07:08 Ikilikçi / powest | |
IKILIKÇI
Powestler
Her döwrüň öz kada-kanuny bar. Adamyň mekdep döwründäki sylagy onuň sapaklaryndan alýan bahasyna bagly bolýar. Sen bäşlikçi bolsaň-a, klasdaşlaryň han kimin sylap, hormatlaýarlar. Diýeniňem iki gaýtaladylmaz. Orta haldakylaram gaty bir gözden düşýän däldir. Niçikmiň, ikilikçä öwrüläýseň welin... Dat günüňe! Aýratynam, oglan bolup ikilikçi bolaýsaň, günüňe it aglar. Gyzlar dagy gabadyňdan geçenlerinde, daşyňa maglama siňek üýşürip ýatan hapa seredýän ýalydyr. Seňriklerini ýygryşyp, agyz-burunlaryny towlarlar. Üstesine, adyňam derekli tutulmaz. Ine, Parahadyňkam şeýle boldy. Birinji klasdan bäri gözi ikilikden açylmady. Her gezek klas ýygnagynda-da, družinanyň uly ýygnagynda-da mugallymlar oňa käýäp-käýäp keýpden çykýardylar. Kä gün dagy sapak bilmeýänligi sebäpli, her sagatda gulagyndan çekile-çekile, gulaklary nar ýaly gyzarar durardy. Oňa «Gep ýokmaz, binamys» diýen sözler-ä mydamalyk ýarlyk bolup ýelmeşdi. Şeýle kän gaýtalanýanlygyndanmy-nämemi, soňabaka Parahat üçin ol sözler gaty bir gödegem däl ýaly eşidilýärdi. Öwrenişdi gitdi. Näme diýilse-de, onuň sapak bilşi üýtgäberenokdy. Şonda-da söňky döwürler klasda galdyrmaklyk bütinleý gadagan edilensoň, ony klasdan-klasa süýräp gelýärdiler. Parahadyň ne gözel adyny tutýan ýokdy. Kim oňa Parry diýerdi, kim Porry diýerdi. Pahha diýýänlerem bardy. Ýöne hiç kim Parahat diýmezdi. Parahat ilki-ilkiler mugallymlarynyňam, klasdaşlarynyňam içini ikilikçi bolup ýakan bolsa, soň has-da içýakgyç zat tapdy. Sekizinji klasa geçildi. Bu klasda-da adamyň ýaşy iň ajaýyp sandan alyp ugraýar-a! On alty! On alty ýaşly ýetginjegiň ýüreginiňem neneňsi bolýandygy hemmelere-de mälim. Parahadyň on alty ýaşy oglanyň ýüreginde söýgi oduny köredip goýberdi! Söýgi seniň ikilikçidigiňi, bäşlikçidigiňi bilýärmi! Ýa-da ikilikçi bolana söýmek gadaganmy! Elbetde, gadagan däl! Söýgi hemmä-de deňlik! Bu durmuşyň, tebigatyň kanuny! Sen gedaý bol, ýa-da şa, ikilikçi bol, ýa bäşlikçi, kim bolsaňam, söýgüden gaçyp gutulmarsyň! Parahadyň ýüreginde körän söýginiň ilkinji uçguny Myrat mugallymyň gyzy Aýsona tarap gönükdi. Ýigit gijesi bilen ýazan söýgi hatyny partadaşy Aýsonanyň edebiýat kitabynyň arasyna saldy-da goýaýdy. Ol Aýsoltany neneň söýmesin! Gyz ýetginjegiň gapdaljygynda oturyp, owadan goçak gözleri bilen onuň ýüregine köz oklap otyr-a! Gyzyň gaşlaryny çytyp, gözlerine gahar çaýyp seredişinden Parahat özi üçin gerek mähri alýardy. Gyzyň goşa örüm saçlary käte ol iki ýana ýaltaklanda, ýetginjegiň partanyň üstünde tertipli goýlan ellerine degip-degip gidýärdi. Pahat şol pursatda özüniň-ä ikilikçi bolanyna, sapak öwretmek üçin klasyň umumy ýygnagynda Aýsona berkidilenine ýüzde-müň şükür edýärdi. Kitabynyň arasyndaky hat eline ilenden Aýsonanyň ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä döndi. Oňa çalt-çalt göz gezdirdi. Haty okap durka, gahardan dodaklary tirpildäp, elleri titredi. Gözlerinden ajy ýaşlar paýrap gitdi. Hatyň soňuna ýetendenem, elindäki ak kagyzy mynjyradyp, ýyrtym-ýyrtym etdi. Kagyz böleklerini gorkudanmy, aljyramakdanmy, doňňara daşa öwrülip, öz ornunda sarsman oturan Parahadyň ýüzüne zyňyp goýberdi. Şeýdeni bilenem oňman, kitapdan doly agyr papkasyny hem Parahadyň depesinden üç-dört gezek eňterdi. Ýetiginjek bolsa «Näme etseňem razy» diýýän ýaly, şol bir oturyşyna oturdy. Hatda ol Aýsona nazarynam aýlanokdy. Arakesmeden ýaňy klasa ýygnanyp ugran klasdaşlar iki partadaşyň bu bolşuna aňka-taňka boldular. Gyzlar içlerini çekdiler. Ýigitler gözlerini tegelediler. —Näme boldy-da, näme boldy?—diýen sowaly biri-birine gönükdirdiler. Ýöne hiç kim hiç kime jogap berip bilmedi. Her kim egnini gysyp durdy. Aýsona Parahady ýenjip keýpden çykansoň, papkasyny gujagyna aldy-da, möňňürip klasdan çykyp gitdi. Ýüze çykan sowalyň jogabyny anyklamak üçin gyzlaryň birki sanysy Aýsonanyň yzyndan ylgap gitdi. Ýigitleriň birki sanysy bolsa Parahadyň maňlaýyna geçip, sowaly gaýtaladylar: —Näme bold-aý? Parahatdan jogap bolmady. Onýança-da sapaga mugallym gelip girdi. Aýsona-da, onuň yzyndan giden iki gyza-da klas žurnalynda «gelmedi» diýen belligi edenden soň, mugallym sapaga başlady. Gyzlaryň näme üçin ýoklugyny anyklamjagam bolmady. Klasdaşlaryň welin barynyň ýüregi böküp durdy. Hiç kimiň kellesine sapak girenokdy. Gulaklar daşarda, gözler gapydady. Bolan wakanyň sebäbini anyklamaly pursada hemmeler sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar. Sebäbi Myrat mugallymyň gyzy Aýsonanyň aglanyny henize-bu günde çenli gören ýog-a! Ol diýseň badyhowa gyzdy. Özüne göwni ýetýärdi. «Aýsona aglar ýaly, Porry oňa näme diýdikä?!» diýen sowal häzir her bir okuwçynyň beýnisinde at çapýardy. Sapak gutarsa-da, Aýsona dolanyp gelmedi. Ýöne onuň yzyndan giden iki gyz geldi. Olar mugallym klasdan çykandan, ýakalaryny elleri bilen gysymlap, içerik atyldylar. Özlerem birsyhly ýyrşarýardylar. Zol ýakalaryna tüýkürýärdiler. Birdenem ýüzlerini kürşerdişip, gözlerine gahar çaýyp, Parahada tarap seredişýärdiler. «Meýt-de, meýt» bolşup, sögünýärdiler. «Daş edewersin» diýşip gaýtalaýardylar. Klasdaşlaryň bary gep anyklap gelen iki gyzyň daşyna üýşüp, şol bir sowaly berdiler: —Näme bolupdyr-a?! —Oglanlara aýdyp biljek däl!—diýdiler-de, iki çete çekildiler. Oglanlar nägilelik bilen ellerini jübülerine sokuşyp, gyra süýşdüler. Gyzlaryň bary ýeke-ýekeden baryp, gep anyklap gelen iki gyza gulaklaryny tutup başlady. Iki gyz agyzlarynyň ýetişibildiginden klasdaş gyzlarynyň gulaklaryna çawuş çakyp ugradylar. Gulagyna çawuş çakylan her bir gyz gepi eşidenlerinden öwredilen dek, elini ýakasyna ýetirýärdi-de, dessine-de içini çekýärdi. Ýakasyna öwran-öwran tüýkürip, Parahada tarap azgyrylýardy. «Daş edewersin, ol meýdi kesileni-i!» diýip gaýtalaýardy. Gepi ilkiräk eşiden gyzlar hem bolan ahwalaty beýleki gyzlara ýetirmekde gep anyklap gelen joralaryna kömekleşdiler. Olar hem aldygyna gep eşitmek üçin beýleki nobata duranlaryň gulagyna çawuş çakdylar. Şeýdip, gep hut ýekeje sekundyň içinde klasdaky gepe garaşyp duran beýleki on ýedi gyza-da ýetdi! Eşidilmeli gep eşidilip bolnandan soň, Parahada tarap ýigrençli nazarlar gönügip, «Ikilikçi meýt!» diýen söz agzybirlikde gaýtalandy. Gyzlaryň bolşy Parahadyň azaryna-da däldi. Ol, hamala, diýilýän gepler özüne däl-de, gara ýere diýilýän ýalydy. Sesini çykarman, öz pikiri bilengümra bolup otyrdy. Gyzlara aýdylýan gepiň gizlin saklana ýeri nirede bolupdyr?! Parahadyň Myrat mugallymyň gyzy Aýsona söýgi hatyny ýazanlygy hakdaky habary sapagyň ahyryna çenli oglanlaryň hem bary eşitdi. Bu geň habara oglanlaryň sygyryp oňanlaram boldy, ýylgyryp baş ýaýkanlaram. Klasyň otliçnigi Çerkez bolsa iň soňky sagat tamamlanan çagy mugallym klasdan çykaryna mähetdel, sen-men ýok, Parahadyň ýakasyndan ebşitläp tutdy. Soňam ony idenekledip ugrady: —Aýsona mynasypmysyň sen, hä, Aýsona mynasypmysyň?!—diýip, dişlerini gyjyrdadyp gaýtalady. Parahatda-da güýj-ä bar eken. Bir silkende, Çerkezi honda zyňyp goýberdi. —Kimiň kime mynasypdygyny barýaka göreris! Çerkez düňderilip gitdi. «Bäh, munda güýjem bar eken-ow!» diýip, Çerkez serlip ýatyşyna-da içinden pikir öwürdi. Güýç bolmasa, gaýrat bolmasa, ýürekde hyjuw bolmasa, ol mekdebiň iň eýmenilýän mugallymy, üstesine-de öz klas ýolbaşçylary Myrat mugallymyň gyzyna söz aýtjakmy diýsene! Elbetde, özüne göwni ýetýändir ýigidiň! Ýogsa onuň boýdur-gabarasam Çerkeziňkiden artygam däldi. Ikisem bir durkly. Ýöne Çerkeziň-ä tegelenip duran, kirpikmen gara gözleri bar. Özem gaşlak. Parahadyň bolsa gözi ýyldyrap, gabak orunda zordan çyzylypdyr. Gaş-kirpigem bir bildirip baranok. Şeýle bolansoň, ol pikire batyp otyrka dagy edil uklaýan ýaly bolaýýar. Täze gelen mugallymlar tä öwrenişýänçäler, oňa «Döwletow! Uklama!» diýip gygyryp geçäýýäler. Dogrusy, beýle görmeksiz oglan otliçnik bolanda-da, gyzlar oňa üns bermezdi. Sebäbi gyzlar üçin otliçnikligem otliçniklik welin, esasan, oglanlar görmeklije, syratlyja bolaýsa-da kem görenoklar. Ýigitde akylyňam bolmalydygy hakda olar diňe durmuşa çykyp, maňlaýlary daşa degensoň pikir öwürýärler. Şu zatlardan çen tutsaň, Parahada tüýs «Bagty ýatan» diýmeli boldy. Ol görgülide ne görk-görmek bar, ne zehin! Parahat Çerkezi ýykansoň, oglanlaryň birnäçesi oňa ýerinden galmaga kömekleşdiler. Birnäçesi bolsa Parahadyň alkymyna dykyldy. —Eý, sen-eý, gowy bol-eý—diýşip, oňa ýumruk çenediler. Gyzlar bolsa duran ýerlerinden onuň üstüne ýerli-ýerden sögünç gönderdiler: —Gözüň gursun gyzdyrmanyň deşigi ýaly! —Syçanyň gözem şuňkudan ybalydyr! —Haram siňek! Şuny görsem, aňrym bärik geläýýä! —Aý, ýok, mundan siňegem gowudyr-la! Şol wagt gapydan Parahadyň bir klas aşakda okaýan dosty, goňşusy Şalar seretmedik bolsa, gohuň soňunyň näme bilen gutarjagy belli däldi. Parahat goltugy papkaly Şalary görenden, daşyndakylardan sypmaga bahana tapylanyna begenip, sumkasyny alyp, daşaryk atyldy. Gyzlar onuň yzyndan hem «Meýt-de, meýt» bolşup sögünip galdylar. Şol günüň ertesi ýaňy ilkinji sapak başlananda, Myrat mugallym Parahady çagyryp alyp gitdi. Parahat ikinji sapaga gulaklaryny gyzardyp, ýüz-gözüni sortduryp geldi. Onuň gulaklarynyň towlanmakdan ýaňa mazalyja ejir görendigi bildirip durdy. «Bolaýdy-da şu saňa» diýip, bütin klas Myrat mugallymyň Parahada beren temmisini makullady. Aýsona Parahady partasyndan kowdy. Ony Gülnabadyň ýanyna geçirdiler. Aýsonanyň ýanyna Çerkez geçdi. Gülnabat hem Parahat bilen näler oturjak däldi. Ony hemmeden beter ýigrenýärdi. Aýratyn hem, bagyr ýaly galyň dodaklaryny sallap, sapak bilmän, sögünç diňläp duran wagty gyzyň aňyrsy bärik gelýärdi. Göwnüne bolmasa, Parahatdan mydama bir agryljyk ys hem gelýän ýalydy. Seňrigini ýygryp, nädip oturjagyny bilenokdy. Onuň bilen partadaş bolmajak bolup, näçe çaýkandy. Ýöne klas ýolbaşçylary Myrat mugallym: «Birki günjük gaýrat et. Aýra oturdara boş parta-da ýok. Özüňem otliçnik. Oňa öwretmelem bolarsyň» diýip duransoň, bialaç geçmeli boldy. Myrat mugallyma: «Öz gyzyň bilen-ä oturdaýaňok» diýesi geldi. Ýöne hiç gepläp bilmedi. Ýüzüni sortduryp ylalaşdy. Parahat bilen bir partada otursa-da, oturdy welin, Gülnabadyň oňa sapak öwretmejeg-ä bellidi. «Şo ýigrenji bilen bir kitaby açarynmy!» diýip, birsyhly içini gepledýärdi. Gülnabadyň gözi öňki partadaşy Meretdedi. Meret bilen ol mydama-da sapaklaryna bile taýýarlanýardy. Birnäçe gezek matematikadan geçirilen olimpiadalara-da bileje gidipdiler. Olar geljekde ýokary okuw jaýyna okuwa girmegi-de öz ýanlaryndan aýdyşyp goýupdylar. Merediň kakasydyr ejesi-de matematika mugallymydy. Gülnabadyň hem matematiklerr maşgalasyna goşulasy gelýärdi. Şeýle bolansoň, Gülnabat özüniň birinji klasdan bäri düşünişip, ümmüldeşip gelýän dostundan näler aýrylmak islänokdy welin, bolmady-da... Parahat bir hepde sesini çykarman sortduryp gezdi. Onuň gözüne Gülnabadam hiç neneň görünmedi. Özi bilen gepleşmese-de, özüne hiç zat öwretmese-de, Parahat gyzyň gözelligini duýdy. Onuň özi bilen gepleşmeýänini gyzyň edalylygyna syrykdyrdy. Ara köp wagt salman, ol Gülnabada-da hat ýazdy. Gülnabar üçin ol Aýsonadanam beter ýanyp-bişdi. Indi birneme tejribesi bardy. Aýsona berşi ýaly, haty gyzyň kitabynyň arasynda goýmady. Klasda ikinji gezegem goh bolaryny islemedi. Gülnabada gowşurylmaly haty dosty hem goňşusy Şalara berdi. Ony ilki Şalaryň özi açyp okady. Soň bolsa tüýküligini çalyp, bukjanyň agzyny ýapdy-da, garaňky gatlyşyberende, Gülnabatlaryň gapysyna oklady-da gaýtdy. Haty Gülnabadyň biş-düş bilen başagaý bolup ýören ejesi Hallygül daýza tapdy. —Be... Bize hat ýazýan ýokdur-la welin, hat-pet gatnadyjy ýalňyşaýdymyka?!—diýip, Hallygül daýza bukjany galdyryp, geň galmak bilen synlady. Gülnabadyň ýaňy işden gelip, dem-dynç almak üçin agaç sekä münen dogany Guwanç hata gyzykdy: —Hany, al-la bärik şony, eje. Göreýin özüm. Gullukdaşdan-beýlekiden bolaýmasyn! Hallygül daýza haty ogluna berdi. Guwanç hatyň Gülnabadyň adynalygyny bilensoň, birbada sesini çykarman, haty gözi bilen okap çykdy. Okap bolansoň, ilk-ä ha-ha-haýlap güldi. Soňam birden gaharlanyp, dergazap boldy. Ýerinden turup, köwşüni geýip ugrady: —Häzir men onuň kellesini alyp geleýin! Oglunyň bolşuna Hallygül daýzanyň zähresi ýaryldy. —Saňa näme boldy, Guwanç?—diýip, onuň öňüne badalga boldy.—Nirä?! —Ine, bu haty okap gör-ä!—diýip, Guwanç elindäki kagyzy gazap bilen zyňyp goýberdi. Tötänden öýden çykan Gülnabat zyňlan kagyzy alyp, çaltlyk bilen göz aýlady. Birdenem ony bölek-bölek etdi-de, sesiniň ýetdiginden möňňürip, ýene içerik girip gitdi. Bu bolşa Hallygül daýza hasam gorkdy. —Aýdaýyň, jan doganlar! Näme boldy? Gelmän geçen hat, näme bar eken onda?!—diýip özelendi. Guwanç gahar bilen elini salgap goýberdi: —Hana, ho Döwlet şopuryň samsyk ogly saňa giýew boljak diýipdir! Hallygül daýzanyň elindäki çemçesi ýere gaçdy. —Giýew? O nämäniň giýewi?—diýip, ol gözlerini tegeledi.—Giýew bolar ýaly, ýetişen gyz barmyşmy bi öýde?! Birneme bady gaýdyşdymy-nämemi, Guwanç sekä ýzüni goýberdi. Soňam: —Ýetişmese, ýetişer-dä! Olam seňkä şu gün gudaçylyga barjak diýmändir. Diňe gyzyňa söýgi hatyny ýazypdyr—diýdi. Soňam sögünjiredi.—Haý, pederňenälet! Hallygül daýza geň galmakdan hem-de gahardan özüni ýere goýberdi. —Wiý, hakyt, şol Porrymy?! Jemal çişigiň oglumy?—diýip sorady. Guwanç sesini çykarman baş atdy. Hallygül daýza özbaşyna sögündi: —Häý, gyzdyrmanyň deşigi ýaly gözüň gursun! Yşgolda-ha ikilikçimişem diýýäler oňa. Sapak bilenokmyş.—Hallygül daýza başyny ýaýkap, gepiniň gowy jukguldysyny ýetirdi.—Ne görk bar, ne görmek...—Gahar barha güýçlenip, beýnä täsir etdi. Hallygül daýza ýerinden galdy.—Men bir onuň meýdini oda tütedip geleýin! Olar ýaly samsyga men gyz bererinmi! —Dur-how sen entek, ol, öýde uwlap oturanyňdan bir sora-how!—diýip, bu gezek Guwanç ejesiniň badyny saklady.—«Şemal bolmasa, çöp başy gymyldamaz» diýipdirler. Şu zamanyň gyzyndanam hersi çykar. Ilki bir ýyly söz beren bolaýmasyn-how özüňki?! —Hih!—edip, Hallygül daýza içini çekdi.—Şeýle bolaýsa, şo saçy kesileniňem saçyny ütüm-ütüm edäýerin...—Şeý diýip, ol içerik gygyrdy.—Gülnabad-a! Gel, gyz, bärik! Gülnabat daşaryk çykansoňam, şumjarmasyny goýmady. —O hat näme?!—diýip, Hallygül daýza ýerde ýatan kagyz böleklerine barmagyny çommaldyp gaharlandy. Gülnabady Guwanjyň ady bilenem birneme gorkuzaýyn diýen niýet bilen gepledi.—Doganyňam sorap dur. Gülnabat ýatsa-tursa, özüne Parahat hat ýazar öýtmeýärdi. Şeýle bolansoň, oňa ýigitden hat gelmesi diýseň ýokuş degdi. Namysdan hem gahardan bir ölüp bilmedi. Birden-ä: «Ertir mekdebe barandan, onuň ýüzüni pers-ala edeýin» diýýärdi. Birdenem pikiriniň tersine gidýärdi. «Ýok, ertire-de goýmaýyn, häziriň özünde öýüne baryp, ýüzüne tüýkürip gaýdaýyn!» diýip oýlanýardy. Ýöne öýlerine barybermegiňem ebeteýini tapanokdy. Nätjegini bilmän, janyny ýakdy. Ol agysynyň arasynda gepini ejesine zordan düşündirdi: —O meýt azypdyr! Mundan bir hepde öň Myrat mugallymyň gyzy Aýsona-da hat ýazyp, Myrat mugallymdanam almytyny aldy! Indem maňa ýazypdyr! Şeý diýip, Gülnabat uwwuldysyny öňküsindenem gataltdy. Hallygül daýza içini çekdi: —Hih! Şo Porry samsykmy?! Şeýdip gyzlary oýnaýarmy ol?!.. Häk, meýdi gursun, meýdi guranyň! Guwanç ýene gaharlanyp, gülnabada azgyryldy: —Seniň uwwuldyň çynmy ýa şermendelik edýäňmi?! Gülnabat agysynyň arasynda: —Eger diýýänim ýalan bolsa, meni ýer ýuwudaýsyn!—diýip nalynjyrady. —Şeýle bolsa, düş yzyma!—diýip, Guwanç Gülnabada azgyryldy.—äzir özüm bilip geleýin kimiň kimdigini! Guwanç Gülnabady yzyna tirkäp, epeý-epeý basyp, köçä çykyp gitdi. Hallygül daýza onuň yzyndan gykylyklap galdy: —Gyýuw! Sen bir dolan yzyňa, Guwanç! Özüm gürleşerin soň. Ýazylyp geçsin şo hat! Bir zadyň üstünden bararsyň sen! Ol gyzy bir goýup gid-ä! Guwanç ejesine jogap bermedi. Ýene Gülnabada azgyryldy: —Ýöre gatyrak! Olar tirkeşip, göni gabatlaryndaky köçede ýaşaýan Parahatlara bardylar. Parahat köçede dosty Şalar bilen nämedir bir zatlaryň dawasyna tutýardy. Ellerini kelemenledişip, eýläk-de-beýläk salgaýardylar. Şalar Guwanjy görenden nämäniň-nämedigine düşündi. Ökje ogurlap, gaçmak bilen boldy. Parahat welin gaçmady. Guwanjyň özi üçin gelýänini duýsa-da, Gülnabadyň gözüniň öňünde gaçyp gitmegi kiçilik bildi. Ellerini jübüsine sokup, töweregi synlaýan kişi boldy. Tumşugyny gedemlik bilen göge tutdy. Ýöne Guwanç gelip, aýagyna bir kakandan ýere ýazanda welin, wäläp, ejesi dagyny kömege çagyrdy: —Eje-e! Ka... Guwanç onuň diýjek sözleriniň soňuny aýtdyrmady. Ýeňsesinden tutup, agzyny gumak ýere oýkamak oýkady. Parahadyň ýüz-gözi guma bulanyp, tanar ýaly bolmady. Üstesine, içi ýanyp duran Gülnabat hem onuň çem gelen ýerine gum sepip ugrady. Parahadyň sesini eşidip ýetişmedilermi ýa-da öýde adam ýokmy, oňa kömege gelenem bolmady. Guwanç bolsa ony urup keýpden çykansoň: —Seň özüň şuňa hat ýazdyňmy ýa-da bu gyzyň özi seni günüňe goýmadymy?—diýip sorady.—Dogryňy aýt, ýogsam öldirin!—Guwanç ýene onuň boýnundan penjeledi. Parahat ýüzüne çalnan gumdan ýaňa gözüni açyp bilmän oturyşyna: —Wäg-ow! Özüm-ow! Özüm!—diýip wäledi. Şundan soň Guwanç Gülnabada buýruk berdi-de, yzyna dolandy. —Ýör!—Ol ýola rowana bolansoň, ýene Parahada hüňürdedi.—Ine, indi kime hat ýazmalydygyny saýgararsyň! Öýlerine gelensoňam, Gülnabat uwlamasyny goýmady. Muňa jany ýanan Guwanç ýene azgyryldy: —Onuň-a agzyny gum garbatdym welin, iňňildiňi goýmasaň, senem almytyňy alarsyň häzir. Ala-böle şonça gyzyň içinden näme üçin ol diňe Aýsona ikiňize hat ýazýa?! Ýeke aýagyňyzda böküp, gözüne ilýänsiňiz-dä! —Biz-ä şo meýdiň adynam tutamzog-eý...—diýip, ýene aglamjyrady-da, Gülnabat içerik girip gitdi. Bujagaz urlany hem Parahada sapak bolmady. Hut şol günüň ertesi ol ýüz-gözüniň sypjyrylan ýerine kagyz ýelmäp geldi-de, Abadan diýen gyzyň papkasyna hat oklady. Özi welin Gülnabat näçe kowsa-da, onuň gapdalyndan turmady. Bütin sapagyň dowamynda-da ýyldyrap, içiňden-bagryňdan geçip barýan kiçijik gözlerini Gülnabada dikdi oturdy. Abadan gohy bilen bütin mekdebi örüzdi. Gep direktora çenli baryp ýetdi. Iň soňky sagat tamamlanansoň, mekdebiň komsomol ýygnagy çagyryldy. Okuwçylar komsomol guramasynyň sekretary, Parahadyň klasdaşlarynyň biri Döndi hem, mugallymlar komsomol guramasynyň sekretary-da, direktor-da, beýleki mugallymlar hem Parahada käýemek üçin direktoryň kabinetine ýygnandylar. (Gürrüň ahlak temasyndan bolansoň, hemmelriň gelmegi hökman däl hasap edildi hem-de mekdebiň ýörite ýygnak zalynda däl-de, mekdebiň direktorynyň kabinetine ýygnanyşyldy). Şaýat hökmünde okuwçylardan Aýsona bilen Gülnabat çagyryldy. —Men şu ýygnagy hatda protokollaşdyrmagy teklip edýärin—diýip, mugallymlar komsomol guramasynyň sekretary Döwran Durdyýew pikirini orta atdy.—Parahat Döwletow bozuklyk ýoluna baş goşupdyr! —Dogry-da-dogry!—bolşup, hemmeler Döwranyň teklibini goldap, el galdyrdylar. —Bir ekzemplýaryny milisgä, birinem öýüne ibermeli—diýip, direktor hem gahar bilen öz pikirini mälim etdi.—Üç ekzemplýar ediň, biri mekdepde dursun! —Dogry-da-dogry!—bolşup, hemmeler direktory-da makulladylar. Parahat bu ýygnakdan çekinmedem, müzzermedem. Ol ellerini döşünde gowşuryp, töweregine badyhowa göz aýlaýardy. Klas ýolbaşçylary Myrat mugallym öňki ar alşyny ýene dowam etdi. Hasanaklap galyp, Parahadyň gulagyndan çekip ugrady. —Näme üçin gyzlara hat ýazdyň, hä, näme üçin?! Parahat kellesini gyşardyp, gulagyny Myrat mugallymdan sypdyrmaga çalyşdy. Ýöne Myrat mugallym gulagy goýbererli däldi. Gaty bek tutupdy. Öz gyzyna-da hat ýazylany ýadyna düşüp, onuň içi-bagry ot alyp barýardy. —Wäg-ow! Goýber-ow gulagy!—diýip, ahyry Parahat Myrat mugallymyň elinden iki eli bilen bek tutdy-da, itip goýberdi. Halys gulak süýnüp baransoň, dözmedimi-nämemi, direktor ýüzüni sortduryp gepledi: —Goýberäýsene-how gulagyny, Myrat! Myrat mugallym Parahadyň gulagyny gahar bilen silkip goýberdi. Gulagy goýberse-de, ýanyndan aýrylmady. Parahadyň üstüne abanyp azgyryldy: —Näme üçin gyzlara hat ýazýaň diýilýä saňa! —Söýmelem dälm-aý?!—diýip, Parahat çekilmeden ýaňa awuşan gulagyny sypap durşuna, Myrat mugallyma alarylyp bakdy. Beýlekiler mys-myslaşyp gülşen boldular. —Hawa, söýmeli däl!—diýip, Myrat mugallym agzyndan tüýkülik syçratdy.—Gadagan! —Özüňem-ä söýüpsiň!—diýip, Parahat birsyhly gulagyny sypalap durşuna myňňyldady. Myrat mugallym ary çakana döndi. —Kim aýtdy saňa meniň söýşenimi! Nirede gördüň? Parahat jinnek ýalam gypynç etmän gepledi: —Hana, aýalyň, bir topar çagaň bar-a! Hemmeler pakyrda berdiler. Myrat mugallym birbada doňan ýaly bolup, agzyny öweldip galdy. Diýjek sözleri dilinde doňan ýaly boldy. Aýsona kakasyna beýle sözler diýlensoň, mundan artyk oturmaga bogny ysmady. Gapyny batly şarkyldadyp çykyp gitdi. —Görsene bi zamanyň çagasyny, görsene!—diýip, Myrat mugallym aljyramadan näme diýjegini bilmän elewredi.—Şulardan hersi çykjag-ow! —Okuwçy Döwletow!—diýip, direktor mys-mys gülüp bolansoň, Parahada ýüzlendi.—Hany, sen ters gepleme-de, gönel! Bizem ýadadyk işläp. Takal okaşmaga wagt ýok. Her kim öýüne gitjek, dynç aljak... —Alyberiň dynç, men sizi näme edýän—diýip, Parahat köwşüniň burny bilen poly dyrmap, ýene myňňyldady. —Hany, sen aýt, okuwçy Döwletow!—diýip, direktor sözüni dowam etdi.—Sen aýt, şu günden şeýläk gyzlary söýmäňi goýjakmy ýa ýok?! Parahat ilki Abadana, soň Gülnabada tarap kiçijik gözlerini ýyldyradyp seretdi-de, elini ýeňsesine ýetirdi. —Aý, mollum...—diýip, sesini süýkdürip gepledi.—Zöhre bilen Tahyr, Şasenem bilen Garybam söýşüpdir-ä! Özüňiz okatmadyňyzmy?! Ýene-de hemmeler pakyrda berdiler. Myrat mugallym bolsa ýene dergazap bolup, Parahadyň üstüne gygyrdy: —Sen olar bilen deň däl heniz! Ýene gülüşdiler. —Mejnun Leýlini sallançakda ýatyrka-da söýüpdir!—diýip, Parahat hem ýeň bermedi. Ýene gülüşdiler. —Eý, sen-eý, kimler bilen gürleşýäniňi bilýäňmi?! Agzyňa geleniňi diýip duraryň ýaly, bu adamlar seniň deň-duşuňm-eý?!—diýip, mugallymlar komsomol guramasynyň sekretary Döwran Durdyýew Parahadyň alkymyna dykyldy.—Iň gowusy, sen aýt, şundan şeýläk... Parahat Döwranyň sözüni soňlatmady. —Hol gün, şäheriň kinosynda sen-ä Näzik mugallym bilen gujaklaşybam oturdyň! Şonda bizem Şalar bilen siziň yzyňyzda oturypdyk. Siz-ä ogş... Parahadyň bu sözlerinden soň hemme göreçler Döwrana tarap dikildi. Döwranyň ýüzi çapady ýaly gyzardy. Ol Parahadyň eňegine kakyp goýberdi-de, onuň sözleriniň soňuny kesdi. Özem bat bilen çykyp gitdi. —Bä...—diýşip, ýygnananlar uludan dem aldylar.—Bi oglan-aý! Direktor ýadaw pallady-da, ýygnagy tamamlamak isläp, Parahada ýüzlendi: —Hany, sen, okuwçy Döwletow, aýt, ýagny neme, gaýdyp gyzlary söýmejegiňe söz ber! Ýogsa-da, kabinete gabap goýaryn! Çykmarsyň şu ýerden! Parahat sesini çykarmady. Köwşüniň burnuna seretdi durdy. Ýadawlykdan ýaňa beýlekiler nämedir bir zady bahanalap, ýeke-ýekeden çykyp ugradylar. Gülnabat dagy hem çykdy. Direktor hem çykyp, kabineti Parahadyň daşyndan gulplap çykdy. Barybir, Parahat aman dilemedi. Parahadyň özüne käýeleninden gorkany-gorkmany ertesi gün belli boldy. Ol bu gezek, hakyt, okuwçylar komsomol guramasynyň sekretary Döndü hat ýazyp geldi. Onuň baharyň heýjana salýan howasyndan kalbyna çöken söýgi duýgularyna hiç kim düşünmedi. Hemmeler “Ol düliräpdir!” diýdiler. Okuwçylar komsomol guramasynyň sekretary Döndi hem aglamjyrap başlansoň, klasyň otliçnik gyzlaryny göz astyna alyp ýören oglanlar özleriniň edermenliklerini görkezmeli pursadyň gelendigini duýdular. Olar biri-biri bilen dilleşip, bary bir çukura tüýkürdiler-de, sapakdan soň Parahady ýençemek hakda pikir alyşdylar. Ýenjilme wakasyna Parahadyň hat ýazan gyzlary hem goşulmaga döwtalap boldular. Parahat bütin klasyň öz yzynda bosup gelýänini duýsa-da, badyhowalygyny ýitirenokdy. Çalajadan sygyran bolup, papkasyny goltugyna alyp, ellerini jübüsine sokup, hemmeleriň öňünden yranan bolup barýardy. Dosty Şalar-a bir zat boljagyny aňyp gaçyp gitdi. Uruşmagy niýet edinip çyksalar-da, ýetginjekleriň hiç biri “hüjüme” geçip bilenokdy. Heniz urşup görmedik, kalby kir-kimirsiz oglan-gyzlara biriniň göwnüne degmek juda kyn düşýärdi. Degmeseňem, bolmajagyny duýýardylar. Parahat gaty gidýärdi. Ol gyzlaryň baryny masgaralap barýardy. Iň erbet ýerem, onuň gyzlary söýýänine-de ýa-da olaryň üstünden gülmek isleýänine-de düşünip bolanokdy. Eger aslynda söýgi diýen zat bar bolsa, oglanlaryň pikiriçe, ol bir gyza hat ýazany bilen oňmalydy. Biri-birine: “Sen başla-da, sen başla” diýşip ümleşseler-de, olaryň hiç biri Parahada birbada batyrynyp bilmedi. Şeýdip, ep-esli arany geçdiler. Olaryň bu ýagdaýyny Parahadam aňypjyk barýardy. Şonuň üçinem özünii barha hondanbärsi tutýardy. Gülnabadyň welin oglanlaryň dymyp barşyna içini it ýyrtýardy. “Näme üçin beýdýäňiz?!” diýip möňňürip aglaberesi gelýärdi. Parahadyň hatyndaky: “Seni özüme mynasyp taý hasaplaýan” diýen sözleri ýadyna düşende: “Men saňa taýmydyryn! Gözüňi giňräk aç hany!” diýägede, onuň çat maňlaýynaýelmäýesi gelýärdi. Hut häzirem Parahat gözlerini güldürip, agzyny myrtar gyşardyp, Gülnabada gabak astyndan syn salyp barýardy. Gülnabat hem muny duýupjyk barýardy. Özem Parahadyň özüne seretmesine barha jyny atlandy. “Meýdiň kesilsin, meýdi kesilen! Dünýede şundan betnyşan, şundan ýigrenji zadam barmyka!” diýip, öz ýanyndan eşidiler-eşidilmez sögündi. Beýdeni bilen Gülnabadyň gahary köşeşmedi. Üstesine-de, içiň ýansyn diýen ýaly, Parahat ondan gözüni aýyrman barýardy. Gülnabat ahyry çydaman, çirkin sesine bat berip, oglanlara ýüzlendi: —Doganlar, şu meýde, heý, şu dünýede gyz berlermi! Şeýle nejis gyzlarymyza pitçiň atyp durka, nämä beýdişip gelýäňiz?! Gülnabadyň sesine oglanlaryň bary birden Parahadyň daşyna egrelişdi. Ýöne batyrynyp bilen bolmady. —Biriňiz geläýiň ýanyma!—diýip, Parahat ýumruklaryny berk düwüp, gaharyny gözlerinde jemledi.—Gorkmasaňyz, geläýiň! Ýetginjekler bir salym hekgerişip, biri-birleriniň ýüzüne seredişdiler-de, ýene durdular. Gülnabadyň gany depesine urdy. Ol ýerden bir gysym gum aldy-da, Parahadyň üstüne sepip goýberdi: —Ine, saňa söýgi, meýt! Gülnabat gumy Parahadyň üstüne sepse-de, sepdi welin, ýüregine gorky hem aralaşdy. Şol pursat gaçyp, yza geçdi. “Meýdi kesilen, birden topulaýsa näderkäm?! Oglanlarymyzam-a ondan gorkýan ýaly” diýip, ol yza gaçyp barşyna-da pikir öwürdi. Parahat elini gözüniň gabadynda saklap, ýüzüni Gülnabadyň sepen gumundan sowdy. Tot-tozan onuň eginlerini bulady. —Eý, näme edýäň-eý!—diýip herreldi-de, Parahat oňa tarap ädim urdy. Onuň şeýtmegem oglanlara batyrynmaga bahana boldy. Meret Parahadyň öňüne badalga bolup, döşünden itdi. Şundan soň beýleki oglanlaram dawa goşuldylar. Kimler Parahady itdi, kimler aýagyndan çekip ýykdylar. Soň bolsa Parahadyň üsti ala-güpürdi boldy. Ýetginjekler ony urup-urup keýpden çykdylar. Her kim keýpden çykansoň, ýylan gören serçeler kimin, çar tarapa dyr-pytyr bolup gitdiler. Parahat, barybir, toba gelmedi. Ol okuw ýyly tamamlanýança, klasyň ähli gyzlaryna hat ýazyp çykdy. Hatda gyzlaryň ikilikçisi Gurbanbikä-de ýazdy. Gurbanbike-de oňa oňly jogap bermedi. Gaýtam, sögüp-sögüp, tohum-tijini goýmady. Ata-babasyna çenli ýetdi. —Meýdi yranan, seň ýala baranymdan, asylyp ölenim müň paý gowudyr!—diýip, Gurbanbike haty alan pursadyndan tä öýlerine gaýdýança hüňürdisini goýmady. Klasyň oglanlary soňabaka Parahady ýençmäge şeýle bir ökdelediler welin, olher gyza hat ýazanda üýşüp urdular. Gurbanbike üçinem urdular. Mekdebe Parahadyň ejesi Jemal gelip, gykylyklap gitdi. Diretora, mugallymlara gygyrdy. Öz oglunda jinnek ýaly-da günä goýmady. “Süýdüne gatyk garylanlar, meň oglumdan gowa sataşarmysyňyz!” diýip, gyzlara-da awusyny pürkmek pürkdi. Mekdebe Parahadyň ejesiniň geleni bilenem ýagdaý üýtgemedi. Parahad-a gyzlara hat ýazmasyny goýmady, oglanlaram ony urmasyny. Ahyrsoňy kakasy Döwlet aga geldi. Oglanlaryň öňünde boýnuny burup: —Jan, inilerim, gaýrat ediň-de, degmäň şoňa. Urlup halys boldy. Sekizinjini gutardygy, äkideýin şuny mekdepden—diýip ýalbardy. Oglanlar Parahadyň kakasyny-da diňlemediler. Sebäbi Parahadam gyzlara hat ýazmasyny goýanokdy. Parahadyň mekdepdäki gohy oba doldy. Her kim onuň bolşuny eşidip, ýaka tutýardy. Geň galýardy. Dilleşen dek hemmeler Parahada sögýärdi: —Gözi gursun, gyzdyrmanyň deşigi ýaly! —Şol-a şu obanyň kül ataryna-da mynasyp däldir! —Dodagyna dagy bir serediň, edil ýyrtyk kaloşyň bar-da! Özara sögüşýänlerem soňabaka geplerinde Parahady agzaman geplänokdylar. —Gözüň gursun, Parrynyň gözi ýaly! —Dodagyňy Parrynyň dodagyna meňzeden bolma!—diýşip sögüşýärdiler. Şeýdip, Parahat uly iliň diline düşdi. Uly ile iş boldy. Ahyrsoňy Parahat sekizinji klasyň soňuna çykdy. Ony kakasy paýtagtyň okuw jaýlarynyň birine ýerleşdirdi. Klasdaşlary onunjy klasy tamamlaýançalar, Parahat okuwyny gutaryp gelip, paýtagtdan juda daş bolmadyk obalarynyň magazininde işläp başlady. Kakasy bir emel bilen ony gullukdanam alyp galdy. Klasdaşlary goşun gullugyny tamamlap gelýänçäler bolsa, ol suw ýaly “žiguli” edindi. Klasdaşlardan kimler ýokary okuw jaýlaryna ýerleşdiler, kimler işe. Gülnabat hem Meret klasdaşy bilen bile uniwersitete, matematikaçylary taýýarlaýan bölüme okuwa girdi. Meret mugallym öňdengörüji bolup çykdy. Ol Aýsonany okuwa-da salmady, işe-de. Parahatlar gudaçylyga barandanjyk, şolara berdi goýberdi. Aýsona-da öňki Aýsona bolmady. Arkan-ýüzin gaýşyp, gyzylly halka el ýetirene meňzeýärdi. Dilinden Parahady düşürenokdy. Parahadyň maşynynda gögeren ýalydy. Parahadyň baýlygam, şöhratam günsaýyn artdy. Onuň “žigulisi” “wolga” öwrüldi. Indi her kim ony ötende-geçende ýüzüne sylyp galýardy. Bütin oba Parahadyň döwleti ýaly döwlet dileýärdi. “Parahat ýaly döwletli bolsun” diýip, täze bolan bäbeklerine Parahat dakmagy ýoň edindiler. Gözi gytagrak çagalara: —Tüýs ig-dä! Gözi edil Parahat janyň gözüne meňzeýär—diýişýärdiler. —Parahat janyňky ýaly agzy uly boljak munuň!—diýşip, agzy uluraklary-da sülä getirerdiler.—“Ýigit gowusy burunlak, at gowusy erinlek” diýipdirler. Çagalarynda Parahada meňzeşlik tapýan aýallar şondan başga gürrüň etmelidirem öýtmezdiler. Parahadyň ady ýene bütin obanyň diline düşdi. Bütin oba iş bolup başlady. Onuň “Parry”, “Pahhy” atlar-a bir wagtdan ýatdan çykyşyp gitdi. Her kim “Parahat jan” diýip kebelekdi. Bütin obanyň güni onsuz aýlananokdy. Un gerekmi, et gerekmi, ýag gerekmi... Parahatsyz ýeke ädim hem ädip boljak däldi. Günleriň bir günem Parahadyň “wolgasy” iki boldy. Parahat olaryň birini kakasyna sowgat berdi. Ýene bir günem hut paýtagtdan çykyp gaýdýan uly ýolup gyrasynda iliňkä-günüňkä meňzemeýän köşk ýaly jaý saldyrdy. Ýene bir günem Myrat mugallymyň gyzy Aýsonany iki sany çagasynam yzyna tirkäp, kowup goýberdi. “Telpegi agan” diýmediler. Parahada gyzlaryny berjekdiklerini aýdyp, aýallaryň ençemesi onuň ejesine habar ýetirdi. Şolaryň içinde mekdep ýyllary hat ýazylan klasdaşlar-da bardy. Parahat olaryň baryna seňrigini ýygyrdy. Şäheriň orruk ortarasyndan peri ýaly gyz getirdi. Ony hem iki sany çaga bilen yzyna ugradansoň, özi ýaly ikilikçi klasdaşy Gurbanbikä komsomol toý tutup öýlendi. Bu edýänleri üçin hiç kim ony näletlänokdy. “Tüweleme, Parahat jan-a ysrgally” diýýärdiler. Näme üçin şeý diýmesinler! Ol bütin obany ekläp otyr-a! Bu wakalar bolup geçýänçä, Gülnabat bilen Meret klasdaş hem uniwersiteti tamamlap, toý tutdular. Matematika ylmynyň düýbüni deşýänçäler gidişmek hakda çagalykda eden wadalaryny ýerine salyp, ylymlar ojagyndan girip-çykyp ugradylar. Intelligentiň ujypsyzja aýlygy bilen günlerini itekleşip ýördüler. Obadan gatnamak kyn düşensoň, şäheriň bir künjündäki öýleriň bir otagynda kireýine töläp ýaşap başladylar.Alymlyga taýýarlanýanlarda-da näme aýlyk bar! Alýan aýlyklary çagalaryny bakjada saklatmak üçin hem-de jaý kireýi üçin gidip durdy. Ylmy dereje alyp, gazançlaryny birneme artdyrmak üçin gijelerine gözlerine çiş kakylan dek oturýardylar. Daň saz berýänçä, kitap dörüp, hat ýazýardylar. Uly açyşlar edip, matematika ylmyna goşant goşmagy ýüreklerine berk düwýärdiler. Eje hem kaka mährini küýsäp, özlerine ýapyşýan çagalaryna: “Biz ýadap geldik! Azaryňyzy ýetirmäň! Gijesi bilenem işlemeli!” diýşip gygyryşýardylar. Käte köpräk iňňildeýänine şarpygam çalyp goýberýärdiler. Nätjek! Intelligentiň güni şeýle-dä! Hany, saňa gadymkylar ýaly çagalaryňy ol öýde terbiýeläp berip duran eneke! Ine, şeýdip günlerini dolap ýörkäler, ýene aladalar artdy oturyberdi. Kömründen boldumy, demrinden boldumy, soňky wagtlar paýtagtyň magazinleri bilbiliň ketegine dönüp ugrady. Iýmitler gytaldy. Soňky aýlar-a magazinde et satylanyny gören adam hem gytalyp ugrady. Durmuşyň bu aladasy Gülnabatlara-da ýetdi. Indi olar gijelerine matematika ylmyna uly goşant goşjak işleri hakda pikir öwürmelerini bütinleý taşladylar. Sebäbi ylym ýada düşer ýaly däldi. Çagalara öňküje, agyzlarynyň öwrenenje zatlaryny iýdirip-içirmelidi. Daň atýança: “Ertirki gün nähili bolarka?” diýip pikir öwrüp çykýardylar. Işden çykdygy biri bakja ylgasa, biri dükänlary elek-soky edýärdi. Öňküje tapylýan goýaldylan süýtlerden, buglanan et konserwalayndan-a deregem ýokdy. Et tapmagam hyllallady. Bazardan elin et almaga-da intelligentde näme aýlyk bar! Meret eýýäm näçe gün bäri her gün işden çykdygy dükanlary aýlanyp gelýärdi. Ýöne hiç günem eli zatly dolananokdy. Iň bärkisi, uzakly gün gaýnadanyňda-da bişmän duran etlerdenem tapmady. Muňa Gülnabadyň diýseň gahary gelýärdi. Şonuň üçin ol soňky günler çagalary bakjadan almagy Merede tabşyryp, dükanlary özi syryp ugrady. Şäheriň dükanlarynyň öňki et satýan bölümlerinde ýaglykmydyr beýleki gerekmejek harytlar, saça dakylýan şaý-şuýlar üýşürilgidi. Käbir dükanlarda bolsa uzyn aýaklaryny çäşerdişip, durşuna deri bolup ýatan, kellesi-de alynmadyk ördekler bardy. Olaryň hem nobaty köçä çykýardy. Şeýdip, Gülnabathem näçe aýlansa-da, dükandan öýe gerekli zat tapmady. Bu ýagdaýa gaharynyň gelýänini bildirmejek bolup, bir gün wermişel bişirip iýdi, bir gün etsiz çorba taýýarlady. Ýene bir gün etsiz şüle iýdi. Şeýdip, ýene bir aýa golaý gün doladylar. Paýtagtyň et ýagdaýy beterlemese, gowulaşmady. Beýle hörek bilenem uzak gezip bilmediler. Eli işe baranokdy. Gahary gelýärdi. «Şu zatlara jogap bermeli adamlar uzakly gün kabinetlerini saklaşyp otyrlar. Üstesine-de, olary her gün maşyn äkidip-getirip dur. Halky azyk bilen üpjün etmän, dagy olar näme iş edýärkäler! Nädip günlerini geçirýäkäler!» diýip, özbaşyna hüňürdäp sögünýärdi. «Şolaram il bilen magazine zat gözlemäge ugradaýsalar-a düzelerdi bi zatlar! Arman, bizde şol edilenok-da!». Işde-de azyk baradaky gowur kem däldi. Her kim iýmit ýetmezçiliginden söz açýardy. —Bizde indi magazinden satyn almak diýen zat gutardy. Diňe gözläp tapmak ýoň boldy!—diýip, Gülnabadyň işdeş ýoldaşlarynyň biri Bike gaharly hyrçyny dişledi.—Şu zatlary çözmeli adamlaryň özleri näme iýýärkä?! Köpler uludan dem alyp, gepläsiniň gelmeýänini duýduryp, baş ýaýkap oňaýýardy. —Çözmeli adamlaryň öýlerinejik eltilip berilýändir, keýgim, bu zatlar!—diýip, Nazar diýen işgär hem gepe goşuldy.—Bu zatlary çözmeli adamlar zatdan kösenýän bolsalar, magazinler beýdipjik durmazdy.—Şeý diýip, ol bir salym öňündäki ýazuw kagyzlaryna güýmendi-de, gepiniň yzyny degişmä ýazdyrdy.—Ol eşekde ýüzküm ýok, ýykylsa, habarym ýok. Biziň-ä aýalymyz naharhanada aşpez! Zatdan hor bolamzok. Aýalymyň barlygynda bizde-hä kommunizm!—Nazar loh-lohlap güldi.—Ýaşasyn aýallar! Işdeş ýoldaşynyň «aýalym getirýä» diýen sözi Gülnabada ýaramady. «Şü, bize berilmeli zatlary hem kimdir biri öýüne çekip ýörmükä ýa?» diýip pikir öwürdi. Agzyndan sözleriň nädip sypanyny duýman galdy: —Wiý, aýalyň ile berilmeli etleri öýüňize alyp gaýdyberýämi ýa-da ýörite satlygam barmyka?! Nazaryň ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä döndi. Gaharynyň geleni bildirdi. Ýöne birbada syr bermän, sypaýy gepledi: —Onçasyny biljek däl, sorap göremok—Birdenem ol gyzyp ugrady.—Eger ogurlap alýanam bolsa, men-ä aýalymy günäkärlemok. Näme, millet aç gyrylmalymy?! Hol, owadan-owadan ymaratlarda oturanlar hem biziň iýýän zatlarymyz bilen oňňut edýändirler öýdýäňmi?! Ýo-ok! Kärdeş jan, sen beýle pikir etme. Ýaňam aýtdyg-a, olar hor bolýan bolsa, ýurt düzelerdi diýip. Olaryň özleri dok bolmaly. Dokuňam näme, açdan habary bolanyny haçan görüpdiň?! Ras, olar bizi şeýdýämi, bizem özlerine görä bolmaly olaň. Olar-a özlerini aýra tutup, gowy-gowy iýjekler, gägirjekler, bizem akýüreklisiräp, dyrnak ýaly zadam ellemän, çagalarymyzy aç saklamalymy?! Hany, «Günüň nähili?» diýip, halyňdan habar alýan barmy?! Alanoklarmy?! Diýmek, öz günüňi özüň görübermeli. Nädip göreňde näme! Ogurlyk edýänlerem oňarýalar! Dagy nätsin olar ogurlyk etmän! Satyn almaga zat tapmasalar, ogurlyk ediler-dä! —Goýaweri, jan dogan, men-ä size ogurlyk edýäňiz diýjegem bolamok!—diýip, Gülnabat Nazaryň barha joşup barýanyna hopukman durmady. Oňa höre-köşe etdi.—Nireden agzaýypdyryn! —Ýok, seň diýeniň üçinem diýemok men. Adam bir bahana bilen gaharyny çykarmal-a—diýip, Nazar ýene dowam etdi. Gahardan saňňyldady.—Ogurlyk näme üçin köpelýä?! Halk hor saklanýa! Halky aýak astyna zyňsalar, boljak zat kändir! Ogurlygam azalmaz! —Biziň dagy küý-köçämiz iş bilen däl. Ylym ýada-da düşenok. Aladamyz çagajyklara iýip-içer ýaly zat gözlemek!—diýip, gapdaldan ýene-de gepe goşulyp ugradylar.—Hemmeler özbaşyna işini edip ýör. Pagta ýyglyp dur. Nebit-gaz akyp dur. Näme üçin şunça iş edilip durka-da, halka ýeterlik iýmit bolanok! Şundan soň işgärler ýene-de uludan dem aldylar-da, dymyşlyga başladylar. Baş atyşyp, biri-biriniň diýenini makulladylar. Gülnabat işden çykyp, ýene dükanlary aýlandy. Zat tapmansoň, ejesiniňkiden habar tutup gelmegi ýüregine düwdi. Tomsuň güni bolansoň, heniz gün ýere girer ýaly däldi. Obalarynyň awtobusyndan uly ýoluň başlanýan ýerinde düşdi. Sebäbi aladalar gerdeninden şeýle bir basýardy welin, awtobus hem gysyp-gowrup barýan ýalydy. Ýüregi çat açaýjaga dönüp, mundan aňryk açyk howada ýöräp gitmegi makul bildi. Üstesine-de, obanyň awtobusynda adamlar biri-biriniň depesine-de münäýjek bolýardylar. «Transportyň käninde şu artyplary dagy bolaldyp bolmaýarmyka?! Ömür baga çykjak ýaly, biri-biriň depäňe dyrmaşyp gitmeli» diýip, janyýangynly pikir öwürdi. Uly ýoluň gyrasynda ilkinji nobatda göze ilýän zat Parahadyň täze salnan, köşk ýaly öýüdi. Onuň töwereginde maşynam köpdi, adamam. Toý tutulýan dek, gaý-da-gaýmalaşykdy. Kimler goşa ganatly howla girip gidýärdi. Kimler bolsa kagyza dolangy gujak-gujak zat alyp, ýylgyryp çykýardy. Gülnabat öýüň deňesine baranda, adamlaryň maşynlarynyň yzyna bolgar nohudyna çenli atyp duranlaryny gördi. Et diýeniň-ä hut şu ýerde soýulýan ýalydy. Kimler bütin goýny gujaklap çykýardy, kimler sygyr buduny. Parahat deň-duşlary bilen çilim kükedýärdi. Özem nirädir bir ýerik ýolagçymy-nämemi, ýa-da keýpine şeýdip durmy, bir aýagyny ak «wolgasyna» atyp, maşynyň roluny oýnan bolup durdy. «Adam baý bolsa, syratlam görünjek eken» diýip, Gülnabat Parahada nazar aýlap goýberensoň pikir öwürdi. Göwnüne bolmasa, Parahadyň kiçijik gözlerem birneme tegelenip, özem syratlanan ýalydy. «Ikilikçem bolsaň, yrgalyň çogsun» diýip, Gülnabat öz düşen gününe aglaýjak-aglaýjak bolup barşyna, ýene pikir öwürmesini dowam etdi. «Parahad-a adam bolaýdy». Gözüniň öňünde äkidilip barylýan etleri görüp, Gülnabat ymsyndy. Etlije nahar iýesi geldi. «Ejemde bir birje kile dagy artykmaç zat bar bolaýbilseýdir» diýip, öz ýanyndan dileg etdi. Parahadyň daşyndakylaryň gepleri eşidilip durdy: —Arakyň ýaly täzeje böwrekleriňdenem getirsene, Parahat! Ol, greçka diýeniňdenem bize bir halta düşürip geçäý! —Düýnki, külembike ýaljak kalbasalaňňy eýýäm gutaraýypsyň-ow! Getirsene ýene şonyňdan! —Bize-hä, paka, togsan bäşlik çaýyňdan bir ýaşşik äberseň bor! Diýilýän, sargalýan zatlar kändi. Parahat, hamala, bu zatlaryň baryny özi ýasaýan ýaly, hemmelere «bolýa» diýip jogap gaýtarýardy. «Näme bor diýmän. Ýigit tapýandyr-da diýýändir!» diýip, Gülnabat öz kalbynda dörän sowala özi jogap berdi. Soň ýene öňki pikirini gaýtalady: «Parahad-a adam bolaýdy». Ol ejesinden zat hem sorap ýetişmedi. Hallygül ejäniň özi gyzyny görenden, salam-heligem unudyp, ýagdaýyny mälim etdi: —A gyz, şäher işgärisiňiz. Magazinde-beýlekide et-pete duşsaň, bize-de äbereweri birki kile! Soňky wagtlar-a gytaldy haýran! Öňler-ä oba öz elin eti bilen özüni ekläýýädem welin, indi obanyňam işi gaýdypdyr. Mal-da ýok, zat-da. Her kim şäheriň etini iýip otyr. —Bor, äberäýerin!—diýip, Gülnabat düşege geçmän, aýak üstünde çommaldy. Sepini bildirmän, sypaýyçylyk etdi.—Bu gün birneme işsizräk bolduk-da, sizden habar tutup gidäýeýin diýdim. —Uly il-ä eti Parahat jandan alyp dur. Guwanja «senem gidip göräý» diýýän welin, teý edenok. Ýogsa Parahat jana gelýän et elin ýaly gowumyşam—diýip, Hallygül daýza demi-demine ýetmän gepledi.—Bolmasa, menem Gurbanbike klasdaşyň ejesine diýäýerin-dä. Gaýynenesine-de berýämiş ol, Parahat jan, näçe diýse! Ejesiniň bu sözleri Gülnabada kem ýaramady. —Wah, şeýdäýsene, eje!—diýip, ol ejesiniň boýnuna bökerli göründi. Ýagdaýdan yş tapylanyna begendi. Ýöne ejesi onuň umyt uçgunjygyny söndürip goýberdi: —Parahat janda-da adamçylyk ýok oguşýa. Kim et üçin barsa, «Kimlerden borsuň?! Kime gerek?» diýip soraýamyş. Sulhy almadyklaryna «ýok» diýäýýämiş! Gülnabat ajy ýylgyrdy: —Bizi onuň sulhy alarmyka, almazmyka, eje?! —Häk, näbileýin-dä!—diýip, Hallygül daýza uludan dem aldy. Hyýalynda geçen günlere dolandy.—Görgüli, saňa-ha sözem aýdypdy. Şol wagt ýalňyşan ekenik-dä... Durmuşyň adamy şeýle ejiz düşürişine, namart edişine Gülnabat ýanyp-bişdi. Hyrçyny diýledi. —Eje jan, sen bir beý diýmesene!—diýip, ýalbaryjy gepledi.—Hudaý bardyr. Hany, belki, ykbalymyz Parahat ýalylara bagly bolmasyn-da!.. Şeý diýip, ol ejesi bilen hoşlaşdy-da, ýola düşdi. Gyzynyň ýagdaýyny, onuň nämedir bir zat diýjek bolup, diýip bilmän gidip barýanyny ene ýüregi duýdy. Ol Gülnabadyň yzyndan: —Gurbanbike klasdaşyň ejesine men: «Bize gerekligini aýtman äber» diýäýerin eti, Gülnabat jan! Alyp bilsem, saňa-da elterin!—diýip gygyrdy. Gülnabat ejesine jogap gaýtarmady. Şeýle güne galanyna kemsinip, gözleriniň alny ümezledi. «Wah, eje jan, saňa gerekligini, heý, aýtmazmy o heleý. Heleý diýeniň içinde gep saklap bilermi! Onda-da oň ýaly, zat gömän, zatdan doýan heleý!» diýip içini gepletdi. «Gel, şuň magazininem görüp geçeýin-le» diýen niýet bilen Gülnabat ýene Parahatlaryň üstünden geçdi. Indi Parahat maşynyň içinde otyrdy. Elinde altyn zynjyrjyga berkidilen açarjygy keýp edip pyrlaýardy. Klasdaşy Gurbanbike bolsa bazar bahasy müň manada çykan gülgüne hytaý pombarhyny geýip, maşynyň gapysyndan ýapyşyp, Parahat bilen näz-kereşmeli gürleşýärdi. Özem tanar ýaly däldi. Öňki ikilikçi Gurbanbike diýer ýaly däldi. «Baýlyk adamy nähili bezeýär!» diýip, Gülnabat ýene içini gepletdi. Olaryň ýanynda özüni köçä zyňlan, gerekmejek mal hasaplady. Göwni çöküp, keýpi bozuldy. «Näme üçin hökümet öz intelligentini şeýle gözden salýarka? Biz indi söwdanyň başyna çöken şol ikilikçilerçe-de bolmaly dälmikäk?!» diýip, aglaýjak-aglaýjak bolup, birsyhly pikir öwürdi. «Olarça bolmajagymyz-a görnüp dur. Ýöne gazançjygymyza bir zat tapylar ýaly bolsady» diýip, soň hem öz diýenine düzediş berdi. Gülnabat pyýadalap barýança, Parahat dagy ak «wolga» bilen öňürdip, eýýäm magaziniň agzynda durdular. Parahat Gurbanbikä bir zatlar diýdi-de, magazine girip gitdi. Gülnabat Gurbanbikäniň gabadyna gelensoň, ýöne geçibermegi uslyp bilip, oňa tarap öwrüldi. Salamlaşmak isledi. Ýöne ary köýen ýaly, Gurbanbike ony gördi-de, birden aňyrsyna öwrüldi. Görmeýän kişiden bolup, gyzyl bileziginiň o ýer-bu ýerini dyrmalap ugrady. Bir zatlar düzedýän kişi boldy. Onuň beýtmesi Gülnabady ýüzüne urlan ýaly etdi. Gahary geldi. «Wah-eý, ikilikçi haýran, haçandan bäri adam bolduň. Düýn dälmidi klasda äsgerilmän ýöreniň!» diýip, içinden sögünjiredi-de, Gülnabat hem gelensoň, görmän gitmejek bolup magazine girdi. Parahat eýýäm işläp duran satyjy gyzlara bir zatlar buýruk berýärdi. Enindäki çilimini dişleri bilen saklan bolup, gyzyla doňdurylan otuz ikisinem görkezäýjek bolýardy. Ellerini biline tutup, «Ony ol ýere goýuň, muny bu ýere goýuň!» diýip herrelýärdi. «Müdir bolupdyr oguşýa» diýip, Gülnabat Parahadyň bolşuny synlap, içini gepletdi. «Işgär berlipdir». Parahat Gülnabady gördi. Ýöne ol hem görmeýän ýaly bolup hereket edýärdi. Eýläk geçen bolýardy, beýläk geçen bolýardy. Ýa-ha Gülnabadyň özüne ilki gep goşdurmak isledi, ýa-da bütinleý gepleşmek islänokdy, Gülnabada tarap nazarynam aýlanokdy. Ýöne gözleriniň gytagy bilen magazinde klasdaşynyň aýlanyp ýörenini görýänini welin, Gülnabat duýupjyk durdy. Magazinde meňki bolsun diýer ýaly zat ýokdy. Kagyzy ýelmeşip giden süýjüler, çitmidir alynmajak atlazlar, durşuna suw otynyň dänesi bolup duran tüwi... Garaz, şäheriň magazinlerindäkiden üýtgeşik zat ýokdy. Gülnabadyň bu bolýan zatlara barha gahary geldi. Parahada eşitdirmek üçin, bilgeşländen sesini gataldyp, gyzlara ýüzlendi: —A gyz, bi näme magazin boşap ýatyr? Ýa-da zatlaryny bir ýere çekäýýäňizmi?! Bu sözlere Parahat ýalt edip Gülnabada tarap seredip goýberdi. Gözleri hasam giňän ýaly boldy. Gaharynyň geleni mese-mälim bildirdi. Ýöne sesini çykarmady. Satyjy gyzlaryň bir jyňňyldap, sögüşmäge taýýarlandy: —Näme diýjek bolýaň, daýza?! Nirä çekenimizde nä işiň! Agzyndan süýt ysy gitmedik gyzjagazyň beren jogaby Gülnabady barha gaharlandyrdy: —O nähili nä işimmiş! Halka berilmeli zat durmaly ýerinde dursa ýagşy-da! —Näme gerek saňa, daýza? Köp gepleme-de, gerek zadyňy aýdaýsana!—diýip, sögüşmäge taýýarlanan gyz barha joşdy. Gülnabat tas «Et gerek!» diýipdi. Ýöne Parahadyň ýanynda syryny açmak islemedi. Onýança satyjy gyzlaryň biri bu müşderiden çekindimi-nämemi, sypaýy gepledi: —Wah, daýza jan, bize-de berilýän zat ýog-a. Çekip näme edeli. Bir zat gelse, şu ýerde goýýas-la biz! Ilki geplän gyz köpbilmiş bolmaga çemeli. Ol müdiriniň gaty arkaýyn durşundan, öňem rejelenen balyk konserwalaryny eýläk-beýläk itişdirip, äwmän gymyldaýşyndan bu ýerde çkinip oturasy zat ýokdugyny aňdy. Eger barlagçy-zat bolan bolsa, müdiriniň ylgap geljegini ol bilýärdi. Şonuň üçinem ýene Gülnabada awusyny pürkdi: —Daýza, aljak zadyň bolsa-ha al, ýogsa-da bize päsgel berme! Işläp durus! Gülnabadyň bu gyzy gowuja sözler diýip utandyrasy geldi. Ýöne Parahadyň ýanynda harçaňlaşyp durmagy özüne kiçilik bildi. Üstesine-de, puldan doýan ýaş gyzlardan herki sözüň çykjagyny duýup duransoň, öz üstümden güldürmäýin diýip pikir etdi-de, daşaryk çykdy. Onuň ökjesini sydyrdyp, Parahat hem çykdy. «Içiň ýansyn» diýýän ýaly, batly-batly ýöräp barybam, maşyny otlady. Agzyndaky gyzyl dişlerini ýalpyldadyp, Gurbanbikä bir zatlar diýip lak atdy. Gurbanbike Gülnabada tarap seredip goýberdi hem-de ýylgyryp, Parahada jogap gaýtardy. Onuň agzyndaky gyzyl dişleri gün dogan ýaly ýalpyldy döretdi. Şondan soň ak «wolga» Gülnabadyň deňinden tozan turzup, şähere tarap gitdi. «Wah-eý, ikilikçi haýranlar!» diýip, Gülnabat ýene içinden sögündi. Soňam ýene öz pikiriniň garşysyna pikir öwürdi: «Ikilikçi bol welin, baý bol diýsene!». Ol garaňkyny gatlyşdyryp, ýaşaýan ýerlerine gaýdyp geldi. Janynyň ýangynyna adamsyna gygyryp ugrady: —Sütünim süýndi zat gözläp. Erkek bolan haýranyň özi tapmazmy çagalaryna gerek harydy! Il ýaly iýdirmegem oňaraňok, geýdirmegem! —Döwür bizde gaýrat goýdumy!—diýip, Meret başyny aşak saldy.—Intelligentiň hijisem bizden üýtgeşik zat tapýan däldir! Diňe Pahha ýalylar bolaýmasa! —Pahha diýen bolup, oňa göwnüňiz ýetenokdy. Hana, köşk ýaly jaýy bar! Depesinden dabanyna çenli gzyyl! Sen bolsaň, kykr ýaşap barýaň, ne-hä üstüňde öýüň bar, ne-de bir çagalaryňa ýeterlik hörek tapýaň! —Özümiz saýladyg-a şeýle ugry! Ol wagt näbileli intelligentiň alga alynmaýanyny! Çykgynsyz ýagdaýda galan Gülnabadyň hem, Merediň hem göz öňünde Parahat janlandy. Onuň ýanyna ýüz tutup baraýsalar, etden-ýagdan, beýleki gerekli zatlardanam hor bolmajakdyklaryny bilýärdiler. Ýöne baranlarynda, Parahat olary nähili garşylajak, ine, şu belli däldi. Geçen ýyllardaky wakalar birsyhly göz öňünde janlanyp durdy... Bazardyr magazinler-ä boşdy, ýürekler bolsa akyp barýardy... Ogulsenem TAÑÑYÝEWA | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||