23:17 Hekaýatlar ýygyndysy: Rüstem we Ispendiýar | |
RÜSTEM WE ISPENDIÝAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Afrasyýabyň işi doly gutaryp, kynçylyk çözülýär. Güştasp: «Eger Ispendiýar tarapyndan şu kynçylyklar çözülse, oňa özümiň täji-tagtymy berip, özüm ahyret taýýarlygyny görjek» diýip äht edipdi. Bu kynçylyk sowlansoň, ýüregi rahatlanyp, göwni aram tapansoň, ol ýene-de tagtyndan aýrylyp bilmän, bu gün, erte diýip, bahana tapyp, gijikdirer eken. Ol Ispendiýary demir gala hem-de ýedi synagdan geçmäge iberende, meger ol gaýdyp gelmez diýen niýet bilen iberipdi. Ol şeýle synaglardan hem sag-aman gaýdyp gelensoň, kakasy oglundan gorkdy. Ol ähli oý-pikirini ony dep etmek meselesine gönükdirýär. Şeýlelikde, bir gün Ispendiýar ejesiniň ýanyna gelip: – Sen meniň kakamyň huzurynda gören renji-derdimi gördüň. Ol şu işi ýerine ýetirsem, täji-tagtyny berjekdigini we hökümdarlygy maňa tabşyrjakdygyny wada beripdi. Indi bolsa bu işi gijikdirip ýör. Ol meniň zähmetimi zaýa edip, beren ähtiniň yzynda durmaýar – diýdi. Ejesi: – Eý, jan oglum, kakaň patyşalygy saňa bermekçi. Ol häzir diňe bir nyşana hökmünde. Ähli işler seniň eliňde, eger sen birnäçe gün sabyr etseň, bu iş ondan minnetsiz saňa ýeter – diýýär. Ispendiýar ejesiniň aýdan sözlerini kakasynyň tabşyrygydyr öýdüp, gaharly halda ejesiniň ýanyndan gitdi. Soňra ol kakasyna şeýle mazmunly hat ýollady: «Patyşalar äht-peýmany bozmagy mertlik ýolunda gadagan bir zat saýýarlar. Sen birnäçe ähtler etdiň we antlar içdiň. Näme üçin sen olaryň hiç haýsyna amal etmeýärsiň? Maňa patyşalygy bermezlik üçin nähili bahana gözleýärsiň?» Güştasp bu haty okap, şeýle diýdi: – Ol dogry aýdýar. Hakykat onuň elinde we bu wezipä ondan mynasyp adam ýok. Emma ýene bir edilmedik iş bar. Men ol iş edilmezden hökümdarlygy onuň ygtyýarynda goý-sam, onda ol iş edilmez. Eger Ispendiýaryň özi dalaş edip, bu işi amala aşyrsa, onda ýurt päklener we maňa bahana galmaz. Ol iş şundan ybarat. Biziň ata-babalarymyzyň Rüstemi nähili sylaglandyklary we neneňsi ýokary derejelere çykarandyklary hemmelere mälimdir. Ol biziň döwletimiziň terbiýeläni we alyhezretlerimiziň ulaldany bolsa-da, geçen wakalarda kemkärlik görkezdi, özünden hiç bir netije ýaramly iş görkezmedi hem-de haýal-ýagallygy sebäpli ötünç hem soramady. Eşidişime görä, ol özbaşdaklykdan we ýeke kellelikden dem urýarmyş. Eger ol başyny tabynlyk ýüpünden boşatsa, başgalar hem oňa eýererler, köp perişanlyklar bolar. Eger saňa patyşalyk beriläýse hem, ahyrsoňy sen hem bu işiň gamyny iýmelisiň. Gowusy, sen meni öz oruntutaryň hasaplap, özüň Sistana git we ony hyzmat edişe we tabynlyga çagyr. Eger ol kabul edip, baş egse, ony tussag edip, meniň ýanyma getir. Men hem seniň yşaratyň we görkezmäň bilen oňa yza-ezýet bereýin, sen bolsa Rüsteme şepagatçy bol. Şonda ol dolanyp, seniň şepagatyň üçin minnetdar bolar, saňa tabyn we boýun bolar. Eger garşy çykyp, saňa boýun bolmasa we tussag edilmäge ten bermese, onda ygtyýar sende, näme etseň et-de, işi birýüzli et. Şonda seniň adyň jahanda ululyk bilen ýatlanar. Soňra tagta gadam goýup, patyşalygy alyp bilersiň. Ispendiýar: – Men Rüstemden gorkmaýaryn. Men bu işi edip bilerin. Emma onuň biziň maşgalamyza eden hyzmatlary köpdür. Onuň öňki hyzmatlaryny bir günä bilen batyl etmek bolmaz. Onuň arassa we päk garaýşyny görmezlige salmaly däl. Öz terbiýelän adamyňy pese gaçyrmaly däl. Şeýle adamy biderek ýere öldürmeli däl – diýýär. Pelek ýüz müň asyrda beýle ogul dogurmaz, Zamananyň gözüne ilmez beýle ogullar. Güştasp: – Seniň aýdan zatlaryňy men gowy bilýärin. Biziň işimiz mülk oýny däl. Nahar iýmekligiň serişdesi bolan diş zaýalansa, ony öz erkimize agyz magdanyndan aýyrýarys, eger elimiz çüýreme keseline duçar bolsa, onda başga agzalarymyzyň salamat galmagy üçin ony kesýäris. Şeýle diýipdirler: Ol garşy çykmasa, söweşmerin men, Islemese, dawa baş goşmaryn men. Tapylmasa maňa görip bolara, El üzerin göriplikden olara. – Onuň uly jenaýat edýändigi, ýagny kesirlik edip özbaşdaklyk isleýändigi maňa mälim. Şol sebäpli men onuň birden saňa zyýan ýetirmeginden gorkýaryn. Eger meniň aýdanlarym saňa täsir edýän bolsa, onda işe girişmek gerek – diýýär. Şeýlelikde, Ispendiýar çäre tapmaýar. Ol leşgeriň ululary we öz dogany Peşuten bilen maslahatlaşyp, islegini ýola goýmagyň ugruna çykýar. Ol birinji menzilde bir elhenç ýolbars görýär. Ýolbars oňa erbet garaýar. Ispendiýar oňa seredip, erbetlige ýorýar. Muňa garamazdan, ol Hirment derýasynyň kenaryna çenli baryp, şol ýerde düşleýär. Soňra öz ogly Bähmeni Sistana, Rüstemiň ýanyna ilçi hökmünde iberip, oňa şeýle diýýär: – Meniň salamymy Rüsteme ýetir we aýt: köp wagt bäri gözler seniň jemalyňdan paý almandyr. Şol sebäpli hem saňa ähdiýalan we biwepa atlaryny goýupdyrlar, şanyň ýanynda seniň adyňy ýaman edip garaldypdyrlar. Men seniň jemalyňy görmegiň arzuwyndadym. Ýöne patyşanyň permany bilen seni onuň huzuryna eltmek üçin geldim. Eger sen edep şertini we bendelik hökümini saklap, bu permany berjaý etseň, onda men patyşanyň emrine görä, seni tussag edip, onuň ýanyna äkideýin. Soňra patyşa seniň günäňi geçip, hyzmat hukugyňy eda eder ýaly, men onuň ýanynda şepagatçy bolaýyn. Eger sen muňa boýun we tabyn bolmasaň, onda ikimiziň aramyzda gylyç höküm sürer. Men hiç hili ötünçdir bahana bilen aldanmaryn. Ilçi Sistana tarap ýüzlenýär. Ol köşgüň işiginde mülkdarlaryň şekilinde oturan bir ýaşuly adamy görýär we oňa salam berip: – Sen Rüstemiň kakasymy? – diýip soraýar. Zal oňa: – Sen patyşanyň perzentlerinden bol¬maly – diýýär. Bähmen oňa: – Hawa, şeýle. Men Bähmen. Men Güştasp Ispendiýaryň ogludyryn. Kakam meni ilçi hökmünde seniň ogluň ýanyna iberdi. Ony maňa görkez, men oňa bu habary ýetireýin – diýýär. Zal oňa tagzym edip: – Oglum aw-şikardan gaýdyp gelýänçä azajyk otur we bu bendäniň öýüni husny-jemalyň bilen beze – diýýär. Emma ol: – Maňa düşmek permany berilmedi – diýýär. Şeýlelikde, Zal onuň ýany bilen Rüstemi görkezmek üçin adam iberýär. Bähmen Rüstemiň bir meşik şeraby öňünde goýup, bir gulany syhdan geçirip, ony oduň üstünde bişirip oturandygyny görýär. Ol Rüstemi beýle ýagdaýda görüp gorkýar we kakasynyň onuň bilen deň bolup bilmejekdigini aňýar. Şonda-da, ol öňe gidip, Rüstem bilen salamlaşýar. Rüstem onuň alnynda ululyk nyşanasyny görüp, onuň öňünde aýaga galýar we tagzym edýär. Ol özüniň nam-nesebini aýdansoň, ýene bir gezek ýerinden turup, onuň öňünde baş egýär we ony töre geçirýär. Onuň daş-töweregindäki hyzmatkärler oturansoň, bir gadak meý berýär, soňra ýene bir gadagy dolduryp, öňünde goýýar. Kebap taýýar bolansoň, Bähmeni çagyrýar. Olar bilelikde nahar iýýärler. Bähmen Rüstemiň nahar iýişini, şerap içişini we daýaw göwresini görüp haýran galýar. Olar nahar iýip bolansoňlar Rüstem onuň gelmeginiň sebäbini soraýar. Bähmen ilçidigini yglan edýär. Rüstem oňa: – Bu habaryň jogabyny özüm aýtsam mynasybrak bolar – diýip atlanýar we Bähmen bilen bilelikde Hirment derýasynyň kenaryna barýar. Ol Bähmene: – Sen öňräkden baryp, Ispendiýary habarly et, ondan meniň barmagym üçin rugsat al – diýýär. Bähmen öňden baryp, bolan wakany gürrüň berýär. Ispendiýar hoşal bolýar. Bähmeniň yzyndan Rüstem hem gelip ýetýär. Ispendiýar turup, onuň öňünde tagzym edýär we ony altyn kürsüde oturdýar. Ol Rüstemden hal-ahwal soraşyp, özüniň ony görmegiň arzuwynda bolandygyny aýdýar. Soňra ilçiden iberen habaryny aýdyp başlaýar. Rüstem bu sözleri eşidip geň galýar we oňa garap: – Patyşanyň permanyna boýun bolmakdan we onuň buýrugyny ýerine ýetirmekden baş¬ga çykalga ýokdur. Seniň bu ülkä gelmegiň uly iş. Meniň öwgüli adym jahanda ýaýrandyr, adamlar meni mertlik bilen tanaýarlar. Eger men özygtyýaryma elimi daňyp, aýallar ýaly patyşanyň huzuryna eltmeklerine rugsat bersem, onda meniň öwgüli adym betnamlyga öwrüler, adamlar patyşany hem näçe ýyl hyzmat eden kişiniň işini batyl edeni üçin betnamlyk bilen ýatlarlar. Eger sen ululyk edip, öz öýüň «kiçisini», ýagny Rüstemi mübärek gadamlaryň hormaty bilen bezeseň, bu bende birki günden seniň bendelik guşagyňy guşanar. Seniň geleniňi puja çykarmaz hem-de seniň hyzmatyňda gelen leşgeriň dynç alar ýaly olaryň her haýsyna elimden geljek hyzmatymy edeýin. Soňra seniň bilen bilelikde patyşanyň huzuryna baryp, ötünjimi soraýyn. Şonda ol meni bigünä saýar, hem seniň maksadyň hasyl bolar hem men betnam bolmaryn – diýýär. Ispendiýar oňa: – Bu biderek gürrüňleri goý. Men seniň el-aýagyňy daňman äkidip bilmen, çünki patyşanyň permanyndan çykma-ga hakym ýokdur. Eger el-aýagyňy daňdyrmaga boýun bolsaň, onda patyşanyň ýanyna elten badyma seni halas etjegime kepil geçýärin. Şondan soň myhmançylykdyr hyzmat ediş işlerine başlasaň bolar. Eger muňa garşy bolsaň, onda söweşe taýýar bol. «Gylyç ýazgydan has ýerlikliräk ha-bardyr» – diýýär. Rüstem oňa: – Eý, şazada, bu zatlar seniň mylaýym tebigatyňdan we keremli durkuňdan örän geň we haýran galdyryjy bolup görünýär. Men gürleşmegiň ugruna çykyp, saňa hoş sözler aýtsam, sen jeň we söweş barada söz aýdýarsyň. Men noş bolmak badasyny seniň eliňde goýsam, sen gahar zäherini maňa berýärsiň. Men dostlugyň we ylalaşygyň gürrüňini etsem, sen çekeleşigiň we çaknyşygyň gürrüňini edýärsiň. Men agşam kakamy göreýin, şazada hem öz pikirini etsin. Eger meniň el-aýagymy daňman, patyşanyň huzuryna eltmegi makul we maslahat bilse, onda ne gözel. Emma eger başga zat islese, onda islän zadyny edip biler – diýdi. Şeýlelikde, Rüstem dolanyp, şol gije Sistana gelýär. Ertesi ir bilen onuň huzuryna baryp: – Bendelik öýüniň «kiçisi – Rüstemi» öz döwletiniň ýalkymy we mübärek jemaly bilen behiştiň bagy edip, bendelerine buýsanç gaznasyny we daýanç asyndysyny bagyşlar ýaly, patyşa düýn agşam, heý, bir täze pikir edip, onuň ýüreginde rehimlilik gapysy açylmadymyka? – diýýär. Ispendiýar: – Peýdasyz gürrüňi tekrarlamagyň hajaty ýok. Sen jogaby eşitdiň. Ýa aýagyňy gandala sok we gepiňi kemelt, ýa-da eliňi uruşa galdyr we uzyn naýzany göter – diýýär. Rüstem: – Sen nesihata gulak asmaýarsyň. Men ertir ir bilen söweş esbabyny taýýarlaryn we bu işiň hötdesinden gelerin – diýýär. Şeýdip, Rüstem yzyna dolanyp, ertesi ýarag göterip, Ispendiýaryň öňünde durup oňa: – Eý, şazada, men özümi bigünä saýýaryn, men tabyn hem boýundyryn. Men boýnuýogynlyk etmeýärin. Eger maslahat bilseň, ýaragymy alaýyn. Eger dostluk ýoluny abadanlaşdyrsaň, onda men hyzmat guşagyny guşanaýyn – diýýär. Ispendiýar: – Men jogabymy eýýäm aýtdym – diýýär we ýarag alyp, öňe çykyp: – Bu biziň aramyzda ýüze çykan iş. Biz ikimiz söweş meýdanyna girip, goşuny we töwerekdäkileri biri-birine zyýan ýetirer ýaly etmeli däl. Sebäbi iki tarapyň hem goşuny patyşanyň leşgeri we onuň döwletiniň adamlary we kömekçileridirler – diýýär. Rüstem hem: – Şu dogry pikir – diýip tassyklaýar. Şeýlelikde, olar ýaraglaryny alyp, ýarym günläp çekeleşýärler. Olar her hili ýarag bilen biri-birlerini synap görüpdirler. Rüstem herne hüjüm etse, Ispendiýar gaýtaryp, Ispendiýar herne ok atsa, ol dep edýärdi. Olaryň hiç haýsysy üstün çykman, olaryň arasynda söweş dowam edip durdy. Ispendiýar güýçli ýaýçy bolupdyr. Ol keman çekende, pelek berekella diýer eken. Ol oky ýaýda düzende, pelegiň ýaýynyň agzy açylar eken. Ol peýkamy şeýle bir derejede göni atýar eken welin, gözüň üstündäki agy aýryp, saçy uzynlygyna deň ýazyp biler eken. Garaz, ýaý bilen işleşmekde onuň güýji Rüstemiňkiden üstün bolupdyr. Ispendiýar her hili ýaraglar bilen synanyşyp görse-de, peýda bermeýär. Ol ahyry nalyş edýän bili bükük aşyk ýaýyň göni atyjy ok magşugy bilen peýkamyň gülküsinde gujakladýar we onuň dilsiz agzyna ýaýyň ýüpünden diş goýup, birnäçe peýkam atýar. Peýkamlaryň biri Rahşa çümüp, ony ýaralaýar. Rahş çydap bilmän owsaryny üzüp, Rüstemi ýere ýykýar. Rüstem ýaraly we ýeňlen halda öýüne tarap ýüzlenýär. Ispendiýar oňa: – Näme üçin iş soňlanýança durmaýarsyň – diýýär. Rüstem oňa: – Agşam düşdi. Jahan garaňkyrap, başlady, ertir gelerin – diýýär. Ispendiýar oňa kerem edýär we Rüsteme möhlet berýär. Ol ýagşylygyň hemme ýerde gowudygyny, emma şeýle ýerde ökünmeden başga zada eltmejegini bilmeýärdi. Öňküler aýdypdyrlar: Duşman göräýseň gark bolan halda, Goldan çekme, depesinden basgyn has. Pyrgunyň gark bolan zamanasynda, Musa gark bolmakdan bolupdy halas. Ertesi garaňkylyk baýdaklary ýatyrylyp, nur tugy parlansoň, Rüstem endamynda hiç ýara ýok halda hem-de hiç ýadawlyk alamaty ýok ýagdaýda öňe gelýär. Ajamlylar bu ýerde akyla gabat gelmeýän we ýalanlygy aýan bolan bir hekaýaty getirýärler. Bu hekaýat meşhurlygy üçin bu ýerde ýazga geçirilýär. Rüstem örän gözgyny halda Zalyň ýanyna gelende, Zal bu ýagdaýy görüp, gaty närahatlanýar we Symrugyň ýeleklerinden bir ýelegi oda taşlap, ony ýakýar. Şol bada Symrug gelip ýetýär. Zal onuň ýanyna baryp, edep zeminini ogşaýar we birnäçe goýnuň läşini onuň öňüne taşlap naharlaýar. Soňra bolan wakany gürrüň berýär. Symrug oňa teselli berip, Rüstemiň Rahşyny çagyrýar we ýelegini oňa çalýar welin, şol bada ýarasyndan gutulýar. Olar sagalýarlar hem-de olarda güýç-kuwwat emele gelýär. Soňra Symrug : – Rüstem Ispendiýar bilen egindeşlik edip bilmez, sebäbi Ispendiýarda Zertuştyň tilsimleri bar. Hiç ýarag oňa täsir etmez, meniň bilýän bir jeňňelimde bir agaç bar. Şol agaçdan ok ýasap, meniň bilýän bürgüdimiň ýelegini şoňa daňsaň, onda bu ok Ispendiýara täsir eder – diýýär. Soňra Zal ahy-nala edip, şol agaçdan ok ýasaýar. Şondan soň Rüstem Rahşa münüp, Ispendiýaryň ýanyna howlugýar. Şol wagt Ispendiýar ýatan eken. Rüstem: – Eý, ýatan adam? Arkaýyn ýatarymyz ýaly biz bilen ylalaş. Ýogsa-da, heniz howa gyzmanka, bile söweşer ýaly ýeriňden tur – diýip gygyrýar. Şahyr şeýle diýýär: Dalaş edýäs, başgalar hem dalaş edýär, Bagt kimiňki? Kime ýar ol – şoňa ýetýär. Ispendiýar ýerinden turup, düýnki ýadan we ýaralanan Rüstemi hem-de Rahşy görüp haýran galýar. Ol Rüstem gelip bilmez we söweş etmäge milt edip bilmez diýip pikir edýärdi. Soňra Ispendiýar öz doganyna ýüzlenip: – Zalyň jadygöýdigini gördüňmi? Ähli agzasy döwlen Rüstem gutulyp, ýaralanan Rahş sagalypdyr. Eger men düýn ony goýbermedik bolsam, bu gam-gussany çekmezdim – diý-ýär. Peşuten oňa: – Eý, dogan, pent kabul et, zulum etme. Onuň boýun bolmasyny kabul et, oňa garşy gidip, oňa gödek çemeleşme. Sebäbi Rüstem halkyň güneşi we dünýäsidir. Onuň güýçli täleýi we ykbaly bar. Birden ýazgyt aýaga galyp, ýaramaz göz seni tutaýmasyn – diýýär. Ispendiýar onuň aýdanlaryna gulak asmaýar. Ol düýnki hereketlerden ýaňa ýadan bolsa-da, mejbury aýaga galyp, hü-jüm edýär. Ol tozan turzup, Rüstem bilen dartyşýar. Olar iki halka ýaly ýapyşyp, biri-birlerine birnäçe urgy urýarlar. Soňra Rüstem ýüzüni asmana göterip şeýle diýýär: – Eý, meniň Hudaýym! Sen meniň bu söweşde baş göteriji bolman goranyjydygymy we ylalaşygy talap edip, maslahaty gözleýändigimi bilýänsiň. Bu gün patyşa maksadyna ýetmek üçin şeýle perman çykarypdyr. Ol maňa zulum edýär. Sen öz pazly keremiň bilen biziň aramyzda höküm et. Soňra ol şol oky ýaýda goýup çekýär we Ispendiýara tarap atyp goýberýär. Ok onuň gözüne çümüp, başynyň yz tarapyndan – ýeňsesinden çykýar. Ol okuň peýkamy gyzyl reňkli laglyň gaşyna öwrülýär we serhoş nergis lagl pyýalasy ýaly gandan dolýar. Ispendiýar dag ýaly bolup, atdan ýere ýykylýar. Bu habar Eýran leşgerine baryp ýetende, başy açyk, aýak ýalaňaç halda ol ýere baryp, başlaryna gum sowrup, külüň üstünde oturýarlar. Rüstem hem öz eden işine ökünýär. Olaryň ählisi Ispendiýaryň başujynda oturyp, aglaşyp başlaýarlar. Ispendiýar birden gözüni açýar. Görse, Rüstem we eýranlylar onuň töwereginde durlar. Ol Rüsteme seredip şeýle diýýär: – Meniň bu dadan şerbetim dadylmaly şerbetdi we bu görülmeli urgudy. Ahyrynda men bu panylyk jamyndan şerap içmelidim. Sen meni öldürmediň, meni kakamyň betgylyklylygy öldürdi. Jamasp Bähmene jahan patyşasy bolmaklygy höküm edipdir. Sen ony terbiýele we meniň perzendimiň seniň eliňde önüp-ösmegi üçin Syýawuşyň mährini ýetir. Öz yşgyňy we nazaryňy oňa sal. Sen sebäpli bolan bu waka haýyrly bolar. Rüstem oňa şeýle diýýär: – Bähmen gözümiň nury, köňlümiň şatlygy we ruhumyň rahatlygy bolar. Men seniň we Haktagalanyň öňünde ogluňa hyzmat etmäge bilimi guşap, döwlet işlerini ýola goýmakda dalaş etjekdigime we onuň hal-ýagdaýyna we patyşalygyna degişli işlerde hiç hili kemkärlik etmejegime äht edýärin. Soňra Ispendiýar Allany birligini ýene-de bir gezek ykrar edip, janyny Haka tabşyrýar: Bu dünýä ýürek baglama, seret nähili boldy, Erbet hadysalara Ispendiýar ýüzärlik ýaly ýandy. Hemmeler gitseler-de, jahan şasy baky galsyn, Dünýä güneşi Iltemiş , zamana patyşasy bolsun! Dergähinde bendelerden bolsa bir kemter bende hem, Mertlik wagtynda ýüz sany Ispendiýardyr hem Rüstem. Mülkdarlyk weziriniň pikiri bilen bezelýär, Nowbaharda bag-bakjalar öňküden has gözel bolýar. Adyllyk eýesidir Nyzamylmülküň ýoly, Jomartlykda güneş hem-de sahylykda deňiz ýaly. Ahyrynda Ispendiýar Rüstemiň elinde öldürilensoň, ähli halk ondan ynjaýar. Zal Rüsteme ýüzlenip şeýle diýýär: – Sen Ispendiýary öldürdim diýip pikir etme. Sen özüňi öldürdiň. Sebäbi men akyldarlardan bu wakadan soň biziň neslimiziň ýitip, jahanda şan-şöhratymyzyň kemeljekdigi barada eşitdim. Rüstem bu sözi eşidip, oý-pikire batýar. Köp wagt geçmänkä, Rüstemiň dogany Şagat öz doganynyň ganyna galýar. Bu waka şeýle bolup geçýär: Rüstemiň Şagat atly bir dogany bardy. Onuň doglan wagty müneçjimler: «Samyň neberesi şunuň eli bilen ýok bolar hem-de ol nesilden nam-nyşan galmaz» diýip, habar beripdirler. Oňa kabul patyşasynyň gyzyny alyp beripdirler. Ol öz dogany Rüsteme özüne Kabul welaýatyny bermek we onuň pajyny tabşyrmak barada hat ýazyp, ilçi ugradýar. Rüstem oňa boýun bolmaýar we üns bermeýär. Şagat mundan öň hem öz doganyndan kineli bolsa-da, bu gezek onuň göripligi artyp, duşmanlyk binasy berkeýär. Ol Rüstemi Kabula çagyryp, ony heläk etmek hem-de Zabulyň we Kabulyň häkimiýetini özüne ýeter ýaly etmek üçin gizlin iş görüp başlaýar. Şeýlelikde, Şagat Rüstemiň ýanyna gidip, gaýynatasy hakynda: «Ol meni mejlisinde ynjydýar, bihormatlyk edýär. Seni ýatlap, buýsananymda, seni äsgermezlik edýär. Ony jezalandyrmagyň wagty gelipdir. Sebäbi baýlygynyň köplügi ony tekepbir edipdir we patyşalyk köki onuň beýnisinde berk-leşipdir» diýip, arz-şikaýat edýär. Rüstem: – Men onuň üstüne leşger bilen çozar ýaly onuň haýbaty ýok. Men aw-şikara gitmek maksady bilen Kabula bararyn. Eger ol meniň öňümden çykyp, meni garşylasa oňa käýärin, eger-de ol bu işi etmese, onda el-aýagyny daňyp getirer ýaly adam ibererin – diýýär we şu niýet bilen ýola düşýär. Şagat oňa: – Ol seniň geljegiňden habarly bolsa, onda onuň ýüz öwrüp gaçmagy mümkin. Biziň asyl maksadymyz amala aşar ýaly, meniň öňden gidip, ony saklamagym gerek – diýýär. Rüstem onuň aýdanyny makullaýar. Şagat öňden hereket edip, gaýynatasyny bu haldan habardar edýär. Şagat we ýaranlary ýolda birnäçe ýerde çukurlar gazyp, olaryň üstüni samandyr çybyklar bilen örtüp, olaryň içinde naýzadyr hanjarlar oturdýarlar hem-de gözlerini ýola dikip garaşýarlar. Rüstem ýakyn gelende, Şagat öňünden çykyp, onuň ýanynda atdan düşýär we edep zeminini ogşap: – Siz jenabyň bu ülkä geljekdigiňiz barada habarym ýokdy. Ýogsa hyzmat ediş däplerini doly ýola goýardym – diýýär. Soňra ol jylawy hyzmatkärleriň elinden alyp, ýola rowana bolýar we ýuwaş-ýuwaşdan hereket edýär. Çukuryň ýanyna baranlarynda, öňden pyýada barýan Şagat ýuwaşlyk bilen çukuryň üstünden geçýär. Rüstem Rahşy onuň yzyndan sürüp barşyna bilelikde çukura gaçýar. Çukurdaky hanjarlar olaryň endamyna şeýle derejede zeper ýetiripdir welin, çukur olaryň ganyndan dolupdyr. Soňra Şagat, gaýnatasy we emeldarlary Rüstemiň hyzmatkärlerine hüjüm edip, ählisini gylyçdan geçirýärler. Rüstem şol çukurda galýar. Rüstem ussatlyk bilen özüni çukurdan çykarýar. Ol teni ýaraly hassa halda, dogrudan hem ölümi görüpdir. Birden agajyň arkasynda durup, öz bolşuny synlamaga gelen Şagada onuň gözi düşýär. Rüstem ony görüp: – Ýaramaz iş etdiň we özüňe zyýan etdiň, sen özüňi hem-de meni heläkçilige saldyň. Häzir ajal sakysy panylyk bulguryny meniň elimde goýupdyr we sen sebäpli şerap içdirýär. Indi eger şirdir möjek maňa topulsa, olary dep eder ýaly bir ýaý we birnäçe peýkam ber. Meniň sanalgy demim galypdyr – diýip gygyrýar. Şagat onuň aýdanlaryna aldanyp, oňa ýaý hem ok berýär we özi yzyna dolanmakçy bolýar. Ol arka öwren badyna Rüstem bir oky ýaýda oturdyp, oňa tarap atýar. Ok ony agaja çüýleýär hem-de bu ok zerarly älem-jahan onuň gözüne garaňky bolup görünýär. Rüstem asmana seredip: – Eý, Hudaý-a! Özümi öldüreni öz elim bilen öldürmäge maňa kuwwat bereniň üçin saňa şükür edýärin – diýýär we onuň ruhy ýokary gatlaklara rowana bolýar. Mawy lybasly pelek ýas tutanlaryň gara lybasyny görüp, onuň ýogalanyna matam tutup başlaýar. Sistanlylar onuň wepat bolandygy üçin gözlerinden gan ýaşy ýagdyryp, ýürek agyrdyjy ýas tutup, köp ahy-nala edipdirler. Zal Rüstemiň ogly Feramerzi kakasynyň aryny almak üçin Kabula iberýär. Ol leşger taýýarlap, ýola düşýär. Ol birnäçe gazaply söweşler edip, üstünlikli ýeňiş gazanýar. Ol şany hem-de onuň emeldarlaryny öldürip, ähli baýlyklaryny talaýar. Onuň haremhanasyndakylary ýesir alýar hem-de kakasyny we agasy Şagady Sistana iberýär. Eýýamyň dili edil saýrak bilbil ýaly müň dessan bilen Dessan Zalyň oglunyň kyssasyny älemdäkileriň gulagyna ýetirýär. Rüstem özüniň şonça güýji we başarjaňlygy bilen bu bili bükük garry pelegiň elinden amanda galmandyr. Akylly adam bu dünýä bil baglamaly däldir, eger birnäçe gün onuň islegine görä dem ursa-da, oňa aldanmaly däldir. Sam ölümiň elinden halas bolmady, ne Zal panylyk zilzilesinden amanda galdy, ne-de Rüstem pelegiň zulumyndan halas boldy. Nazm Iki günlük ykbaly horramlykdan daş kylgyn, Köpeldikçe azalýan iki hepdeli aý bilgil. Näçeler synasaň-da, bakylyk ýok ykbala, Ahyr senem pany bolup, düşdüň, gör-ä bu ýola. Hekaýat Aýtmaklaryna görä, Rüstem Ispendiýary öldürensoň, Güştaspa ýürek derdini öz içine alýan hat ýazýar we bolan wakany beýan edýär. Ol özüniň hatynda şeýle diýipdir: «Men bu bolan wakada bigünädim. Men jebri-jepa ýolundan wepalyk ýoluna eýermek üçin hernäçe dalaş etsem-de, peýda bermedi». Haçanda bu hat Güştaspa ýetende, ol özüniň bu ýaramaz işinden ökünýär, älem-jahan onuň gözüne garaňky görünýär, dirilik tanapy çüýreýär. Ol Rüstemiň hatyny okap, Peşuten hem bu waka şaýatlyk berensoň, Rüstemiň ötünjini kabul edýär. Ispendiýar Bähmeni terbiýelemek üçin ony Rüsteme tabşyrýar. Güştasp Bähmeni yzyna ýollamak üçin Rüsteme hat ýazýar. Ençe ýyl geçenden soň Güştasp bir ýüz altmyş ýyl höküm sürensoň, panylykdan bakylyk älemine göç edýär. Ol Bähmeni öz oruntutary edip bellänligi üçin, täji-tagty oňa bagyşlaýarlar. ____________________________________ Rüstemiň atynyň ady. Bu ýerde säwlik gidipdir, «Iltutmuş» bolmaly. Zilzile – titreme. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |