16:19 Içinde däldigime ökündim / satiriki hekaýa | |
IÇINDE DÄLDIGIME ÖKÜNDIM
Satiriki hekaýalar
Uçastok milisioneriniň kabineti. Mele aga işläp otyr. «Žigulisini» ogurladan Meret Annaýew alňasap gelýär. ― Mele aga, salawmaleýkim. ― Ýeri, bolýa, aýdyber. ― Aýtsam, ýaşyl «Žiguli» aýagyny sallap gidendir. Wah, arman, «Žiguli»... ― «Žiguli» gitdi diýýäňmi?! ― diýip, Mele Sary äpişgeden seredýär. ― Meňkimi?! Ýo-ýok, meňki ýaşyl däl, gyzyl. ― Wah, öz derdime aglaýan-la, ýoldaş leýtenant. Bir kömek edeweri! ― Täzesini almagamy?! ― Ýok-la. Öňkimi tapsam-da ýok edip satyp goýberjek-le. ― Hany, graždanin Meret Annaýew, wakany doly we dogry beýan et. Eger nädogry maglumat berseň, jenaýat kodeksiniň näçenji madda, näçenji bölümi boýunça... Ýok, ol zatlar saňa degişli däl. Ýeri, onsoň, beýan et. Neneňsi, niçiksi ýagdaýda «Žiguliňi» ogurlatdyň? ― Agşam garažymdan alyp gidipdirler. Ertir turup görsem ýok. Ine, bar bilýänim. ― Ogrular bilen edabatyň barmy? ― Ýok. Men olary bilemok. ― Ogry şärigi-hä dälsiň-dä?! ― Ýok. Ynha, öten agşam ertirki etmeli işlerimi, barmaly ýerlerimi aýalym bilen maslahatlaşyp, hata ýazyp, spisok hem düzüpdik. Meniň gipertoniýa keselim bar, huşum ýok. ― Spisok ýazmagyň şübheli, gardaş, bagyşla, graždanin. ― Ynanaý, men maşynymyň ogrulanjagyny bilen bolsam, içinde ýatmazmydym. ― (Geň galyp) A-how, nädäýdiň-äý?! Asyl maşynyň içinde özüň ýataňogammy?! ― Ýok. Men öýde, ýorganda ýatýan. ― Onda «Žigulide» aýalyň ýatýandyr-da?! ― Näme üçin aýalym sowuk demriň içinde ýatmalymyş. Meň ýorganym iki adamlyk ahyry. ― Degişmäni goý. Onda maşynyňyzyň içinde ýatýan itiňiz haýsy tohumdan? Buldokmy, iňlis dogumy, ýa nemeň owçarkasymy?! ― Hiçisem däl. köpegem däl, gaýyňam däl, ganjygam däl. ― Graždanin Annaýew, medeniýetli gürläň! Onda siz «Žiguliň» içinde uklaman, piliň gulagynda uklaýan ekeniňiz-ow?! Beýle bolsa siz maşyny düýşüňizde-de münmeseňiz gerek. ― Näme üçin men oýalygymda maşyn münmeli däl. hany, garawullar? «Meniň milisiýam meni goraýar» diýip, Maýakowskiý aýdypdyr ahyry. ― Maýakowskiniň «Žigulisi» ýokdy. Onuň dünýä belli talanty bardy. A sende bolsa iň bärkije hüşgärligiňem ýok. ― Men eýsem nätmeli ekenim?! ― «Hudaýa ynansaň ynan, eşegiňi bek duşa» diýlen söz bar-a. Garažyň demir-betondan berk edilip guýlanmy?! Ony ogrular buldozer bilen ýykypdyrlarmy? ― Ýok, ýönekeýje bir zat, kerpiçden örlen garaž-da. ― Oýnuňy goýsana. ― Ýok, çynym. ― Gapysy demirdenmi? Ony ogrular awtogen bilen kesipdirlermi? ― Ýok, üçlük tagtadan çalamydar gapy-da. ― Asla ynanjak däl. ― Ynanaýyň! ― Garažyňa signalizasiýany kim geçirdi? ― Beýle zat nämişlesin. ― O-how, seň bolşuň asla maşyn münjege meňzänok-la, halypa, bagyşlarsyňyz, graždanin! Bat bilen süseninde agyr tanky yza tesdirýän demir-beton garažyň ýok, düňňürdäp duran demir derwezesi ýok, it saklaňok, özüňem aýalyň bilen iňrik garalandan kürsäp urýan bolsaň ýüpek ýorgana... men-ä saňa näme diýjegimi bilemok. Sanlyja hepdäm galdy. Siziň derdiňizden aman-sag abraý bilen pensiýa çykyp bolsa bordy-how?! Hany sen aýt, özüňem gaty dogryňdan gelip aýt, garažyňa gije güýçli naprýaženiýeli tog-a çekýän dälsiň-dä?! Emma ol gadagandyr, han, bagyşla, graždanin. ― Ýok, mende beýle hilegärlik bolmaz. Men size, adamlara ynanýan. ― Maşynyňy başga bir maşyna, ýagny ýük maşynyna ýükläp alyp gidipdirlermi?! ― Ýok, sürüp alyp gidipdirler. ― Tigirlerini aýyryp goýaňokmy?! ― Ýok. ― Bäh, halal saňa. Beýle-de bir biagyry, arkaýyn, perwaýsyz adam bor eken-ow! ― Beýdip, was-wasa düşüp ýörme bolmaz ahyry. ― Beýtmeseň özüňem alyp giderler. ― (Gaharlanyp) Waha, meň özümem ogrular bilen gitjekdim, gidip ýetişmedim. ― Diýmek, onda sen ogrulary görüpsiň-dä?! ― Wah, hawa-la, olar bilen men bir «Ekstrany» hem paýlaşyp urdum. Öýümden zakuska alyp çykdym. Maşynyň açaryny olara gowşurdym. Ýoldaş leýtenant, men indi pyýada gezibermelimi?! ― Ýok, seni pyýada gezdirip bolmaz. Häzir maşyn ger. (Telefon edýär) Alo, alo, «Tiz kömek!»... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |