22:09 Hekaýatlar ýygyndysy: Kyýanlylar - Ispendiýar | |
ISPENDIÝAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ispendiýar Yraga gidensoň onuň juwanlyk kuwwaty, merdanalyk şan-şöhraty, güýjüniň ägirtligi we buýrugynyň ýörgünligi patyşalyk islegine we mülkdarlygy talap etmegine sebäp bolupdyr. Şeýlelikde, ol kakasyny boşadyp we işinden daşlaşdyryp, özi patyşalyga geçmegi niýet edinýär. Ol özüniň bu niýetini amala aşyrmaga girişmezinden ozal, habarçylar Ispendiýaryň nähili pikirdedigini Güştaspa ýetirýärler. Güştasp Jamaspy ony getirmek üçin iberýär. Jamasp Ispendiýaryň ýanyna baryp, ilçilik düzgünlerini ýerine ýetirensoň, ol boýun bolmakdan başga çäre tapmaýar we Jamasp bilen bilelikde kakasynyň huzuryna barýar. Güştasp ony näletläp, dili bilen ynjydyp şeýle diýýär: – Sen meniň diriligimde patyşalyk dawasyny etmäge şerim-haýa etmediňmi? Seniň baýlykdan we nazy-nygmatlardan näme kemiň bardy, meniň senden başga perzentlerim we agtyklarym ýokmy? Indi senden şeýle uly kemçilik ýüze çykansoň, başgalaryň hem ybrat almagy üçin saňa ejir bermegim gerek. Soňra Güştaspyň buýrugy bilen Ispendiýaryň aýagyna agyr zynjyrlar urup, ony berk galada saklap, rehimsiz adamlary sakçy goýýarlar. Bu habar Erjaspa ýetende, ol diýseň şatlanyp: – Güştasp bir sus pikirli adam, Ispendiýar ýaly ogly tussag etmeklige ony bet bagty we ýaramaz ykbaly iteripdir – diýýär. Soňra ol ýene-de leşger toplap, pursaty ganymat bilip, birden Balha girýär. Luhrasp garran bolsa-da, heniz diridi. Ol birnäçe adamy daşyna üýşürip, olaryň öňünden çykýar we garrylygyna garamazdan, şeýle bir derejede mertlik we merdanalyk görkezýär welin, adamlar Ispendiýar tussaglykdan goýberilendir öýdüpdirler. Ol şol söweşde garrylygyna garamazdan, ýüz adamy öldürýär. Ahyrynda, howanyň yssylygyndan we özüniň gowşaklygyndan ýere ýykylyp, jany asyl maksadyna ýetýär. Türkler Balh şäherini talaýarlar. Olar Balhdaky ataşkedeleriň ählisini weýran edip, birnäçe ýyldan bäri ýakylan ody halkyň ganlary bilen öçürip, otparaz ulamalaryndan ýetmiş adamy dara çekýärler we Güştaspyň gyzyny ýesir alýarlar. Bu habar Güştaspa baryp ýetende, jahan gözüne tümlük we garaňky bolup görünýär. Soňra ol ar almak üçin aýaga galýar. Leşger toplap, duşmany garşylamaga çykýar we söweş esbabyny taýýarlaýar. Olar biri-birleriniň öňünde hatarlar düzüp, şeýle bir söweşipdirler welin, pelegiň gulagy heniz şeýle söweşi eşitmändi, zamananyň gözi beýle urşy görmändi. Gylyç hutbaçysy boýun münberinde hutba okaýardy, azap buludy şol çölde gan silini akdyrýardy. Ýyndam atlaryň zedrjet-mawy toýnaklary şeýle bir derejede gyrmyzy ganlara bulaşypdy weli, gyzyl hakyk daşy ýaly bolup, hünji reňkli peýkamyň ýarasyndan edermenleriň ýüz-keşbi gyzyl lagla öwrülipdi. Söweş üç gije-gündiz dowam edýär. Güş¬taspyň bir ogly öldürilýär, leşgeriniň köpüsini ot deýin ýalaw gylyçdan geçirýärler. Güştasp beýikliginden ýaňa pelek bilen bäsleşýän hem-de aralaryndan geçmek kyn bolan bir dagda penalanýar. Erjasp dagyň daş-töweregini gurşap alýar. Güştasp çykgynsyz ýagdaýa düşýär. Azyk-iýmitler gutarýar. Ol Jamaspy iberip, Ispendiýardan ötünç sorap, ony getirmekden başga çykalga tapmaýar. Jamasp gyssanmaçlykdan ýaňa ýelden hem ozup, Symrugdan ýelekdir ganatyny amanat alyp, tiz wagtyň içinde Parsyň Istehr diýen şäherine barýar. Ol Ispendiýaryň huzuryna baryp, edep zeminini ogşap, kakasynyň sargydyny ýetirýär. Ispendiýar oňa: – Kakamyň howsalaly ýagdaýda soran ötünjini nädip kabul edip bolar? Hiç bolmanda meniň eden günä işim bir bar bolsady, onda men şu wagt onuň geçilmegi üçin doga-dilege meşgul bolardym – diýýär. Jamasp oňa: – Seniň ähli aýdan sözleriň dogry. Emma kakaň saňa kast eden hem bolsa, seniň doganlaryň hiç günäsi ýokdur. Olar bu gün Erjaspyň elinde öldürildi. Olardan ar almak seniň boýnuňda parzdyr. Sen bu işi gijikdirseň bolmaz, sebäbi aýal doganyň hem türkleriň elinde. Olaryň garadangaýtmazlygy bolsa hemmelere mälim – diýdi. Bu sözleri eşidende, Ispendiýaryň gaýrat ataşy tutaşyp başlaýar. Ol: – Kakamyň ýanyna barmagy kabul etdim. Men ar almak üçin bilimi guşaryn. Men Erjaspyň adamlaryny edil bil halkasy ýaly guşak astyna salýançam, ar almakdan elimi çekmerin – diýýär. Jamaspyň buýrugy boýunça, demir ussalaryny çagyryp, onuň zynjyrlaryny açýarlar. Ispendiýar bir silkinip: – Meniň şu wagta çenli bu zynjyrlaryň astynda sabyr edip durmagym mejburlykdan bolman, öz ygtyýarymady. Bu meniň kakamyň razylygy üçin bolup, onuň daňan zynjyrlaryny özüm açmagy mynasyp görmedim – diýýär. Soňra ol hammama girýär, işleri düzgün-tertibe salýar we söweş donuny geýip, Jamasp bilen bilelikde atlanýar. Erjaspyň sap düzen ýeri bolan dagyň etegine barýar we özüniň bilýän ýerinden daga çykmak isleýär. Şol gije howa şeýle bir garaňky bolupdyr welin, nebit çüýşesi pelegiň ýüzüne örtülen ýaly bolupdyr. Birnäçe adamlar onuň ýanyna gelip: – Siz kim? – diýip soraýar. Ispendiýar: – Siz kimi gözleýärsiňiz? – diýýär. Olar: – Aýtmaklaryna görä, Ispendiýar Istehr galasyndan çykyp, şu oba gelip, daga çykypdyr. Siz çäksiz gapyllykdan ony görmänsiň. Bize: «Olaryň boýnuny çapyň, goý mundan soň beýlekiler şeýle gapyllyk we ýeňilkellelik etmesinler» diýip buýruk berildi – diýýärler. Soňra Ispendiýar gylyjyny syryp, olaryň daşyna geçýär we köpüsini öldürip, dagyň depesine çykýar. Ol kakasynyň hyzmatyna baryp, bendelik düşegini ogşap, Güştaspyň huzurynda gözýaş dürlerini ýagdyrýar. Kakasy oglundan ötünç sorap, oňa hoşamaýlyklar görkezýär. Ol kakasynyň ötünjini uly kera¬mat hasaplap: – Men bir bende we boýun egijidirin. Hojaýynlar bendelerine näme buýursalar, olara boýun bolmakdan başga zat ýaraşmaz. Kakamyň men baradaky karary meniň peýdama boldy we meniň terbiýelenmegime we edeplenmegime sebäp boldy – diýýär. Soňra leşgerleri toplap, üç günden soň dagdan sil kimin inýärler. Erjaspyň leşgeri hem hatarlar düzüp, söweşe girýär. Söweş ataşy tutaşýar, dürli-dürli bela-beterler adamlara ýüzlenýär, ot şekilli ýalaw gylyçlar söweşjeňleriň tenlerinden gyn ýasaýar, şahap şekilli ot saçyjy naýzalar aýlanyp başlaýar, sowut deşiji peýkamlar syr deýin gursaklarda ornaşýar, demir deşiji atlar beýikleriň başlaryny aýaklarynyň astyna alýar. Ispendiýar aç şir kimin hüjüm edip, takdyr we ýazgyt ýaly adamlary agdarar eken. Ahyry, Erjasp yza çekilýär we ýeňilýär. Olar söweşden ýeňse öwrensoň, yzlaryna seretmediler. Erjasp iň soňy, müň hile bilen Termiz derýasyndan geçip, howpsuz ýere ýetýär. Onuň leşgeri aman soraýar. Olaryň käbiri aman galyp, ýesir düşýär, ýene birtopary panylyk hatyny okaýarlar. Ispendiýar ýeňşiň we üstünligiň penasynda, kakasynyň huzuryna barýar. Kakasy ogluny ezizläp, köp sylag-serpaýlar berýär. Beýt Şeýle Aýy bolan wagty pelegiň, Hem-de şeýle beýik ogly bolanyň, Donunyň ýeňinde gün dogup dursa, Aý hem gapysynda gujagyn gerse, Söweşde Ispendiýar bolsa, bek belle, Jahanda şan gazanardy mertlikde. Wezir çäresinden soltan duşmany, Ýok bolsun öçürşi ýaly pitnäni! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |