22:27 Iñ soñky tomus -7/ romanyñ dowamy | |
6.
Romanlar
Sumbaryň bahary esräp-kükräp gelýändir welin, nämüçindir bu ýyl meýdanlar çyplaňdy. Gyzylgaýanyň, Nowetegiň, Jangurbanlygyň ugry keliň saçy ýaly ap-ala bolup ýatyrdy. Mal doýjak diýseň, ýalanly bolunjakdy. Bala onda-da bu meýdanlara bäbegiň ýüzüne garan ýaly bolup seredýärdi. Özüni, şol işleri bir ýana taşladyp goýbereni üçin kakasyna içinden müň bir alkyş okaýardy. Ol Gyzylgaýanyň jülgesine düşdi-de, eşegini ap-ak, gyzylymtyl gaýalaryň etegi bilen çepe bakan sürdi. Ol ýer ýoldan kän bir daşda däldi. Aralykda jar bardy. Ýöne kakasynyň diýýän oduny kändi. Ol emekden düşdi-de, ot ýaly bolup odun çöpledi, ýylgynyň, çerkeziň gol ýalyrak gury şahalaryny çapyşdyrdy. Sähel salymda depe ýaly odun taýýarlady. Olaryňam iň bir gury, daýawlak şahalaryny ýüplerine çykady. Galanyny ýylgynyň gürräk ýerinde, indiki gelerinde alary ýaly, ýygşyryşdyryp goýdy. Üstüne ýylgynyň pürlerini atyşdyrmak üçin paltasyny eline alanam şoldy welin, edil aýagynyň astyndan bir süri käkilik güsürdäp asmana galdy-da, soňam, edil toýda gelniň üstüne sepilýän nogul ýaly, ýaşyl ýapynyň üstüne pytyrap gitdi. Olar owadan boýunlaryny näzli burup, saýrap başladylar. Bala aýagynyň astyna garady. Asyl, bu uly ýylgynyň astyndaky ýasy, astyna adam sygaýmaly daşlaryň aşagy olaryň ýatagy bolsa nätjek. Jübüt-jübütje ýumurtgalar ýaýrap ýatyrdy. Bir mäkiýan käkilik bolsa «janymy alsaňam, ýumurtgamy taşlap gitmerin» diýýän ýaly, gözlerini jüýjerdip otyrdy. Bala ýumşaklyk bilen yza çekildi-de gurulgy odunynyň ýanyna bardy. Kakasynyň ýan torbasyndan çörek çykaryp gäwüşäp başlady. Çörek süýjüdi, çeýnedigiňçe agzyň içi işrin lezzetden dolup gidýärdi. Emma meýdan ondanam süýjüdi. Käkilikleriň saýraşyp, ol daşdan, ol daşa böküşi, käbiriniň jandurmazlyk bilen ýylgynlyga tarap uçup geçişi ony haýran edýärdi. – Wah, meniňem ganatym bolan bolsady – diýip, ol süýjüje oýlandy. – ähli jülgeleri, sürüleri sökerdim. Dädemjanyň goýunlaryny sürüp getirip, kolhozyň başlygyna tabşyrardym. Dädemi ýykan şol goýunlar. Onuň başga derdi ýokdur...» Bala dogrudanam, şol goýunlar barada oýlanyp başlady. «Kim alyp biler? Näme üçin Baýdy dädem «Goýular bar» diýenimde gorkdy. Ol gaýta begenmel-ä. Ýa-da şonuňam eli barmyka? Näme üçin Öwelek bilen Täçmyrat daýy meni kasty bar ýaly, süýräp kontora äkitdikä? Baýdy dädem biziň doganymyz bolsa-da näme üçin bize gelenok. Agasy düşekde ýatyr, ol näme üçin halyny soranok. Bu ýerde bir zat bar. Wah, şony bilip bolsady. Öz-ä olar dädem janyň aýdyşy ýaly, oda düşdüler. Hökman, mal goýan çopanlarynyň üstüne baryp, olara diliňize bek boluň» diýäýjek ýaly, özler-ä. Eger şolaryň eli bolsa. Wah, şonda şolaryň haýsy sürä barýanyny bir bilip bolsady» Ol ýerinden lapykeç halda turdy-da eşegini odunynyň gapdalyna getirdi. Soň odunynyň gaýraky bölegini galdyrdy-da dyzynyň üstüne göterdi. Indi, hudaýy çagyryp, güýjüňi jemläp oduny ataýmalydy. Ol güýjüni jemlemek üçin sähel salym daýandy. Birdenem... Birdenem onuň gözi ýol bilen arkaýyn barýan ýabyla düşdi. – Baýdy dädem – Ol odunynyň taýyny ýere taşlady. Üç ýabyly, howlugyşyp, Baýdy fermanyň gürrüňine diň salyşyp barýar. Bala eşeginiň ýüpünden tutdy-da ýylgynlaryň arasy bilen bir wagtlar siliň zarbyna derýanyň hanasyna dönüp giden jara saldy. Soň oňa atlandy. Eşek, jaryň içindäki inçejik ýol bilen dükürdäp barýardy. Gorp bolan giden jaryň köwlen diwarlaryndan ýylgynyň kökleri gap-gara aşdarh ýaly bolup asylyşyp durdy. Görnüp duran deşikleriň agzynda baharda joşa gelen guşlar süýäni-süýji söhbet gurýardy. Bala oňa kän üns bermedi. Ol ýeteňkirläpdi. Indi olaryň sesi eşidilýärdi. Jaryň ýol bilen birigýän ýerinde Bala eşegini saklady. – Sen onda Hudaýberdiniň ýanyna bar. Diline bek bolsun. Basym gyrkyma başlabersin – diýdi diý. Emma goýnuň bäşisi özüňki» diý. Bormy. Baýdy fermanyň sözüne hä berýän Öwelekdi. «Öwelek Hudaýberdi çopanyň sürüsine barýar» diýip, Bala oýlandy. – Baýar, menem Öwelek bilen gidibereýin. Galama barsam Galaýyzawyň agzy beýle bir daş däl-ä. Mürri häzir Galaýyzawda bolmaly. Baýdy ferma nägileräk boldy. – Baý, senem, Täşjan, Molladurdynyň üsti bilen öteýtsen-e. Ýöne, Mürrä gaty bek aýt. Otuz goýnuň bäşisi seňki diýdi diý. Ýomut bolarmy, nohurly bolarmy, çalşyp bilse çalyşsyn, mallary... – Bolar, sen arkaýyn bol. Baýdy ferma öz etjek işini aýtmady. «Diýmek, elli goýun Hudaýberdide, otuz goýun Mürri çopanda, ýene ellisi kimdekä?» – Agşam, öýe geliň. Ýadawlygy bir aýralyň. Bala olaryň gülşenlerini eşitdi. Baýdy ferma Täçmyrat aga bilen gürleşip gitdi. Soň Molladurda gidilýän ýerde Täçmyrat aýrylyşdy. Bala Baýdy dädesinden kän bir galanokdy. Onuň ýabysynyň ir aýagynyň naly döwükdi. Şonuň üçin bu ýabynyň yzyny gije-de tapyp biljekdi. Baýdy ferma Porsy suwa baryp, ondanam göni Demirgazyk Günorta sürdi. Bala bu ýoly bilýärdi. Bu ýol gargyjak diýen jülgäniň başyna barýardy. Ferma atyny Gargyjaga däl-de Nemise garşy sürdi. Ol juda arkaýyndy. Şonuň üçin Nemisiň buldurap duran tämiz suwly çaýyndan atyny howlukman suwa ýakdy. Özi atdan düşüp, meýdan edindi. Soň ýuwundy. Jübüsinden çörek çykaryp, suwa batyryp iýdi. Bala-da howluganokdy. Kakasy onuň dini-imanydy. Ol kakasynyň başyna düşen biabraýçylygyň agramyny bilýärdi. Ol otda yssydy. Niräňe degirseň ýakyp barýardy. «Ogrynyň ogly», Garry kör kolhozyň diýen gürrüňler ony halys edipdi. Bu gün-ä bu gün, ýene kyrk-elli ýyldanam bu gepiň dogan-garyndaşyň ýüregine typ sünçjegini Bala bilýärdi. Şonuň üçin ol ölse-de ýolundan gaýdyp biljek däldi. Baýdy ferma atyny keserip ýatan düýe ýaly daşa ýanady-da, oňa mündi. Soň Gündogarlygyna syryp ugrady. Bala bu ýollary bilenokdy. Şonuň üçin juda hatyrjem ýöreýärdi. Indi öňden barýan bilen aralykda iki-üç şirem bardy. Bala her baýyra çykjak bolanda, diň salýardy. Mümkinçiligi bolsa, eşekden düşüp, öňden barýan ýabylynyň nirä barýanyny, aralygyny gowy seljerip, soň eşegine münüp, öňe ýöreýärdi. Atly gün günorta bolanda nohurlylaryň Ýeke kärizdäki ýatagyna eňdi. Ýatak, çopanlaryň tamy aşakdady. Ol baýryň depesinden görnüp durdy. Atlyny çopanlar gara gadyr bolup garşyladylar. Atyny biri tutdy. Ýaşuly çopan bolsa ony içeri alyp girdi. Bu Allaýar nohurlynyň goşudy. Bala bu ýere baryp bilmejegini duýdy. Goşa barsa, bar işi bulaşdyrmagy mümkindi. Şonuň üçin eşegini öňürdegine berip, yzyna gaýtdy. 7. Garry aga günüň günbatardaky hanasyna girişine syn etdip, taýaga söýenip durdy. Onuň pikir-hyýaly darawanyň ýolundady. Guşluga, giç galsa günortana gelmeli ogly gün batanda-da geliberenokdy. Dag tarapdan tirkeşip inen iki atlynyň biriniň Täçmyratdygyny görensoň-a onuň jebegesi hasam daraldy. Garaw görmese enesiniň ýelnini kesmäge taýýar bolup duran bu adamdan öz nowbahar ogluny gabandy. Häzir onuň üçin tutuş oba däl, älem-jahan çyrasy ýakylmadyk öý ýalydy. Ogly onuň çyrasydy. Ýogsa, şükür, bu gün ýagdaýy-da ganymatdy. Özüne agram salman daşary çykyp, bu gün aýakýoluna özi gidipdi. Şol doňbagyr, gurt bagryny iýen ogly oňa günortanky çaýyny gaýnadyp beripdi. Olary hoşamaýlap keselhana, ejeleriniň yzyndan iberipdi. Emma ýüregi welin karar tapanokdy. Şonuň üçinem işige ters ugurdan, Nowetegiň üsti bilen üsti ýükli eşek gelende, ol haýran galdy. – Sen – how, bu wagta nirelerde bolduň? – Ol ogluny dalap, ýüregindäki howsalany egsesi geldi. – Heý, beýle-de bir zat bolarmy? Bala gelip ony gujaklady. – Däde janym, arka dagym, hemmesi gowulyk. Häzirjik, men sygyrymy alyp geleýin. Onsoň baryny gürrüň bererin, bormy! Ol içeri girip, çyrany ýakdy. Çaý goýdy-da, ojaga odun galady. Soňam tokaýa bakan ýüwürdi. Sygry ony görüp, bagryny paralap molady. Garaňky ýagşy düşüpdi. Bala öýe howlugýardy. Kimdir biri onuň elinden mäkäm tutdy. – Bala! Bala ony tanady. Ol Soltangüldi. – Bajy jan, sygrymyz emişer. Meni goýber. Häzir sygrymyzy sagmaly... Soltangül ony süýräp başlady. Soň işiklerini açdy-da, işigi daşyndan gulplady. – Bajym jan, aç, sygrymy sagyp özüm gelerin. Soltangül arkaýyn gürledi. – Sygryňyzy özüm sagaryn. Soň bileje nemederis, bolýamy – Ol hikirdedi. Bala garaňky, dymyk öýde tutulan guş ýaly bolup galdy. Jaýyň penjiresine demir gözenek edilendi. Işik daşyndan gulplydy. Ol başyny ýaýkady. Jaýyň depesine garady. – Eý, allam, meni azat edeweriň... Kän salym geçmänkä kimdir biri işigi tykyrdatdy. Soňam gapynyň gulpyny açdy-da içeri girip, elindäki goşlary Balaň üstüne bakan oklap goýberdi. – Soltangül! Soltangül-ä. Bala Soltangüliň ejesi Hajarbikäniň gelenini aňdy. Ses daşlaşan badyna daş çykdy-da tamyň ters ýüzi bilen öýlerine bakan eňdi. Soltangül sygyr sagyp otyrdy. Şonuň üçin Bala oňa azar bermedi-da, gaýnap durankündügi göteripiçeri girdi. Çäýnek-käse ortada durdy. Ol çäýnege çaý atdy-da demledi. Käselere gaýnag suw guýdy. – Garry däde – Soltangüliň sesi äzli çykdy. – Sygyry sagdym, gölesini goýberdim. Süýdi asýan, sag boluň... Bala tisginip gitdi. Ol düşegine gelip sarsman ýatan kakasy hiç zat aňaýmasyn diýen görnüşde oňa bakdy-da, içi gaýnag suwly käsä elini batyranyny duýman galdy. Soň elini silkeläp daş çykdy. Eşeginiň palaňyny aýyrdy, öňüne ot dökdi. Soň oduna çykan ýüpüni aýryp, külterläp, palta bilen bileje, öňki ýerinde goýdy.(Enesini emip duran göläni gazyga daňyp, enesiniňem, özüniňem öňüne ot dökdi. Şondan soň ýadawlykdan köwşüni aýyrdy-da, el-ýüzüni ýuwdy, saçagyň başyna geçdi. – Däde jan, gel, bileje çaý içeli. Garry aga binjalykda düşüp ýatyrdy. Ol dikelip oturdy-da, başujyndaky ýassygy çep goltugyna dykdy. – Hawa, näme boldy? Balanyň ýerinden turasy gelenokdy. Şonda-da ol turup, ýarymaçyk penjiräni, işigi ýapdy. – Däde jan, goýnuň tapyldy! Ýaşuly «a-a!» diýdi-de laňňa dip oturdy. – Näme? Balanyň gözleri ýaşaryp gitdi. Ol bolan wakany ilik-düwme gürrüň berdi. – Baýdy dädem Allaýar nohurlynyň çarwasyna baryp, onuň öýüne girensoň gaýtdym. Glan elli goýunam şonda bolmaly. – Be-eý, sen-ä oglum iş bitirdiň. Ýaşulynyň ýüki ýeňlän ýaly boldy. Ol ogluna özelenip garady. – Indi, oglum, demiň içiňde bolsun. Men öz goýunlarymy bilýändirin. Bileje gideris, Allaýaryň ýanyna. Ýaşuly indi näçe wagtdyr, ilkinji saparynjaldy. Onuň ýüzüne ýylgyrma ýöredi. Ýaşulynyň garran, horlanan solan ýaňaklary täsin ýyldyrady. Ýarawsyz gözi birhili açyldy. Ol özbaşyna diýen ýaly gepledi. – Şeýle-de bolmaly, şeýle-de. Ine, saňa dogan. Başga ýagyň bolmasa, babadaşyň ýokmudy. Ol başyny ýaýkady-da gussalyrak hiňlendi. – Wah, ýaman horluk gördüm, dogan-gardaşdan, Altysy ýazdandyr, altysy gyşdan, Asty aýdan gelen ýazlar amanmy. Bala agzyna çenlän çöreginem, dodaklaryna ýetirip bilmän, oturan ýerinde ýykylyp galdy. 8. Bala daň ýaňy ümüş-tamyşda turany üçinmi, ýa-da gözleriniň görşüniň ugry ýokmy, ýa-da hakykatdan hem şeýlemi, aňk bolup durdy. Ýatagynda sygry, aňyrda bolsa eşegi ýokdy. Ol töwereklere garady. Emma ýa ýer ýarylyp giripdir, ýa-da ganat baglap asmana uçupdyr. Bala ynjalman içeri girdi. Dädiş bilen Akgyşyň çyranyň öçügsi ýagtysyna hezil edip ýatanyny gördi. Ýöne oýarmaga dözmedi. Ýaşuly oglunyň ynjysyny aňdy. – Näme bolupdyr. Bala ýagdaýy ýumşatjak boldy. – Däde jan, eşegimizi diläp gelen-ä ýokdur. – Ýok, näme, eşek ýokmy? Bala ýuwdundy. Ýaşulynyň sesi ynjyly çykdy. – Gowja daňmaly ekeniňizd-ä. Edil eliňize ýag çalnan ýaly, mal-garanyň ýanyna baranyňyzda. Bala kakasyny mundan artyk käýindirmejek bolup, daş çykdy. Ol sygrynyň gidäýjek ugruny alyp, ýola düşdi. Sumbaryň gylalaryny aýlandy. Ahyram eşeginem, sygrynam jaryň içinden tapdy. Kimdir biri olary ýylgyna berk daňyp gidipdir. Bala olary sürüp getirensoň öňküden hem haýran bolup oturdy. Agşam sagylan süýtli bedräniň içinde sygryň ullakan maçjasy ýatyrdy. – Eý, allam, kimiň işikä? Bala sygyryny göwünsiz sagdy. Gijesi bilen gury ýerde gaňtarylyp goýlan janawaryň ýelinleri çekilip gidipdi. Ol hiç eýdirmedi. Onsoňam, daňdan sagylmaga öwrenişen mal, gün dogansoň süýt berjege meňzänokdy. Ol näme etjegini bilmedi. Bagtyna ýaşulynyň özi daş çykdy. – Näme boldy? – Ol sygyry gördi-de ýene bir sowaly sorady. – Tapdyňmy? Gelipdir-ä. Balanyň ýüregi ezildi. Ol beýle haýynlygy ynsan balasynyň etjegine ynanmady. – Däde jan! – diýip, ol düwnügip aýtdy. – Sygrymyz bilen eşegimizi Batyryň tudunyň ýanyndaky jaryň içine gury ýylgyna daňyp goýupdyrlar. – Ol yzyny aýdyp bilmedi-de hapalanan süýtli bedräni oňa görkezdi. – Kimkä, haýyn! – Bala ömründe ilkinji sapar agzyny hapalady. Ýaşuly hem munça erbetligi göterip bilmeýän ýaly, aşak çökdi. Ýöne arkaýyn gürledi. – Bähbit bolsun! Sen ýoluňdan galma. Bar, naharhana, ýagdaýy aýt. Gelmedi diýmesinler. Bala onsuzam gitjek bolup durdy. Onuň ertir sagan süýdi iki litrden kän däldi. Şonam süzüp, tüňňürine guýup, horjuna saldy. Ejesine hiç zat almaýanyna gynanybam ýola düşdi. «Kim etdikä?» Bu sowal oňa ynjalyk berenokdy. Ol beýle gabahatlygy boýnundan tagma edip asara adamam tapmady. Inilerine beýle töhmeti ýükläbem biljek däldi. Soltangül aýal maşgalady. Gijäniň içinde hem sygyry, hem eşegi eýeli hasap edilýän ýerlere onuň äkitmejegi köre hasady.aýal maşgala bolany üçin, ýarym bedre süýde hapa oklamaga onuň eli barmaly däldi. Başga, hawa-da elinden tutmasaň, kime aýyp ýöňkejek. Ine bildiňem-dä, ýüregiňi agyrdaýmasaň näme etjek. Erbediň özi bilen deň bolup bolmajagyna Bala düşünýän çagady. «Agşam Baýdy fermanyň öýünde ýene-de meýlis başlanypdy. Allaýar çopan peýnirden, çallyk süzmeden onuň ýüküni ýetiripdi. Täçmyrat bilen Öwelegem. – Daş edendiris – diýip, dolanyp gelipdiler. Gynna gelin bu agşam gutap bişiripdi. Onuň eli bal ýalydy. Bişiren naharyny iýip, doýup bolanokdy. Gutap bişirs-ä adama bäş-altysyny iýmeseň, aňryň possun bilen syrylan ýaly bolup durdy. Güni bilen atyň üstünde ýorlup gelen pyýadalar adama ýarym stakan ak aragy hem gönderensoňlar, ýalmowuz açan ýalydylar. Gynna gelniň hamyr edilýän ullakan tabagy şol ugra saýpallanypdy. – Allaýar aga köp salam aýtdy. Ol-a eýýämem bäş-on goýn-a çalşypdyrlar. Baýdynyň sesi durudy. Ol indi öz syrynyň açylaryndan beýle bir gorkup baranokdy. – Kim, bu körlere aýtmagy mümkin – diýsem, ol-a «kim diýse, pohuny iýipdir» diýýär. «Nohurly adam satmaz» diýýär. Aý, how, şol adam erkek. Men şony zor gördüm, how. Indi gezek Täçmyradyňkydy. Ol gaty bir badyhowa gürlemedi. – Baýar, Mürrä ynam ýok. Ol sowalyç. «Permäňem bilmen, sermäňem, äkit goýnuňy» diýdi. «Maňa goýnam gerek däl, beýle gabahat oýnam» diýdi. Täçmyradyň Mürri çopany ýamanlaýanynyň başga bir sebäbi bardy. Ol Täçmyradyň iki sany goýnunyň haram ölendigini aýdypdy. Bu-da Mürri çopana ýakmandy. Dawa şondan tutaşypdy. Mürri çopanyň erbet gahary gelipdi. – Sen, haramzada, meniň itimiň ýalyny ulalyp, indem kepekde bina bolan wenezzyna, maňa beýle sözler aýdarmyň? Ýok, et malyňy. Elli ýyl goýnuňyzy bakan Garry köri har edip, güýlüp, ýenjip taşlap gaýdan näkes, sen meni aýarmyň... Ol çolugyna gygyrdy. – Gulamaly, saýla şu ýoksuryyň arryk toklusyny. Baýarynyň araky getireninem saýlap ber, bagryna ýapsynlar. Mürri bulaň toklusam gerek däl, pohlusam... Täçmyrat iki sany toklusy ölenden kolhozyň tutuş sürüsiniň gyrylanyny ybaly görse-de, soň sesini çykarmady. – Hany, Baýar, gaharlanma, hany – diýip, ýaluş-ýumuş ýylgyran boldy. Mürri çopanyň bir häsiýeti bardy. Ol oňa gyzamykdan galan diýýärdiler. Ol bir adalatsyzlyk üçin göwnüne degildimi, onsoň ony saklama ýokdy. Ahyryna çenli gidişip, öz syrtynam, dawadaşynyň ähli aýbynam açaýmalydy. Şonda onuň ýyllar boýy dymyp ýörkä, bagryny gemre gurtlaryň awusy çykmalydy. Täçmyrat muny bilýärdi. Ýöne Mürri çopan indi telim ýyllap ýylgyryp, ýördi. Garrapdy. Ol bu çopanyň bu häsiýeti galandyr öýdüpdi. – Sen wenezzina, ol pormusy guran Baýdy kel bilen birigen bolup, arada otuz goýun getirdiň welin, şonuň ýerligini aýtmadyň. – Ol garort bolan ýüzüni, gyralaryny ak gemre baglap, hapa suwa gaçan garaly ýaly bolup giden gözlerini gyzardyp Täçmyradyň üstüne süründi. – Şol, meniň aňyşyma görä, Garry körüň sürüsünden bolmaly. Çoluk aýdýa, ýüz ýigrimi goýny bölünenmiş diýip. – Onuň hemlesi has artdy. – Men Baýdy kel ikiňize gaty belet. Ikiňiz garaw görmeseňiz, eneňiziň ýelnini kesersiňiz. Başga zat däl. Ol dym-dykyz ijegiň arkasyna taýagy bilen ýeňiljek kakdy. – Şu ijegi et almazmy? «Ete almadylar, sen göz-gulak bol az salym» diýen bolýaň. Bu otuz goýun hakyňy çopanyň gözüniň ýagyny iýen mal. Ol Garry körüňki bolmasa, meniň bilmediňim. Men oba eňemok. Ýogsa baryny çöp döwen ýaly ederdim. Siz duruň bakaly... Ol Täçmyrada çaý-suw bermeg-ä beýlede dursun, ony çopan goşunyň golaýyna-da getirmedi. Täçmyrat «Baýar», diýip gördi. «Däde» diýip gördi. Emma Mürri çopan gaýtya töwjeýärdi. Ol şeýdip, iş bitirip bilmän yzyna gaýdyp gelipdi. – Ol adamdan gorkaýmaly – diýip, Öwelegem oturyp bilmän aýtdy. Gahary gelse, däl-ä. Baýdy fermanyň iýeni burnundan geldi. – Häk, Täçjan, oglana ýumuş buýur, yzyndan özüň git edýäpiz. Nuşeli, oglan, bir garry kürtüň göwnüni tapyp bolanok. Täçmyrat stalin papagyny başyndan çykaryp, kellesini gaşap oturşyna, başyny armanly ýaýkady. – Iki goýnumy öldüripsiň – diýip, üstüne gygyraýdym-da. Şondanam başlandy. – Iki goýun! – diýip, Baýdy ferma agzyny büzdi. – Tutuş süri seniňki-kä iki goýnuň gürrüňini edýäň. – Ol ýüzüni eňşitdi. – Indi näme maslahat... Täçmyrat üç ýuwlan esgi ýaly bolan ýüzüni iki eli bilen owkalady. – Ony oba getirmeli däl. Çolugyny oba çagyrmaly-da, boşadyp, obadaky arryk goýny bakdyrmaly. Ol gelse, hökman Garry köri soramaga barar, dilinem saklamaz. Ol başlyga aýtmaga-da ýaltanmaz. Oňa Mürri kürt diýerler. Onuň belli ugry bolmaz. Baýdy fermanyň ynjalygy gaçdy. – Baý-bo-oý, seniň-ä gideniňden gitmäniň gowy eken. – Wah, Baýar, şeýle boldy-da, özüň bir zat etmeseň, ol syrtymyzy açýar. – Täýmyrat ferma müdürine garap bilmedi-de, garşysynda oturan Öwelege derdindi. – Ol-how, aýdyp otyr, «bu goýunlar Garry körüňki» diýip. Men näme, et üçin iberilenden gaýdyp gelen goýun, az wagtlyk göz-gulak bolgun» diýdim-dä. Baýdy ferma biri diňläp, ähli syry äleme ýaýrajak ýaly bolup penjirelere, soňam işige garady. – Biri barmy? – Ol aýalyna azgyryldy. – Meniň agzyma girjek ýaly bolup oturman, baryň, görüň. Gulça bilen Gynna gelin şol bada ýerlerinden turdylar-da daş çykdylar. Öýde bir adamdam dem-düýt çykanokdy. Ümsümligi ýene Baýdy ferma bozdy. – Sen git-de, ol goýunlary al! Äkidip Hudaýberdä goş. Täçmyrat ellerini daldaladyp yza-yza süýşdi. – Ýo-ok, Baýar. Bermez. Ol bermez, bermez, ol meni indi goşma. Ol haramzada kürtüň elinden zordan sypdym. Ýekeje ýol bar. Ol goýny özüň gidip al-da ýene-de Garry körüň sürüsine goşup gaýt. Eger gyssasaňyz, men oýundan çykýan. Sekiz çagam bar. Men beýle oýna goşolubilmen... Öwelegem oýkanjyrady. Ol Hudaýberdi çopanyň ady agzalanda gürrüň gezegini geçirjek bolup, ýekedyzyna-da galdy. – Men aýdaýynmy? – Aýt! Öwelek mugallymynyň öňünde sapak aýdýan çagajyk ýaly, ellerini dyzlarynyň üstünde edepli goýup, Baýdy fermanyň eddil bäbenegine garap gepläp ugrady. – Men Täçmyrat däde bilen Galamyň ýolaýyrdyna çenli ýöredim. Onsoň ol gündogara gitdi, menem ileri. Göbek depäniň ýanyndan geçip, düýe daşa ýetdim. Soň suwdan geçdim. Soň Galama çenli atymy gaty sürüp gitdim. Soň Galamyň bärsindäki ýylgynlaryň deňine ýetdim. Soň uly gaýa ýetdim-de, Galama, saga öwrüldim... Täçmyrat dişlerini gyjyrdatdy. – Aý, haramzada, esasy gürrüňe gelsen-e. Baýdy ferma ýumuk gözlerini ýumrugy bilen agyr owkalady. – Aýdyber!... Öwelek sakynyp durdy-da, gorka-gorka ýuwdundy. – Men, men bolşy ýaly gürrüň bereýin. Siz geregiňizi alyberiň, bolýa diý. Täçmyrat dyzyna şarpyldadyp urdy. – Aýt, how. Öwelek ýene-de täzeden başlady. – Soň uly gaýanyň deňine ýetip, saga, Galama tarap... Täçmyrat başyny ýaýkap, ýer ýumruklady. – Hä?! – diýip, Öwelek ýene sakyndy. Täçmyrat janyny çykaraýjak bolup iki elini gerdi. – Sen-ow, kino görkezeňog-a. Bardym, gördüm, wessalam... Öwelek onuň bilen ylalaşmady. – Ýok, ony etjek-gä. Maňa ynanyp, ýörite ýaby berip, bir günümi köýdürip iberdiňizmi, indem diňläň... Onuň bolşuna daşarda hiç kimiň ýoklugy baradaky habary getiren Gynna gelin dözmedi. – Diňläýseňiz-läň o pahyryňam sözüni ýöne zeýrenip otyr. Äri oňa gözüni alartdy. – otur sen. Ýöne şondan soň Öwelegiň sözüni bölen bolmady. – Bardym. Gördüm. – Ol Täçmyrada seretdi – bolýamy – Süri ýatakda eken. Hudaýberdi ýokmuş. Zastawa, serhetçiler bilen buşlat çalyşmaga düýki gidişi diýdi. Baýdy ferma ör-gökden geldi. – Näme bilen çalyşmaga. Öwelek gözlerini gyrpyldadyp, başam barmagyny öňe uzatdy. – Öň gelende bäş çüýşe «Çemenli», «Wermutmy» alyp gidipdir. Araky ýagyşda meýdanda galyp, gaty heläk bolupdyr. «Ygala üstümi basdyrmankam gidip geleýin» diýipdir ýaly. Baýdy ferma Täçmyrada boýnuny burdy. – Şolara çagyr ýapynja alyp ber – diýdim-ä. Özüň bolýa diýdiň-ä. Ygaly görýäň-ä. Täçmyradyň myrryhy tutuş oturdy. – Ölesleri ýok. Aýdyber... Soň çolugy Meleje bilen bir taňka çaý içdik. Garaşdyk. Gün eňip ugrady, menem gaýtdym. Baýdy ferma kellesini ýaýkady. – Senem iş bitirmän geldiň... Täçmyradam, Öwelegem sesini çykarmady. – Siz bar-a, adamam däl, walla. Şu kör gurrumsagyň syrtyny ýalajak bolup dursuňyz. – Ol Öwelege alaryldy. – Öten agşam olaryň işiginde näme üçin sümsünip ýördüň. Öwelek ellerini gerdi. – Başlyk iberdi, bir zat üçin. – Näme üçin! – Aýtjak däl. Täçmyrat çep eliniň tersi bilen Öwelegiň kükregine ýelmäp goýberdi. – Aýtmazmyň? – Aýtmaryn. – Ol ýerinden turdy-da Täçmyradyň üstüne süründi. – Özüň haramzada. Ogry, orramsy... Täçmyrat atylyp ýerinden turjak boldy. Ýöne aýagy diýen etmedi. Şonuň üçin ep-esli ýeri emedekläp geldi. – Seniň bir bajyjygyňy... Öwelek onuň haýbatyny gördi-de gapyny şarkyldadyp açyp, çykyp gitdi. Täçmyrat ahyr soňy turdy. Emma daş çykmady. Öňki ýerine gelip oturdy. – Men aýtmadym-a, şu şipiondyr – diýip. Aýdanym dogry boldy gerek. Baýdy ferma başyny ýaýkady. – Indi nätmeli? Täçmyrat gaýtadan turdy-da, hoşlaşman çykyp gitdi. Içerde maşgala çlenleriniň özi galdy. – Haram kör, ölmedem, ýazylganlyk bermedem – diýip, Gynna gelin gap-gaçlary ýygnap durşuna aýtdy. – Heý, beýlede bir zat bolarmy. Her gün iýenimiz awy, içenimiz zäher. Mundanam bir gün bolarmy, mydar bolarmy. Ol gulaklaryny pakgardyp, gep diňläp oturan Gulçanyň dyzyna depip goýberdi. – Senem tur, göwreli heleý ýaly bolup – Ol Gulçanyň eline boş tabagy tutdurdy. – Özüňden bäş ýaş kiçi, emma möjek ýaly. Ol süýdem satyp ýör, otam, suwam getirip ýör. Ýaňy dagdan eşek ýükläp getiren oduny bir düýäniň ýüküçe bar. Bu bolsa – Ol Gulçanyň elindäki agyr tabagyň gyrasyna eli bilen kakdy. – Iý, iç. Iliňki ýer gemirýär. Näme, şonuň ýanynda diliň baglymy? Ur, gulagynyň düýbüne... Gulça geň galdy. – Degmese, hiç zat diýmese, men ony näme üçin uraýyn. – Diýdir, degdir! – Ol elini Gulçanyň gözüne sokaýjak boldy. – Ataňa ýamanlyk üçin edip ör şol işleri. «Ölsemem, seniň gapyňdan el ýaly nan diläp gelmerin» diýip, haýbat atýar. Süýt satman geçsejik bolar-la. Nädersiň, boýnuny burup, «agam, gulluk» diýip geläýse. Olaň duzy bereketli. Biz bir hudaý uran bolduk. Duzumyzy iýen ýagymyz bolýa. Başlygam şonluk, Mürrüňem, Türrüňem şonluk. Ine, görseň, ol oduna giden däldir. Çarwalara gidip, ysyrganyp gelendir. Baýdy ferma sesini çykarmady. Ol häzir geplese, öňlulygyň üstünden barjak däldi. Agzy ýaňy gyzyp başlan aznawur ýaly aýal onam sylap goýjak däldi. – Men onda olaryň sygyryny boşadyp geleýin. Gulçanyň ejeliginiň ýüregi ýaryldy. – Boşatsaň, öz gapyňa geler, otuňa deger-de, tentek, kerrew. Äkit, ýok et-de Sumbardan aňry kow. Jöwlan ursunlar-la. Bala bu zatlardan habarsyzdy. Şonuň üçinem, ol hiç kimiň günäsine galyp bilmedi. Şol günüň ertesidi. Aşpez aýal ony ýüzüni-gözüni turşadyp garşylady. – Bar, äkit, süýdüňi jara dök. Indi getirme, süýdüňizi. Balanyň ýüregi çatlara geldi. – Daýza jan, näme boldy? Aşpez aýal ony aşhanadan hem itenekläp çykardy. – Zar-raza! Bala ynjalmady. – daýza jan, näme boldy, aýt, bolmasa men direktoryňyza bararyn. Olo aýal Balanyň golaýyna geldi. – Ejeň inçekesellimi? – Kim aýdýar. Ol aýal elindäki susagyny işige uzatdy. – Wot, ol, direktor bildi, meni kowar, ýok bol. Bala yzyna öwrüldi. Daňdanyň ümüş tamşynda naharhananyň aşhanasynyň işiginde Gulça tigrine söýenip durdy. Ol ýüzüni içýakgyç güldürdi. – Näme, ýatany ýalanmy. – Ol aşpez aýala ýüzlendi. – Bajy, bu malançugyň özem, sygram inçekesel boldy bar. Özi siýejin. Zyr-zyr etdi bar – diýip öňüni tutdy. Bala başyny ýaýkady. Ýöne Gulça hiç zat diýip bilmedi. Ol aýal bolsa Gulçanyň getiren süýdüni ölçäp aldy-da, onuň täzeje depderine nämedir bir zatlar belleşdirip, gaby bilen yzyna berdi. Bala gultunyp galdy. Gulça welin bagtyýardy. Ol ýaryşda bedewi ozan ýaly, şadyýan çykyp gitdi-de, daşarda «he-he-heý» diýip gygyrdy. Bala yzyna gaňrylanda, Gulçanyň eşegiň üstündäki horjuny silkip, asmana oklap duranyny gördi. – Goý, horjuny ýerinde. – Goýmanda nädersiň, e-eý, siýejin! Hany, alybilseň al, aga diýeýin. Bala sesinem çykarmady. Gulça horjuny alyp gidip, uly ýola taşlap goýberdi. Bala ony soň baryp aldy. – Garaşmaly! Bala sagat dokuza çenli garaşdy. Oňa naharhananyň direktorynyň gelenini aýtdylar. – Salowmaleýkim – diýip, Bala direktoryň otagyna girip aýtdy. – Waleýkim, gel, ballym. Hany, otur. Bala bu ýaşulyny halady. Ol «aýdyp otur» diýmänkä derdini aýdyp başlady. – Agam, men Garaganly obasyndaky Garry aganyň ogly. Ýaşuly oýlandy. – Çopanmy?! – diýdi. – Hawa. – Ol meniň dostum-a. Nähili ýagdaýy? Bala ýagdaýlaryny aýtdy. – Kakam indi iki aý bäri düşekdenem galyp bilmän ýatyr. – Be, pahyr – diýip, direktor iki gulagynam oglanjyga gerdi. – Hawa, aýdyber... – Onsoň, ejemem iki aý bäri keselhanada ýatyr. Menem dördünji klasyň okuwçysy, iki sany jigim mendenem ýaş. Öýde iýmäge çöregimizem ýok. Göz dikip oturanymyz sygrymyzyň naharhana berýän süýdünden geljek pul. Şol bolmasa biz aç öleris, agam. Direktor dikeldi. – Süýdüňizi biziň naharhanamyza berýäňmi? – Hawa. – Şo-ol Garaganlydan her gün gatnaýaňmy. – Hawa. – Indi näme? Bala ýuwdundy. – Ejem keselhanada. Obamyzdan biri «ejesi inçekesel» diýip ýamanlapdyr. Aşpez aýal şonuň süýdüni alyp başlady. Meniň süýdümi aljak däl, direktor bilse meni kowar diýýär. Direktor başyny atdy. – Ejeň sagýarmy, sygryňyzy? – Ýok, özüm. Direktor haýran galdy. Ol ýerinden turup, koridora gygyrdy. – Galina Wasilewnany çagyryň. Aşpez aýal bir alymdan geldi. – Garryýewiň süýdüniň analizini getir. Ol aýal gidip, köp eglenmän geldi. Direktor gözüne äýnegini geýdi-de kagyzlara dykkatly garady. – Hany, twerkläň? – Ol aşpez aýalyň ýüzüne garady. – Sen, heleý, gowja bol. Al, süýdüni. Direktor oňa gözüni gypdy. – Bu heleýlerde oýun kändir, jigi. Gaýgy etme, kakaňa salam aýt. Bala naharhananyň ters ýüzünden aýlanyp, aşhana bardy. – Eritr gel. – Ol aýal susagyny somlady. – Sen meni ýamanladyň, ýagşy. Bar, ertir gel. Bala guş bolup uçup, keselhana bardy. Ýöne bolan wakany aýtmady. Ejesi ony nägile garşylady. – Naýynsaplar, şondan şuňa eliňi sallap, boş gelýäňmi? – Ol ýarawsyz gözüni eli bilen kölegeletdi-de töweregine garady. – Il görüp otyr-a. Ýalaň agzy boşlar: «Ogly yzyndan boş geldi» diýip otyr-a. Beýtjek bolsaňyz, gelmäň. Ol yzyna-da dönmän palatasyna girip gitdi. Bala ejesiniň sözünden juda utandy. Öýde-de alyp gaýdar ýaly zat ýogam däldi. Çiggaýmak bardy. Tokga gant bardy. Ol öýlerine depdi. Ýolda tutlukdan ýarty halta ýaprak ýygdy. Iki desse ot aldy. Ol öýe baranda süýr günortan bolupdy. – Geldiňmi, Bala – diýip, öz gaýnadan çaýyny içip oturan kakasy aýtdy – ejeňi gördüňmi. Bala eşegini daňyp, otuny, ýapragyny ýerläp gelip kakasynyň golaýjygyna süýşüp oturdy. – Däde jan, maňa azajyk pul berip bilmersiňmi? Çaýyna batyran çöregini ýaňy agzyna salan ýaşuly ogluna haýran galyp seretdi. – Hä, näme boldy? Balanyň gözleri balkyldap gitdi. – Häli, keselhana bardym. Ejem janyň iýmäge-de, içmäge-de zady ýok. Şoňa çaý-süýji alyp, elteýin. Balanyň bolşy kakasyna ýaramady. – Ertir eltersiň-dä. Näme, aç ölüp barýarmy? Keselhanada bir kişi oňarlyk nahar berýäler ahyryn. Ertire çenli ölesi ýog-a. Seniňem ýüregiň üzülip barmasyn-da öýde bol. Beýle-de ejeçi adam bolar ekeni. – Ol çaýly käsesini görkezdi. – Bizem-ä oňup otyrys, ölemizog-a. Bala sesini çykarmady. Belki, kakasynyňky dogrudyr. – Bar, ullakan gazany ojaga atar-da içine bir bedre suw guý. Aşagyna-da ot ýak. Oglanjyk barja suwy gazana eňterdi-de, aşagyna ot ýakdy. – Däde jan, ýakdym. Ýaşuly dözümli garady. – Getir, şol asylgy eti. Uly jamam al. Bala ol eti asgyçdan zordan diýen ýaly aldy. Ony jama saldy-da kakasynyň ýanynda, saçagyň üstünde goýdy. Garry aga birneme gurbatyna gelen gollary bilen hemişe başujunda ýatan çopan çyçagyny çalasyn işletdi-de, etden ep-eslijesini bölüp aldy. – Bar, öňki ýerinden berkje as. Sygyr daňşyň ýaly bolmasyn-a. Bala eti asgyçdan asyp goýdy. Soň kakasyna duz alyp berdi. Ýaşuly eti bölekledi-de, duzlady. Soň jamy oglunyň eline tutdurdy. – Bar, gazanyň suwy çigräp ugran bolsa, atgyn. – Bor, däde jan. Suwumyzam azalypdyr. Ylgapjyk suwa baryp geläýeýin. Şýaşuly pyçagyň ýagyny saçagyň burçuna çalyp durşuna, göwünsiz gürledi. – Entäp ýörme. Oduny köpräk çala, şol sönmänkä-de gelgin. Bala ylgawyny ýazdyrman çeşmä baryp, iki bedresini suwdan doldurdy-da öýe bakan haýdady. Ol obanyň içine girende Gulçanyň garşysyndan tigirli gelýänini gördi. Gulça ýolda tigrinden düşmän, eglip bir zat aldy. Bala oňa ünsem bermedi. Ol tigrini batly sürüp gelşine elindäkini suwly bedreleriň birine oklady-da, tigrini ýel ýaly sürüp, geçip gitdi. Aňyrrak barybam tigrini saklady. Bala bedredäki suwuň ýüzünde gaýyp ýören sygryň öl maçjasyny görse-de sesini çykarmady. Oňa öjügen Gulça ýerden ýene-de bir zat aldy-da Balanyň deňinden şuwlap geçip barşyna, bedräniň içi diýip oklady. Bala bedresini sowmagy başardy. – Beýtmesen-e, öýde dädem jan ýatyr. Gazanymyz ýanyp barýar-a, dogan... Bu sözler Gulçanyň gulagyna-da ilenokdy. Ol gaýta ýerden sygyr tezekleriniň birküç sanagyny eglip aldy. – Eý, siýejin. Sarowna, öýňüze suw äkitmersiň. – Ol diýişi ýalam etdi. Elindäki tezekleriň ählisini beýleki bedrä atdy. Bala alaçsyz suwuny dökmeli boldy. Ýöne bar diýeni «naýynsap» boldy. Ol ýene-de yzyna, çeşmä ylgady. Bedrelerini çaýkap, suwdan doldurdy-da, ýola düşdi. Gulça ýoluň ugrunda oňa garaşyp durdy. Ol ýene-de yzyna, çeşmä gaýtdy. Ol indi halys bolupdy. Şonda-da bedreleriniň suwuny çaýpandyrmajak bolup, öýe bakan eňdi. Gulça köpriniň üstünde, tigrine söýenip durdy. – Diýdim-ä öýüňe suw äkitmersiň diýip. Balanyň gaty gahary geldi. – Gulça jan, dogan, suwy men özüm üçin äkidemok. Dädem delminip ýatyr, suw diýip. Ýaman gahary geler, suwsuz barsam. Başga bir gün oýun et, götereýin. Men senden haýyş edýän. Gulça hekemsiredi. Bala indi çydamady. Onuň adynam tutmady. – Onda, diňle. Iki sapar suwumy hapaladyň. Üçünji sapar hapalasaň, aýtmady diýme. Iki tekeriňem deşerin. Täze teker goýsaň, onam deşerin, ýene goýsaň, onam deşerin. Soňam öýňüzi otlaryn. Gulça balagyny aşak sypyrdy-da, ujudyny görkezdi. – Me, şuny deşersiň – Ol Baladan gorkanokdy. Ömründe gyz ýaly bolup, lellerip ýören oglany hasam içildiresi geldi. – Me, tekerimi deşseň, me, öýmüzi otlasaň. Ol bedreleriň ikisini-de sygryň öl tezeginden dolduryp, öýlerine bakan ýel bolup uçup gitdi. Bala gaharyna aglady. Ol şonda-da suwuny dökmedi. Bedreleri daşarda goýup, içeri giren badyna, kakasy ýerinden hasyrdap galdy-da, onuň ýüzüne, ýaňaklaryna gaýgyrman şarpyk çaldy. Bala doňup galdy. – Däde jan diýmäge zorda ýetişdi. – Dogman geçen, welezzyna. Pohuňy iýdiňmi. Men saňa näme diýdim. Heleý ýaly müzzerilip, dogman geçen, aýal bolup dogmaly ekeniň sen. Bala bu geplere çydamady. Ol birden ylgady-da kakasynyň başujynda ýatan çopan pyçagy alyp gynyny zyňyp goýberdi-de daşary ylgady. Ol şol zarbyna, iki bökende Gulçalaryň işigine ýetdi. Gulça bitiren işiniň soňky tomaşasyny görmäge häzirlenip, işiklerindäki belent teläriň astynda tigrine söýenip durdy. Ol Balanyň eli ullakan, ýalaw ýaly pyçakly özüne bakan eňip gelýänini gördi-de, tigrini taşlap, özüni içeri oklamaga zordan ýetişdi. Bala şol bady bilen gelşine elindäki pyçagy tigriň yzgy tekerine sokdy. Teker wassaryp ses etdi. Bala ikinji sapar öň tekerini deşim-deşim etdi. Soň ýapyk işigi pyçagyň ujy bilen kakdy. – Indi azar beräýseň. – Ol «öýüňi otlaryn» diýjek boldy. Ýöne küpür sözlemäge ejep etdi-de yzyna gaýtdy. Baýdy fermanyň içersinde ýatakdaky çör, goýnuň ýandaga, ýa-da gazygyň şahasyna ilişip galan bir üpdjik goýun ýüňü-de, geçiniň garagana ilişen iki tar çöpüri-de dünýe maly hasaplanýardy. Bu öýde hasapsyz zat ýokdy. El ýaly çörek iýdiňmi, düýe ýaly iş edip bermelidi. Gulçanyň täzeje tigri bu öýüň hany-manydy. Beýle tigir bu töwereklerde ýokdy. Gulça bu tigir bilen islän ýerine, islän mahaly, zyk etdirmän gidip gelýärdi. Bu öýüň ýeňil-ýelpaý işleri ol Gulçanyň toýa münýän bedewidi. Bu tigri onuň özi, ejeligi, Baýdy ferma goraglap, üf-üfläp saklaýardy. Onuň syrçasynyň synmagy, ýekeje çüýüniň dagy gaçmagy bu öý üçin juda uly urgy boljakdy. Gulça gidensoň işige çykyp, tigriniň tekerleriniň ýaryk ýatanyny gören Gulçanyň ýüregi ýaryldy-da, dünýäsi depesine düňderilip, zähresi çogup gitdi. – Wa-aý! Wa-aý-eý! Wa-aý! Gynna içerden tasanyp çykdy-da gözlerini däliräniňki ýaly elek çelek etdi. – Hany?! – diýdi. – Onuň göwnüne adamsynyň gana boýalan jesedi işige getirilen ýaly boldy. – Hany! Gulça tigriň üstüne bagryny berip, uly ili bilen möňňürip ýatypdy. – Waý, eje jan! Waý-eý. Gynna az-kem özüni dürsedi, birneme ynjaldy. – Näme boldy? Gulça barmagyny tekeriniň ýyrtyk ýerine sokdy. – Ine, edeni. Gynnany tok uran ýaly boldy. Ol özüni aşak goýberdi-de, lampa oturdy. – Waý, waý. – Ol diline bat berdi. – Haýsy eli döwülmiş etdi muny. Haý, seniň eliň döwülsin. Bala ýerinden galdy. – Han-a şol, Bala edip gitdi. Gynna tigri süýräp başlady. Ol erbet titreýärdi. – Haý, meýdiň ýansyn. Haý, seniň salajaň sallansyn. Mundanam beter güne düşüň... Ol tigri Garry çopanyň işigine şakyrdadyp taşlady. Bala ylgap daş çykdy. – Bu näme etdigiň, aý, meýdi ýanan. Bala bedreleri görkezdi. Gynna üsti tezekli doly bedrä düşünmedi. Gaýta möwç aldy. – Al, meýdiňe ýarat. Ataň soň aşyna ýarat. Haramzadalar. Bala doňup durdy. Asawaçdan asylgy süýt bedräni alyp Gynnanyň gözüne tutdy. – Ine, oglyň edeni. – Ol ylgap baryp eli bilen bedredäki sygyr tezeklerini çykardy-da Gynna görkezdi. – Üç sapar diýdim, degme diýip. Çeşmeden suw alyp oba gelýän, olam bedräme öl tezek oklaýar, üç sapar. Näçe ýalbardym. Şeýle gykylygyň turjagyny bilýärdim. Suw, suw, süýtli bedrä näme üçin oklaýar. – Bala! – Içerden gazaply ses eşidildi. – Hany, sümül öýe. Içerden çykan ses Gynna bilen Gulçany kesek atylan garasara dönderdi. – Däde jan! Ýaşuly Balanyň Ýaňagyna ýene-de ýandyrdy. Iki gaýrta depibem goýberdi. – Sen haramzada, näme edip ýörsüň. Gömlüp otur diýmedimmi? – Ýaşuly köşeşmedi. Düşegine geçip gyşardy. – «Ejemiň ýanyna gideýin, pul ber» diýdiň, bermedim welin, şoňa edýänsiň, bilýän. Ölseňem iberjek däl. Bala aglamady. – Däde jan! – Gapyl, wenezzyna... Bala sesini çykarman çörek dogralgy tabagy saçagyň üstüne goýdy-da, gazany alyp gelmek üçin daş çykdy. Ol gözüne ynanmady. Gaýnap, bişip duran täzeje etli, bal ýaly naharly gazanyň içi külden ýaňa bulamak bolup ýatyrdy. Bala ojagyň gyrasyna çökdi. – Eý, allam! Kakasy ýene-de gygyrdy. – Näme, gabryňy gazýaňmy? Getir-dä. Bala gazany göterdi-de bedreleriň gapdalynda goýdy. Soň öýe girdi. – Däde janym, sen meni soň günäkärleme. Özüň gel, gör. Ýaşuly ýerinden turdy-da işige ýöneldi. – Bular näme? Bala aglaýjak boldy. – Ol-a öten agşamky sagn süýdüm, içine sygryň maçjasyny atyp gidipdir. Bularam ýaňy çeşmä baryp suw alyp gelýän, içine tezek atýar. Bu-da üçünji sapar getirenim. Han-a-da, naharly gazany edip gidişi. Onsoň men näme edeýin. Ýaşulynyň erbet gahary geldi. – Sen oňa näme ýamanlyk etdiň. Bala başyny ýaýkady. – Ýamanlyk edemok-la. Ýöne ýaňy suw alyp gelýärkäm, ýalbardym. Soňam: «Üçünji sapar etseň tigriň tekerini deşerin» diýdim. Gulak asmady. Tekerlerini deşdim. Ýaşuly başyny ýaýkady. – Iş bitiripsiň. Bar, al-da gel. | |
|
√ Dirilik suwy -15: romanyň dowamy - 15.05.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -15: romanyň dowamy - 22.07.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak -2 -nji kitap -5: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -11: romanyñ dowamy - 04.05.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Duman daganda: Gözellik - hakyky soltandyr - 03.06.2024 |
√ Dirilik suwy -23: romanyň dowamy - 23.05.2024 |
√ Köne mülk -9: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |