16:04 Hyrydarly harytlar / satiriki hekaýa | |
HYRYDARLY HARYTLAR
Satiriki hekaýalar
Ýañy-ýakynda men kärhanalaryñ birine bir işe bilen barmaly boldum. Ilkinji gabat gelen adam gapysyndaky garawuly Nowruz aga boldy. - Nowruz aga, siziñ kombinatyñyz täsin önüm öndürýärmiş diýip eşitdik-le?! - diýip, gyrçuw sakgally ýaşula sowal berdim. Ol käsesindäki çaýyny çalt-çalt owurtlap söze başlady: - Bizmi, biz örän gerekli, juda derwaýys haryt çykarýarys. Galapyn gyş aýlarynda biz iş bilen gümra bolýarys. Ýaz, tomus, güýz pasyllary üçin önüm taýýarlaýarys. Biziñ önümlerimiz saýlama sortdan geçýär. Zakaz üstüne zakaz, uly nobat. Ýöne biz harydymyz diñe edarañ üsti bilen berýäris. Nagt pula satamzok. Käbir ýeser ýolbaşçy öz jübüsinden töläbem aljak bolýar, beremzok. Siz beýleki bir kabinätdäki, ýagny başlygymyzyñ jaýyndaky: "Tanyşlygyñ ýoluna mina gömülgi!" diýlen ýazgyny okamadyñyzmy?! - diýip, Nowruz aga ýerinden turdy. Ol elini uzatdy-da, äpişgeleriñ birinden çaklañja bir kitapçany aldy, daşynyñ çañyny süpürip: - Inim, ynha biziñ önümlerimiziñ gysgaça spisogy. Oka-da göräý - diýip, ýaşuly ol kitapçany maña berdi. Oturyp göz gezdirdim. Dogrudanam gowy önüm. Hyrydarly haryt. "Planyñ gürrüñi bolmaz!", "Borçnamany hökman ýerine ýetireris!", "Söz berdiñmi, sözüñde-de tapyl, tapylmajak bolsañ gapyl!", "Ýarym ýyllygy üç aýda!", "Tebigatyñ eçilerine garaşmarys, çünki biz gedaý däl, gañryp alarys!", "Hek ederis!", "Nas ederis!", "Gazyk ederis!", "Arma, arsañ önmez norma!", "Azyk maksatnamasyny tiz ýerine ýetireris!" diýen harytlaryñ belli bahasy ýok ahyry! Men kitapçany okap oturyşyma arasynda dyngy berip, ýaşula seretdim. Ol ýerinden turup, ýanyma geldi-de: - Bütüki, biziñ güýze, gyşa deñiç hümer bolup alynýan önümlerimizdir - diýip, Nowruz aga ýañky kitapçany emaý bilen ýerinde goýdy. - Indi sen käbir edaralaryñ güýzde, gyşda bize buýurdyp, pul düşäp alýan harytlary bilen tanyş bol - diýip, Nowruz aga ýene bir kitapça getirdi. "Wah, howa şertleri amatsyz boldy-da!", "Gurluşyk materiallary wagty bilen gelip ýetmedi!", "Bizi bökdän zat zapas şaýlar!", "Kollektiwiñ inisiatiwasyna kembaha garapdyrys-da", 'Silosymyz ýetmez öýtmändik!", "Täze hasylyñ düýbüni tutmak işine edil häziriñ özünde girişeris!", "Geçen ýyllaryñ kemçiliklerini sapak edineris!", "Azyk maksatnamasyny, aý, 90-njy ýyl daş-la!" Men ikinji kitapçany ýaşula gaýtaryp berdim. Ol: - Önümlerimiz gaty gowudyr görseñ, ylaýta-da soñky kitapçadakylaryñ üsti ölşük, gyrlym. Käbir kolhoz, sowhoz, gurluşyk, beýleki edara ýolbaşçylary ýañky önümleri, baý, alýarlar-a. Bize täze-täze görnüşlerini zakaz berýärler - diýdi. Men Nowruz aga bilen hoşlaşdym. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |