14:18 Haýsy gämi halas edilmeli? | |
HAÝSY GÄMI HALAS EDILMELI?
Publisistika
Zähmet ykdysadyýeti boýunça professor Eziz Çelik "BirGün" gazetinde şeýle ýazdy: "Uly iş jenaýatlary orta atylanda zol gaýtalanýan pikirleriñ birem iş-önümçilik heläkçilikleriniñ 98%-niñ öñüni alyp bolýanlygydyr. ABŞ-da 30-njy ýyllarda geçirilen barlaglara esaslanýan bu pikir dogry. Emma bärden gaýdýar. Iş-önümçilik heläkçilikleriniñ 100% öñüni alyp bolýar. 30-njy ýyllaryñ ylmy-tehniki mümkinçiliklerine esaslanyp üsti ýetirilen bu pikir üstünden togsan ýyl geçensoñ ylymda, tehnologiýa, iş tejribesinde toplanan ummasyz uly gordan soñ galan bary-ýogy 2%-niñ nädip öñüni alybilmesin?" Professor Çelik mysal berdi: “ABŞ-nyñ Zähmet ministrliginiñ berýän maglumatlaryna görä 1930-njy ýylda 644 müñ magdan işçisiniñ 2 müñ 63-i ölüm pidaly iş-önümçilik heläkçiliklerinde wepat bolupdyr. ABŞ magdan känlerinde 1930-njy ýylda ölüm howply iş-önümçilik heläkçilikleriniñ ýygylygy 100 müñde 320. 2020-nji ýyldw ABŞ-da 64 müñ kömür işçiden ölüm pidaly iş-önümçilik heläkçiligi bary-ýogy 5. Ölüm pidaly iş-önümçilik heläkçilikleriniñ ýygylygy 90 ýylda 100 müñde 320-den 7,8-e düşüpdir. Diýmek, boljagam eken-ä, "kysmat" däl eken-ä!" Ýagdaý şeýle-de bolsa, häzir ýurdumyzda: Döwletiñ, häkimiýetleriñ işçilere, zähmetkeşler toparlanmalaryna neneñ garaýandygy belli... Reñki gitdigiçe "saralyp-solup" "eldekileşdirilen birgiden sindikatlaryñ diñe öz gaýgysyny edýändigi, öz bähbidini bilýändigi belli... A işçi? Işçi hak-hukuk ugrundaky göreşiñ niresinde? Magdan känlerindäki wagşyýanalygyñ - işçi ölümleriniñ sebäplerini analiz etjek bolsak, hakykaty bilmeli bolýas. A.Eýnşteýniñ sözi bar: "Eger hakykaty aýan etmek isleýän owadanlamagy ussa goý". Hawa, ýurdumyzda bedibagt işçi bu ugur-utgasyz düzgüne boýun egip mazara oklanmagyna nämüçin kaýyl bolýar? Tragediýanyñ işçi tarapy-da bar. Şeýle: Uzak ýyllaryñ dowamynda (Magdan-Iş we Ýerasty-Iş ýaly) sindikatlarda işlän, Orta Gündogar Tehniki uniwersitetinde iş-iş beriji gatnaşyklarynyñ taryhy boýunça okadan, zähmet durmuşynda degişli ellä golaý kitap ýazan Ýyldyrym Koç "Türkiýede işçiler synpynyñ taryhy" kitabynda şy hakykatyñ aşagyny çyzýar: "Türkiýede giñden ýaýran gyşarma işçiler synpyna degişli kesgitlemeleriñ subýektiwizme (islegiñe görä düşündirişe) we uwriýerizme (işçi öwgüsine) taýmasydyr. Anyk şertleriñ anyk çözgütlerini tapmagyñ deregine, kelleden näme geçse şony hakykatyñ ýerine goýmak garaýşy pöwhe kesgitlemelere ýol açýar..." Ýyldyrym Koç ýurdumyzdaky işçiler synlynyñ profili-çemeleşme galyby hakda şeýle diýýär: "- Doly sada, bisowat ýa-da gorkak diýip bolmaz, özüni alyp baryşlary ýaşaýan şertleri göz öñüne tutulanda gysga wagtlyk bähbitler nukdaýnazardan örän rasionaldyr... - Ýüzlerçe ýyl oba durmuşynda ýaşamagyñ tejribesi bilen eserdeñ hereket edýändigi, üstünlik gazanjagyna gözi ýetmese, mejbur bolmasa töwekgelçilik etmeýändigi, hak-hukugyñ goragynda wagtal-wagtal yza tesmegi, amatly pursata garaşyp başarýandygy we hak-hukuk almada iñ az çykdajyly, iñ añsat ýoly tapmada örän ugurtapyjy bolandygydyr..." Gürrüñsiz, bu kesgitlemeleriñ üstünde jedelleşip bolar. Ýyldyrym Koç sözüni şeýle dowam edýär: "Ýönekeý işçi ideologik taýdan alanda kapitalizmiñ miwesidir. Kapitalizmiñ girizen jemgyýetçilik gatnaşyklarynyñ täsiri bilen ýekebaradyr we diñe özüni bilýär, gerek bolsa (duz iýşen) ýoldaşlarynyñ kellesinden basyp ýokaryk dyrmaşmaga taýýar, beýlekilerden kem galmajak bolup, gazanany bezenenine ýetmese-de, özüni görkezmek üçin pul sowurmaga höwesli..." Ýeri... Ýene nägadar işçi ölmeli, ezilmeli? Häkimiýetleriñ we köp sary sindikatyñ muña diñe tomaşa edip oñýandygyny göresi gelenokmyka? Ýyldyrym Koç işçileriñ düýp arzyly sepgidiniñ-azatlygynyñ diñe şu ýagdaýda mümkin boljagyny-da ýazýar: "Kapitalizme, kapitalizmiñ demikdiriji eksplutasiýasyna, adam gatnaşyklaryndaky ýalñyzlaşma-diñe özüñi bilmeleşmä, göz üçin pul sowmalara we tebigatyñ harlanmagyna garşy göreşdir..." Ýagny: Işçiler synpynyñ ýurdunyñ demokratik, azat, garaşsyz, adalatly gelejegini gurmazdan azatlygy üpjün etmek mümkin däl. Diýmek: Ölümleri duruzmagyñ ýoly öz gämiñi däl-de, watanyñ gämisini halas etmekden geçýär. Işçiler synpyna öñbaşçylyk edip biljek partiýa barmy? Bu sowalyñ jogabyny özüñiz beriñ... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.10.2022. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |