23:36 Ilýa Berezin / dowamy | |
Berezin özi aýatdaka ýazan işleri hakda tankytçylar onuň üstüni gömmediler, tankydy bellikler bolaýanda-da onuň örüsi ikiçäk gürrüňden, tankydy bellikler hem hat üstünden aňry geçmändir. Onuň Grigorýew bilen alşan hatlary bolsa ol ýogalandan soň çap edilipdir. Bereziniň öz alym ýoldaşlarynyň işlerine bolan garaýşy hem şeýleräk bolupdyr.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Berezin we onuň döwürdeş alymlarynyň ylymda bitiren hyzmatlary az-küş däldir. “Gündogar taryhçylarynyň kitaphanasy”, Reşideddiniň düýpli işlerini neşir edip okyjylara ýaýradan Berezine onuň nesilleri minnetdar bolmalydyr. XV asyrda başlanan türkmen-rus aragatnaşyklarynyň belli derejede ösmegi netijesimde türkmen-tatar gatnaşyklary hem täze mazmuna eýe bolýar. Tatarystanyň Russiýanyň düzüminde bolmagy, onuň gündogar ýurtlary bilen medeni-ykdysady aragatnaşyklary ýola goýmagyna oňaýly täsir edýär. 1804-nji ýylda Kazan uniwersitetiniň açylmagy tiz wagtyň içinde bu uniwersitete gündogar halklarynyň edebiýatyny, dilini, durmuşyny öwrenmegiň merkezine öwürýär. 1846-njy ýylda Kazan uniwersitetiniň professory Mürze Kazymbek “Türk-tatar diliniň umumy grammatikasyny” ýazypdyr. Türkmen dilini türki dilleriň biri hasaplan Kazymbek Mürze ony tatar dili we beýleki türki diller bilen deňeşdiripdir. Bu “Grammatika” tiz wagtdan, ýagny 1848-nji ýylda nemes diline terjime edilip çykarylypdyr. Bu terjime Ýewropa ýurtlarynda türki dilleri öwrenmäge uly gyzyklanmanyň peýda bolmagyna getiripdir we günbatar Ýewropanyň ylmy žurnallarynda türkmen dili barada ilkinji makalalar peýda bolup başlapdyr. 1854-nji ýylda “Russiýa hakyndaky ylmy maglumatlaryň arhiwi” atly nemes žurnalynyň 13-nji sanynda “Oriýentalistleriň dykgatyna aziýa türkmenleriniň düýbünden öwrenilmedik dili hödürlenýär” diýen habar çap edilipdir. Bu žurnal 1855-nji ýylda Magtymguly hakda redaksiýanyň adyndan şeýle gysgajyk makala beripdir. Makalasyny hödürleýäris: “ Meşhur şahyr Biz öz okyjylarymyza entek Ýewropada belli bolmadyk beýik türkmen şahyrynyň adyny habar bermek isleýäris. Onuň ady Magtymgulydyr. Ol barada bize Dostmuhammet (1838-1842-nji ýyllarda iňlis-owgan urşy wagty Owganystanyň hökümdary. Ol iňlislere garşy göreşe ýolbaşçylyk edipdir) uruş wagtynda iňlis ştabynda gulluk eden nemes çinownigine gürrüň beripdir. Magtymguly ýarym asyr gowrak mundan öň ýaşapdyr. Onuň goşgulary arap haty bilen ýazylypdyr, emma öz lirizmi we hoşlabyzlylygy bilen akylyňy haýran edýär. Magtymgulynyň goşgularyny Käbiliň,Gandagaryň, Peşewaryň, Hyradyň, Şekiniň, Şirwanyň, Tähranyň adamlary ýatdan bilýärler. Nebsimiz agyrsa-da, biz şahyryň durmuş ýoly barada hiç zat bilmeýäris. Biziň oriýentalistlerimiz ýakyn geljekde Magtymguly hakda birin-birin gürrüň bererler diýip umyt edýäris”. Kazan uniwersitetinde türkmen dili we edebiýaty bilen ýokarda ady agzalan professor Mürze Kazymbekden başga-da, uniwersitetiň professory W.A.Sboýew hem içgin gyzyklanypdyr. Şol döwürde Kazan şäherinde neşir edilýän “Kazanskiýe gubernskiýe wedomosti” atly zurnalyň 1851-nji ýyldaky sanlarynda “Türkmenler hakynda makalalar” çap edilip başlanýar. Şol makalalaryň birinde W.A.Sboýew şeýle ýazýar: “Türkmenler ýa-da truhmenler Zakaspide, ýagny rus emläkleriniň çäklerinden daşarda ýaşaýarlar. Türkmenler, çarwalaryň aglabasynyň bolşy ýaly, biçak söweşjeň we erkana. Musulman bolansoň, türkmenleriň durmuşynda biziň tatarlarymyz bilen umumy zatlar köp. Hemmesinden hem geň zady, olaryň Ýewropa halklarynyň edebiýatyndan birjik-de kem bolmadyk baý edebiýaty bar. Jenap Mürze Kazymbek türkmenleriň sähra bilbili Keminäniň goşgularyna täsin galýar we olary diňe halkyň dilinde meşhur bolan kazanly şahyr Kandalynyň goşgulary bilen deňeşdirýär”. Işimiziň başraklarynda Mürze Kazymbek hakda gürrüň berjekdigimizi ýaňzydypdyk. Gürrüňimiziňşu ýerinde Bereziniň alym hökmünde kämilleşmeginde uly rol oýnan goja professoryň ömür ýoly we ylmy mirasy hakynda giňişräk gürrüň etmegi mynasyp bildik. Çünki ol Kazan uniwersitetinde okadan döwründe türkmenler hakynda ýörite sapak beripdir. Geljekki gündogarşynaslarda türkmen halkynyň taryhyna, onuň edebiýatyna ilkinji höwes döredenem Mürze Kazymbek bolupdyr. Professor Kazymbek Bereziniň we Bartoldyň mugallymydy. Ol 1802-nji ýylyň 22-nji iýulynda Eýranyň Reşt diýen şäherinde doglupdyr. 1870-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Sankt-Peterburg şäherinde ýogalypdyr. Gündogary öwreniji azerbaýjan we rus alymy. Sankt-Peterburg uniwersitetiniň (häzirki Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň gündogar fakulteti) gündogar dilleri fakultetiniň ilkinji dekany. Ony käte Russiýa gündogary öwreniş ylmynyň guramaçylarynyň biri hem hasaplaýarýar. Belli rus gündogary öwreniji alym B.B.Grigorýewiň pikiriçe, Kazymbek Russiýada gündogary öwrenmek boýunça ylmy akademiki ugra gönükdirip, ony Ýewropa ylmynyň derejesine, hatda ondanam ýokary derejä çykarmakda görnükli rol oýnan alymlaryň biridir. Aleksandr Kazymbek Aleksandr Kazymbek “ýewropa alymlygy bilen gündogar alymlygyny sepleşdiripdir” (akademik A.N.Kononow). Kazymbek pars, azerbaýjan, rus, tatar, türk, arap, iňlis, fransuz dillerini suwara bilipdir we şol dillerde ýazmagy başarypdyr. Şeýle hem, ol nemes we gadymy ýewreý dillerini bilipdir. Ýöne Bartold onuň nemes dilinden baş çykarmaýandygy hakda Kazymbegiň okuwçysy Berezine salgylanyp ýazypdyr. Kazymbegiň ömür ýoly durmuş synaglaryndan dos-doly.Her hili agyr kynçylyklara döz gelipdir.. Kazymbegiň kakasy öz döwrüniň belli adamy we şerigat kada-kanunlaryndan oňat baş çykaran din hadymy bolupdyr. Kazymbek 1823-nji ýylda şotland missionerleriniň täsirine düşüp, hristian dinini kabul edipdir. Adyny hem üýtgedip, Aleksandra öwrüpdir. Onuň “ilden çykgynç” bu hereketi üçin ata-enesi, dogan-garyndaşlary ondan ýüz öwrüpdirler. Kazymbegiň atasy Fataly han döwründe köşkde maliýe meselelerine seredipdir. Kakasy Gajykasym bolsa Derbentde doglan we şol ýerde ýaşan.XIX asyryň ahyrynda ol Eýrana göçüp barýar we şol ýerde şerigat kada-kanunlaryndan bilim alýar. Birnäçe gezek Mekkä, Medinä sapar edýär.Gajykasym 1801-nji ýylda Reşt şäheriniň häkimi Mirbagyr hanyň gyzy Şaraf Nisa öýlenýär. 1802-nji ýylda-da olaryň ogullary bolýar. Ol oglana Mürze Muhammedaly Kazymbek diýip at dakylýar. Guba hanlygy Russiýa birikdirilenden soň, Gajykasym Reştden öz dogduk şäheri Derbende dolanýar. 1810-njy ýylda-da ol maşgalasyny öz ýanyna getirýär. Ol bu ýerde Derbendiň şyh ul-yslamy bolýar. Muhammedaly ilkinji sowadyny atasynyň öýünde alypdyr. Soň ol molla Abdyleziz Hiskenjiden arap grammatikasyndan, şyh Muhammet Bahreýnden musulman şerigat kada-kanunlaryndan, sholastiki filosofiýadan sapak alypdyr. Pars, arap, türk dillerini öwrenipdir. 1819-njy ýylda, heniz on ýedi ýaşyndaka ilkinji işini “Arap diliniň grammatikasyndan tejribe” atly işini ýazýar. Soň, 1820-nji ýylda “Muamma wa lugaz” atly ikinji işini ýazypdyr. Bu işler gös-göni arap we pars dilinde ýazylan işlerdir. Kakasy oglunyň musulman ylmyna teşneligini görüp, kämilleşdirmek maksady bilen ony Eýrana we Arabystana ibermekçi bolýar. Ýöne onuň bu arzuwy amala aşmaýar. Onuň Arabystanda gizlinlikde ýaşaýan derbentli şyh Alyhan bilen gatnaşygynyň bardygyna müňkürlik edilýär we ol wezipesindengyrahladylyp, sud edilip, Astrahana tarap göçürilýär. Muhammedaly heniz ýetginjek döwürlerinde kakasynyň tanyşlary şotland hristian missionerleri bilen ýakyndan tanşypdyr. Soň onuň öz ýazmagyna görä, ol şol missionerler bilen köp gezek söhbetdeşlikde bolupdyr, jedelleşipdir, olary “yslama uýdurmak” maksady bilen yzygider gürleşipdir. Kazymbek hristianlygyň mazmunyna düşünmek üçin ýewreý we iňlis dillerini öwrenipdir. 1821-nji ýylda ruhdan düşen kakasyny görmek üçin ol Astrahana gelipdir. Onuň bu ýere gelmeginiň düýp sebäbi, kakasy bilen maslahatlaşyp,sowadyny artdyrmak üçin gündogar ýurtlaryna aşmak eken. Ýöne bu ýerde ol ýene-de şol şotland tanyşlaryna sataşýar. Indi onuň özi şolaryň täsirine düşýär-de, hristian dinine girýär. Mundan beýläk ol iki at göteripdir Mürze Aleksandr Kazymbek. Astrahanda Kazymbek missionerleriň ýanynda bolup, olaryň keramatly kitaplaryny gündogar dillerine terjime etmäge gatnaşypdyr.Olardan ýewropa dillerinde gepleşmegi öwrenýär. 1825-nji ýylda oňa bilimini has kämilleşdirmek üçin Angliýa gitmek teklip edilipdir. Emma patyşa hökümeti oňa rugsat bermändir. Kazymbekiň iňlisler tarapyndan zyýanly i\lerde ulanylmazlygy üçinonuň Daşary işler ministrliginde işlemegine şert döredilipdir. Ýöne barybir imperatoryň buýrugy bilen onuň bu ýerde işlemegi ýatyrylyp, imperatoryň başga bir buýrugy bilen ol 1825-nji ýylyň 25-nji awgustynda Omskide ýerleşýän Aziýa uçilişesine, başga maglumatlara görä, Omsk kadet korpusyna tatar dilini okatmak üçin mugallym edilip iberilipdir. 1826-njy ýylyň başynda täze işe ýola düşende Kazana sowulmaly bolýar we şol ýerde-de agyr keselleýär. Şo wagtlar hem Kazan uniwersitetiniň rektory professor K.F. Fuks bilen tanyşýar. Ol ýaş alyma Kazanda işe galmagy, ýagny 1-nji Kazan gimnaziýasynda arap we pars dillerini okatmagy teklip edipdir. Birnäçe wagt işländen soň, şol ýylyň ortalarynda rektor K.F.Fuks ýörite hat ýazyp, Kazeymbekiň Omskiden Kazan uniwersitetine geçirilmegini Daşary işler ministrliginden haýyş edipdir. 1826-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Kazymbek uniwersitete lektor (uly mugallym) hökmünde işe bellenilýär we arap, pars dillerinden talyplara sapak berip başlapdyr. Şol bir wagtyň özünde-de, ol uniwersitetde işlemek bilen 1-nji Kazan gimnaziýasynda gündogar dillerinden hem sapak bermegini dowam etdiripdir. Arap, pars, türki, tatar dillerinde okatmak üçin okuw gollanmalaryny, maksatnamalaryny ýazypdyr. Onuň taýýarlan bu okuw gollanmalary Ylymlar akademiýasy tarapyndan ýokary baha alypdyr we Halk magaryf ministri tarapyndan goldanylypdyr. Bu işler 1836-njy ýylda Kazanda hem neşir edilipdir. Gündogar dillerini okatmagyň Kazymbek tarapyndan taýýarlanan okuw maksatnamalary Kazan, Astrahan, Tbilisi gimnaziýalarynda köp ýyllaryň dowamynda okadylypdyr. 1828-nji ýylda Kazan uniwersitetinde türki-tatar dilleri kafedrasy açylýar. Ilkinji açylan kafedra ýolbaşçylyk etmek Kazymbege tabşyrylýar. Şeýdip Kazymbek arap, pars, türki, tatar dillerinden sapak beripdir. 1830-njy ýylda ol adyunktlige(professorlygyň bäri ýany–A.Ç.) hödürlenipdir. 1831-nji ýylda alym pars dilinde “Arap diliniň we gepleşiginiň taryhyna nazar” (“Взгляд на историю языка и словестность арабской”) atly işini ýazypdyr. Bu işe berlen bahalary nazara almak bilen Halk magaryf ministrligi Kazymbege gündogar dilleri boýunça magistr derejesini we adyunkt adyny bermek hakdaky karary tassyklapdyr. 1829-njy ýylda gündogary öwreniji hökmünde ol eýýäm tutuş Ýewropada tanalypdyr. Şol ýyl ol Beýik Britaniýa korollygynyň Aziýa jemgyýetine agzalyga, 1835-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Russiýa Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzalygyna saýlanypdyr. 1836-njy ýylda Kazymbek Kazan uniwersitetiniň ekstrardinar professory, 1837-nji ýylda hem türki-tatar kafedrasynyň ordinar professory bolýar. 1845-nji ýylda Kazan uniwersitetiniň filosofiýa fakultetiniň birinji bölüminiň dekany edilip bellenilýär. 1846-njy ýylda Kazembegiň arap we pars dilleri kafedrasyna geçirilmegi bilen onuň ýerine, ýagny türki-tatar dilleri kafedrasynyň müdirligine onuň okuwçysy I. N. Berezin bellenilýär. Kazembek Kazanda işlän döwri “Asseb as-seýýar, или семь планет, содержащий крымских ханов” (1935), “О взятии Астрахани в 1660 г. kрымскими татарами” ýaly birnäçe ylmy işleri ýazypdyr. Kazembek uýgurlaryň taryhyny ýazmakda-da ilkinjileriň biri. Onuň “Исследование об уйгурах” atly işi muňa mysaldyr. Bu iş 1841-nji ýylda çap edilipdir. Onuň 1839-njy ýylda çap edilen “Грамматика турецко-татарского языка” atly işi şo döwrüň türkologiýa ylmynda uly waka bolupdyr. Bu ylmy işiň ilkinji neşiri 1846-njy ýylda çap edilipdir. 1848-nji ýylyň 26-njy awgustynda Halk magaryf ministrligi professor M.D. Topçybaşewyň pensiýa çykmagy bilen Kazymbegi Sankt-Peterburg uniwersitetine, pars dili kafedrasynyň müdirligine geçirýär. Kazymbegiň Kazan döwri hakynda onuň kärdeşi taryh ylymlarynyň doktory, belli gündogary öwreniji alym Boris Moiseýewiç Dansig “A.K. Mürze Kazymbek hakykatdan-da, oriýentalistleriň Kazan mekdebini döretdi” diýip ýazypdyr. Sankt-Peterburgda işlän döwri professor Kazymbek öz kärdeşleriniň, studentleriň arasynda uly abraýdan peýdalanypdyr. Ol studentleriň gündogar ýurtlarynda gysga wagtlaýynam bolsa şol ýerlerde bolup, ol ýurtlaryň adamlarynyň durmuşy bilen, däp-dessurlary bilen tanyşmaklarynyň özi uniwersitetde okan dört-bäş ýylyndan kem bolmajakdygyny aýdýan eken. Şonuň üçinem ol özüne degişli fakultetiň studentleriniň höwesjeňleriniň gündogar ýurtlarynda bolmaklaryny gurapdyr. Peterburgda ol ylma bolan hyjuwyny, guramaçylygyny birjik-de peseltmändir. Iş yzyna iş ýazyp, olary neşirden çykardypdyr: “Учебные пособия для временного курса турецкого языка”, “Обьяснение русских слов, сходных со словами восточных языков”, “Баб и бабиды. Религиозно-политические смуты в Персии в 1844-1852 годах” we başgalar. 1868-nji ýylda Kazembegiň başlangyjy bilen Türküstany öwrenmegiň ýörite maksatnamasy düzülipdir. Bu maksatnama laýyklykda arap, geograflarynyň Türküstan bilen bagly galdyryp giden ýazgylaryny terjime edip okyjylara ýaýratmalydy. Şeýle hem, muny tejribeli professorlar bilen berkidip, studentleri Orta Aziýanyň gadymy ýadygärliklerine, orta asyr golýazmalaryny, lingwistika, numizmatika, etnografiýa degişli maglumatlary ýygnamak üçin iş saparlaryny gurnamak göz öňünde tutulypdyr. Şol döwürde Žukowskiniň, Samoýlowiçiň, Bartoldyň we başgalaryň Orta Aziýa, şol sanda türkmen topragyna eden iş saparlaryny ýatlap, bu işde Kazembegiň guramaçylyk ukybyna minnetdarlyk bildirýärsiň. Ýaşynyň soňunda Kazymbek Makdisiniň X asyr geografik golýazmalaryny öwrenmek üçin daşary ýurt saparlaryny hem göz öňünde tutan ekeni. Ýöne onuň kesele uçramagy bilen bu arzuw amala aşman galypdyr. Mürze Kazymbek Peterburgda 21 ýyl ýaşapdyr. Ol 1870-nji ýylyň 27-nji noýabrynda 68 ýaşynyň içinde hem ýogalypdyr. Gyzy Olga meşhur rus şahyry Ý. A. Baratinskiniň ogluna durmuşa çykypdyr. M. Kazymbek “Грамматика турецко-татарского языка” atly işi üçin Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Demidow baýragyna (1839), “Derbentnama” atly iňlis dilinde ýazan kitaby üçin Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Demidow baýragyna (1850) ikinji gezek mynasyp bolýar. “Учебные пособия для временного курса турецкого языка в Императорской Военной aкадемии” kitaby üçinem 1855-nji ýylda Russiýa Ylymlar akademiýasynyň Demidow baýragyna üçünji gezek mynasyp bolupdyr. Kazan uniwersitetinde mugallymçylyk eden döwri ol birnäçe belli gündogar öwreniji alymlary ösdürip ýetişdiripdir. I.N. Berezin (1818-1896), N.I. Ilminskiý (1822-1891) ýaly birnäçe alym ondan tälim alypdyr. Ilminskiý “Babyrnamany” işlemek bilen, ony giň okyjylar köpçüligine hödürläpdir. Kazymbekiň beýik rus ýazyjysy L.N. Tolstoýyň Kazan uniwersitetine okuwa girmegi üçin hemaýatynyň degendigi hem aýdylýar.Bereziniň proza bilenem, şygryýet bilenem gyzyklanyp, edebi eserler ýazandygyny onuň terjimehalyna belet adamlar bilýärdi. Onuň şygryýet bilen iş salşan irki döwrürlerinde ýazan goşgularynyň, hemmesini-hä däl, bir bölejigini ele salmak akademik Ý. Kraçkowskä başardypdyr. Bu tötänlikde bolupdyr.Muny Ý. Kraçkowskiý şeýle ýatlaýar: “1915-nji ýylyň maýynda men gündogar dilleri seminariýasynyň tabşyrygy bilen Berezinden galan bölek-büçek golýazmalary almak üçin baranymda, onuň aýalynyň garyndaşynyň ýygnap goýan golýazma kagyzlaryna gözüm düşdi. Men ol aýaldan bu hakda soranymda, ol munuň Bereziniň okuwçy döwrüniň depderleridigini, eger gerek bolsa bulary berjekdigini ýüzüni turşadyp aýtdy. Men, elbetde, ikirjiňlenmän, ol aýalyň rugsady bilen golýazmalary aldym.“ Görlüp oturylsa, bu golýazmalar merhum professoryň okuwçy depderleri däl-de, Bereziniň öz haty bilen ýazylan goşgulary we ýazgylary eken. “Albom diýlip atlandyrylan bu üç depderde alymyň 1840-1843-nji ýyllarda Kazanda işlän döwri ýazan 73 sany goşgusy ýerleşdirilen. Bu goşgularda şahyr geçip giden çagalygy hakda, tebigat, deňiz, şowsuz söýgi hakda pikir ýöredipdir.Goşgularynyň käbirini ol öz tanyşlaryna bagyşlapdyr. Onuň “W – s – l – w” atlygoşgusyny belli alym W. T. Wasilýewe bagyşlandygyny Kraçkowskiý belleýär. Bereziniň “Durmuş”, “Nägümanalyk”, “Oýlanma”, “Durmuş bilen hasaplaşyk”, “Eneler” ýaly goşgularynyň täsirli ýazylandygyna seljerme berlip, pikir babatda ýatda galyjydygy hem aýdylýar. Depderleriň soňkusynda Bereziniň Attaryň “Pentnama, Firdöwsiniň “Şanama” eserinden eden iki bölek terjimeleri hem bar. Şeýle hem, Petrarkadan we beýleki ýewropa şahyrlarynyň birnäçe eserinden eden terjimesi hem ýerleşdirilen. I.Ý. Kraçkowskiý makalasynda goşgularyň nähili derejede ýazylandygyna gowy seljerme beripdir. Ol görnükli türkologyň şahyrlygyny ykrar edip boljakmy, ýa bolmajakmy diýen sowala Bereziniň öz goşgusynda ýöredýän pikiri bilen jogap beripdir:”Onuň dostlarynyň biri ýaş orientalistiň bu babatdaky synanyşyklaryny gaty erbet tankytlapdyr. Oňa jogap edibem ol “W – t – r – w – u Aristraha” atly goşgusyny ýazypdyr... “Şahyr däl men, boýun alýan, ýöne goşgy ýazyp bilýän” diýip, ýazan Berezin müň kerem mamlady , diýip , I. Ý. Kraçkowskiý belläp geçipdir. Berezin Beýrutda bolan mahaly ilkinji gezek Palestina ýola düşen arhim. Porfiriý Uspenskiý bilen sataşypdyr. Bu wakalar dogrusynda P.Uspenskiniň “Книга бытия моего” (“Meniň durmuş kitabym”) atly kitabynda, „1843-nji ýylyň 6-njy dekabry“ diýen ýazgynyň aşagynda şeýle ýazylypdyr: “Parsda bolup, soň Alepponyň üsti bilen Beýruta gelen Berezin bilen duşuşdyk. Ol maňa Iýerusalime bile gitmäge söz berdi.“ Soň Uspenskiý 1853-nji ýylda Kazandan Palestina gelen başga bir türkolog N. I. Ilminskiý bilen hem duşuşygyny öz kitabynda ýatlap geçipdir. Berezin Kairde bolanda Gelsingforsskiý uniwersitetiniň dosenti G. Wallin (1811-1852) bilenem duşuşypdyr. Walliniň şo döwürlerde demirgazyk we merkezi Arabystany ýedi ýyllap söküp ýören wagtlary ekeni. Ol belli fin gündogarşynasy Kastren bilen uniwersitetde bile okapdyr, bir ýylda-da ýogalypdyrlar. Wallin 1841-1842-nji ýyllarda Daşary işler ministrliginiň institutynda we uniwerstitetiň gündogar bölüminde professor, arap şyhy M. Täntäwiniň söýgüli okuwçylarynyň biri bolupdyr. Wallin Ýegipte 1844-nji ýylyň ýanwarynyň ahyrynda gelipdir. Berezin bolsa martyň 19-y töweregi Kaire gelen ekeni. Bu hakda Wallin gündeliginde şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Ýakynda bu ýere gelen kazanly kandidat ýa-da şoňa meňzeş, özüniň 4 aýlyk möhlet bilen arap dialektlerini öwrenmäge gelendigini aýtdy. Ýöne ol şu ýeriniň gepleýiş dilinden düýbünden habarsyz”. Ol 13-nji aprelde gelsingorfssly dostuna, oriýentalist professor G. Geýtline ýazan hatynda Berezin hakyndaky pikirini gaýtalapdyr:”Şu ýakynlarda Kazan uniwersitetinden bir ýaş rus ýigidi geldi. Ol Parsda uzak wagtlap syýahatda bolupdyr. Indem ol bu ýere gelip, ýerli dialektleri öwrenjekmiş. Onuň heniz arap dilini bilişi ýabygorly, Kair dilinde-de gürläp, düşündirip bilmeýär. Ol meniň bolýan jaýymda ýaşaýar” . Başga bir, 22-nji martdaky ýazgysynda “Ýerleşenden soň kazanly meniň ýanyma gelip, bular hakynda hiç hili düşünjesi bolmasa-da, ol araplar we olaryň dili hakyndaky tükezziban gürrüňleri bilen meni gaty ýadatdy. Ol, meniň pikirimçe, jedelleşmäge, öwünmäge gaty hyjuwly ýapyşsa-da, ýürege düşgüç. Ol pars dilinde henize bu güne çenli näbelli we öwrenilmedik sekiz sany dialektiň üstüni açandygyny we ş.m. aýdýar”. 9-njy apreldäki ýazgysynda ol Berezin hakynda sypaýyçylykly gürrüňler edýär. Bereziniň az-kem syrkawlandygyny, aýyň ahyrlarynda özüniň onuň bilen küşt oýnandygyny aýdyp, şol wagtyň özünde-de ony ýürek gysdyryjy garşydaş hökmünde häsiýetlendiripdir. I.Ý.Kraçkowskiý Bereziniň Wallin bilen “jynynyň jyňkyraşmandygyny”, bu iki alymyň häsiýetleriniň bir-birine çaprazlygyndan görýär. Walliniň başga bir kazanly alym W. Dittele-de Bereziniňkä meňzeş häsiýetnama berendigini Ý. Kraçkowskiý ady agzalan işinde mysal getiripdir. Elbetde, Walliniň Berezine üstaşyr göz bilen seretmegi düşnüklidi. Sebäbi Wallin eýýäm şo wagtlar arap diline suwara bolupdyr. Berezin bolsa Ýegipte dil öwrenýän adam hökmünde gadam basypdyr. Şo döwürlerde Berezin türkolog ýa-da parsşynas hökmünde tanalýardy. Bereziniň metbugatda galdyryp giden dialektologiýa degişli işleriniň arapşynaslygyň taryhynda uly gyzyklanma döredýändigini hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys. Ý. Kraçkowskiý bu babatda şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Berezin arapşynas däldi, dialektolog-a hasap däldi. Ýöne onuň bu ugurdaky işlerine seljerme berlende, ylymda onuň köp hyzmatynyň bardygy mese-mälim. Haçanda rus alymlarynyň arapşynaslyk ylmyndaky dialektologiýa degişli işleriniň arasynda Peterburg uniwersitetinden ilkinji rus arapşynas Senkowskiden tä 60-njy ýyllarda grammatika oçerkiniň awtory, Siriýada nakyl baryny toplan Girgasa çenli ýazylan işleriň arasynda Bereziniň işleri hem bir bütewi zynjyrdyr. I.N.Berezin Kazan uniwersitetinde işlän döwri öz mugallymy Mürze Kazymbekiň tagallasy bilen gündogar ýurtlarynyň birnäçesinde bolandygyny ýazypdyk. Ol Eýranda sekiz aýlap ýaşapdyr. Bu syýahatyň netijesinde hem ol bu ýurtda gören-eşiden zatlary, pars halkynyň taryhy, etnografiýasy, däp-dessurlary, edebiýaty sungaty we gaýrylar dogrusynda üç tomdan ybarat “Путешествие по Северной Персии” atly kitabyny ýazypdyr. Kitap okyjylaryň arasynda az gyzyklanma döretmändir. Onuň biziň elimize düşen bu kitabyň 2-nji tomuny okap, kitabyň kitap bolmagynda awtoryň nähili yhlas siňdirendigine göz ýetirýärsiň. Uly zehin siňdirilen kitabyň bir halkyň taryhyny we etnografiýasyny öwrenmekde belli bahasy ýokdur. Biz işimizde 1852-nji ýylda Kazanda neşir edilen 347 sahypadan ybarat bu kitapdan awtoryň, käbir pikirlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik. Edebiýat we sungat hakynda I.Berezin Tähranda bolanda pars şahyry Mürze Habyp bilenem tanşypdyr. Fataly şanyň döwründe bu şahyryň köşkde öz orny bolupdyr. Çünki şa edebiýata üns beripdir. Özem goşgy ýazýan ekeni. Ol öz yzynda birnäçe goşgy diwanyny hem galdyrypdyr. Goşgularyň aglabasy söýgi hakynda, has takygy, “erotiki goşgulardygyny” Berezin belleýär. Alym onuň şeýle häsiýetdäki goşgusyny kitabynda mysal getiripdir. Gyzyklanýanlar üçin ol goşgulary Bereziniň öz terjimesinde berýäris: Если бъ ты, о мой другъ, показаласъ Вамику, Онъ покинулъ бы Азру свою! А когда бы Юсуфъ погляделъ на твою красоту, Не желалъ бы онъ видеть Зюлейхи! О приди же ко мне: я такъ буду счастливъ! Обещаний не надо, не надо, мне “завтра”! Приласкаешь-ли Хана – и ласки довольно одной, Чтобъ его довести до восторга! Подорилъ свое сердце Той, которая мучитъ меня! День и ночь все терзаетъ, Изъ любви, говоритъ, все терзаетъ меня! Твои очи – не очи, Но источникъ страданий и муки! Твоя талья – не талья, А лишь горе одно! На тебя, моя радость, не пожалуюсь я, И ты делай что хочешь со мной! Хоть пролей мою кровь ты своей рукой: Пусть умру оть руки оть твоей! О возлюбленная! Видишь, Ханъ состарелся У порога палаты твоей: Чтоже ты, насмехаясь, Упрекаешь его въ постоянствъ? Berezin sözüni dowam edip, şeýle ýazýar: “Okyjylaryň nähili pikirdedigini bilemok weli, bu odalar hakynda Mürze Habyp hemişe öwgüli sözleri aýtmandyr. Bir gezek goşgy ýazandan soň, Fataly şa Mürze Habybyň pikirini biljek bolup, ony öz ýanyna çagyrypdyr. Goşgusy hakda öwgüli sözleri eşitmänsoň, şanyň gahary gelip, onuň akylyna aýlanmagy üçin gamçy bilen dabanyna urmagy buýrupdyr. Fataly şanyň pars edebiýatyna howandarlyk etmegi boş geçmändir. Häzirki döwürde Kazan uniwersitetiniň kitaphanasynda üç sany golýazma saklanylýar. Olar Fataly şanyň hökümdarlyk eden döwründäki dürli wakalary wasp edýän – Haweriniň “Diwan-u Haweri”, ”Diwan-u Suhab” , şeýle hem şahyrlar şahyry Fataly hanyň “Diwan-u Feth-Ali-Han” atly goşgular ýygyndysydyr. Bu diwanlaryň giňişleýin maglumatlaryny men kitabymyň ahyrynda habar bererin. Fataly han köşk şahyry, ol ýörite “Melikuş – şuara” adyny göterýär, ýagny şahyrlar begi diýen ýaly at. Ol Fataly şanyň edermenligini wasp edip, özüniň “Şahynşanama” poemasyny döreden şahyr. Meniň tanşym Mürze Habyp Muhammet şanyň döwründe köşkden gyrahladylan şahyr, onuň soňky ömri ýalňyzlykda gecipdir. Pukara durmuşda ýaşaýar. Fransuz dilini öwrenipdir. Meniň tanşan döwrümde logariýe bilen gyzyklanýan eken. Missiýamyza gelip, biziň bilen küşt oýnamagy gowy görýärdi. Muhammet şanyň edebiýata howandarlyk etmändigini ýene bir zatdan bilmek bolýar. Tähranda çap edilip ugran birje gazetiň hem ýatyrylmagy muny subut edýär. Ony neşir eden ökde dilçi Mürze Salyh Tähranda işsiz. Ol baratlardan pul ýygnamak bilen meşgul. Onuň gurnan litografiýasy we tipografiýasy hem boş ýatyr... Köşk şahyryndan başga-da men pars žiwopisiniň iň gowy wekili bilenem tanyşdym. Ol Muhammediň neberesinden, özi seýit. Onuň edarasy Tähranyň kerwensaraýlarynyň birinde ýerleşýär. Hudožnigiň özi, köplenç, Yspyhanda ýaşaýar. Pars žiwopisçileriniň bu sungat barada aýratyn düşünjeleriniň bardygyna garamazdan, seýit R.H.Freniň Hajy bilen Abdylhasan hanyň çeken portretlerini görüp haýran galdy”. • Muhammet şa hakynda 1842-nji ýylyň 31-nji dekabrynda Eýranda gurban baýramy başlanypdyr. Şol gün diplomatik däbe eýerip, rus wekilhanasynyň işgärleri hem pars din hadymlary bu baýram bilen gutlamak üçin şanyň huzuryna barypdyrlar. Kitabynda Berezin gutlamaga baranlaryň arasynda “Siziň sadyk guluňyz hem bardy” diýip ýazýar. Şa bulary öz namazhanasynda kabul edipdir. Berezin namazhana nädip baryşlaryny jikme-jik suratlandyrypdyr, patyşanyň gaty gymmat halyda arkasyny iki sany uly ýassyga diräp oturyşy, egnindäki egin-eşikler, başyna geýen çüri gajar telpegi hakda-da ýazýar. Şanyň sag gapdalynda iki sany iňlis pistoletiniň, ýaňyja ýyglyp getirilen müşki-anbar ysly bägül çemeniniň, çep tarapynda bolsa onuň ýiti egri gylyjynyň ýatandygyny hem awtor belläp geçýär.Muhammet şany rus missiýasynyň wekili Medem gutlapdyr. Şonda şa wekile gurban baýramynyň dini baýramdygyny, Nowruz baýramynyň hem raýat baýramydygyny, şeýle hem, Nowruzyň diňe Eýranda baýram hökmünde bellenýändigini hem düşündiripdir. Soň gürrüň Russiýadan sowgat getirilen dagerrotin (surata düşürýän gural – A.Ç.) hakda, muny rus imperatory şa üçin sowgat diýip iberipdir, soňra gürrüň elektrik maşyny hakda bolupdyr. Gürrüňiniň ahyrynda şa bilen rus wekili eýran-türk gatnaşyklary dogrusynda gürrüň edipdirler. Gürrüňdeşlikde şa Berezine gözi kaklyşyp, “In çi soab-est?” diýip, ýagny “Bu jenap kim?” diýip sorapdyr. Graf Medem meniň Eýrana pars dilini öwrenmek üçin iberilenligimi aýtdy. “Heýli-hub-est”- “Gaty gowy!” ”Maheýli razy gestim:”-Tutuş döwlete aýlanyp görüň, näçe gerek bolsa öwreniň! Ýogsa-da näme üçin size pars dilini öwrenmek gerek boldy? - Siziň Aly Hezretleriňiz, muny men pars şahyrlarynyň eserlerini okamak üçin öwrenjek bolýan. - “Az kudam ilm behanid?”- Haýsy ylymlardan öwrenjek? - Siziň Aly Hezretleriňiz, elbetde, taryhy ugurdan gyzyklanýan” diýip, Berezin jogap beripdir. Bereziniň Kazandan gelendigini bilip, şa: “Köne döwürlerde bu şäher musulmanlaryňky eken, oňa çenli mongollar patyşalyk edipdirler” diýipdir. Ol şonda mongollary “buzurg çapauly” ýagny, talaňçylar diýip atlandyrypdyr. Berezin kitabynda özüniň Eýranda bolan wagty Muhammet şanyň otuz sekiz ýaşyndadygyny, häzirki wagtda onuň merhum bolandygyny hem ýazýar. Şo wagtlar şanyň hemişe ýarawsyz bolandygyny, ýagny hemişe aýagy agyrylydygyny, şonuň üçinem gezim edip bilmän, köplenç baý, ýöne köne usulda ýasalan paýtunly şäheriň daşynda gezelenç edendigini ýazýar. Şähere ol atly aýlanýan eken. Atyna münjek bolanda, onuň aýagynyň aşagyna oturgyç goýýan ekenler. Muhammet şanyň pars dilinde gulaga ýakymly gürleýändigini, ýöne gürläninde burnuna salybrak gürleýändigini hem awtor ünsünden sypdyrmandyr.“Daş keşbinden ýakymly täsir galdyryjy şany synlap, onuň gyňyr häsiýetleri hakyndaky gürrüňlere birbada ynanasyň hem gelenok. Baş weziri Hajy Mürze Agasiniň, köplenç halatlarda, şanyň gazabyny ýatyrýan pursatlary az däl. Belki-de, Muhammet şanyň şeýle gaharjaň bolmagyna onuň ýaramaz saglygy sebäp bolýandyr, onuň döwlet işini düýbünden halamaýandygyny hem aýdýanlar bar. Şonuň üçinem ol döwlet işlerine birjik-de gyzyklanmaýandygyny, ähli işleri dolandyrmagy baş wezirine tabşyrandygy hakda-da gürrüň edýänler bar. Bu aýdylýanlar hakykatdanam şeýlemi ýa-da däl, muňa güwä geçmek kyn, ýöne weli, Eýranyň patyşasynyň beden agyrylary sebäpli agyr güzaplary başdan geçirýändigi weli rast. Sähelçejik ýoňlama hem onuň üçin ölüm howply. Men bärik gelmezimden sähel öň, köşk lukmany Mürze Baba ýogalypdyr. Mürze Baba garyp-gasarlar babatynda gaty ýüregi ýuka eken, bähbit aramaýan adam ekendigini aýdýarlar. Şa özüniň saglygyna seretmegi musulman jöhidi, hiç zatdan başy çykmaýan kezzap Haknazara ynanypdyr. Şeýle bolansoň, ejesi näçe çytraşsa-da, doktor Bellem bilen maslahatlaşmandyr. “Balam, niräň agyrýar?” diýip ejesi soranda, Eýran hökümdary “Agyrýan ýerimi aýdyp bilýän dilimden başga, hemme ýerim agyrýar” diýip jogap beripdir • Dagerrotin hakynda “...Tährana gelmezimden öňinçä, hökümdar imperator Muhammet şa üçin dagerrotin sowgat iberipdir. Muny biziň ilçihanamyzyň çinownigi Pawlow Tährana aşyrypdyr. Onuň Aly Hezretleriniň rugsat bermegi bilen Pawlow köşk howlusyndan birnäçe görnüşi surata düşüripdir. Köşk penjiresinden muňa tomaşa edip oturan Muhammet şany by waka gaty gyzyklandyrypdyr. Ol köşgünden daş çykyp, düşürilen suratlara täsin galmak bilen göz gezdiripdir. Dagerrotiniň gudratyna haýran galan köşkdäkileriň apparatyň surata düşürýän kamerasynyň aýnasynyň öňüne dykylyp gelip ony bekläpdirler. Bu tejribeden soň, onuň Aly Hezretleri dagerrotinden surata düşürip bilýän bolsa, hemme zada ussatdyr öýdüp, döwük ýatan elektrik maşyny bejermegi jenap Pawlowa tabşyrypdyr” • Türkmenler babatynda “Hywa bilen gatnaşyklarda Myhammet şanyň döwründe birnäçe näsazlyklar bar: köp sanly parslaryň türkmenler tarapyndan ele salnyp, olaryň Hywada satylandygy hakda pars hökümetiniň habary bardy. Türkmenleriň garşysyna pars hanlarynyň biriniň baştutanlygynda Gürgeniň derýa ýakasyna goşun leşgeri iberilipdir.Türkmenler parslaryň goşunyndan üstün çykýar. Goşuna goýberilen uly çykdajylar netijesiz bolýar. Muňa garamazdan, Hywa hany ele salnan parslary yzyna dolamaga razy bolýar. Ýöne pars tarapy munuň müň sany adam bolmalydygyny talap edýär. Han bolsa özünde onça adamyň ýokdugyny, onuň sekiz ýüz sanydygyny aýtsa-da, hana ynanmandyrlar. Şeýlelikde, gepleşik başa barmandyr, Hywa hany ýesir düşen adamlary yzyna bermegi goýbolsyn edipdir. Pars tarapyndan ynanylan wekil gepleşigiň başa barmandygyny, göýä türkmen-hywa serhedindäki gepleşiklere gatnaşan iňlis çinownigi Tomsonyň päsgel berendigi hakyndaky habary öz hökümetine ýetiripdir...” • Türkmenler Tähranda “Tähran şäheriniň baş bazarynyň töwereginde her günki görýän uly mähelläňize garamazdan, pars paýtagtynyň ilatynyň sany elli müň adamdan geçmeýär: tomusda şäherden gidip, soň yzyna gelýän adamlaryň hasabyna bu san gyşda iki esse artýar. Tähranda ýaşaýan ilat dürli-dürli, aýratyn-da, bu şähere gelýänler babatynda şeýledir, Siz bu ýerde owganlara-da, gebrlilere-de, mazanderanlylara-da, kürtlere-de, gileklilere-de (Gilýanyň ýaşaýjylary), türkmenlere-de, hatda araplara-da duşarsyňyz. Garaz, siz Tähranda pars diline dahylly ähli gepleşikleri – oba gepleşigini, kürt, gilýan, talyş, mazanderan we gebr dillerinde gepleşişlerini eşidersiňiz” Hodzko hakynda “Azerbaýjan türk dili gepleşigi agdyklyk edýär, welaýatyň ady türkçe: bu gepleşik bizde Zakawkazýede hem ulanylýar, şeýle hem, hökümdarlyk edýän dinastiýanyň köşgünde hem öz tebigylygyny saklaýar. Bu gepleşik diliniň kiçijik edebiýaty bar. Esasan hem, onuň aglabasy hemişe atyň üstünde gezen azerbaýjan aşygy Kur-oglynyň (Köroglynyň- A.Ç.) aýdymlaryndan düzülen. Muny Gilýanda öňki rus konsuly jenap Hodzko iňlis diline terjime edipdir. Pars dili azerbaýjan obalaryndaky medreselerde- mekdeplerde ders okadylýan kitap dilidir, aşaky gatlakdaky adamlar diňe azerbaýjan dilinde gepleşýärler” diýip, Berezin ýazýar. Babahanyňkyda myhmançylykda “...Geçen gezekki Abdylhasan hanyň öýündäki myhmançylykdan soň, biziň missiýi iujamyz täze çakylyk aldy: Babahan serdar ruslary ýokary derejedekabul etjekdigini aýdypdyr. Serdaryň özi rus raýatlygynda durup, Pars hökümetiniň gullukçysydy. Onuň Eýranda ýeri bar. Serdar hökmünde ol goşundan ýigrimi müň tümen girdeji alýar: onuň kakasy hem pars goşunynda gulluk eden eken.Babahan hanyň öýi bütin Tähranda kaşaň jaýlaryň biri hasaplanylýar. Parslar bu gezekki agşamyň çykdajysy müň tümendir diýdiler: bu gaty ähtimal, çünki ol Abylhasanyňkydan hem iki esse gowy boldy. Bu agşama ýewropolylardan diňe ruslar çagyrylypdyr. Parslardan bolsa harby ministr Mürze Aga han, Mürze Begmeniň ynanylan wekili Mürze Salyh we başgalar çagyrylypdyr. Şeýle hem, agşamyň şüweleňli bolmagy üçin dört tansçy, iki kemençi, dört tüýdükçi, dört depçi, iki aýdymçy agşamda tans edip, aýdym-saz edip hezil berdiler. Iki aýdymçynyň Resul atlysy öz owazy boýunça Tahranda iň ussatlaryň biri. Men ilkinji gezek pars komiklerini –“bazygärleri”, ine, şu ýerde görşüm. Komediýa Eýranda gadymy döwürlerden gözbaş alyp gaýdýar. Munda biçilen bir kişiniň aýal geýmini geýip, Aleksandr Makedonskiniň göwnüni awlaýşy görkezilipdir. Agşamda komiklerden başga-da pehlewanlar (pälwanlar) hem sahna çykdylar. Bularyň oýnuna bizden başga-da, daşarda oturan köp adam tomaşa etdi. Eýranda hokkabazlar - gözbagçylar, gurjak komikleri hem ýörgünli... • Meňzetmeler hakynda Berezin Eýranda bolan wagtynda pars şahyrlarynyň eserleri bilen hem gyzyklanypdyr. Olaryň şygyrlaryndaky häsiýetli aýratynlyklary açmaga synanyşyk edipdir. Pars şahyrlary zenan maşgalany wasp edip, olaryň aňk ediji gözelligini nämeler bilen deňemändirler! Pars edebiýatynda bägül bilen bilbiliň lenç edilen obrazdygy hakynda ýazanda Berezin, bularyň rus edebiýatynda Aý bilen gyz obrazynyň giňden ulanylyşy ýaly bir zada çalymdaşdygyny belläp geçipdir. Ol pars şahyrlarynyň şeýle giňden ulanýan metaforalarynyň rus okyjylary üçin gaty geňdigini, munuň hatda mümkinem däldigini, bu babatda parslaryň özleriniň hem alasarmyk ýagdaýa düşýändiklerini ýazýar. Awtor öz işinde “çylşyrymly gündogar aňlatmalarynyň” birnäçesini ýatlap, bulara oriýentalistleriň işlerinde düşündirişiň ýokdugyny hem ýazýar hem-de mysallara ýüzlenýär.“Pars şahyrlary gözeliň görküni şemşat agajyna meňzedýärler. Saady “Pentnama” atly diwanynda “Aý ýüzli kamatyň, şemşatdan durkuň” diýýär. Teýmirleňiň taryhyny ýazyp giden Şerefetdin basybalyjy Togtamyşyň haremhanasyndaky ele salnan gözelleriň waspyny şeýle ýazýar: Uzyn boýly, daragt deý janalgyç! Jamy bolsa Ýusuby wasp edip ine, şeýle setirler galdyrypdyr: Syrdam boýly, daragta meňzeýär! Gepiň gerdişine görä aýtsak, “Borhan-i-kati” atly pars sözlüginde ýaňky mysal getirilen daragt (buk –A.Ç.) hakynda şeýle düşündiriş berlipdir: “Buk agajy köp şahaly we gür ýaprakly dim-dik ösýän daragtdyr; onuň gabygy sary, gaty berk we ýylmanakdyr; ondan ownuk-uşak zatlar ýasalýar; onuň gülüni we tohumyny göz öňüne getirip bilemok, ýöne ýylyň ähli paslynda-da onuň başy hemişe ýaşyl öwüsýär. Bu daragt Mazendaran tarapda, deňziň kenarlarynda gür tokaý bolup ösüp otyr, agaçlary gaty köp çapyp, ony Orsýede äkidýärler. Bu daragt ýogynam däl, gaty uzynam däl, orta boýly” (ýeri gelende aýtsak, “Uly rus - türkmen sözlüginde” bu daragtyň gabygynyň çalymtyl reňkdedigi ýazylypdyr-- A.Ç.). Bu düşündirişlerden soň, owadan görk-görmegi bu daragta meňzetmek, meniň üçin gaty geň, aýratynam, bu palma we serwi agajyndan soň deňeşdirmek, gaty geň görünýär; ýöne parslaryň aýtmagyna görä, buk agajy adam boýundan iki esse uzyn. Meňzetme hökmünde onuň syrdam boýlulygy göz öňünde tutulýar. Sosna agajy pars şahyrlarynyň eserlerinde soňky orny eýeleýär. Ine, pars lirikasynyň ussady Hafyz öz eserlerinde şeýle ýazýar. Bereziniň mysal getiren setirlerini onuň öz terjimesinde rusça almagy makul bildik – A.Ç.): Сосновое сердце мое, как осина трепещеть, Страдая по талье и сосноподобному росту подруги! Bu meňzetmeden görnüşi ýaly, şahyr adam ýüreginiň meňzetmesi hökmünde ulanýar. Parslarda osina daragty “bid-i-mejnan”, ýagny “däli mejnun” diýlip atlandyrylýar, başga-da ol “ped” hemem “bid-i-muwella” görnüşinde hem ulanylýar, onuň soňkusynyň pudaklarynyň ählisi eglende birden egilýär (“Uly rusça-türkmençe sözlükde osina şeýle düşündiriş berilýär: onuň söwütler maşgalasyndan bolan agaçdygy, şeýle hem ,“С осиной у вырос, а ума не вынес” boýy uzyn, akyly kelte ýaly rus nakyly hem mysal getirilýär – A.Ç.)”. Şeýle hem, Berezin pars şahyrlarynyň öz şygyrlarynda liliýa meňzetmesini hem köp ulanýandyklaryny belläpdir. Aslynda Suz şäheriniň ady hem liliýa sözünden gelip çykypdyr. Liliýanyň iki sany ýiti ýapragynyň barlygy üçin pars şahyrlary ony dile meňzedipdirler. Berezin Jamynyň “Ýusup we Züleýha” poemasyndan şeýle mysal alypdyr (muny hem Bereziniň terjimesinde berýäris): Из нарциса льются слези будто аргавань, А гармонья как у лилии в сладком языке. Bu ýerde göz narsise (nerkese) meňzedilse, gyzyl güller bolsa gözden akan ganly ýaşlara meňzedilipdir. Berezin Nyzamynyň “Köşk gözeli” atly poemasyndan hem mysal getirýär: Sinaw agajynyň hem dodaga, gözýaşa... meňzedilýändilýän ýerleriniň köpdügini, munuň Jamynyň “Ýusup we Züleýhasynyň” mysalynda-da ýeterlikdigi bellenilýär. Meňzetme meselesinde, kädiniň hem öz ornunyň bardygy aýdylypdyr. Meňzetmeleriň, metaforalaryň çeperçilik serişdelerdigini nazara alsak, onda edebiýatda, onda-da gündogar edebiýatynda bularyň şahyr tarapyndan nähili derejede ulanylandygyna bagly bolandygyny düşündirmegiň hajaty ýok. Elbetde, eýran topragyna ilkinji gezek aýak basan Bereziniň pars şahyrlarynyň ulanan meňzetmeleri dogrusyndaky geňlemelerine hem dogry düşünse bolar. Pars edebiýatyndaky bu meňzetmeler bir ýylyň, ýa-da ýüz ýylyň... miwesibolman, eýsem-de bolsa, onuň köküniň adamzadyň döreýşi bilen baglydygy, bu meňzetmeleriň şahyryň eserine täsin bir öwüşginlik çaýýandygy, halk tarapyndan ykrar edilip ýatdan aýdylandygy hem aýdanlarymyzyň subutnamasydyr. Professor Ilýa Nikolaýewiç Bereziniň türkmen edebiýatyny öwrenmegiň ilkiji basgançaklarynda bitiren hyzmatlary az däldir. Bu babatda onuň toplapçapa taýýarlan„Türk hrestomatiýasy“ («Tурецкая хрестоматия») atly kitabyny hem agzamak ýeterlikdir. Kitap dürli ýyllarda neşir edilipdir. Onuň birinji kitaby 1857-nji ýylda, ikinji kitaby 1862-nji ýylda Kazan uniwersitetiniň çaphanasynda çykypdyr. Birinji kitapda uýgur hanlarynyň Hytaý imperatoryna ýazan hatlary, Togtamyşa, Timur Gutluga degişli maglumatlar, Kazan uniwersitetiniň professory Wasilýew tarapyndan Pekinden getirilen Hytaý Türküstanyna dahylly goşgulardyr kyssalar,Jemşide degişli rowaýatlar, Daşary işler ministriginiň arhiwinde saklanylýan imperator Babyryň ýazgylary,Tabarynyň taryhyndan bölekleriň terjimesi, Miraly Şiriň eserlerinden bölekler ýerleşdirilipdir. Ikinji kitapda Kokant wekilleriniň ýazan hatlary, Abulgazynyň taryhyndan bölekler, Abulhaýyr hanyň Eýran şasyna haty, Soltan Ahmet II-niň hatynyň göçürmesi, halk ertekisi,Togtamyş hana degişli maglumatlar, astrahanly tatarlaryň, garagalpaklaryň, garaçaýlaryň, gundogarly tatarlaryň halk döredililiginden nusgalar, bulgarlaryň taryhy bilen bagly maglumatlar ýerleşdirilipdir. „Hrestomatiýada“ türkmen edebiýtyna hem aýratyn orun berlipdir. Kitabyň «Туркменское наречие» bölüminde „Naryn we Çüre batyr hakynda hekaýaty” ýerleşdirilen. Hekaýat 41-nji sahypadan başlanýar we 59-njy sahypada hem tamamlanýar. Hekaýatyň gysgaça mazmuny şeýle: --Wakalar Dagystanda başlanyp, Tatarystanda hem dowam edýär. Bularyň ikisi ataly-ogul. Kazan şäherini basyp aljak bolanlarynda olar oruslaryň garşysyna söweşýärler.Dagystanly Kazy beý, onuň dogany Ganmürze bilen şu ataly-ogluň maşgala aragatnaşyklary hakynda hekaýat başlanýar. Hekaýatda Naryn Kazy begiň gyzyna öýlenýär. Ondan Çüre batyr dünýä inýär. Narynyňaýalyna Ganmürze ýakynlaşjak bolýar. Naryn muny bilip, Ganmürzäni öldürýär. Çüre batyr ulalýar. Töweregine ýigitleri ýygnaýar. Soňra bular Kazany basyp almakçy bolan orus goşunyna garşy batyrgaýlyk bilen söweşýärler. Kazanly bir baý oruslary goldaýar. Şonuň üçinem, “Çüre batyry nädip öldürse bolar” diýip gurrandazlardyr münejjimlerden soraýar. Olar Çüre batyry orus gyzyna öýermeli, ondanam bir ogul bolmaly, şol ogul Orsýetde ulalmaly, ondan soň şol oglan goşun Kazany eýelemek üçin gelende, Çüre batyr ol goşuna garşy çykanda, şol orus aýalyndan bolan Çüre batyryň soňuna ýeter diýip aýdýarlar. Çüre batyr hakykatdan hem orus aýalyndan bolan oglan bilen söweşýär. Emma ol oglanyň elinden däl-de, aty büdräp suwa ýykylyp, gark bolup ölýär. Oruslar Kazany eýeleýär. Hekaýat şunuň bilen tamam bolýar. Hekaýatdan görnüşi ýaly, wakalar türkmen durmuşyna onçakly mahsus däl. Adam atlary hem şeýle. Berezin bu hekaýaty türkmenleriň adyna berip, onuň niredewe kimler tarapyndan ýazylyp alnandygy hakdaky maglumaty görkezmänsoň, onuň türkmene degişlidigi ynandyryjy däl.Kitapdaky «Туркменскиe песни» („Türkmen aýdymlary“) bölüminde 17 sany goşgy ýerleşdirilipdir. Goşgular aşakdaky tertipde (88-101-nji sahypalarda ), birinji goşgy Şeýdaýynyň bäş bentden ybarat „Asly beg geçmeýin çyksa şikära“ setiri bilen başlanýar. Elbetde, bu goşgularyň häzirki neşirlerdäkisinden tapawutly ýerleri köp. Söz babatynda-da, setirler babatynda-da, ýa bolmasa, goşgy bentleriniň sany babatynda-da muny aýtsa bolar. Şeýle ýagdaý öz-özünden düşnükli. Bu eserleri göçüren ýa aýdan adam bulary haýsy çeşmeden alypdyr?! Şahyryň öz diwanyndan okap bilipmi ý-da göçüripmi, belli däl. Bereziniň neşirinde (1862) Magtymgulynyň „Hiç bilmez“ goşgusy 6 bentden ybarat. Magtymgulynyň 1958-nji ýyldaky Aşgabat neşirinde 8 bentden ybarat, şeýle hem, çeperçilik babatda-da tapawutly.Bereziniň „Hrestomayiýasy“ hakynda gürrüň gidende, onda şahyryň bir goşgusynyň ýerleşdirilendigi aýdylýardy, emma hakykatyna seredeniňde, munuň bir goşgy däl-de, iki goşgudygyna, ýagny „Düşen günlerim“ atly goşgusynyň ýerleşdirilendigine hem göz ýetirdik.Ýöne Bereziniň “Hrestomatiýasynda” 9-njy bendiň soňky iki setiri ýok. Goşgyny kimiň ýazanlygy hem belli bolman galýar. Aşgabat neşirinde goşgy Magtymgulynyň adyna berlipdir. Goşgy doly çap edilipdir. Ýöne iki wariantly bir goşgynyň artykmaç we ýetmeçiliklerini seljermäge zat az däl. Biz "Hiç bilmez“ goşgusy hakda-da şeýle pikirde. “Türkmen edebiýatynyň taryhynda” (“Ylym” neşirýaty, 1972., 11 t., sah-180.) Bereziniň “Hrestomatiýasynda” Magrupiniň “Bellidir” atly goşgusynyň erleşdirilendigi hakda ýazylypdyr. Ýönebu kitapda Magrupiniň ady agzalan goşgusyndan başga-da, onuň “Döwletýar” dessanyndan birnäçe goşgynyň ýerleşdirilendigini hem biz derňewimiziň dowamynda ýüze çykardyk. Diýmek, “Hrestomatiýada” Magrupiniň döredijiligine dahylly bir goşgy däl-de, dört goşgy neşir edilipdir. Aşakda Bereziniň kitabyndaky türkmen şahyrlarynyň we halk döredijiligimiziň nusgalaryndan çap edilen on ýedi sany goşgyny bolşy-bolşy ýaly göçürip, işimizde ulanmagy makul bildik. Munuň ilkinji gezek ylmy dolanyşyga girizilýändigini hem aýtmalydyrys. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |