23:47 Ilim ajap | |
ILIM AJAP
Goşgular
![]() Ilim ajap, zaman ajap, ýurt ajap. Mermere bezenen yşk abat ajap. Sährasy, dag, düzi, çöl, köli ajap, Ýaz, tomus, güýz, gyşy döwrany ajap. Geçmişim, şu günüm, geljegim aýan, Türkmenim, milletim ärdir ner saýam, Halkym beýik bir Allaha sygynýan, Köňüller Hak bilinen raýlarym ajap. Ak sakal gojalar, ak saç eneler, Ula uly, kiçä mährem deňeler, Sada hem mähriban hüýrler, sonalar, Mert edermen ärler zorlarym ajap. Allaň nazar salan milleti halky, Keremiňden eçil bereket haky, Ýurt gojasy halkyn mähirläp herki, Sansyz bar eýlenen işleri ajap. Halmyrat türk iman milletin, halkyn, Buýsanyp wasyp eder Oguz han hakyn, Geçmişe, şu güne, geljege galkyn, Jenneti mekanym menziller ajap. Halmyrat ORAZOW. 27.03.2023 ýyl. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |