00:54 Hereketli ýyllaryñ yzynda... / esse | |
HEREKETLI ÝYLLARYÑ YZYNDA...
Hekaýalar
Her Täze ýylyñ ilkinji sagatlary tutuş adamzada şatlyk-şagalañ, gülki, toý-baýram getirýär. Adamlar naz-nygmatdan ýüki ýeten saçagyñ başynda birsellem dünýäniñ ähli goh-galmagalydyr durmuşyñ gaýgy-aladasyny unudýar. Güzeran gaýgysy zerarly biri-birinden daşlaşyp barýan dogan-garyndaşlar, dost-ýarlar gaýtadan bir supranyñ başyna jemlenerler, iñ bolmanda öñünden iñ gowy sözlerden saýlanyp düzülen arzuw-dilegler bilen bile "Ýetip gelen Täze ýylyñ gutly bolsun!" diýip jañlaşarlar ýa-da sms ýazyşarlar. Goşa ýigrimiligi yzyna tirkäp gelen 2020-nji ýylyñ Täze ýyly öñkülerden has täsin garşylandy, garaşylmadyk üýtgeşikliklere baý boldy. Mysal üçin, dini taýdan hiç hili baglanyşygynyñ ýokdugy sebäpli Täze ýyl gününi dünýäniñ beýleki ýurtlary ýaly resmi ýagdaýda garşylamaýan Saud Arabystany ýaly dini režimli döwletlerde hem Täze ýyly şatlykly garşyladylar. Hiç kim Saud Arabystanyñ paýtagty Er-Ryýadyñ asmanynda 31-nji dekabrdan 1-nji ýanwara geçilen gijäniñ sepgidinde salýut atylanyny görerin öýdüp, ýatsa-tursa oýuna getiren däl bolsa gerek. Diýmek, umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen her bir oñyn iş - dinleriñ öz aralaryna ören diwaryndanam, döwletleriñ daşyna aýlanan tikenekli simlerdenem we başga-başga gadagançylyklardam rüstem gelýändigini ýene bir gezek Adam ata bilen How eneden ösüp-örñän dünýä halklaryna subut etdi. Şu ýerde "dinleriñ öz aralaryna ören diwary" diýen sözümize ýalñyş düşünmeleriñ bolmazlygy üçin Täze ýyl we yslam hakynda iki agyz durup geçmek isleýäris. Aýaz baba we Täze ýylyñ döreýşi barada-ha öñ bir söhbetimizde aýdyp geçipdik. Şonuñ üçin bu barada tekrarlap oturmagyñ hajaty ýok hasap edýäris. Ýañy sözümiziñ bir ýerinde "dini taýdan hiç hili baglanyşygy ýokdugy sebäpli" diýen jümläni ulanypdyk. Bu dogry. Täze ýyl hakynda yslamda kelam agyz söz geçenok. Emma bu yslamda Täze ýyl baýramçylygynyñ ornunyñ ýokdugyny-da añlatmaýar. Kalby ýagşy niýet-pällerden doly hiç bir mömin-musulman umumyadamzat gymmatlygyna öwrülen bu şatlykly güni belleýänlere bir çete çekilip ýigrenç bilen garamasa gerek. Dek ýañy teleýaýlymlaryñ birinde köpmanyly ýylgyrmagyma sebäp bolan habarlaryñ birini diñledim: Mälim bolşy ýaly, Eýran hem Täze ýyl gününi resmi ýagdaýda garşylamaýan dini döwletleriñ biri. Muña garamazdan eýranly raýatlaryñ 10 müñden gowragy Türkiýäniñ Eýrana golaý Wan şäherine gelip Täze ýyl gününi belländikleri habar berilýär. Diñe şunuñ özem haýsydyr bir diniñ gadagan etmedik zadyny dini döwletiñ gadagan edip bilmejekdigini görkezýär. Dinde etmäniñ bilen sogaby, edeniñ bilenem günäsi ýok işlere mubah işler diýilýär. Dini göz bilen seredende, gaty gitse mubah saýyp boljak Täze ýyl gününe, hut biziñ ýaly ýaly resmi ýagdaýda garşylaýan dünýewi, demokratik döwletde "haram" ýarlygyny ýelmemäge synanyşýan bolar-bolgusyz mollasumaklaryñ aramyzda seýregrägem bolsa tapylyp durýanlygyna teý düşünmek kyn... Ýylyñ ilkinji günlerine gadam basanymyzda, düýnümiz, şu günümiz baradaky edilen realistik belliklere menem goşulýaryn, ýöne gelejegimize umyt baglap ýagşy arzuw-hyýallarda bolmak hem erbet bolmasa gerek. Biz indi çaltlyk döwründe ýaşaýarys. Belli bir wagta we belli bir ýere bolan garaşlylyk çaltlyk bilen barha we barha azalýar. Bu çylşyrymly ýagdaýda, gohy-galmagaly ýetik durmuşda biziñ hemmämize, alaçsyz galan adam ogluna durmuşyny bütinleý özgerdip taşlajak aýgytlaýjy pursatlar gerek. Hususanam öñümizdäki ýyllara göz aýlanymyzda, birgiden etsem-petsemlerimiz, öñi-ardy gelmez bolsadylarymyz, amala aşyrmak isleýän işlerimiz bar. Olaryñ üstünde birin-birin durup geçmek her hili ýagdaýda peýdaly bolar diýip hasap edýäris. Sebäp diýseñ käte biz durmuşdaky käbir zatlary obsessiw ýagdaýa getirip bilýäris. Sekiz milliard adamyñ ýaşaýan dünýäsinde käte bir adam (ýaman ýeri köplenç muña mynasyp däl kişiler) biziñ üçin obsessiw adama öwrülip bilýär, soñam şol bir adamyñ dünýäsinden çykyp bilmän çyrpynyp ýörüs. Bu Täze ýylda-da hemmeler durmuşyna şowlulyk getirjek işleri meýilleşdirsin-dä, hernä. Ynanyñ, biziñ bu meýilleşdiren işlerimizi amala aşyrmak üçin öñümizde hiç hili päsgelçilik ýok. Diñe özümizden başga... Has TÜRKMEN. | |
|
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |