01:23 Iñ soñky tomus -5/ romanyñ dowamy | |
IKINJI BÖLÜM
Romanlar
1. Obanyň sekiz ýyllyk mekdebiniň botanika mugallymy Durdy Garajaýewiň edeni ugruna boluberenokdy. Ony bu günem mekdebiň direktory ýanyna çagyrdy. – Ýak, Durdy, walla biz bir beladan dyndyk diýsek, sen bizi ikinji belanyň üstünden oklaýaň. Garajaýew-ör gökden geldi. – Men arassadyryn, direktor. Hasaplaşdym. Indi mekdep uçastogy bilen algymam, bergimem ýok. Hutma-hut. Ol geçen ýyl mekdep uçastogynyň üljesini satyp, pulunam bir sebäp bilen öz hajaty üçin sowup goýberipdi. Emma kimdir biri Garajaýewiň bu etmişini etrap bilim bölümine ýazyp beripdi. Bilim bölüminiň bir inspektory gelip direktoryň iki aýagyny bir gonja sokupdy. Ahyrynda pul az-owlagam bolsa ýerinde goýdurylypdy. – Ol dälle – diýip, direktor ýaňy agzyny açandan Garajaýew onuň sözüni kesdi. Ol direktoryň alyna baryp iki elini sypalaşdyryp, boýnuny burdy – Men walla, ony özüm üçin alamok. Ussahananyň gulpy gowşak. Çüý bilenem açyp bolýar. Onsoň-how, bary ýogy iki kub tagta, öýe äkidip goýdum. Özüme däl, mekdebe bolsun üçin. Ýöne, il bir erbet, swoloçlar, sluşiý, şonam ýazyp beripdirler. Bezobraziýa. Ol mekdep ussahanasyna okuwçylara neçjarçylyk öwretmek üçin gerek boljak üç kub tagtany öz öýüne düşürdip, indi üsti açylansoň hem yzyna getirilenini gürrüň edýärdi. – Men arassa , hudaý bar. Indi etjek däl, wessalam... Direktor ony saklady. – Otur, diňle. – Ol mugallym oturýança garaşdy. Jaň kakayldy. Garajaýew ýene ýerinden turdy. – Otur, nähil-läý, sen, çaga ýaly. Garajaýew boýnuny burdy. – Sapagym bar, ýa çort snim edeýinmi? Soň geläýin-le. Sen birje käse çaý iç. Men gyzlara demle diýeýin. Bor, diýäý diý – Ol işige gygyrdy. – Bike! Direktor: – Hany, otur – diýip, dözümli aýtdy. – Otur. Garajaýew boýnuny ýene-de burdy. – Walla, men arassa... Direktor stoluň üstünde duran «Belemorkanaldan» birini aldy-da ujuny dözümsizmynçgalap müşdigini dodaklaryna gysdyrdy. Ýaňy timisgenen Garajaýewa ýetirmän stoluň üstündäki otluçöpi alyp, çilimini otlady. Ajy tüssäni daşyna burugsadybam stoly ýumruklady. Bu ýagdaý Garajaýew üçin erbet alamatdy. Direktor hemişe: «Meniň çilim otladygym, atyň guýruguny dişledigimdir. Atam göründen direlip gelse-de rehim tamakin bolmaň» diýýärdi. Garajaýew başyna nähili melamatyň gopjagyny bilenokdy. – Düýn üçünji sagat dördünji klaslarda näme hekaýat gopardyň? Düýnki waka asyl onuň huşundan şol wagt uçup gidipdi. Şonuň üçinem ol ýadyna hiç düşürip bilmedi. – Walla, çynym, hemme zat gül ýaly bolan zat ýok, walla çynym, duz kessin, ynanaý. Direktor jübüsinden ýaglygyny çykaryp arslanyňky ýaly ullakan, agras ýüzüni, frontdan galan ýara yzyny boýnunyň çapgy ýassygy ýaly ýeňsesini dözümli sypalady. – Gowja pikirlen! Garajaýew düýnki sapagy huşuna hiç getirip bilmedi. – Ýok, men-ä bilmedim, özüň aýdaýmasaň. Direktor çilimini küldana basdy. – Garryýewli waka nähili boldy? Garajaýewi ýyldyrym uran ýaly bolsa-da, ol syr bildirmedi. – Hah-ha-haý, doňuz ogly. Ol-how – Ol ýerinden turup direktoryň golaýyna gelip, ellerini gerip, gaşlaryny geň-taň görýän ýaly edip bürüşdirdi. – Ol doňuz ogly aldy-da, klasda balagyna siýip goýberdi. – Ol eliçarpdy. – Özem okuw wagty, okuwçylaryň arasynda . Direktor boýnuny sallady. – Goýsan-aý. Garajaýew ýene laňňa ýerinden galdy. – Ynanaý, öwlüýä kessin. Bajymdan ant içýän. Okuwçylardan sorada göräý. Direktor esasy urgyny urdy. – Şu gün şol ile belli dawaçyl kör aýal otuny alyp aşak geçdi. «Nirä barýaň?» diýenlerinde: «Düýn Garajaýew depip oglumyň sidik haltasyny ýarypdyr. Ilk-ä dogtora görkezjek, ondan sprawka alybam göni milisiýa barjak» diýipdir. Muňa näme diýersiň. Direktor indi oturdy. – Men depe-mo... – Ol birden bat aldy – Çörek çapsyn, bajymdan ant içýän depemok. Klasdan soraý. Biri aýdyp bilmez. Direktor indi hasam ýuwaş gepledi. – Şol gep okuwçylardan çykypdyr. Soralyp görüldi. Ählisem: «Garajaýew mugallym klasda ukladyň diýip, Garryýewi urup-urup öňe çykardy. Soňam ýykyp içine depdi. Şonda Garryýew gorkusyna balagyna siýdi» diýip otyrmyşyn. Sen näme, oglanly öýde ogurlygyň ýatmaýanyny bileňokmy? Garajaýew halsyz gepledi. – Bilýän-le. – Ol başyny ýaýkady – Indi nätsemkäm? Ýa «spawka berme»diýip dogtoryna ýalbarsammykam... Direktor başyny ahmyrly ýaýkady. – Indi dünýä bilýär, ony. – Ol elini gaýra uzatdy. – Ýaňy çagalar görüpdir. – Kolhozbaşlygyň özi iki adama göterdip kontora saldyrypdyr. Eşekdenem düşüp bilenokmyş. – Kontorda näme işi barka? Direktor ýene bir çilim otlandy. – Çöz-dä öz oňaran matalyňy. Olaryň ikisem agyr oýa batdy. Direktor häzir ýalan sözlänokdy. Onuň öz saly suw üstündedi. Şeýle ýagdaýyň bolanyny ol dördünjiklasda okaýan gyzyndan eşidipdi. – Bagty ýatypdyr Garajaýewiň – diýip, aýaly aty çykan ýaly bolup gürledi. – Gowy bolaýdy. Tamçaň poly ýok, üstünden ýagyş şaglap geçip dur. Direktor halyňa, sen almaly halyňa mekdebe gelen tagtany öz öýüne çekip, ýer hopmuş. Oňarýa, şol Kör aýal... Direktoryň özi bu aýalyň kimdigini gaty gowy tanaýardy. Ikinji klasdaka şol ogluna Leniniň suratyna galam degripsiň diýip bir şarpyk çalanda, eý, hoý, ol aýal, hudaý saklasyn, ýalyn bolup kükräp gelmedimi. – Sen, han ogul, zada düşünmeýändir öýtme. Sen ýokary okuw jaýynda bäş tomuny okan bolsaň, men otuz bäş tomuny okandyryn. Seni çagany urmaly diýip bu ak mekdebe mugallym eden däldirler. Ýedi ýyl Çärjewe gatnap alan gaty kinişgäňi, ýedi sagatda eliňden aldyrmaýanmy... Ol şol günüň özünde raýkoma baryp, raýkomdan, bilim bölüminden adam getirdip, oňa berk käýinç berdirip, uzur ötünjini ýedi sapar gaýtaladyp zordan köşeşipdi. Şondan soň ol aýalyň ogly mekdebi otlap dursa-da ýüzüň üstünde burnuň bar diýmezlige kasam edip, ant içipdi. – Oý-ho-o! – diýip, ol ony beýle goýmaz. Ogly depilensoň sidigini saklap bilmedik bolsa, hudaý saklasyn sidik haltasy deşilendir. Ol aýalynyň bu sözlerini başyna geýip, elem-tas bolup mekdebe geldi. Okuw başlandy. – Garryýew. Bala ýerindemi? Sübsekär aýallaryň biri şo wagt onuň aýalynyň sözüni tassyklady. – Ol bu işi beýle goýmaz. Direktor häzir özüne gelmänkä üçünji habar geldi. – Balany ýörite maşyn bilen öýüne getirdiler. Agşamara ýene-de bir habar geldi. – Babajan Işan gidip Balany okap, oňa eş edip, doga edip gaýdypdyr... Direktor kellesini tutdy. – Baý-bu-uw-uw! Ysluşyý, ýörite maşyn elten bolsa, Işan aga gidip oňa ýasyn okan bolsa, işimiz gaýdypdyr. – Näme? – diýip, Garajaýew ziňkildäp gitdi. – O nämäniň maşyny? Direktoryň garaýagyz ýüzi duw-ak bolupdy. Onuň ullakan, pajyk burny ziňk-ziňk edip başlady. – Işan aga... Direktor çilimini küldana basdy. – Sen, Garajaýew özüň bulaşdyrdyňmy, ýagşylyk tamasyny etme. Meniňem bäş çagam bar. Çärjewiň pedistitutyny ýaňja zordan gutardym. Indi hözirini görjek mahalymam, sen maňa badak atma. Ýaz düşündirişiňi. Özüňem häziriň özünde pedsowete saljak. Pedsowetden ol ezilen towuk ýaly bolup çykdy. «– Nähili etseň et, ötünç sora, bagryň bilen süýş, berim ber, ertir şol oglan mekdepde bolsun. Ol bolmasa-da arzaň bilen gel. Milisesine, doktoryna, raýkomyna özüň jogap berersiň» Oňa iň soňky käýinç berildi. – Gardaşym – diýip, Garajaýew işiň ahyrynda direktoryň ýanyna geldi. – Sen bir meni horlma. Men ýetim. Senden başga arkam ýok. Özüň düzet şu işi... Ol agşam, il gözi ýygnanansoň iki kub tagtany hemem baga bakyp oturan semiz goýnuny direktoryň işigine düşürdi. Soňam ýalançyda ýalňyz galan ýetim çaga ýaly, boýnuny burup, aýaklarynyň hersinden asylan «ýüz kilolyk daşy» zordan göterip Gynna bajysynyňka bakan ugrady. 2. Balany ugradansoňlar kolhozyň başlygy begenjini saklap bilmän, ýerinden turdy. – Be-eý, gowy bolaýypdyr, pahyrlar. – Ol çalaja gerindi. – Aslynda men Garry agany gowy görýän. Pakyr, biziň daglarymyzda goýun bakanda oba eňerdi. Her gelende-de üç-dört sany käkilik, ir eşek ýüki kerkaw, bize-de bir torba alyp getirerdi. Hiç ýadymdan çykanok. Adamçylygy unutýas-da, ýogsa, üýşüp, bir goýun, bir halta un, on kilogram ýag alyp, üýşüp baryp, bileje «ýagşymysyňyz» diýip gaýdyberseg-ä bolmanam duranok. Wekil aýal kellesini titretdi. – Oba Sowedem mata-marlyk, bir maşyn odun kömegini etse... – Oňa ýetesi näme bar! – Hawa, onuň bize eden ýagşylygam aňyrsyna çykar ýaly däl-diýip, Öwelegem gorsandy. Ferma müdüriniň ýüzüne gurum sepilen ýaly boldy. – Başlyk, azajyk howlukmalyň. Ol seniň dädeň dosty bolsa, meniň jan ýaly doganoglanym. Maňa sendenem ýakyn. Ýöne ýumruk ýaly oglanyň gepine gidip salgyma kowalaşmalyň. Bu ýerde agyr jenaýat ýatyr. Doganym eziz, ýöne kolhozyň, köpüň maly maňa ondan müň esse eziz. Ýüz ýigrimi goýny şagala şam eden adama salama barmak, ony halyň nedir diýip sensiretmek, döwlete hyýanat etmek bilen deňdir. Aýdaly, biz-ä bu gün baryp oňa höre-köşe edip, otursak ertirem ony gözenegiň gaýrasyna atsalar, biziňem ýüzümize ak ýglyk degmez. Başlyk ýüzüni çytdy. – Ony günäsi üçin atanlarynda näme, biz adamçylykdan çykmaly däl-ä. Kanunda atuw jezasy diýen madda bar bolsa, biri-biriňe kast etme pederden bäri bardyr .onsoňam, şol adamyň ýüz ýigrimi goýny ýok etmejegine allanyň öňünde men kepil geçýän. Ol sürüde bolmasa başga sürüdedir, Garry çopanda bolmasa Mürri çopandadyr. Ýa-da bölünip, depeleriň birinde otlap-suwlap ýörendir. – Ol ferma müdürine owadan, ullakandan bigünä gözlerini aýgyt bilen dikdi. – Gözläň, kolhozyň maly ýitse, idejek dälmi malyňy. Ýer ýykyň tapyň... Ol ýygnagy tamamlady. Gürre örüşep adamlara birlaý seretdi-de Öwelege ýüzlendi . – Sen gal hany?! Baýdynyň Haýýaty göçdi. Ol tas diwary süsüpdi. Stalin papagynyň inli, ýasy gaşy diwara dwgip, soň koridora tigirlenip gitdi. Ol işige baryp ýanyndaky aýal girýänçä garaşdy. Täçmyrady hem üm bilen aklady. – Başlyk bir zatlar aňýan-a däldir. Bu sowal Täçmyradyňam galpyldap duran sütünini yrady. – Bilmedim, däde. Ýaňky ker geçi ýaly edip, Öwelegi goşmaly däldik. Şoňa ynam ýok. Baýdy gözüni süzgekledip oýa batdy. – Bolmasa Mürri çopan onuň nireden kellesine gelsin... – Menem haýran, däde. Olar kolhozyň kontorynyň işiginde tä Öwelek çykýança serim-sal bolup durdylar. Öwelegiň keýpi ýokdy. – Näme diý-daý – diýip, Täçmyrat agzynyň nasyny aýap, sorady – başlyk?! Öwelek belli jogap bermedi. – Aý, işdird-äýt. Täçmyrat nasyny tüýkürdi. Soň eliniň aýasy bilen agzyny süpürip durşuna: – Näme, şeýle gizlinmi, bizden ýaşyrar ýaly. Şol iş bize-de degişl-ä. Öwelek ýüzüni sallady. – Hiç kime aýtma diýdi. Baýdynyň içine lap edip ýalyn urdy. Ol it ýylgyşyny şonda-da goýmady. – Agşam, köşekler bize üýşeliň. Birje maslahatym bar. – Ol Täçmyradyň garnyna barmagyy dürtdi. – Onda sen ystarjyý. Hemşeriňem alyp bar. Täçmyrat oljasy oňana döndi. – Onam alyp baýaýynmy – diýip, ýol bilen gündogarlyga haýdap barýan wekil ýaly görkezdi. – Aý, senem-aý, doýmadyňmy şondan diýip, Baýdy başyny ýaýkady. – Ony, soň daga, sanawa gidenimizde alyp gideris. * * * Agşamy Täçmyrat zordan düşürdi. Iýmçi tokly ýaly bolup, ol Baýdynyň tabagyna ýuwuksuz çemçe bolup galypdy. Agşam düşdügi ýüzi öz-özünden şol tarapa öwrülip, aýaklary Garaganla bakan ädiliberýärdi. Onuň nahardan başga-da süýjüje bähbidi bardy. Olam Gynnady. Gynnanyň adamsy frontda galypdy. Ol soň köp ýyllar, Ogulbeg işden çykandan soň onuň ýerine geçip kolhozyň maldarçylyk boýunça hasapçysy bolupdy. Oňa hasap-hesibi, çot kakmany öwredenem Täçmyradyň özüdi. Ol bu garaýagyzdan owadan, ýaby ýaly daýaw gelniň, ununhy, çaýyny-süýjüsini, otuny-çöpüni kem etmändi. Özünem taňry ýalkasyn üçin edenokdy. Muzdjagazy şol gara gelniň özüdi. Ol obada Täçmyrat jalataý adyny alan adamdy. Soň Gynnanyň özüniňem ýüzjagazy ýyrtyldy. Ol kolhozdanam, dükündanam hakyny giderenokdy. Baýdy çopanyň aýaly öldi. Çagalary ýetim galdy. Onuň özünem kolhoza ferma müdüri edip bellediler. Onsoň haçan görseň Gynna bilen Baýry, hersi bir ýaba münüp dowar üstüne barýandyr. Täçmyrat ony gatam görüp durmady. Sen bolmasaň senemjan edip, başga bir ýüregi ýuka gara gelini girisine saldy. «Işleýän ýeriň dükan bolar-da gelin gytlyk edermi» – diýsen-e diýdi. Şol arada-da Baýdy bilen Gynna goş birikdirdi oturyberdi. Şondan soň Baýdy fermanyň döwleti zyýatlanyp, gelim-gidimi artdy. Gynna gelin has ýokary, oba Sowetiniň Sekretarlygyna çekildi. Ýöne ol Täçmyrat bilen garynja gatnawyny goýmady. Gaýta oňa: – Täçjan, gardaş – diýip, täze at dakdy. Täçmyradam oňa-ha «gyzyýa», Baýda-da «däde» diýmäni çykardy. Şeýdip gyzyýa – gardaşyň pynhan gatnaşygy hasam süýjedi. Täçmyrat Baýdynyňam söwer dosty boldy. Iýenleri aýry gitmedi. Döwüň jany duran çüýşe ýaly, Baýdynyň ähli pyssy-pujurlygy, syry, etmişi Täçmyrada aýandy. Onsoň ol döwüň jany salnan çüýşäni saklaýan adam ýalydy. Oňa bu öýde ýüzüň üstünde burnuň bar diýlenokdy. Diýildigi çüýşe daşa uruljakdy. Täçmyrat muny gowy bilýärdi. Şonuň üçin ol öz bähbidinem gyrada goýanokdy. Baýdynyň sowatsyzlygyndan, aňkawlygyndan peýdalanyp, ep-eslije dowar edinipdi. Ony her bir sürä baryp: – Täçmyradyň näçe maly bar bu sürüde – diýip, ýuwaşjadan soraýsaň, derrew aýdarlar. Sebäbi Täçmyrat olaryň etini özlerine iýdirýänini bilipjik durlar. Ýöne, nätjek-dä «güzeranyň, günüň üçin güniň balasyny allalamalam bolaýýar-da Ahyry garaňky gatlyşdy.täçmyrat Öwelegi yzyna tirkäp, aýak ýagşy ýygnananda Baýdy fermanyň işiginden girdi. Fermanyň ogly Gulça olary töre geçirdi. Öňlerine legen goýup, kündükden ellerine suw akyzdy. Beýleki jaýdan naharyň ýakymly ysy gelýärdi. Öwelek gulk-gulk ýuwdunup, görsene diýen görnüşde başyny aşhana bakan atdy. – Hany, baýar agamyz? – diýip, Täçmyrat Gulçadan kakasyny sorady. Gulça haňk-huňk jogap berdi. «Diýnek ýok – diýip, Täçmyrat ýerinden ýuwaşja turdy-da aşhana girdi. Aşhana alagaraňkydy. Öçügsi yşyga Gynna börek büküp otyrdy. Täçmyrat baryp ony ýuwaşja gysymlady-da, ýaňagyna ýaňagyny degirdi. – Baý-dy?! – Men – Täçmyrat ýuwaşja pyşyrdady. – Äriň hany? Gynna geň galdy. – Ýok-my? Öýded-ä. – Ol daşky jaýa gygyrdy. – Gulç-a hany ataň. Gulça içeri girmedi. – Atam, häzir geljek diýip gidişi. Şu töwereklerde. Täçmyrat Gynnanyň gulagyna nämedir bir zatlar aýdyp daş çykmak bilen boldy. Bir salymdan Baýdam, naharam geldi. Baýdy ýüküň astyndan iki sany arak çüýşesini saçagyň üstüne togarlap goýberdi. Täçmyrat oturyp bilmedi. Agzyny sülekeýden dolduryp: – Düýp sogan bolsa alaweriň. Gulça daşary ylgady. Ol bulgurlar ýaňy çakyşdyrylýan wagty geldi-de gözleri ýanyp gitdi. Onuňam şol bulgurlara gulkunýany bildirip durdy. – Inilerim – diýip, Baýdy bu obalarda indi mumyýa ýaly gytalyp giden «Akmämmediň» bozguç ysyny demine gaýta-gaýta sorup aýtdy. – Biz indi dogan bolduk! – Dogandanam ýakyn! – Täçmyradam gapdaldan «ýabysyny» goşdy. – Ölsegem, aýagymyzy sallap gitsegem bile gideris. – Şeýle dälmi? – Gitmeris, hezil edip ýaşarys – diýip, agzy halys sülekeýden gark bolan Täçmyrat aýtdy. – Ölmeli, gitmeli adamlar bar, şolar gider. – Sag bol! Dostlugymyz üçin... Olar stakanlary iki gaýta boşadyp, böregiň soňky bişen tapgyrynyň tabagyny ýalap, gowurma ýapyşdylar. – Men bir zada haýran galýan – diýip, Baýdy başyny aladaly ýaýkady. – Başlyk «Mürri» diýdi welin, asyl, Mürri bu iki ara nireden geldi. Ýa, doňuz, bir zat aňyp ýörmükä? – Aňmaga haky ýok – Täçmyrat ýol bermän başlady – Ýöne başga zat howply. – Ol elindäki omaçanyň ýiligini soran boldy. – Ol itmäniň öýüne gelen kim? – Hawa! – diýip, Öwelegem bir neme janlandy. Baýdynyň işdäsi tutuldy. – Geçiliniň üstünden agyp barýarkak bir eşekli geçd-ä. Şol kimdi? Baýdy başyny gussa bilen ýaýkady. – Har-ram-zada. – Ine, haramzada bolsa, şol eşeklem gelen bolmaly. Özem, şol ýeksurun yzymyzdan garaba-garaba gelen bolmaly. Ýogsa, onuň ýaly anyk faktyň bolmaga haky ýok. – Dogry – Öwelek ýüzüni duw-gyzyl edip, aýtdy. – Dogry. Baýdy ýene oturyp bilmedi. – Gardaşlar, birimiz bilniksilikden-ä agzymyzdan sypdyran-a däldiris. Geliň, ýaňy ant içdik. Syr saklamalyň. Kime, näme aýdan bolsak boýun alalyň... Täçmyrat stakanly eli bilen boýnuny syhady. – Men-ä ölerin welin, emma sözümden dänmen. Allajan kessinem, dogrym... Gezek Öwelege geldi. – Ýok, men-ä hiç ýerde dil ýarmadym. Baýdy ony burça gabamak isledi. – Seň şol itmäniň üstüne baranyňy gören bar-a. Öwelek boýun almady. Onsoň Täçmyrat gaharly gürledi. – Ony boýu alaňok. Ýöne başlygyň näme diýenini aýdaňok. Bize, öz doganlaryňa... Öwelek ýaýdanjyrady. – Olam hiç kime duýdurma diýdi. Ony iki bolup gyssap başladylar. Öwelek alaçsyzsyrady. – Nädýäňiz-äý, olam syr saklaňok diýer-dä. – Diýsin! Sen şu ýerde syr saklamaly däl. – Ol-how, öýe ýarty janly et elt. Hiç kim bilmesin – diýdi. Ýöne başlyk başga zat aýdypdy. Ol hiç kime duýdurman bir halta uny, bir janlynyň etini, on kilogram çigit ýagyny erte agşam Garry agalara başlygyň adyndan eltmelidi. Täçmyrat tilkiligini etdi. – Başlyk saňa beý diýenok. – Şyblan babam kessin. Ol stalin papagyny Öwelegiň öňüne taşlady. – Aýdaýynmy, näme diýenini?! – Aýt. – Aýtsam, ýa-ha daga atlan-da meniň adymdan sürülere aňtaw edip gel – diýendir. Ýa-da şu iki haramzada ynanma. Sen ýaşsyň, ösjeksiň, görjegiň öňüňdedir – diýip oýnandyr. Öwelek ýylgyrdy. – Ýok, ýok, bilmediň. Baýdy gürrüňiň jylawyny öz eline aldy. – Elli gepden, belli gep, näme etmeli diýsen-e. – Ol Täçmyrada garady. – Sen-ä Mürriniň, ýok, sen Allaýar nohurlynyň üstüne atlan. – Ol barmagyny Öwelege dikdi – Mürriniň üstüne sen gidersiň. Özümem Hudaýberdi Jöwlanyň üstüne giderin. Diýmeli zat, amanady çalyşsynlar, pytyratsynlar. Bir sürüde ondan artyk galmasyn. Hudaýberdi bilen Mürri gyrkyma başlabersin. Gep gutardy. Täçmyrat Baýdy bilen ylalaşmaýan-da bolsa, sesini çykarmady. – Haçan ugraýas. – Men-ä – Öwelegiň sözi dodaklarynda doňup galdy. – Ugraýas diýip, gijä goýman, hersimiz öz ugrumyz bilen gidibermeli. Oňa sürrenekleşip barmaly däl. Esasanam diliňize bek boluň. Adam-gara bolsa dilem ýarmaň, malyň adynam tutmaň... Işik jarkyldap açyldy welin, oturanlaryň tas zähresi ýarylypdy. Üstlerini basmaça aldyrana döndiler. – Essalowmaleýkim? Içeri Garajaýew mugallym girdi. – Baý-bow, gaýyn – diýip, Baýdy ýerinden tarsa turup görüşdi. – Ol soň daşky otaga gygyrdy. – Gynna gelin-ow, gardaşyň geldi, hany, nahary täzele... Täçmyradyň güni geldi. Ol täze myhmany bahanalap Baýdynyň ýene bir çüýşe arak aljagyny aňýardy. – «Ýagşy ýigit aş üstüne» diýipdirler. Seni gaýyn eneň-ä söýýän eken, bajyň bilen, giýewiň näderkä? Hany, göreli bakaly. Garajaýew mugallym özüni lapykeç halda düşege goýberdi. – Wah, näderkäň bar bolsun, bu gün bir bisähet gün boldy. Ýolumda edil myrryh mama oturana döndüm men-ä. Gynna ortadaky jamy eline alyp, dözümsizlik bilen inisiniň agzyna garady. – Bar, sen, bajym, naharyňy gyssa. Men indi iki günüň ajy. Öýüm-ilim, bar gazananym urbat boldy. Mundan özüm otlanan bolsa gowy bordy. – Näme bold-aýt, mugallym – Täçmyrat geň galypmy, gürrüňi keýpine gyzdyrmak üçinmi, sorady. – Oý-oý-oý! – Mugallym iki eli bilen stalin papakly kellesini tutup, gussaly, içerim tozdy, bagtym ýatdy. – Ol jalbarynyň iki jübüsiniňem işligini daşyna çöwürdi. – Ýeke teňňäm ýok. Bary gitdi, bary gitdi. Taladylar, görüň, ine, görüň... – Wä?! Durdy Garajaýew bolan wakalary bulara gürrüň berip biljek däldi. Aýtsa, öz syrty açylyp, ile gülki bolaýmagam gaty ahmaldy. Ol bu gün direktoryň diýenine ynanyp, iki kub metr tagta bilen semiz goýny onuň işigine düşürensoň, birneme ýüki ýeňlän ýaly bolup ilerki, Garry çopanyň ýaşaýan obasyna gaýdypdy. Şol gelşine-de Garry çopanyň öýüne, ölsem-öleýin diýip gadam goýdy. Çaý demledi. Çyranyň peltesini galdyrdy. Jigilerini saçagyň başyna çagyrdy. Agşam çaýy, onda-da gündizki işleriňden dynyp, maşgalaň başyny jemläp çaý içmegiň höziri başgady. Birden işik kakylan ýaly boldy. – Kim-äýt – Dädiş öz dostlarynyň biridir öýtdi. – Essalowmaleýkim! – Hiç kim gözüne ynanmady. Içeri Garajaýew mugallym girip gelýärdi. Ol gele-gelmäne Balany gujaklap, onuň ýüzünden, ýaňagyndan şap-şap ogşady. – Balajygym, gel, ýaraşaly. Me, saňa bäş manadam bereýin. – Ol soň baryp Garry aganam ogşady. – Agam, jan, seni soraýyn diýip ýörite geldim. – Ol Dädiş bilenem, Akgyş bilenem gujaklaşyp görüşdi. Soňam töre geçip oturdy. Bala onuň öňünde çäýnek, käse, gant, çörek goýdy. Garajaýew käse guýup, birneme sowan çaýy bal ýaly edip içdi. – Nähili, agam jan, däde janym, arkadagym, nähili? Garry aga umuman adamy erbed-ä görýän adam däl, ýöne mugallym halkyny gaty gowy görýärdi. Özi sowatsyz bolansoň, çagalarynyň dyrnak ýalylykdan hat ýazyp, okap bilişine gözi gidýärdi. Ol Durdy Garajaýewi nämüçindir aýrtyn gowy görýärdi. – Oglum, gurgunmyň, menem ind-ä bäri bakdym, sag bol, ýörite sorap geleniňe. Garajaýew mugallym gürrüňi derrew Balaly meseläniň üstünden eltdi. – Ah, agam jan, bizi hem şu iş it edýär. Adamçylykdan çykarýar. Ýogsa seni günde gelip soramal-a. Bu gün – bu gün, erte-erte, aý aýlanyp gidýär. Muňa-da arkaja dagym, Bala jan sag bolsun, şol bolmadyk bolsa, ýene elim degmezdi. Ol jübüsinden on manat çykaryp Garry aganyň ýassygynyň astyna gysdyrdy. – Menden saňa paý, agam enşalla, ýene kömek ederin. Şol wagt Akgyşam elini serip geldi. – Maňa-da pul ber-äý, Bala berdiň-ä. Garajaýew mugallymyň gözi tas hanasyndan çykypdy. Ýöne ol salyny suwdan çykarmak üçin zat gaýgyrmaly däldigini aňdy. Soňky on manadyny Akgyşyň eline tutdyrdy. – Me, saňa-da. Çaga töwerekden alarylýan gözlere barmyşyňam diýenokdy. – Düýn, agam jan, ömrümde ýaman bir agyr ýagdaýa düşdüm. Soň-a gaty puşmanam etdim. Ýüregim gaty agyrdy. Häzirem sanjap dur. Haçan alsa alybermeli. Garry aga onuň gepine halys üns berip, öz jyzlap agyrýan ýüregini undyp otyrdy. – Beý, bolmandyr. Näme boldy? Garajaýew ýüregini tutan boldy, ýüzüni çytdy. – Içigara, şeýle bir agyrýar, demini berenok. – Ol yranyň öçügsi ýagtysyna dogdurylan ýaly bolup özüni diňleýän çagalar hem öwrülip öz halyny beýan etdi. – Okadyp otyryn. Klasda hyşy-wyşy bar. Ýuwaşjadan diňleýän. Direktoryň gyzy diýýär-hä: «Öz garyndaşy bolansoň Garryýew klasda uklasa-da sesini çykaranok. Biz bolsak etimizi iýer» diýýär, zawuçyň gyzyna. Olaram «hawa-da-hawa» boluşýar. Onsoň. «Mugallym, Garryýew ýatyp galdy» diýip uly goh bolup başladylar. Menem görüp durun-a. Özi oýanaýarmyka diýip garaşýandyryn-ha. Bolmady. Aryp ýuwaşjadan: «Bala jan, köşegim, tur» diýýän. Ýadapdyr, gaty ýadapdyr. Men oňa düşünýän, emma bir topar bela, seniň ýagdaýyňa düşünýärmi. Onsoň turuzdym-ow. Görer göze zarplan boldum, käýýän boldum. Gorkdy. Gorkanyny bilýän. Soň klasyň ünsni sowaýyn diýip öňe, tagta çykardym. Büdredimi, nämemi, ýykyldy. Menem «gorkaýmasyn» diýip bir stakan suw alyp içirjek boldum. Olam attanlykda döküldi. Ene gülki turdy. Bolmady. «Bar, gaçdyber» diýip öýe goýberdim. – Bolupdyr, inim, ýaşyň uzak bolsun. Şeýt-de hossarlyk et-de, käte çaga haý-küşem gerekdir. Oňarypsyň. Garajaýew dişlerini çarhlady. «Ah, haramzada. Ynanmady. Gör, ony içi güjüňläp geplän bolşuny. Wah, puly şu wagt bermeli ekenim...» – Hawa, hawa, ýöne, okuw-da, mugallym bolsaň käýemelem bolýar-da. Göwün-garyn etmäň. Ýaşuly makullady. – Öňler oglan molla berlende, «Süňňi meňki, eti seňki» diýipdirler. Ur-sok, olambir gün adam bolar, gaýtarar. «Ah, myrryh, ah, haýyn. Öýüne gelenden soň gör ýüzüňe basyşyny.olam ertir adam bolup sakalyňda sallançak uçar diýýär, gör...» Ol başyny ýaýkady. – Indi meni direktor goýanok. Mekdepden çykarjak bolýar. «Ýa şolardan oglumyza elini degirenik» diýip dilhaty getir, ýa-da arzaňy ýaz» diýýär. Men näme edeýin diýip maslahatlaşaýyn hememdädejanymyň halyny soraýyn diýip geldim. Ol göwnündäki betgumanlygy görnüp duran ýüzüne it ýylgyrşyny çaýdy. Ýaşulynyň sözüne garaşdy. – Oglum, bizden-ä şol çagalaryň birini öldüräýeniňde-de saňa sowal ýokdur. Han-a ogul, sora pylan ýerime urdy diýse, boýnuny soguraryn. Gaýta, özi utanyp ýör. Oňarypsyň, ýene ur. – Dilhatly meseläni nädeli. Meni mekdebe goýmazlar. Ýaşuly ony kyn gördi. – Dil hat nämä gerek, oglum. Arz etsek biz etmeli. Sen arkaýyn bol – diýdim ahyryn. Arkaýyn bol. Bizden saňa zowal bolmaz. Emma Garajaýew arkaýyn bolmak-ha däl, onuň, gaýta, ýüregine ot düşdi. – «Baý-bo-ow, asyl, bu adam, arz etsek, biz etmeli»diýip, içinden urýar-ow». Ol gark bolup barýanyňky ýaly, ellerini manysyz kelemenletdi. – Men raýkomdan, miliseden arkaýyn bolaýynmy? – Olar nämäniň gepi. Garajaýew ýaýdandy. – Aý , agam jan, ýeňňem jan,käte gaharlanyp, oňa-muňa baraýýar-da. Gahar-kapyr – diýipdirler. Şonam, gepleşsek. Garry aganyň öňem saz däl ýüregi sallanyp gitdi. – Ýeňňeňem gepi bolmaz.sen arkaýyn gidiber. Garajaýew ýerinden turdy-da, aýaguja baryp saklandy. – Ýeňňem jan görnenog-a, salamlaşaýjakdym-da. Garry aga bu adamyň «gorkan – öňürtilär» edýänine indi düşündi. – Ýeňňeňem şu töwereklerde bardyr... Garajaýew göwünsiz çykyp gitdi. «Aý, haramzada, garry tilki, galman geçse-diň sen. Gör, içiniň düzüg däldigini. Heý, şu içiň bilen gutularmyň sen. Ol haram jojugyň bir mekdebe barsyn. Me, şuny geçer klasyndan. Mene, samsyk, bulara ähli gazanjymy oklap goýberdim. Bary ýele sowruldy...» – Däde jan, mugallymymyzyň özüjik geläýdimi, öýmüze – diýip, çäýnek-käsedir saçagy ýygnap ýören Bala kakasynyň ýüregini bilmek üçin, hem-de begenjin gizläp bilmän sorady. – Maň-a pulam berdi. Almalam däldim welin. Ýaşulynyň ynjyly gözi çyranyň öçügsi yşygyna bulanjyrap gitdi. – Olara düşünmersiň, oglum. Bir hekaýat bardyr bu zatlaryň astynda. Ýogsa, Garaja mugallymmy, saňa munça pul döküp gitjek. Puluňa getir, maňa ber, «ak puly saklarlar gara gün üçin» diýendirler. Gara günde gerek bolar. Hany, ýeriňi sal, ýataly... Şondan soň Garajaýewiň büdräp gidip barýany belli boldy. – Wä?! – diýip, ot ýaly bolup, tabaga nahar goýup gelen Gynna inisiniň baram-boş jübülerine garap gorkuly dillendi. – Alypdyrlarmy, näme boldy? Kim talady. Garajaýew Baýdynyň dolaýarym edip guýan stakanyny başyna çekdi. Soňam ep-esli wagtlap, dilini içine giderip, ýumrugyny ysgady. Elini günbatarlygyna uzatdy. – Seniň şu haramzada goňşularyň barka, kim bolsun. Bagtymy ýatydylar. – Ol nahara topuldy. Saçagyň töweregindäkileriň öňem birki «kepgir» görendigi bildirip durdy. Olara gulagyňy gazajak, onda-da dertleriniň üstüne dert goýup duran wawwaly dert barada bilmek gyzyklydy. Gynna oturyp bilmedi. – Sen şonuň ogluny depip-depip balagyny ölledipsiň diýen gepem-ä bar. Kör gyrnak eşiden däldir. Eşits-ä tupan turzardy. Garajaýew agzyndakyny howlukmaç ýuwutdy-da elindäki süňki saçagyň üstüne goýdy. – Eýýäm turzup ýör. Şu gün irden ogluny dogtora görkezipdir. Soň olardan «endamy urlup, görerdilen, siýdik haltasy deşilip ýyrtylan» diýip hat alyp, göni milisä barypdyr. Ony bu gün kanturda-da başlyk iki dogup bir galany ýaly edip, eşekden gujaklap düşürip, soňam gujaklap eşege mündirip ezizläp ýörmüş. Biziň ol haýwan direktorymyzyňam ýüregi ýaryldy. «Ýa şolardan «meni urmady» diýip ýüregini eline alyp otyr, swoliç. Şol ýene-de tabagy ýalady-da, boş duran stakana garady. – Başga ýokm-aý, gardaşlar. Janyma tüýs noş bolaýdy. – Bardyr-la – diýip, Täçmyrat oňa gözüni gypdy-heý Baýarda bolmazmy?! Baýdy ýüküň aşagyna ýene-de kellesini sokdy. Tabaga ýene-de nahar salyndy. – Men-how, ol akmak doňuz-a bir semiz öweç berdim. Bulara-da «demiňiz çykmayn»diýip ýigrimi manat bäş berdim. – Ol bäş manady üstüne goşup aýtdy. Gynna dişlerini gyjyrdatdy. – Daşyň gatysyny bermeli ekeniň, ýetimçeler-e. Gedaý-a. Är-ä bir çüýräp ýatyr, aýaly ondanam beter. Çagalary dagym bela, bela. Dädiş diýip birisi bar, dili dagysy edil ejesi, şol kör gyrnagyň özi... Garajaýew nahara düýp sogan bilen täzeden degip oturşyna başyny ýaýkady. – Ol kör gyrnak bilen oýun etme. Oňa ýigrimi, wiý, ýigrimi bäş manat berip sypsaň, hudaýa şükür et. «Oglan urupdyr» diýip, ýedi ýylky gaty kagyzyňy, otuz ýyllyk iş stažyňy sypyryp, kelläňi ýalaňaçlap sud edip, soňam gazamada dyksalar, niçesi bir pul. «Akylly para berer, akmak kötek iýer...» – Ol başyny ýaýkady. – Indi şolardan «dilhaty» alyp bolaýsa. – Bermezler! – diýip, Täçmyrat gepi gyzdyryp goýberdi. – Gaýta, indi barma. Seniň gorkýanyňy bilse, ol Kör daýza ähli aýbyňy açyp, öňküdenem beterräk masgara eder. Gynna inisiniň ýagdaýyndan çykalga gözledi. Ol adamsyna habar gatdy. – Baýar, azajyk nahar galdy, barybir ertire galsa zaýalanjak, eltip gaýdybereýin. Hem ýumşapmy, ýa-da... Baýdynyň gözleri hanasyndan çykyp, saçagyň üstüne patlap düşerli göründi. – Belany iýsinler. Naharyň galsa ite ber... Gürrüň gutardy. Emma Garajaýew köşeşip bilenokdy. – Wah, ol samsyk aýal öýünde-de ýok. Biriniňkä üstünden arza ýazdyrmaga gidendir ol. Bar bolsa, ýalbar-ýakar etjekdim. Gynna horaz ýaly jüjjerildi. – Ýog-a ol. Inçekesel büren-ä ony. Şu gün ogly inçekesel balnysyn etlip gaýtdy. Şol ýerde çüýräp ýatyr. Garajaýew başyny galdyrdy-da ilki begenjek ýalam etdi, soň gaty gorkdy. – Baý-buw, ol asyl ýagynyň içinde diýsen-e. Onda bagtym ýatypdyr. – Ol omynam etmän ýerinden turdy. – Onda men gidip, pulymy bulardan alaýyn-da şoňa eltip bereýin. Belanyň körügi şol. Gynna inisini saklady. – Indi barma. 3. Daşarda ýerden asmana çenli ýagyş guýýardy. Bala, bolsa-da zordan işlerine ýetişdi. Agşam bişirip, basyryp goýanja gatygyny aldy, ýarty bölek çöregi, iki bölek gandy akja ýaglyga daňdy. Olary horjunyna dykdy. Süýdüniň çig gaýmagyny bir käsä aldy-da, soň süýdi iki-üç sapar süzdi. Bedrä ýeke-je damjygam suw goşmady. Soň süzen hasasyny oňat silkdi-de tüňňüriň agzyna goýup, dykysyny berk ýapdy. – Däde jan, men-ä nesip bolsa, ugrajak. Başujyňda käsede çig gaýmak goýdum. Dädiş jan çaý gaýnadyp berer. Ýaşuly binjalykdy. Ol ogluny sypdyrasy gelmedi. – Oglum, sen gaýrat et-de, şol bänkäňi al. Soňam maňa bir çaý demläp ber-de, soň git. Ýüregim halys syryldy. Agzymam tapbada döndi. Bala sähel salymda kakasynyň diýenini etdi. Kakasy giňelensoň bankany ýuwup, ardyp ýerinde goýdy. Penjiräni açdy. Içeri ýagşyň ysy hapylap urdy. Ol saçagyň üstüne tapan-tupanyny goýdy. – Baý-buw, çagam, sen bu ýagyşda nädip giderkäň? – Giderin, däde jan. Sen özüňi alada et. Ýaşuly döwen çöregini çiggaýmaga batyrdy-da agzyna saldy. – Bala begendi. «Wah, dädem jan iýer ýaly, çiggaýmagymyz köpräk bolsady» diýdi. – Üst – başyňam meöki bolsun diýer ýaly däl. Bala ony köşeşdirdi, ýöne aldamady. – Indi bady peseldi, ýagyşyň. Günümi görer ezilmänjik bararyn, däde jan. Ol eşegine mündi-de ýola düşdi. Meýdan parahatdy. Depesinden dökülýän damjalaryň badyna başyny egen maýsalar, ýaňy ýapraga duran baglar garaňky bilen ýagtylygyň arasynda boýunlaryna oranan lowurdawyk monjugyň bagyny üzäýmekden gorkýan ýaly başlaryny egip durdylar. Ýol öldi. Ýöne gatybir taýgançak däldi. Onuň kellesini ýaglyk bilen daňyp, başyna ejesiniň daşarda ýatan köneje donuny büräni gowy bolupdy. Ýagyşyň sil suw bolyp ýagmasy onuň çyplaňrak bedeniniderrew ezip taşlajakdy... Gyz gyrlan ýerde ýene-de şo-ol öňki ses eşidilip ugrady. – Aý-u-uw, ýetiň-u-uw! Balanyň endamy düýrügip, zähresi yrandy. Onuň endam-janynda gorkynyň batly sili çarp urdy. – Baba-da bardyr, alla jan, özüň gora. – Aý-u-uw, ýetiň-u-uw! – Ses indi ýoluň iki ädim gapdalynda, sumbaryň boýundaky ösgün gyldyrganlykdan geldi. Asyl bir el Balanyň bokurdagyna ýapyşdy, nähilidir bir ganat onuň ýüzüne şarpyldap degdi. – A-a-a-aý! – Bala özüni bilmän samrap, zähresi ýarylan ýaly gygyrdy. – Däde – ja-an! – Aý-ý-uu-w, ýetişiň-u-uw! Eşek erbet tyrpdy-da, büdredi. Ýöne ýykylmady. – Alla jan, Alla jan, Alla jan, Kulhuwalla, Ahat, Allahu samadu... Bala titreýän dodaklary bilen aldygyna «Kulhuwallany» sanady. Ýakyndan kimdir biri el çarpdy. Gözüniň alynda ýene-de goşa ganat kakyldy. Soň bolsa ýyldyrym gylyjy bilen zemini bagryna çenli paralady-da dünýäni agdar-düňder edýän sesini yzyna tirkäp gitdi. Eşek sarsyp giden zeminiň üstünde bir elendi-de ýene ýola düşdi. Bala ýene-de jalbarynyň öllänini duýdy. Ýyly suwukluk otyr ýerini gyzdyryp, soň budunyň iç ýüzi bilen köwşüne akyp gitdi. Ol bu ýagdaýa gynanmaga-da, utanmaga-da ýetişmedi. Uly ýolda gurlan agaç köprüniň günbatar çeminde şol ak sakally baba hasasyna söýenip durdy. – Essalowmaleýkim, baba jan! Baba salam aldy-da elleşdi. – Ýene süýt äkidip barýarmyň? – Dagy nädeýin, baba jan! Baba eşegiň boýnundaky ýüpi pugta tutdy. – Köşegim, damagymy açaýyn, bir owurt süýt ber. Bala erkini aldyrdy. Indi üçünji sapar şol bir zady diläp duran adama dözmedi. «Näme, adamyň etimi? Bir gün kemräk äkidenimde-de hiç zat bolmaz. Ol horjunyň sag taýyna aýagyny saldy-da beýleki tarapdaky ýüki gaçmaz ýaly, diräp durdy-da, süýtli tüňňüri çekip çykardy. Agzyny açdy-da uzatdy. – Al, baba-jan, noş bolsun, içiň! Baba süýtli tüňňüri asmana göterdi-de onuň agzyny egip birki gaýta owurtlady. Soň yzyna berdi. – Çeşmesine bereket! – ömrüňe bereket. Baba bir salym sesini çykarmady. Soň ellerini öňe tutdy-da alkyş okady. – Köňlüňem, eliň-diliňem sahawaty egsilmesin. Gum diýip tutanyň gyzyl bolsun, omyn! Baba gözden gaýyp boldy. Bala gören zadyna ynanmady. Ol tä naharhana çenli doňundan açylmady. Aşpaz aýal ony güler ýüz bilen garşy aldy. – Gel, köşek, ýagyşda ezilensiň, gutap bişirip otyryn. Al, birki sanyjagynyň gyrajygy azajyk köýdi. Alla näme-le satyp boljak däl. Sen birje käse gyzgynjak çaý bilen şony iç, çaýyňa gandam ataýyn... Aşpez aýal litrlik gabyny, ullakan alýumin jamyny alyp geldi-de tüňňüriň agzyny açyp, süýdi litrlik gaba eňterdi. Süýt, nämüçindir, tüňňüriň agzy-burny bilen doly bolsa-da gaba akmady. Ol aýal geň galdy. – Doňupmy, gyz. – Ol ýene geň galdy. – Ýagyş ýagýar, doňar ýalam-a däl. Bala-da sygyry özi sagansoň bir ýalňyşlyk goýberäýendirin öýtdi. – Munyň uýapdyr-a, ýa bişirip, içine gönezlik atdyňmy? Bala başyny gorkuly ýaýkady. – Men bişiremogam, gönezligem atamok. Ýöne... – Onuň ýadyna hälki ak sakally baba düşdi. Ol şonuň demi süýdi bişirendir öýtdi. Aşpez aýal çemçe alyp kerpiç ýaly bolup duran, «gatyra» urdy-da agzyna eltdi. Soň hasam geň galdy. – Munyň, çagam, durşuna mesge ýag. Sen ýalňyşyp başga gap alyp gaýdypsyň. Bala özelenip ýalbardy. – Mesge däldir, süýtdir. Biziň başga gabymyz ýog-a. Megerem, bu ýerde bir gudratyň bardygyny ol aýal aňdy. Ol aýal tüňňüriň gapagyny ýapdy-da Balanyň eline berdi. – Hiç kime görkezme-de ejeňe eltip ber. Sadaka etsin. Hiç kime diliňi ýarma. Onça-munça zat bolýandyr. Bala boýnuny burdy. – Wah, ejem keselhanada ýatyr. Sygry özüm sagyp, özüm tüňňüre guýdum. Häzir ejemiň ýanyna barjak, süýdümizi almadylar diýsem ýaman gynanar. Ol aýal dözmedi. – Men «şunça süýt getirdi» diýip ýazaýyn. Soň bir gün maňa getirersiň. Ony bolsa alyp biljek däl. Bala hasrata batyp daş çykdy. «Bu nähili bolýar, eý, allam. Ýa şol baba bir menden süýt alarmykaň?» Ol indi ýagşyň ýaýanyny duýanokdam. Eşegem nämüçindir juda göwünsiz ýöreýän ýalydy. * * * Etrap keselhanasy naharhananyň ugrunda, etrap merkeziniň iň uly köçesinde, häkimligiň garşysynda ýerleşýärdi. Inçekesel bölümem bu köçäniň tükenip, ahyrynyň uly jara direýän ýerinde, dermanhananyň arkasyndady. Bu Bala üçin kemem däldi. Ol eşegini jardaky ýylgynlaryň birine baglap, ýokary çykaýmalydy. Ala daňdan, ýagyş edil bedreden dökülýän ýaly joralanyp ýagyp durka işigiň kakylmagy nobatçy aýala ýaramady. – Näme gerek? Ukuly gözlerini aýasy bilen ep-esli wagt owkalansoň ol aýalyň hasam myrryhy tutdy. – Kim gerek diýýän. – Maňa Kör daýzany çagyryp berseňizläň. Ol aýalyň ýüzi öňküdenem hyýrsyzlandy. – Haýsy palatada. – Bilemok, daýzajan. Ol aýal sallanyp duran gap-gara duluklaryny titretdi. – Inçekesellimi? Bala ejesine beýle diýilmegini örän ýokuş gördi. – Ol ejem janym, meniň? Nobatçy aýal serhoş ýaly çaýkanyp, agyr göwresini zordan iteläp koridoryň ugry bilen ugrady. Baryp bir işigi açdy-da, göýä bu ýokanç kesel ony özüne çekip, ýüzünden dişläýjek ýaly, iki ädim yza çekildi. – Kör daýza kim, işige! Ol ses çykmandan soň beýleki gapynam açyp şonuň ýaly gygyrdy. – Kör daýza kim, işige! Bir salymdan soň onuň diýýän adamsy gap-gara, özündenem uzyn, galyň halada çolanyp çykdy. – Eje janym! – Oglanyň ýüregi ýerine geldi. Ol horjunyny ýere taşlady-da koridoryň ugry bilen ylgap, baryp ejesiniň boýnuna bökdi. – Göresim gelip, tas ýüregim üzülipdi, eje jan. Kör daýza utandy. – Öküz ýaly bolup, utan-a. – Ol oglunyň ýaşly gözlerine seretdi. – Dädeň nähili? – Gowy! Kör daýza ýarawsyz gözüni eli bilen tutdy. – Dädeňe bir zat boldumyka diýip, gorkdum. Ýüregim tark-tark edýär. Bala horjunyny açdy. – Dädem jan, tüweleme gowy. Jigilemem, dädem janam saňa köp salam aýtdylar. Akgyşjan «ejem haçan gelerkän» diýip zol soraýar. Dädem janam: «Ejeň, enşalla, basym geler. Onsaň hiç wagt keselem bolmaz, senden aýrylyşmazam» diýdi. – O näme? – Çörek, eje jan, süýjüje gatyk. Ýene näme getir diýseň getireýin. Kör daýza düwünçegi bagryna basyp durşuna: – Dädeňe diý, «Aşgabada gidip, aparassa etdirmeli» diýipdirler diý. Näme diýýär. Balanyň boýny sallandy. Ýöne ejesiniň gaňyrşyna gaýtmady. – Ahyry haýyr bolsun, gutulsaň bolar, eje jan. Aýraçylyk hiç, sen bir sagalsaň... Kör daýza durmakdan irdi. – Bar, gaýdyber. Balanyň gaýdasy gelenokdy. Ol ylgap baryp ejesini gujaklady. – Eje janym. Keseliňi maňa ber-de, öýe barsana. Sen bolmasaň biz ýetim bolýas-a, eje jan. Kör daýzanyň sesi zorply çykdy. – Goý, jögüsiremäňi. Biliň ejeň gadryny, ýagşyja. Ýogsa ejeň suw getirse siýdik, çörek, un getirse – kepek. Biliň-äni, ejeňiziň gadryny. Onuň ýekeje ýagşy söz aýtmaýany nobatçy aýaly-da haýran galdyry. – Wot, inçekesel, nähili zloý edýär adamy. Wah, wah görgüli. Bala boýnuny, burup, başjagazyny sallap keselhanadan gaýtdy. * * * Bala okuwa-da bardy, ondan çykyp tut ýygmaga-da gitdi. Eşegine taýlap ot, çöpleme ýükledi-de gün orta bolansoň öýe bardy. Ol gözlerine ynanmajak boldy. Kakasy daş çykyp, işikde köneje agaç sekiden aýagyny sallap otyrdy. – Däde jan – Ol baryp kakasynyň elinden tutdy. – Tüweleme, ýagdaýyň nähili? Ýaşuly çalaja ýylgyryp, ysgynsyzja: – Şükür – diýdi. – Öýde ýatyryn, habar alýanam ýok, onsoň süýrenip daş çykdym. Bala ýapragyny, ot-çöpüni düşürdi. Gölesiniň, eşeginiň öňüne badyna ot dökdi. Eliniň ujy bilen ojakda çaý goýdy-da, gurçuklaryň üstüne ýaprak sepeleşdirdi. Soň kakasynyň ýanyna geldi. – Ýöri, içeri giräýeli, däde jan! Garry aga oglundan pugta ýapyşdy. Ol içi köwlen telegraf sütüni ýalydy. Sähel bijaý bassaň, ýumruk ýaljak oglanyň özi bilen alyp gitjege meňzeýärdi. Ol düşegine geçensoňam haslady oturdy. Orta çaý-çörek geldi. Ýöşulynyň gantly çaýdan, gury-gurak gowurdak bilen gury çörekden halys bolandygy bildirýärdi. – Balam, sen kiçiräk gazny ojaga goý... Bala düşündi. Ol gazany ýuwup-ardyp oda goýdy. Içine ýarym kündük suw guýdy. Suw çigräp başlansoňam ýumruk ýaly gowurdak atdy. Gazana pomidor kakyndanam, sogandan dograşdyryp sepeleşdirdi. Nahary gaýnaýança içeri girip, akja jama çörek dogrady. – Duzuna seretdi. Şor edäýme. Şor edäýme. Azajyk atgyn. «Agşam, goňşularymyzdan gelen ys öýmüze dolsa, jigilerimem-ä begendi». Ol gazana duz atyp durka oýlandy. Gazan ýuwaşja bagyrdap gaýnaýardy. Bala pomidor kakyny ýençdi welin, gazandaky naharyň ýüzüne al reňk geldi. – Nahar-a taýýar boldy, däde jan. Garry aga janlandy. – Taýýar Bala, iýeli oglum. Ýogsa ysy halys aldy. Bala çorbanyň ýaryny tabaga, dogralan çöregiň üstüne guýdy. Onam saçagyň üstüne eberdi. Gazana daşky jaýda ýerinde goýdy-da, agzyna gapagyny ýapdy. Ýaşuly derläp, hezil edip iýýärdi. – Gel-dä özüňem. Balanyň zat işdäsi ýokdy. Ol bu gün jadyly ertekä meňzeş bolan, adam ogly ynanmajak wakany kakasyna açasy gelýärdi. Ol bu waka ynanjagyny, ynanmajagynam bilmedi. Daş çykyp horjunyň gözünde duran süýt tüňňüriň gapagyny açyp, barmagynny onuň içine aýlady. Barmagyna ilen logala gaýmagy agzyna saldy. Tüňňüriň içindäki gaýmak kerpiç ýalydy. Barmak zordan ötýärdi. Gaýmagyň tagamyny bolsa aýdyp-diýer ýaly däldi. Ol saçagyň başyna gelip ýygyrylyp, ýylgyryp otyrdy. – Okuwa bardyňmy? Ýaşuly barmaklaryny ýalady-da boşan jamy sag eliniň iki barmagy bilen syryp, onam dili bilen süýjedip sordy. – Bardym, däde jan. Ol tabagy bir gapdala goýdy-da lezzet bilen gägirdi. – Näme diýdiler? Bala başyny ýaýkady. – Maň-a hiç zat diýmediler, däde jan. Okuwymy okap tuda gitdim. – Ol başyny gynançly ýaýkady. – Tudumyz-a kimdir biri syrypdyr, däde jan. Ýöne çybyk bolup ýatyr. Ýaşuly hem oýa batdy. – Goňşularyň kim? Oglan ýaýdandy. – Goňşularymyz etjek iş-ä däl ýaly. Baýdy dädemler, goňşularymyz. Ýapraga Gulça agamgidýär. Ol, gaýta, ýükümi eşegime ýükleşmäge kömek berýär. – Onda kim bolup biler. Bu wagtdan talaňa salsalar, soňuna zat galmaz onuň... Balanyň özem kakasynyň gynananyna gynandy. – Indi näme et diýseň edäýmesem. Ýaşuly ellerini omyn etmäge taýýarlady. – Ony goramaly. Gije üstünde bolmaly. Bala baş atdy. – Näme et diýseň ederin – däde jan. Ýaşuly omyn etdi. Soň Bala saçagy ýygnaşdyrdy-da, tüňňüri alyp geldi. – Däde jan, men saňa hiç zat aýtmaýyn welin, sen şuny görsen-e. Ýaşuly tüňňüriň gapagyny açdy. – Bu näme, süýdüňi tabşyrmadyňmy. – Ol gözlerini süzgekledip, tüňňüriň içinde kepjebaş ýylan bar ýaly edip seretdi. – Uýapmy? – Ol iki barmagyny, edil tabagy ýalaýşy ýaly edip tüňňüriň içinde aýlady-da diline degirdi. Soň agzyna salyp sordy. – Weý, bul-a ýag bolupdyr, durşuna çig gaýmak. Bala dilini ýarjak bolandan ol jynssyz gygyrdy. – Gerek däl, diliňi ýaraýma, ýaraýma. Ol kellesini tutdy. – Eý, allam, keremiňe döneýin. Eý, hudaýym, edeniňe şükürdirin. – Ýaşuly elini ýakary göterdi-de, agzyny ak köpürjik edip doga sanap başlady. Gözleri bilen bolsa «agzyňy açaýma, açaýma» diýen yşarat edýärdi. Ol dogasyny tamamlady-da, ýüregi birneme düşüşen ýaly, ýuwaşja gürledi. – Munuň ýaly zatlar adam ykbalynda ýa ýeke gezek bolýandyr, ýa bolýan däldir. – Ol ýarawsyz gözüni elýaglygy bilen süpürdi-de, oňa barmagyny dürtdi. – Ine, şu gözüm prontyna gidip, ýa urşup akan däldir. Dilim sebäpli boldy. Ejeň gözem şeýledir. Ýaşuly tüňňüri gujagyna aldy-da gorka-gorka garady. – Meniň ýedi arkam çopandyr. Özlerem halalzadanyň halalzadasy. Bir ýyl goýun bakyp ýörün. Oba gaýtjak bolup geçileri sagdym, süýdüni bişirip basyrdym. Soň başga bir işem ýok, «gel-aý, mundan şoňa julkuldadyp gatyk eltenden ýumruk ýaljagam bolsa ýagjagaz alyp gidäýeýin-le» – diýdimde ýanlygy asdym. Gatygy oňa guýdum. Edil şol wagtam bir alaja ýylan çatymyň daşyna aýlandy-aýlandy-da ýere giren ýaly bolaýdy. Kän bir ünsem bermedim. Pişegimi ýanlyga salyp, ýaýjak bolýan welin, ýaýylanok. Näme boldukan diýip pişegimi galdyrsam, gyralary ýag ýanlyga garasam, durşuna ýag bolup, doňup dur. Ýüregim ýarylan ýaly boldum. Içime sygdyryp bilän, çolugyma gürrüň berdip durkam biri bir gözüme urandyr. Ýykylyp galandyryn. Zordan oba aşdym. Indem maýyp bolup galdym... Bala düşündi. – Ýäne, hälki jamy al-da, ýarysyny guýup, Babajan işana elttip gaýt. Sesiňi çykarma, dädem iberdi, «bir gowy doga edip bersin» diýdi diý. Başga ýerde, diliň damagyňa giden ýaly bolsun. Ýadyňdan çykargyn-a bolýamy? – Bolar, däde jan, näme diýseň şol bolar. Bala agaç çemçe alyp, tüňňürdäki gaýmagyň ýarysyna golaýyny gaplamajyga guýdy. Daşynam ýaglyk bilen daňdy. Birkäsäni dolduryp dädesiniň öňünde goýdy. – Derman bolsun, däde jan, iýiň sizem... Garry aganyň ýüzüne ýalkym sepilen ýaly boldy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Wezipe berilmeýär, alynýar - 16.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -17: romanyň dowamy - 23.10.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -13: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||