16:00 Her bir dänäñ 1000 bolsun... | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶ HER BIR DÄNÄŇ MÜŇ BOLSUN! Obada, il içinde bolanyňda kädaýym: – Haw, ýazyjylar, siz: «Garaşsyzlyk» diýip känräg-ä gygyrýan dälsiňiz-dä?! – diýýän hem tapylýar. – Ýok, ýaşuly, känräk gygyramzok, sen hem gygyrsaň kän bolmaz! Hakyň resuly Muhammet pygamberimiz: «Dogany näçe köp gaýtaladygyňça hümmeti, keramaty artar» diýer eken! «Garaşsyzlyk, Watan, özbaşdak ýurt, Baky bitarap Türkmenistan» – doga! Ony doga ýaly her pursat, her zaman gaýtalamaly! «Hudaýa ýüzde-müň şükür, gan dökmesiz, pida bermesiz allanämelik bilen Garaşsyz, baky Bitarap türkmenistanly bolduk!» Bolşewikler ak patyşany agdaryp ýurdy ele alan gününden başlap: «Ýer – daýhanlara!», «Zawod-fabrik – işçilere!» diýen örän derwaýys şygarlar bilen halka boýunturyk salypdy. Ýer daýhanlara berilmedi, daýhanlara ýeriň mugtuň bäri ýanyndaky gara zähmeti ýetdi! Zawod-fabrik işçilere berilmedi, olar zawod-fabrikden ölmez-ödi hak alýan gullara öwrüldiler!.. Emma şol mahal halk oňa ynandy! Düýrmegi bilen ynandy! Ynanmadyklary bolsa «ýat element» diýip ýurtdan kowdular, gyrdylar, sürgüne sürdüler. Ýigriminji ýyllar. «Ýok bolsun baýlar!», «Ýok bolsun işan-mollalar, mugthorlar!», «Ýaşasyn proletariat, ýaşasyn garyp-gasar!», «Ýer hem siziňki, suw hem siziňki! Ýurt hem siziňki, döwlet hem siziňki!». Bu ýalkymly şygarlara ynanmaz ýalymy? – Ahyry garyba döwran döndi! Ýurt bize döndi – diýip ynanan sada garyplaryň içinde halys onki süňňi bilen ynanan bir garyp daýhan – Halmyrat baýyň atasy Sapar Kösä meňzäp: «Görogly Jahan şanyň gyzy Agaýunus perini alyp gelmez, tutuş Jahan şanyň hazyna-depinesini göterip gaýdar, zaňňar» diýip meýlis yzyna meýlis guruberişi ýaly, Halmyrat baýyň atasy hem bahana tapsa toý tutýar, bahana tapmasa, oturyşyk edip, dolanan döwrany ýuwýar. Mal-emläk barmy garypda? Karz-kowal edip toý yzyna toý berýär, göwün islegiçe ýaşap başlaýar. Gün geçýär, aý geçýär, ýyl geçýär, emma oňa dolanan döwran ýok, gaýtyp ýekeje eşeginem şerekete geçirmeli diýip ýazyp gidýärler. Diňe onuň däl, tutuş ilatyň ýagdaýy gün-günden çöküp gidip otyr. Ata-babalarymyz «Gyradeňlikden Hudaý saklasyn!» diýip ýöne ýere aýdan däldir. Ol-bi gelip algysyny sorap başlaýar. Sebäp gyradeňlik, baryp karz alaýar ýaly adam ýok! Ýogsa türkmen, heý, algysyny diläp gelermi? Halmyrat baýyň atasy oýlanýar, pikir öwürýär. Ak ýüreklik, söwdaýylyk, göwünjeňlik zerarly çoçgara kemsiz çolaşanyny bilýär. Ýekeje eşeginem aljak bolup duran döwletden gaçandan gowusy ýok! Ol bir gijede paty-putusyny jotdaja eşegine ýükläp, maşgalasynam alyp, serhetden aňryk ötýär. Ol jotdaja eşekli ýurtdan sag-aman sypdy! Ogly bolsa ýat ýurtda dünýäniň baýlarynyň arasynda giňden tanalýan, hormatlanýan baýa öwrüldi! Ýer hem, suw hem, döwlet hem özümiziňki diýip sadalyk bilen heşelle kakan halkymyz bolsa ýetmiş bäş ýyldan soň jotdaja eşegi bilen şol eýmenç, şol netikaza ulgamdan – imperiýadan zordan sypyp bildi. Bolşewikleriň wada beren ýerini, suwuny daýhanlara bu gün biziň beýik Serdarymyz berýär. Daýhanlaryň mundan ýetmiş ýyl öň ymsynan arzuwlary bu gün hasyl boldy. Merhemetli Prezidentimiz: «Daýhanlar, ýer siziňki, suw siziňki, pul, tehnika kömegini berýärin, mülk ediniň, on-ýigrimi gektar ýer alyň, ekiň, baýaň!» diýip, ozalky monopol döwletiň ýerini, suwuny halka paýlaýar! 1998-nji ýylyň maýynda merhemetli Prezidentimiz Gyzylarbatda bir ýaş mülkdar bilen duşuşanda gaty bir täsin zat aýtdy. Ol mülkdara: – Tüweleme, bugdaýyň gaty bitgin! Kyrk bäş sentnerden alsaň, dünýäniň puluny alarsyň. Hany, sen aýt, bugdaýyň her düýbünde näçe däne bar? – Prezidentimiz soragyna özi jogap berdi: – Ata-babalarymyz «Her bir dänäň müň bolsun!» diýýär, emma men bitgin bugdaýyň bir düýbündäkini sanap gördüm. Iki ýarym müň däne bar eken! Müň nire, iki ýarym müň nire! – Hormatly Saparmyrat Ataýewiç, meniň bugdaýymda üç müňden köp dänelisi hem bar – diýip, mülkdar Prezidentimiz Türkmenbaşynyň aýdanyny tassyklady! Men şu taýda başga bir zada begendim: müň bir işi-aladasy bar, ýigrimi dört sagadyny iş başynda geçirýän Serdarymyz ähli zady bilmäge wagt tapypdyr. Prezidentimiz halkyň aljak gallasyna halkdan has beter begenýär! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |