05:00 Hasabyñ ýapylýan ýeri / hekaýa | |
HASABYÑ ÝAPYLÝAN ÝERI
Hekaýalar
Alma daýza köçämizde iň salykatly aýal. Gyzyny gowy görýänim üçin däl, halysalla aýdýan, ol altyn kalply aýal. Altyn kalply aýal diýenimde, Gymmat gyzylçy diýen bir şermende ýadyma düşýär. Özem heleýleriň jüwlügi diýýärler oňa. Altyn-kümüş satýar, iki sözüniň biri elimem, ýüregimem altyn ýaly arassa. Şuňa meňzeş gepler bilen agzynda aş gatyklap adamlary ynandyrjak bolýar. Emma kim ynanýar oňa, baryp ýatan ýakasy gaýyşly maşennik ahyr ol Gymmat gyzylçy. Ana şolGymmat gyzylçy bir gezek Alma daýza bilen gykylyk etdi. Gykylygyň sebäbem gyzyl satýan o kezzap Alma daýz:a arassa altyn diýip, ýasamasyny sokupdyr. Soňam ýasamalygy bilnenden soň edýär gykylygy, urýar şerraýlygy. Garaz balagyny eline alyp, bolmajysy bolýar. Hullasy Gymmat gyzylçy ýasama gyzylyny yzyna almaýar. Şermendelik edip Alma daýz:a ite diýmezini diýýär. Iň ahyrynda hem “Eý heleý, ýum agzyňy sen idili bolanyňda ahyr ýaşynda gaýneneňi köçä zyňmazdyň” diýip, Alma daýzany masgara edýär. Alma daýza şondan soň Gymmat gyzylça hiç zat diýip bilmän, aglap öýüne girip gidipdir. Öýe gelemsoň ejemden bu hakda soranymda, olbelli bir jogap berip bilmän, bir zady ýadyna saljak bolýan ýaly geplemän uzak oturdy. Ejemiň birhili dymyp oturşyndan howatyrlandym. Göwnüme ejemem gowy görýän gyzymyň ejesi hakda “Alma agajyndan uzaga gaçmaz, oglum” diýäýjek ýaly boldy durdy. Men ejemden çintgäp sorap oturmagy birhili gördüm. Onsaňam işlerim gyssagly. Birigün boş wagtym soraryn. *** Alma daýzanyň bir jorasy bar. Alma daýzanyň atdaşy, has anygy atdaşyrak. Onuň ady Almagül. Ýöne ikisine hem obada Alma diýýärler. Jerenimiň ejesine garanda Alma daýza has alçak.Uly bilen uly, kiçi bilen kiçi ýaly derrew gepi alyşyp gidiberýär. Bir zat gürrüň berip başlasa sözüni bölüp bilmersiň. Agzyndan bal damýan ýalydyr. Geçenden, geljekden gürrüň berer, emma gyşyk gep sözlemez, gaty gönümel aýal. Gowy gabat geldi bu gün. Has dogrusy ýedi ýoluň üstünde epgek-yssa galyp, kösenip dur eken. Maşyny sakga duruzdym. Pahyryň haly ýok, maňlaýyndan der derýa bolup syrygýar. Ylla marafon ylgaşmasyndan ýaňyja gelen ýaly. Has-has edip, ýüzüme garap dur. Özüm maşyndan düşüp, goşlaryny bagaža ýerleşdirdim. Soň maşyna münmäge kömekleşip, bir owurt suw dagy hödür eden boldum. Suwly baklažkany eline alyp, ýüzüme garap oturşyna: - Häzir myň gapagynam açmaýyn, oglum – diýdi. – Gapagynam açmaýyn, bir gultum-da içmäýin. Gaty gyzyp durun, içdigim merk bolar. Ýola düşdük, barmaly ýeriňize elterin diýdim. Gürrüňden gürrüň çykaryp barýan. Dile geldi-bile geldi edip, bir zat sorasymam gelýär. Alma daýzanyň öz derdi depesinden aşýan bolarly, ýolboýy derdinip geldi. “ Bi ogluň-gyzyň agzy gowşak bolsa, ene-atasy azara galar eken, haçana çen men şeýdip gelnimiň-oglumyň yzynda iki jan owarra bolup ýörmelikäm janlarym” diýip tutdurdy tükezzibana. Alaç ýok, diňlän bolup barýan. Ondan sorasym gelýän zady bir oňaýyna ýanap sorasym gelýä, hiç bolanok. Ahyr barmaly ýerimize golaýlaşdyk. Alma daýza hem birdem geplemesini goýdy. - Alma ejeke, şu sizden sorajak bolup ýördüm, hiç ugruny tapamokdym, aý neme onsaňam soramagam geşiksizem görüp durun. - Bir başladyň, aýt indi – diýip, Alma daýza elindäki baklažkadan bir owurtlady. Men