23:07 Iñ soñky tomus -8/ romanyñ dowamy | |
9.
Romanlar
Gurçuk ulusyna turupdy. Ol näçe ýaprak berseň, bildimem edenokdy. Balanyň eli ýaprakdan artanokdy. Ol näçe ýaprak berseň, bildimem edenokdy. Balanyň eli ýaprakdan artanokdy. Ol süýdüni äkitmänkä, tamçadaky, girelge jaýdaky gurçuga birlaý ýaprak dökdi. Süýdüni horjunynyň gözüne saldy. Doň eşegine ýükledi. Indi onuň öýde-de mazasy ýokdy. Garry çopanyň gyýagy gün-günden ajaýardy. Oňa tagamly, içe düşäýerli naharlar gerekdi. Öýde bolsa, iň bärkisi, ýag, et bardy. Ol çaý-süýji, köke-de äkelipdi. Emma ony çörek edip, eti nahar edip, öňüňe berýän ýokdy. Ejesi bolsa henizler çykarly däldi. Nämüçindir Garaganly obasynyň ählisi olar bilen ýagydy. Ählisiniň alyp bilmez galasy Garry çopan, onuň aýaly, çagalarydy. Beýlekilerini goýaý, Gulça näme gerek diýsen-e. Ol suwa tezek atanda oýun eden ekeni, süýde, bişip duran tagama näme üçin hapa atýarka? Bala kakasynyň aýdany üçin bir bedre uny garşyky obadaky garyndaşlaryna etip gaýdypdy. Ol öz doganoglan aýal doganydy. Öýde bolmansoň, çagalaryna goýup gaýdypdy. Agşamara çöregini almaga barsa ol garyndaşy müň gepiň başyny agyrtdy. – Çörek bişirtjek bolsaň, tamdyrlyk odunyny bile getir. Bolmasa, han-a unuň alyp git. Bala uny goýup gaýtdy. Emma öýe gelensoň, ýagdaýy aýdanda Garry çopanyň erbet gahary geldi. – Bar, uny alyp gel. Bala gijäniň içinde uny alyp geldi. Ýaşuly henizem köşeşmändi. – Bar, kendirik bilen elegi, hamyr jamy alyp gel. Oglanjyk diýlen zatlary alyp geldi. Oňa kakasy gaharlanmasa, keseli täzelenmese, ýüzi-gözi gök dalak edilip urulmasa razydy. Ýaşuly düşeginiň üstünde oturan ýerinden buýrunjyrady. – Hany, hanyň gyzy ýaly elejiräp, müzzerilip oturma-da, çus bol. Ejeňi çyzga-da, bedredäki uny kendirigiň üstüne ele. Guý elege köpräk un. – Ol ýene gaharlandy. – Haram, ogram. Berkiräk dur. Bala titreýän süňňüni elendirip, gorkusyna siýdigini zordan saklap, eläp başlady. Ol tutuş bedräniň ununy kendirigiň üstüne eledi. – Onyň boldy. Taňkaňda ýyly suwuň barmy? – Bar, däde jan. – Ol ojakda duran kündüge bakan ylgady. Hudaýa şükür, kündük ýyly suwdan doludy. – Indi, uly jamda hamyr maýaňy gowy ýumşat. Balanyň kellesi indi işläp başlady. Ol ejesi hmyr edende gözünde galyşy ýaly, ilki hamyrmaýany ezdi, soň oňa azajyk duz atdy, üstüniň suwuny köpeldip, un guýdy-da garyp başlady. Soň emele gelen hamyry ysgynynda baryny edip ýugurdy. Garry aga ogly hamyry ýagşy basyransoň, ynjaldy. – Hany, indi çaý goý. Ol çaýyny arkaýyn içdi-de, Dädişiň jalbarynyň ýyrtylan ýerini ýamap oturan ogluna azymly garady. – Goý, onyňy. Hany, hamyryňy gör. – Ýyljak içeride basyrylyp goýlan hamyr alyşypdy. Ol bişen garpyz ýaly «pök-pök» edýärdi. Bala ony kakasyna-da eşitdirjek bolup aýasy bilen hamyry has gatrak kakdy. – Indi, bar, tamdyra ot goýber. Bu iş kyn däldi. Ejesi çörek bişirende-de tamdyra Bala ot goýberýärdi. Kiçijik jamda suw getirip, tamdyryň gulagynda goýýady. Ejesine çörek ýasaşýardy. Ol tamdyra ot goýberdi-de, gelip çörek ýasap başlady. Ähli hamyrdan alty sany çöreklik çykdy. Ol iki sanjagam kökejik ýasady. Soň baryp tamdyryň oduny has güýçlendirdi. Tamdyryň içi gyzyl hyna ýaly bolup gyzarypdy. Indi näçe çöregiň bolsa ýapybermelidi. Ol tamdyryň körüklerini ýapdy-da, içeri ylgady. Çörek ýasalyp goýlan hamyr tabagy, repitäni tamdyryň başyna alyp geldi. Ýaşuly daş çykdy. – Bar, çyrany alyp gel. – Ol tamdyryň sekisine çykyp jaýly oturyşyna biline daňýan ullakan ak ýaglygy bilen dörlap, ýüzüniň ýarysyny ýagşy daňdy-da repitäni sag eline geýdi. Soň oňa ýasalan hamyryň birini ters ýüzüne goýdy-da, ýüzüne jamjagaza elini batyryp, eliniň ýokuny çaldy. Soňam gursagyny tamdyryň agzyna berip kellesini bir ýana gyşartdy-da repitäniň üstündäki hamyry gyzgyn diwara ýelmäp, ýelmäp goýberdi. Soň repitäni gapdala goýup, onuň ýüzüne azajyk suw çaldy. Beýleki bäş çöregi, kökeleri hem şeýdip ýapdy. Ol tamdyryň howruna elini goýup oturşyna, agyr oýa batýardy. Bala kakasynyň tamdyryň howruna nurana görünýän hor, ejiz ýüzüni görüp oňa rehimi indi. Häzir ony öýde, düşeginde ýatyryp, özi onuň ornunda oturasy geldi. Özüniň çörek bişirmänem oňarmaýan, nalajedeýin oglandygyna jany ýanyp-bişdi. Bir salymdan ýaşuly ilkinji çöregi çykardy. Baharyň tämiz, hoştap gijesiniň ruhuna ýaňy bişen çöregiň janyňy alyp barýan lezzetli ysy garyşyp gitdi. Bala namarda zar bolmanlaryna begendi. – Çaý goýaýynmy, däde jan. – Goýaý. Ýaşulynyň sesiniň ýüpek ýaly ýumşandygyny Bala aňdy. Çaý goýdy, ojaga ot ýakdy. Soň kakasynyň ýanyna geldi. – Bar, şol etdenem el ýaly kesip getir, jylka ýerinden. Duzam al. Indi tamdyrdan şaranyň ýakymly ysy äleme ýaýrap başlady. Häzir göwnüňe bolmasa, tutuş oba tamdyrdan ýaňy çykan nan bilen oda ýagşy daglanan şara iýýän ýalydy. Garry aga çörekleriň arkasyny pyçagy bilen gazaşdyryp, ählisini jama, biri-birine ýelmeşmez ýaly edip goýuşdyrdy. – Bar, çörekleri saçaga ýaz-da, şoňa ser. Soň çaý demle. Gijäniň bir wagty ataly ogul şeýdip, bendesine zar bolman, nahar edinipdiler. Bala şondan soňam ýatmandy. Jigisiniň jalbaryny ýamady. Kündükde galan suw bilen ony ýuwup, ýüpüň üstünde serip goýdy... – Wah, häzir meniň goşa ganatym bolsady – diýip, ol ýel bilen tigirlenip barýan eşeginiň üstüne gonan bürgüt çagay ýaly bolup oturşyna, oýlandy. Öýmüziň ähli işine ýetişerdim. Naharam bişirerdim, ejem janyň ýanyna barybam gelerdim. Mekdebe barmaga-da ýetişerdim...» Mekdep diýende onuň ýüregi gopdy. Ol indi näçe gündür akjany görenokdy. Onuň bu owadanja, gözüň gaýmagyny iýip barýan gara, ýogyn saçyny iki örüp öňünden goýberenje, ak ýüzüni, her biri käse ýaly goçak gözli gyzy göresi geldi. Ol bir zada gowy düşünýärdi. Şu garyp öýde ýaşaýarka, kakasy Garry çopan bolsa, ejesi kör daýza bolsa, özem, ýerbiti ýaly, ýa-da saçlarynyň arasy sirkeli, gorksa balagyny ölläp ýören gara tomzajyk oglan bolsa, oňa Akja ýetme ýokdy. Baýlaryň gyzy baý ýigitlere gidýärdi. Garyp ýigde garyp gyz ýetse-de razy razy bolaýmalydy. Ýöne Balanyň Akjasyz dünýäde ýekeje günem ýaşasy gelenokdy. Goý, Akja oňa ýetdirmesin. Ýöne şondan özge gyza hiç haçanam taý bolmaz. Hiç bolmanda, söýer, söýer, soňam ak guşa öwrüler-de uçar gider. Garakel obasyndan geçensoň, onuň ýüregi ýene-de joşup başlady. Ak ýüzüňi sowma, janym, Ala gözlim, görüşeli, Sensiz meniň ýok kararym. Ala gözlim, görüşeli. Gözleriň alagfynda janym, Garynda dinim, imanym. Bagrym ýarasynda zarym, Ala gözlim, görüşeli. Ak guşlar ötüp gitmänkä, Ak güller öçüp gitmänkä, Bir zalym öpüp gitmänkä, Ala gözlim, görüşeli. Ellerim saňa barmaýa, Ýüregim uçdy parlaýa, Ýüzükler dakan barmaga, Ala gözlim, görüşeli... Bala kanagatlanmaýardy. Onuň ýüregi howlap agzyndan çykyp barýardy. Sözmi, owazmy bir duýgy ýüreginiň başa dönen gatlaryndan owranyp, ýalna öwrülip agzyndan çykýardy. Ol näçe zeýrendigiçe, derdi gowşaýardy. Sumbaryň boýunda biten agaçlar. Biziň ilde ýardan dönen barmydyr. Hudaýyň kelamyn sözlän ak guşlar. Biziň ilde ýardan dönen barmydyr. Aşyk baksa aşygyna dermandyr. Öten barmy söwer ýary görmäni, Gözüniň röwşeni, köňül armany, Biziň ilde ýardan dönen barmydyr. Sumbaryň çeşmesi baldyr görene, Gurban bolsaň çeşmä inen gözele, Ýar yşgynda ýürek-bagry elene, Biziň ilde ýardan dönen barmydyr. Sumbaryň ýodasy öleňdan gaýdar, Ýaryň didaryny görenler aýdar, Ýüzi nura ýuwlan, gaşlary ýaýdan, Biziň ilde ýardan dönen barmydyr. Ýar ýaňagy meňzär akja almaga, Ýarym çeşmä gelsin suwlar almaga, Gije-gündiz ýalbarar men allaga, Garakelde ýardan dönen barmydyr, Akja gözel biziň bilen ýarmydyr. Balanyň ýüregi gowşan ýaly boldy. Mundan aňry onuň derdinden zeýrenmäge gurbaty ýokdy. Ol eşegini gatyrak sürdi. Göwnüne bolmasa, öňde ýene-de bir muşakgatlyk garaşýan ýalydy... Aşpez aýal ony hyrsyz nahar bilen garşy aldy. Onuň tüňňürinde süýt däl-de, misli aýdyp bolmajak bir ýokanç kesel, ýa-da partlaýjy ýarag bar ýaly, juda ýigrenji bir zada sereden dek garaýardy. Ol tüňňüre elini degirmedi. – Aç, gapagyny! Bala tüňňüriniň gapagyny açdy. – Dur! – Ol aýal gidip, burnuny, agzyny ak hasa bilen daňyp geldi. Soň bir litirlik gaby tutup durdy – Guý. Oglanjyk ol aýal alty litr süýdi ölçäp alýança bir ölüp direlmedi. Ol aýalyň, edil, ýüregi ýarylyp barýan ýalydy.bala sähel gyyldasa, goh turuzýardy. – Çyk, kuhnýadan, zarraza! – Ol Bala çykansoň, «fuf» edip, ýüzüdäki hasany aýyrdy. – Dawaý, tetdar. Bala jübülerini sermeledi. Horjunyny barlady. Depder ýokdy. Onuň göwnüne, depderi süýt tüňňür bilen bile stoluň üstünde goýan ýaly boldy. Stoluň üstüne seretdi. Eý, alla jan – Bala gaty gorkdy. Naharhananyň buhgalteri süýt getireniň depderindäki hasaba seredip, puluny töleýärdi. Eger seniň öz depderiň, öz hasabyň bolmasa, bu aýal depder tutup, hasap, ýäretjege meňzemeýärdi. Öňki türkmen aýal gowudy. Onuň köneje žurnaly bardy. Emma... – Dawaý, depder. Gol çekmeli. Bala iki goluny galgatdy. – Ýok, tanamok. Depderimi ýitirdim. Ol aýal gözlerini mölertdi. – Bar, tap, getir. Ol daş çykdy-da oýlandy. Düýn daňdan depderini alyp-almanyny aňyna saljak boldy. Kellesinde bolsa: «Biziň ilde ýardan dönen barmydyryň» galyndylary üzlüm-saplam gaýyp ýördi. Ol ýoluny-ýodasyny ýitirdi. Göwnüne bolmasa ol depderi atdanlykda ýolda gaçyran ýaly boldy. Şondan öýe bardy. Öýde dökmedik, görmedik ýeri ýokdy. Ondan ýaprak ýygan ýerine bardy. Ýene, uly ýoly yzarlap naharhana bardy. – Düýn Baýdyýew Berdi bar. Ol sana bermedi? Aşpez aýal özelenip duran ýaş çaganyň gözüniň ýaşyna dözmänmi, ýa-da halys başyndan sowmak üçin aýtdy. Bala ol depderi aşhanada galdyrandygyna magat göz ýetirdi. Ol eşegini Garakele sürdi. Dogry, ol mekdebe göni barmady. Eşegini bagyň içinde daňdy-da mekdebiň içini süpürýän aýala özelendi. – Baýdyýew Gulany çagyraýyň, ýedinji klasdan. Ol aýal Balanyň haýyşyny halamady. – Özüň-ä bir gaçyp ýörsüň, iliňem okuwyna päsgel berýäň. Bala ýagdaýy aýtdy. – Şol depder bolmasa, süýdümizi alanoklar. Süýt çüýräp barýar. – Ol ýalan sözledi. Bolmasa başga alajy ýokdy. Ol aýal ýedinji klasyň gapysyny kakdy-da Gulçany çagyrdy. Gulça gapa çykyp öwşerilip durdy. – Gulça, hany süýt ýazylýan depder! Gulça özüne tarap gelýän Baladan gorkdy-da, urduryp klasa girdi. Bala-da onuň yzy bilen klasa girdi. Olary mekdebiň direktory okadyp otyrdy. Okuwçylar gülüşdiler. – Näme gerek? Ol direktora däl-de, gulça ýüzlendi. – Hany, biziň süýt ýazylýan depderimiz. Şol bolmasa... Gulça bir gysym bolup durdy. – Haýsy depder. Ol birden dikeldi. – Men depderiňi alamok. Gulça klasdan çykdy. Direktor oňa nämedir bir zat diýip azgyrylsa-da, ol ony eşitmedi. Bala eşegini alyp, Gulçanyň ýoluny saklamadan başga alaç galmandy. Jaň kakyldy. Okuw tamamlandy. Okuwçylar topar-topar bolup klaslardan çykyp başladylar. Balanyň iki gözi ýedinji klasyň işigindedi. Direktor çykdy. Gyzlar, oglanlar çykdy. Gulça iň soňundan çykdy. Onuň ýanynda Garajaýewiň ogly hem-de Mürri çopanyň körpesi Çary bardy. Olara ýene-de iki sany oglan goşuldy. Bala olaryň garşysyndan çykdy. – Gulça, depderimiz gerek. aşpez aýal saňa beripdir. Şol bolmasa... Gulça ýanyndaky ýoldaşlaryna buýsanyp hikirdedi. – Depderiňi Sumbaryň boýunda, ýylgynyň aşagynda gömüp goýdum. Ýöri, şol ýerde bereris. Bala begendi. Eşegini münip, şolaryň yzyna düşdi. « – Wah, gurçugymyza ýapragam eltip bilmedim. Gölämem aç durandyr» Ol oňa gynanmady. Depderiniň tapyljagyna begendi. Metjitden geçensoň oglanlaryň ikisi galdy. – Eý, biz-ä gatyşjak däl-eý. Garajaýewiň ogly Kakyş dodagyny çöwürdi. – Sizsizem bir zat ederis, namartlar. Gulça dagy Sumbaryň köprüsine ýetmän, saga Hojatokaýa tarap ýörediler. Olar gür ýylgynlygyň içine geldiler. – Han-a – Gulça ullakan ýylgynyň düýbüni görkezdi. – Düş-de özüň gazyp al. Bala ynandy. Onuň eşeginden düşüp, ýylgyna bakan ýönelenem şoldy, kakyş onuň aýagyna duýdansy depdi. Çary bolsa ony iki eli bilen bar güýjüni berip, itip goýberdi. Bala örboýuna ýykyldy-da agzy ýer garbady. Kimdir biri onuň kellesine depdi. – Duruň! – Kakyş agzy-burny gan bolan oglany turuzdy-da, içine iki sapar güýçli urdy. Soň ony ýykman saklap durdy. – Ýene-de Gulçanyň tigrini deşermiň? Bala iňledi. – Depderim! Kakyşyň ýüzüne ganly gyllyk syçrady. – Tüf, haramzada, ýene tükürýärem-äý. Ol Balany urup, depip, keýpden çykdy-da Gulçanyň üstüne itip goýberdi. – Me, senem aryňy al. Gulça onuň ýüzüne urdy.balanyň gözlerinden ot çykdy-da, ommalyp gitdi. Soň ýer sermedi. Ony depýärdiler, elleri bilen urýardylar. Ol welin galjak bolýardy. Ahyrsoňunda onuň kellesine ýene-de biri erbet depdi. Bala şondan soň näme bolanyny bilenokdy. Ol özüne gelende, Sumbaryň içinde palçyga gapylyp ýatyrdy. Ol ýerinden turdy. Eşegi ýokdy. Ýöne palany tütäp ýatyrdy. Ony otlapdyrlar. Bala oturyp, silkinip-silkinip aglady. Ol urgydan ýa-da agyrydan, alaçsyzlykdan däl-de kakasyny bimaza etmekden gorkup aglady. Ol häzir öýe barar ýaly däldi. Jalbarynyň iki dyzy, köýneginiň egni aşyklynyň eti ýaly sallanyp ýatyrdy. Gözi, dodaklary, içi erbet agyrýardy. Ol erbet awuşasa-da ýüzüniň, agzynyň lagtalanyp giden ganyny ýuwdy. Soň ýary ýanyp, galan ýeri tütäp ýatan palany alyp, Sumbaryň suwuna batyrdy. Onam egnine alyp, gönüläp öýlerine bakan ugrady. Içeri-de-daşary-da haňlap ýatyrdy. Kaksy düşeginde ýokdy. Bala işige baryp zordan oturdy-da, ýene aglady. – Meni uranyňyz bolmaýarmy, eşegimiň palanyny näme üçin ýakýaňyz. Ol size degdimi? Bir ýerlerden Dädiş geldi. Ol agasynyň bolup oturşyna geň galyp seretdi. – Eý, tentek, Sumbara ýykyldyňmy? Bala sesini çykarmady. Gözýaş ony erbet bogýardy. Dädiş içeri girip çykdy. – Depderi tapdyňmy? Bala ýene sesini çykarmady. – Dädem gelýär-eý, beýdip oturma, seni öldürer. Häzir Balanyň ýerinden galmaga ýeke mysgal hem ragbaty ýokdy. Dädesi welin ýetip gelýärdi. Elinde-de aw tüpeňi bardy. – Näme boldy? Ýa ejeň öldümi? – Ýaşuly ogluna rehimsiz-şepagatsyz darap başlady. Balanyň üst-başyny, ýüz-gözüni görüp, ýaşulynyň myrryhy atlandy. – Haý, seniň pormyň gursun, wenezzyna. Gömgä çümen jojuk ýaly bolup, bolşuň nähili? Bala ýerinde turdy. Garry aga eşeginiň otlanan palaňyny görüp erbet tisginip gitdi. Onuň gazaby mawymy, ýaşylmy, täsin reňkligözlerine çykdy. Ýarawsyz gözi agaryp gitdi. – Bu näme? Bala sesini çykarmady. Ýaşuly Balanyň ýüzüne, çekgesine erbet urdy-da palaňy tüpeňsiz elinde göterdi-de onuň gözleriniň alyna tutdy. – Kim etdi, muny, kim etdi, aýt! Bala aýdyp biljek däldi. Gahar kapyrdy. Häzir onuň sorkuldamaýan, awap, agyrmaýan ýeri ýokdy. Ol şonda-da agyrysyny unutdy. «Agyrym aýrylar. Dädeme Gulça dagy meni erbet urdy, özümden gidemsoň, Sumbara, gömgäniň içine oklady ýa-da Gulça biziň süýt ýazýan depderimizi alyp berenok» diýseň ýüregi çişjekdi. Gahar-gazaby tutaşan adam elindäki tüpeň bilen Gulçalaryň birini... Ýok, gahar-kapyr. Ýaram biter, agyry aýrylar, dädemem köşeşer, depderem tapylar. Gowsy, aýtmaly däl. Sabr etmeli. Sabr etmeli. Öňki masgaraçylygymyz azmy?... «Ol: «Gahar bilen rehim däredip bolmaz, däde jan, gazap bilen ynsaply edip bolmaz, adalaty sütem bilen dikeldip bolmaz, däde jan» diýip eňredi. – Näme, diliň lal açdymy? Dädiş durup ilmedi. – Dä-de, o tentek ogluň bar-a, näçe süýt satanyny ýazýan depderinem ýitiripdir. – Näme? – Hawa. Ýaşuly gazabyna bäs gelip bilmän, Balany erbet depdi, soňam tüpeňiň gundagy bilen böwrüne erbet hütületdi. – Har-ram-za-ada! Bala indi hiç zat duýanokdy. Urgular, şarpyk, depgi oňa degmeýän ýalydy. Tenindäki ähli agyry el bilen syrylen ýaly bolup aýrylypdy. Ol özüni unutdy. Aslynda-da ol bir zada haýran galdy, häli oglanlar uranda-da ol kän bir agyry duýmandy. Ýaşuly onuň elinden şapba tutdy-da, içeri süýräp saldy. Ony dikeldip oturtdy. – Hany, sen, gurrumsak, aýt, nirede bolduň? Okuwa gitmän, ýapraga, ota, oduna, suwa gitmän, nirede bolduň? – Ol erbet haşlady. – Ejeň ýanyna bardyňmy? – Ýok, däde jan. – Ana, gördüňmi? – Ol tüpeňini dula söýedi-de ýeňlerini çermedi. Bala kakasynyň güýjüne gelenine, sagalanyna begendi. Kakasy welin ýumruklaryny onuň depesinde döwere getirdi. Bala henizem özüni duýanokdy. Ol oturan ýerinden, kakasyna urýarmyşyňam, sögýärmişiňem diýmän, ýerinden zompa turdy. Ýaşuly ondan çekinmänem durmady. – Nirä? – Ol zarp bilen, gaty gazaply sesi ýuwaşja, edil, öýe ýaňy düşen gelniň sesi ýaly ýumşak jogap berdi. – Sygry alyp gleýin. Ony sagmalydyr. Balanyň suwa gidip geleninem, sygry getirip saganynam, süýdi asanynam hiç kim görmedi. Ol özüne gelende arkasy, bir arka ýaprakly, hemem üküç desse otly, işiklerinde durdy. Ol ýaprakdan ep-esli alyp gurçuklara berdi. Sygryna, gölesine, golaňyny süýräp gelen eşegine ot berdi. Ojaga gazany goýdy-da, aşagyna ot ýakdy. Suwy çigräp başlansoň oňa etiň ýagly ýerinden dört-bäş bölek alyp taşlady. Gazan gaýnansoň, oňa sogan dogrady, pamidoryň kakyndan dört-bäş sanysyny atdy, duz sepdi. Tagamly naharyň ysy daşary ýaýrap ugrady. Bala saman salynýan kümäniň gapdalynda çüýräp ýatan ýekenlerden sagdynraklaryny alyp, eşeginiň palaňynyň ujuny açdy-da, oňa ýekeje-ýekejeden daňyp çykdy. Talaňyň iki tarapy deňleşensoň ony sim bilen berkje daňdy. Kakasynyň gaty könelip galan mahmal donunyň ýeňini çöwürdi-de birini sag gapdalyna, beýlekisinem çep gapdalyna geýdirip, pugta daňdy. Iki goluň arasyny iki-üç ýerinden berkje baglady. Palaň taýýar boldy. Ol köne donuň galan böleginden, kümede ýatan köne keçeden palanyň aşagyna itergi etdi. Nahar taýýar bolupdy. Ol içeri girdi-de, orta saçak ýazdy. Ullakan syrçaly jama nahar goýup äberdi. Soňam çaý goýdy. Ýene-de gelip, daşarda, işigiň agzynda, täzeje bolan palanyň üstünde iki dyzyna aýagyny goýup oturdy. Bala şu ýerde bir zada göz ýetirdi. Ol ýeke däl ýalydy. Ol iş edende kimdir biri kömekleşýän ýalydy. Ony uranlarynda urgy ilki özüne däl-de, başga birine degip, agyryny ol çekýän ýalydy. Ýaňam, gap-garaňky kümeden ýyrtyk keçe gözlände, kimdir biri onuň eline berdi. Palana ol elini degirse degirendir. Ýöne onuň eli bilen palany gül ýaly edip bejerdi ahyryn. Ol onça oty, tut ýapragyny göteribem bilmezd-ä. Ýok, ol Bala däldi. Çaý gaýnady. Bala çaý demläp, saçagyň üstünde goýdy-da daş çykdy. Häzir onuň iňňe-sapak alyp, ýyrtyklaryny çatasy gelýärdi. Ýöne içerde oturasy gelmedi. Indi bu içeri oňa zyndan bolup göründi. Ol kakasynyňam, doganynyňam, Gulçanyňam, ejesiniň, Garajaýew mugallymyň hem ýüzüni göresi gelenokdy. Ol birhili sowapdy. Ýüreginiň teýinde mähirden ýyljak lasyrdap duran çeşmeler sowapdy. Onuň kalbyndaky diňe jan bolup duran ýanyň dillije düwmeleri owaz çykaranokdy. Ol ýene içeri girdi. Ejesiniň iňňe-sapak goýýan ýerinden olary aldy-da daşary çykyp, palanyň üstünde oturdy. Aý-aýdyňdy. Ol sag dyzynyň ýyrtygyny ýörmedi. Soň çep dyzyna gelende, ýüregi hütürt edip, üýtgeşik urup başlady. Ol ýene eňräp ugrady. Urma Balany, eý, bende, Urup edepli etmersiň. Özi uýalsa, eýsemse, Sen şonda hökmi-ekbersiň. Gizle gözde gazabyny, Ýuwup ahmyryň eý, adam, Mähir öçir hazanyňy, Gahar rüstemdir haýadan. Gahar kapyrdyr, eý, debe, Gahar eken gazap ýygnar, Şondan öwüsýändir belalar, Öz görüni gazyp, ýyglar. Diýme ajy sözleriňi, Diliňden zäheriň dökme. Atma köňle közleriňi, Daglary goýma ýürekde. Gahar edip, mähribanlyk, Gören barmydyr, eý, adam. Gahar iýip döklen ganlar, Aýyt, azmydyr, eý, adamy. Ýykma ynsanyň köňlüni. Hakyň guran käbesidir. Ýakma ynsap köprüsini, Öz ynsabyňy taladyp. Onuň ýüregi ýene-de dolup, gözlerinden akyp başlady. Allam, meni har eýleme, Uçup baraýyn ýanyňa. Ganatlarma zar eýleme. Açyp baraýyn ýanyňa. Ganatym ýok, uça bilmen, Syrym saňa aça bilmen, Ýa ýetdimi ajalym meň, Niçik baraýyn ýanyňa. Deňäp doňza, sygra meni, Boldum zarlap, ýyglamaly, Ýygna meni, ýygna meni, Gaçyp baraýyn ýanyňa. Bala jalbarynyňam, köýnegiiňem ýyrtygyny çatdy. Onuň ýadyna Babajan işanyň ýyldyzy düşdi. Ol oturan ýerinden gögüne garady-da, «ýedigeni» tapdy. «Ýedigeniň» ikinji ýyldyzy bilen üçünjisiniň araynda otly ojek ýaly lowurdap duran guýrukly ýyldyzy gördi. Onuň guýrugy inçelip, inçelip ýere ýetip durdy. Balanyň göwnüne bolmasa, ganatyň bolmasa-da şol ýyldyzdan asylyp, göge, Alla-tagalanyň alyna çykyp bolaýjak ýalydy. «Ol ýerinden turdy-da şol ýyldyzyň guýrugyna ýapyşdy. Şol bada-da ap-ak hasa ýaly, lowurdap duran ganatly boldy. Balanyň jesedinden, misli piläni deşip çykan kebelek ýaly bolup, sypyrlyp çykdy. Soň lowurdap duran basgançaklara basdy-da bat alyp göge garşy uçup gitdi. Ony asmandaky almaz köşkdäki perişdeleriň şazadasynyň ýanyna eltdiler. – Näme üçin geldiň? Bala-Perişde uzur ötündi. – Men indi çydap bilemok. Meni alyň yzyna. Şazada perişde dyrnaklaryna garady. – Seniň wagtyň dolanok. Bala perişde zeýrendi. – Meni halys depgilediler. Men haryzar boldum. – Çyda. – sen ynsana çydamlylykda, sabyrlylykda görelde bolsun diýip iberildiň. Gizle, göz ýaşyňy. Wagty gelende, özümiz seni taparys. Bala-perişde zaryn ses bilen sorady. – Men haçana çenli garaşmaly. Şazada oňa ýylgyryp, mylaýym garady. – Ynsanyň ýüregine mähir gelýänçä. – Oňa näçe ýyl gerek. – Bäş kyýam... Bala-perişde titredi. – Men çydamaryn, men çydamaryn. Şazada ony köşeşdirdi. – Beýik taňrydan seniň üçin razylyk dilärin. Sabyr et. Ýöne häzir git, git, git . Dört perişde onuň ganatyny sypyrdy-da bir salymdan getirip, Balanyň jesedine salyp, gözden gaýyp gitdiler. – Meni goýmaň, men çydam-o-ok! Bala öz sesine özi oýandy. Töwerekde ne perişde bardy, ne-de guýrukly ýyldyz. Ol gören düýşüne haýran galdy. – Wah, häzir perişdä öwrülip bolsady – diýdi. Göwnüne bolmasa asmandaky ajaýyp köşgi-eýwan, şazada, ap-ak nura çaýylan jennet köşgi, Beýik Taňrynyň göz ýetmez, yns-jyns ýetmez nurana mülki oňa tanyş ýaly bolup duýuldy. Ol azajyk üşäpdi. Burny maňlap, sesi koh-poh edýärdi. Şonuň üçin çugdamlanyp oturdy. Göwnüne bolmasa, onuň bogunlary söküm-sökümdi. Balanyň ýadyna ýene-de şol depder düşdi. – Näme etsemkäm, eý, allam?! Ýa-da ýene direktoryň ýanyna baraýsammykam? Bala bu pikiri tapanyna begendi. Indi onuň oturasy gelmedi. Sygryny sagdy, süýdüni süzüp, tüňňüre guýup goýdy. Ol ýene-de öňki ýerine gelip oturan badyna gapdaldan kimdir biriniň ýapyrlyp gelýänini gördi. Ol Gulçady. Gulça elindäki gara zada asylgy duran bedräniň içine atandan, boş bedre töňkürt etdi. Ol ýüregi ýarylan ýaly bolup, diwaryň aňyrsyna duwlandy. Bir salymdan soň hiç kimiň ýokdugyny aňdy-da, sygryň ýatagyna bardy. Sygryň ýüpüni gazykdan boşatdy-da ony öňüne salyp kowalap, uly ýola saldy. Eltibem, köprüden geçirip, Balany uran ýerlerindäki gür ýylgynlykda daňyp gaýtdy. Ol yzy bilen barýan Balany görenokdy. Bala Gulçanyň daňan ýerinden aýryp, sygryny otluja ýerde daňdy. Soňam gulçadan galman oba geldi. Gulça ynjalan bolmaly. Ol şondan gelşine öýlerine girip, soň çykmady. 10. Bala ýene-de direktoryň huzuryna bardy. Ol adam bu gün öňki nurana, sahawaty seçelenip duran ýaşula meňzemeýärdi. – Näme? – diýip, ol çilimini Balanyň üstüne üýerläp goýberdi. Bala çilimiň ajy ysyndan gork alyp gitdi. Ol erbet üsgürindi. – Ag-gaş – diýdi-de ýene-de, tä ögeýänçä üsgürdi. Direktor gözüni-gaşyny çytdy. – Men howlugýan, Gyzylarbada, haryt üçin gitmeli. Bol gaty howlugýan. Bala hälki üsgürmä gözlerinden çogan ýaşy ýumrugy bilen süpürdi. – Näçe süýt tabşyrýandygymyzy ýazýan depderi ýitirdim. – Nu, çto-j! – Ol ýerinden turdy. – Indi näme? Şol depder bolmasa süýdüň puluny berenoklar. Aşpez daýza näçe süýt alanyny ýazyp beräýmese... Direktor çekerini açdy-da, ondan birki sany ýüzi ýazgyly kagyz aldy-da aýgytly ýüzlendi. – Fomilýaň näme? – Garryýew! – Sen, Garryýew, aýyň aýagyna çenli näçe süýt getirýän bolsaň, getir. Şondan soň maňa süýt gerekdäl. Tomus döwründe süýt düşewitli däl. Ýazgyňam, kagyzyňam gerek däl. Apreliň hakyny doly bererler. Ol çykyp gitdi. Ýöne Balanyň depesine ullakan dünýäni düňderip gitdi. Ol bu habaryň agramyny ýüreginde göterip bilmän, daşary, direktoryň yzyndan ylgady. Emma direktor eýýäm gidipdi. Bala eşegine zordan mündi. Eşegem onuň halyny duýdy-da dähedem-dessemläp keselhana bakan ugrady. Ejesi Balany tanamady. – Näme boldy? Kim seni beýtdi. Bala ejesiniň näme soraýanyna-da düşünmedi. – Eje jan, naharhananyň direktorymaý aýyndan başlap süýt alamyzok diýdi. Sen gaýgy edäýme. Olar almasalar, men gatyk edip, gapy-gapy aýlanyp sataryn... Kör daýza bir: – Hiý-wiý – etdi-de, ýarawsyz gözüni eli bilen ýapdy. Soň ol görýän gözüni oglunyň ýüzüne has golaý tutdy. – Kim etdi, muny. Bala bolan wakalary ejesine-de aýtmady. – Aý, atdanlykda bolan zat-da – diýdi. Kör daýza ynjalmady. – Atdanlygyň işä däl. Ýa eşekden ýykylypsyp, ýa-da sygyr süýräpdir. Ol buýurmadygam buka gelip, tanapyna towsup dur. Buka-da alyp giden dälsiňiz. – Ýok, eje jan! – Kim sagýar ony. Balanyň keýpi ýokdy. Indi bolsa onuň dik durmaga-da ysgyny ýokdy. Ol koridoryň burçuna arkasyny berip otyrdy. – Eje jan, düýşüňde perişde bolup asmana uçsaň näme bolýar-aý. Kör daýza gorkdy. – Goý-a, tenteg-ä. – Ol ýene ynjalman sorady. – Kim, dädeň perişde bolup uçýarmy? Bala ýere garady-da, başyny ýaýkady. – Ýok-laý, men-läý. – Näme? – Soň ýene ýere düşýän. Entek wagtyň bar diýip, aşak, ýere iberýärdi. Bu söz onuň ejesini köşeşdirdi. – Goý-a, seniňem bir düýşüň bolarmy! – Kör daýza yzyna, ýatýan palatasyna seretdi. – Bar, gaýdyber. Bala hem ýüzüni ak-tam edip ýerinden turdy. – Eje jan, saňa öýden nämejik getireýin. Kör daýza sag eli bilen ýarawsyz gözüni tutup durşuna, ogluna geň galyp seretdi-de. – Nämäňiz bar, öýde – diýip sorady. Balanyň gözjagazlary ýandy. – Näme diýseňem taparyn. Kör daýza taşlanan ýaly boldy. – Nämäňiz bolsa-da getiriber. Şunuň şurruk çorbasyndanam bizar bolýar, adam. Bala sesini çykarman daş çykdy. Ol sygrynyň süýdüniň alynmajagyna ejesiniň gynanmaýanyna begendi. Kakasy welin gynandy. – Bagtymyz gelipdir. Bir eklenjiňiz-ä şoldy. Olam gömülsin. Soň toprak ýalarsyňyz. Bala ony özüçe köşeşdirdi. – Däde jan, süýdümizi gatyk edip, özüm gidip satyp gelibererin. Sen alada etme. Ýaşulynyň nämüçindir soňky iki günde ogluny jyny alanokdy. Ol oglunyň lellimligine, özüni oňarman ýörşüne gahary gelýärdi. Sygryň süýdüniň alynmazlygynam oglunyň gowşaklygyndan diýip düşündi. – Sen, lemmi-lemmi eden bolup, bary özüňdendir. Sen şu gury aýaklygyň bilen, baran ýeriňi ýapyp gaýdýaň. Aýry-başga biziň süýdümizi alman, näme, olar. Sen bir poh iýijilik edensiň. Depderiňi ýitiren bolduňmy. Bala titräp başlady. Ol häzir iýjek taýagyndan däl-de, kakasynyň gaharynyň gelmeginden gorkýardy. – Depderim şol ýerde galypdyr. Aşpez aýalam indi... Ýaşuly gazaryldy. – Goý, şol gürrüňi. Ugra ýapraga. Gurçugyň aç dur. Balanyň düýnki açlygydy. Ol bu günem kakasynyň bir zat diýerinden gorkusyna saçaga el uzadyp bilmedi. Ol garnynyň jugurysyny gizläp eşegine bakan ugrady. Emma ony kakasy yzyna dolady. – Hany, bäri gel. Bala yzyna dolandy. – Däde jan! Ýaşuly sag gözüniň alasyny seçelendirdi. – Soltangüle näme diýdiň? Bala dogrusyny aýtdy. – Hiç zat diýmedim, däde jan. Garry aga dişlerini çarhlady. – Pohuňy iýme. – Ol ýumrugyny düwdi-de, başam barmagyny şol düwünden çykaryp, ogluna dikdi. – Utançsyz, iliň uly gyzy bilen näme işiň bar. Sen ýene bir gezek diliňi-başyňy çeýne, özüm hamyňy sypyraryn... Balanyň ukusyzlykdan, ýadawlykdan hem-de agyr açlykdan ýaňa kellesi işlänokdy. Ol häzir Soltangülüň kimdiginem aýdyp biljek däl ýalydy. Ýaşuly bolsa Soltangülüň ejesine «ýagşy käýýärin» diýip beren sözünde tapylmak üçinmi, ýa-da ogluny has taplamak üçinmi, oňa ýagşyja darady. Bala agşamara eşegini ýaprakdan ýagşy ýükläp gelip, suwa eňdi. Ugruna sygrynam alyp gaýtdy. Şonda Soltangülüň ýüzüi-gözüni çytyp, duşundan geçip gitmesinden soň, kakasynyň käýemesine düşünip galdy. Soň eşidip otursa, Soltangülüň diýeni bolmansoň, ondan ýagşyja ar almak isläpdir. Ejesine: – Bala maňa hiç zat ýok ýerden: «Ejeňi pylan edeýin» diýip sögüp dur diýipdir. Muny onuň ejesiniň özi aýdypdyr. Bir gün onuň ejesi aglap geldi. – Garry aga jan, gyzym bir ýetimçe bilen gaçyp gidipdir. Indi nädeýin? Garry aga begenmedem, gynanmadam. – Ýaşy doldumy? – Ýok-la. Birki ýaş ýetenog-a, dolmaga. Garry aga giňlige saldy. – Öz göbegini özi kesen bolsa, sesiňi çykarma. Aglap gapyňdan gelmese şükür et – diýdi. Soltangülüň ejesi razylaşdy. Bir günem ol Balany ýolundan saklady. Bala oňa salam berdi. – Sen aýt oglum, sen adamyň göwnüne degjek adam däl. Näme üçin Soltangüle sögdüň. Bala başyny ýaýkady. – Bibi jan, meniň damagymy çalsalaram adam ogluna sögmerin, ynanaý. – Onda ol näme üçin seni ýamanlady. Bala arada gep galmasyn diýdi. – Men saňa çynymy aýdaýyn. Ýöne gaty görmäň. – Aýt, gaty görmen, sen meniň öz oglum-a. Bala gyzardy. – Bir gün men sizde ýatdym. Siz ýokduňyz. Şonda ol meni gujaklap, öpdi. Eşiklerimi çykardy. Soňam şeýdip, oýnaşaly diýdi, iki sapar. Men gelip bilmedim. Ol daýza elini çarpyp güldi. – Wah, çagam-eý, şonuň üçinem bir uly gyzyň göwnüne degerlermi. Oýnaşaýmaly ekeniňde. Hal-a, indi oýnaşaýyn diýeniňde-de tapmarsyň. Bir ýetimçe hezilini görüp ýör. Häk, Balam-eý. Agşam düşdi. Bala indi birneme rahatlanýardy. Ol nahar bişirdi, sygryny sagdy. Gölesini tutup, oňa, eşegine ot berdi. Eşeginiň palanyny gizläp goýdy. Sagan süýdüni gurçuk telärçesiniň astynda, agzyny pugta basyryp goýdy. Ol Gulçanyň bu gije-de geljegine ynanýardy. Ýöne ol haçan geljek, şol belli däldi. Şonuň üçin ol kakasynyň aw tüpeňini sygrynyň gazygynyň ýanynda gömüp goýaýynam dir diýdi-de, ýene dözmedi. Onuň ertir mekdebe barasy gelýärdi. Mekdepsiz günler ony halys ýekesiredipdi. Gözüni açyp, ýene gözi ýumulýança işlese-de bu öýüň işi tükenenokdy. – Men dädem bilen çarwa gidýän – diýip, Dädiş öňe nahar alnan mahaly başlady. – Kiçijik keýik owlajygyny getireris, hä, däde. Ýaşuly oňa hä bermedi. – Çöregiňi iý. Dädişiň welin begenjiniň çeni-çaky ýokdy. – Tüpeňiňem alarsyň-a, hä, däde. Ýolda käkiligem alarys, hä. Akgyş möwjäp ugrady. – Menem gitjek, menem gitjek. Balanyň işdäsi zat alanokdy. Ol ejesine beren sözünde tapylmak üçin näme etmelidigi barada oýlanýardy. Soňam, ak perişdä öwrülmegiň näme bolýandygyny Babajan şondan sorasy gelýärdi. – Däde jan! – diýip, ol nohardan soň saçagy, gap-gaçlary ýygnaşdyryp ýörşüne aýtdy. – Näme? Ýaşulynyň sesinde hyr bardy. Şonda-da Bala pikirini aýtdy. – Ertir ejem jana azajyk çorba äkidäýeýin. El ýaljak çörek bilen. Ýaşuly ilk-ä sesini çykarmady. Soňam azymly gepledi. – Äkitme, belany iýsin. Ýagly çorba iýjek bolsa, öýe gelsin. Balanyň lapy keç boldy. Ol näme etjegini bilmedi. Gazanda azajyk çorba galypdy. Ýöne olam, ýöne suw bolup çaýpanyp ýatyrdy. Ýöne Bala ejesine dözenokdy. Onuň horja elleri, çepiksi göwresi, ýarawsyz gözüni sag eljagazy bilen gamgyn tutup, gussaly, soluk meňzi bilen seredipdurşy göz öňünden gidenokdy. Onuň garawsyzlykdan, hossarlykdan, idegsizlikden ýaňa ap-ak bolan süňňi, ýüreginde ýyllar boýy galan berçler sebäpli ýolugan dermansyz keselinden utanyp ýere giräýjek bolmasyny Bala duýýardy. Inçekesel altmyşynjy ýylara çenli dermany ýok dert hasap edilýärdi. Ony Aşgabatda, ýörite bölüminde ýatyp, diňe kesdirip bolýardy. Bu aýalyň öýkenini kesdirmäge däl, Aşgabada ýetmäge-de ragbaty ýetmeýän ýalydy. Şeýle ejiz aýala öýündenem çigit ýalyjak yssy wagt bolmasa, oňa öý, är, ogul nämä gerek. ol aýala bu öýde-hä däl, tutuş obada-da düşünjek aam ýokdy. Bala şoňa düşündi. Ol kakasy görmez ýaly, ojaga däl-de, tamdyra agşamky ýaly ot ýakdy. Soň içi ýaglyja etli, burç-sogany, duzy ýeterlik gazany onuň agzyna oturdyp, körügini berk ýapdy. Gazan gazan lakyrdadygyça, Bala açykdy. Ol saçakdan bir tegelek nan, golçadan bir käse çig gaýmak aldy-da ýagşyja dolap, horjunyna salyp goýdy. Soň gelip ýerine gyşardy. Kakasy, jigileri ýatansoň, tamdyryň agzyndaky gazanda ýagşy bişen nahary kiçijik gaplama etlije edip guýdy. Agzyny berk ýapyp, horjunynyň ýanynda goýdy. Ol daňdan süýde barýarka ogurlukda tutulmakdan jany çykara gelipdi. Ol ömründe biriji sapar ogurluk edipdi. Onda-da öz öýlerinden. Olam mähriban ejesi üçindi. – Eje janym, bagyşla, meni – diýip, ol eşegi köprüden geçensoň, ýeňiljek dem alyp aýtdy. | |
|
√ Duman daganda: Dumanlar, gümanlar... - 11.06.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy - 17.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |