IÇINI BOŞATMAK
Külliýe (köşk) taryhçylary buýurdy:
"Garaşsyzlyk urşy" diýmäliñ, "Milli göreş" diýeliñ...
"Habertürk"-iñ žurnalist-ä ýazdy, "Sabah" gazetiniñ žurnalistem alkyşlady.
Göräýmäge, tapawudy-da ýok ýaly: ha "Garaşsyzlyk urşy" ("İstiklal Savaşı”) bolsun, ha "Milli göreş" (“Milli Mücadele”), tapawudy näme, ylalaşmaz ýaly teklip däl. Emma şeýle bir inçe mekirlik bilen berilen teklip bu! Hawa, nämä gerek bolduka şular ýaly gürrüñi orta oklamak?
Ah, Ýalçyn Küçük halypam bolaýsa şumat, näme diýerdikä ol bu añ bulaşyklygyny döretme galamgärligine?
"Aýlyk wedomosty" (“Maaş bordrosu”) taryhçylygymy?
"Başlangyç mekdebiñ okuw programmasy" (“İlk mektep müfredat”) taryhçylygymy?
"Syýasata serişde daşama" (“Siyasete malzeme taşıma”) taryhçylygymy?
“Atatürksiz” taryh ýazyjylygymy?
Serediñ:
Teklibiñ düýp maksady - alnyp barylan azat-edijilik göreşini sa:p "ýaraga-urşa" düşürmekden ybarat.
Teklibiñ düýp maksady - alnyp barylan göreşi sa:p "duşmany deñize gapmarmaga" çenli düşürmekden ybarat.
Milli göreş 1922-nji ýylyñ 30-njy awgustynda doly tamamlandy.
Eýse "Istiklal" garaşsyzlyk diýmekdir. Garaşsyzlyk urşunyñ maksady - doly garaşsyzlykdyr (istiklal-i tam). Doly garaşsyzlygy maksat edinen Atatürküñ taglymydyr bu.
We bu kemalist düşünje 1922-nji ýylda soñlanmady. Çünki:
Atatürk imperializmi diñe ýarag güýji bilen ýeñip bilmejegini bilen akyldar ynsandy, beýik döwlet işgäridi. Şonuñ üçinem:
Basybalyjylaryñ diñe top-tüpeñi bilen bile ýurtdan kowulmagy däldir Garaşsyzlyk urşy. Ykdysady garaşsyzlygyñ ýok ýerinde doly garaşsyzlygy gazanyp bolmajagyna añ ýetirmekdir.
Mysal üçin, Osmanlyny ýykan "imtiyazat-ı atika" (daşary ýurtly täjirlere berilen ýeñillikler) kapitulýasiýalary-da öz içine gurşap alýar Garaşsyzlyk urşy...
Imperializmiñ bu kolonial ykdysady maksadyny bilmeýänler ne ideologiýany biler, ne-de syýasatçy bolup biler. Şol sebäpli:
Lozanda alnyp barylan göreşi Garaşsyzlyk urşy saýanok şu we ş.m. ýazyjylar! Adli, maliýe, harby, syýasy azatlyklar üçin alnyp barylan göreşi ýok saýmaga çytraşýar bular.
• FESLI KADIR TARYHÇYLYGY
Hawa:
Atatürküñ Garaşsyzlyk urşy babatdaky garaýşy front urşundan ybarat däl, göz öñünde tutulan maksatlaryñ biri-de Günbatara bolan ykdysady garaşlylygyñ-kapitulýasiýalaryñ soñuna çykmakdyr. Atatürk şuny gowy bilýärdi:
Söweş meýdanynda ýeñiş gazananyñ ýeterlik däl, "gizlin duşman" sizi "bazar" bilen ýeñýär!
Hawa:
Doly garaşsyzlykçy anti imperialist göreş alyp barmazdan uruşda doly üstün çykyp bolanok.
Eýse, "Habertürk"-iñ žurnalisti muny bilenokmy?
Eýse, "Sabah"-yñ žurnalisti muny bilenokmy?
Mesele başga:
Elbetee, başlangyç mekdebiñ okuw programmasyndaky ýaly duşmany ýeñmegi diñe söweş meýdanyna baglap goýmakçy bolýan bu añ bulaşdyryjy merkezleriñ gizlin niýeti bar:
Mustapa Kemalyñ harby artykmaçlyklaryny öñe çykaran bolup, Atatürküñ bir bitewi ulus-döwleti we hususanam täze ulus-ynsany nähili guruşyny ýok saýmak!
Respublikamyzy başga tüýse salmak isleýärler.
Rewolýusiýalary ýok saýmak isleýärler.
Dünýewiligi weýran etmek-bozmak isleýärler.
Döwletçiligi, halkçylygy ýok etmek isleýärler.
Bütin bularyñ Garaşsyzlyk urşy göreşi arkaly kemala getirilendigini hakydalardan sylyp-süpürip aýyrmak isleýärler.
Hawa:
Bu teklip Atatürki Mustapa Kemaldan goparyp aýyrmaga çakylykdyr.
Teklip bu häkimiýetiñ "Milli göreşiñ baş serkerdesi Gazy Mustapa Kemal gowy, Garaşsyzlyk urşuny alyp baran Atatürk erbet" düşünjesiniñ AKP-niñ täze taryh ýazyjylygyny goldamaga synanşygydyr.
Ah, bu kelle! Häzirki günüñ kapitulýasiýalaryna ýeñilen AKP häkimiýetiniñ Garaşsyzlyk urşuna doly we dogry düşünip bilmeýändigi şu günki başymyzdan inen ykdysady krizisiñ sebäbidir. Geñ galar ýaly zat ýok!
Şertlenmeleriñ, ýat tutýançylaryñ añyny hapalaýan "Fesli Kadir taryhçylygyny" täze taryhçysumaklar bilen dowam edýärler.
• GÜM BOLUÑ!
Beýik serkerde Mustapa Kemalyñ üstüni ýetirýän beýik rewolýusioner Atatürkdir.
Ýigrimi iki gün we ýigrimi iki gije dowam eden gandöküşikli söweşden ýeñiş bilen çykan Serkerdebaşy Mustapa Kemal urşuñ ertesi gün eline bir kitap aldy.
Žan-Žak Russonyñ häzir “Toplum Sözleşmesi” ("Mukavele-i İçtimaiyye") ady bilen tanalýan kitabynyñ jümleleriniñ aşagyny çyzyp, sahypalarynyñ gyrasyna bellikler edip, okamaga başlady.
Käbir aşagyny çyzyp goýan setirlerine "möhüm" belligini etdi.
Käbir aşagyny çyzan setirleriniñ gapdalyna "gymmatly" belligini etdi.
Ýagny…
Serkerdebaşy Mustapa Kemal uruş günlerinde jemgyýeti nähili kemala getirip bolýandygyna kelle döwdi.
Atatürküñ bu intellektual artykmaçlygynyñ üstüni örtmek isleýärler. Umuman alanda Milli göreş döwründe rol oýnan harby artykmaçlygyny öñe çykaran bolup, uly jemgyýetçilik öwrülişiginiñ başyny çekenligini görkezlige saljak bolýarlar.
Aslyýetinde bu iki aýratynlygy biri-birinden aýyrsañyz, sözüñ doly manysyndaky anti imperialist bolup bilmersiñiz. Üstesine kapitulýasiýalara şam bolarsyñyz! Şam bolup geleniñizen on dokuz ýyllyk häkimiýetiñizde göre-göre gelýäris.
Häli-häzirem "Habertürkdir" "Sabahyñ" žurnalistleri Atatürküñ taryhy öwrülişikçiligini senzuralamak isleýär. Ne ideologiýany bilýärler, ne syýasaty!
Taryhy maglumatlary okap ýat tutmagy taryhçylykdyr öýdýärler.
Iñ oñarýan zatlary-da mekirlik bilen "iş" ýöretmekleri. Taryha bolan garaýyşlary-da häkimiýete ýaranmak! Olaryñ taryha bolan garaýyşlary we pikirleri döwürleýin şekillenýär.
Nämemiş:
"Garaşsyzlyk urşy" diýmeli dälmiş...
Bular ýaly mekirlige diñe argo sözler bilen jogap berilýär:
Güm boluñ, çanak ýalaýjylar!
Soner ÝALÇYN.
"SÖZCÜ" gazeti, 16.09.2021 ý.
Taryhy makalalar