22:43 Hezreti Isa bilen iki kişi / satiriki hekaýa | |
HEZRETI ISA BILEN IKI KIŞI
Satiriki hekaýalar
• "Sag ýañagyña urana çep ýañagñam öwürmek" Günlerde bir gün Hezreti Isa, plastiki hirurgiýanyñ operatory we awtomobil ussasy dagylar bilen bir kazinoda oturypdyrlar. Hezreti Isa olara dini öwüt-ündewleri edýärdi. Özara gürleşip durkalar awtomobil ussasy, Isa pygambere: - Eý beýik mugallym! Adamlara ýagşylyk etmek üçin içimde ýanyp duran isleg bar. Nädip bu ýolda ýagşy işleri edip bilerkäm?.. - diýip sorady. Hezreti İsa: - Hudaýyñ şerigatynda nähili görkezilen bolsa, şoñ ýalam etmelisiñ!.. - diýdi. Awtomobil ussasy: - Saña ýamanlyk edenlere ýagşylyk edip, olary ýamanlyk edendiklerine utanar ýaly edip... - diýdi. Plastiki hirurgiýanyñ operator: - Adamlaryñ zanny erbetdir - diýdi. - Tejribelerime esaslanyp aýdýaryn. Adamlar gaty erbet. Awtomobil ussasy: - Ýok - diýdi. - Adamlaryñ içinde ýagşylyk bar. Sizem şu Eriha şäheriniñ ýaşaýjysy dälmi näme? Hakykatdanam plastiki hirurgiýanyñ operatory Eriha şäheriniñ iñ baý adamydy. Şol sanda ol bu şäheriñ iñ ynsanperwer adamlarynyñ biridi. Şonuñ ýaly oñat adamyñ adamlara erbet diýmegine ussa haýran galypdy. Operator: – Men başga gürrüñ… - diýdi. - Men ömürboýy hemmelere ýagşylyk etdim. Emma öwezine-de hemişe ýamanlyk gördüm. Diýmek adamlar erbet... Hiç kim bu hakykaty mençe bilýän däldir. Gürrüñe kän bir goşulmaýan Hezreti Isa öñünde duran ýerçanakdaky şerapdan owurtlady. Awtomobil ussasy operatora: - Beýle bolýan bolsa, behiştde ýekeje özüñiz galaýmasañyz... - diýdi. Operator: - Hut şeýle! Meniñem bar gorkýan zadym şu-da! - diýdi. Ümmülmez jennetde ýekeje özümiñ içi gysar. Mundan soñ ussa bilen operatoryñ arasynda "adamlar erbet, adamlar gowy" diýen jedel gitdi. Adamlaryñ gowudygyny öñe sürýän ussa aýdany dogry çyksa, operatoryñ ähli mal-mülküne eýe çykmalydy. Eger aýdany çykmasa, onda nämesi bar bolsa, hemmesini operatora bermelidi. Olar üç bolup Erihadan Ýeruşalime gidýän ýoluñ üstündäki gyrlyga geldiler. Plastiki hirurgiýanyñ operatory ýoluñ ugrunda ýeke özi durmalydy. Ýeri bakaly, ýoldan geçýänler oña ýagşylyk etjekmi, ýogsa-da ýamanlyk etjekmi, maksat şuny barlap görmekdi. Hezreti Isa bilen awtomobil ussasy bolup geçjek zatlary uzakdan synlamak üçin depä çykdylar we bir zeýtun agajynyñ arkasynda bukuldylar. Olaryñ ikisi-de öz aýdanynyñ dogry çykmagy üçin Hudaýa ýalbarýardylar. Ussa ellerini asmana uzadyp: – Hudaýjan, adamlar şu operatora ýagşylyk edäýselerdi-dä... - diýip dileg edýärdi. Öz aýdany çyksa operatoryñ hususy hassahanasyny, willalaryny, gullaryny, gyrnaklaryny, hemmesinden beteri-de bankdaky bäş ýüz müñ dollaryny jantaýyna urmalydy. - Hudaýjan, enşalla adamlar maña ýamanlyk edäýsinlerdi-dä, ussanyñ ähli emlägini, mülküni elinden alsam. Operatoryñ aýdany çyksa ussanyñ dükanlary, öýleri, gullary, hemmesinden beteride bankdaky ýüz müñ dollary kisesine girmelidi. Gözýetimden biriniñ gelýändigini gördüler. Operator içinden: - Ynha merdanapisint bir adam... - diýdi. Ýoluñ õwrümlerinden zompa çykan bu adam operatoryñ ýanyna ýetensoñ, gamasyny çykardy-da onuñ üstüne gaýtdy: - Çykaryñ pullary!.. - diýip gygyrdy. Operator begenjinden ýaña guş bolup uçdy, gülüp-oýnap jübüsindäki ähli pullary çykardy. Talap oturan adamynyñ şatlygyna haýran galan bandit: - Ençe ýyllap talañçylyk edip gelýärin. Häzire çenli talap soýan adamlarymyñ içinde sen deý begeneni gõrmedim.. - diýipdir. Ol soñra operatoryñ üst başyny barlady. Operator ähli pullaryny alyp ýola rowana bolan bandidiñ yzyndan gygyrdy: - Hormatly bandit, şu jübümde-de bäş dollar galdy, ony görmänsiñiz öýdýän. Baş üstüne, alyñ onam... Bandit: - Sen dini gowy bilýän bolmaly. Diýmek sen meni edýän işim üçin utandyrjak bolýañ, ýõne munyñ maña tär etmez. Getir bakaly olary-da - diýdi. Ol uzadylan puly aldy-da, öz ýoly bilen gidiberdi. Operator depedäki zeýtun agajynyñ arkasynda duran ussa tarap begençli seslendi: - Ynha, gözüñ bilen gördüñ dälmi, adamlaryñ erbetdigini... Jedelde utuldyñ, ähli emlägiñ, puluñ meniñki boldy. Hezreti Isa mylaýym, emma agras sesi bilen oña depede duran ýerinden: - Gyssanma! Hemem adamlaryñ gowudygyna ynan we garaş!..-diýdi. Operator ýene garaşmaga başlady. Ýene biriniñ gelýändigini gördüler. Ussa-da, operator-da umytlandylar. Olaryñ biri erbet, beýlekisi gowy adama garaşýar, ikiside edýän dilegleriniñ gabat gelmegi üçin Hudaýa ýalbarýardylar. Operator: - Hudaýjan, şu gelýän adam maña erbetlik etse, ussadan alan emlägimiñ kyrkdan birini garyplara dagytjak, adamlara ýagşylyk etjek..-diýdi. Ussa hem õz gezeginde: - Hudaýjan gelýan adam operatora ýagşylyk etse, onda ol aljak emlägimiñ kyrkdan bir bölegini garyplara paýlajak... - diýdi. Öwrümden bir adam gõründi. Ol operatoryñ deñesine ýetensoñ, gamzasyny çykaryp, onuñ kükregine gezäp: - Çykar pullary!... - diýip gygyrdy. Operator begenç bilen: - Kör-kõpügim ýok. Ynanmasañyz barlap göräýiñ. Ýöne, eger isleseñiz üst başymdan göwnüñe näme ýarasa alyp bilersiñiz--diýdi. Bandit operatoryñ barmaklaryndaky ýüzükleri, kümüş çilimgabyny, çakmagyny, altyn uçly dõwet galamyny aldy. Başga alar ýaly zady galmansoñ, agzyny hatap ýaly açyp, bandide: - Serediñ, agzymyñ içine serediñ, haýyş edýän... Çep tarapdaky ýokarky dişlerimiñ käbiri altyndandyr. Deregiñize ýaramazmy?... - diýdi. Bandit operatory ýere ýatyryp altyndan guýlan dişleri almak üçin onuñ azy dişini gopardy. Operator janynyñ awusyndan çydap bilmän urunyp duranam bolsa, begençden ýaña içi gülýärdi. Bandit: - Görýän welin, siz däli öýdýän?..--diýdi. Ol operatordan soýan zatlaryny jübüsine saldy-da, jyrmak bilen boldy. Operator zeýtun agajynyñ arkasynda gizlenip duranlara: - Ynha, bulam erbetlik edenleriñ biri. Men ýeñdim. Ähli emläkleriñ, pullaryñ meniñki boldy.. - diýip gygyrdy. Hezreti Isa mylaýym hem ruhuña täsir ediji sesi bilen depeden oña: - Sabyrly bo-o-ol! Hemem umydyñy üzme, garaşmagy başar... - diýip seslendi. Gõzýetimden ýene bir adamyn gelýändigi duýulýar. Operator umyt bilen: - Ynha ýene bir erbet adam.. - diýip içinden begendi: - Kim bilýä, bul maña näme ýamanlyk etjekkä, menem ussanyn ähli baýlygyna eýe bolaryn. Ussa hem õz ýanyndan: - Ýagşy adamdyr. Kim bilýä operatora näme ýagşylyk etse, menem operatoryñ ähli emläklerine eýe bolup, ony kör-köpüksiz, aç-ýalañaç goýaryn.. - diýip begendi. Õwrümden zompa çykan pyýada operatoryñ ýanyna geldi-de, onuñ dõşüne gamzasyny diräp: - Dök orta şaý--supuryñy! Ýa puluñy ýa janyñy - diýip gygyrdy. Operator: - Sizden öñ iki sany hormatly bandit meni mazalyja soýdular. Hiç zadym galmady - diýdi. - Emma sizem egnimdäki geýim-gejimlemi sypyryp alsañyz meniñ begenirerdiñiz. Eşiklerim, paşmagym täzejedir. Bandit operatoryñ egnindäki eşikleri çykardy. Hemem düýrläp alyp barýarka, operator oña: - Hormatly bandit, donum galdy - diýdi. Don gerek dälmi size? Täp-täzejedir, birinji gezek geýip durşum. Bandit: - Sen dini bitewi bir adam bolmaly, ýõne munuñ maña bildirýän ýeri barmy. Çykar bakaly donuñam diýdi. Ol dony hem alyp, operatory ýañy eneden dogan çuw ýalañaçlygyna galdyrdy.Operator begenjinden ýaña guş bolup uçaýjak bolýardy. Ol ussa ýüzlenip: - Heý, gõrdüñiz dälmi?! - diýip seslendi: - Ynha bulam maña erbetlik etdi, indi ähli baýlygyñ meniñki boldy. Hezreti Isa zeýtun agajynyñ arkasynda duran ýerinden mylaýym hem agras ses bilen: - Eý, Hudaýyñ guly!.. Sabyrly bol we garaş gyssanma. Elbetde ýer ýüzünde gowy adamam tapylar.. - diýdi. Operator garaşmaga başlady. Añyrdan ýene bir ýolagçynyñ gelýändigini gõrdüler. Operator: - Üstümde bandidiñ soýjak zady galmady. Enşalla bu gelýänem ganhoryñ biridir, janymy almakcy bolar, menem ussanyñt bar zadyny alaryn... - diýip içini gepletdi. Ussa hem õz ýanyndan: - Bu gelýän gowy adama meñzeýär, ýalañaç galan operatora õrtmek ücin bir ýapynja berer enşalla.. - diýip pikir etdi. Añyrdan gelýän adamyñ yrañ-darañ edip gelişinden lül-gambardygyny bilip bolýarady. Onuñ elinde uly ýumralyp duran tommaýly taýagy bardy. Serhoş operatoryñ ýanyna gelip ýetensoñ taýagy onuñ depesinden inderip başlady. Operator her taýak ineninde: - Çep tarapyma urmadyñyz, cep gerdenime-de ursana, doganjan... - diýip serhoşa ýalbarýardy. Serhoş çepine uranynda sagyna õwrülýärdi. Taýagyñ yzasyndan ýaña iññildäp duran operator ahyry ýere ýykyldy. - Hormatly sähne, kelläme-de ursana, haýyş edýän. Kyn gõrmeseñiz syrt tarapyma-da iki-üç gezek ýelme! - diýdi. Serhoş: - Sen dini bitewi biri bolmaly, ýõne munuñ maña parhy näme, ynha bu islegiñem berjaý edýärin... - diýip bar güýji bilen operatoryñ kellesine taýagyny ýene bir gezek aýlap saldy. Soñam çaýkana-çaýkana õx ugruna rowana boldy. Operator ýer bagyrtlap ýatan ýerinde gara gana bulaşyp ýatyrdy. Ol iñläp diýen ýaly: - Bütin baýlygyñ meniñki boldy.. - diýip seslendi. Hezreti Isa zeýtun agajynyñ arkasyndan çykdy. Ol ruhuñy sõküp barýan jadyly we agras sesi bilen: - Eý, Hudaýyñ guly! Sabyrly bol, we garaş, gyssanma, elbetde ýer ýüzünde ýüregi diri biri çykar... - diýdi. Añyrdan biri gõründi. Ýerde iñläp ýatan operator: - Enşalla, bu gelýän ganhoryñ biridir, meni õldürmekçi bolar... - diýdi. Ussa hem içinden: - Enşalla, operatora kõmek edäýedi-dä... -diýdi. Õwrümden çykan adam gõni gelşine iñläp ýatan operatoryñ gapdalynda çõkdi. Ol: - Näme boldy dogsnjygym? Ýaralaryñ beter agyrýarmy? diýdi. Bu adamyñ õzüne ýardam etmekçi bolýandygyny añan operator Isa pygambere eşitdirmejek bolup: - Güm bol! - diýip gygyrdy. Gelen adam horjunyndan şerap we zeýtun ýagyny çykardy, operatoryñ ýarasyna em etjek boldy. Agzyndan-burnundan gan sarkyp duran operator: - Başymdan sowulsana, men senden kõmek islemedim-ä - diýip gygyrdy. Adam: - Aýdýanyñ näme, sen yza cekip ýatyrkañ men saña kõmek etmerinmi... - diýdi. - Maña kõmek edesiñ gelýän bolsa, haýal etmän güm bol şu ýerden.. Hat-da gideniñde-de syrtyma bir ýumruk çalyp gitseñ, şonda hasam gowy kõmek etdigiñ bolardy maña... - diýdi. - Birek-birege kõmek etmek, ýagşylyk etmek adamlaryñ adamkärçilik borjudyr. Meni sogapdan binesip goýjak bolma, gardaş. Ol adam çyny bilen kõmek edesi gelýärdi. Operatoryñ ýaralaryny arassalap dañmak, soñam arkasyna hopba edip şähere äkitmek isleýärdi. Operator: - Ýagşylyk-pagşylyk islämok, gitsene, ýok bolsana ýanymdan!.. - diýip gygyrýardy. Gowy adamy gohlap başyndan sowup bilmejegini añan operator oña sõgünmäge durdy. Emma ol diýýämişiñem diýmän, onuñ ýaralaryny zeýtun ýagy bilen ýuwdy, õz kõýnegini çykaryp bõlekledi-de ýaralary dañyşdyrdy. Õzüne edilen bu ýagşylyk sebälli ähli baýlygynyñ elinden gitjegini añan operator ýerden bir daşy gazalap aldy-da, kynlyk bilen ýerinden turdy. Ol daşy ýañky gowy adamyñ kellesine inderip, ony ýere ýazdy, üstüne çõkdi. Hezreti Isa bilen maşyn ussasy onuñ ýanyna geldiler. Plastik hirurgiýasynyñ operatory aşagynda ýatan adama: - Sen meniñ başyma gelen musallat bolduñ-la? Çalt ýok bol şu taýdan, ýogsa häzir seniñ ganyña galaryn!... - diýdi. Kellesine daş bilen urulan adam: - Seni bu ýagdaýda taşlap gidip bilmerin... -diýdi. Operator elindäki daşy zarp bilen inderip o pahyryñ janyny aldy. Soñra señseläp diýen ýaly zordan aýak üstüne galdy. Ol ganly ellerini Hezreti Isa pygambere tarap uzadyp: - Jedeli men gazandym - diýdi. - Ynha, õzüñiz gõrdüñiz, gowy adam ýok... Ussa: - Nirden bilýämişiñ? - diýdi. Operator: - Özümden bilýärin. Muny özümden bilýärin... - diýip gygyrdy, soñam ýere ýazylyp gitdi. Awtomabil ussasy mal-mülküniñ elden gitjeginden gorkup, õldüreýin diýen niýet bilen operatoryñ üstüne topuldy. Hezreti Isa: - Ony arkaña gõter we şähere çenli äkit. Şähere gireñsoñam žandermeriýa tabşyr!.. - diýdi. ---------------------------------------------------------- Bellik: "Tendre l'autre joue": (Matta 5/ 39) "Sag ýañagyña şarpyk çalana, çep ýañagyñy-da uzat" manysyny berýär. "Luka injili" Hz Isa" "Bir ýañagyña taýak urana beýleki ýañagyñy-da õwür" (luka 6/9) "Matta injili" 5-nji bap, 39: "Ýõne men size aýdýaryn: Ýamana garşy gitme we kim seniñ sag ýañagyña ursa oña beýlekiñem õwür" Dowamy, 5/40: "Hem-de eger biri seniñ bilen kazyýetleşip kõýnegiñi almak islese, oña possunyñy-da ber" 5/4: "Hemde kim seni bir zor bilen mil ýõretse, onuñ bilen iki mil ýõre." 5/42: " Senden diläne ber, senden paý tama edýänden ýüz öwürme". Eziz NESIN, türk ýazyjysy. Terjime eden: © Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||