IKI AŞYK
Iki sany ýigit gol tutuşyp geldi meniñ ýanyma. Olar bir almany iki bölen ýaly meñzeşdi. Özlerem diýseñ gözel. Bir tapawudy ~ olaryñ biriniñ ýüzi gülgün, gözlerinde höwes, ýüreginde umyt. Nowjuwanyñ ýüzüne seretdigiñçe göwnüñ joşýar, bu dünýäde ýaşadygyñca ýaşasyñ gelýär.
Beýlekisiniñ ýüzi solgun, sary erik ýaly. Gözünde gussa, kalbynda agy, ýüreginde ejir. Oña seretdigiñçw sussuñ basylýar, dünýäniñ sowuklygy mäjumlap barýan ýaly.
Bu ikisi dostmy, duşmanmy bilmedim. Ekiztaýy ýaly bolup, ikisem maña gülüp bakýar. Özlerem aşyk bolup gelipdir. Men gülgün ýüzlini bada söýdüm. Oña golaýlaşasym, ýaz bolup ýaýylasym, güýz bolup miwe beresim geldi. Mährinden dadasym gelip ymsyndym. Ol meniñ meýlimi añdy. Hemme zatdan habarly ýaly, solgun ýüzli ýigidiñ ýüzüne soragly seretdi hem-de maña tarap göwünjeñ ýöneldi. Solgun ýüzli ýigit gazap bilen gülgün ýüzliniñ elinden çekdi. Sebäbi solgun ýüzliniñ umydy has uludy. Şonuñ üçin özlerini saýlamagy meniñ paýyma goýdular.
Men gülgün ýüzliniñ ýanyna ylgap gitjekdim. Ýöne öñ... Solgun ýüzlä ýüz beripdim. Şol döwürde ol meni gazap bilen söýüpdi. Azaplaryndan soldum, guradym. Ol ýaşlygymy, ýüregimiñ ganyny, tas janyny sogrup alypdy. Göýäki menden iýmitlenýän ýalydy, gitdigiçe güýçlenýärdi. Leblerimden ogşanda, meniñ ganym dodagymdan syrygyp gidýärdi. Ganymy ýalap, ýene işdämen ýapyşýardy. Men ölmelidim ýa-da synmalydym.
Ahyr sypdym. Asudalykda kem-kemden özümi tutdum. Ýüregim ýene söýgi küýsedi. Ynha-da iki aşyk. Gülgün ýüzlä telwas etdim. Ýöne ol hem solgun ýüzli bar ýerine baryp bilmeýän bolarly. Biz Günüñ öñi tutulan deý bolup durus.
Men näme bolsa, şol bolsun diýip, ýüregimi bire bagladym. Gülgün ýüzli ýigidiñ golundan ýapyşdym.
Şol pursat dünýäniñ ýaryny bulut tutup, gök gürledi, ýyldyrym çakdy. Emma ýagyş ýagyp bilmedi. Şol ýagyp bilmedik ýagyş solgun ýüzli Hasratdy.
Men bolsa dünýäniñ Gün dogup duran tarapynda gülgün ýüzliniñ gujagynda durdum. Bu meniñ mydama zar bolanym Şatlykdy...
Oguljemal ÇARYÝEWA.
Oýlanmalar