15:25 Her kellede Han otyr... | |
HER KELLEDE HAN OTYR
Jemgyýetçilik tankydy
Ýazyjynyň sözi ýönekeý, emma hyrly bolmaly. Tüpeňiň niliniň içinden aýlaw-aýlaw hyr edilmese, atylan gülle patlap, hol, öň ýanyňa düşýär. Ýazyjynyň sözi syrly bolmaly, dürli öwüşginli, dürli manyly bolmaly... Ýazyjy dünýäniň öňünde öz halkyny açýar: beýik tarapyny, dana tarapyny, şeýle hem asgyn tarapyny. Meniň «Her kellede han otyr» atly hekaýamyň ýazylmagyna näme sebäp boldy? Ýönekeý bir sebäp. Seljuklar zamanynyň beýik weziri Nyzamylmülküň «Syýasatnamasyny» okap otyrkam, bir wakanyň üstünden bardym. Orta asyr şalyklarynda, soltanlyklarynda gulamlar uly rol oýnapdyr. Gulam kim? Samanylar zamanynda Alptegin oguz bäş ýaşynda Horasanda sypahsalar bolýar. Aslynda ol Samanylaryň satyn alan guly eken. Ol köp ýyllar Horasanyň dikmesi – häkimi bolýar. Günleriň bir güni ol otuz sany türk guluny satyn alýar. Şol gullaryň arasynda Mahmydyň kakasy Söbuktegin hem bar eken. Üç gün geçip-geçmänkä bir säw bilen Alptegin olara sataşýar. Gullary synlaýar. Gulamlary synlaýar. Şol mahalam hajyplaryň biri gelip haýsydyr bir wisakbaşynyň ölendigini, ornuna wisakbaşy bellemelidigini Alptegine aýdýar. Söbuktegini kemsiz synlap duran Alptegin: – Onuň ornuna şu gulamy wisakbaşy belleýärin! – diýipdir weli, hajyp ör-gökden gelýär. Hajyp: – Eý, möwlam, bu gulamjygy satyn alanyňa üç günem bolanok. Ol bu mertebä barmak üçin entek ýedi ýyl gulluk etmeli ahyryn... – diýýär. – Men agzymdan sypdyrdym, gulamjygam eşidip, tagzym etdi. Men peşgeş beren zadymy yzyna gaýdyp almaýaryn – diýip, Alptegin ony wisakbaşylyga belleýär. «Wisakbaşy» diýmegem biziň goşun dilimizde aýtsak – ýefreýtor. Onuň golunyň astynda üç sany nökeri bolýar. Ol üç esgeriň komandiri. Seljuklar zamanam, ondan ozalam Eýranda, Turanda nökere berilýän terbiýe gaty gazap eken. Gulamlyga saýlanyp alnan gul bir ýyllap pyýada goşunda gulluk etmeli. Ogryn-dogryn ata münäýdigi, onuň bagty ýatýar. Ikinji gulluk ýylynda oňa bir türk aty bilen guşanar ýaly kemer berlipdir. Bäşinji ýylynda ol şol atyna gowy eýer, jylaw, özüne daraýydan tikilen eşik alyp bilipdir. Ýedinji ýylynda oňa üç sany nöker hem yssydan-sowukdan penalar ýaly çadyr berlipdir. Wisakbaşy bolupdyr. Gulam bütin ömrüni şanyň-soltanyň gullugyna bagyş etmeli. Ol söweşde nähili üstünlik gazanyp, nähili gahrymanlyk görkezibersin, ony hökmürowan nähili gowy görübersin, barybir ol otuz ýedi ýaşyny doldurmasa oňa emirlik – goşunbaşylyk berilmeýär eken. Gulamlar – gullar, olaryň ýurdy ýok, dogan-garyndaşy ýok: olaryň ýeke-täk gowy çykalgasy bar – örän gowy gulluk edip, soltan üçin janyny gaýgyrman, söweş edermenliklerini görkezse, olar mertebä ýetip bilýär. Adam bolýar. Ata-babalarymyz döwletiň ykbalyny kimlere tabşyrypdyr! Günleriň bir güni Alptegin iki ýüz gulamyny halaçlaryň hem türkmenleriň (halaç hem türkmen dälmi?! «Agzyny alart-da, höküm sür» syýasaty-da!) üstüne salgyt ýygnamaga ugradýar. Olaryň arasynda Söbuktegin hem bar eken. Alpteginiň oňa diýseň syny oturypdyr. Gulamlar at debsiläp barýar bärden, emma halaçlar bilen türkmenler salgydy doly tölemekden boýun towlaýar. Gulamlar dergazap bolup, urşup, gan çaýkap salgyt ýygnamakçy bolýarlar, emma Söbüktegin: – Özüm-ä bir ýarag alyp salgyt ýygnaman, size hem söweşip salgyt almaga ýol bermen! – diýip, berk garşylyk görkezýär. Oňa-da pikirdeş tapylýar, gulamlar iki bölünişýär. Ahyry hem salgydy doly ýygnaman paýtagta gelýärler. Dessine-de Söbüktegini hökümdara satýarlar. Hökümdar ony çagyryp jogap soraýar. – Nämüçin ýarag ulanyp, salgydy güýç bilen almadyňyz? – Sebäbi siziň aly hezretleriňiz bizi salgyt ýygnamaga ugratdy, «Söweşip almaly bolsa alyň hem» diýip tabşyrmandy. Eger biz sizden permansyz söweşe girsek, biziň her birimiz gul däl-de, kelle bolardyk, han bolardyk. Gulamlygyň borjy aganyň aýdanyny amal etmekdir. Eger biz söweşip alarman bolup, güýç ulanan bolsak, türkmenlerden hem ýeňiläýsek, onuň masgaraçylygy göni Size deger! – Sen mamla – diýip, Alptegin gulamyny hormatlaýar. «Guluň borjy gulçulyk!» Şu pikiri aýtmak üçin bu wakanyň nämä geregi bar diýäýjek hem tapylar. Hawa, taryhda munuň ýaly dana sözler hem kän, wakalar hem. Men hem bu wakany ýatlamazdym, eger... eger şol gul, şol gulam Söbüktegin soňundan ullakan imperiýanyň – Horezminiň soltany bolmadyk bolsa... Eger gulamyň şol pikiri düýbünden türkmenlere ýat bolan bolsady, men bu wakany ýatlamazdym. Häzir biziň islendigimizi ýurduň şasy salgyt ýygnamaga ibersin, onsoň şol türkmenler salgydyny bermän görsün! Salgyda derek horjun-horjun kelle getireris. Şonuň üçinem biz gagalragymyza «Telpegini getir diýseň, kellesini getirýänlerden» diýýäris. Awam pahyr maňa hemişe «men-menlik etjek bolma, ol adyňyň yzynda ýelmeşip ýatandyr. Türkmen döşüne urmak üçin adynyň yzyna «men» alandyr» diýerdi. Men-menlik zerarly hem her kellede han otyr! 1879 – 1881-nji ýyllar aralygynda ömrüniň üç ýylyny türkmen topragyna bagyşlap, Şagadamdan topuny-tophanasyny süýräp gaýdan ors ekspedisiýasynyň her bir hereketini synlap, her bir urşy öwrenip, dessine ýurduna – Londondaky gazete habar ýazan žurnalist Edmund O’ Donowan türkmeniň arzyly adamyna öwrülipdi. Ýöne SSSR zamany onuň gymmatbaha eserlerini türkmen okyjysy bilmedi. «Deýli Nýus» gazetiniň habarçysy Edmund O’ Donowan irland rewolýusioneri, öz halkynyň azatlygy üçin göreşip, iňlis türmesinde ýatan adam. Ol agalygyň hem gullugyň, basybalyjynyň hem ýurduny aldyranyň ýagdaýyny kişiden sorap bilmeli däl. Irlandiýa häli-häzire çenli öz garaşsyzlygyny gazanyp bilenok. Şol sebäpli üç ýyldaky wakalary jikme-jikligi bilen synlan žurnalist ortalyk adam däl, ol kalby bilen, paýhasy bilen türkmeniň tarapynda. Ol erkana türkmen halkyna agyzdyryk salyp, aýagyna gandal uruljak bolşuna biperwaý garap bilenok. Ýöne intellektual adam hökmünde türkmenlerden razy däl ýerlerini hem bussur-ýassyrsyz ýazypdyr. Türkmen durmuşyny, türkmen gylyk-häsiýetini, türkmen aňyny, türkmen edim-gylymlaryny, geýnişlerini, biş-düşlerine çenli öwrenip beýan edipdir. Şol Donowan biziň üçin iň gymmatly şahsyýetleriň biri, sebäbi biziň taryha giden on dokuzynjy asyrymyzyň üç ýylyny ol adamzat hakydasynda galar ýaly edip bilipdir. Alym, ýazyjy, žurnalist, jahankeşde, gumanist, ynsanperwer adam hökmünde ol biziň adamçylygymyzda bolmaýan zatlarymyzy hem beýan edýär. Beýle teswirler Nasreddin şanyň fotosuratçysy, Merw söweşiniň suratyny aljak bolup ýesir düşen, on dört aýlap ýesirlikde bolan De Blokwiliň, Aleksandr Bernsyň, Wamberiniň ýazgylarynda hem bar, olaryň pikirini umumylaşdyryp aýtsaň şeýleräk: «Türkmenleriň köpüsi adynyň yzyndan han, beg ýa baý adyny göterenini kem görmeýär, olar hatda adaty adam adyndan utanýan ýaly. Irden turup ekin meýdanynda işlemek, mal yzynda çopan bolmak üçin özleri däl-de, başga adamlar ýaradylan ýaly. Uzynly gün hepbesizlik edýärler, atyny bakyp-bejerýärler, ýaragyny süpürip ýaglaýarlar... Emma eklenç hem gerek. Eklenç üçin hem ata atlanyp alamana gidýärler...» Örän zehinli hudožnik, türkmeniň geçmişine diýseň guwanýan, türkmeniň hakyky ogly Nurmuhammet Berdiýew mundan on bäş ýyl çemesi ozal maňa iki sahypa ýazgyny okadypdy. Iki sahypa ýazgy çaphanada ýyglypdyr, ine, şonda men türkmenleriň on dokuzynjy asyrda bir million gul satandygy baradaky maglumaty okadym. Ýazgyny yzyna gaýtaryp beremde onuň haýsy kitapdan göçürilendigini soradym. Ol kitabyň adyny hem aýtdy, daşary ýurtda çykan, bizde gadagan edilen haýsydyr bir taryhy kitap eken. Hakydama ynanyp kitabyň adyny, awtoryny ýazyp almandygyma ahmyr edýärin, emma ondan peýda ýok. Ajaýyp hudožnik Nurmuhammedem ýok... sorap gaýdaýar ýaly... Jahankeşdeler türkmeniň özdiýenliligi, erkinligi söýýänligini, boýun sunandan ölenini gowy görýänligini, men-menligini beýan edýär. Ol häsiýet düýn ýa geçen asyrda dörän häsiýet däl. Türkmeniň şu häsiýetini aýtmak maňa gaty kyn düşýär, sebäbi öz aýbyňy açmak aňsat däl. Türkmen özi ýaly türkmene boýun sunandan, kesekä boýun sunanyny gowy görýär. Haýsy millet bolsa, şol bolsun, ýöne özüne çörek berjek özi ýaly türkmen bolmasa bolýar... Müňünji ýyllarda Gazna şäherini paýtagt edinip ullakan imperiýa guran Mahmyt Gaznawy oguzlaryň gaýy taýpasyndan. Ol on ýedi ýola Hindistana ýöriş edýär, hindi taryhçylary onuň adyny Çingiz hanyň ady bilen bir hatarda goýýar. Emma Mahmyt Gaznawy musulman dünýäsinde keramatlylyk derejesine göterilen iki sany hökümdaryň biri. Hindistanda musulman dünýäsiniň emele geliş döwri Mahmyt Gaznawydan başlanýar. Jawaharlal Neru ony «talaňçy» diýip atlandyrsa-da, onuň ýörişleriniň baş maksady Hindistanyň ilatyny talamakdan däl-de, musulmanlaşdyrmakdan ybarat! Mahmyt Gaznawy öz köşgüne alymlary, taryhçylary, şahyrlary, ruhanylary ýygnamakda taryhda Harun ar-Raşid bilen bäsleşýän soltan. Onuň köşgünde döwletiň hasabyna ýaşap şygyr ýazyp ýören şahyrlaryň sany 187 eken. Alymlaryň ýüzlerçesi onuň obserwatoriýasynda işläp-dir. Birunynyň Biruny bolmagynda Mahmyt Gaznawynyň roly örän uly. Ol ony mydama öz ýany bilen Hindistana alyp gidipdir. Dünýäde ylmy çeşmeler bar bolsa oňa elýeterli edipdir. Mahmyt Ibn Sinany – Lukman Hekimi hem birnäçe gezek hormat bilen köşgüne çagyrýar, emma näme sebäpdendir hekim köşge gelmän, ömrüni Mahmytdan gaçyp geçirýär. Beýik alym aýal Saldadzäniň «Ibn Sina» atly dokumental romany tutuş beýik alymyň gaçgaklyk döwrüni beýan edýär. Mahmyt Gaznawy ullakan imperiýanyň – soltanlygyň soltany! Imperator sözi bilen manydaş soltan sözüni, soltanlyk derejesini döreden, ulanan adam. Eýlesi Hytaýdan Müsüre, beýlesi Hindistandan Urala, Ruma çenli territoriýada onuň permany ýöreýär. Mahmyt Gaznawy gazap hem bolupdyr, ýöne onuň adalatlylygy, paýhaslylygy, rehimdarlygy, öňdengörüjiligi, ynsanperwerligi... hakynda onlarça rowaýat bar. Rowaýata weli kim hem bolsaň ýöne ýerden girip bolanok. Ýewraziýanyň giň territoriýasynda onuň diýenini etmek bagt! Emma onuň permanyny berjaý etmekden boýun gaçyryp, onuň hökmürowanlygyny ret edip ýören dört müň öýli bar. Şol dört müň öýli Garagumuň jümmüşinde bukulyp itiň gününi görýär, emma soltana gulluga barmaýar. Şol dört müň öýli türkmeniň serdarlary kim?! Çagry beg bilen Togrul beg! Ýedi ýatlar Mahmyda ýakyn boljak bolup azara galyp ýören çagty Çagry beg bilen Togrul beg onuň nähili duşmany bolýar? Olar ýa ýedi ýatdan hem daşmy? Ýok. Ikisi hem Oguz hanyň kowumy. Oguz hanyň iň uly ogly Gün hanyň ilkinji ogly – Gaýy. Mahmyt Gaýynyň neberesinden. Çagry bilen Togrul bolsa Oguz hanyň dördünji ogly Gökhanyň dördünji ogly – Kynykdan. Başgaça aýdanyňda doganoglan! Dolanan! Ýogsa, Mahmyt Gaznawy olary näçe ýola gulluga çagyrýar. Ummasyz uly imperiýada uly-uly wezipelerde işläp, serkerdelik edip ýörmeli ýigitler ondan gaçyp güzeran görýärler. Ibn Sina-da şolaryň toparynda gezip hassalaryny bejerýär. Netijede Çagry beg bilen Togrul beg Mahmyt Gaznawy öleninden soň onuň ornuna tagta çykan Masud şany tagtyndan agdaryp, seljuklar döwletini esaslandyrýarlar... Eger şeýle fakt türkmen taryhynda ýekeje bolsady, ony agzaman geçerdik... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |