21:12 Hazarlar iudeýlige geçdimi? | |
HAZARLAR IUDEÝLIGE GEÇDIMI?
Taryhy makalalar
Orta Aziýanyñ halky bolan hazarlaryñ bir böleginiñ ýa-da hemmesiniñ IX-X asyrlarda jöhit dinine geçendigi hakda giñden ýaýran pikir bar. Emma subutnamalaryñ düýpli analiziniñ yzyndan Ierusalimiñ Ibrany uniwersitetiniñ ylmy-barlagçysy professor Şaul Stemfer "hekaýa gyzykly bolup görünýänem bolsa", beýle öwrülişigiñ asla bolmandygy netijesine geldi. Umumylykda alanda VII asyrdan X asyra çenli hazarlar Hazar deñziniñ we Garadeñiziñ arasyndaky sähralyklary öz içine alýan imperiýa höküm etdiler. Hazar medeniýeti we jemgyýeti hakda saklanyp galan onçakly zat ýok: olar yzlarynda edebi miras galdyrmandyr, arheologiki tapyndylaram ýeterlik bolanok. Hazar imperiýasy Kiýew knýazy Swýatoslaw tarapyndan basylyp alyndy. Şondan soñ hazarlardan örän az zat eşidildi. Şeýle-de bolsa, hazarlaryñ ýa-da liderleriniñ belli bir derejede iudeýlige geçendigi hakda giñden ýaýran ynanç bar. Hazarlaryñ iudeýligi hakdaky habarnamalar ilkinji bolup IX asyryñ soñlarynda musulman eserlerinde we X asyrda iki ibrany dilinde ýazylan ýazuw ýadygärliginde agzalyp geçildi. Jöhit ýazyjysy Ýehuda Galewi muny "Kuzari" atly kitabynda agzanda, hekaýat bilen giñ köpçülik gatlaklary habarly boldy. Soñky asyrlarda meselä has az üns berildi, emma 1932-nji ýylda hazarlar boýunça ibrany dilinde ýazylan gymmatly kolleksiýa ýüze çykdy we yzyndan ukrainaly alym Agafangel Krymskiniñ ýazan alty tomluk "Hazarlar taryhy" orta çykdy. Genri Gregor çeşmeler boýunça şübhe bildirýän tankydy synyny ýazdy, emma 1954-nji ýylda Duglas Morton Danlop temany "Iudeý hazarlarynyñ taryhy" bilen kabul edilen taryhy ylmyñ esasy ugruna degişli etdi. Artur Kostleriñ geçginli "On üçünji taýpa" (1976) kitaby Gündogar Ýewropa Aşkenaz jöhitleriniñ köpüsiniñ aslynyñ hazarlardandygyny öñe sürüp, temany has köp günbatarly janköýeriñ ünsüne hödürledi. Munuñ yzyny başga-da birnäçe ylmy iş doldurdy we tema şol bir wagtyñ özünde ylmy häsiýetde bolmadyk möhüm gyzyklanmany döretdi. Mysal üçin, Şlomo Sandyñ 2009-njy ýyldaky geçginli "Jöhit halkynyñ tapylyşy" hazarlaryñ jöhitdigi we Gündogar Ýewropa jöhitleriniñ köpüsiniñ hazarlardan gelip çykandygy pikirini öñe sürdi. Emma bütin bu gyzyklanmalara garamazdan Tel-Awiw uniwersitetinden Moşe Giliñ gyzyklandyryjy, ýöne çaklañja we çäkli makalasyndan başga öwrülişik pikirine degişli subutnamalara sistematiki tankyt edilmedi. Stemfer muña goşant goşan alymlaryñ argumentlerini çäkli tekstologiki we numizmatiki subutnamalaryñ ýygyndysyna esaslanýandygyny nygtaýar. Fiziki subutnama kemterlik edýär: Hazarlaryñ ýaşan ýerlerinde gazuw-agtaryş işlerini geçiren arheologlar açyk-aýdyñ görnüp duran jöhit simwollaryny alamatlandyrýan hiç bir eser ýa-da mazar daşyny tapmadylar diýen ýaly. Şeýle-de, taryhy we geografiki beýannamalaryñ ýany bilen dokumental subutbamalar bilenbbirlikde öwrülme hekaýatyna dahyllylykda alynan dürli möhüm subutnamalary gözden geçirýär. Möhüm eserleriñ arasynda ispaniýaly jöhit ýolbaşçy Hasdaý ibn Şaprut bilen hazarlaryñ hökümdary Ýozefiñ arasynda alşylan hat bar. Hazarlaryñ esasan Kembriž resminamasy ýa-da Şehter resminamasy diýilýän taryhy beýannamasy arap dilinde ýazan taryhçylaryñ dürli habarlary we beýlekiler. Stemfer umumylykda ele alynanda, bu çeşmeleriñ käbir ugurlarda ýoýulmalary, çaprazlyklary, gazanylan bähbitleri, kadaly däl kakofoniýany berýändigini we beýlekilerinde sessizlikden başga zat bermeýändigini aýdýar. Çeşmeleriñ ünsli öwrenulmegi käbirleriniñ aýdylýan awtorlarynyñ adyna ýalñyş berilendigini, beýlekileriñem şübhelidigini we ynandyryjy däldigini görkezýär. Halyf el-Wasik Billah tarapyndan 842-nji ýylda legendar Isgenderiñ diwaryny gözlemek üçin ugradylan Sellam dilmajyñ jikme-jik habarnamasy ýaly iñ ynamly döwürdeş ýazgylaryñ köpüsi we Konstantinopolyñ patriarhy Nikolyñ 914-nji ýylda hazarlardan söz açýan hatynda olaryñ dinini üýtgedendigi hakynda hiç zat aýdanok. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Şenbe, 01.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |