15:09 Hekaýatlar ýygyndysy: Humaýyň ogly Darap | |
HUMAÝYŇ OGLY DARAP
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bähmen wepat bolup, Humaýy patyşalyga geçirende, Humaý ondan hamylady. Dokuz aýdan soň Humaý göwresindäki çagany dünýä inderýär we bir ogul dogurýar. Bu çaga owadanlykda behiştiň baglaryndaky çagalaryň husny-jemaly ýaly bolupdyr. Humaý: «Bu çagany ile görkezsem, patyşalygymy elden bererin» diýip gorkýar. «Jan bermek, derejeden geçmekden aňsadrakdyr». Şeýlelikde, ol bu çagany gizläp: «Bähmeniň bar wagty görnen göwrelilik alamat çaga bolman, eýsem bir keseldi» diýipdir. Ol oglanjygy öldürjek bolýar, ýöne enelik mähri bu işe böwet bolýar. Onuň buýrugy boýunça bir sandyk ýasap, çagany birnäçe gymmatbaha göwher we zer şaý-sepleri bilen şol sandygyň içine salyp, derýa taşlaýarlar. Ertesi tötänden bir kir ýuwujy suwuň kenaryna gidip, kir ýuwmakçy bolanda, birden, şol sandyk onuň öňünden akyp geçýär. Ol san¬dygy alyp, açyp görýär. Görse, sandygyň içinde şeýle bir gözel oglanjyk ýatyr welin, akar suw terligi onuň owa¬dan ýaňagyndan öwrenýärdi. Onuň goluna şuglasy güneşiň nurundan ýiti birnäçe merwerit we ýakut dürdäneleri baglanyp¬dyr we birnäçe zer şaý-sepler onuň ýanynda goýlupdyr. Kir ýuwujy ol sandygy alyp, öýüne äkidýär we bu haly aýalyna gür¬rüň berýär. Ajaýyp tötän¬liklerden, şol hepde-de kir ýuwujy¬nyň aýalynyň bir kiçijik çagasy wepat bolan eken we onuň süýdi heniz kesilmän eken. Ol şol bada çaga süýt berýär. Bu çaga süýt emip, olar bilen ysnyşyp başlaýar. Kir ýuwujy we onuň aýaly çaga ulalýança ony terbiýelemekde elde baryny edýär¬ler. Olar oglanjygy ogullyga alyp, oňa Darap diýip at goý¬ýarlar. Bir gün ol kir ýuwuja ýüzlenip: – Men: «Sen meniň kakam däl» diýip güman edýärin. Meniň kakam senden şöhratly adam bolmaly. Sebäbi mendäki hümmet sende ýok – diýýär. Kir ýuwujy oňa şeýle diýýär: – Näme zyýany bar. Göwher daşdan bolýar. Ýüpek pi¬lä-niň perzendi. Jana şypa beri¬ji bal kiçijik arydan alynýar. Seniň ýaly beýik pikirliniň meniň ýaly pes adam¬dan bolmagynyň nä¬me aýby bar! Darap oňa: – Sözleri bezemek başga zat, dogruçyllyk bolsa başga zat. Seniň aýdýan zatlaryň mazmuny dürs bolsa-da, ýürege ýakym¬ly däl – diýýär. Kir ýuwujy şol aýdan zatlaryna aýak diräp durýar. Darap pursat gözläp gezýär. Ol bir gün kir ýuwujynyň aýalyny ýalňyz halda görüp, gylyjyny çykaryp: – Dogryňy aýt, meniň halym nähilidi we meniň aslym nireden? Ýogsa, seni şu pursat gylyçdan geçirerin – diýýär. Ol aýal gorkup, bolan wakany gürrüň berýär we galan ýakut, göwher we altynlary oňa görkezip: – Bu seniň hakyň, biz saňa bu puldan azajyk harçladyk. Biziň seni terbiýelänimiz üçin hakymyz bar we saňa ýürek bagla¬dyk. Sen bu pullaryň hemmesini äkitseň-de, seniň öz zadyň, ýöne bizi öz jemalyňdan mahrum etmersiň diýen tama¬myz bar – diýýär. Oglan oňa: – Siziň meni ulaldanyňyz üçin haky¬ňyz bar. Siz maňa kakalyk hem-de ejelik mährini siňdirdiňiz. Siz hökman öz işi-ňiziň muzduny alarsyňyz. Men wagty gelse, bu haky ýerine salaryn – diýýär. Şeýlelikde, ol şol göwherdir zerleri alyp, leşger düzmek üçin gerek bolan zatlary taýýarlap, serkerdeleriň biriniň huzu-ry¬na barýar we esgerleriň hataryna girýär. Bir gün Humaý leş¬geriň özüniň öňünden geçmegini isleýär. Humaý meýdany gowy göz astyna alar ýaly bir beýik köşgüň üstüne çykýar. Leşger topar-topar bolup geçýän eken. Darap hem onuň öňün-den geçýär. Hudaýtagala onuň mährini oýandyrýar we mäh-rem¬lik ataşy Humaýyň ýü¬reginde tutaşýar. Ol özüne erk etmek jylawuny elden berip: – Ony saklaň – diýip gygyrýar. Leşger geçip bolansoň, Humaý Daraby çagyryp, onuň asly barada soraýar. Darap bolan wakany bolşy ýaly oňa gürrüň berýär we şol ýakutdyr lagl-merweritleri Humaýa görkezýär. Humaý şol zatlary tanap, oglunyň üstüne özüni oklaýar we birsalym aglap durýar. Soňra şeýle diýýär: – Bilgin, men seniň ejeňdirin we sen Bähmeniň oglusyň. Soňra ýurduň ulularyny we döwletiň sütünlerini çagyryp, wakany olara gürrüň berýär. Täji Darabyň başyna geýdirip, patyşalygy oňa tabşyrýar. Soňra şol kir ýuwujyny we onuň aýalyny çagyryp, olara köp minnetdarlyk bildirip, çendenaşa köp sylag-serpaý berýär hem-de: – Kir ýuwujylyk käriňi taşla, beýik wezipeleriň haýsy birinui isleseň al – diýýär. Emma kir ýuwujy oňa: – Meni şeýle derejede hoşbagtlyga ýetiren käri hiç haçan terk etmerin – diýýär. Darap patyşalyk işini ösdürip, daş-töweregi düzgüne sal-ýar. Jahan patyşalary oňa boýun egýär. Rum kaýsary şol zaman Pilkus bolup, ol başbozarlyk edýän eken. Darap leşger çekip, Ruma gidýär we ol ýeri eýeläp, Rumda ataşkede bina edýär. Pillusy ele salýar. Emma ahyrynda onuň uly gyzyny alyp, her ýyl agramy kyrk mysgal bolan müň altyn ýumurtga salgyt bermegini karar edip, patyşalygy oňa gaýtaryp berýär. Darap on iki ýyllap patyşalyk sürüp, onuň ömür namasy ýapylýar we ol älem-jahany ogluna tabşyryp, wepat bolýar. • DARABYŇ OGLY DARA Darabyň hem Dara atly ogly bolupdyr. Ol wepat bolmazdan öň jahany ogluna tabşyrýar. Onuň ogly özüne patyşalyk ýeten wagty ýaşdy. Ol zulum elini uzadyp, ýaramaz däplere uýup, ululary ynjydýar we daş-töweregindäki patyşalara yza-ezýet ýetirýär. Şeýdip, halk ony ýigrenip başlaýar. Ahyrynda ol Isgenderiň elinde perişanlyga düşýär. Ol gadymy patyşalaryň iň soňkusydy. Asyrlarboý bize bolup görelde. Galdy geçenlerden ýol-u-ýörelge, Hiç bir gözbaşy ýok ajal-ölümiň, Bu ömürde ençe görüp-bilinen. Özümiň hem gitjegime göz ýetdi, Çünki ähli kowum şu ýoldan gitdi. Gitmedimi belli-belli serwerler? – «Subhanalla» – birem gaýdyp gelmezler. Eý, sen, açgöz bolup älemi sökýän, Ajaly gör, ornuňdan turma-da, hökman. ISGENDER WE DARA Biz mundan öň Darabyň rumly Pilkusyň gyzyna öýlenendigi barada aýdypdyk. Darap ilkinji gijede onuň bilen ýakynlaşanda, onuň agzyndan ýakymsyz ys gelýärdi. Onsoň ol Daraba ýaraman, ol gyzy Ruma gaýtarýar. Pilkus bu nikalaşygy äşgär etmegi ar bilýär. Onsoň «Iskenderus» atly derman bilen gyzyň agzyndan gelýän ysa em edýärler. Köp wagt geçmänkä, şol gyzdan bir ogul dogulýar. Şol dermanyň hormatyna ol oglana Isgender adyny dakýarlar. Bu ady gysgaltmak maksady bilen «u» we «s» harpyny düşürýärler. Pilkus ol oglanjygy öz ogly hökmünde görkezip terbiýeleýär. Hekimler we müneçjimler onuň täleýini çykarýarlar. Olar Pilkusa: – Bu oglan ähli älem-jahany basyp alar we älemdäkileriň boýny onuň permanynyň aşagynda bolar – diýýärler. Pilkus ony terbiýelemek we önüp-ösdürmek üçin elde baryny edýär. Ol ulalansoň ylmy taýdan hem ösmegi üçin jahan alymlaryny we döwrüň hekimlerini çagyryp, olar bilen mejlisdir oturlyşyklar guraýar. Isgender az wagtyň içinde ylymdyr hikmetde jahanyň ýeke-tägi we pelegiň ýalňyzy bol-ýar. Pilkus Isgenderiň ýetişendigini görüp, özüniň gitmeli wagtynyň gelendigini aňýar. Jahan saçak, iýip-içip, kül edeniň göründi, Oturmaly başgalar, gal ýeriňden, tur indi. Ol Isgenderi tagta geçirýär we özi «tagtyň» aşagynda mes¬gen tutýar. Darabyň ogly Dara Isgendere Pilkusyň ölen¬di-gine duýgudaşlyk bildirip hem-de Rumuň her ýylky bermeli müň gyzyl ýumurtga salgydyny bermeklerini ýatladyp hat ýazýar. Isgender oňa: – Ýumurtga berýän towuk ýogaldy. Seniň hem ondan eliňi üzmegiň gerek – diýip jo¬gap berýär. Bu hat Dara ýetende, ol gazaba münüp, Isgendere çöwgen bilen top we bir haltany dolduryp, künji iberýär. Onuň maksady Isgendere: «Sen çaga, şu wagt seniň top urup oýnamaly wagtyň. Eger özdiýenlilik etseň, şol künjüleriň sanyna barabar leşger bilen gelip seni agdararyn» diýmekdi. Ilçi Isgenderiň ýanyna gelip, bu zatlary oňa görkezende, ol olary gowulyga ýorup şeýle diýýär: – Bu top ýer şary ýaly bolup, ýeriň top şekillidigini aňladýar. Bu çöwgeniň üsti bilen bolsa, maňa zemin abadançylygyny ýetirjekdigini aýdypdyr. Bu künjüler onuň leşgerini ýok etmegiň maňa aňsatlygyny aňladýar. Şeýdip, ol rahatlanýar. Soňra Isgender Daranyň ilçisini gaýtarýar we oňa bir haltany dolduryp, ýüzärlik we kapasada bir guş iberýär. Onuň ýüzärlik ibermekden maksady bolsa, özüniň leşgeriniň ýitilikde we köplükde ýüzärlik ýalydygyny görkezmekdi. Onuň guş ibermekden maksady haltadaky künjü¬le¬ri iýmek şu guş üçin aňsat zat diýmekdi, ýagny ol seniň leş¬ge¬riňi agdar¬mak maňa şondan hem aňsat diýjek bo-lupdyr. Isgenderiň jogaby Dara ýetensoň, ol leşgerini ýygnap, Ru¬ma tarap ugraýar. Isgen¬der hem onuň öňünden çykýar. Leş¬ger¬ler golaýlaşýar, söweşe taýýarlyk görülýär we iş ýetmeli dere¬je¬sine baryp ýetýär. Aýtmaklaryna görä, Dara Rum serhedine ýetýär. Isgender düzülen leşger bilen ony garşylan wagty, Isgender geýmini çal¬şy¬ryp, paty¬şa¬lyk nyşanlaryny goýup, birnäçe adam bilen Dara¬nyň işigine gelip: – Oňa Rum patyşasynyň ilçi iberen¬digi barada habar beriň – diýýär. Bu habar Daran ýetende, ilçiniň gel¬megine rugsat berýär. Ol Daranyň ýanyna gelip, Isgenderiň soragyny ýetirýär we oňa şeýle diýýär: – Gepiň gysgasy, patyşalar Ýarada¬nyň rehmet saýasy-dyr¬lar. Olaryň bolmagy adam ogullarynyň düzgün-tertibe gelmek¬leri¬ne we olaryň rahatlyk tapmaklaryna se¬bäp¬dir. Her kim şu söz bilen ylalaşsa, on¬da dünýä maly üçin ýatan pitnäni turuz¬mak, Ýaradyjynyň amanaty bolan halkyň erkin¬li¬gini we rahatlygyny perişanlyga salmak we bigünä adamlary ýyrtyjy haýwan¬laryň alyn dişleriniň lukmasy etmek gadagandyr. Eger başar¬saň uruşdan el çek, ýaraşyga ta¬rap ýüzlen, halka peýdaly bolar ýaly zatlary özüňe ýörelge edin. Rum patyşasyna hiç hili üns berme we onuň üçin azara galma. Bu ýol akyllylyga, para¬satlylyga we patyşalygyň bähbidine ýakyndyr. Eger hökman sö¬weşjek bolsaň perman seniň ygtyýaryňda. Men öz delilimi aýtdym we özümi bu söweşiň gü¬nälerinden päkledim. Dara oňa: – Sözüňi eşitdim. Garaş, men seniň jo¬ga¬byňy ýuwaşlyk bi¬len bereýin. Sen şu gün biziň myhmanymyz bol – diýýär. Ol şol bada bezim mejlisini gurmakla¬ryny buýurýar. Ol Isgender bilen oturýar. Isgender onuň aýdýan sözlerinde we ed¬ýän işlerinde ýeňillikleri we parasatsyz¬lyk¬la¬ry görüp, özüniň on¬dan rüstem çykjakdygy¬na göz ýetirýär. Isgendere hernäçe şe¬raply jam berilse-de, ony boşadyp, jamyny donu-nyň eteginde goýýardy. Sakylar howsalaly ýagdaýa düşüp, Isgendere: – Näme edýärsiň? Meýi içip, ja¬my donuň eteginde goý-maň näme? – diý¬ýär¬ler. Isgender olara: – Biziň ilçilerimiziň däbi şeýle – diýip, jogap berýär. Dara oňa degmezliklerini tabşyrýar. Meý¬lis uzaga çeken¬soň, Dara tarapyndan Is¬gen¬deriň ýanyna ilçi bolup baran adam ga¬pydan girýär. Isgenderiň gözi oňa düşýär we olaryň ikisi hem biri-birlerini tana¬ýarlar. Ilçi bu adamyň şol Isgenderdigini bil¬dirmek üçin Daranyň ýanyna barýar. Is¬gen¬der özüniň parasaty we ýagşy ykbalynyň ylhamy bilen ol adamyň maksadyna düşün¬ýär. Ol şol bada aýak ýoluna gitmek bahanasy bilen daşary çykýar. Daşarda se¬ýis¬lenen at duran eken. Ol şol ata münüp, gaçyp gidýär. Dara ilçiniň sözüni eşidip, ony çagyrýan¬ça, Isgender öz leşgergähine ýetip, çadyryna girýär. Bu işiň soňy sag-aman gutarsa-da, bu Isgenderiň goýberen ýalňyşlaryndan hasaplanyl¬ýar. Akylly adam zerurlygy ýok ýerde özüni duşmanyň duzagyna eltmeýär. Olaryň arasynda leşger hatarlary dü¬zülensoň, Daradan bizar bolan döwlet sütün¬leriniň birtopary özlerini Isgendere ýakyn¬¬laşdyryp, oňa meýil edýändiklerini bildirýärler. Olardan kowum han-begleri hasaplanýan iki adam Isgenderiň ýanyna gelip, şeýle diýýärler: «Biz jan-dilimiz bilen Daranyň ölmegini isleýärdik we doga-dilegdir namazlar bilen onuň heläk bol¬ma¬gy¬ny arzuw edýärdik. Bir zalymyň jebir-jepasyndan halys bo¬lan adam onuň haý-höwesiniň ýolunda janyny nähili gurban et¬sin?! Eger rugsat berseň, biz bir iş bitireli we onuň gany bilen gylyjymyzy reňkläli». Isgender öz maksadyna ýetmek üçin olara hoşamaý söz-le¬ri aýdyp, köp sylag-serpaýlary wada berýär. Ertesi iki goşun hem hatarlary düzen¬soňlar, heniz gylyç-la¬ryň şöhlesi ýalpyl¬dap, naýzalaryň gözi gan ýaş döküp agla-man¬ka, Daranyň ýakyn adamlary bolan şol iki kişi merkezde söwe¬şe taýýar bolup duran Dara birden hüjüm edip, iki zarba urýar¬lar. Dara atyň üstünden ýere ýy¬kylýar. Derhal bu habar leş¬ger¬gähiň içinde ýaýraýar. Olaryň ählisi jansyz ten we kel-lesiz adam ýaly bolup, ýaraglaryny taşla¬ýar¬lar. Bu habar Isgendere ýeten¬de, ol Daranyň ýany¬na howlugyp, ölüm halynda ýatan Da¬ranyň başujunda oturyp: – Bu bolan wakada meniň elim ýok, eger men seni diri halda tapan bolsadym, onda özümi saňa ýetjek belalaryň öňün¬de galkan edip goýardym, seniň öňüňde dik durup, patyşalyk işiňe arka bolardym. Emma häzir bu işleri etmek mümkinçiligi ýok. Indi sen näme yşarat edip buýursaň, men wepalylyk bilen ony ýerine ýetireýin we şeýdip öz kemçiligimi düzedeýin – diýýär. Dara oňa: – Meniň senden üç sany haýyşym bar. Ilkinjisi meniň ganymy biderek giderme, meni öldürenlerden öç al. Ikinjisi gyzym Röwşenegi özüňe al. Üçünjisi bolsa ataşkedeleri weýran etme. Meniň saňa ahyr¬ky wesýetim näkesleri ululardan ýokary gö¬ter¬me. Sebäbi meniň başyma gelen şu ýagdaý şol sebäpli boldy – diýýär. Isgender patyşalyga ýetensoň, onuň wesýet¬lerine amal edýär. Ol Darany öldüren¬leri öldürýär we onuň gyzy Röwşene¬gi alyp, hormatlaýar we eziz saýýar. Emma ol ataşkede¬leri goý¬ma¬ýar, otparazlary gyrýar. Zertuşt dinin¬den hiç yz goýmaýar. Ol bu işleri Eziz we Beýik Alla ýakynlaşdyrýan zat diýip ha¬saplapdyr. Ol «Zent we Pazent» ýazgylary ýazy¬lan sygyrlaryň derilerini ýakyp, Aja¬myň köp binalaryny weýran edýär. Soňra ymarat bina etmäge ýüz öwrüp, Maşrykdyr Magrypda köp şä¬herler gurýar. Onuň pygamberligi barada gapma-garşy¬lykly garaýyşlar bar. Käbirleri oňa şu aýata esaslanyp, pygamber diýipdirler. Al¬la¬¬tagala aýdýar: «Biz aýtdyk: «Eý, Zülkarneýn ýa olara azap ber ýa-da olar bilen ýagşylykly gatnaş» . Ýene bir toparlary bolsa oňa py¬gam¬ber bolman, bir ýagşyzada adam we adalat¬ly hem-de güýçli patyşa bolupdyr diýýär¬ler. Garaz, onuň kyssasy geň kyssalardan we täsin taryhy gürrüňlerden ybaratdyr. Ýöne biz bu ýerde ony gysgaltdyk. Hekaýat Aýtmaklaryna görä, Eýran we Rum ülke¬le¬riniň ählisi Isgenderiň golastyna geçensoň, ol älem-jahanyň beýlerki ülke¬le¬rine eýeçi¬lik etmek isleýär. Ol ýer ýüzüniň özüniň ygtyýa¬ry¬na geçjekdigi baradaky öňden görmelere laýyklykda, hüm¬me¬tini ähli ýurtlary basyp al¬maklyga gönükdirýär. Hint ülkesinde Fur atly bir patyşanyň giň ülkesiniň, köp goşunynyň we abat hazynalarynyň bardygy baradaky habar onuň gulagyna baryp ýetende, Isgen¬der Fura ilçiden hat ýazyp iberýär we ony boýun bolmaklyga çagyrýar. Fur aky¬la laýyk jogap bermän, özüniň goşu¬ny¬nyň köplügine we ýarag-esbap¬la¬rynyň kändi¬gi¬ne buýsanýar. Isgender muny eşidendensoň, Batlymyýusy Eýran ülkesine häkim edip, özi Hint ülkesine ta¬rap ýola düşýär. Ol ýolda her bir şähere ýa-da welaýata ýeten¬de, ol ýerleri basyp alyp, mal-mülklerini Ruma iberer eken. Ha¬çan¬da ol Furuň welaýatyna ýetende, Fur pillerini ýygnap, leş¬ge¬rini toplaýar. Bu habar Isgendere ýetýär. Ol piller üçin oý-pikire batýar, pilleriň hüjümi atlaryň ürkmegine we öňe git¬mez¬liklerine sebäp bolaýmasyn diýip oýlanýar. Olar he¬kim¬ler-akyldarlar bilen maslahatlaşyp, bir tilsim gurmagyň ugruna çykýarlar. Olar şeýle tilsim gurýarlar. Içi oýulan misden köp san¬ly ýaragly atlylaryň heýkellerini ýasap, dag depelerinde goýupdyrlar. Söweşmeli wagt gelende, olary nebitden dolduryp ýakýarlar we söweş meýdanyna goýberýärler. Olaryň sany alty ýüz bolupdyr. Söweş hatarlary düzülensoň, Hint leş¬ge¬ri ilki hüjüme gi-riş¬ýär. Rumlularyň sö¬weş meýdanynda goýlan jansyz we ruh-suz demir atly görnüşdäki heýkellerden baş¬ga¬sy yza çekil¬ýär-ler. Piller şol heýkellere topulyp, holtumlaryny şolara urýarlar. Ola¬¬ryň içi nebitli bolup, ýanýandygy sebäp¬li pilleriň holtum¬la¬ry ýanýar. Piller nagra tartyp, yza ýüz öwürýärler hem-de özlerini ýi¬ti¬rip öz leşgerlerini perişanlyga salyp pytradýar. Şeý¬dip, bu bela hem olardan sowulýar. Rum leşgeri ola¬ryň üstüne gylyç bilen çozup, söweşi¬ji¬le¬ri atdan agdarýarlar. Hindiler yza çekilip gaçýar¬lar: Ähli söweşleri hem meýlisleri, Tozan talaňynda etdi eldeki. Bökýärler, ýakýarlar, çozýarlar ýene... Gurýarlar... bu boluş misli erteki. Garaňkylygyň aňtawçylary ýetip gelip, gündizlik şasynyň çadyryny basyp ýaty¬ran¬soň, hindiler söweşden çekilýärler. Ertesi gündogar Symrugy gözýetimden ganat baglap, gijäniň gara gargasy ýokluk sährasyna giden wagty iki leşger hem söweşe gaýtadan başlaýarlar. Ýürekliler ýüreklerini janla¬ryn¬dan sogrup, daň atandan, tä, giç agşama çenli asmanyň ataş gat¬lagynyň küresi ýaly gaýnap duran uruş tamdyrynda sö¬weşýärler. Iki tarapdan hem köp adam öldürilýär. Bigünä leş¬ger¬ler nähak ýere öldürilýärdi. Olar ýigrimi günläp çekeleşikde we söweş¬de bolýarlar. Köp müşrikleriň kelleleri top kimin meý¬¬danda toga¬la¬n¬ýar¬dy. Ahyrynda Isgender Fura şeýle ha¬bar ýollaýar: «Bu iş ikimiziň aramyzdaky iş. Bu ýerde bigünä leşgerler nähak ýere öldü-rilýär. Meniň bilen söweşe çyk, ikimiz bile söweşeli. Eger men ýeňiş gazansam, leş¬ger we welaýat maňa berilmeli, eger sen üstün çyksaň, onda seniň hökümiň meniň leş¬gerimde ýörediler». Fur göwresi uly daýaw adamdy. Emma Isgender gowşak bedenli, gysga boýly adam¬dy. Fur özüniň daýawlygyna we haý¬batly¬dy¬gyna bil baglap şatlanýar. Ol tebiliň her¬nä¬çe uly bolsa-da, tebilçiniň taýagyny dep edip bilmeýändigini, gylyjyň bolsa şeýle inçedigine garamazdan, pitneleri ýatyrýandy¬gy¬ny hem-de gylyç gynda saklanýan bolsa-da, boýun bulguryndan şerap içýändigini bil¬me¬ýär¬di. Olar ertesi ikiçäk meýdana çy¬kyp, biri-birleri bilen söweşmegi karar ed-ýär¬ler. Beýt Kimiň gyljynyň sapy gana bulaşar, Kimiň ykbal ody beýge ulaşar? Şeýlelikde, olaryň ikisi-de söweş meý¬dany¬na girýär we leş¬gerlerine uruşdan el çekmeklerini buýurýar. Isgender Fur bi¬len tutluşyp başlaýar. Bu tutluşykda güýçlülik we rüstemlik Fur bilen hemra bolupdyr. Emma asmanyň bagtyýarlygy we Per¬wer¬digä¬riň ýardamy adama medet bermese, onuň güýç-kuw¬wa¬tyn¬dan ne peýda?! Hindileriň leşge¬rin¬den birtopary aýaga ga¬lyp, gygyrýarlar we olaryň sesi Furuň gulagyna ýetýär. Ol özün¬¬den gapyl galyp, goh-galmagalyň näme üçin-di¬gini bilmek üçin ýüzüni sowýar. Ol ýüzüni sowan badyna Isgender pursat tapyp, ot ýagdyryjy ýalaw gylyç bilen onuň başyny teninden jyda edýär we söweş meýdanyna taşlaýar. Soňra leşgeriniň merkezine baryp durýar. Hindiler bu haly görüp, ilki hüjüm etjek bolsalar-da, soňra puşman edýärler. Isgender olara amanlyk berýär. Olaryň ählisi ýaraglaryny taşlaýarlar we oňa tabyn hökmünde başlaryny egýärler. Ol welaýat doly Isgenderiň ygtyýaryna geçýär. Ol Fu¬ruň perzentleriniň birini ol ýere patyşa edip goýýar we oňa sal¬gyt belläp, bu ýerden brahmanlaryň ülkesine barýar. Olar oňa pent-nesihatlar berýärler. Isgender olara hiç zyýan ýetirmeýär. Ol şol ýerden hindi Keýde hat ýazýar. Ol Isgendere tabyn bo¬lup, sylag-serpaýlar iberýär. Ol Hindistanyň ähli sebitlerini ygty¬ýaryna geçirensoň, günbatar serhetlerine tarap ugraýar. Ol ýeriň paty¬şa¬sy bir aýal bolup, onuň ady Kyzapa eken. Ol söweşmek maksady bilen öňe çykýar. Isgen¬der ondan üstün çykýar we ony tutup, ondan köp baýlyk-pul alýar. Soňra ol we¬la¬ýaty hem öz hasabyna geçirýär. Ol ýerden günbataryň iň soňky bölegine baryp, günüň batýanyny görýär. Bu barada Gur¬hany-Kerimde hem aý¬dylýar. Allatagala aýdýar: «Tä şol barşyna gün batýan ýere ýetenden soň, ol günüň bir laýly bulaga batanyny gördi» . Bu barada «Tefsir» kitaplarynda doly maglumat berilýär. Kitap uzalmaz ýaly ol bu ýerde giňişleýin beýan edilmeýär. Isgender Günbatardan Gündogara tarap ýüzlenip, Çyn ülkesine barýar. Çynyň paty¬şasy oňa boýun bolup, köp sylag-la¬ry berýär. Bu wakanyň hekaýaty hem öz ýerinde aýdylyp geçi¬ler. Soňra ol ýerden günüň dogşuny görüp, synlamak üçin Gün¬do¬garyň iň soňky bö¬legine barýar. Garaz, ol Allatagalanyň şeý¬le diýýän ýerine çenli barýar: «Tä gün dogýan ýere ýetenden soň onuň bir kowumyň üs¬tüne göterilýändigini gördi, biz olar üçin günden goranar ýaly perde-lybas hem etmändik» . Onuň diwar guruşy we onuň ýeriniň ýagdaýy barada dürli garaýyşlar bar. Gurhany-Ke¬rimde onuň togalak we mäkäm bo¬lan¬dygy ba¬rada habar berilýär. Onuň binalarynyň kä¬biri täsin yma¬ratlaryň hata¬ryn¬da getirilýär. Isgenderiň täsin-geň iş¬leri, onuň tilsimleri we ýeňişleri barada bu kitapda giňişleýin beýan edip bolmaz. Bu barada bir kitap ýazypdyrlar. Kitap alyhez¬retiň kitaplar hazynasynda saklanýar. Bu wakalaryň hakykat¬lary we syrlary şanyň nur¬ly aňynda (goý, elmydama nurly bol¬sun!) aýandygy üçin şu mukdarda gysgaldylyp ýazyldy. Onuň patyşalygyndan on dört ýyl ge¬çip, ömründen otuz alty ýyl geçensoň, jaha¬ny öz hökümdarlygyna alyp, zamananyň paty¬şa¬laryny ýeňensoň, Termiz diýen ýerde Jeý-hun¬dan geçýär. Soňra Yraga gidip, şol ýerde watan tutmak isleýär. Ol Kumys şäherine ýetýär we şol ýerde näsaglaýar. Ol müneçjimlikde zama¬na¬nyň hekimlerinden ýokary bolan Batly¬my¬ýu¬sy çagyryp, öz ahwalyny soraýar. Batlymyýus onuň işiniň elden gidendi¬gi¬ni bilse-de: «Sen ýeriň demirden we asmanyň zerden bolan ýerinde wepat bolarsyň» diýýär. Isgender bu sözi eşidip, ynamy güý¬je¬ýär we öz derdine hem-de saparyň muşakga¬ty¬na döz gelip, gidip barşyna Zuzen şäherine barýar. Ol ýerde onuň hereket edere kuwwaty we git¬mä¬ge güýji galmansoň, az wagtlap dynç alar ýaly bir saýawan gurmaklaryny buýurýar. Olaryň goş-golamlary öňe gidip, gur¬ma¬ga çadyrlary bolmansoň, mejburlykdan demir sowudy ýere ýazyp, altyn galkany bolsa saýawan edýärler. Isgender onuň saýasyna ba¬ryp, muňa gözi düşenden Batlymyýusyň aýdany ýadyna düşýär we ajalynyň ýetendigine gözi ýetýär. Ol kätibini çagyryp, ejesine hat ýazýar. Ol ejesiniň gam iýmezligini ündäp, şeýle wesýet edýär: «Meniň bu hatym saňa ýetensoň, sen sabyrlylygyň we takatlylygyň tanabyna ýapyş. Sen meniň bu ýarama em etmek, gamly ýüregime rahatlyk bermek we bu dertli tenime asudalyk bermek isleýän bolsaň, onda tagam bermek bilen eliňi giňden açyp, patyşalara we beýiklere laýyklykda supra ýaz. Ýöne sen bu saçagyň başyna betbagtçylyk çekeni çagyrman, diňe özlerine betbagtçylyk ýetmedik we hiç bir gama ýüreklerini närahat¬landyrmadyk adamlary myhmançylyga çagyr». Bu hat Zülkarneýniň ejesine baryp ýetende, ol oglunyň derejesine laýyklykda onuň ýasyny tutup, saçak ýazýar we şeýle mazmunda jar çekdirýär: «Asman käsesinden betbagtlyk şerbetini içmedik we pelek başyndan gam zarbasy ýetmedik adam şu supralaryň başyna gelsin». Aýtmaklaryna görä, jarçy bir ýyllap jar çekip ýörse-de, hiç bir aýak ol ýeriň bosagasyndan basmandyr we hiç el ol supralaryň başyndan çörek döwmändir. Şondan soň Zülkarneýniň ejesi onuň beýle diýmeginden ejesine bu älemde perzent aýralygynyň derdini çekeniň we öz ýürekparasyndan köýeniň diňe özi däldigini düşündirjek bolandygyna aň ýetirýär. Gepiň gysgasy, Isgender älem-jahany basyp alýar we patyşalardan rüstem çykýar. Emma ahyrynda bu zatlaryň baryny taşlap, dünýäden ötýär. Bu waka adamlara dünýäniň durulygynyň çökündileri aýyrmazdan we onuň rahatlygynyň dert çekmezden emele gelmeýändigini düşündirýär: Pelek saňa ýyldyz bolup parlasa, ahyr ýeter, Gam tikeni gözüňi dyrnasa, ahyr ýeter. Ýokluk, barlyk äleminde ýeke-ýalňyz Hudaý bar, Ondan başga galmaz-a, durmaz-a, ahyr ýeter. • Hekaýat Aýtmaklaryna görä, Isgender älem-jahany basyp alyp, ähli ýurtlar özüne tabyn bolandansoň, öz döwrüniň hekimleriniň iň rüstemi Aristatalis bilen maslahatlaşyp, şeýle diýýär: – Dünýä sebitlerini daş-töwerekleri bilen birlikde tertipli saklamak nähili ýol bilen miýesser bolar we ýurtlary zabt etmekde we olary aýap saklamakda nähili kada-kanunlara eýermeli? Aristatalis oňa şeýle jogap beripdir: – Bu jahan hiç wagt asuda bolmaz. Eger bir ýerde bir duşman ýüze çykaýsa, onda seniň hut özüň ony dep etmäge meşgul bol. Ýogsa hergiz erkinlik tapmarsyň. Eger äsgermezlik we geleňsizlik etseň, onda ejiz duşmanlar güýçlener we iş elden gider. Sen ýedi ülkäniň her tarapynda bir başarjaň wekil we hüşgär häkim goý. Olaryň her haýsysyna bir bölek mülk ýer berip güýçlendir. Emma ýerlerini we olaryň mümkinçiliklerini çäklendir hem-de beýleki birini oňa ýakyn et. Ol biriniň welaýaty hem şeýle görnüşde bolsun. Şonda olar öz welaýatynyň çäkleri sebäpli yzygiderli gapma-garşylykda we çekeleşikde bolarlar. Şonda olar uly terslik edip bilmezler. Sen hem şol sebäpli rahat galarsyň. Olaryň her biri duşmanlaryny ýeňjek bolar we biri-birleriniň ulalmaklaryna we güýçlenmeklerine päsgel bererler. Isgender bu pikiri halaýar we şoňa laýyklykda hem ýurt dolandyrýar. Şonuň üçin hem ol arkaýynlykda ýaşapdyr. Ol wepat bolansoň hem birnäçe wagtlap älem-jahan şeýle görnüşde bolupdyr. Her ýeriň we ýurduň patyşalary bolup, olara taýpalar patyşalary diýipdirler. Patyşalyk ilkinji patyşalardan olara geçipdir. Indi Allatagalanyň ýardamy bilen taýpalar patyşalarynyň ahwallary barada gysgaça belläp geçeris. _________________________________ Asyl nusgada bu at «Darap» hem-de «Dara» görnüşinde getirlipdir. Otparazlaryň ybadathanasy. Altyn ýumurtga – şol döwürde hazynada saklanýan altynlar ýumurtga şekilinde bolupdyr. «Subhanalla», ýagny Alla päkdir diýmek. Bu söz geň galnan ýagdaýda aýdylýar. Gurhanyň 18-nji (Gowak) süresiniň 86-njy aýaty. Müşrikler – köphudaýlylar. Gurhanyň 18-nji (Gowak) süresiniň 86-njy aýaty. Gurhanyň 18-nji (Gowak) süresiniň 90-njy aýaty. Aristatalis – Aristotel, belli ýunan akyldary, Isgenderiň döwürdeşi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |