00:16 Hekim Atadan habar alsak | |
HEKIM ATADAN HABAR ALSAK
Edebi makalalar
Öňi bilen makalamyzyň dünýä inmegine sebäp bolan wakany ýatlasym gelýär. Änew posýologynda ýerleşýän mekdepde Magtymguly şahyryň ýubileýi mynasybetli duşuşyk geçirdik. Özara sorag-jogaplaryň arasynda okuwçylaryň biri: «Magtymguly goşgy ýazmagy kimden öwrendikä?» diýen soragy orta atdy. Elbetde, bilesigeliji okuwçy bu ýerde şahyryň hatyralan halypasy kim bolupdyr, onuň döredijiligine haýsy şahyr has güýçli täsir edipdir diýen soraglara jogap almak isländir. Sorag ýerliklidi. Hakykatdan hem her bir uly söz ussady özünden ozalky çeperçilik däplerini, edebi nusgalary gutulgysyz häsiýetde dowam etdirýär, ösdürýär. Bu kanunalaýyk edebi hadysa. Şol bir wagtyň özünde döredijilik işine ýaňy girişip ugran geljekki ussada aýratyn täsir edýän şahyrlar bolýar. Olaryň täsiri ylaýta-da, şol ussadyň ýaşlyk döwründe, döredijiliginiň ilkinji ädimlerinde güýçli duýulýar. Biziň pikirimizçe, olar köpem bolmaýar. Mysal üçin, belli sowet ýazyjysy Korneý Çukowskiý özüniň Lenin baýragyna mynasyp bolan «Nekrasowyň ussatlygy» diýen işinde Nekrasowyň döredijilik halypalarynyň asla köp bolmandygyny, onuň çeperçilik gözlegleriniň hem tapyndylarynyň, esasan, Puşkiniň hem Gogolyň döredijilik mirasy bilen baglydygyny iňňän ynandyryjy häsiýetde açyp görkezdi. Eýsem şeýle bolsa Magtymgulynyň edebi halypalary kimlerkä? Eger şu barada oýlansaň, şahyryň döredijiliginde däp hem täzeçillik meselesi barada edilen käbir işlerde duş gelýän pikirler ýadyňa düşýär. Şol işlerde Magtymguludan öň ýaşap geçen haýsydyr bir Gündogar şahyrynda onuňka meňzeş pikir ýa-da tötänleýin gabat gelýän setir duşaýsa, onda hökman Pyragy şol şahyrdan täsirlenen, göz alan edilip görkezilýär. Biziň pikirimizçe, meseläniň şeýle goýluşy onçakly ynandyryjy däl. Sebäbi bir meňzeş durmuşda ýaşan şahyrlaryň şol bir pikiri biri-birinden bihabar aýtmagy bolup biljek zat. Ýa bolmasa edebiýatda hemişelik temalar bolýar. Şunuň hem ýokarky ýaly ýagdaýa sebäp bolmagy mümkin. Aýry-aýry şahyrlaryň şol bir hadysa, ýagdaý, obekt, predmet barada bir hili pikire gelip biljekdigini hem hasaba almak gerek. Mysal üçin, Magtymgulyda «Ak puly saklarlar gara gün üçin» diýen setir bar. Edil şeýle setir Nekrasowyň döredijiliginde hem gabat gelýär. Emma Nekrasow Magtymguludan täsirlenipdir diýsek juda gülkünç bolardy. Gysgasy, döredijilik täsirini diňe tematikadan gözlemek meseläniň doly çözülmegine esas berip bilmeýär. Ýene bir ýagdaý bar. Magtymguly öz döredijiliginde Gündogaryň ýigrimä golaý şahyryny hormat bilen dile alýar. Aýratyn hem «San bolsam» diýen goşgusynda şol şahyrlaryň uly topary, hatda olaryň meşhur eserleri ýatlanýar. Şahyr goşguda şol söz ussatlarynyň halk arasyndaky mertebesine guwanýar. «Alarnyyň ýanynda menem san bolsam» diýip, olaryň derejesine ýetmegi arzuw edýär. Olaryň eserlerini söýüp okandygyny aýdýar. Ýöne ol ýa-da beýleki şahyra sapna goýmak, olaryň eserlerini söýüp okamak döredijilik täsirini aňlatmaýar. Aslynda, hakyky şahyr her gowy görýän şahyryndan, okan eserinden täsirlenip galama ýapyşmaýar. Biziň pikirimizçe, geçmiş edebiýatyň ol ýa-da beýleki şahyrynyň arasynda döredijilik ilteşigini žanrlaýyn öwrenmek garaşylan netijä eltip biler. Sebäbi geçmiş şahyrlaryň döredijilik ussatlygy aýry-aýry eserleriň mysalynda däl, eýsem anyk žanrlaryň mysalynda ýüze çykýar. Başgaça aýtsak, şahyr söýgüli žanrynyň özünden öňki ähli çeperçilik tejribesini doly özleşdiren hem onuň üstüne özüniň täzeçillik tapyndylaryny goşup bilen ýagdaýynda onuň žanr-stil özboluşlylygy emele gelýär. Edil şonuň ýaly, Magtymgulynyň döredijilik halypalaryny hem şahyryň eý gören žanrlarynyň taryhy bilen bagly öwrenip, dogry aýan edip bolar. Şeýle bolsa Magtymgulynyň eserlerini elinden goýman okan, şahyryň döredijilik dünýäsiniň kemala gelmeginde düýpli rol oýnan halypalary kimlerkä? Elbetde, bu ýerde olaryň hemmesi barada gürrüň etmek mümkin däl. Şoňa görä-de, biz olaryň diňe birisi bilen okyjylary tanyşdyrmagy makul gördük. Süleýman Bakyrgany! Ine, Magtymgulynyň döredijilik halypalarynyň biri şu şahyr bolmaly. Diňe käbir edebiýatçylara bolaýmasa, onuň ady giň okyjylar köpçüligine heniz belli däl. Galyberse-de, onuň ady Hekim Ata diýlip hem tutulýar. Şahyryň bu ady alşy barada Alyşir Nowaýy özüniň «Nesaimul-muhabbet» diýen işinde şeýle maglumat galdyrypdyr: «Hekim Ata – ady Süleýmandyr. Hoja Ahmet Ýasawynyň şägirdidir. Bir gün Hoja Ahmet medresede odun ýetenok diýip şägirtlerini oduna iberipdir. Şägirtler meýdandan odun ýygypdyr, şol wagt hem ýagyş ýagmaga başlapdyr.Beýleki şägirtler odunlaryny öl-suw edip öýe dolnypdyr. Hekim Ata bolsa donuny çykaryp, ýygan odunynyň üstüne ýapypdyr. Şeýdip onuň dony öl bolsa-da ýygan oduny gury galypdyr. Muny gören Hoja Ahmet: «Eý oglum, hekimler ýaly iş edipsiň» diýipdir. Şondan soň oňa Hekim Ata lakamy galypdyr». Belli rus alymy, akademik K.G.Zaleman Londonyň Aziýa muzeiýnden XIV-XV asyrlara degişli bolan «Hekim Ata rysalasy» diýen bir awtory näbelli golýazma tapyp, ony 1897-nji ýylda Sankt-Peterburgda ýanynyň terjimesi bilen neşir etdiripdir. Täsin tarapytutuşlygyna Hekim Ata bagyşlanan bu iş özüni formasy boýunça türkmen dessanlaryna meňzeýär Onda kyssa bilen şygyr garyşdyrylypdyr. Has takygy, onda Hekim Atanyň öz şygyrlary peýdalanylypdyr. Bu eserde hem Nowaýynyň ýazyp galdyran rowaýaty getirilýär. Onuň yzyndan hem Hekim Atanyň şol rowaýat bilen bagly bolup, aşakdaky bentler bilen başlanýan uly şygry berilýär: Eski-üski börküm bar, Setuk-sersuk kerkim bar, Şeýhim otunga iberse, Barmasga ne erkim bar. Tonum otunga gerňäp, Tenim sowukga terläp, Içimde muhabbet örläp, Hyzyr-Ylýas atam bar. Ýeri gelende aýtsak, halkymyz bu gadymy rowaýaty öz aňynda arkama-arka ýaşadyp gelipdir. Ony nesilden-nesle geçiripdir. Soňky döwürlerde şol bolşy ýaly edip, ony Nowaýynyň öz adyna beripdir. Nowaýy hakyndaky halk rowaýatlarynyň biri şu tymsalyň esasynda düzülipdir. Görşümiz ýaly, Süleýman Bakyrgany Hoja Ahmet Ýasawynyň şägirdi eken. Muny köp çeşmeler tassyk edýär. Hoja Ahmet bolsa Magtymgulynyň döredijiligine güýçli täsir edipdir. Öz wagtynda belli Gündogarşynas, professor Ýe.E.Bertels bu barada şeýle ýazypdy: «Magtymgulynyň döredijiligine Hoja Ahmediň hikmetleriniň ägirt uly täsir edendigini inkär edip bolmasa gerek». Hoja Ahmede aýratyn gadyr goýandygyny, onuň durmuşy hem döredijiligi bilen ýakyndan tanşandygyny şahyryň özi hem döredijiliginiň ençeme ýerinde belleýär. Magtymgulynyň Hoja Ahmediň durmuşyna, onuň edebi sredasyna şeýle belet bolmagy, şahyra Ýasawynyň ýakyn şägirdi Bakyrganynyň döredijiligi bilen hem tanyşmagyna şert döreden bolsa gerek. Bu babatda biziň elimizde şeýle bir ygtybarly maglumat bar.Türkmenistan YA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Golýazmalar fondunyň 546-njy bukjasynda «Muhtaser» atly bir golýazma saklanýar. Golýazma sufistik häsiýetli eserleri öz içi alýar. Ýöne gep munda däl. Gep golýazmanyň gymmatynda, biçak seýrek zatlygynda. Ony 1747-nji ýylda Magtymgulynyň kakasy Döwletmämmet Azady göçüripdir! Bellemeli tarapy, esasy tekstiň gyralaryna pars hem türki dillerde ýazylan şygyr bölekleri ýerleşdirilipdir. Şol şygyr bölekleriniň iň ulysy, gutarnykly bir goşgy biziň gürrüňini edýän şahyrymyza – Süleýman Bakyrgana degişli. Gürrüňimiziň has ynandyryjy bolmagy hem-de şol goşga salgylanyp köp zatlary orta atyp boljakdygyna görä şu ýerde şol goşgyny başbitin okap göreliň. Ýalgançylyk pişe kylyp, söwda kylur, Akyl-huşu göz nuruny malga berur, Bir teňgäniň nefi bar tiýp, haram alur, Halalyňny satar alar gymmat üçin. Geldi görün kyýamatnyň alamaty, Zalymlar şat, mazlumlaryň ýok rahaty, Galdy görüň, dogalarnyň ejabaty, Haram lukma birlen ki nygmat üçin. Musulmanlar ellerini baglaýyrlar, Gamçy birlen şerip tenin daglaýyrlar, Any görüp, ki uşaklar ýyglaýyrlar, Zalymlyk artdy görüň, zulmat üçin. Gul Süleýman, gaýgy bilen galdy haýran, Gözüňden ýaş akyzyp, köňli weýran, Şugullarnyň töhmetinden sakla, rahman, Şugullary il gezerler töhmet üçin. Öňi bilen golýazmanyň gyrasyndaky goşgy böleklerini has soňrak Magtymguly ýazandyr diýip çaklaýan edebiýatçylaryň bardygyny aýtmak gerek. Mysal üçin, TSSR YA-nyň habarçy-çleni Z.B.Muhammedowa S.Ahally bilen ýazan bir makalasynda «Hatda kitabyň gyralaryna ýazylan bu şygyr parçalaryny Magtymguly öz eli bilen ýazypdyr diýen pikir hem bar» diýip ýazypdy. Eger şol çaklama gulluk etseň, Süleýman Bakyrganynyň bu goşgusyny Magtymguly öz eli bilen göçüren bolup çykýar. Bardy-geldi şahyr kitapdaky şu goşgy böleklerini göçürmedik ýagdaýynda hem onuň kakasynyň elinde bolup, kakasy tarapyndan göçürilen kitaby öwran-öwran okandygyna şübhelenmese bolar. Sebäbi «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýýän Magtymguly başlangyç bilimi Azadynyň elinde alypdyr. Azadynyň ezizläp, iş edinip göçüren kitabyny ogluna okamaga berjegine şübhelenip oturasy iş ýok. Galyberse-de, Azady bu kitaby Magtymgulynyň ylyma-bilime tüýs teşne wagty, geljekki şahyryň 14-15 ýaşlarynda göçürip gutarypdyr. Şondan ötri, arap ýazuwynyň abyny-tabyny alandyr. Magtymgulynyň golýazma kitaby göçürmäge kakasyna kömekleşendigini-de çak etmek bolar. Süleýman Bakyrgany bu goşgusynda zamanasyndan zeýrenýär. Şahyr öz döwründe ýalançylygyň, hannaslygyň, haramhorlugyň, zalymlygyň, şugulçylykdyr, töhmetçiligiň artandygy, molla-müftüleriň harram lukma üçin doga satyp başlandygyny aýdýar. Tutuş goşgynyň paş edijilik häsiýeti bar. Zamanasynyň sosial nogsanlyklaryny beýan etmek, olardan zeýrenmek, şeýle nogsanlyklary ýok etmegiň ýollaryny gözlemek Magtymgulynyň hem köp goşgularyna mahsus. Edil ýokardaky goşguda bolşy ýaly, Magtymguly hem şygyrlarynyň ahyrynda şeýle nogsanlyklara akylynyň haýrandygyny, olar üçin özüniň örtenýändigini aýdýar, möhüm meseleleri orta atyp şygryň soňunda özüne dolanyp gelýär, özüniň bir şeýle zatlardan ýyrak bolmagyny diläp, özüne ýüzlenýär. Bakyrganynyň bu goşgusyndaky şahyrana pikirlenmäniň hem Magtymgulynyň poeziýasyna has ýakyndygyny aýtmalydyrys. Iň esasysy bolsa, Magtymguly gazal žanrynda eser ýazmak däbinden ýüz dönderip, öz eserlerini gadymy türki halklaryň öz çeperçilik gazanany bolan «goşuk» formasynda döretdi. Şahyryň eserleriniň dörtden üç bölegi şu formada ýazylandyr. Aslynda «goşuk» biziň häzirki «goşgy» sözümiziň gadymky döwürdäki aýdylyş formasy. Araplar türki halklary basyp almazdan öňki döwürlerde bu forma diýseň rowaçlyk gazanypdyr. Türki halklaryň edebiýatyna arap-pars edebiýatlarynyň däpleriniň aralaşyp başlamagy, şahyrlaryň öz eserlerini arap-pars poeziýalarynda ýüze çykan gazal, kasyda, mesnewi, müsemmet ýaly žanrlarda, formalarda ýazyp başlamagy bilen goşuk uzak asyrlaryň dowamynda ýazuwly edebiýatdan gysylyp çykarylypdyr. Ýöneşeýle bolsa-da, käbir şahyrlar öz eserlerini gadymy türki halklaryň bu formasynda döredipdir. Onçakly köp bolmadyk şol şahyrlaryň arasynda Hoja Ahmet Ýasawy hem-de biziň gürrüňini edýän Bakyrganymyz bar. Magtymgulynyň köp asyrlaryň dowamyndan öz halkynyň çeperçilik synagyndan geçen, onuň aýdym-saz sungatyna ymykly ornaşan bu forma ýüzlenmeginde, ine, şu iki şahyryň döredijilik täsiri bolmaly diýip hasaplaýarys. Geçmişde ýönekeý halk köpçüliginiň arasynda Hekim Atanyň hatyrasy uly bolupdyr. Ol hakda köp sanly rowaýatlar döredilipdyr. Şahyryň mertebesi türkmenleriň arasynda juda belent tutulypdyr. Muňa şeýle mysallary getirmek mümkin. Magrupynyň «Tulum Hoja» dessanynda nähak ýere ýurdundan kowlan Tulum hoja Hekim Atanyň gubruna baryp, oňa derdi-halyny aýdýar. Ondan delalat gözleýär. Hatda Hekim Ata bolan hormat-hatyra biziň «Görogly» eposymyza-da aralaşypdyr. Görogly başyna iş düşüp, kyn güne galanda «Hekim Ata habar algyl halymdan» diýip, şahyrdan haraý isleýär. Häzir halkymyzyň arasynda «Ýagşysy gidip, ýamany galan, Bugdaýy gidip, samany galan» diýen atalar sözi bar. Göwnümize bolmasa, bu atalar sözi Hekim Atanyň «Iller ýagşy, biz ýaman, Iller bugdaý, biz saman» diýen setirleriniň esasynda dörän ýaly bolup dur. Eýsem biziň gürrüňini edýän şahyrymyz – Süleýman Bakyrganynyň hakyky ömür hem döredijilik ýoly nähili bolupdyr? Şahyryň durmuşy hem döredijiligi dogrusynda köp sanly rowaýatlar döredilipdir. Emma anyk faktlar welin az. Ol şol zamanlarda häzirki türkmen topragynyň hem ep-esli bölegini öz içine alan Horezm welaýetinde dünýä inipdir. Süleýman baryp ýaş ýetginjek döwründe tälim-terbiýe almak üçin Türküstana –Hoja Ahmet Ýasawynyň ýanyna barýar. Ol ömrüniň ýaşlyk ýyllaryny Ýasawynyň ýanynda geçirýär. Şahyryň özüniň ýazmagyna görä, ol şygyr ýazmaga on bäş ýaşynda başlapdyr. Ony bu jadyly senede imrindiren hem Hoja Ahmediň özi bolupdyr. Süleýman Hoja Ahmediň ýanynda kämillige ýetip, onuň patasyny alyp, soň ýene Horezme tarap ýola düşýär. Öňde ýatlanan «Hekim Ata rysalasynda» aýdylyşyna görä, Süleýman düýä münüp gelýän ekeni. Öz obalarynyň ýanyna golaýlaberende düýesi zaryn-zaryn bagyryberipdir. Şahyr hamana şu ýerde ýük ýazdyranmyş. Kem-kemden Süleýmanyň mesgen tutan ýeri oba öwrülip gidenmiş. Şol oba hem şahyryň düýesiniň bagyrmagy bilen baglap «Bakyrgan» ady berlenmiş. Bu rowaýatyň hakykata nädereje galtaşýandygy barada bir zat aýtmak kyn. Ýöne irki geografiki çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, Bakyrgan diýen oba bar ekeni. Ol häzirki Köneürgenç raýonynyň çäklerinde ýerleşipdir. Şahyryň edebi lakamy hem şu Bakyrgan obasy bilen bagly. Hekim Ata öz iline gelip, Soltan Sanjaryň ýegeni Bugra hanyň gyzy Ambara öýlenýär. Şahyryň ondan Mahmyt, Esger hem Hubby diýen üç ogla ýüzi düşýär. Ol öz ömrüni dogduk obasynda paýawlapdyr. Heniz diri wagty şygyrlaryny bir ýere jemläp, «Bakyrgan kitaby» ady bilen diwan görnüşine getiripdir. Şahyr uzak ömür görüp, 1186-njy ýylda öz obasynda dünýäden ötýär. Dogrusyny aýtsak: «Hekim Ata rysalasy» özboluşly çeper eser. Onuň çeper beýan ediş prinsipleri birhili «Gorkut Atanyň kitaby» eposymyza ýakyn gelýär. Şol bir wagtyň özünde bu eser orta asyr türkmen diliniň taryhyny öwrenmäge hem gyzykly materiallar berip biljek. Eserde şeýle bir waka beýan edilipdir. Hekim Atanyň kiçi ogly Hubby hoja dini-sufistik bilimleri öwreneninden aw edenini gowy görüpdir. Muňa bolsa Hekim Atanyň gaty gahary gelýän ekeni. Bir gün Hubby hoja awa çykýar. Ol aw awlap ýörkä Hekim Atanyň müritleri dokuz sany öküzi öldürip, öz aralarynda paýlaşýar. Hubby hoja awdan dolanyp gelip, olardan öz ülüşini soraýar. Bu gezek onuň paýyny goýmandyrlar. Gaýta Hekim Ata ogluna «Erenler iş kyldylar, ülüş aldylar, Senem iş kylyp görkez» diýýär. Bu sözleri eşidip, Hubby hoja öldürilen öküzleriň hamyny getirmegi haýyş edýär. Öküzleriň hamyny alyp gelýärler. Hubby hoja nähilidir jady edýär welin, ýaňky öküzler janlanyp, ozalkysy ýaly bolýar duruberýär. Oglundan beýle gudrat gören Hekim Ata «Eý oglum, iki goçgarnyň başy bir gazanda gaýnamas, ýa siz, ýa biz» diýýär. Onda ogly «Eý baba! Iki goçgarnyň başy bir gazanga sygmas weli, müňüzleri (buýnuzlary) birlen bolsa. Eger müňüzlerinkitirgeň, üç goçgarnyň başy hem bir gazanga sygar erdi» diýip jogap berýär. Emma Hekim Ata bir diýen ýerini depýär. Şondan soň Hubby hoja kakasy bilen mäşiniň bişişmejegine göz ýetirip, enesi bilen hoşlaşyp, «Sizge ýurt gutlug bolsun, bizge ýol gutlug bolsun» diýip ýola düşýär. Şondan soň Hubby hojadan habar-hatyr bolmaýar. Ýeri gelende aýtsak, onuň adyndan aýdylýan ýokarky durnukly söz düzümi Andalybyň «Rysalaýy – Nesimi» poemasynda diýseň ýörgünli işledilipdir. Eserde Hekim Ata atsyz-sorsuz ýiten ogluny ýatlap, şeýle şygyr aýdýar: Wadaryg-a, ýerniň köknüň arasynda, Ýitirdim şuňkar kuşumny, bilmes men-ä! Eý ýaranlar, siz tilegde, men yzlagda, Ýyglaýyban közde ýaşym sylmas men-ä! Ýyglaýyban közde ýaşyň sylgyl tiýrler, Tört ýanyňga yzgu-sowal kylgyl tiýrler, Isteýibän jan kuşuňny bilgil tiýrler, Men anga aramy-karar kylmas men-ä! Men bararsam bolunlarmy andy kuşum? Bolunmasa düşwar erur menikňişim, Kollarymga konar bolsa şuňkar kuşum, Kaz, kuw garşu kelse, anga salmas men-ä! Kuşumga Kim at berdiler adam tüsi, Adagydur kul Süleýman hikmet-sözi, Kim bildi, kim bilmedi bu syrny, özi, Ol möwlamdan özge kimge tiýmes men-ä! Aslynda Hekim Atanyň bu şygry ýedi bentden ybarat. Biz onuň dört bendini aldyk. Emma şularyň özünden hem şahyryň näme aýtjak bolýandygyny seljermek mümkin. Ozaly bilen Hekim Atanyň bu şygrynyň sufistik mazmunly şygyrdygyny aýtmagymyz gerek. Şahyryň şuňkar guşy simwoliki obraz. Has takygy, bu guşuň obrazynyň üsti bilen şahyr özüniň tutuş sufistik konsepsiýasyny ýüze çykarýar. Geliň, şygry has jikme-jik derňejek bolalyň. Liriki gahryman şuňkar guşuny ýitiripdir. Eýsem ol nähili guş? Şahyr ony «jan guşum» diýip atlandyrýar. Ol ýer bilen gögüň arasynda, şahyryň galan setirlerinde aýdyşy ýaly, ol Şamda-Yrakda-da, Hytaýda-da, deşti-ýyraklarda-da perwaz urup dur. Onuň bu guşuna «adam tüsi», ýagny adam sypatly diýip at beripdirler. Şahyr öz hikmet-sözüni – pähimli, pynhan, çözmesi kyn matala meňzeş sözüni oňa adapdyr, bagyşlapdyr. Ýönekeý dil bilen aýtsak, liriki gahryman ony söýüpdir. Öz söýgülIsini tört ýandan gözleýär. Eger ony tapyp bilse, yzyna gaýtmak niýeti ýok. Şonuň üçiň hem «Men bararsam oşol ýerden kelmes men-ä!» diýýär, Açygyny aýtsak, şahyryň şuňkar guşy hudaýyň allegoriki obrazy. Üýtgeşik tarapy, yslam dogmalarynyň ynandyryşy ýaly, ol ýeke-täk däl. Ol dünýäniň hemme ýerinde, ýer-gögüň arasynda bar. Özi-de, adam sypatly, ony söýüp hem bolýar. Bu ýerde sufizmiň progressiw häsiýetli panteistik ugrunyň ideýalary beýan edilýär. Şahyr hudaýyň ýeke-täkligini inkär edip, ony adamlaşdyrýar. Biziň pikirimizçe, Pyragynyň sufistik ideýalarynyň köki Hoja Ahmediň hem onuň şägirdi Hekim Atanyň döredijiliginden gaýdýar. Elbetde, muny töwerekleýin aýan etmek geljegiň işi. Ýöne Hekim Atanyň bu şygryndaky «ýer-gögüň arasy», «jan guşy», «guş salmak» ýaly aňlatmalaryň Magtymgulynyň döredijiliginde diýseň ýörgünlidigini belläsimiz gelýär. Täsin ýeri, ajaýyp şahyrymyz Gurbannazar Ezizow Hekim Atanyň döredijiliginden başlanyp, Pyragynyň döredijiliginde sistema öwrülen «ýer-gögüň arasy» aňlatmasynyň täsiri bilen öz kitabyna şeýle at beripdi. Soltan Weýis Pählewany, Hekim Ata Süleýmany, Hoja Ýusup Hemedany, Şol şahy zaman içinde. Bular Magtymgulynyň galamyndan çykan setirler. Görşümiz ýaly, şahyr bu ýerde Hekim Atany halk arasynda meşhur bolan şahslar bilen bir hatarda goýýar. Biziň pikirimizçe, Pyragy onuň ömür hem döredijilik ýoluna juda belet bolupdyr. Ynha, şahyr başga bir şygrynda Süleýman Bakyrganynyň ömür ýoluna ser salýar. Öňde-de belleýşimiz ýaly, Süleýman Bakyrgany heniz ýaş ýigdekçe wagty özüne ussat gözläp, Hoja Ahmediň ýanyna, şol döwürlerde Türküstan welaýeti diýlip atlandyrylan Syrderýa boýlaryna tarap ýola düşýär. Magtymgulynyň aşakdaky setirlerinde şu ýagdaý beýan edilýär. Nur ata, Baba Dargan, Degresi derýa, gorgan, Bardy kary Bakyrgan, Şol Türküstana sary. Şahyryň bir bendi mysal getirilen «Hezar astana sary» atly goşgusy bize ýene bir fakty orta atmaga mümkinçilik berýär. Belli bolşy ýaly, döredijilik praktikasynda ol ýa-da beýleki şahyryň özünden öňki ussatlaryň «köňlünde jaý eden» setirlerini, kä halatda tutuş bentlerini öz eserlerine siňdirip goýberýän halatlary bolýar. Magtymgulynyň hem şu goşgusynda şeýle ýagdaýy görmek bolýar. Şahyr goşguda ilki Süleýman Bakyrganynyň obasyny ýatlap, yzyndan şeýle pikiri orta atýar. Gündogardan-günbatar, Tersa, jöhit hem tatar, Şäherler hatar-hatar. Magrybystana sary. Asyl görüp otursaň, şeýle etniki hem geografik aňlatmalary şol bir tertipde, şol bir şygyr formasynda, ölçeginde, şol bir rifmalarda Magtymgulydan alty asyr ozal Süleýman Bakyrgany hem aýdan eken. Ine, onuň «Bakyrgan kitabynyň» 1896-njy ýylda Kazanşäherinde çykan neşiriniň 12-nji sahypasynda şeýle bent bar. Gün togandan batarga, Tersa, jehit, tatarga, Gulluk kylyp satarga, Şeýhim Ahmet Ýasawy. Şu hili mysallary ýene-de getirse bolardy. Ýöne gep mysalda dälmikä diýýäris. Meger okyjylar bu iki şahyryň edebi mirasynda döredijilik ilteşikleriniň bardygyna göz ýetirendirler. Biziň pikirimizçe, bu şahyrlaryň poeziýasynyň stil-žanr gözleglerinde, spesifik alamatlarynda, formal-poetik belgilerinde, tematiki geriminde, ideýa-çeperçilik äleminde umumylyklar bar. Elbetde, bu meseleleri ylmy taýdan aýan etmek geljegiň işi. Akademik A.N.Samoýlowiçiň bu işiň başyny baryp otuzynjy ýyllarda başlandygyny, onuň «Hekim Ata hem Magtymguly» diýip ýörite makala ýazandygyny ýatlamagymyz gerek. Dogrusyny aýtsak, biz henize çenli Magtymgulynyň öz döredijilik dünýäsinde gydyrdanýarys. Onuň aňyrsynda kimler dur? Şahyryň žanr-stil özboluşlylygynyň kemala gelmeginde kimler uly rol oýnapdyr? Bu soraglar-a heniz doly jogap tapylanok. Şeýle meseleler çözülmese, şahyryň döredijilik hyzmatlaryna hem dogry baha berip bolmaýar. Sözümiziň ahyrynda bolsa, «Ýitig ýitigi tapar» diýen halk pähimini ýatlasymyz gelýär. Biz öňde Azady tarapyndan göçürilen «Muhtaser» atly golýazmanyň gyralaryna ýazylan şygyr bölekleri Pyragynyň öz eli bilen ýazylan bolsa gerek diýen çaklamalary getirdik. Şol çaklamalar bolsa mundan kyrk ýyl öň aýdylypdyr. Emma ol aýdylan ýerinde galdy. Oňa baş galdyran bolmady. Aslynda welin, şeýle alada gerekdi. Eýsem Magtymguly ýaly ussadyň öz awtograf-elhatyny görmegi kim arzuw etmeýär! Diňe görmekde-de däl. Eger şahyryň elhatyny anyklap bolsa, munuň özi onuň döredijilik mirasyna çynlakaý çemeleşmegiň başlangyjy boljak. Belki, şondan soň ussadymyzyň öz eli bilen ýazan täze-täze golýazmalarynyň üsti açylar. Ynha, öňräk edebiýatçy Kakajan Ataýew Daşkentden hoş habar bilen dolanyp geldi. Ol Özbegistanyň Gündogarşynaslyk institutynyň Golýazmalar fondunyň arhiwinden Magtymgulynyň elinde bolan bir gadymy golýazma kitaby hem onuň öz eli bilen «Heza kitap molla Magtymguly» diýlip ýazylandygyny anyklapdyr. Indi-hä deňeşdirmäge hem zat bar. Şahyryň elhatyny anyklamak üçin häzirki zamanyň tehniki serişdelerinden peýdalanmak hakda-ha gürrüň hem edilenok welin, iň bärkisi hatdatlyk sungatyndan düýpli habarly adamlaryň hyzmaty bilen bu hakykaty aýan edip boljak ahyryn. Ýöne munuň üçin çynlakaý, yzygiderli hem agzybirlikli tagalla gerek. 1981 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |