IÑ SOÑKY ORS
Eger ors dili mugallym obamyza gelmedik bolsa, men entegem Gartaň aga käýiner ýörerdim. Indi bolsa ony, arkama hopba edip, obamyzyň içinde aýlasym gelýär. Ýüregime beýle rehimiň inmegine betbagtdyllygym sebäp boldy. Gartaň aga, kellesi mis künnük ýaly, zyllajym kel oglunyň saçyny syran päkisi bilen, meňem saçymy syrdy. Soň men, ap-aňsatja kel bolup, şäherdäki kelleň ýatýan keselhanasynda, tas ýarym ýyllap ýatmaly boldum. Indem, alty aýlap kellämi awundyrandyklaryny hasaba almasaň, men synpymyzda ors dilini bilýän ýeke-täk okuwçy. Sebäp, ýarym ýyllap kelläme saç çykmadygam bolsa, dilime ýene bir dil —ors dili çykdy.
Öýmüz bilen mekdebimiziň arasy eslije ýer bolansoň, okuwdan gijä galmazym ýaly, her gün turmaly wagtymdan bir sagat ir turýarn. Ýöne onda-da gijä galyp barýan. Onuň üçin mugallym käýýemegiň deregine, meniň hemişe ukudan doýmaýan gamgyn gözlerime dözümsiz nazaryny aýlap, ýerime geçip oturmazymdan öňürti, peçe çoýunmagyny nebsiagyrjylyk bilen aýdýar.
Bu günem ýene, synpymyzyň içini gyşyň allajy sowugyndan dolduryp, tanyş gapymy açdym. Ýöne meni dözümsiz Taýmaz mugallyma derek, owadan gözli gyz — ors gyzy garşy aldy, gyzgyn peje derek, daşaryň howasyndanam beter, söwdi sözler ýüzümi dalady.
— Girmek bamy?..
— Ol ýap-ýaňy sizi gözlemäge gitdi.
Men bahym ukudan açylyp, synpyň içine gözümi aýladym. Kimdir biriniň nakys gülküsi eşidildi.
— Familýaň?
— Berdimyradow...
— Adyň?
— Iller-ä Öwekge diýýä...
Ors dili mugallym ruçkasyny stoluň üstüne oklap, žurnaldan başyny galdyrdy. Soňam gaharynyň gelenini sähelçe-de gizlejek bolman, ýüzüme seretdi. Men aljyrap günämi ýuwmaga çalyşdym.
— Öwekge-dä, Öwekge kel...
Bi söz onuň hasam pytalasyny tutdyran borly, olgalapa mugallymyň endik edişi ýaly — ol okap, ilki şony öwrenen ýaly — ruçkasyny stola gaty tyrkyldatdy.
Hemişe oňuşman ýören gyzym — Nurça, bu gezek meni halas etdi. Ýöne olam saçynyň çykanyna gynanýan ýaly gürleýär.
— Mollum, bulam öň Gartaň aga ogly ýaly zyllajym kelli, ýöne şäherdäki kelleň keselhanasynda ýatansoň arman saç çykaýdy. Oňa derek ol, kellä çalynýan dermanlaryň ählijesini ýatdap bilýär. Porsy maz, ýod, hasa ýene-de myrtar ysly derman bar, Öwekge şoň ady näm-ä...
* * *
Ors dili mugallymyň gelmegi bilen synpymyz düýpgöter üýtgedi. Öňki mugallymymyzyň: «Şu sagat ýuwaşja otursaňyz, indiki sagat top oýnamaga daşaryk çykaraýmagymam ahmal...» diýip, haýyş edýän sözlerine derek, indi: «Näme üçin öý işleriňizi işlemediňiz, Gartaňowa, Elliýew, Goýunsürenowa okuwdan soň galyp, sapagyňyzy özleşdiriň» diýlen, talap ediji sözleri eşidýäris.
Menem okuwdane soň galmaly bolýanlaryň biri. Ýöne «sapagyňy bileňok» diýlen söze namys etsemem, ors dili mugallymyň alyp galýanyna sähelçe-de gynanman, gaýtam tersine begenýärin. Sebäp, şol döwürler men kyn durmuşa baş goşupdym. Kitaby söýüpdim. Şonuň üçin bar zada edebiýatyň gözi bilen seredýärdim. Haçanda durmuşyň edebiýat däldigine aklym ýetende, dünýä ynanyp, oglantak ynanjymy ýitirenime, mönje çaganyň ýüregi bilen hamsygypdym.
Ýöne onda-da, näme üçindir, ýüregim hemişe edebiýaty küýsäp gezýär. Hamana haçandyr bir wagt, durmuş edebiýaty öwrüläýjek ýaly bolýar. Ors dili mugallym tapylgysyz owadan maşgala. Onda düşündirip bolmajak rus owadanlygy saklanyp galypdyr. Çep gözüniň gyrasy çalaja tänigiräk, ýöne şeýle bolmasa, ol beýle owadan bolup bilmejek ýaly. Gün düşen wagty onuň saçlary altynsow reňke gelýär. Ýöne men ony az wagt, ikinji sagatdan soň, haçanda synpymyzyň äpişgesinden onuň oturýan ýerine Günüň şöhlesiniň düşen pursaty görýärin. Şonuň üçin ikinji sagat meniň iň bir ýek görýän sapagym —rus diliniň gramatikasy bolsa-da, ol meniň gözüme eziz görünýär.
Men onuň altynsow saçlaryna seredenimde, ors ýazyjylarynyň romanlarynda waspy ýetirilýän owadan gyzlaryň janalyjy şol saçlaryň arasynda görýän ýaly bolýaryn.
Ol her gezek sapak düşündirip bolandan soň:
— Düşündiňizmi okuwçylar — diýip, owadan gözlerini bir nokada gönükdirýär. Şonda onuň syrly pikirleriniň kölegesi jowur ak ýüzünde görünýän ýaly bolýar. Käte-de ol, ýüzüme seredip husytja ýylgyrýar. Şol ýylgyrma maňa durmuşdan gaty köp zady berýän ýaly duýdurýar. Zanna owadan maşgala hemişe owadan bolýar. Olar näme etseler, hat-da, çigit çigitleselerem, edýän hereketleri özüne gelişýär. Gaharlary gelen wagt-a, olar hasam gözel sypata girýär. Ors dili mugallymam, şeýle, matasy ýumşak maşgala bolany üçin, men ujypsyzja zada ony käýindirip, onuň has owadanlaşýan jemalyna seredýärin.
Ynha bu günem ol, meniň näme üçin kitabymy okaman gelenligimi sorady. Keýpimiň gurat wagty menden gep gaçyp gutulýarmy näme, eýle-beýle sowaly duran ýerinde nagt edýärin.
— Üpük goja durmuşda sadarak ýaşasaň kem däldir diýýär. Köneki adamlaryň sada, türkanalygam, kitapdan daşda gezenliginden diýýä... Gahary gelen ors dili mugallym, agzyma öýkünip gürledi.
— Seniň o akylly gojaň, başga hiç zat diýenokmy?
— Howwa, ýene bir zadam maslahat berýär. Beýdip, üýşüşip, ors dilini öwrenjek bolup kösenşip ýörenden, gowusy mugallymyňyza türkmen dilini öwredäýiň diýýär...
* * *
Ökde seýsiň atyna iým bermezinden öňürti, mährini berşi ýaly, ors dili mugallym synpymyza mährini berdi. Iňdi iň bir gowşak okaýan okuwçy, türkmen dilinden üçlik alsa-da, ors dilinden bäşlik alar. Şonuň üçin indi daşarda top oýnanymyzy gowy görjekmisiňiz ýa ors dili sapagyny geçeniňizi diýip sorasalar, ors dilini diýiljegi şübhesiz. Mugallymymyzam muňa ýüregi bilen begenýär. Onuň begenýänini görüp menem begenýärin. Şonuň üçin onuň hemişe begenip ýöreri ýaly, özüme-de düşnüksiz bolan duýgularymy aýdasym gelýär. Ýöne men olary diňe geçýän sapaklarymyzyň üsti bilen ýaňzydýaryn.
— Kim sypatdan mysal getirip biljek?
Men kimdir biri öňürdäýjek ýaly, tarsa ýerimden turdym.
— Twen glaza kak neobýatnaýa wselennaýa...
Ors dili mugallym köp manyly ýüzüme seretdi. Göwnüme bolmasa ol çalaja gyzaraýanam ýaly.
— Indi, işlikdenem bir mysal getir...
— Wlýublýatsýa...
— Hany onda gymyldy, hereket...
— Ilki göz, soň ýürek, soňam...
Bu gezek ol nebsiagyryjy nazar bilen seretdi.
* * *
Biz eýýäm dokuzynjy synpy tamamlap barýas. Synpdaşlarymyň göwni ýokary okuw jaýynda. Kim nirede okajagyny şu wagtdan arzuw edýär. Men okuwa girip bilmejegimi bilýärin. Oňa girmek üçin ýiti zehin gerek. Olam mende ýok. Bolgusyzja hekaýalar ýazyp, öz göwnümi özüm awlaýaryn. Hekaýalarymy gazet žanrlara hödürlemäge utanansoň, hiç ýerde çap edilenok. Ýalňyz diňleýjim obamyzyň iň garry iti Baltak. Olam göwnese diýeleýär, göwnemese ker köpek ýaly. Soň olary ýerbendiň gamgyn ýelleri özleri bilen allowarra alyp gidýär.
Bir gezek şeýle, peltegiräk ýazan hekaýam ors dili mugallymyň eline düşüpdir. Ol şonda myrtar gaharlandy. Sapagymy bilmedik mahalymam ol beýle gaharlanmandy.
— Öwekge, beýdip edebiýaty wejeralama... Oňa ak ýürekden hyzmat et...
Şonda men ors dili mugallymynyň özüni gowy görşüm ýaly, gowy görýän edebiýatymy öz elim bilen masgaralanyma utanypdym. Şondan soň ugursyz hekaýa gabat gelsem, ors dili mugallymyň şol aýdan sözi ýadyma düşýär. Hemem öz ýanymdan, eger ol ony okaýsa, bir wagtky maňa käýinişi ýaly, ýazan adama-da käýýär diýýärin.
Bir gün ol maňa şeýle sowal bilen ýüzlendi.
— Öwekge — ol maňa şeýle ýüzlenýär — okuwyny gutaryp näme işlemekçi?
Men kibtimi gysdym.
— Bilemok, obada galyp, Ýazmyrat aga bilen — Ol sowhozymyzyň ýük düşirjisi — şulha düşüräýmesem...
— Sizden işçi ýa daýhan çykmaz...
Ol şu sözleri şeýle ynamly aýtdy. Sapak geçende-de beýle ynamly gürlemeýän ýalydy. Men torsoryldym.
— Näme, şulha düşürip bilmez öýdýärmiň...
— Siziň duýgyňyz başga ýerde... Gowusy edebiýat ugrundan gidiň.
Ol sözlerini mugallymyň däl-de, enäniň äheňinde aýdýardy.
— Üpük goja, oňa ýük bolma, edebiýatyň gyrasyndan baran adam ilemeňzeş ýazyp bilmeli diýýä...
Ors dili mugallym edebiýatyň agyr ýüki öz bonuna düşüp barýan ýaly, ululan demini aldy.
— Goja dogrujasyny aýdypdyr, o ýerde hiç kimiňkä meňzemeýän öz luň bolmasa, lenç edilen dil bilen, lenç edilen zatlary gaýtalarsyň. Şonuň hötdesinden gelip bilmeseň, gowsy oňa golaýlaşmazlyk...
Ors dili mugallymyň gözlerinde gamgyn doýgunlyk ýyldyrady. Goňrymtyl çep gaşy öwrendikli gerildi. Ol onuň ýüzüni has täsirli, owadan edip görkezdi.
— Edebiýatda öz ýoluny tapman, bilýäňmi näme, ol tebigaty özüňe boýun egdirmek ýaly bir zat — ol gürrüňini ........ geçirdi — ýöne sen, dünýäniň başga lezzetinden mahrum bolup, onuň ýakymly ýadawlygy bilen ýaşaýarsyň. Dogrusyny aýtsaň, şolara nebsiňem agyrýa. Olar dünýeden hiç zat hantama bolman, diňe süýji arzuw bilen ýaşaýarlar. ... Nähili gözellik, dünýeden hiç zat gerekmez bolup, öz arzuwyň bilen ýaşap ýöriň...
Ors dili mugallymyň sözleri süýji aýdym ýaly özüne çekýär.
* * *
Ýakyp-ýandyran tomus öz şiresini dökdi. Awgust aýynyň açylganlyk güni, güýziň daşda däldigini aňladyp, obamyzyň ýokarsyna süýt reňkli, umat dörediji şeýle bir inçe ýorka ýaýyldy. Asmanyň päkize ýüzi öte arassady, buýsanjamdy. Ho-ol aňyrda, saralan sähranyň üstünde ot demi ýaly salgym görünýär. Dünýe saralypdyr, diňe öz çydamlylygy bilen sözen agajy gök öwsüp, seni begendirýär.
Şeýle günler bilen ýaşap ýörkäk obamyza güman edilmejek geň habar ýaýrady.
— Öňki soýuz diýilýän zat, indi ýokmyşyn, şäherde göçhä göçlük başlanypdyr...
Bi gürrüňiň gyzgyny sowulmanka hemmeler üçin Saşa daýa öwrülen, obamyza ilkinji bolup gelen garry ors gidermen boldy. Yz ýanyndanam obamyzyň göbekenesi Katýa daýza goşuny düwdi.
Saşa daýy gidäýmänkä iki halta arassa bugdaý dänesini getirip şeýle diýdi.
— Öwekge, ýaltalyk etmän, däneleri durnalaryň düşleýän ýerine sepeläp dur, goý olar oba gonup geçsinler... Durnalaram myhman-a...
Katýa daýza hiç zat gürlemän, gara sütükli ýaglygyny Gülsün ejäniň egnine atdy. Şonda onuň gözleriniň oýtumyndan gaýdan ýaş, gasyn-gasyn bolup giden ýygyrtlardan seçip bilmän saklandy.
— Bürşek boýnuň ýylan mahaly ýatlarsyň...
Biz olaryň ikisinem obamyzyň ilersindäki ýolaýyrda çenli ugratdyk. Şol ýerde ýol ikä bölünýär. Bir-ä, ýapynyň ýüzini gyýaklap gidýän düýeleň ýoly. Şol ýol bilen biz oduna gidýäris. Beýlekisem şähere tarap gidýän ýol. Ol, gum depeleriniň arasyndan öwrüm edip, soň uzalyp gidýär.
Hiç kim hiç zat hakynda gürleşmän aýrylyşdy. Asla gürleşmek gerekmi näme. Ýeňsede uzak başdan geçirmeler, köp sanly günler ýatyr. Olar hemme zat hakynda aýdýarlar. Ol göbek ganyň daman ýeri — Watan — bu ýer ömrüň eräp tükenen topragy. Ol uly, ölçegsiz mizan. Olaryň haýsysynyň ezizdigini, tereziniň gapdalyna münen düşünýär.
Saşa daýydyr Katýa daýza hiç zat gürlemedigem bolsa, tä gözden ýitýänçäler nähilidir bir gerekli zatlaryny galdyran ýaly birsyhly yzlaryna garanjaklap gitdiler.
Ýürege salnan ýarany her kim özüçe göterdi.
* * *
Sary sähralykdan ajy ýowşanyň, at deriniň, bahar maýyllaganaň ysy gelýär. Uzak alyslykda pikire çümen daraýy depeler çala salgym bolup görünýär. Gumuň aýdyp bolmajak derejedäki, lezzetli asudalygy höküm sürýär.
Ýürekleri heýjana salýan sähralyk, goluny bulap, heniz aýak sekilmedik giňişliklere ädim urmaga çagyrýar.
Ors dili mugallym şeýle gözelligiň ýüzini bozmajak bolýan ýaly ýuwaşja gürleýär. Ol şeýle, ýuwaşja geplese ýüreginiň sesi eşidilýän ýaly bolýar.
— Biziň zamanamyzda adamlaryň biri-birine bolan gatnaşygy sadalaşdy. Hat-da, söýgüňem mazasy gaçyp, garyplaşdy... Bu ýerde biri täze köýnek geýse-de, begenýärler. Siziň obaňyzda, häzir diňe kitaplarda waspy ýetirilýän söýgem ýaşap ýör... Düýn bir okuwçynyň depderini barlap otyr hem bir hat çykdy. Onda şeýle sözler ýazylypdyr: «Eneň-ataň seni maňa berseler, sen razy bolmarmyň...» Nähili sada, şahyrana ýazylan, edil ak çägeler ýaly arassa. Şeýle söýgüler dünýede ýaşaýarlar. Bu ýerde adamlar okaman ýazyjy bolýar. Ýazman şahyr...
Ol bu gürrüňleri ýurduna gitmeziniň öň syrasy aýdyp beripdi. Ertesi meniň gaty köp wagtdan bäri gorkup ýören sawçym gapyny kakdy.
— Öwekge, men ýurduma gitmeli...
Şeýdip obamyzyň iň soňky orsy, duýdansyz gelşi ýaly duýdansyz gitdi.
— Biz ýene şol tanyş ýol bilen gidip barýarys. Ýol gumaksam bolsa eziz. Sebäp ol obama alyp barýar. Ýöne obamyza alyp barýan ýoluň bolşy ýaly, obamyzdan daşlaşdyrýanam ýol bar...
Hoşlaşyk pursady geldi. Biz hiç zat gepleşmän dymdyk. Şeýle pursatda kitaplarda hökman ogşaşýarlar. Men gözümi ýumdum. Ol ogşady, ýöne garabagyr enäniň perzendini ýozak ýola ugradanda edişi ýaly maňlaýyndan öpdi. Hemem şeýle sözlerini gysganmady.
— Meren ene, seni öz pengasynda aman saklasyn...
Şol günden başlap obamyzda göze görünmeýän tukatlyk mesgen tutan ýaly boldy. Wagt gysganyklyk bilen günleri sanap başlady. Hiç bir zadyň weji ýok. Hatda ugry düzüw düýşem görüp bolanok. Derdimi kime aýtjagymy bilemok. Uly hossarym ruçkam. Olam göwün diýen ýazanok. Mundan ozal begenip barýan mekdebime, okamak üçin däl-de, ors dili mugallymyň elini degiren zatlaryny görmek üçin barýaryn. Gündeligimde ýekeje üçem ýok, barysy ikilik.
Şeýle ömrüme goşulmaýan günleri başdan geçirip ýörkäm, obamyza birden iki hat geldi. Hatlaryň biri Katýa daýzadan, beýlekisini Saşa daýy ýazýar. Katýa daýza o ýerde-de, berýozalaryň selin-sazaklar ýaly, şemal bilen gussaly gepleşýändiklerini aýdyp, ýurdunyň çygly howasyna aýagy gury agyransoň, alajyny tapyp düýe ýüňüni hemem çomujyň sakyzyny gyssagly ýollamagymyzy sargaýar.
Saşa daýy baraly bäri, ýekeje ýolamam durnalaryň asmandan eşidilýän seslerini kümüşsöw düwmäniň sesine meňzeş eşitmeýändigini, onda-da bir syhly asmana seredýändigini aýdýar.
Hat azajyk begendiren bolsa, köp gynandyrdy.
Käte men azajygam bolsa, dünýede bagtyýar bolmagym üçin, ýörite teke bazara çigit çigitlemäge gidýärin. Ýöne olam tersine bolýar. Ors dili mugallyma meňzeş gyz görsem, ýüregim gowsunyp gidýär. Soň gabat gelen gyz, şoňa meňzäp duran ýaly boldy.
Käte-de durnalaryň dolanýan pursady, olaryň düşleýän ýerine däne sepeläp gaýdýan. Şonda gör, nirelerde mekan tutan Saşa daýy ýadyma düşýär. Durnalar bolsa rysgallaryny gözläp, ýyly ýurtlara sary uçýarlar, ýene howa ýumşaberse-de yzlaryna dolanýarlar. Şonda şeýle nepis guşyň iýjek çöregini kösenip tapmaly bolýanyna nebsim agyrýar.
Şu gün irden, köşek sürmäge gidemde, ýol bilen bir garanyň gelýänine gözüm düşdi. Onuň ýüzi maňa ümüriň arasynda ýaly bolup görünýärdi. Ýöne ol ajaýyp hem hasratlydy. Owadanlyk bilen hasratyň sepleşip biljegini ozallar göwnüme getirmeýärdim. Ol hakyt rus dili mugallymydy. Onuň owadan ýüzünde ejirli ýylgyrma görünýär...
Biz hiç zat gepleşmän iň gyraky öýüň duşyndan geçdik. Heniz säher gijäniň elinden sypmandy. Gartmaç ene ojakda ot ýakmak üçin giç çeken ýowşany tütedýär. Basym howadan oduň ysy geldi.
Ho-ol aňyrda, mallary örä alyp barýan oglanjygyň, maňa tanyş bolan aýdymy, şadyýanlyk bilen aýdýan sesi eşidilýär.
Bizem dogulypdyk, şo garyp oýda,
Selinli-sazakly ili ýerbendiň...
Şemal onuň sesini bölüp-bölüp getirýär. Oglanjygyň inçejik, labyzly sesi obamyzyň üstünde aýlanýar.
Nygalary tel-tel bolup bölüner,
Öz başyna gezer maly Ýerbendiň...
Aýdymy henize çenli ýekeje ýolamam hiňlenmändim, ýöne, onda-da, ol, meniň üçin ezizdi...
Öwezmyrat ÝERBENDI.
Hekaýalar