20:03 Hezreti Muhammediñ döwründe ýumor | |
HEZRETI MUHAMMEDIÑ DÖWRÜNDE ÝUMOR
Taryhy makalalar
Fransiýanyñ "Charlie Hebdo" satiriki žurnalyna garşy bolup geçen ýaragly hüjüm ýene-de "yslam we terrorizmi" bütin dünýäniñ teleýaýlymlarynda iñ köp agzalýan gürrüñleriniñ birine öwürdi. Muña meñzeş waka Türkiýede-de bolup geçdi. Turhan Selçugyñ çeken karikaturasy sebäpli "Cumhuriyet" gazetiniñ redaksiýasyna üç sany granat oklanmasynyñ üstünden kän wagt geçenok. Bu hüjümler yslama çytyk gaşly, gülmeýän, gülýäni-de halamaýan, garasöýmez bir ynanç ýaly seredilmegine sebäp bolýar. Ýeri, hakykatdanam şeýlemikä? Hezreti Muhammet (s.a.w) hiç gülenokmydy? Degşenokmydy? Geliñ, bu gün "Sagadat asyryna" (Pygamberiñ ýaşan döwri -t.b.) gaýybana seýran edeliñ… Zübeýr ibn Bekkar (789-870)… Hadyslarda dürli ýerlerde gabat gelýän ýumor bilen baglanşykly maglumatlary we hekaýatlary “Kitabu'l-Fükahati we'l-Mizahy” kitabynda jemledi. Şeýle-de… Jahyz, Kuteýbe ed-Dineweri, Ibn Abdyrabbih, Şyhabuddin Ahmet ibn Abdylwahhab en-Nuweýri, Kalkaşandy, el-Makkary ýaly yslam alymlary öz eserlerinde ýumor temasyna üns berdiler. Yslam durmuşynyñ ýumory ylmy işleriñem gyzyklanýan meselesine öwrüldi… Germaniýaly jöhit professor Frans Rouzental (1914-2003) yslam ýumory boýunça iş geçiren ilkinji alymlaryñ biridi. "Irki yslamda ýumor" (1956) atly kitabhnda muña esas hökmünde VIII asyrda ýaşandygy çak edilýän meşhur arap satirigi Eşeb hakynda ýörite monografiýa ýazdy. Gürrüñsiz, Türkiýede-de Akif Köten, Aly Seýýar we Ýusuf Dogan ýaly alymlar soñky ýyllarda yslamda ýumor temasy boýunça birnäçe ylmy işleri geçirdiler… ■ Mizah-muzah (ýumor) “Mizah” - arap dilindäki "m-z-h" kökünden alnyp, ol “güýmenje, ýañsy, degişme, henek, ýomak” ýaly manylary berýär. Eziz Nesiniñ sözüñ dogrusynyñ “muzahdygyny” aýtsa-da, arap dilinde ikisi hem ulanylýar. “Mizah” - “garşylyklaýyn degişmek” manysyny berse, "mezh" kökünden dörän başga bir söz "muzah" bolsa "degişme, ýumor, ýomak" manylaryny berýär. “Kitabul-Haýawan” we “El-Buhela” eserlerinde ýumor barada gyzykly maglumatlary berýän Jahyzyñ pikiriçe, araplaryñ ýiti henekçi häsiýetleri bardy. Mysal üçin olar çagalaryna "köp gülýän" manysyny berýän "Dahhak" adyny dakarlardy. Beýleki bir tarapdanam... Salahuddin el-Munejjid, Ens Ferh ýaly edebiýatçylar araplaryñ ýumordyr henekden daşdadygyny ýazýardylar. Ýeri... yslamyñ ýumora bolan garaýşy nähilidi? ■ Yslamyñ ýumora garaýşy Yslamyñ ýumora garaýşy hemişde jedelli mesele bolup geldi. Mysal üçin... “Edenleriniñ jezasy hökmünde az gülsünler we köp aglasynlar” ("Toba" süresi, 9/12). Ýa-da: “Olar lagw, ýagny boş we peýdasyz zatlarsan ýüz öwrerler.” ("Mömin" süresi, 23/3). Käbirleri bu aýatlaryñ gülkini, hususanam ýumory gadagan edendigini öñe sürýär. Bu düşündirişe garşy çykýanlar bolsa, "Toba" süresiniñ uruşdan gaçanlary göz öñüne tutýandygyny, "Mömin" süresinäki "lagw" sözüniñ "hezl", ýagny "mizah" (ýumor) manysyny bermeýändigini, onuñ Allanyñ emrinden gaçanlary göz öñüne tutýandygyny aýdýar. Jedel gutararly däl... Aslynda bolsa... Yslam ýumora garşy däl. Aýatlar ortada: “Güldürenem, agladanam Oldur” ("Hud" süresi, 11/71). “Onuñ sözi sebäpli ýylgyryp-güldi.” ("Neml" süresi, 27/19). Şeýle-de bolsa, ýumoryñ gadagandygy baradaky dürli pikirler käbir hadyslaryñ teswirlenşinden gelip çykýar. Dogrusyny aýtmaly bolsa, şolar ýaly hadyslaryñ sahyhlygy jedelli bolsa-da, käbir yslamçylar ýumoryñ gadagan edilendigini öñe sürdi. Mysal üçin... Ebu Suleýman ed-Darani “Ýumory halamok, sebäbi ol hakdan uzakdyr” diýipdi. Emewi halyfy Omar ibn Abdyleziz “Ýumordan gaça dur! Çünki çirkinliği jelbeder we kalplarda kine döreder” diýipdi. El-Ahned ibn Aýs "Hojaýyn henekçi bolmaz we wäşileri hormat bildirmeli däl" diýipdi. Hawa, "Dostuñ bilen jedelleşme we degişme" diýýänlerem bardy, "Köp gülme, sebäbi köp gülmek adamyñ kalbyny öldürýär' diýýänlerem!" Progressiw yslamy jahylyýet döwrüne dolap getirmek üçin ellerinden geleni etdiler we häzirem şeýdýärler. Muña garamazdan... Hezreti Muhammediñ (s.a.w) kämil şahsyýeti bu boýunça ähli bulaşyk pikirleri giderýär. Şeýle... ■ Ýumor - sünnetdir Hawa, yslamyñ ýumora bolan garaýşy Hezreti Muhammediñ (s.a.w) şahsyýetinde doly we dogry orta çykýar. Hezreti Muhammet gadagan etmek beýlede dursun, ýumordyr henegiñ ynsan ruhuna ýaramlydygyny we oña zerurlugyñ bardygyny ýaşan ömründe görkezdi. Sahabalardan Hanzala ibn Rebi öýünde maşgalasy bilen degşip-gülşüp otyrka, birdenkä özüni mynapyklyga düşendir öýtdi we haýdap Hezreti Muhammediñ (s.a.w) ýanyna gitdi. Degşip-gülüşmegiñ aýypdygyny ýa däldigini sorady. Hezreti Muhammet (s.a.w) oña şu jogaby berdi: "- Eý Hanzala! Adam kä eýle bor, kä beýle bor." Ýagny, ýumor sünnetdi... Hezreti Pygamberiñ (s.a.w) hut özi degşip, ýumoryñ gerekli zatdygyny görkezdi. Bir gün Ebu Hureýre (r.a) Hezreti Muhammediñ (s.a.w) bir hereketine düşünmän, oña sorag berdi: “- Ýa Resululla! Biziñ bilen degişýärmiñ?” Hezreti Muhammediñ (s.a.w) jogaby şeýle boldy: “- Hawa, menem degişýärin, emma diñe hakykaty aýdýaryn.” Hezreti Muhammet (s.a.w) ýaşan ömründe kän degişdi, özüne oklanan heneklere-de güldi. Ynha, birnäçe mysal… ■ HEZRETI MUHAMMEDI IÑ KÖP GÜLDÜREN KIŞI Sahabalardan Al-Nuaýman ibn Amr (?-652)… Bedir, Uhud, Hendek söweşlerine gatnaşdy. Şeraphonrakdy. Hezreti Muhammediñ (s.a.w) emri bilen iki gezek gamçy jezasy berildi, ýene-de el çekip bilmedi. (Buýruga görä aýakgabyna gamçy urulypdy.) Hezreti Muhammet (s.a.w) Nuaýmany aýratyn gowy görüpdir we onuñ bu mähirli dostlugy hiç haçan kesilmändir. Hezreti Omar (r.a) Nuaýmany şerapdan daşlaşdyryp bilmän oña: “Alla seni utandyrsyn, nälet bolsun saña” diýende, Hezreti Muhammet (s.a.w) oña: “Beýle diýmäñ, ol şübhesiz Allany we Resulyny söýýär” diýip, onuñ tarapyny çalypdyr. Hezreti Muhammedi (s.a.w) durmuşda iñ köp güldüren kişi Nuaýmandyr.. Ýarlykly garyp bolan Nuaýmanyñ Hezreti Muhammede (s.a.w) çakdanaşa mähir-muhabbeti bolupdyr. Bir gün... Medinä täze ir-iýmiş ýa-da süýt gelende, dessine olardan alyp getirip: "Eý Allanyñ Resuly, muny señ üçin satyn aldym we saña sowgat diýip getirdim" diýdi. Birnäçe gün geçensoñ zadyñ eýesi Nuaýmandan puluny soranda, (onuñ berere kör-köpük bolmansoñ), ony Hezreti Muhammediñ (s.a.w) ýanyna getirip: “Eý Allanyñ Resuly, şu bendäniñ alan zatlarynyñ puluny bersene!” diýende, Hezreti Muhammet: "Eý Nuaýman, sen ony bize sowgat etmänmidiñ?" diýip sorady. Nuaýman: "Ýa Resulalla, ony satyn alamda pulum ýokdy. Seniñem ondan iýmegiñi isledim, şonuñ üçin alyp getirdim" diýende, Hezreti Muhammet (s.a.w) hezil edip güldi we söwdagäre iýen zatlarynyñ puluny berip goýberdi. Nuaýmanyñ henekleri yslam taryhynda aýrattn ýer tutýar. Bu barada birnäçe kitaplar hem ýazyldy. Hezreti Muhammedi (s.a.w) bakyýete göçmeginden bir ýyl öñem iñ köp güldüren gahryman ýene Nuaýman bolupdy. Nuayman bir gezek egindeşleri Suweýb we Hezreti Ebu Bekir (r.a) bilen bile söwda etmäge Busra gidipdir. Busra baranlarynda Nuaýman goş-golamlary garawullap oturan Suweýbiñ ýanyna gelip, ondan iýip-içer ýaly zat soraýar. Suweýb oña Hezreti Ebu Bekir gelýänçä zat bermejegini aýdansoñ, Nuaýman: "Seniñ degnaña degjek bir işi gaýryşyma seret" diýip, golaýrakda bir ýerdäki düýe täjirleriniñ ýanyna barýar. Olara “Edenli bir arap gulum bar, satyn alaryn diýseñiz? Ýöne ol köp gepleññiç biridir, belkäm size "men gul däl, azat adam" diýmegem mümkin. Eger almajak boldañyz, gulumy maña garşy öjükdirmejek bir bolaweriñ" diýdi. Arap täjirlerem “Ýok-la, biz ony on düýäniñ bahasyna satyn alarys!” diýýärler welin, Nuaýman düýelere bakan gidip, olary dañdy we müşderileriniñ ýanyna gelip, Suweýbi görkezdi: “Ine, şol şu, baş üstüne, alyñ” diýdi. Olaram Suweýbe ony satyn alandyklaryny aýdanlarynda: “Ol ýalan sözläpdir, men azat adam” diýse-de, arap täjirleri oña ynanman: "Ýeri bolýa, oýnuñy bes et, seniñ ýagdaýyñy hojaýnyñ bize aýtdy" diýip, syrtmagy onuñ boýnundan geçiripdirler we alyp gidipdirler. Biraz wagt geçensoñ... Hezreti Ebu Bekirem (r.a) gelip ýetýär. Ýagdaýdan habarly edilen Ebu Bekir ýoldaşlaryny alyp, Suweýbiñ yzyndan gidýär we düýeleri yzyna berip, ony halas edýär. Kerwenden dolanyp gelnensoñ, bolup geçen waka gürrüñ berilende, Hezreti Muhammet (s.a.w) gülküsini saklap bilmändir we zol-zol şony ýatlap gülüp ýörüpdir. Nuaýmanyñ henekleri ýüzlerçe ýyl bäri musulmanlary güldürmäge dowam edýär. Ýeke-täk wäşi sahaba diñe Nuaýman däl eken. Abdylla ibn Huzafe, Zeýd b. Sabit, Useýd ibn Hudaýr, Abdylla ibn Muhammet ibn Abdyrahman ibn Ebu Bekr ýaly wäşi sahabalar bolupdyr. Gynansak-da... ýüzlerçe ýyl geçensoñ yslam jahylyýet döwrüne dolap getirildi. Özüne atylan henekleri ýylgyryp-gülüp kabul eden Hezreti Muhammedi (s.a.w) undana meñzeýärler. Serediñ... Gurhan näme diýýär: "Jeza berjek bolsañyz, size nähili jeza berlen bolsa, sizem şeýdip beriñ. Sabyr etseñiz, elbetde, bu siziñ üçin has bähbitlisidir." ("Nahl" süresi, 16/126) Fransuzlaryñ "Charlie Hebdo" žurnaly siziñ degnañyza degjek karikatura çeken bolsa, sizem olaryñ degnasyna degjek karikatura çekiñ. Bolany. On iki adamy yslamyñ adyndan, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) adyndan öldürmek ylalaşyp boljak zat däl… ■ HEZRETI MUHAMMEDIÑ HENEKLERI Jabiriñ aýtmagyna görä, Hezreti Muhammet (s.a.w) agtyklary Hezreti Hasandyr Hezreti Hüseýini arkasyna mündürip, iki eliniñ-aýagynyñ üstünde ýöräp: "Düýäñiz neneñ gowy düýe, sizem neneñ gowy münüji" diýip, olary aýlardy. Hezreti Muhammet (s.a.w) sahabalara henek oklaýşy ýaly, wagtal-wagtal sahabalaram oña henek oklapdyrlar. Mysal üçin Hezreti Omar... Ol Hezreti Muhammedi (s.a.w) Hezreti Hasany we Hezreti Hüseýine iki egnine mündüren halda görüp, olara: "Astyñyzdaky atyñ gymmaty näçeräk?" diýip, henek oklapdy. Hezreti Omar bu degişmäni Hasandyr Hüseýine ýüzlenip aýdanam bolsa: "Hezreti Muhammet (s.a.w): "Olaram ne ajap çapyksuwarlardyr!" diýip, jogap beripdi. Hawa, Hezreti Muhammet (s.a.w) özüniñ ata meñzedilmegine hiç hili gaty görmändir, ("Dile geldi, bile geldi", munam ýazaýyn: asyk ýüzli, agras kişi bolan we "köp güleniñ haýbaty azalar, aşa wäşilik edýäni äsgermezler" diýen Hezreti Omaryñ hut özi henek oklaşmagy gowy görüpdir. Bir gün Hezreti Omar çig-çarsy namaz okaýan bir bedewä (çarwa arap) syn edýär. Bedewi namazynyñ soñunda: "Eý Allam, meni hüýr-perilere öýer!" diýip doga edende, Hezreti Omar oña: 'Bäý-bä! Puluny tölemediñ, emma wada berlen zenanyñ iñ gowsuna talaşgärlik edýäñaý!" diýipdir. Sahabalar hakynda Bekb. Abdylla el-Müzeni şeýle ýazdy: “Hezreti Pygamberiñ sahabalary biri-birlerine garpyz zyñyşyp, degşip-gülşerlerdi…”) Hezreti Muhammet (s.a.w) aýaly Hezreti Aýşanyñ oklaýan ähli heneklerini ýylgyryp kabul edýärdi… Hezreti Muhammediñ (s.a.w) adam atlarynyñ yzyna lakam tirkäbem, degşendigi mälimdir. Meselem ol çagalygyndan ýanynda ulalan Enese on ýaşyndan soñ “Ýaze'l-uzuneýn” ("Iki gulakly") diýip, degişme bilen ýüzlenipdir. Şeýle-de, Hezreti Muhammet (s.a.w) Hezretu Hasany ýanyna çagyranda: "Bezzat, diýen etmezek" diýip çagyrýan eken. Heneklere her halkyñ öz medeniýetine görä seljermek gerek. Her kes üçin her degişme gülkünç bolmanam biler. Hatda halamanam biler. Şol sebäpli Hezreti Muhammediñ (s.a.w) degişmelerine şu nukdaýnazardan seretmek gerek. Ýene birnäçe mysal bermeli bolsa… Hezreti Muhammet (s.a.w) horaz öldürjek bolup duran müezzin (azançy) Bilal Hebeşä: "Bir müezzin başga bir müezzine nädip dözýärkä?" diýip, henek oklapdyr. Enjeşe diýen sahana hoşlaşyk hajyndan dolananda, Hezreti Muhammediñ (s.a.w) aýallaryny alyp barýan düýeleri idýärdi. Onuñ gygyryp aýdýan aýdymlary düýeleri hyjuwlandyranda, Hezreti Muhammet aýallaryñ näzik bolýandygyny we olaryñ ýokuş görüp biljekdiklerini aýlawly gepe salyp şeýle diýdi: “ - Eý Enjeşe, ýuwaşrak sür, billurlary (kristal) döwäýme.” Ýene bir henek ýazaýyn… Ensarly bir kempir jennete girmegi üçin Hezreti Muhammetden (s.a.w) doga etmegi towakga etdi. Hezreti Muhammet (s.a.w): “Sen bileñokmy, garrylar jennete girip bilenok” diýende, kempir görgüli gynanjyndan aglap başlaýar. Hz. Muhammet (s.a.w) ýylgyryp: “Sen heý "Olary (zenanlary) juwan, ýanýoldaşlaryna taý we hemmesini şol bir ýaşda kyldyk" diýen aýaty okamadyñmy?” diýýąr Ýagny, Hezreti Muhammet (s.a.w) aýallaryñ garry halda däl-de, ýaş gyza öwrülip jennete girjegini degişmä salyp buşlapdy. Ýene bir henek bilen sözümi jemläýin: Hezreti Muhammet (s.a.w) bir gün özüni düýä mündürmegi haýyş eden sahaba "Seni köşege mündürsem bolmaýamy?" diýýär. Sahaba birhili aljyraýar. Hezreti Muhammet (s.a.w) henegini şeýle düşündirýär: "Düýeleriñ hemmesi ene düýäniñ köşegi dälmi näme?" Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 11.01.2015 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|