14:50 Hekaýatlar ýygyndysy: Bähmen, Humaý | |
• BÄHMEN Bähmen ýagşy gylyklary we gowy däp-dessurlary ýola goýup, älem-jahany abadanlaşdyrýar. Ol ýürekleri şatlandyrýar we Zertuşt dinini rowaçlandyrýar. Şeýlelikde, bu din dünýä ýaýraýar. Ol Sistana hüjüm etmegi ýüregine düwüp, şeýle diýýär: – Eger Rüstemiň dogany Şagat Rüstemi öldürmedik bolsady, meniň özüm kakamyň aryny alardym. Indi onuň özi diri bolmasa-da, men onuň neslini gyryp, dazzarkelleri şol näkesleriň maslyklaryna myhmançylyga çagyraryn. Ol Sistana ýetende, Zal onuň öňünden çykyp, tagzym edýär we şeýle diýýär: – Patyşa meni öldürmek üçin gylyjyny «azara» goýmasyn. Az wagtdan garrylyk eli meni ýykar we seniň maksadyň özüňi betnam etmezlikden aman bolar. Eger sen kellämi almagy maslahat bilseň, onda başymy egnimde goýup, seniň hyzmatyňa getireýin. Beýt Berip bolmaz hiç kime islenilen kelläni, Öň egnimde getirýärin huzuryňa men ony. Şeýle diýipdirler: Öldürmekden peýda bolsa eger-de, Haýyr işi jäht tut, öldür şu ýerde. Şeýlelikde, Bähmeniň oňa nebsi agyryp, günäsini bagyşlaýar. Rüstemiň ogly Feramerz oňa garşy söweşmek üçin öňe çykýar. Emma birnäçe söweşlerden soň ýeňilýär we elhenç ýagdaýda öldürilýär. Bähmen bir ýüz on dört ýyl patyşalyk sürüp, ahyrynda panylyk hatyny okapdyr. Bähmeniň ömür eýýämi bahar pasly ýalydy, Soňunda pelek jebrinden garaňkydan doludy. Jahanyň gözi onuň huzurynda röwşendi, Emma panylyga ýetip, gözleri gamaşandy. • HUMAÝ Bähmen dünýäden öten wagty ondan hiç bir ogul galmandyr. Ýöne onuň Humaý atly düşünjeli we başarjaň bir gyzy bolupdyr. Ol Humaýy özüniň oruntutary edip belleýär. Patyşalygyň humaý guşy Humaýyň üstüne saýa salýar. Bähmen ony gowy görer eken. Şol sebäpli hem ondan muhabbeti isläpdir we ol hem hamyla bolupdyr. Bähmen wepat boljak wagty mejusy alymlaryny çagyryp olara: – Şu wagta çenli patyşalyk käri hiç bir aýal maşgala berilmedik bolsa-da, men bu işi Humaýyň boýnuna ýükleýärin. Sebäbi ondan boljak çaga eger oglan bolsa, patyşalyk öz-özünden oňa geçer, eger gyz çaga bolsa, onda Humaýyň özi biler. Siziň makullamalaryňyz bilen haýsy kişini saýlasa mülki şoňa berer – diýipdir. Haçanda patyşalyk Humaýa ýetende, ol ata-babalarynyň ýörelgelerini direldýär, ýagşyzadalary ýokary çekip, ýaman pällileri aradan aýyrýar. Onuň otuz ýyllap hökümdarlyk eden döwründe bu älemiň adamlary Humaýy erbetlik bilen ýatlamandyrlar, diňe parahatlykda we amanlykda ýaşapdyrlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |