00:28 Ile peýdaly | |
ILE PEÝDALY
Goşgular
Ähli gürrüň eserlerden başlandy, dowam etdi ylham käni hakynda. Gybata çalymdaş «ýumak» çöşlendi, «Ylham ummany» we «gämi» hakynda. «Men Watany söýýän, ýaşaýşy söýýän», «Meniň yşgym dagyň garyn eredýä»... Emma, kimdir biri, ynan-aý, ...duýýan, şoňa çalymdaşrak eser döredýä». Gyýylmagyn. Erbet bolýan dogrusy, gaty erbet borun, eger ses etseň. Köpelýändir öýtseň, «sungat ogrusy», kämilligi döretmegi bes et sen. Şondan soňam, garaşyp gör azajyk, hiç kim hiç zat ýazman oňaýarmyka?! Ýitäýmäli pikirlerde azaşyp, sungatyň ösüşi doňaýarmyka?! Ýok, bu teýene däl, ýaňsylamak däl, pikirlermi beýan edýärin dogry. Dogry, ogurlamak ýagşy gylyk däl, zat tapmasa welin – kösener «ogry». Kämilligi döredýäňmi – minnetdar, goý, ol gaýtalansyn, diňlensin ýörsün. Zeminüsti kämillige ymmatlar aýdyma öwürsin, hiňlensin ýörsün. Golaýrak süýş. Kemzehinler gülýärler, şu pikri aýdaýyn eger oňlasaň: Peýdalanyp, adyň tutman bilýärler, Sen kim bolýaň, peýdalanyp bolmasa. Aşyrmat GARLY. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Güýz we men / Goşgular - 09.11.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ýalana oda / Goşgular - 19.10.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |