17:51 Haýsy döwlet? | |
HAÝSY DÖWLET?
Publisistika
Akyldarlar ençeme asyrlap “döwlet näme?” diýen soragyñ jogabyny gözlediler. Eflatun, Aristotel, Siseron, Awgustinus, Foma Akwinskiý, Makiawelli, Žan Boden, Monteskýu, Žan Žak Russo, Gegel, Marks dagylar hersi aýry-aýry döwlet kesgitlemesini berdiler… Tomas Gobbsyñ pikiriçe, döwlet bolmasa adamlar biri-birini eksplutatirlärdiler, ezerdiler, gul-gyrnaga öwrerdiler… Gobbs "parlamentarlar" bilen "korollygyñ" tarapdarlaryñ arasynda bolup geçen iñlis raýatlyk urşunyñ soñky ýyllarynda - 1651-nji ýylda ýazan “Leviathan” eserinde şuña ünsi çekdi: “ - Ilkibaşda biz-adamlaryñ hak-hukuklaryny we azatlygyny goramak üçin dörän döwlet ösdi, ulaldy. Şahsy goramak üçin döredilen döwlet şahslaryñ üstünlik tiranlyk gurmaga başlady. Göýä "ynsanperwer döwlete" wekilçilik edýän patyşalaryñ, imperatorlaryñ, soltanlaryñ zulmy astynda adamlar ezildi. Ýaşamaga bolan hukuk, mülk edinmäge bolan hukuk, şahsy azatlyklar püçege çykaryldy. Asyrlar "despotik döwletiñ" guýrugyny göterip geldi… Netijede ykdysadyýetde meseleler ýüze çykmaga başlady. Isripçilik we urdumşalyklar köpeldi. Döwlet asyl barlyk sebäbini unutdy. Hem-de döwlet sosial peýdasyndan sosial çykdajysy bolan bir gurama öwrüldi…” Iñlis monarhiýasynyñ “Leviathan” kitabyny derñäp başlamagy bilen Gobbs howatyrlanma duýan ýazgylaryny ýakdy! Gobbsy ýatlatmagymyñ sebäbi bar: ■ GÜÝÇ SIZI HAKLY EDIP BILMEZ MIT üniwersitetinden professor Daron Ajemogly… Çikago üniwersitetinden professor Jeýms A.Robinzon… “Uluslaryñ çöküşi” kitabyny 2013-nji ýylda ýazdylar. Awtorlar “käbir ýurtlar baýka, käbirleri näme üçin garyp” diýen soragyñ jogabyny tapmak üçin okyjysyny taryhy ýolagçylyga çykardy. (Daron Ajemogly Abdylla Gülüñ elinden şol ýyl Prezidentiñ Medeniýet we sungat boýunça baş baýragyny alypdy.) Ajemogly we Robinzon 2019-njy ýylda döwletleriñ, jemgyýetleriñ we azatlygyñ gelejeginden söz açýan “Dar koridor” kitabyny neşir etdirdiler. Olar “döwlet” boýunça Gobbsyñ pikirinden tapawutlanýan pikirlerini şeýle ýazdylar: “ - Turuwbaşdan döwletsiz jemgyýetlerem, eden-etdiligi gözegçilik astyna almaga we gapma-garşylyklary çäklendirmäge ukyply bolup bilerler. Emma bu ýagdaýyñ erkinlige o diýen bir peýdasy ýok. Gobbsyñ beýleki bir kemçiligi döwletleriñ üpjün etmeli erkinligi babatda aşa hoşniýetli bolmagydyr... Güýç sizi hakly edip bilmez we güýç hiç bir ýagdaýda erkinligi getirip bilmez.” Ajemogly we Robinzon, “Despotik Leviathan” düşünjesiniñ üstünde kän durdular. Despotik agalyk görnüşüniñ kesgitleýji tarapy ildeşlerini gönüden-göni gysyş astynda saklamagy däl-de, halka döwlet güýjüniñ nähili ulanylmagy boýunça söz hukugynyñ berilmezligidi. Jemgyýete hasap bermän başlamagydy… Despotik döwletiñ ýüzi gorkunçdy: “Ildeşleriniñ agzyny baglar, olaryñ isleglerine gulak salmaz, olary boýunturyklar, tussag eder, maýyp-müjrüp eder we öldürer. Hatda daban azaplarynyñ miwesini ogurlar ýa-da başgasynyñ ogurlamagyna şert döreder…” Despotik döwletiñ özüne zor bilen hormat goýdurjak bolmagynyñ sebäbi-de, gorky döretmek isleýändigindedir. ■ AMATLY PURSATY SYPDYRDY “Dar koridoryñ” ady nireden gelip çykýar? “Koridor” erkinlik boýunça ýetilen sepgitleriñ belli bir wagt bolmagydy… “Dar” bolmagynyñ sebäbi-de, üstünligiñ añsat gazanylmaýandygyny añladýardy. “Dar koridordan”Türkiýe geçibildimikä? “-Ykdysady üstünliklerden peýdalanmaýan, güýjüñ az sanly saýlama adamlarda jemlenendigini duýýan we döwlet apparatyna ynamsyzlyk bilen garaýan jemgyýet. Dürli partiýalaryñ arasyndaky basdaşlygyñ gitdigiçe bölünşige öwrülmegi. Ýuridiki taraplaryñ gapma-garşylyklary çözmekden we araçylyk etmekden ejiz gelmegi… Ýuridiki taraplary barha-da durnuksyzlaşdyran we olara edilýãn ynamyñ içini hasam boşadyp taşlan ykdysady çöküş. Az sanly saýlama adamlardan halky goraýandygyny aýdyp öwünýän ýeke-täk adam…” Awtorlar bu kesgitlemä bap gelýän liderleriñ hataryna Erdogan, Tramp, Wiktor Orban, Marine Le Pen ýaly atlary goşdy. Awtorlaryñ pikiriçe, Türkiýä 2000-nji ýyllaryñ başynda “dar koridora” girmek üçin amatly pursat döredi. Emma… “ - Türkiýe despotik döwlet gözegçiliginiñ bir görnüşinden başga bir görnüşine geçdi. 2007-nji ýyldan soñ AKP ýüzüni gatatdy we ýurtdaky güýç nokatlarynyñ ählisiniñ jylawyny öz eline almaga ünsüni berdi… 2011-nji ýyla gelenimizde, Türkiýe žurnalistleri gazamada dykýan ýurtlaryñ sanawynyñ başyny çekýärdi. Türkiýe häzirem iñ köp žurnalistiñ türmede oturan ýurtlarynyñ sanawynda birinji orunda durýar… Türkiýe koridora girme mümkinçiligini sypdyrdy…” Ýeri... Erkinligiñ we demokratiýanyñ soñky ykbaly ýurdumyzda neneñ-niçik borka? Öñümüzdäki döwürde ykdysady krizisi hasam ýakyndan duýjak Türkiýä kyn günler garaşýar. Döwlet garaýşynda awtoritarlaşma barha artarmy? Ýa-da krisiz ýazylganlyklardyr erkinlikler bilen ýeñlip geçilermikä? Niýet edeliñ, ikinjisi bolsun-da, hernä… Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 05.06.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW, Stambul uniwersitetiniñ talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |