22:02 Iñ soñky tomus -6/ romanyñ dowamy | |
4.
Romanlar
Babajan Işan Totam eje bilen atasynyň ýurdunda ýaşaýardy. Üçünji klasda okaýanja gyz agtygy ýanlarynda bolýardy. Işanlaryň Garakel obasyna göçüp gelenine megerem, birki asyr bolan bolmaly. Sebäbi bu obanyň ileri başyndaky belent depäniň üstündäki metjidiň gurlanyna-da ýüz gowrak wagt geçipdir. Ors gelmezinden öňem soň ýurdy bolşewikler eýeländen soňam, tä otuzynjy ýyllaryň alkymyna çenli bu metjit ylmyň, edebiň ojagy bolupdyr. Babajan Işanyň ol döwürde men diýen wagty eken. Sumbaryň boýunda uly mülkli, medrese-metjitli Işan bilini berk guşap işländir. Oglan okadypdyr, iliň-günüň toýuna-ýasyna ýarapdyr. Onuň esasy okuwy öz gowy göreldesi bilen ile-güne görelde bolmak eken. Onuň aýagyny egri basanyny, küpür geplänini, haram çöpi ýa-da lukmany agzyna alanyny gören adam ýokdy. Ýaşlygyndan başlap onuň öz hasaby bardy. Özüni bilip, ol arkaýyn ýatyp-turýardy. Onuň barlagçysam, derňewçisem öz ynsabydy. Ol ynsabynyň öňünde ak guş kimin arassady. Ony otuz ýedinji ýylda ýedi aýlap gazamata salypdyrlar. – Sen şura hökümedini näme üçin ykrar edeňok? – diýip, bir äzerbeýjan oglan onuň daşyna geçipdi. Şonda Işan aga ynsabyny ýuwutmandy. – Haý, han ogul, meni şu ynanjym bilen öldüriň-de gömüň. Men allanyň öňünde küpür geplemäýin. Mende alla gulluk etmeden başga ynanç bolmaz. Ine, alsaňyz amanat jan. Şerigat allanyňkydyr. Jany bersegem, messebi berip bolmaz. Ol ýigit ylalaşmady. – Eý, çüýrük kelle. Sowet hökümediniň nähili güýjüniň bardygyny bilýäňmi. Onuň ýanynda diniň, messebiň, allaň näme. Allaň gutardy. – Alla gutarmaz. – Ol özelendi. – Han, ogul, sen näme diýseň, ursaň, sökseň, öldürseňem maňa et, ýöne Alla degme... Äzerbeýjan ýigit gaty gaharlandy. – Akmak kelle! Sen onda alla diýip, Sowet hökümetine gulluk etjek däl-de. Sen diniňi taşlaňak däl-de... Babajan Işan urulyp, silterlenip, sorag, gynaglardan halys boldy. – Han ogul – diýip, ol özüni nähak gynaýan ýigide ýüzlendi. – Sen diýýäň, diniňi, messebiňi ýitirip, bu hökümediň guly bol diýip. Bol» – «Gul diýemok, «gulluk et» diýýän. – Tapawudy näme, gul bol bilen gulluk et diýeniň türkmen-dä bir sözdür. – Ol howlukdy. – Men dinimem taşladym, messebimem, size gulluk etdim. Ertir diýeli, başga hökümet geldi, men ýene üýtgäýinmi? Ol ýigidiň tas ýüregi ýarylypdy. Ol penjirä, işige «biri eşidäýmesin» diýen gorky bilen garady. – Akmak kelle! Sowet hökümedi ömürlikdir. Ony çalyşjak güýç ýokdur. Işan aga bir gysym bolup oturşyna: – Üýtgemejek bir alladyr. Başgasy üýtgär, çalşar durar – diýdi. Ony bu gepi üçin erbet ýençdiler. Soň atylmaly adamlaryň arasyna goşdular. Emma atmaga alyp gitmejek bolanlarynda her sapar, näme üçindir galdyrýardylar. Ahyr soňy ony Gyzylarbadyň türmesine iberdiler. Baryp at okaldy welin: – Seniň adyň ýok – diýip, yzyna gaýtardylar. Garrygala gelensoň seniň «iş deloň» Gyzylarbatda» diýip ýene iberdiler. Ahyry, bizar bolup boşadyp goýberdiler. Babajan işan şonda-da metjidini ýykdyrmady. Onuň ýerine aldylar, malyny kolhoza berdiler. Agalaryny uzak illere sürgün etdiler. Emma onuň özüne degen bolmady. Bar edenleri, metjidi dükana hem-de ammara öwürdiler. Ýöne ol oňa-da sesini çykarmady. Sowet hökümetiniň onuň bilen, onuň bolsa Sowet hökümeti bilen işi ýokdy. Türkmen obalarynda ahun – molla seýrekledi. Emma bu obanyň adamlarynyň gorkusy ýokdy. Babajan işan bir-ä ýok diýen adam däldi. Birem: «Maňa eýle diýäýmesinler, beýle diýäýmesinler» diýip arzysyny artdyrjak bolan adam däldi. Ol «Men Gurhany, şerihaty ýatdan bilýän» diýip öwünen adamam däldi. Onuň ýekeje, hiç haçan üýtgemejek bir häsiýeti, özem bu illerde ýok häsiýeti bardy. Olam mähribanlykdy. Çaga bolsun, uly-kiçi, aýal-gyz, mal-hal bolsun onuň mähribanlygy egsiler ýaly däldi. «Taňrynyň güni darygan kän» diýişleri ýaly, ol uzak ýaşady. Indi bolsa, nämüçindir, ol birhili howlugýardy. Indi telim ýyl bäri öz kakasy Garry Işanyň «Mugt eserini» waraklaýardy. Garry Işan bu obalaryň gonambaşysy bolup ýatyrdy. Onuň ýaly abadan, sahy, zehinli adam Ahalynda-ha däl, tutuş kesarkajynda-da sähelçe bolupdyr. Onuň arassalygyna Ak Işanam haýran galypdyr. «Men ýandak iýer günümi görerin» diýip, ol sähel gumanly lukmanam datmandyr. Bir ýere gidende ýany bilen iki barmajyk nan alyp gidip, gyrajygyndan barmagy bilen agzyna atypdyr gädipdir-de, soň doga-töwire başlapdyr. Ony ilki-ilkiler geňem görüpdirler. Emma Garry Işanyň özi oňa jogap beripdir. – Alla bendeleri, men Taňrynyň ýoluna aýdylyp taýýarlanan nygmaty kyhlasam gözüm gapylsyn. Men muny siziňem tagamyňyz Garry Işanyňky ýaly halal bolsun – diýip edýändirin. Allanyň ýoluna çykarylan nygmat çirksiz bolmalydyr. Alla içi hileli lukma mätäç däldir. Şondan soň toýa, sadaka Garry Işan geljekmiş diýseler, adamlar zapyrdap durardylar. Işan aga ähli sadaka barsa-da, eli «kirli» adamlaryň tagamyna el urmazdy. Bu ýagdaý şu etraplarda eli, köňli arassa bolmagy öwretdi. Soň ors gelensoň adamlar birhili bozulyp ugradylar. Bolyşýewik gelensoň-a adamlardan sabyr, kanagat, iman göçüp başlady. Garry Işanyň ölmeziniň öň ýanynda ogluna eden wesýeti: – Özüň arassa bolgun. Hudaýy harlamagyn, Hudaý harlanan ýerden göterilgin... Babajan Işan duzaga düşdi. Bolyşýewik ýurdy duýdansyz alansoň ne ileri, ne gaýra gidip bildi. onsoňam atasy ýatan topragy taşlap gidip bilmedi. Düýşüne bir gün kakasy girdi. – Sen meniň diýenimi etmediň-le. Ýa-da «Öleniň wesýeti özi bilen gider öýtdiňmi? Ol: – Ýok, ata – diýdi. – Ýöne, ýurdumy, ilimi, seniň mazaryňy taşlap gidenimi sen halasaňam, Taňry halamaz diýýän... Garry Işan başyny atdy. – Bolubilýä, ogul. Mübärek bolgaý! – diýip, elini göteripdir-de uçup gidipdir. Şondan soň ol kakasyny düýşünde ýeke gaýra-da görmedi. Ýöne Ahalda bir ahunyň düýşüne girip: – Oglum senden akylly bolup çykdy – diýipdir. Babajan Işanyň ýekeje arzuwy bitmedi. Ýogsa il-gün ony hor-zar etmedi. Köpeldi, käneldi. Ol ilinden müňdebir razy bolsa-da özünden razy däldi. Ol ahunlyk derejesine ýetip bilmedi. Olam diňe öz geleňsizligi bilen boldy. Ahal ahunlaryna ýykylyp bilmedi. Döwür agyr boldy. Görüp köpeldi. Diniň arzysy gaçdy. Şonuň üçin ony Taňry ýazgardy. Häzir ýanynda ençeme talyby bolmaly adam, gugaryp ýeke galdy. Käte-käte ol özüne käýinýärdi. – Sen öňüňi beklediň. Indi Sumbar etrabyndan haçan ahun çykar... Onuň diýeni dogry boldy. Ol garrap sandan galdy. Hudaýa gulluk etjekleriň barysy nebis bilen güzerana gul boldy. Ahunlyk küje, mollalyk, işanlyk küje. Babajan Işan indi howlugýardy. Ol ömrüniň paýawlanyny duýýardy. Şonuň üçin uly duşuşyga, Garry Işan, Guljan Işan, ata-babalary bilen duşuşyga özlerini taýýarlýardy. Dadaka berdi. Bergim barmydyr» diýip, il-il aýlandy. Algylaryny geçdi. Onuň indi ýekeje meseleden başga aladasy ýokdy. Ol «Mugteseriň» ahyrragynda atasynyň juda tilsim bilen, azap edip ýazan babyny okady. Nämüçindir, Garry işan ol baby ýazyp, ýöne sahypalaryny biri-birine ýelimläp gidipdir. Garry işanyň näme üçin beýle edenine babajan işan henizlerem düşünip baranokdy. Bu bap syrly bapdy. Onda hezreti Magtymguly barada gürrüň edilýärdi. «Magtymguly şahyr däldir! Ol hakyň ynsan balasynyň päkligini, bozuklygyny barlap gelmek üçin iberilen perişdedir». Bu sözler Babajan işany haýran galdyrdy. Onuň ýaş wagtydy. Hywadan ýaşuly işanlaryň birküç sanysy myhmangelipdi. Babajan olaryň eline suw akyzyp, täret suwlaryny elin taýýarlap ýören oglandy. Kakasynyň metjidinde sapak alyp ýören oglanyň küýi kemal ýalydy. Asyl ýerden myhman gelmesine halysalla begense-de, olaryň süýjedip, näme bolsa şerigata ýanap edýän gürrüňlerini diňlese-de pikir-hyýaly daşardady. Şonda Hywadan gelen Aga işanyň hezreti Magtymgulynyň gürrüňini, töweregini geň galdyryp edip bereni häzirem ýadyna düşýär. Aga işan başyndaky sellesini açyp, dyzyna geýdirip, gürrüň berýärdi. – Asmandan Allatagala üç sany perişdäni iberýär. Ikis-ä men diýen jahyl ýigit bolýar. – Ol soňuny ýadyna düşürip bilmedi. Ýöne hezreti Magtymguly baradaky gürrüň gulagynda galypdy. – Soň bir perişdänem, iliň-ymmatyň ýagşysyny-ýamanyny gör, bil – diýip iberýär. Ol perişde adamlaryň arasyna gelip, olaryň güzeranyny, bozulyşyny görüp, ýeke günem çydap bilmän, göge göterilýär. Onsoň hakyň diýenini etmäni üçin onuň goşa ganatyny gyrkyp, getirip Döwletmämmet mollanyň işigine taşlapdyrlar. Ol Garry Mollanyň gözüne ilýär. – Sen kim? – diýip, Garry Molla owal berýär. – Hiç kim? – Adyň kim? – Hiç kim? – Nireden geldiň? – La mekendan! Şonda Azadynyň okumyş, ýerastynda gäwüşese aňjak bolup ýören bir aşnasy bar eken. Magtym Molla diýip, ol nämäniň nämedigini aňypdyr. – Mollam, şol oglan ýöne oglan däl. Sen şoňa geldiňmem, gitdiňmem diýme. Adynam sorama. Ol ýöne-möne gudrata meňzänok ol oglanyň – diýipdir. Garry molla şol mollanyň hormatyna bu oglana «Magtymguly» diýip at dakypdyr. Magtymgulynyň goşgusy «Gurhanyň» goşgy dilidir. Ýöne onuň özi barada aýdanlaram bardyr. Aga işanyň aýdan goşgulary işan aganyň şu günki ýaly hakydasyndady. – Ol görgüli: Ganatym ýok, uça bilmen neýläýin – diýip, eý, taňrym meniň ganatlarymy gyryp ýere goýberdiň. Indi uça bilemok» diýdigi. Ol: La mekendan gelmişem – diýýändir. Ýa-da umyt bilen: – La mekana ugradym – diýýändir. – Ýa-da men öň seniň didaryňy görüp ýördüm, indi saňa zar boldum. – Seni senden istärin – diýipdir. Aga işanyň ol aýdan zatlaryndan onuň aňynda ýene bir pikir galypdy. – Magtymgulydan soň üç kyýamat ötensoň ýene bir alamat bolmaly. Üç kyýamat iki ýüz on ýyl bolar...basym bir alamat bolmaly... Babajan işan Garry işanyň «mugteserinden» has anyk aýdylan aýdylan sözleri tapdy. «Enşalla, ellinji ýyllaryň alkymyna ileri ýüzden, «Ýedigeniň» ikinji ýyldyzy bilen üçünjisiniň arasyndan bir guýrukly ýyldyz dörär. Şol ýyldyz bilenem biziň etraplarymyza bir perzent dünýä iner, oňa hakyň nazary düşer. Eger il arassa bolsa, ol uzak ýyllar ýaşar, nur saçar. Il nä päk bolsa, Taňry ony ýygnar. Onuň keşbi nurana bolar. Dilinden çykan söz dogalyk bolar. Onuň gadamy düşen öý jennetdir. Onuň ýörän ýoly göni jenneti bolar. Kim onuň elinden suw içse, ol jenneti bolar...» Babajan işan öten agşamamtä ýedigeniň ýüzi gaýdýança gögüne garady oturdy. Ol guýrukly ýyldyz lowurdap durdy. – Eý, allam, atamyň-babamyň päkize puhy. Şol päkize perzende ýüzümi düşür. – Ol gijesi bilen dileg edip çykdy. Ahyr soňonda Sumbar jülgesiniň ýokary boýlaryny obama-oba, ilbe-il aýlanyp gelmegi mübessa bildi. Günortana golaý şofýor ýigit geldi. – Işan kak-ow! – Ol ýene bir gapda çal alyp gelipdir. – Gel, oglum. Gelnimem, garyndaş-doganlaram gurgunmy. Işan aga saçak ýazdy. – Tüweleme, ýokarky obalara ugrajak bolup, ugrap bilmän, kejebäm düzelmän otyrdym. Tüweleme, Gurban ogul seni görme nesibäm bar eken. Berekella, ogul. Gurban şopur buýra-buýra bolup yzyna gaňrylan saçyny ynjalyksyz sypalaşdyryp, içerini benziniň ysyndan dolduryp öýe girdi. Onuň keýpi ýokdy. – Işan kaka, özüňizem abadançylykmy? Işan kaka gowurdakly gaby orta süýşürdi. – Şükür, alhamdylala, abadançylykdyr. Şofýor ahyry çybanyny ýardy. – Aý, men-ä alada bilen geldim. Işan aga onuň ýüzüne binjalykly garady. – O nämäniň aladasy, köşegim?.. Gurban şopur keçäniň ýüzüni dyrmalady. – Aý, hälki, kakdyran oglanym barada öýdäkiniň ýanynda dilimden sypdyraýmanmy. Olam erbet düýş görüpdir. Düýşünde şol oglana bagşy aýtdyryp, toý tutup otyrmyşym. Ine, indem agam bilen aýalym «Sen şol oglanyň ganyna galansyň» diýip bir halta un bilen bir janlyny maşyna ýükläp bäri iberdiler. Agam, han-a maşynda otyr. Men olara: «Işan kakany töwella iberdim» diýsemem, ynananoklar. Özüm elin öýlerine eltdimem diýsem ynananoklar. Agamy alyp geleýin, özüňem bir aýtsan-a. Işan aga başyny atdy. – Hä-ä, dogry. – Ol birden essine gelen ýaly boldy. – Weý, agaňy getirseň bolmadymy? Bar, egleme, getir. Gurban şopur agasyny alyp geldi. Ýüzüni mama dişän, garynlak pyýada haşlap zordan içeri girdi. Ol sag elini uzatdy. – Salammaleýk! Işan aga iki eli bilen onuň elini al asmanda gapyp aldy. – Gel, myhman, gözümiň üstünde ornuň bar. Myhmanyň haşlamasy peseldi. – Işan aga, inimiz-ä bir iş gaýrypdyr. Ýörite geldim. Soň kep çykmasyn. Hununy alsalar hununy, puluny alsalar, puluny alsynlar. Monňa Annak deriçi diýerler. Gyzylarbadyň zagatkontorynyň deriçisi. Deri ýygnaýan. Şükür, günüm gowy. Birki adamyň hununy töläre ýagdaýym bar. Işan aganyň ýüzünden ýylgyrma aýrylanokdy. Ol myhmany köşeşdirjek boldy. – Bolan iş ýok, inim. Gurban oglum ýoldan geçip barýan bir çagany çala kakdyrypdyr. – Ondan habarym bar. Ýöne şol oglan ölümi, dirimi, şondan habarym ýok. Işan aga bu söze belli jogap berip bilmedi. – Agşam meni eşeklije öýe getirip gitdi. «Meniň kem ýerim ýok, baba» diýdi. Menem, töwellamy al, balam. Başga ýerde gürrüň uzalmasyn diýdim. «Bor, babam, arkaýyn bolaý» diýdi. Annak deriçi derini syldy. – Ýok, işan aga. Işi çig etmäli. Bu wagtyň adamlaryyň ediljek, balasy ýansyn. Olar many-messebem, ugur-utga-da bolmaz. Biz onuň bilen pul bilen gepleşjek. Babajan işan Gurban şopury gowy görýärdi. Ol garaýagyzdan edenli ýigit bilen kolhozyň ambaryna bugdaý almaga gelipdi. Tomus günleriniň birinde ýazgarylan ýaly bolup, aklad müdirine garaşyp, metjidiň kölegesinde oturanyny görüp, öýüne alyp gelipdi. Şondan bärem Gurban şopuryň öýi. Gyzylarbatda bolsa-da bir aýagy bärdedi. Sumbar etrabyna düşderem, işan aganyňka baş çekmän gitmez. Özem gara gadyr. «– Işan kaka, dişiňe laýyjak bulkajyk getirdim! Işan kaka, narpyzlyja kemput getirdim! Işan kaka, çaljagaz getirdim». Işan aga bir ýumuş buýursa-da mähetdel etmezdi. Şol gün bolmasa-da ertesi ýylgyrar, işikden giräýerdi. Ýöne Işan aga Annak deriçiniň iresinden barjagyny bilmedi. Öňünden barsa, gapýan boldy, yzyndan barsa, depýän. Ol gapdalyndanam golaýlap gördi. – Annak, oglum, gaharlanma, gahar-kapyrdyr. Sabyr-rahmandan, äwmek şeýtantandyr. Sen gaharlanma. Adamlar heniz ynsabyny ýitiren däldirler. Annak deriçi gahary içine sygmaýan ýaly, agyr myňylady. Çep elini jübüsine urup goýberdi. – Ynsap – pul, iman. Häzir puluň bolsa metjitde molla kylyp bolýar... Işan aganyň agzy uçuklady. – Toba, küpür gepleme, oglum. «Gaýtmyşym» diý, toba... Annak deriçi ýerinden turmakçy boldy. Işan, hany bir omyn et. Biz turaly. – Ol inisine baş atdy. – Munyňdan derek ýog-a meňzeýär-ow, han. Babajan işan omyn etdi. – Oturyň, oturyň, howlukmaň-a... Myhman gara der bolup ýerinden turdy. – Häh-hä – Ol işan aga baş atdy. – Sen biziň bilen gidip, töwella-tagsyr etjekmi, ýa-da öz najagaýymyza iýiberelimi?! Işan aga gözleriniň nuruny eliniň aýasy bilen ýüzüne çalyp goýberdi. – Men agşam geldim. Syrkaw adamyň üstüne gaýta-gaýta barmaýyn. Özüňizjik elinje baryp-geläýiň. – Olary maşyna çenli ugradansoň, ak pata berdi. Maşyn metjitden geçip, ileri gönügensoň yzyna girdi. – Herki bendä gowusyny et, ýaradan. Ol ýene-de «Mugtesere» gümra boldy. Soň öýle namazyny okady-da, namazlygyň ujuny epledi. Işik şykyrt etdi. – Baba jan! Işan aga tisginip gitdi-de: – Weý-weý, weý! – diýip goýberdi. – Guzym gelipdir, guzym gelipdir. – Ol ýerinden nähili turanynam bilmedi. – Gel, guzym, görşeli. Bala Babajan işany gujaklady-da onuň kükregine başyny goýdy. – Baba jan! Men saňa gaýmak getirdim. Babajan işan onuň ellerinde tutdy-da töre geçirdi. – Babajan diýen diliňe döneýin, guzym. Babajan diýip gujaklan eliňe döneýin. – Hany, geç, guzym. Bir çaýjagaz içesim gelip durdy, guzym. Ýeke özüm içmäýin, allam maňa bir eziz myhman iberer, garaşaýyn diýip otyrdym. Geleniň gowy boldy, guzym... Çaý sesini eşdenden Bala daşary ylgady. Kündügi alyp, ojakda çaý goýdy-da aşagyna odun galap ýakdy. Mis kündük salymyny bermän lakyrdady. – Hany, çäýne, baba jan! Hakykatdanam Babajan işanyň çaýsyrany hakdy. Onuň düýn gaýnag suw guýup goýan termiziniň suwy sowap galypdy. – Ine, oglum çaý-da atdym. Şu ikijigine guý-da, soň taňkany dolduryp ýene otda goýaly. Termisime guýaýyn. Bala çaý demledi-de, taňka ýene suw guýup ojakda goýdy. Termosyň içindäki suwy synjalyk kündüge guýdy. – Gel, guzym! Balanyň eline suw alasy geldi. – Baba jan, gel seniň eliňe suw akyzaýyn. Ýyljak suw bar. Babajan işan garşy bolup durmady. – Bor, guzym. Ol soň öz eline suw aldy. Oňa çenli taňkada lakyrdap başlady. Bala termosy dolduryp, taňkany ýerde goýansoň ynjaldy. – Düýnki şopur agaň bardymy? – Bala çaý-çorbasyny hezil edip, uly lezzet bilen iýip oturşuna başyny ýaýkady. – Onda, gabat gelşen dälsiň. Olar size gitdi. Şunça özelensemem «ýagdaýy gowy» diýip ynjalmadylar, pahyrlar. Heý, ynjalyp bolarmy diýsene, bendeler, gowy adamlar eken, şondan şuňa gelipdirler, seni göreli diýip. Bala göni ýol bilen gaýtmandy. Ýolda sygyrynyň örküni täzeläpdi. Birki desse ot ýygyp goýupdy. Ol howlukdy. – Baba jan, men turaýyn. Olara öýde çaý-suw berjegem ýog-a. Aryp gelen bolsalar, çaý bir bereýin... Işan aga ýeňiljek omyn etdi. – Ine, ýene çal getiripdirler. Äkit munam. Garry jan içsin. Derman bolar, enşalla. – Ol gaýmakly gabyň agzyny açdy-da oňa barmagyny degirdi, soň soň barmagynyň ujundaky gaýmagy ýalady-da dişsiz agzyny pakgyldatdy. – Tüweleme, bal ýaly eken... – Baba jan, biziň üçinem bir doga-dileg edewersin diýdi, dädem jan. Işan aga gaýmakdan ýene ýalady. – Enşalla, tebärek çykaryn, Gurhan okaryn siziň üçin... Bala daş çykdy. – Menem, guzym gidip barýan, sag-aman oturyň. Ýyldyz-a bir mahal dogupdyr. Belki, gabat gelsem, elinden bir suw içsem, onsoň armanym ýok. Hökman bolmaly. Atam pahyr bir zada göz ýetirmän aýtmaz... Bala işan aganyň gitjegine gynandy. Eger şu adam obadan çyksa, dünýäniň ähli gyzygy togtaýjak ýaly duýgy ony horlady. – Baba sag aman gidip, gel. Ýöne köp eglenme. Biz sensiz nädip ýaşarys. Işan aga agzyny pakgyldadyp güldi. – Janyňa döneýin, guzym, gelerin, gelerin... 5. Garry aga ynsan ömrüniň nähilidir bir ýoljagaz bilen öz perzentlerinde gaýtalaýandygyny duýdy. Ýöne bu duýgyny çuňlaşdyryp bilmedi. Onuň ähli oýy süýtli tüňňüriň durşy bilen çig gaýmaga öwrülmegine jemlenipdi. Ýöne, ogly ondan sabyrly çykdy. Ýaşuly ony boýun aldy. Ol oglunyň bolşuny geň görýärdi. Bala içeriniň, daşarynyň ähli işini gül ýaly oňaryp ýördi. Özüniňem hiç hili hyk-çoky ýokdy. Bu işler bir adam-a däl, iki-üç adamam maýyrjakdy. Çala-ha oňa çydar ýaly däldi. Iň bärkisi özüniň yňňyl-çyňňylyny, aşagyny, agzyny oňarmaga men diýen aýal gerekdi. Maly, gurçugy idetmek, sygyr sagmak, ony süzüp, alla-owarralara ukynyň iň süýji mahaly eltip gelmek, ot, çöp, okuw... Bu işleri göz öňüne getirjek boldy welin, ýaşulynyň özem bolup ýatyşyna utandy. «Özünden iki ýaş çaga-da bar, şol işleriň bir ýanynda, ediberenog-a» diýip, ol Dädişi ýatlady. Diňe Dädiş däl. Onuň özem bolsa, megerem bu işlere barmagynam degirmezdi. Oba ýerinde aýalyň işi haýsy kesgitlenendi. Dördünji klasa gatnaýan çagalaryň esasy işi okuwdy. Olary höre-köşeläp, okuwa ataryp bolsa, gelende eline el ýaly çörek berip, oýnamaga goýberseň, bolanydy. Olara, iň bärkisi mal bakmagy hem kän bir ynanyp bolanokdy. Küýüni oýna berip, maly ýaban galdyrylaryndan gorkulýardy. Bala welin iş dannanokdy. Ol içeri girip aýal bolup, daşary çykyp erkek ýördi. Ol indi çaga meňzemeýärdi. Garry aga şony duýdy. Onuň ýene bir haýran galan zady, bu çaganyň dili päkizedi. Ol «dilem bar, digirem bar» diýilýänlerdendi. Ýaşuly agşam ýatyp ertir turanlarynda Balanyň äheňiniň, owazynyň, sesiniň güýjüniň düýnkidenem kän esse mähribanlaşýandygyny duýýardy. Ol özüni bileli bäri «Däde jan, eje jan» diýip, jansyz adyny tutanokdy. Garry çopan ony ilki oglunyň gowşak-suwjuk, özüni oňarmaýan häsiýeti hasap etdi. Bir gün Balar gider öýtdi. Emma onuň sesiniň mähribanlygy barha güýjeýärdi. Ogly «däde jan» diýende ýüreginiň mährini seçelendirip diýýändigine ol göz ýetirdi. Ogly «däde jan» diýende, şol owaza ýüreginiň, ömrüniň bölegini garyp diýýärdi. Beýle owaz adam ogluna mahsus däldi. Ol ogluna käýýäbem gördi. Ony uran saparam bolupdy. Emma ol «däde jansyz» ýeke saparam geplänokdy. Garry çopan düşege baglanansoň oglunyň äheňiniň hasam süýjäp, bala dönenini duýdy. Ogly onuň aşagyny aýranda, kemterinden porsy ysa ýüzünem çytanokdy. Edil bir, hökman bolaýmaly zady edýän ýalydy. Şonda-da ol şol mähribanlygyny ýitirenokdy. Gaýta ol owaz güýjeýärdi. Ejesiniň, Dädişiň ony dalap, üstüne gygyryp oturanynam bilýärdi. Emma bala üýtgemeýärdi. Ýaşuly oglunyň özünden artykdygyny bir zatda bilýärdi. Ol öz agasy mejit aga bilen näçe ýyldyr, dili baglydy. Agasynyň öýi taýak salym golaýda bolsa-da ara garatikenden serhet çekilen ýalydy. Barym-gelim ýokdy. Emma Bala bolsa şony etmezdi. Ol Bibisi mal kowup barýanam bolsa: – Bibi jan, salowmaleýkim. Sen gaýdyber, özümjik äkiderin diýýärdi. Ýaşuly ýene-de çig gaýmakly meselä geldi. Bu alamatdy. Özem, megeremýagşylygyň alamatydy. Hudaý Garry çopanyň içerisini ýalkapdy. Ýöne oglunyň diline gulp asmalydy. Onsuzam oglunyň edebine telpek goýýardy. Ýöne, gelen döwleti gaçyrmaly däldi. Ýok ýerden gowurdagyň, gandyň, çöregiň gelip durmagy şol alamatyň gudratynyň nyşanydy. Onuň ýassygynyň astynda ýetmiş manat pul ýatyrdy. Balanyň äkidýän çüýdüniňem puly bu gün-erte gelmelidi. Munça baýlygy ol «men» diýip, garabagyr işläp ýörende-de gören däldir. Ýaşuly birden tisgindi. Araky gören düýşi Ogulbegiň özelenip «ýene altmyş günden gelip, kejebeläp äkideris» diýmegi onuň gursagyna gor guýdy. Ol erbet urundy. – Eý, Ogulbeg, Ogulbeg – diýdi. Daşarda maşynyň gürrüldüsi eşidildi. Çagajyklaryň ylgaşýan, gygyryşýan sesi içeri doldy. – Bu nämäniň alamatyka? Ýa Balany ýene maşyn bilen getirdilermikä? Maşyn durdy. Ep-esli wagtdan agyr hajyldy, soňra aýak sesi eşidildi. – Salamalek, adam-gara barmydyr-ow. Garry aga ýorgan-düşege baglanyp ýatyşyna! – Geliberiň! – diýip seslendi. Içeri etli-ganly, bagyr-öýkeni çüýrän goýun ýaly zordan demini alýan agyr pyýada girdi. Ol ortarada ýatan ýaşuly bilen göwünsiz salamlaşdy. Soň daşary gygyrdy. – Gel-äýt, senem. Ol gysgaça salam-helik soralaşylansoň geňi gysgaltdy. – Bu tentegi tanadyňmy – diýip, Garry aga ýüzlendi. Ýaşuly ony hakydasyna getirip bilmedi, ýäne sypaýçylygy elden bermedi. – Bir gören ýüzüm, öz-ä. Myhman gönüledi. – Seniň dogmaňy maşynyna kakdyran adam şol. – Haçan? – Ýaşuly nädip dikeleninem duýman galdy – Haçan, ol. Myhman kelteden semiz, kirli barmaklaryny sanady-da emelsiz epleşdirdi. Ýöne belli san aýtmady. – Öňňün! – Ýok, düýn! – Şofýor oturyp bilmedi. Myhman hyssyldady. – Düýn. Garry aga elini eliniň üstüne goýdy. – Meniň-ä habarym ýok. Oglum men maşynyň ýelginine ýykyldym-a diýdi. Olam näme, çagadyr-da. Myhman äpet kellesini silkeledi. – Çagadyr diýmäň. – Ol jübüsinden otluçäp gabyny çykardy-da, ony açyp bir çöp alyp ýakdy. Soň üfläp öçürdi. – Ine, şol ot paşaram edip bilýär. Ýöne häzir üflände öçdi. Olam şeýle. Ýelginine bolaýşyny, onuň. Hakyt, inim siziň ogluňyzy maşyna kakdyrypdyr. Ýöne ikisiniňem çöregi bitin eken. Olaryň hiçisine-de zat bolmandyr. Ony häzir kepleşeýli. Soň paşar bolansoň öçürtmez. Öçürtde-de köp harapçylyk bolansoň, «wah» diýeniňden näme peýda bar. Garry aga olaryň näme isleýänine kän bir düşünibem baranokdy. Ýöne ol özleriniň-ä bu meselede şikaýatynyň ýokdugyny aýtjak boldy. – Aý, onça-munça iş bolsa sesimi çykarmazdym. Aýdaly, ogluň ýaş çaga, maşyn kakyp, onuň kellesini çaýkap, oňa gan doldurdy. Bu gün-ä gowy. Ertirem şakga ýatdy-da «waý-dat, maşynyň kakan ýeri agyrýar» diýip jan berdi. Onsoň onça-munça diýmersiň-ä. «Şol şofýor kakdyrdy» diýersiň. Ine, paşar. Men şonuň üçin geldim. Maňa Annak deriçi diýýändirler. Men şu günümi gaýgy edýän adam däldirin. Garry aga aljyrady. – Aý, hudaý bardyr-da... Myhman ony sypdyrmady. – Hudaý ýok diýýän ýok. Men duluňy alyp, seniň razylygyňy alyp gitjek. Aýt, nyrhyňy. Agzyň keplesin. Soňam maňa «oglum üçin Gurban Agöýlä azar bermerin» diýip, dilhaty ber. Ýaşulynyň gözi-başy aýlanyp başlady. – Inim, meniň halym harap. Sen maňa azar berme. Men, adam ogluna azar bermen. Siz arkaýyn boluň. Sanalgysy dolup, Alla gerek bolsa, sen, men näme... Myhman elini goltugyna urdy-da daşynyň kagyzy-da ýyrtylmadyk üçlükleriň üç paçkasyny kart taşlan ýaly edip, orta oklady. – Onda, babaý, diňle. Ine, togsan manat. Maşynyň üstünde-de bir halta un bilen, bir janly bar. Razy bol. Ýaşuly iňledi. – Näme gerekdi, aýtdym-a. Myhman meseläni kesdi. – Onda, şeýle. Senem razy bol, bizem. Eger adamçylykdyr, soňy bulaşsa, men-ä seni tanamok, senem Gurbany. Al eliňi. – Ol hälki pullary ýaşulynyň eliniň üstüne goýdy. Ol ýaşulynyň elini çekip aldy-da oňa öz semiz aýasyny kakdy. – Indi boldy. Hudaý emindir. Garry aga dodagyny gymyldatdy. – Belki, hiç zat bolmasynd-a – diýip, Gurban şopuram turup barýarka aýtdy. Myhman ýüzüni eňşitdi-de, başyny ýaýkady. – Kim bilýär. Myhmanlar bir halta uny daşky jaýa düşürip, tarsyldap, uçaýjak bolýan goýnuň bagynam gazyga iltäp gitdiler. Garry aga maşynyň sesi näçe uzaklaşdygyça howsala düşdi. – Ýa, ol çaga bir bela bolaýdymyka?wah, men guraýyn. Eý, allam, düşege bagladyň-da. Ol gözlerini penjirä dikdi. Garaňky perde penjiräniň öňüni tutupdy. – Bular nirä gidýärler, janym. Içim gabyz ald-a. Wah, çaga günüň galsa, şeýle-dä. Şişik şykyrdady. – Bal-a! Balanyň güler ýüzi göründi. – Däde ja-an!öýaşuly hemleli gygyrdy. – Nirä ýok bolýaňyz, baryňyz? Bala ýylgyrdy. – Babamlara gaýmak eltdim. Sygry suwa ýakyp, örküni täzeledim, soň üç-dört goltuk ot ýygdym. – Bes et, gepiňi, al bänkäni! Bala bankany alyp kakasynyň aşagyna tutdy. – Wah, wah – diýip, ýaşuly gögerip giden gözlerini süzüp aýtdy. – Tas janym çykypdy. Bala bankany tämizläp öňki ýerinde goýansoň, iki dyzyna çökdi. – Däde jan, çaý bereýinmi, nahar bereýinmi? Garry aga indi birneme rahatlanypdy. – Çaý içeli. Bala çaý goýdy. Saçak ýazdy. Çäýnekleri çaýkady. – Gowurdak alaýaýynmy, ýa-da hälki nahary gyzdyraýynmy? Garry aga ýüzüni çytdy. – Gowurdak bilen çörek al. Meniň-ä içim ýanyp barýar. Bala begendi. – Däde jan. Işan agam saňa düýe çalyny iberd-ä. Ýaşulynyň şöhlesi öçen gözleri ýylpyldap gitdi. – Getird-ä. Bala daş çykyp, üç litirlik aýna gaby getirdi. Dykysyny açdy-da kakasyna uzatdy. – Al, däde jan, noş bolsun! Ýaşuly demi tükenýänçä agzyndan aýyrmady. Soňam birküç sapar ony başyna çekdi. – Gowy çal eken. – Ol bankany gapdala aýyrdy. – Çaý gaýnady, däde jan! Ýaşuly «ýok, işjek däl» diýýän ýaly edip, başyny ýaýkady-da, soň uludan gägirdi. Bala indi birneme rahatlandy. – Eý, allam, edeniňe şükür – diýip, ýaşuly iki elini başynyň astyna goýup, gözlerini ýumup ýatdy. Bala gorjandy. – Däde jan, suw azalypdyr. Sen azajyk gyşar. Men gidip, çeşmeden suw alyp geleýin. Garry aga dikeljek ýaly boldy. Ol başyny galdyrdy. – Hany, sen munda gel-any. Bala kakasynyň äheňinde bir ynjalyksyzlygyň bardygyny bildi. – Maşynly gürrüňi aýdyp ber, maňa. Bala unly halta garady. Soňam kakasyna. – Ýok, däde jan bolan üýtgeşik zat ýok. Men, men. Ýaşulynyň indi goýmajagy çynydy. – Gel, otur şu ýerde. Baryny bolşy ýaly gürrüň ber. – Men – diýip, Bala ýuwdundy. – Kontordan çyksam eşegim ýok. Şony alada edip, onsoňam Babajan babamlardanam çal almaly» – diýip, «çal getirdilermikä, getirmedilermikä» diýip pikire gumra bolup ýoldan geçjek bolupdyryn. Birden kelläme agyr urgy degdi. Soň goýy tüsse, tozan, hemem, nebitiň erbet ysy gaňşylawugymy ýandyryp gitdi. Oňa çenli maşyn durdy. Şopur aganyň ýüzi duw ak bolupdyr. Meni elimden çekip turuzdy-da, käýedi. – Näme boldy – diýdi. – Hiç zat bolanok, gidiber – diýdim. Olam ýaman gaharlanyp, mşynyna münüp gitdi. Ol sagat on ikä işan agalara seniň üçin çal getirmeli adam eken. Gijä galmaýyn diýip eňip gelýän eken. Onda günä ýok. Menem gaty gorkdum. Kelläm gaty demire degip azajyk sypjyrylypdyr. Çal alaýyn diýip gelenimde babam» gorkan bolaýma» diýip suw berdi. Soň kellämi daňdy. Şofýor aga-da, maşyny-da şolaryň işiginde duran eken. Soň meni öýe alyp geldi. Özüňe bir zatjagaz alarsyň diýip – diýip jübime pul saldy. Bar bolany şol. Ýaşuly ogluna başyny egdirdi. Onuň kesmekläp duran ýarasyny sypalady. – Agyranok gerek? – Juk, däde jan. – Ýüregiň sarsyp, ýa döwlen-ýenjilen ýeriň ýok gerek? – Ýok, däde jan. Ýaşulynyň äheňi ýüpek ýaly ýumşady. – Şol şopur agasy bilen gelipdir. Şu pullary, uny, goýny getirip gitdiler. Bala sesini çykarmady. – Bar, suwuňa gidiber. Sygryňam al-da gaýdyber. Gün aşak eňipdi. Ýol suwa barýan-u-suwdan gelýän aýal-gyzdan, çagalardan doludy. – Bal-a! – diýip, kimdir biri yzdan gygyrdy. Bala ädimini gowşatdy. Yzdan Soltangül gelýärdi. Megerem, ol Balany görüp, suw gerek bolmasa-da gaýdan bolmalydy. Ol gaty-gaty ýöreýärdi. – Haý, ýalançy. Näme gelmediň? Bala boýnuny burdy. – Dädem ýaranok-da, ejemem keselhanada, ýeke taşlap gaýdyp bilemog-a. Soltangül birden sakga durdy-da gözlerini güldürdi. Soň ýuwaşja pyşyrdady. – Onda şu agşam geläý. Öýde hiç kim ýog-a. Bala ýene boýnuny burdy. – Soltangül bajy, men gaty howlugýan, bolýamy? Dädem: «bir aýagyň gitsin, bir aýagyňam gelsin» diýdi, bormy. Soltangül ýene gözlerini oýnatdy. – Agşam gelgin-ä. Bala çeşmä bakan ylgady. Ol sygyryny ýola kowdy-da, çeşmä eňdi. Çeşmäniň boýy jagyl-da-juguldy. Uly gyzlaryň biri suw alyp berýärdi. Şolaryň arasyda Soltangülem bardy. Ol suw alyp berýä gyza gygyrdy. – A gyz şo oglanjyga-da suw alyp beräý-dä. Dädesi syrkaw ýatyr-a. Bala suw alyp berdiler. Ýöne Balany tok urana döndi. Gyzlaryň arasynda Akja-da bardy. Ol gülýaka ýaljak bolup, sarsman durdy. Bala oňa seretdi, emma ol oňa seretmedi. Gaýta, ýüzüni tekepbirlik bilen gapdala sowdy. Şbala bedrelerini kötel ýoldan zordan çykardy. – Waý, aý oglan, birden gorra bolaýma – diýip, gelinleriň biri gygyrdy-da jak-jak güldi. Beýlekilerem gülüşdiler. – Beý diýmesene, gyz, neresse çaga. Gülki sesi galmady. – A gyz, ýumruk ýaly bolup, bedreleri özünden ul-a. Inegi süýnmese-de ýagşydyr. – Biziň obanyň oglanlary gaýratlydyr – diýi, Soltangülüňem sesi geldi. –Baryň, öz obaňyzyň oglanlaryna at dakyň. Ýola düşensoň ol ähli gep gürrüňi unutdy. Bar pikiri kakasydy. Ol öýe girende gözlerine ynanmajak boldy. Öňki bir halta un iki bolupdyr. Onuň ýanynda ullakan ýag tüňňür durdy. Asgyç haçjadan bolsa goýnuň butlary, guýrugy bilen durdy. Bala çyranyň çüýşesini sgi bilen süpürdi-de, onuň peltesini sähelçe galdyryp, kükürt çöpüni degirdi. Öýde başga bir üýtgeşiklik görmedi. – Hany, gardaşlaryň – diýip, kakasy ondan sorady – Olar güni bilen nirede entäp ýörler. Bala sesini çykarmady. Ol elini ýuwup, sygyryny sagdy. Kakasyna çaý demläp berdi. Saçagyň üstüne bir käse çiggaýmak, gowurma, gant, çörek goýdy. – Ol näme, däde jan – diýip, şondan soň soňky gelen zatlara başyny atdy. Ýaşuly gözüni süzüp ýatyrdy. Megerem ol göwnüni bozupdyr. Şonuň üçin gözlerinden akýan ýaşy henizem saklap bilmeýän borly. – Kolhozyň başlygy Öwelekden iberipdir. – Ýaşuly gözlerini süpürdi. – salam aýdypdyr. Çaltyrak gutulsyn, hiç zady gaýgy etmesin diýipdir. Bala içeriniň döwletine begenibem durmady. Ony kimedir birine aýtsam, şeýle, şeýle zat getirdiler diýip gürrüň bersemem diýmedi. Onuň göwni dokdy. Ýöne öýde odun azalypdy. – Sen, oglum, gurçugyň ýatsa, ertirNowatek bolarmy, Gyzylgaýa bolarmy, oduna gitsen-e. Öýe ýapyşma. Çerkeziň, garatikeniň, ýylgynyň gury çöplemesi bolarmy, töňrürtgeleri bolarmy, bir eşek ýüki alyp gel. Indi odun bolsa, günümizi görer ýaly ýagdaý döredi. – Bolar, däde jan! Bala kakasynyň pikiri bilen öz oýunyň deň gelenine haýran galdy. – Menem indi uly adam bolup barýaryn-ow – diýip, begençli oýlandy. Irgözinden kakasynyň odun ýüpüni, täze paltasyny taýýarlap goýdy. Kakasynyň ýantorbasyna bir bölejik çörek saldy. Hudaýdan ertir ýagyş ýagmazlygyny diledi. Ertir irden kakasyna bişirip goýmak üçin etiň jylkaja ýerlerinden kesişdirip, duzlap goýdy. Dädiş bilen Akgyş ol düşekleri ýazandan soň geldiler. Dädiş gaharlydy. Emma Akgyş çagalygyny etdi. – Biz geldik. Garry aganyň gahary geldi. – Sen, oglan, gara doňuz ýaly bolup nirede entäp ýörsüň. Dädiş sesini çykarmady. – Biz hudaýýoluda bolduk – diýip, Dädişiň gözüni alartmasyna-da garaman, Akgyş syrlaryny açdy. – Olar bizi kowdy. Olar – ýaman. Indi biz Ýagşylaryň doganlary ölende, olaryň hudaýýolusyna barmarys. Biziň dädemiz ölende-de olary hudaýýolumyza goým... Akgyşyk ýaňagy şarpyldap gitdi. Dädiş ýene urmaga taýýarlandy. Şarpygyň awusyna çydamadyň Akgyş çagalygyny edip bägirdi. – Däli, özüň aýtdyň, dädem öljek bolýar – diýip. Ölse hudaýýolumyza goýbermeris – diýip özüň aýtdyň. – Ol öýde bolmaly, gaçyp, dekdoma gireli diýip özüň aýtdyň. Dädiş dommarylyp, gara jürjen ýaly ýüzüni kürşerdip otyrdy. – Aýdanda näme? – Sen aýtdyň. Ýaşulynyň erbet gahary geldi. – Ýok boluň, ýeksurunlar. Şular ölmänkäň öldürjekler, adamy! Bala ara düşdi. – däde jan, olar çag-a. Indikile gaýtalamaz. Birje sapar kowma. Olar indi diýmez. Ol Akgyşy düşege geçirdi-de üstüne ýorgan ýapdy. – Gümlerine gitsinler. Şu wagt şeýle. Ulalansoňlar näme boljak bular. Barsyn, dekdomyna girsin. Gitsin, mundan gowy ýeri bolsa. Dädiş dilini saklamady. – Dogry-daý, haçan gelseň uruş, sögüş. Iýmäge zat ýok. Derrew kowup başlaýaňyz. Şol samsyk, ýaranjaň ogluňyz-a «däde jan, däde jan» (ol dilini çeýnäp, Balanyň agzyna öýkündi) diýse, gowy görýäňiz. Indi şolmy şu öýüň heleýi. Men-ä ýaranjaňlyk etjek däl. Kowsaňyz giderin. – Jigim jan, diýýäniň näme seniň... Dädiş tumşugyny göge dikip, gözlerini jüýjertdi. – Sen otur-ow, siýejin. Seniňki näme, siýdigiňi oňarsan-a. Garry aga ýerinde garsa galyp, oglunyň dulugyna çekäýjek-çekäýjek boldy. Ýöne başaranokdy. – Wah, dogman geçen, ejeňe çeken diliň kesilsin. Seniň başyňda bir päl bardyr. Dädiş şu öýde özüne garawyň ýokdugyny ýagşy duýupdy. Ol kakasynyň ýüzüne-de äsgermezçilik bilen seretdi. – Barsan-aý, seňki näme? Ýat-da porsap... Ýaşuly titredi. – Jigim jan, aýdýanyň näme, heý, dädem jana beýle sözler diýip bolarmy? Dädiş gapdalynda duran saçakdan el ýaly çörek döwüp aldy. – Näme, dilini saklasyn. Bu ýerde onuň guly ýok, sen ýaly... Şondan soň öýde hiç kimden ses çykmady. – Eý, allam, siýdigiňden öneniň şeýdip durka, ilden näme aýyp görýäň. Al, meniň janymy, gutulybam söýenişjegim, daýanyşjagym şol bolsa – Ol ýene-de gazabyna çydama-dy. – Sen gara doňuz, bir aýak üstüne galaýyn, men seni tüpeňläp öldürmesem, içim sowamaz. Dädiş dilini saklamady. – Sen adam öldürmäni ýagşy öwrenensiň, öldüriber – diýip, elindäki çöregi çepbe-çeýnäp oturyşyna aýtdy. – Men kimi öldürdim? – Özüň bilýänsiň, Gyşýurtda kimi öldüreniňi. – Kim aýdýar, ony. – Il aýdýar. Ýaşuly bir tokga daşa öwrülip, düşegine togarlandy. Ýöne daşa garanda, onuň ýüregi ýarylara gelip, tarkyldap urýardy. Garry aga indi aglanokdy. Onuň ýüregi damagyna dykylyp, jany aldym-berdime salypdy. Ajal deri onuň süňňündäki ähli gurbaty ýumşadyp, ýuwup daşyna çykarypdy. Bala ony duýdy. Ol kakasynyň gapdaljygyna çökdi-de, onuň buza dönen ellerini owkalady. – Däde janym, däde jaym, arkamyň dagy, däde janym... Garry aganyň gulaklary lyp edip açyldy-da oglanyň güýç-kuwwat berişi owazy onuň süňňüne ýaýrap başlady. Ellerinden, onuň eli bilen tutan ýerinden ýyly ýöräp onuň janyna hözir berip başlady. Agyr penje demligini goýberdi. Şýaşuly iňledi, soň bolsa süýjüje hykylap uka gitdi. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -16: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -7: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -2: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |