12:56 Hekaýatlar ýygyndysy: Kyýanlylar - Güştasp | |
GÜŞTASP
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Aýtmaklaryna görä, Güştasp kämil pikirli we dürs garaýyşly patyşa bolupdyr. Emma ol özüniň döwletiniň eýýamynda bir ýalňyşlyk goýberdi. Onuň ýalňyşlygy şu aşakdakydy: Zertuşt onuň höküm sürýän döwründe peýda bolupdy. Ol palestinli bolup, birnäçe wagtlap Ermiýa pygamberiň şägirtleriniň biriniň hyzmatynda bolupdyr we ondan geň-taň ylymlary öwrenipdir. Soňra halypasynyň garşysyna çykyp, oňa her hili töhmetleri atypdyr. Ol hormatly, beýik adam bolsa-da oňa bet doga edipdir. Şonuň üçin Allatagala ony pis keseline duçar edýär. Ol şol ussadyna eden hyýanaty sebäpli şeýle kesele mübtela bolýar. Şol sebäpli ol ussadynyň ýanyndan gidip, Töwrize barýar we ýörelgesini äşgär edip, otparazlyk dinini ýola goýýar. Kakasynyň ondan ynjanlygy we şol sebäpli leşgerdäkileriň hem oňa boýun bolmaýandyklary üçin Güştaspyň hökümeti gowşapdy. Hatda Rüstem hem oňa üns bermändir we ony patyşalygy bilen gutlamandyr. Zertuştyň ýüze çykandygy we onuň toslama, daşy jäjek, içi möjek gürrüňleri Güştaspa ýetende, ol Zertuştyň üsti bilen güýçlenmegi we oňa eýerýänlerden kömek soramagy ýüregine düwýär. Şeýdip, gizlinlikde onuň ýanyna adam iberýär we ony köşgüne çagyrýar. Olar her hili ýalan sözler bilen belli bir karara gelýärler. Zertuşt Balha gelip, özüniň ýalan amallaryny mugjyza şekilinde görkezýär. Güştasp ony tassyklap, otparazlyk dinine girýär we leşgeri hem onuň ýörelgesine çagyrýar. Ol bu işe boýun bolmaýanlary öldürýär. Ol ençeme adamlary öldürip, otparazlyk dininiň däp-düzgünlerini ýola goýýar we ol dini mäkämleýär. Ol «Zent we Pazent» atly kitap ýazýar. Güştaspyň buýrugy boýunça on iki müň sygryň derisini kümüşden dolduryp, ol ki eredilen zer bilen derilere ýazýarlar we ony Istehr galasynda saklap, garamaýaklary ony öwrenmekden saklaýarlar . Zertuşt Balhdan çykyp, başga şäherlere barýar we halky öz dinine çagyrýar. Halklaryň köpüsi onuň çakylygyny kabul edýärler. Onuň pygamberlik çakylygyndan otuz bäş ýyl geçende Nusaý şäherinde bir adam ony para-para edip öldürýär. Ol ýetmiş ýedi ýaşapdyr. Bu habar Güştaspa ýetende, ol örän gynanýar we şol öldüren adamy ele salyp, ony öldürýär. Soňra Jamaspy onuň ýerinde goýýar. Jamasp otparazlyk dinini rowaçlandyrýar we bu batyl ýörelge älem-jahanda ösüş tapýar. Hekaýat Aýtmaklaryna görä, Güştaspyň höküm süren eýýamynda Turan ülkesiniň patyşasy Erjasp bolup, ol Afrasyýabyň perzentlerinden eken. Ol özüniň köne kinesini eýranlylardan çykarmak pursatynyň gözleginde bolupdyr. Erjasp Güştaspyň dinini üýtgedendigini we gowşak pikirlidigini görüp, ata-babalaryň ýörelgelerine garşy çykmagyň ony batyllyga eltjekdigine göz ýetirýär. Şeýlelikde, ol söweş esbaplaryny we jeň gurallaryny taýýarlamaga meşgullanyp başlaýar. Ol bu işi ýöredip, birden hüjüm eder ýaly bahana we pursat gözläp başlaýar. Ahyrynda, Güştaspa betbagtlyk ýolugyp, ol Erjaspa nama ýazyp, ony zertuşt dinine çagyryp, ilçi iberýär. Haçanda bu hat Erjaspa ýetende, ol gödek jogap berip, ýakymsyz mazmunly hat ýazýar. Ol hatynda şeýle jümleleri ýazypdyr: «Seniň eden bu işiň başgalary-da oňa çagyrar ýaly beýle bir gowy hem öwgüli iş däldir! Sen ata-babalarymyzyň dinini taşlan bir näkes we pes adamyň yzyna düşdüň. Eger bu batyl mezhebi terk etseň, ikimiziň aramyzda ylalaşyk berkarar bolar. Eger sen bu ýoluňda aýak diräp dursaň, öňki duşmançylygymyz üçin däl-de, belki dini gaýratym üçin Eýranşähriň topragynyň külüni ýyndam atlarymyň toýnaklarynyň zarbalary bilen arşyň ataş küresine ibererin». Erjaspyň haty Güştaspa gelip ýetende, ol diýseň ynjaýar we hatyň jogabyny şeýle ýazýar: «Seniň aýagyňy ýorganyňa görä uzatmaýandygyňy we tabynlyk halkasyndan boýun gaçyrandygyňy, öz derejäňe mynasyp hat ýazmandygyňy gördük. Sen hatyň jogabyny eşitmersiň, belki ony görersiň. Wessalam». Soňra Güştasp leşger jemläp, paýtagtyndan hereket edýär. Ol birinji menzile ýetende, Jamaspy çagyryp, ýyldyzlaryň ahwalatyndan we täleýiň bagt getirmeginden we şumlugyndan habar soraýar. Jamasp oý-pikire batýar we başyny aşak salyp, şeýle diýýär: – Eý patyşa! Käşgi men bolmasadym, eger bolan bolsamam şu ylmy bilmesedim, eger bilsem hem sen menden soramasadyň. Ýöne sen bu zady menden soradyň. Eger jogap bermesem, permanyňa boýun bolmadygym bolar. Meniň aýtjak syrlarym saňa ýaraman, maňa zeper ýetirmegiň mümkin. Eger sen meni öz gazabyňdan aman goýsaň, onda men pelegiň syrlaryny seniň hyzmatyňda beýan edeýin. Şonda patyşa nämäni makul bilse eder. Güştasp oňa: – Saňa näme aýan bolan bolsa hökman aýtmalysyň – diýýär. Jamasp oňa: – Seniň öňüňdäki söweşde ilki zarba saňa deger. Seniň ýakynlaryňdan, garyndaşlaryňdan, söweşjeňleriňden, we perzentleriňdir doganlaryňdan köpüsi öldüriler. Emma ahyrynda ýeňiş saňa ýeter, seniň işiň güýçlener we seniň duşmanyň ýeňler – diýýär. Güştasp bu sözden gama batyp: – Perzentlerim, doganlarym we dost-ýarlarym bolmasa, nähili hoşluk bolar?! Ezizlerden jyda düşmekden ölüm ýagşyrakdyr. Eger men geleňsizlik bilen biperwaýlyk etsem we bu söweşi ýatyrsam hem bu iş hökman ýüze çykar. Şonuň üçin olaryň ýagşy at bilen öldürilmekleri, aýallar ýaly öýlerinde mesgen tutmaklaryndan ýagşyrakdyr – diýdi. Şeýdip, ol ýöriş edýär we menzilme-menzil öňe gidýär. Ol aňtawçylary iberýär. Olar biri-birlerine ýakynlaşyp, leşgerler öňe çykyp, saplar düzülensoň, güýçli taýýarlyk görüp, söweşe girýärler. Tebil owazy çakylyk dili bilen ajal habaryny amanlyk isleýänleriň gulagyna ýetirip başlady. Baýdak şiri bady-sabanyň öwsüminde amanat jan bilen ýaşaýardy, ýalaw reňkli baş çakyjy (dişleýji) gylyç söweşjeňleriň süýr depesinden gyrmyzy-gülgün gan içýärdi, takdyr biçimçisi ýiti iňňe bilen duşmanyň gözüni tikýärdi, ýazgyt gaýçysy batyrlaryň bakylyk donuny çäk edýärdi. Pelegiň sekiz gözenegi: «Kime üstünlik bereliň?» diýip, uruş meýdanynyň töweregine jemlenýärdiler. Sekiz gün geçdi, ýedi gat ýer atlaryň toýnak sarsgynlaryndan simap deýin sandyraýardy. Eýran serkerdelerinden alty kişi öldürildi, bäş duýgy olaryň ölümine gan aglady. Älemiň dört burçy tolkun atdy. Güştaspyň perzentlerinden üç kişi atasynyň öňünde başyny pida etdi. Olar iki sebitde, Magrypda we Maşrykda ýeke-täkdiler we taýsyzdylar. Ispendiýar, Zerriniň ogly we Eýranyň beýleki söweş-jeňleri bu ýagdaýy görüp, ýürek derdinden we gursak odundan şeýle bir hüjüm edipdirler welin, daglaryň ýüregine sarsgyn düşüp, güneş gylyçlaryň uçgunyndan gorkup, bulutlaryň arasynda mesgen tutupdyr. Olar bir pursatda we bir hüjümde türkleri dargadyp, olaryň hataryny pytradyp, boýnundan gylyç gynyny ýasapdyrlar. Olar yza çekilmegi ganymat bilip, gaçmagy karar edinýärler. Mähnet garaňkylygynyň toplumyndan soň, halas ediji daň olara nur bagyş edýär. Erjasp yza çekilip, ýeňilýär. Güştasp leşgerdäkileri hoşamaý sözler bilen öwgüläp, olara köp sowgatlar we gymmatbaha sylaglar berýär. Ol Balhda ataşkede gurýar. Ol ataşkedäni Azernuş diýip atlandyrýarlar. Ol patyşalygyň düzgün-tertibini täzeläp, Ispendiýary Yragy ymarat etmek üçin ol ýere iberýär. Özi bolsa Balhda mesgen tutýar. Beýt Şükür – lukma, iýip bilmez her kişi, Kä içer çökündi, käte duryny. Serwi agaja ol beýiklik beripdi, Soňam dertden ýaňa egendir ony. _______________________________ Zertuşt dini ýörelgesiniň mukaddes kitaby saýylýan «Awesta» kitabynyň düşündirişi we onuň pählewi diline terjime edilen nusgasy. Zent we Pazent diýip ot ýakmak üçin ulanylýan iki sany taýaga aýdylýar. Zertuşt dini otparazlyk dini bolansoň, oňa şeýle at berlen bolmagy mümkin. «Garamaýaklary ony öwrenmekden saklaýarlar» diýen jümlä şeýle düşünmeli: Öňki döwürlerde pygamberlik dawasyny edip, özleriçe dini ýörel-geleriň esasyny goýan şahslar garamaýak halk, umuman adamlar düşünip bilmez ýaly usulda kitap döredipdirler. Olar halkyň haýyrlanmagy üçin däl-de, eýsem diňe ruhanylar dini däp-dessurlarda olary okar ýaly çylşyrymly hem düşnüksiz edip ýazypdyrlar. Bu ýerde ýazar gürrüňi çeperleşdirip, sekiz sandan bir sana çenli täsin sözlemleri düzüpdir. Ataşkede – otparazlaryň mydama ot ýanyp duran ybadathanasy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |