23:13 Hüwdi sanawaçlary | |
HÜWDI SANAWAÇLARY Zenanyň şirin owazyna eýlenip, çagany uklatmak maksady bilen hiňlenilip aýdylýan sallançak başyndaky hüwdülerden başga-da, oňy ele alyp, bökdürip, hopba edip ýa-da aýagyň üstünde ýatyryp, yralaýan wagtyňda aýdylýan her hili çeper setirler hem folklor diýlip atlandyrylýan gymmatly hazynanyň içinde kän gabat gelýär. Bulary aýdylyşynyň gömüşlerine görä, hüwdi sanawaçlary diýip atlandyrmak ýerliklidir. Çünki olar aýdym görnüşinde hiňlenilip däl-de, eýsem, çaga bökdürilip oýnadylýarka, sanawaçlar kimin sanalyp aýdylýar. Häzirki wagtda, ýagny Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda baý mirasymyzyň bir şahasy bolan aňyrsy-bärsi görünmeýän umman kimin hazynany ýatladýan halky eserlerin bir görnüşi bolan hüwdi sanawaçlary hakda söhbet etmek has-da gyzyklydyr, Garalynyň garasy, şu sanawaç setirlerini diňläniňde, agty-jagyny bökdürip, oýnadyp oturan mähriban mama göz önünde janlanýar. Gyz çaga kämillik ýaşyna ýetensoň, durmuşa çykarylmaly, çünki ol kişi maşgalasy. Gyz ulalansoň, oňa gudaçylyga gelenlerinde enäniň arzuwlary şahyrana setirlerde şeýle beýan edilipdir. Ýeňňesine ýelmaýa, Hüwdi sanawaçlaryna hem enäniň arzuwlary siňipdir. Bular ýaly bentleriň yzy «Huwwa-huw!» diýlip hiňlenmek bilen tamamlanmaýar, olar hiňlenilip aýdylmaýar, çünki olar sanawaçlar. Olaryň niýeti, maksady çagany güýmemek, oýnatmak, çeper söze söýgi döretmek. Çünki kiçijik çaga düşünmese-de, ýanynda oýnap oturan uly çagalaryň düşünjekdigi ikuçsyz. Sanawaçlaryň içinde köp bogunly, has çeperleri hem bar: Atasyna meňzese, başyndadyr sellesi, Bular kimiň çeper sanawaçlar hüwdüleriň içinde örän kän, bu bolsa türkmen halkynyň ähli babatda dilewar, çeper, pähim-paýhasly, dörediji halk bolandygyndan habar berýär. Bedew atyn bökdürip, Mysal alnan bentleriň çeperçilik derejesine ser salanyňda, olaryň kapyýa, bogun tarapdan kämillige ýeten sadaja bentlerdigi haýran galdyrýar. Türkmen eneleri çaga her bir hereketi yzy-giderli öwredipdirler. Mysal üçin, çaga 7—8 aýlýk wagtynda «çapak-çapak» oýnap başlaýar. Elbetde, çaganyň iki elini çarpyp oýnap bilmeginde hüwdi sanawaçlarynyň hyzmaty uly. Çaganyň ejesi, enesi, mamasy ýa-da gyz doganlary «çapak-çapak» sanawajyny sanap, çagany gyzykdyryp, özüne çekip, her gün çaga oýa wagtlary, şol hereketleri gaýtaladýarlar. Netijede, çaga tiz çapak-çapak oýnuny öwrenýär. «Çapak-çapak» sanawajynyň aýdylmaýan ýeri ýok bolsa gerek. Çapak-çapak elleri, diýip sanalýan sanawajyň eýýam oglan çaga degişlidigini many-mazmunyndan aňlamak bolýar. Çaga çelpek ýaýanok-da, çelpek syrýar, diýmek, oýnadylýan çaga oglanjyk. «Çelpek syrmak» dessurynyň geçmişde ýigitleriň, erkek oglanlaryň arasynda meşhurlyga eýe bolandygy hemmelere mälimdir. Çapak-çapak elleri, Bu bent bolsa gyz çagajyk oýnadylanda aýdylýar. Durmuş, galpak, sünnet toýlarynda çelpek ýapylyşy, ýigitleriň çelpek syryşlary, toý tutulyşy şu iki sany ýönekeýje bentde öz beýanyny tapýar, çaga ýagşy alkyşdilegler edilýär. şeýle sanawaç bentleri örän kän, olaryň barysynyň maksady çaga sözleýiş dilini öwretmek, onuň aň-düşünjesini ösdürmek, dünýägaraýşyny çuňlaşdyrmak, şadyýanlygy, alçaklygy terbiýelemek. Nesil terbiýesinde eneleriň hyzmatynyň iňňän uly bolandygyny şu setirlerden hem aňşyrmak bolýar. Gurbanjemal YLÝASOWA, # turkmenstan_2016 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |