00:22 Iñ soñky tomus -10/ romanyñ soñy | |
5.
Romanlar
«Çagaly öýde gep ýatmaz» diýenleri bolupdy. Garry aganyň ortanjy oglunyň kümelerine çykyp, «Aý, adamlar, dädem ertir daga gidýändir-how!» diýip suwuň çägä siňip gidişi ýaly, gijäniň şeýlekin siňip giden ýalydy. Emma ol habary Garaganly obasynyň uludan-kiçä, ählisi eşidipdi. Elli ýyl bäri çopançylyk edip ýören adamyň daga gidip-gelmesi hiç kimi geň galdyrmajak ýalydy. Emma beýle däldi. Bu kiçijik obanyň köpüsi çopan maşgalasydy. Olaryň hanam, soltanam Baýdy fermady. Her kim oňa, aýalyna ýaranyp bilse armany ýokdy. Gynna gelin obanyň ähli aýalyna buýrup bilýärdi. Çopan-çoluklar bolsa Baýdy fermanyň açsa – aýasynda, ýumsa – ýumrugyndady. Olar döwletli adamlar hasaplanýardy. Oba ondan-mundan gelýän abraýlyrak adamlar, bu ýere düşseler, hökman şolardan çaý içýärdiler. Olaryň aşhanasynda üç peltelije gapyrjagyň üstündäki gazan mydama bagyrdap durmalydy. Onsoň ol öýe baryp, duz-çörek iýen adam hemişe bu öýe bergidardy. Baýdy ferma sesini çykarmasa-da, aýaly Gynna gelin sähel zat bolsa: – Iýen duzy burnundan gelsin onuň – diýip, öz beren duzuny mazamlap ugrar welin, gereklije öz paýyny alypdurandyr. Toý-ýas bolanda-da çaý gaýnadylýan güpdür uly gazan gerek bolsa-da, çaý-süýji, birki käse tüwi ýa-ýag gerek bolsa-da her kim şolara maňlaý direýärdi. Baýdy çopanyň öz döwletem biriniňkiçe bolsa bardy welin, ony depseň degrelmez eden ferma müdirligi boldy. Bu kolhozyň on iki sany dowar sürüsi bardy. Her süride-de adam-a bardy. Olar üçin gyş güpbüsi, oýluk keçe, çaý, gant, un, it ýalylyk un, gazan, güp, kündik, ählisi Baýdynyň elinden geçýärdi. Şol gelýän zatlaram, kime bardy, kime ýokdy. Herki bende bir güpbi alybilse dört-bäş ýyllap agzyny açanokdy. Eger güpbi alsa, owlap, oýluk alsa, ijek, zerur wagty çaý-süýji alsa, erkeç, ferma müdiriniň öz kesen bahajygy bardy. Şonuň üçin onuň öňünde zerur zatlaryň bary bardy. Asyl, Baýdy fermanyň öz zawody bar ýalydyr. Malam agylyna sygmaz. Uly agylam edil onuň öýüniň ýanyndadyr. Çekene malyny her kim minnet bilen salmalydyr. Gyş güni bolsa daýawrak ýigdekçeler odunyny çapyp bermelidir, ýaşyraklary bolsa sygryna tirt edip bermelidir. Aýallar-a onuň aýalynyň çorusydyr. Ine, şeýdip, bu obanyň adamlary Baýdy fermanyň saklaýan jylawyny başlaryna geýipdiler. Olara indi şondan çykma ýokdy. Obada bu öýüň ýekeje ýagysy bardy. Olam Garry çopanyň garyp çatmasydy. Garry çopan Kör daýza aýtmyşlaýyn «dere doňzydy». Ol «öýüm, aýalym, çagalarym bar eken-ow» diýýän janawar däl. Ol dagdan oba eňende öňünde çörek bilen çaý bolsa, aýalam, çaga-da, öý-işigem şoldy. – «Kolhozy dikledi» diýip öleňsoň görüňe gümmez galdyrarlar – diýip, ol adamsyna igesinem sürtýärdi. Ýöne aýt, aýtma, ol adam üçin eşegiň gulagyna «ýasyn»dogasyny okan bilen des deňdi. Gynna gelin Baýdynyň öýüne düşen badyna kör daýzany girisine-debir saljak boldy, ýöne bu «kör aýal eýgertmedi. Ol ajam bolsa, dok ýaly bolup, kesewä dönüp oturandyr. Emma syryny ile bildirmez. Dili welin ajy aşgapdyr. Degdigi ýakýandyr. Gynna gelin bir gün keçe oýlamak üçin üme etdi. Oňa kör daýzanam çagyrdy. Kör daýza onuň keçesini gülýaka ýalyjak edip oýlap berdi, basyşdy. Muňa Gynna gelin gaty razy boldy. Onuň şeýle keçeleri köpräk etdiresi geldi. – A gyz, kör daýza, men hakyňy bereýin. Sen ikibaşdan işe-de gideňok, ýüň bereýin, reňk bereýin. Basyşmaga, oýlaşmaga kömekçi bereýin. Sen maňa keçe edip berseň – diýdi. Kör daýza razy boldy. Ol Gynna ýene bir, öňküdenem owadan keçe edip berdi. Ol işindenem razydy. Olardan bolsa taňyrýalkasyn bilen hakyna garaşdy. Emma Gynna gelinden ses-selem çykanokdy. Kör daýza olara Balany iberdi. – Bar, ejem şol edip beren keçämiziň hakyny bersin diýýä-diý – diýdi. Emma gynna gelin Balany it alan sanaja dönderip goýberdi. Bala işige ýetende-de kirläp, ýyrtylara gelen köne üç manatlygy eline tutdurdy. – Waý-eý, ynsap ýok eken-eý, näçe çaýymy içdi, näçe çöregimi iýdi – diýip haýkyrdy. Bala ýüzüni sallap geldi. Oňa Kör daýzanyň erbet gahary gelip, tas çagyzasy gozgapdy. Ol özünde bar ýüňünden, reňkinden Gynna gelniň kädeň edip, onuň elýyrtan ýaglygyna dolady-da, olara bardy. Ol zatlaryny goýdy-da, eden keçesini sogrup alyp gaýtdy. Içini ýakyp, üç manadynam bermedi. Gynnanyň içi jüwledi. Ol daşary çykyp, umili bilen, tutuş oba eşitdirip: – Soňuna ýaramyşlar, soňuna ýarasyn. – gygyrdy. Soňam agzyna gelenini gargap başlady. Kör daýza çykdy-da: – Öň-ä birki sanysynyň soňuna galanyny gördüň. Bu-da agzyňdan çykyp, ýakaňdan guýulsun. Göreniň görgi bolsun. Işiň soňuna galmak, ýetimçe saklamak bolsun. Bak-da buýsanma, ekle-de guwanma, omyn. Ol başga zadam diýmedi. Gynna ilki ol sözleriň manysyna kän bir düşünjegem bolmady. Soň bolsa ol sözleriň awusy, niresine goýsa, ulduratdy durdy. Üç gündenem onuň bogaz, bu-gün erte guzlamaly sygyry örklenen ýerinde tanapyna çolaşyp, gölerip galypsyr. Agyllaryna möjekmi, itmi girip, bäş-alty guzusyny parçalap, gidipdi. Nahar bişirip otyrka, nebit syçyrap sag eli ýanypdy. Baýdy çopany guduz möjek dişläpdi... Diňe şondan soň onuň ýüregine dowul düşüp, Kör daýzalara bakan garanynyň soňky bolupdy. Ýöne soňky döwürlerde-de Kör daýza-da, adamsam kesel tapyp, taplary peselipdi. Olara nirelere atylan daşam degip durdy. Gargama, ýa-da dikleşip ýörme nire. Kör daýza etrabyň keselhanasyndanam çykanokdy. Gynna gelin indi hakyny alma kemini goýanokdy. Oba adamlarynyň ýekejesiniň aýagyny şolaryň işiginden sekdirenokdy. Kör daýzanyň ady obada: «Ol iýtme», Garry aganyň ady-da «kör haýwan» bolupdy. Ol öz goňşulary barada özi üçin gulaga «ýakymlyja» sözleri aýdany bildirmänjik sylaglabam goýberýärdi. Onsoň gynna gelinlere gelen şol bendeleriň erbet gürrüňini etjek bolup durdy. Indi Baýdy fermalar däl tutuş oba diýen ýaly, zat ýok ýerden Garry aganyň duşmanyna öwrülip barýardy. Garry aganyň «ýüz ýigrimi goýun ogurlandygy» baradaky habaram şu obada ulalyp, timarlanylyp, etraba ýaýrapdy. Indi onuň üstüne: «Ol tüýkesme ogrynyň goýunlary Eýrana aşyrandygy», «goýunlary bölüp, tanyş çopanlaryna paýlandygy, ömri uzak bolmuş Baýdy aga, ýene onuň bilen deň bolman, nohurlylaryň sürilerine ýeken-ýekenden aýlanyp, şol goýunlary gözläp ýörendigi barada», «Kör haýwanyň basym ýedi ýyly arkasyna daňyp gitmelidigi» barada, «henizem ony Baýdy çopanyň ony-muny görüp saklap durandygy barada», «Baýdy aganyň geçirimlidigi, tutuş etrap oňa «lepbeý» diýip durandygy, «Baýdynyň Baýdy bolmagynda Gynna gelniň nähili azabynyň bardygy» barada, onuň aýagy düşüp, şu öýe saçyny sübse edip, ömrüni çyrag edip ýörendigi «barada onuň öýüne gelen gürrüň edýärdi. Indi her kim: «Bu kör haýwan heý bolmanda-ha bir saparam bolsa, öz gizläp gaýdan goýunlarynyň yzyndan gider-le» diýip garaşýardylar. Ine, olaryň diýenem boldy. Onuň «daga gidýändigi» äleme ýaýrady. Diýmek, ol öz ogurlap goýan goýunlarynyň yzyndan gitmeli. Gije Gynna gelniň öýüne üç-dört aýal, käbir wepasyny ýüreginde saklap bilmän, halys görkezesi gelip duran erkekleriň birki sanysy gelip gitdi. Emma ýaman ýeri, Baýdy gelenokdy. Onuň garşyky daga, çopanlaryň üstüne düýnki gidişidi. Ol şol gije ala daňdan gelipdi. Özem, asyl, serhoşdy. Ýerine geçip ýatansoňam, tä guşluga çenli öli ýaly ýatypdy. Gynna gelin «iş-işden geçip barýar» diýip, ony höreläp-köşeläp turzupdy. – Kör haýwanyň daga gitdi. Seniň bagtyňy ýatyrmasa-da biridir. Bu wagtyň adamlaryna ynam barmy, seni görse, senlik, ony görse, onluk... – Näme diýdiň? – diýip, birneme özüne gelip, durkuny dürsäp Baýdy ferma gaýtadan sorady. Gynna öňküdenem beterräk ýagyny guýdy. – Haýsy ugra gitdiler? – Gyşýataga bakan. Baýdy çopanyň ýüregine ot ornady. Gursagyna düşen dowul ony özüne ýagşy getirdi. – Päh-heý! – Ol başyny ýaýkady. Mürri haramzada, işimi görmese-de bir ýagşydyr. Ol öwelegi çagyrtdy. – Ata jan, sen ýet Mürrüniň goşuna. Dep atyňy, gaýgyrma. Agzyna bek bolsun, gadryny özüm bilerin. Juda bolmasa-da şol otuz goýny sanap al-da Hudaýberdiniň sürüsine elt. Ýöne gaty çalt bol. – Ol Öwelege täze, çopanlara berilmeli içmekleriň birini oklap goýberdi. – Bu-da menden saňa serpaý «Özem şu gün bir ýerlerden çykar» Öwelek diýgin ýel ýaly bolup gaýyp gitdi. Baýdy ferma ýene şol öňki ýoluny tutdy. – Allaýar nohurlyny ýene-de berklemeli. Galanlary, – Ol ýumrugyna garady – Şunuň içinde-le. Ol şol kelte içmekleriň birini atynyň eýeriniň ýeňsesine bökderdi-de atyna mündi. Galyňsumuň üsti bilen, gönüläp süreýin-le. Ol humarly başyny şemala tutup ugrady. 6. Garry aga Allaýar çopandan razy boldy. Ondan-ha däl, özi bolanda-da şondan gowy çykalga tapyp biljek däldi. Ol bu gün bolmasa-da, erte-birigün Mürrüniň ýanyna-da barmaga, ondanam Galama degmegi göwün ýüwürdýärdi. Ol gaýdyşyn oglanlykdan bäri mal yzynda gezen, ýigitliginiň galan ýerleri bolan Galyňsumyň, Ýeketuduň üsti bilen gaýtmagy niýetine düwdi. Ýeketuduň töwereginde uly çeşme bolmalydy. Ol çeşmäniň suwy köl bolup, gyralary ýylgyndan, gür hyşalykdan ýaňa giden tokaý bolmalydy. Şol ýerlerde käkilikmidir, sülgün bolmalydy. Ol ogly bilen şol ýerlerde bir çaý içmegi, nesibesinde bolsa, aw atyp, kebap bişirmegi arzuw edip gelýärdi. Meýdan az kem yssam bolsa, bozaganyň, ýowşanyň hemem çygly dereleriň üýtgeşik ysyna ýugrulan şemal seniň ýüzüňi däl, tutuş argyn dünýäňi ýelpeýärdi. Ýaşulynyň ýadyna ýaşlygy düşüp başlady. Bu çarwalarda onuň oglanlygy ötüpdi. Ol şol süýji günleri, misli sunrug guşuň ganatyna münendäki bady bilen geçdi-de baryp Gyşýurda, ogulbegiň owadan, ak ýüpek ýaly näzik, didäňde eräp barýan didarynyň öňünde daýandy. Onuň birneme çöňňelen, ýekeje bolansoň azapdan süňňi agarmaga golaýlan gözi dumanlap gitdi. Ol şol dumanyň içinde ogulbegiň owuz ýaly ak ýüzüni, güýze galan garaly kimin, kirpikmen, edil düýpsiz köz ýaly çyrpynyp ýatan köşek gözlerini gördi. – Seýiller mübärek bolsun! Ýaşuly başyny ýaýkady. – Seni şeýdip göräýmesem, didaryňa zar galdym-a. Ogulbeg ýalançyny ýaz edip ýylgyrdy. – Indi az galdy, soň bize aýralyk ýokdur. On dördünji iýundyr. Ogulbegiň keşbi Garry aganyň oglunyň sesinde eräp gitdi. – Däde jan! – Bala ýene gaýtalady. Ol kakasynyň diýýän tudunyň jeňňelliginiň ýanyndan bir aýlanyň tozan turzup gelýändigini aýtdy. Ýaşuly arkaýyndy. Ol tüpeňini öňüne basyp gelşine, bu ýerlerde-de adamyň bolýandygyna haýran galdy. Atly bilen hoşamaý duşuşyga özüni taýýarlady. Emma Atly golaý geldigiçe, onuň gahar gazany lasyrdap, gaýnap başlady. Atly Baýdy fermady. Bir tarapy belent gaýa, bir tarapyň uly siller köwen belent jar, olary kasat-kyýamata goýman, şu gün haklaşdyrmak üçin şu uçudy saýlap alan kysmat ýalydy. Atly badyny peseltdi. Eýesiniň gazabyny aňan eşegem onuň ýabynyň dört-bäş ädim öňünde sakga durdy. Aga-ini slamlaşmady. Ýaşuly gaýnap duran gazabyna bäs gelip bilmedi. Erbet ýaryldy. – Sen, heý, wenezzyna, näme iş gaýryp ýörsüň. Baýdy ferma badyhowady. – Näme iş gaýrylanda seniň ne işiň. Geç, güm bol ýoldan. Ýaşuly dikgerildi. – Sen, pohdan doýan godun ýaly, keýwanylyga ýetişipsiň-ow, Baýdyjyk. Ýaňy dälmidi, meniň it ýalymy gaýnadyp berip bilseň, monça bolanyň, kepekden semrän eşek! Baýdam gep alyp galmady. – Men it ýalyňy gaýnadyp beren bolsam, seniň öz güjükleriň gapymda it bolup üýrerler. Özüňem, läşiň Sibirde serler. Meýdiňi getirjegem tapylmaz. Ýaşulynyň gahary birden çogdy. Ol elindäki tüpeňiniň çakmagyny nädip çekeninem, onuň nilini titreýän elleri bilen asmana dikeninem duýman galdy. – Sammyldama. Meniň läşim Sibirde serilse, seniň läşiň häzir şu ýerde serler. Baýdy fermanyň haýýady göçdi. Ol ýabysynyň başyny yzyna burjak boldy. Ýöne, Garry çopanyň sesi hökümli çykdy. – Dur-r! – Sen indi sypmarsyň. Ýöne janyň jähenneme gitmänkä bir zady aýt. Näme üçin meni ile masgara etdiň? Şoňa jogap ber. Näme üçin Allaýary, Mürrüni, Hudaýberdini ogry şärigi etdiň? Şoňa jogap ber haramzada. Men häzir Allaýar nohurlynyňkydan goýunlarymy görüp gelýän. Ertir kimiň Sibire gitmelidigini indi bildiňmi. Ýöne seni Sibire ýetirmerin. – Bar, süýdüňi asmana sag-aýt. Baýdy fermanyň gözleri gan-guýma bolupdy. Ol diýjegini diýensoň, indi sypara ýol gözleýärdi. Şonuň üçin ilki sesini çykarmady. Birdenem, atyny yzyna dolady-da, oňa gamçy çaldy. Ýaşuly tüpeňi çene-di-de, ýolda käkilik duşsa ahmal galaýmaýyn diýip, tüpeňine salan çeşmeli peşeňini Baýdy fermadan pöwhüldedip goýberdi. At erbet büdredimi, ýa-da seçmäniň biri-ýarymy gum ýürek Baýdy ferma degdimi, ol «Wa-aý!» diýip, atdan atylyp gitdi. Tüpeňiň sesine, atyň, onuň üstündäki adamyň telpek taşlanan ýaly, zyňlyp gitmesine rahat duran eşegiň ýüregi ýarylan ýaly, olam tisginip bökdi-de, ters aýlandy. Eşegiň badyna Garry çopanyň hem öň zordan oturan ysgynsyz göwresi gaýyp gaýtdy-da, ýere jalkyldap düşdi. Tüpeň iki sany pyýadyny aralygyna zyňlyp gitdi. «Ýene ataýmasyn» diýip, ýumak ýaly bolup, düýrlenip ýatan Baýdy ferma janhowluna tüpeňe topuldy. Ony aldy-da gapdaldaky uly daşy başyndan aýlap urdy. Onuň döwlen gundagyny, egrelen nilini uçut gorpdan aşak zyňyp goýberdi-de, Garry çopanyň üstüne topuldy. Onuň içine birki gaýta depdi-de, läş bolup ýatan adamy, tüpeňiň ýatan ýerine bakan iteläp goýberdi. Bala-da kakasynyň yzyndan özüni aşak oklady. Ol gorpuň içinden Baýdy fermanyň haýbat atyp gygyrýan sesini eşitdi. Ýöne ol gepem, özüni undupdy. – Däde jan! Däde janym! Garry aga-da dem-düýt ýokdy. Ol guma bulaşyp, gurap, ýabyny naryň gabygyna dönen dodaklaryny açyp, tertipsiz, döwük-ýenjik dişlerini berk ýumup ýatypdy. Bala näme ederini bilenokdy. Ol gaýta-gaýta gögüne garaýardy. Häzir Baýdy dädesi ýokardan özüni aşak oklap, ýaşulynyň boýnuna ýapyşybererinden gorkýardy. Gorpuň içi çägesowdy. Yzgap ýer, sowuk kölege ýaşulyny özüne getiren ýaly boldy. Ol hyklady. Soň barmagyny dişleriniň arasyna sokaýjak boldy. – Dizimi çek! – Ol az-owlak dyzandy. Dişleriniň arasyny açdy. – Dizimi sek! Bala kakasynyň başyny dyzynyň üstünde goýup oturşuna, onuň näme diýýänine indi düşündi. Hor, kirli, gara barmaklarynyň gumuny kakdy-daagzyna saldy. Tüýkürjigine ol bolan barmagyny kakasynyň gap-gara bolup çişen diliniň aşagyna saldy. Kakasynyň dili gaňrylypdy. Ol ony jany bilen çekdi-de ýerine getirdi. Ýaşuly uludan bir demini aldy. – Suw ýokmy, ýekeje owurt! Bala kakasynyň başyny gumuň üstünde goýdy. Soň bir ýerde ölen garganyň maslygy ýaly tozana bulaşyp ýatan telpegi, onuň aňyrsynda düňderilip ýatan tahýany aldy. Tahýany kakyşdyryp, kakasynyň başyna geýdirdi. Telpegi bolsa ýassyk ornuna, epläp ýaşulynyň kellesiniň aşagyna goýdy. – Häzir, däde jan, men suw gözläýin. – Ol jeňňellige girdi-de, çeşmäniň bolaýjak ýerine, günbatarlygyna ylgady. Emma suw tapmady. Ol gorpuň pesräk gerşine dyrmaşyp, ýokarlygyna çykdy. Dünýä gum-guklukdy. Adam-gara, hatda eşegem ýokdy. Balanyň häzir pikri-zikri suw bolansoň, eşegi barada oýlanjagam bolmady. Ol çeşmäni tapdy. Ol eliň aýtymy ýaly tekiz meýdanda biten ýeketuduň ýanyndaky ýalçynyň eteginde düňňürdäp, çogup çykyp durdy. Suw tapylsa-da gap ýokdy. Bala köýnegini çykardy-da çeşmäniň aýagujynda ýagşy ezdi. Soň agzyny, dillerini çeşmäniň suwuna gowy çaýkady. Owurtlaryny suwdan doldurdy-da kakasynyň ýatan ýerine bakan ýüwürdi. Ýaşuly iňläp ýatypdy. Ol agzyny kakasynyň agzyna tutdy-da, ene kepderiniň eteneje jüýjelerini iýmleýşi ýaly, duluklaryny dolduryp duran suwy içirdi. Soň öl köýneginiň yzgaryny ýaşulynyň ýüzüne, agzyna sykdy. Heniz suwy sarkmadyk köýnegi bilen kakasynyň ýüzüni, boýnuny, eginlerini süpürişdirdi. Ýaşuly gözüni açdy. – Ol haram... Hany? Bala kakasynyň ýüzüne umytsyz garap durşuna: – Ol ýok, gidipdir! – diýdi. Ýaşuly azajyk dikeldi, ýöne ýerinden turmaga ragbaty galmandy. – Sen hemmesini gördüň. Meniň arymy kyýamata goýmagyn... Ol ýene-de başyny oglunyň dyzyna goýdy. 7. Bala köpriniň deňine geldi-de, sygryny aldy. Gatyk salyp äkiden gaplamasyny gowy ýuwdy-da, ony suwdan doldurdy. «Öýe barsam, gap-gaç ýuwmaga-ha bolar-da...» Ol çeşmeden kötelekarylygyna çykyp, sygrynyň barýanyny, barmaýanyny barlady. Sygry ýatagyna howlugýardy. Ol şahlaryna oralan uzyn ýüpüniň ýüzüne düşýän ujyny başy bilen bulaýlap, dähedem-dessem ýöräp barýardy. «Bagtymyzdan şu sygrymyz bir bar eken» Ol heniz oýlanyp ýetişýänçä, Gulçanyň ýel ýaly bolup, tigrini ýola sygdyrman gelýänini gördi. Ol gelşine aýagy bilen sygryň böwrine batly depdi-de «Ha-ha-haýlap» uçup. Geçip gitdi. Balanyň öz böwrüne depilen bolsa-da beýle gynanmazdy. Tigirli adamyň yzyndan agzyny açyp, haýran bolup galdy. Göwnüne ýekeje-de erbetlik getirip bilmedi. – Naýynsap! – diýdi. Gulagyna bolsa kakasynyň ahy-zardan doly sen baryny gördüň. Meniň arymy kyýamata goýmagyn!» diýen sesi geldi. Göwnüne kakasy indi bu dünýäde ýok ýaly duýgular kürsäp urdy. Ol sygryny, birneme gyssady. Köpriniň ýanyndan olaryň öýleri görnüp durdy. Ýöne erbetligi aňladýan, nyşan ýaly aňladýan adam-gara gözüne ilmedi. Öý indi ýakyndy. Ýöne çarwadan gaýdan gijeleri welin... – Bar, eşegiňi getir şu ýere – diýip, yzgara halys bolan, süňňi indi doňup barýan ýaşuly aýtdy. – Men doňdum. Eşekli çykarmasaň, men indi çykyp bilmen. Bala hälki ýodasy bilen jaryň depesine çykdy. Atyň buräp, kakasynyň, eşekden Baýdy dädesiniň atdan ýykylan ýeri çaňap ýatyrdy. Ol eşegi oba tarapa gidendir öýdip, ýol bilen ýeketuda garşy ylgady. Ol ýerde-de eşegi görnenokdy. Ol bu kiçijik jülgäni kesýän belent baýra, odan aňyrky işreme çykdy-da çaga gözi bilen ýollary syrdy. Ol ýene bir gädikden agsa, eşegini tapaýjak ýalydy. Emma kakasyny goýup gidibermegem howpludy. Hälki gözüne gan inen adam, bir ýerlerde bukulup ýatyp, şaýadyň ýoklugyna göz ýetirip, ysgyn-mydarsyz adama näme jebir etse, gaýtargysy boljak däldi. Şonuň üçin Bala kakasyny ýeke galdyryp biljek däldi. Ol ýene-de dolanyp, kakasynyň ýanyna geldi. Ýaşuly üşemekden ýaňa, çagşap, dişlerini şakyrdadyp ýatyrdy. – Hany, eşegiň! – Ol agzyny zordan gowşuryp sorady. – Däde jan, eşek ýok. – Ýaşuly iki büküldi. – Ajap-da bir iş bitirdiň. – Ýaşuly elini uzatdy. – Çek. Bala kakasyny zordan aýak üstüne galdyrdy. Ýaşuly sandyraýardy. Indi onuň iki aýagam diýen edenokdy. – Öýüň otlansyn, öýi ot almyş – Ol özbaşyna samrady. Eşegine diýdimi, ýa-da aýaklaryna aýtdymy, ýa-da Baýdy dädesine aýtdymy, oglanjyk düşünmedi. Ol arkasyny kakasyna garşy tutdy. – Gel, däde jan, arkama mün! Ýaşuly agramyny oglunyň arkasyna berdi. Soň aýaklaryny ýuwaşlyk bilen ätdi. Gün mazaly sallanypdy. Agşam sowguna meňzeş çigrekbar ýalydy. Emma Bala-da, kakasy-da gara suwdy. Bala ýadanokdy. Häzir ähli labyr onuň egninde-di. Eşegi bolan bolsa, ol hiç zady alada etmezdi. Emma häzir onuň ýalagy siliň ugrunda galypdy. Onuň üçin asman yrak, ýer gatydy. Diňe çaga gerdeniňe daýanmalydy. Başga alaç ýokdy. Eşek, ýa-da köşek diýip oba-ha, syrkawadamy taşlap gidip biljek däldi. Allaýar çopanyň goşam obadaçar daşlykdady. Şu ýerden bäş-alty kilometrlikdeGargyjak diýen oba bolmalydy. Onda-da adam barmy, ýok belli däldi. Onuň bar umydy obadady. Birden eşegi boş barsa, Dädiş adamçylyk edip, alyp gaýdyp biljekdi. Ýöne olam, nirä, haýsy ýoda gitmelidigini ýatyp düýşüne görsünmi? Ataly-ogul, gün batýança iki şiremden geçdiler. – Waý, ýüregim agzymdan çykdy, dur. Ýaşuly özüni aşak goýberdi. Bala ony zordan saklap ýetişdi. – Däde jan, gideli! Ýaşuly şunça gaýrat edýärdi. Ol aşagynda gara suw bolan ogluna agram salmajak bolýardy. Emma ýüreginde deramat ýokdy. Misli onuň bagy üzülen ýalydy. Elinden gelse, gymyldajagam däldi. Ýöne olam şu ýerde haram ölmezlik üçin, esasynam nowbahar oglunyň gurda-guşa şam bolmazlygy üçin öli-de bolsaň gymyldamalydygyna düşünýärdi. Eger, häzir şu ýerde ýatyp, jan berse, oglam başujynda ejizläp otyrka gurtlar gelip çeýnäp gitse, obada begenjek adamyň boljagyny duýýardy. Ylaýta-da Baýdy fermanyň güni gelmelidi. Üsti açylmadyk ýüz ýigrimi goýun onuňky bolmalydy. Ýene-de bu günki eden kastyny adam ogly duýjak däldi. Aýaly bolsa: «Bize degeniň boljagydyr» diýjekdi. – Hany, ýöräli – diýip, ol derini sylyp, büküdip oturan ogluna aýtdy. Ýol tekizdi. Bala ýaşulynyň eline guran ýylgynyň şahasyndan pugtaja hasa ýasap berdi. Özüniň hem mekgesi bilen, gyrmyldap başladylar. Ýol azam bolsa, önýärdi. Bala indi birneme öwrenişýärdi. Kakasy et bilen deri bolup galany üçin, beýle bir agyr däldi. Ýöne ýol gaty uzakdy. Garaganly obasy ýeriň aňry ujunda ýalydy... Gijäniň ýary bolupdy. Ýaşulynyň hajyldysy tutuş deräni tutýardy. Ol käte «waý, öldüm» diýip gygyrýardy. Bala welin duranokdy. Ol ysgynsyzlykdan ýaňa indi aýagyny ädip bilmeýän kakasyny ep-esli ýere arkasynda göterip, süýräp gelýärdi. Öňde nämedir bulam-bujar yşyklar ýylpyldap gitdi. Soň erbet güpürdi, hyňranma eşdildi. Bala saklandy. – Däde jan, öňde bir süri it bar. Ýaşuly dikeldi. – Möjekdir ol, gygyr. Bala gokdy. Onuň süňňi sandyrady. – Aý-he-eý, haýt! Ýadaw çaganyň açlykdan, suwsuzlykdan ýaňa gurap giden bokurdagyndan çykan sesiň ol möjekler-ä däl, ýaşulynyň gulagyna hem çalaja, gözgyny bolup eşildi. – Gygyr, gatyrak, içiňde janyň ýokmy? Adamdygyňy duýsa, degmez. Bala janynda baryny edip gygyryp, ýolda ýatan ýumruk ýaly daşy alyp olara garşy zyňyp goýberdi-de, özem.. – He-he-heý, möje-ek! – Diýip öňe ylgady. Möjekler nämedir bir gara zady taşlap, adam bardygyny duýan batlaryna garaňkyň goýy ýerine çekildiler. – Näme bar?! – Bir zada harlaýar. Bala ýoluň gyrasynda öz ganyna boýalyp, demini deşilen damagyndan alyp ýatan eşegini gördi. Möjekler onuň küpesini, garnyny parçalapdyrlar. Eşek gara, hasratly gözlerini açyp ýatyşyna ylgap gelen Balany tanady. Ol güýjünde baryny edip urundy-da Balanyň ýüzüni sypalaýan ellerini timisgendi-de ýuwaşja hynçgyrdy. Ol Bala delmuryp garaýardy. Ýöne Bala ony indi görübem bilenokdy. – Eşejigim, doganjygym – diýip, ol içi-içine sygman eňredi. Seni nädäýipdirler. Sen bolmasaň meniň kimim bar. Ýükümi kim çekişer. Ýaşuly aňyrda, gara daşyň üstünde edil gara daş ýaly bolup otyrdy. – Ölüpmi? – Bala başyny ýaýkady. Ol heý-de egninden ýüküni alan, näçe ýyldyr syrdaş bolan eziz malynyň Lümine ynanjakmydy. Ol ölende-de «öldi»diýmäge dili barjak däldi. Ýaşuly mundan artyk çydap bilmedi. Onuň hökümli sesi köne heňňam ýaly ýaňlanyp duran garaňky gijäniň inini titretdi. – Beýdip oturma, jähenneme gitsin! – Al palan-golaňyny... Bala palan-golaňy, horjuny alyp gapdalrakda bir ýerlerde gizläp geldi. Ertir ony almaga gelende, eşegi bilen ine-gan hoşlaşyp biljekdi. – Jan-jan öz janym... Bala kakasynyň sesini eşitmeýärdi. Agyr ýükler urdum seniň biliňe, Menden razy bolarmykaň, eşegim, Döze bilmen gözden gaýdan siliňe, Ýürek razy bolarmykaň, eşegim. Ak toýlarda täze julda münmedim, Iýdiň garyp öýüň agyr minnetim, Elim gysga, gadyryňy bilmedim. Orta ýolda solarmykaň, eşegim. Gurtlara dolatdym, galdym ganyňa, Alajym ýok, derman tapman janyňa, Ýüregim aglaýar, dözmän halyňa, Bagrym başyn dilermikäm, eşegim. Gözleriň açyk dur, gelip dur demiň, Seni taşlap mundan neneň giderin, Ölsem bolmaýarmy deregňe seniň, Indi ýaýnap-gülermikäm, eşegim... – Wah, dur, ah, öýüň ýansy-yn! Ýaşuly ýene-de oturdy. Bala daňdan, ölmüň öýünde kakasyny öýlerine alyp geldi. Garry aga şondan soň düşeginden galmady. ol gün-günden solup barýardy. 7. – Han-a gelýär-läýt! – diýip, Täçmyrat Bala tarap elini uzatdy. Oglanyň hälki, kakasyna bir zat bolandyr öýdentudana gonan garasar sürüsi ýaly bolup, başyndan indi. – Däde janym! Ol sygryny kowdy-da elindäki içi suwly gaplamasyny şakyrdatmajak bolup, iki eli bilen göterip ylgaşlady. – Näme boldy? – diýip, sag eli bilen bir gözüni ýapyp, gara ýanyk bolup duran ýüzüni eňşidip oturan ejesinden sorady. Kör daýza jogap bermedi. Ýöne ol indi, ogly gelensoň, arka tapynan ýaly, bokurdagynda baryny edip gygyrdy. – Alyň şon-y, soňuňyza ýarasyn. Garyby-gasary agladyp, onuň yrsgalyna el urýan kolhozuňyz hem uzak gitmez. Hudaý urar sizi. Çagalamyň bokurdagyny hudaý deşen bolsa, aç goýmaz. Bir ýerden bolmasa, bir ýerden ýetirer. Siz welin baýnamarsyňyz. Ol öýe girdi. Täçmyrat sygryň şahyndaky ýüpüni göläniň bagyny açdy-da atynyň öňüne salyp, garşaky oba tarap kowup başlady. Bala içeri girip bilmedi. Bu öýüň ýekeje yrsgal çeşmesi bolan sygryndanam el ýuwulmagy çagany halys lagşatdy. Ol ondanam beter, ýolda işläp ýörenlere «ertirem gatyk getirerin» diýen sözünden utandy. Onuň ýadyna Babajan işanyň «Ýuwudanyň özüňki, çeýnegeniň gumana»diýen sözleri geldi. Hemem kakasynyň «meniň arymy kyýamata goýmagyn» diýip, sag gözünden akdyran bir damja gözýaşy gözüniň öňüne geldi. Ol ýerinden turdy. Ellerini ýokary tutdy. – Eý, allam, biri-biriňe-de heý, beýle-de bir zulum etme bolarmy. Heý, beýle-de bir kast bolarmy. – Ol ýene-de oturdy. – Men çydamok, eý, alla jan... Ejesi daş çykdy. – Bar, ataň çagyrýar. – Otur! – diýip, kakasy gözi bilen düşegi görkezdi. Bala onuň gapdaljygynda çökdi. – Bar, hiç kime görünme-de Öweleklere bar. «Dädem gelsin diýdi» diý. Şondanam Babajan işanyňka bar, «Dädem gelip, bir ýasyn dogasyny okap bersin» diý. Bala gözýäşy kepemedik ýüzüni sargardyp, ýerinden turdy-da, ýene oturdy. Soň kakasynyň elini ogşady-da, ýüzüni onuň aýasyna berdi. – Däde jan, arka dagym, däde jan! Ýaşulynyň sesi ynjyly çykdy. – Sen ejizleme, oglum. Sen ejizleseň bolmaz... Bar. Oglanjyk gussasyny göterip bilmeýän ýaly, yranyp daş çykdy. Onuň öňünde soňy görünmeýän hasratly, jepaly ýollar ýatyrdy. Bala juda çökder azaplaryň indi başlanýandygyny bilýärdi. Onuň görjek görgüleri öňdedi. Şonuň üçin ol çagalygyna bükülen bilini, agyr jepalardan sallanyp giden eginlerini, synyp kaddyny dikelderden ejizdi. Öwelek ony müýnli garşylady. – Öýde adam ýok gerek. Olar tirkeşip içeri girdiler. Ýaşuly ýerinden galma däl, ellerinem göterip bilmedi. Öwelegiň salamyna, hal-ahwal soraşmasyna hem belli jogap gaýtarmady. – Geldiňmi? – diýdi. Soň ýuwaşja gepledi. – Öwez jan, oglum! – diýdi. Öwelegiň ýüregi sarsyp giden ýaly boldy. Onuň birneme hileli gulaklary açylan ýaly boldy. – Dädeň pahyr bilen gaty dostduk. Ol neresse frontda galdy. «Öwez oglumy öz ogluň ýaly görgün» diýdi. Oglum üç däldir, dörtdir. Meniň – Ol gussaly hyklady. – Oglanlaryma göz-gulak bol, oglum. Hemem sen, – Ol agyr ýuwdundy. – Men ölmänkäm şol goýunlary ogurlamandygymy il-gün bir bilsin. Onsoň men gözümi arkaýyn ýumaryn. Ýogsa maňa o dünýäderahat ýatma ýokdur. Öwelek agyr-agyr ýuwdundy-da, hyşlaşyp çykyp gitdi. Ýaşuly howlugýardy. – Hany, Babaň gelmedimi? Bala ýerinden zöwwe galdy. – Däde jan, men ony çagyrmaga heniz gidip bilmedim. Men, häzir. Garry aga başyny kynlyk bilen ýaýkady. – Häk, çaga-da. Sen nädip, her demiňi egniňden zordan alyp ýatyrsyň. Bularyň ne gamyna. Sen öwdüň, sen ýatdyň. – Ol dertli gözüni hor, ýöne guran kökä dönen, daşarlary göm-gök hama ýelmeşen eli bilen owkalady. – Ah. Adam şular üçin jepa çekip, şular üçin ömrüni köýdürip, şular diýip, özüňçe baryň-ýoguň öňünde ýa ýaplap, ine, görjegiň... Kör daýza çykyp barýan ogluna dözmän: – Agşam al barmy, arwah barmy, ertir irdenjik gidewoýsyn. Ýaşulynyň ýangynly sesi Balanyň ýagyrnysyndan penjeledi. – Meniň ertir ire galjagymy bilýärmiň?... «Balajanynda baryny edip ylgady. Ýöne Gyzgyrlan ýerde aýak çekmeli boldy. – Aý-u-uw, dat-u-uw, ýetiş-uw! Onuň ini tisgindi. Ses şeýle bir golaýjakdan gelýärdi. Özem bir biçäre naçary biri kerçeleýän ýalydy. Ses jynssyzdy. – Kim sen? – Bala-da özi duýmazdan gygyryp goýberdi. – Waý-uw, dat-uw, aý, waý, ýetişiň-uw! Bala ýene-de balagynyň öl bolanyny duýdy. Ol hudaýy çagyrjak boldy. Emma ses onuň çar ýanyndan çawlanyp gidýärdi. Ol ylgady. Sesem ylgady. Diňe köpriniň bäri başynda duran ak sakal ýaşula gözi düşenden soň ses kiparlady. Ol salam berjek boldy. Emma sesi bokurdagynda doňup galdy. Şýaşula buz ýaly elini uzatdy. Ýaşuly onuň salamyny aldy-da sesini çykarman onuň yzyna düşdi. Bala gepläp bilenokdy. Ak sakal adam ony Babajan işanyň işigine çenli ugratdy. Soň garaňka siňip gitdi. Işan aga namaz okap otyrdy. Ol namazlykdan turansoň, gözlerine ynanmady. – Guzym! Ýaman giçläpsiň-le. Bala gözlerini mölerdip durdy. – Näme boldy, guzujygym? Bala öýleri tarapy görkezdi. Soň işan aganyň kitabynyň üstünde duran galamy aldy-da bölejik kagyza owadanja edip ýazdy-da işan aganyň eline berdi. – Dä-dem erbet. Bir-je ge-l-sin diýip zarlap ýatyr, Babam jan! Işan aga haty hetjikläp, çyranyň yşygyna tutup, öz bir ýerde, haty has aňyrda saklap okady. Ol oturdy-da namazlygy epledi. Soň ony düýrläp, burça goýdy. – Be – diýdi. – Garry janam şeýtje-gow. Ol dikeldi. Çykmadyk jandan umyt üzmek günädir, guzym. «Ýatan – ölmez, ýeten – öler» biz galdyk, bizden kän ýaşlar, bizden kän gowular gidip otyr. Biz bir adamsoňy bolduk-da. Ol ak ýüpek ýaly lowurdap duran sakalyny, akja bäbegiňki ýaly nurly, näzik ýüzüni sypalady. – Agşamyň haýryndan, ertiriň şeri, guzym, «irdenjik gelerin» diýdi diý. Men gije çykmaýyn. Öýde zordan janymy saklap otyryn... Bala öýlerine girende ejesi ony tanamady. – Waý-eý, kim gyz by. Ejesiniň öňünde buýra-buýra saçy, duw-ak bolan albassy ýaly biri durdy. – Bal-a! – diýip, ol jynssyz gygyrdy. – Bala işige elini uzatdy. – ... tir ... ýek ... di– Kör daýza birneme özüni tutdy. – Näm boldy, saňa? – Ol gyra çekildi. – Balagyň öl-le, wah, wah. Bala ýuwdunyp, işikde eýe ýaly bolup durdy. Ol indi hiç zat duýmaýana meňzeýärdi. – Gelmedimi? Balanyň balkyldap duran gözleri gepläre geldi. Onuň bokurdagyndan hälkihyrkyldy çykdy. – Aga, ... tir ... jek – ... di! – Işan aga ertir geljek diýdi? Bala baş atdy. Kör daýza ýene dözmedi. – Geç düşegiňe, çykar balagyňam... Bala diýleni etdi-de bir gysym bolup gözlerini ýumdy. 9. Garry aga demini sanap ýatypdy. Indi oňa buzam, çeşme-suwy-da gerek däldi. Babajan işan gelip, oňa «ýasyn dogasyny okapdy. Şondan soň onuň sag dyzynyň aşak ýüzünden süňki ýaryp bir baş döredi. Ol baş iki günden soň suwjaryp, soňam porsy suw akyp başlapdy. Içeride şol ysdan ýaňa oturar ýaly däldi. Ýöne adamlar oturdylar. Oba adamlarynyň bir edähedi bolýar. Olar adam sag wagty it-de-pişik bolup, biri-birine ganymda-ýagy bolup ýörendirler. Emma ölüm ara düşdigi, ähli öýke-kineler bagyşlanýardy. Häzir içerde diňe Baýdy, aýaly, ogly ýokdy. Galan garyndaş-doganlar edil bir dem sanaşýan ýaly bolup otyrdylar. Ýaşulylaryň biri akja ýaglyk bilen Garry aganyň şliniň reňki ýagşy ornan ýüzüni ýelpäp otyrdy. Howa bijaý yssydy. Daşary içeriden, içeri daşarydan dymykdy. Howanyň jebirli demini her kim demini çykarman çekip oturan ýalydy. – Ah, – diýip, Garry aga az-kem ynjalyksyzlanyp aýtdy. – Aldy, agyrysy, ah... Onuň daňdan bäri aýdan ekeje şulardy. Agyr ýatan hassa gepländen soň adamlaram janlanan ýaly boldy. Indi oturanlaryň nazary burçda, başyny dyzlarynyň üstünde goýup, burny ganan ýaly, dilini çykarman oturan Bala gönügipdi. Bala duw ak saçlaryny, juda ýakymsyz görünýän gaşyndan, kirpiginden utanypmy, ýa-da gussasyny ýüregine sygdyryp bilmezlikdenmi, başyny egip, keçäniň gülüni dyrmap otyrdy. Adamlar onuň dilden galmagyna kän bir pitwa etmeseler-de, bir sagatda agaran saçyna, gyşa galan garry gyz gawunynyň paçagynyň daşyna dönen ýüzüni görüp, ýakalaryny towlaýardylar. Kim ony eýe urandyr öýtse, beýleki biri «ejesinden bagryna inçekesel geçip, pisaçandyr» diýýärdiler. Kör daýza kümüş gülýaka ýalyjak oglunyň bir gijede bolşuny aklyna sygdyryp bilenokdy. – Men aýtdym ahyryn, ibermäli, ertir gitsin – diýip. Etmedi. Indi öz-ä beýdip ýatyr, dat ol oglanyň gününe. Ne dil, ne agyz bar onda. Al kakan ýaly... Kör daýzanyň agzyndan çykýan ýalynly sözler her kim üçin gyzyklydy. Olar oglana näme bolanyny, arwahyň ony nähili uranyny biljek bolýardylar. Kör daýzanyň özem adam oglunyň görüp, doýup bilmeýän güýjüniň zarbyny bütin ömrüne çeken aýaldy. Indi bolsa ony oglunyň ömür boýuna çekmeli boljagyna bir ölüp bilenokdy. ... Ellinji ýylyň gyşy bolsa gerek. garry agany şonda-da bir entedipdiler. Olam taýagyny taşlap Gyzylarbat şäherine gidip işe durupdy. Giden-ä oldy. Emma derdi, öýüň güzerany Kör daýza galypdy. Ol iki çagasy bilen öz gününi ölmez-özi dolaýardy. Gyş agyr gelipdi. Dyz boýy ýagan gar doňdy-da, yzy sürçege ýazdy. Kör daýza çagajyklaryny horlamajak bolup ýeňňelerinden çörek, un alsa-da onuň ýagdaýy tutuş obada gaty kyndy. Gowy odun üçin daga eşekli gitmelidi. Bu sürçek, doňaklyk howada men diýen adamlar obadan çykyp bilmänsoň, aýal-a baýakydy. Öýde peje salar ýaly ýekeje çöp ýokdy. Bala erbet dümewläpdi. Öý bolsa sowukda ýaňa durar ýaly däldi. Kör daýza penjirä ýorgan tutup, gapdallaryny dykyşdyrdy. Ilki işige keçe tutdy. Garaňky öýde gündizem çyra ýakdy. Indi onuň nebtem boşapdy. Ile-güne bir bedre un ber diýseňem, bir ýakasy odun ber diýip boljak däldi. Kümeleri söküp agajyny alaýyn diýse-de çaga emdirip ýören aýala aýazly, süňňüne çenli doňan sürçekli howa çykmak hyllallady. Onda ne düzügli gyş aýakgaby, ne-de bir galyňraň üst-baş bardy. Onsoňam, kümäni söküp agaç alaýanyňda-da, ony kimdir birine çapdyrmalydam. Oňa-da adam ýokdy. Kör daýza bir gün çirim etmän alaçsyzlygyna zar-zar aglady. Hudaýa nalyş etdi. Edil şol wagtam daşky işik açylan ýaly boldy. Nämedir bir zat şakyrdap gitdi. Ol gorka-gorka daşky jaýa çykdy. Daş çykmakçy bolanda, nämedir bir zada büdredi. – Bu näme gyz? – diýip, eline çyra alyp, çykyp, eglip, eli bilen görse, ol gözlerine ynanmajak boldy. Daşky jaýyň ortasynda ep-eslije taýýarja odun üýşüp ýatyrdy. Kör daýza işigi çekdi. Emma işik öňküsi ýaly, içinden zülpelenip gurulgy durdy. Ol aşak oturdy. Taýýarja gup-gury oduny kimiň getirip biljegi barada oýlandy. Eger adamsy getiren bolsa, ol oduny goýup, özi beýlede galmazdy. Adamsy başga birinden iberen bolsa-da, işik içinden gurulgydy. Ol adamsy gelip, gizlenýän bolaýmasyn diýibem bir keltejik oýlandy. Çyrany ýokarrak tutup, burçlara aýlady. Içeri girip ýüküň aşagyna çenli seredip çykdy. Emma hiç kim ýokdy. Kör daýza hiç zada düşünmedi. Ýöne oduny welin gaýgyrman ýakdy. Ony haýrana goýýan zat odun tükeniberse, ýene-de üsti dolýardy. Ol ilki batyrsyrasa-da soň il-güniň dilinden çekildi. Oduny girelge-de ýaýradyp goýman, içeri, ýüküň aşagyna çekdi. Şeýdibem doňaklykdan däl, gyşdan çykýança odundan hor bolmady. Gyşyň ahyrynda, bir gije Garry aga duýdansyz geldi.ol başga zada geň galmasa-da, bu del odunlary görüp oturyp bilmedi. – Bu odunlar näme? Özem, Orsiýediň agaj-a. Ol bu öýe nähili düşýär. Kör daýza ilki bir aýtmajagam bolupdy. Emma adamsyndan syr saklamak müşkin däldi. Ol şeýle-şeýle diýip söz başladam welin adamsy. – Du-ur! Aýtma – Diýip goýberdi. Şol bada-da nähilidir bir güýç onuň gözüniň üstüne ýumrugymy, ýa-da agyr tokmak daş bilen ýelmäp goýberdi. Kör daýzanyň bir gözi içine gitdi-de, akyp başlady. Ol ýedi gün diýlen-de özüne geldi. Adamlar alty günläp onuň agzyna pagta bilen suw damdyryp, daşyna üýşüp oturdylar. Ine, şondan soňam onuň at dakylan «Kör» ady hakykata öwrülipdi. – Wah – diýip, Garry aga ýene-de hyklap başlady. – Aýagym, sargysyny açyň, öldüm. Kör daýza adamsynyň aýagyna golaý süýşdi. Her zadyň änigine-şänigine ýetjek bolýan ýaly, onuň daşyny gallap duran adamlar hem köne ýorganyň pagtasyna dolanyp, ýelýyrtan bilen daňlan aýaga aňkaryşdylar. Şol wagtam daşardan. – Ba-la, aý-uw Bala, daş çyksan-a! – diýen aýal sesi eşdildi. Şol gijeden soň ýüreginde erbet gorky galan oglanjyk ýerinden zowwa turdy-da, burça ýaplanyp titräp başlady. – Ba-la! – Ol Gynna gelnejesiniň sesini tanady. – Ol däş çykdy. Gynna gelin daşky işikden boýnuny içeri uzadyp durdy. – Adam üýşüpdir-le, haýalmy dädeň? Bala sesini çykarmady. Oňa derek Gynna gelniň sesi rüstem çykdy. – Ejeň öňräk on bäş manat alypdy. Şol zerur gerek bolup dur. Şony bersin diý. Balanyň gözleri peträp, aýagynyň astyna düşere geldi. Gelnejesiniň türkmen sahawatlylygyna gelişmeýän sözlerindenmi, özleriniň şeýle doňbagyr adamlara bergidarlygynamy, ýa-da olaryň özlerini şeýle äsgermeýşinemi, gahar-kinesinden ýaňa bir gysym bolup içeri girdi. Ýaşulynyň alyp duran ýarasynyň awusy öz ýüreklerine dökülip duranlardan biri, yby aga Baýdy fermanyň aýalynyň sesine haýran galdy. – Tapypdyr, karzyny dilejek wagtyny, haram heleý – diýdi. Gynna gelniň hökümli sesini öýdäkileriň ählisi eşdipdi. Ýöne nämüçindir, kör daýza oňa üns bermedi. Yby aga ýeňiljek deşukasynyň ýörite matajykdan tikilen goltuk jübüsine urlan iňňebagjygy howlukman açdy-da, ondan üç sany bäşlik çykaryp, Bala uzatdy. – Bar, eltip ber, şol heleýe. Ýüregine ýamasyn. Gynna gelin Yby aganyň sesini eşidensoň, kerk gören şagal ýaly, öz işiklerine bakan ýumlupdy. Gynna gelin puly aldy-da agzyny towlady. – Waý-eý, pis açaýypmy, hudaý saklasyn – diýip, ýakasyny towlady... 10. Garry aga dilden galypdy. Onuň indi diňe boýnunyň damarlary tyrsyldaýardy. Hemem döşi dokmaçynyň mäkisi ýaly, iki ýana baş-baratsyz gidip-gelýärdi. Bala huşuny ýitiripdi. Ol gepläp bilmese-de ähli zady eşidip, görüp otyrdy. Ýöne agyr ýadawlykdanmy, ýa-da öňňünki Sumbaryň boýundaky «Aý-uw» laryň urgusyndanmy, hiç essine gelip bilmeýärdi. Ol dyzlarynyň üstünde ap-ak saçly başyny goýup, ýuwaşja iriljiräp otyrdy. Ýaşulynyň damagy harlady. Yby aga ýüwrüp bardy-da Garry aganyň başyny galdyrdy. Hyrryldy galdy. Başy birneme galan ýaşuly töweregine delmuryp garady. – Ba-la! – diýdi. Bala laňňa ýerinden galdy-da gözlerini elek-çelek edip ylgap onuň ýanynda oturdy. Ýaşuly ilki: – Ogulbe-eg – diýdi. Soň Bala baş atdy. – Gutardy – diýdi. – Ogulbeg gell-li, Bala! – Ol başyny atdy. – Ra-zy-yý bo... ra-z-zy-ý. Bala gözlerinden çogup çykan gözýaşyny kakasynyň guran ellerine seçelendirdi. Ýaşuly ony duýmady. – Ogul-ly-be-eg gel-li. Hoş. Çuw. Git-ti-ik! Şondan soň ýaşulynyň gözüniň nury öçdi. Yby aga ýaşulynyň başyny galdyrdy. – Garry, Garry jan, ogluň bilen hoşlaş. Ýaşuly dodagyny çalaja gymyldatdy. Emma ondan hiç hili ses çykmady. Yby aga onuň kelemesini gaýtaryp başlady-da: – Gidip barýar, hoşlaşyň – diýdi. Garry aganyň indi dem-düýtsiz, tekiz iki eli sadyklyk bilen gowşurylan döşi aýadan doldy. – Razy bol, dogan! – Razy bolgun, gardaş! – Gara dagym ýykyld-eý! – Kör daýzanyň eňremesi, kimdir biriniň işige çykyp «Waý, dogan-eý!» diýip ulili bilen ses etmesi bilen, bu öýüň ümsümligi bozuldy... ... Bala aglabam bilenokdy. Ol doňup galypdy. Gün dogup, dogmanka olaryň işigi ibirt-de-zibirtdi. Aýallar «waý» çekip, her kim öz ölüsiniň derdine aglaýardy. Bala bilen hiç kimiň sesi işi ýokdy. Gün guşluga galanda Garry aganyň tabydyny daşary çykardylar. Jynaza okalyp bolan badyna, edil ýerden çykan ýaly bolup, bir bölek dowar oba girdi. Öwelek taýagyny bulaýlap, sesiniň badyndan gygyrýardy. – Adamlar, saklanyň! Duruň, adamlar! Ol dowar sürüjigini aýlawa goşýan ýaly, gaýgyrman sürüp gelşine böküp tamdyryň oturylýan bölegine çykdy. – Adamlar, Garry aganyň goýny tapyldy. Ol bölünen eken, adamlar. Garry aganyň günäsi ýokdur-ow, adamlar! Ol şeý diýip gygyrdy-da özüni tabydyň üstüne oklady. – Günämi geç, atam jan-eý. Gölegçiler «waý» çekişip tabydy göterdiler. Ogurlandy diýlen vxz vigrimi goýun bolsa özlerine taýak çalman ekläp-saklan goja çopany iň soňky ýoluna ugradýan ýaly, gölegçilere goşulyp uly ýoluň ugry bilen barýardy. Babajan işan bu ýylky dowzah ýaly gazaply tomsuň gazaply yssysynda bir gysym bolupjyk, hasasyna, söýenip , uly ýoluň ugry bilen, süýrenip diýen ýaly kakasynyň gonambaşy bolup ýatan mazarçylygyna geldi. Ol kakasynyň baýryň üstünde, gümmezlenip duran gubyryna däl-de heniz üstüniň gumynyň gyzylam solmadyk mazara bakan ugrady. Mazaryň başujynda, düýnki oturanja ýerinde oturdy-da, çaganyňka dönen kiçijik ellerini göterdi-de doga sanap başlady. – Aguzy-billähi işine şeýtana-rejim, bismiallahy ar rahman rahy-ym... Onuň göz öňüne ýene-de şol neresse, güýze galan garaly ýaly, bigünä buldurapjyk duran gözler, neresselikden ýaňa Käbäniň gara daşyna öwülip giden näzik, gap-garaja ýüz geldi. – Baba jan! – Ol ziňk edip gitdi. Dodaklarynda doňan dogasyny çeýnäp, yzyna gaňrylanynam duýmady. Soňam başyny ýaýkady. Ölüm armansyz bolmaýar. Ýöne goşa gelip, bir öýi, öňem bidöwlet öýi edil dagdan esräp eňen sil ýaly çaýkap giden ölümiň ahy-armany bir öýe däl, tutuş obaň üçinem ýeterlikdi. Babajan işan Garry çopanyň bu apatly ölmüne näçe «sesi gaýgyrsyn-da» diýse-de, erbet gynanyp otyrdy. Şeýle agyr jebir çekip, bigünä halyna agyr töhmetleriň şarpygyny iýip, bir topar çagany iýjek-geýjek wagty, keselden çüýräp oturan ýumruk ýaly aýala taşlap gitme, onda-da özüniň ýaşamaly wagty gitme gaty uly apatdy. Ýöne ol habar Babajan işany telbe edip taşlady. Onuň ýüreginiň başyny şartyldap bir zat üzülen ýaly bolupdy. Eli, üsti-başy gara gana ýuwlan Gurban şopuryň garaýagyz ýüzüni ýedi ýuwlan esgi ýaly edip girmegi öýle namazyny okap, namazlykdan ýaňy turan ýaşulyny geň galdyrdy. – In-ne, Gurban jan, oglum, han-y, gel. Gurban şopur işigiň agzyna, takyr ýere çökdi. – Işan kak-a, iş-ä bitirilendir. – Ol ýumrugy bilen takyr ýeri düňňizledi. – Bagtym ýatdy, öýüm ýykyldy. – Ol hunybirýan eňräp başlady. Işan aga düşünmedi. – Be, be, hany, ölümden başga zadyň alajy bolar, hany... Gurban ýene ede eňredi. – Wah, ölüm-de, ölüm-de... – Wa-h-heý, düşnüklije diý! Gurban ýere garady. – Şo-ol arakyja oglan, ed-dil öňki ýerinde, ýene maşynyň aşagyna düşdi. – Ol ýene birden erbet gyjyndy-da, ýüzüni gözüni çytyp, dişlerini çalyp, edil dälirän ýaly, titredi. – Gözüm gapyldy, garaja gözüm. Babajan işanyň başyndaky depesi kiçirak el degirmeniniň üsti ýaly telpeginiň sarymtyl tüýleri, ak ýüpek ýaly sakalynyň ujy titräp başlady. – Näm-me? Gurban şopur mu-musunyň mustapasyny aýdansoň-a onuň guty gurady. Garry çoňpanyň öýi ýene-de yzan-da-çuwanlykdy. Indiki agy öňküniňem çeni däldi. Babajan işan sesini çykarman bir böwürjikde oturdy. – Neresse – diýip, Öwelek gözüniň ýaşyny seçelendirip, elendi. – Garajaýew mugallym mekdebe çagyryp, «Sen klasyňdan galdyň, bar gaýt» diýip, klasa-da salman kowup goýberipdir. Erbet gahary gelipdir. Şondan gelýärkä-de, obanyň ortasynda, giň ýolda, uly ýoldan geljek bolanda bolýan iş-dä. Babajan işan ölüm diýen zady indi görmeli däldi. Şonda-da onuň agzy uçuklady. Oglanjyk bu gün myhman alyndy. Şonuň üçin ol öýüne gaýtdy. Ýöne onuň ýüregine agşam ot düşdi. Daş çykyp, kütelişen gözleri bilen ýedigenleriň arasyny her näme sermese-de ol şol guýrukly ýyldyzy tapmady. Ine, onuň ýüregine şonda düşdi. – Eý-ho-oý! Ol daňdan çala ymyzgananda kakasy Garry işanyň ap-ak ýüpege çolanan, perişdemi, çagamy, biriniň elinden tutup barýanyny gördi. Ol öz guwanyp ýörenje çagajygyny tanady. – Şol, meniň diýýän perişdäm, şu! – Rugtatmydyr, indi – çagajyk enaýyja saýrady. Garry işan ýaz ýaly ýylgyryp durdy. – Uçuber, rugsatdyr! – Bala – perişde ganat ýaýyp, ak nura çümüp gitdi. Babajan işana şondan soň ukam, rahatlygam ýokdy. – E-eý, allam, bu gara bagt türkmene iki ýüz ýyldan bir sahawat genjiňi iberdiň. Onam saklap bilmedik. Türkmeniň bagty indi haçan dogar, haçan. Bu bozulyşymyz bilen, indi bize haçan ýalkanmak bardyr... Babajan işan näçe ýüz ýyldan bir gezek doglan mukaddeslik alamatynyň guburynyň başynda tomsuň jöwzasyna eräp gidip barsa-da ýerinden turanokdy. Bu tomus türkmeniň törüne Magtymgulydan soň Hakyň nusgalyk edip ibern halallyk nyşanyny elinden gaçyryp döwen iň soňky tomsudy. Babajan işan çagşap başlady. Onuň ýüregindäki sowuk galpyldy barha güýjäp, ýülügine çenli ýetip, doňduryp alyp barýardy. Onuň gulagyna goňşularynyň biriniň eýwanyndan diktoryň: – Biz beýik kommunizmiň röwşen geljeginiň gurluşygyna başladyk. Halkymyz ýene-de sähelçe, has dogrusy on-on bäş ýyldan beýik kommunizmiň sapaly gujagynda ýaşar – diýip, ýüregi ýarylan ýaly bolup gepleýärdi. Babajan işan şol gelşine, şakyrdap duran dişlerini gysyp, başyny ýaýkady. – He-eý türkmen türkmen, bu bolşuňa indi haçan ýüzüň ýagşylyga düşerkä. Bu tomus Babajan işanyňam iň soňky tomsudy. Soñy. Baýramaly, 1996 ý. 1-22-nji noýabr. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |