23:59 Hojanepes | |
HOJANEPES
Taryhy şahslar
Surat: Hojanepes Bekowiç-Çerkasskiý bilen / "Gizlin ilçi" kinofilminden, 1986 ý. Hojanepes Söýün ogly türkmen diplomatiýasynyň taryhynda rus patyşasy Pýotr I bilen duşuşan ilkinji türkmen ilçisidir. Biziň günlerimize gelip ýeten resminamalarda onuň ady Hojanepes Söýün ogly diýlip görkezilýär. Bu türkmen diplomatynyň ömri barada taryhçy A.Begjanowyň «Hojanepesiň Peterburga gitmegi. Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýalary» atly makalasynda maglumatlar bar. Kakasynyň ady Söýün bolupdyr. Hojanepes, takmynan, 1678-nji ýylda Maňgyşlakdaky Ýykylgan diýen obada dünýä inipdir. Onuň ata-babalarynyň oturymly ýerleri Maňgyşlagyň Agaçly, Gyzyltam, Yzoý, Garagaç diýen obalary bolupdyr. Öz meşgullanan işi boýunça Hojanepes söwda gatnaşyklaryny guraýjy bolupdyr diýen gysgajyk maglumatlar berilýär. Hojanepes Söýün ogly Hywa, Balkan türkmenleriniň ýagdaýyny gowy bilipdir. Hojanepes 35 ýaşynda 1713-nji ýylda käbir beýleki täjirler bilen söwda işleri boýunça Astrahana (Hajytarhan) gelipdir. Taryhçy A.Begjanow onuň eýýäm bu ýere göçüp gelen türkmenler bilen gatnaşyk saklandygyny, hatda Hojanepesiň özüniň hem bu şäherde hususy öýüniň bolandygyny ýazýar. Ol Astrahanda ýaşaýan asly Eýranyň Gilýan welaýatyndan bolan Zaman beg, täjir bilen duşuşypdyr. Mümkinçilikden peýdalanyp, Hojanepes oňa öz pikirlerini, ýagny Russiýanyň imperatory bilen duşuşmak hem-de onuň döwleti üçin bähbitli işiň başyny tutmak isleýändigini beýan edipdir. Bu pikirleri diňläp, ony peýdalanyp boljakdygyna göz ýetiren Zamanow Hojanepesi Peterburga äkidip, ony Pýotr I bilen duşuşdyrmaga mümkinçilik döredip biljekdigini aýdyp, bu işde oňa ýardam edipdir. Zamanow Hojanepesi Peterburga äkidip, ol ýerde hem knýaz Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiý (türkmenleriň arasyndaky meşhur ady Döwlet-Gireý) bilen tanyşdyryp, Hojanepesiň maksatlary barada aýdyp beripdir. 1714-nji ýylyň ýazynda 36 ýaşly Hojanepes Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiniň kömegi bilen patyşa Pýotr I bilen duşuşypdyr. Bu duşuşykda Hojanepes Amyderýanyň kenarlarynda altyn külkeleriniň bardygyny, derýanyň beýleki ýüzünde, Buhara töwereklerinde ýerleşýän Yrkent (Erket) diýen ýerde bolsa onuň kändigini hem-de Amyderýanyň öň Hazar deňzine (Uzboýuň ugry boýunça) akandygyny, emma ony hywalylaryň Arala sowandygyny, bendi açyp, derýany köne hanasyna akdyryp boljakdygyny, bu işde türkmenleriň ruslara kömek berjekdiklerini rus patyşasyna aýdypdyr. Taryhçy Amantagan Begjanowyň ýazyşy ýaly, «Hojanepes 1714-nji ýylyň ýazynda rus imperatory Pýotr I bilen duşuşanda Uzboýuň suwunyň kesilmeginiň sebäplerini esaslandyryp, Amyderýanyň hywalylar tarapyndan Arala sowulmagy «ruslardan ätiýaçlyk üçin edildi» diýipdi. Şeýle diýmek bilen, ol imperiýanyň daşary syýasatynyň merkezinde duran esasy meseleleriň birini ussatlyk bilen gorjalap, bu ugurda alnyp barylmaly çäreleriň tizleşdirilmegine hem-de onuň geriminiň giňeldilmegine itergi beripdi» (Begjanow A. Maňgyşlak türkmenleri XVIII-XIX asyrlarda. — A., 1993, — 128 s.). A.Begjanow 1859-njy ýylda Maňgyşlaga rus ekspedisiýasynyň düzüminde gelen, ozal Orenburgyň we Samaranyň general-gubernatorynyň ýanyndaky diplomatik wekilhanada işlän M.N.Galkiniň «Orta Aziýa we Orenburg ülkesi boýunça etnografik we taryhy materiallar» diýen işinde ýazan «Hojanepes Pýotr I-ä türkmenleriň kömegi bilen Hywany basyp almagy teklip edipdir» diýen netijesiniň ýapa degmeýändigini adalatly belläpdi. Amyderýanyň öň Hazar deňzine akandygy baradaky maglumat Pýotr I has-da gyzyklandyrypdyr. Amyderýanyň öň Hazar deňzine guýandygyny Peterburgdaky Hywa ilçisi Aşyr beg (bu ilçiniň şübhesiz türkmen bolandygyny onuň ady aýdyp dur. Türkmenleriň tabyn bolan döwletleriniň köşklerinde möhüm orny eýeläp, diplomatik missiýalary ýerine ýetirendigini aýratyn nygtamakçy bolýarys) hem tassyklapdyr. Bu tassyknamadan soň Amyderýanyň öňki ugruny dikeldip, Hindistana tarap suw ýoluny açmak mümkinçiliginiň bardygy baradaky pikir Pýotr I maksatnamasyny amala aşyrmakdaky örän uly mümkinçilik bolup durýardy. Bu maglumatlardan doly täsirlenen Pýotr I maglumatlaryň takyklygyny anyklamak üçin, Merkezi Aziýa ekspedisiýa ugratmak üçin herekete başlaýar. 1715-nji ýylyň 25-nji aprelinde A.Bekowiç-Çerkasskiniň birinji ekspedisiýasy ikinji gezek deňze çykyp, Maňgyşlakdaky Düýp Garagan aýlagyna ugrapdyr. A.Bekowiç-Çerkasskiý Düýp Garagan aýlagynyň türkmenleri bilen duşuşyp, Amyderýanyň Hazar deňzine guýan ugry barada maglumat toplapdyr. Maňgyşlak türkmenleri Hojanepesiň maglumatlaryny tassyklapdyrlar. Ol duşuşyklara Hojanepes-de gatnaşypdyr. A.Bekowiç-Çerkasskiý Hojanepesiň ýolbaşçylygynda Nikolaý Fýodorowy we Iwan Zwanskini Uzboýuň ugruny yzarlamaga we suwa böwet edilen gatlany tapmaga ugradypdyr. Hojanepes Düýp Garagandan Hywa tarap kerwen ýoly bilen gidip, 11 gün diýlende Amyderýanyň Garagaç şahasyna eltendigini öz görkezmesinde habar beripdir. Ruslara derýanyň ugruny sowmak üçin edilen gaçyny, Ata Ybraýym atly guýynyň ýanynda derýanyň köne hanasynyň ugrunda ozalky ýaşaýşyň alamatlaryna şaýatlyk edýän ýaşaýyş jaýlarynyň, suwaryş kanallarynyň yzlaryny görkezipdir. Türkmen diplomaty Hojanepes ruslar bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, Aleksandr Bekowiç-Çerkasskiniň ýolbaşçylygyndaky rus ekspedisiýalarynyň ählisine hem ýakyndan ýardam edipdir. Ol hatda bu ekspedisiýanyň soňunyň pajygaly ýagdaýda tamamlanmagyny öz gözi bilen görüpdir. Rus ekspedisiýalaryndan soň Hojanepes Söýün oglunyň ömür beýany barada takyk maglumatlar ýok. Hywa hany Şirgazynyň guran gyrgynçylygynda Çerkasskiniň howandarlyk etmegi bilen Hojanepes ölümden halas edilipdir. Bölünişikde ol Hywa hanynyň Agamämmet diýen türkmen nökeriniň eline düşüpdir. Ol ony han çadyrynyň golaýynda gizlin saklap, bolan wakalara syn etmäge-de mümkinçilik döredipdir. Soň bolsa Hywadan gizlinlikde öz iline ugradypdyr. Hojanepes Düýp Garaganda galmyk soltany Seýdalynyň ýanyna baryp, bolan wakany gürrüň beripdir. Ondan soň, rus berkitmesiniň komandiri Annenkowa özi barada habar edipdir. Öýünde on gün bolandan soň, Hojanepesi ilki Astrahan, soňra Kazan gubernatorynyň ýanyna ugradypdyrlar. Ol Kazanda Çerkasskiniň ekspedisiýasyna gatnaşan we dürli sebäplere görä aman galan Altyn Useýnow, Fýodor Ýemelýanow, Mihail Bolotelkin bilen duşuşypdyr. Olardan Kazan gubernatory P.S.Saltykow 1717-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda sorag edipdir. Olaryň sorag protokoly pajygaly wakanyň ýeke-täk şaýady hökmünde 1853-nji ýylda «Rus imperator geografiki jemgyýetiniň ýazgysy» atly žurnalyň IX sanynda A.N.Popow tarapyndan çap edilipdir. Megerem, Hojanepesiň we onuň ýoldaşlarynyň sorag edilende beren maglumatlary A.Bekowiç-Çerkasskiniň ekspedisiýasy barada soňky ýazylanlaryň ählisiniň diýen ýaly esasydyr. Akademik Myrat Annanepesowyň «Укрепление русско-туркменских взаимоотношений в XVIII-XIX вв.» (— A., 1981) atly kitabynda berilýän maglumatlara görä, Hojanepes Kazandan sag-aman Maňgyşlaga gelip, köp wagt geçirmän, Eýranyň çäklerine gidipdir. Gürgen derýasynyň kenarlarynda häzir hem Hoja-Nefes atly ilatly nokadyň bardygy barada maglumat bar. Taryhçy A.Begjanow Hojanepesiň taryhy hyzmatlaryna baha bermek bilen: «Hojanepes uly taryhy şahs bolmak bilen, ol diňe bir Maňgyşlak türkmenleriniň däl, eýsem, Balkan we Hywa etraplarynda ýaşan türkmen ilatynyň-da bähbidini arapdyr. Ol Uzboýuň ugrunda bir zamanlar oturymlylyga geçen türkmen iliniň ata-baba ýurduny taşlap gitmegi ýaly milli tragediýanyň täsiri astynda, ondan köp ýyllar geçendigine garamazdan, Rus imperiýasynyň güýjüni ulanmak arkaly bu ýagdaýy täzeden dikeltmegiň alajyny gözläpdir» diýip ýazýar. 1746-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Maňgyşlak türkmenlerinden Gambar beg, Gara batyr, Onbegi we Çapyk Nyýaz batyr rus raýatlygyna geçmek hakynda haýyş bilen Sankt-Peterburgda bolupdyrlar. Bu Hojanepesden soňra rus paýtagtyna baran çeşmelerde mälim bolan ikinji türkmen wekiliýetidir. Režissýor Halmämmet Kakabaýewiň, operator Eduard Rejepowyň, kompozitor Rejep Rejepowyň, baş rollarda oýnan Nurberdi Allaberdiýewiň, Wladimir Nekrasowyň, Çary Işangulyýewiň, Grigore Grigoriunyň, Igor Puşkarýowyň gatnaşmagynda türkmen diplomaty Hojanepes Söýün oglunyň bitiren işleri hakda 1986-njy ýylda «Gizlin ilçi» diýlip atlandyrylýan kinofilm surata düşürildi. Hojanepesiň keşbi sungat äleminde hem janlandyrylypdyr. Rus suratkeşi Gennadiý Ýakowlewiç Brusensow özüniň «Biziň pederlerimiz» («Наши отцы») atly eserinde Hojanepesiň ruslaryň ýanyna baryp, öz pikirlerini aýdyp berip duran pursadyny şekillendiripdir. Jumamyrat GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty. "Nesil" gazeti, 14.11.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |