallandy, emma kakasynyň gahardan lowurdaýan göreçlerine gözi düşende geplemegi goýbolsun etdi.
Dursunbaý pälwan:
-Sen çagaň syrkawlygy üçin nähili alada edýäň, an-ha şol janawar goýun näme, onuň garabagry elinden gitjek bolup dur, özem şony duýup dur.-diýdi.-Sebäbi seniň ýaly daşbagyr adamlar öňem näçe gezek onuň guzujygyny gözüniň alnynda alyp gidip, hol beýleräkde soýupdyrlar. Her gezek entek ene süýdündenem bir doýa garna ganyp ýetişmedik guzujygyny…
Dursunbaý pälwanyň sesi ýarçyk açdy, gözüniň ýaşyny gizläp beýlesine öwrüldi.
Pälwan kakasynyň beýle ejizlänini öň bir gezek hem görmedik Rüstembaý gyssanmaç öýden çykmak bilen boldy.
***
Güýzüň soňky aýydygyna garamazdan ir säherden howa maýlap gitdi. Ot-çöpleriň üstünde bulduraşyp duran çyglar güneş nuruna birenaýy görünýärdi. Dursunbaý pälwan sur guzuly goýnuny örä alyp çykypdy. Guzynyň dünýä geleli bäri bir hepdeden geçipdi. Indi guzujygyň sur baganasy ýiteňkirläpdi. Buýralary başgaçady. Guzujygyň az möhlet dowam edýän sur döwri ötüpdi. Indi ony soýup, derisini alanyňdan peýda ýokdy.
Giçki güýzüň aýazyna solan ot-çöplerden gyraw ysy bark urýar.
Dursunbaý pälwan guzuly-goýna syn salyp agylyň güneýinde güneşläp otyr. Dünýä ime-salalyk.
Uzakdan ýeňil aýagulag göründi.
Golaý gelende ony tanady “Rüstembaý ýalyla”
Rüstembaý gelini oguljygy bilen aýagulagdan düşdüler. Agtyjagy atasyna tarap ylgap gaýtdy. Rüstembaý aýagulagyň gapdalynda gelini bilen aňyrrakda otlap ýören guzuly-goýuna aňedip bir zat bir zat diýýär. O “Giden hazyna harap bolup gitdi-dä” diýen sözleri üzüleň sapalaň eşidilýär.
Bu sözler guzuly goýun üçinem Dursunbaý pälwan üçinem gerekmejek gepler. Guzuly goýun peýwagtyna otlap ýör, pälwanyň köňli rahat.
***
Ene goýun şondan soň guzlamady.
10-12-iýul, 2017 ý
Daşoguz -Garagaç obasy.
Hekaýalar