maşynymy haýalladyp barşyma: - Şu atdaşyňyz bar-a, Alma daýza, ana şol hakda soraýjakdym. Ýaş gelin wagty gaýnenesi bilen oňuşmandyr diýýärler?!. Alma daýza atdaşy barada gepläp ugranymdan birhili gaşlaryny bürüşdirip başlapdy. - Saňa bir zat aýdaýyn, ogul -diýip, Alma daýza birden gepläp ugrady welin, maşynymy sakga duruzypdyryn. – Eşidip ýörün, Almanyň gyzy bilen halaşýarmyşyň. Onsaň “Enesini görde gyzyny al...” diýen bolup saňa-da gep berýänem az däldir. Indi senem bir wagt gaýnenesini köçe zyňan aýalyň gyzyna öýlensem, onuň gyzam meň ejemi köçä zyňjak bolup durmasyn diýip gorkaýdyňmy? Meň Alma daýzanyň gep urşundan howum basyldy gerek: -Aý ýok-la, ondan däl-de, ýöne ... -Ýönesi bolmaz onuň -diýip, Alma daýza sözümi kesdi. – Men saňa bir dogry gepi aýdaýynmy? Ikimiz atdaşam bolsak, oňa Alma gyzyl diýýärler, maňa-da Alma däli. Ol-a gyzyl ýaly aýal bolany üçin Alma gyzyl lakamy berlen, maňa-da dogry gelse-de, dogry gelmese-de dogrusyny aýdanym üçin Alma däli lakamyny ýelmediler. Ine, häzirem saňa bir dogry gep aýdaýyn, Alma gyzylyň ýaş gelin wagty gaýnenesini öýünden çykaryp kowany anyk. Ýöne onuň gaýnenesi hakda menden sora. - Ýaman aýaldymy – diýip, soranymy özümem duýman galypdyryn. Alma daýza maşynymyň salonynda oturan ýerinde arkany görkezýän aýnadan gözlerime seredip: -Itiň alnyna gelen, gurduňam alnyna geler diýen nakyly eşidip gördüňmi, oglum -diýdi. – Alma gyzylyň gaýnenesem ýaş wagty, ho-ol gadymky ellinji ýyllarda öz gaýnenesini köçä çykaryp zyňan eken. Bu aýdyp duranymam gybaty däl sypaty. Aňkam aşan ýaly aňalyp, agzymy açyp galypdyryn. Alma däli bolsa hälem maşynymdan düşmän, sakyrdap, ýürege düşüp otyrdy: - Almanyň gaýnenesi ýaş gelin wagty öz gaýnyny köçä zyňanda oňa gardaşlary gelip eýe çykypdyr, emma o şortumşygy Alma öýden kowanda hiç kim hossar çykmandy, diňe höküwmediň garrylar öýi eýe çykypdyr. *** Alma daýza baradaky maňa soňky günler rahatlyk bermeýänsowallaryň jogabyny jorasynyň agzyndan eşidip serpmeden gaýdan ýaly boldum. Ýöne biraz kalbym rahatlady. Ajy kofe biraz aňy durlaýan eken. Has dogrusy aýdylan ajy hakykatdan soň. Menem mantykly pikirlenip ugradym. Alma daýzanyň gaýnenesi öz gaýnenesini bir wagt köçä zyňypdyr. Soň bir gün gelip, gaýnenesini köçä zyňan aýaly öz gelni hem şeýdipdir. Bolany. Hasap ýapyldy, deňme-deň. Ondan soňky zatlar bize degişli däl. O wakalar bolan wagty Jerenem ýok, menem, umuman bize dahylly däl bu hasaplar. Indi diňe ýakymly zatlar hakda oýlanasym gelýär. Jeren ejesine gowy görýän oglany hakda, ýagny men hakda gürrüň beripdir. Ejemiň lukmandygyny aýdypdyr.Körpe inim bilen ejemiň elinde ösüp-ulalandygymyzy aýdanynda Alma daýzanyň gözlerine ýaş gelip, gynanmak gynanypdyr. Men Jerene bir kijijik gyz jigimiziň 4-5 ýaşynda keselläp ýogalandygyny, şondan bäri ejem janyň hemişe ýüreginiň ýaralydygyny hem gürrüň beripdim.Ejem jan hemişe wah, birje gyzjagazym bolaýsady diýip, arzuw-arman edip ýörendir. Alma daýza gyzyna “Nesip bolsa sen gaýneneň hem gelni, hem gyzy ýaly bolgun” diýip aýdypdyr. Hemem ýene Alma daýza gyzyna “Eger gaýneneňi ynjytsaň, men senden razy däldirin” diýip, öwran-öwran aýdanmyşyn. Muny maňa Jereniň özi aýtdy. Sylapberdi MUHAMOW, 15.12.2023. Daşoguz, Garagaç. | |
|
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||