15:42 Iki dünýä | |
Osman ÖDE
Edebi makalalar
▶ IKI DÜNÝÄ Mifiki dünýä baryp Sokrat döwründe ýüzüniň perdesini sypyrdy, biziň eýýamymyzyň on bäşinji, on altynjy asyrlarynda beýik geografiki açyşlar döwründe bolsa dünýä doly açylyp, real dünýä öwrüldi. Adam özüni dünýäniň soltany hasaplap, tebigaty özüne boýun egdirmäge başlady. Ylym, aň-bilim, tehnika ösüp, Adam «döw, peri, ruh, albasdy, şeýtan» diýen düşünjeleri ertekileriň atributlary hökmünde subut edip, Hudaýy hem inkär etdi. Dünýä çäkli, Älem bolsa serhet-de ýok, çäk-de ýok, ol – tükeniksizlik. Tükeniksiz Älem bolsa, öňi bilen, «Syrly Älem» diýmek. Adamzat million ýyl asmana, Alla sežde etdi, çünki hakyky, ýowuz dünýäde ol ýalňyzdy, ol soltanam bolsa, ýalňyzdy. Adamzat tükeniksiz Älemden özüne hossar agtardy. Müneçjimler, gurrandazlar ynsan ykbalyny, ýazgydyny asman bile çözýärler. Dinleriň taglymatyna görä, ynsan ýazgydy asmanda ýazylýar, ynsan nikasy asmanda gyýylýar, ynsan ömri asmanda kesgitlenýär. Ýagdaýlar şeýlekä, biz ýene dünýäni real dünýä diýip hasap edýäris. Geçmişde ata-babalarymyzdan ýagşyzadalara, Hydyr ata, döwe, pire, albassa, ruha duşýanlary az bolmandyr. Halatly, ýoldaşly adamlar bolupdyr, emma döwür aýlanyp dur, Hydyr ata duşulýan zamana geçdi, indi asmandan gelýän uçýan okaralara duşulýan zamana başlandy. «Uçýan näbelli obýektler» Türkmenistan ýaly ilaty selçeň ýerde az görünýär. Ilaty gür, ýarag bazalary köp bolan ýerlerde olar häli-şindi duş gelýärler. UNO-laryň göwrüminiň diametri ýumakdan başlap, bir ýarym kilometre çenlisini gördüm diýýän şaýatlar müňlerçe. Uçýan okaralaryň görnüşleri hem dürli-dürli. Biri-birine düňderilen iki sany tarelkany ýada salýan görnüşleri, sigar, şar, ellips şekillileri bar. Olar özlerini zeminiň ilatyna görkezmek üçin, hut asmanda durup, gawun dilimlenişi ýaly, dilimlere öwrülip, bölünip, dürli ugurlara uçýarlar, az salymdan hem ýene gaýdyp gelip, öňki şekline girýärler. Sagatda on alty müň kilometr tizlik bilen uçup gelşine, dessine togtap, togsan gradus burç bilen gapdala hem öwrülip bilýärler. Zemindäki islendik materialdan, splawdan ýasalan apparat şeýle tizlik bilen gelýärkä, birden togtap, gapdala öwrülse, grawitasiýa çydaman, kül-owram bolup, ýanyp gitmeli. Asmandan gelýän gelmişekleriň ulaglary zeminiň fiziki kanunlaryna hiç bir babatda gabat gelmeýär. Uçýan näbelli obýektler toslama däl. Olary mundan üç müň ýyl ozal müsürliler hem görüpdir, hindilerdir parslar hem. Olary Aristoteliň zamandaşlary hem görüpdir, ýazyjy Akmyrat Şirow hem görüpdi. Uçýan näbelli obýektler real hadysa! Ataşparazlaryň keramatly «Awesta» kitabynda wasp edilýän gözleri ýanyp duran, gyzyl-ot tigirli, asmandan uçup barýan Hudaý diýlip, uýulýan hem gelmişekleriň kosmiki gämisinden başga zat däl. Hindileriň keramatly kitaby «Brahmanda» dünýäniň ýaradylyşyna serediň! «Dünýäde ilkibaşda Prajapati, hakykatdanam, ýalňyzdy, ol oýlandy: «Men nädip özümi dowam etmeli?» Ol bar güýjüni jemläp öz ruhuny gyzyl oda öwürdi. Ol öz agzyndan Agnini ýaratdy» (Agni – hindiçe «ot», rusça – «ogon», türkmençe «ot»). Agni ilkinji Hudaýlaryň biri. Üç müň ýyl mundan ozal görnen uçýan okaralar asmandan yzsyz-sorsuz geçip gitmändir, olar HUDAÝLARA öwrülipdir. Tükeniksiz Älemde milliardlarça ýyldyzlarda aňly-düşünjeli adamlaryň ýaşaýan müňlerçe planetalarynyň bar bolmagy kanunalaýyk, olaryň Ýere gelip görmegi hem kanunalaýyk, ýöne olaryň üç müň ýyl bäri yzyny üzmän, zygyr-zygyr gatnap durmasy näme? Soňky otuz ýylda dünýä UNO-lary öwrenip başlaly bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň uçýan nämälim obýektleri öwrenýän edarasy gelmişekleriň gämilere münüp gelmesiniň segsen müň sanysyny bellige alypdyr. Ýetmiş müňüsiniň foto, kino, wideo suratlary hem alnypdyr. Diýmek, olar Zemine müňlerçe-müňlerçe gezek gelipdirler. Näme diýip? Zemini, onuň soltany – ynsany öwrenmek üçinmi? Şeýle diýsek, üç müň ýylda olar bizi üç müň gezek öwrenip bilerdiler! Ýa olar bize göz görkezmek isleýärmi? Ýa olar fantast ýazyjylaryň ýazyşy ýaly, Zemini basyp almaga synanýarmy? Eger şol pikiri bolanynda, olar bireýýäm Ýer şaryny bakna planeta öwrüp biljekler ahyry! Olar näme diýip gelýärler? Zeminiň ilaty bilen bukuldym oýnaýarlarmy? Ýa ýyldyzlarda ýaşaýan adamlar syýahatçy hökmünde Zemine tomaşa edip gidýärlermi? Şunuň ýaly onlarça sorag ýüze çykýar, olara bolsa jogap tapmak kyn. Zemini, ynsany öwrenjek bolsalar, öwrenerçe wagt geçdi, basyp aljak bolsa, basyp almaga ähli şertleri bar, çünki astronomiki alyslykdan bize gelmegi başarýan ol mahluklaryň aňy, tehniki mümkinçilikleri biziňkiden has ýokary. Eger olaryň başga bir maksady bolsa-da, maksadyny aýdardylar! Ynha, şu zatlar barada oýlanýarsyň-da, dünýäniň million alymy tarapyndan ykrar edilen uçýan okaralara ynamsyz garap başlaýarsyň. Üç müň ýyl az-küş pursat däl, üç müň ýylda Zemin bilen gatnaşygy ýola goýmadyk başga planetalylar ýene üç müň ýyldan hem duz-saçakly gapymyzy kakar öýdemzok. Zemin özüni soňky bir asyrda doly öwrendi, başga planetalylar bolsa üç müň ýyl bäri öwrenip bilmeýär. Logika gabat gelenok! Soňky döwürde halys lapy keç bolan alymlar başga-başga wersiýalara ýüz urup görýärler. Ýerde adamzat ýaşaýar! Ýerde adamzatdan başga efir endamly, howa endamly, plazma endamly jandarlar ýaşaýan bolsa näme? Men ufolog alym hem däl-beýlekem, ýöne meniň hem bir wersiýam bar. Ertekilerimizde, rowaýatlarymyzda, özara gürrüňçiliklerde adam jyna, albassa, şaýly gelne, arwaha, iblise duşýar. Biz muňa «mif, erteki» diýýäris. Emma Hakyň Resuly Muhammet pygamber ýykylan kündügiň suwy dökülip gutarmanka, ýorganynyň ýylysy gidip ýetişmänkä ýedi gat asmana çykyp, esasy pygamberler bilen didarlaşyp, Allanyň dergähinde bolup gelýär. Onuň Byrag diýen atynyň ady arapça «bark» diýmegi aňladýar. «Bark» diýmegem ýyldyrym diýen ýaly manyny berýär. Muhammet pygambersiz Allatagalanyň gudraty bilen ýedi gat Arşa aýlanyp gaýdýar. Allatagalanyň gudraty hem Zemin ölçeglerine gabar gelmeýär… Häzire çenli Hindistanda ýaşap ýören adatdan daşary gudratly Saý baba öz myhmany – amerikan ýazyjysy bilen gürleşip otyrka, onuň haýsy ýylda doglandygyny soraýar. Ýazyjy doglan ýylyny aýdýar. Saý baba az salym howada elini oýnadyp, ýazyjynyň doglan ýylynda Amerikada çykarylan altyndan ýubileý manadyny alyp, ýazyja sowgat berýär. Şol altyn teňňäniň bary-ýogy müň sanysy çykarylypdyr, ony millioner bolup, Amerikanyň söwda merkezlerine aýlanyp tapmak hem mümkin däl, emma Saý baba elini uzadyp alaýýar. Nädip? Allatagalanyň gudraty, Allatagalanyň keramaty bilen alýar! Zeminde dürli ölçegleriň barlygy çaklamalykdan hakykata öwrülip barýar. Zeminde biziň görýän haýwanat, ösümlik, ynsanyýet dünýämizden başga, biziň görmeýän zatlarymyzyň – howa endamly, plazma endamly, efir endamly jandarlaryň ýaşaýan bolmagy gaty ahmal. Şolar bilen gatnaşyga girip bilen adamlar halatly bolýar, batyl halyna Wanga mama ýaly kişiler dünýäniň geljeginem, geçmişinem görüp bilýär. Diýmek, sypatyny özgerdip bilýän ak döwler, gara döwler, asly otdan bolan ak periler, gara periler, melgunlar, iblisler, arwahlar erteki ýa mif däl-de, biziň bilen zeminde ýaşap ýören aňly-düşünjeli mahluklar bolsa näme? Soňky otuz ýylda ýaraglanyşygyň haýdadylmagy zerarly, «ynsan» atly mahlugyň öz ýaşaýan planetalaryny partladyp goýberäýmeginden heder edip, olar dürli görnüşlerde asmanda görnüp, ýere gözegçilik edýän bolsalar näme? Häzir şeýle pikire uýýan alymlar gaty köp. Şol alymlar dürli uçýan näbelli obýektler hiç bir ýyldyzdan, başga planetadan gelmän, zeminde biz bilen ýaşap ýörendir diýip çaklaýarlar. Adamyň duýuş organlary – görüşi, ys alyşy, eşidişi hatda haýwanlaryňkyça-da ýok, şonuň üçin biz öz planetamyzda biz bilen duldegşir ýaşap ýören başga ölçeglerdäki ýaşaýşy, kişileri görmeýän, bilmeýän bolmagymyz gaty ahmal. Uçýan näbelli obýektler hut Allatagalanyň adamzada, zemine görkezýän gudratlary. Aýdaly, geçmişde ata-babalarymyz albassa, arwaha, melguna duşupdyrlar, ýagşyzadalary görüpdirler, ýoldaşly bolupdyrlar. Bu gün bolsa biz Uçýan näbelli obýektleri görýäris. Eger geçmişde ata-babalarymyz häzirki ýaly ýylda ýüzlerçe gezek Uçýan näbelli obýektleri gören bolanynda, olaryň gylla ýary däli-telbä öwrülerdi, galan ýarymy hem namazlykdan düşmän, sežde ederdiler. Durmuş togtardy. Sebäbi ol zamanlarda biziň gözümiz öwrenişen tehnikalary ýok. Tersine, häzir asmanda peri ýa bolmasa, ganatyny ýaýyp, perişde görnäýse nähili bolar? Biznesmen biznesini, ganhor hanjaryny, işçi açaryny, daýhan pilini taşlap, namazlyga çöker! Her kim gije-gündiz Allanyň adyny zikr edip, gadymy hindi asketlerine öwrüler. Ýaşaýyş togtar. Durmuşyň togtamazlygy üçin Allatagala her döwrüň özüne görä kysymda gudrat görkezýär. Allatagala Uçýan nämälim obýektleriň üsti bilen Nýutonyň, Saharowyň fizikasyyň zamanasynyň geçendigini, başga ylymlaryň bardygyny duýdurmak üçin, asmanda gudrat görkezýär. Uçýan nämälim obýektler düýbünden şindize çenli bize ýat bolan başga bir ylymlar dünýäsine çagyryşdyr, başga bir gudratlar dünýäsiniň albaýlarydyr. Meniň pikirimçe, Uçýan okaralara münüp gaýry bir planetalardan gyzyl ot sowrup, duşman geler. Ýa bolmasa, lagyl-jöwahyrdan ýüküni tutup, beýik aňly garyndaş geler diýip garaşmak hebes. Tersine, biz şeýle gämileri ýasamagyň hötdesinden gelýän ylmyň açaryny tapmaga synanmaly, sebäbi ylmy açyşlaryň nusgasyny biz hemişe tebigatdan alýarys. Uçýan nämälim obýektler bolsa Allanyň bize görkezýän nusgalarydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |