00:14 Iñ soñky tomus -9/ romanyñ dowamy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM
Romanlar
1. Sumbaryň gazaply tomsy öz hökmüni ýöredip başlapdy. Howa birden tamdyryň howruna döndi-de älem jahan dowzah tamysyna meňzeş jöwza gaplanyp galdy. Beýle yssy ömralla görlen däldir diýip, ýetmiş-segsen ýaşan gojalaram tapbat ýaly bolan dodaklaryny ýalaşyp aýdýardylar. – Wah, bu jöwzany sag adam göterer ýaly däl-ä, ebgar ýatan hassa-ha baýaky – diýip, Kör daýza adamsynyň jylk sary bolan ýüzüniň siňegini gorap durşuna aýtdy. – Heý, beýle-de bir yssy bolarmy, dogan... – Gelmedimi? – diýip, Garry aga içindäki ähli gyzgyny birden daşyna kowaýjak bolýan ýaly, biçärelik bilen «owf» etdi-de, aýalyna naýynjar seretdi. Kör daýza ýerinden turdy-da, ýarawsyz gözüni eli bilen tutup, penjireden ýola tarap garady. – Bir-ä gelýän ýaly. – Ä-äk, gelýä? – Ýaşuly tutuş süňňüni elendirip tamşandy. – Ana, bir-ä geldi. Ýaşulynyň delmurup duran biçäre didesi işige dikildi. Işikden Dädiş girdi. Kör daýza oglunyň gelenine begendi. – Dädiş-ä, geldiňmi? Dädiş içerem girmedi-de, daşky jaýda goş-golamyny goýdy-da «näme?» diýip seslendi. – Bar, Dädiş jan bedräni alyp çeşmä ylga-da, baryp gel. Dädeňe sowjak suw getir. Ol halys şehit bold-a. – Ol adamsynyň ýüzüni gorady-da, ýene ogluna gygyrdy. – Bar-a. Hany Bala. Gelmän geçdi-le. Bar git, senem... Dädiş işikden ýüzüni görkezdi. – Gitjek däl, ölseňizem gitjek däl. Ol tentek ogullaňyza kel goýun ýaly tentiräp ýör. Iş bolsa: «Dädiş, Dädiş, bar, et», etjek däl». Okuwdan geldiň, şuny iý» diýýän-ä ýok. Işiňizi Dädiş etmeli. Etjek däl... Kör daýza gözlerini alaçsyr gyrpyldatdy-da elindäki ýelýyrtan ýaglyk bilen çekip duran gözlerini syldy-da ýene daşary gygyrdy. – Gel, onda, dädeň ýanyndajyk otur. Özüm gidip geleýin. Dädiş etmedi. – Oturjak däl, bar gidiber... Ýaşuly çydamsyzlyk bilen hyklady. – Gelmedimi. – Ol az-kem galan ýaly etdi. – Wah, ýandym-eý, gelmän geçdi-le... Kör daýza elendi. – Ne alaç edeýin, ýansaň, geler wagt-a boldy. «Bala gelýärdi. Ol kakasynyň her bir demini, onuň teşnelikden, derdiň agyr jebrinden çekýän ahyny eşdip gelýärdi. Köneje tigriň ady bardy. Onuň jygyldap, duran tigrini şalkyldap ýatan pedallaryny gören adam muňa tigirem diýip biljek däldi. Emma ol Bala üçin uly maldy. Häzir jöwzaly howur dünýäni ýakyp-ýandyryp bardsa-da, ol Balanyň ýüreginiň howruna, howsalasyna dalaş ederden juda pesdi. Bir gowy zady, bu yssyda Sumbar jülgesinde tigirlenýänem, gymyldaýanam ýekeje zat ýokdy. Ýol-da, dünýäde Balanyňkydy. Bala üçin dünýäniň ähli maly-mülki tigriň sag gulagyndan asylgy torbanyň içindedi. Ol häzir Garrygaladan, Gara agalardan buz, ýönekeýje buz alyp gelýärdi. Kakasynyň sabyrsyzlyk bilen garaşyp ýatany şoldy. Tomsuň güni «buz» sözi bu etraplarda Garagumyň jöwzaly çölünden mumyýa agtaran ýalydy. Ýöne Gara aga bir gün ýaşulyny soramaga gelipdi. Ýaşuly şonda: – Wah, häzir bir Hasatyň guzaýynyň gary bolsa, birkije owurt içip, ýüregimi sowatsaym – diýipdi. Gara aganyň ýüzi açyldy. – Hasaryň buzy nämä gerek. ertir Bala jan öýe barsyn. Men çagalara aýdaryn. Holodilnigiň sowutgyjyna suw goýarlar, buz bolar-da... Bu söz bu içerini nura boýapdy. Garry aga ysgyna gelen ýaly bolupdy. Onda ýaşaýyşa bir yşjagaz açylypdy. Ozal ol ölümine garaşyp, zeýrenip ýatyrdy. Indi ol ajala däl-de, buza garaşýardy. Buz dirilikdi. Buz umytdy, sähelçe-de bolsa ýaşaýyşdy. Şol ýaşaýyşy, uly umydy özi bilen alyp gelýänine Bala begenýärdi. Ol klasda otyrka-da, öýde, gije ýatyrka-da şol buzuň aladasy biloendi. Ol tigirinem ýöne wagt münenokdy. Aýaýardy. Ertir bilen eşegini, sygryny örklemäge alyp gelende, tigrini idekläp, tikensizräk ýerden alyp gaýdýardy. Sygryny daňyp, tigrini Babajan işanyň boşjaýyna salyp, gulplap gaýdýardy. Açaram özündedi. Muny oňa işan aganyň özi öwredipdi. Haçan okuwy gutararam, ol işan agalara ylgaýardy. Buz ýaljak bolup duran tigrine atlanyp, öýlerine gaýdyp barýan klasdaşlaryny deňinden edil ýel ýaly bolup ötüp, sähel salymda Garrygala, Gara agalara barýardy. Bu günem şeýtdi. Gara aganyň aýaly juda musurman aýaldy. Ol ýüzüni turşutman, holodilnigi açyp, onuň buzhanasyndan demir gapyrjagy aldy. Bala üçin ol demir gapyrjak kakasynyň janydy. Ol daýza gapyrjagy pyçak bilen gazap alýan şirşaýy ýaly lowurdap, nurly buldurap duran kerpiç buzjagazlarynyň her biri kakasynyň bu dünýäde alýan demidi. Şonuň üçin Bala bu aýal buzlary onuň şo-ol süýt daşan syrçaly tüňňürine salyp durka demini alyp bilmän durýardy. Ol buzjagazlar jemi ýigrimi bölekdi. Ol aýal buz salnan tüňňüri Balanyň teletin torbajygyna goýansoň, oglanjyga jan gelýärdi. – Taňry ýalkasyn, daýza jan. Eliňiz-gözüňiz dert görmesin. – Derman bolsun! Bala şondan soň uçýardy. Geň ýeri onuň buz almaga gideni ýa-da buz alyp gelýänini görýän ýokdy. Käte ol okuwdan çykyp, ýadaw ýöräp barýan oba oglanlarynyňam yzyndan ýetip geçýärdi. Olar bolsa Bala häzir okuwdan gelýändir öýdüp: – Eý, siýejintigrine münäýipdir-eý – diýip gygyryşýardylar. – Eý, şol warak tigri onuň janyndan gow-a. – Nädip dözüp, münüp bildikän-äý. – E-äý, siýejin-eý. Bala olaryň näme diýýänini eşidenokdy. Onuň bar pikri-küýi öýde delminip, gözlerini balkyldadyp ýatan adamdy. – Däde jan, getirdim. Ol tigrinden düşüp, torbasyny almaga mähetdel, içeri ylgady. – Heý, şeýle-de eglenmek bolarmy? Adamyň gözüni ýolda goýduň. Garry aganyň süňňüne jan girdi. Ol galjak bolup, ýuwaşja dyzandy. Ol özi üçin iň bir lezzetli pursady ýatyp geçirmek islemeýän ýalydy. – Hany, bir galdyryň. Ejesi galdyrýança Bala ylgap gidip, kiçijik syrçalyja jamy getirdi-de ejesine berdi. Ejesi töňňüri teletin torbadan usulluk bilen çykardy. Soňra buzly gabyň gapagyny açyp, buzuň erän suwuny jamjagaza guýdy. Buzjagazlar heniz gowy eräbem ýetişmändi. Buz suwy sähelçedi. Ýaşuly titreýän elleri bilen kiçijik jamy aldy-da janhowluna başyna çekdi. Soň bir dem «ow-wf» edip demini aldy. Suwuň sowguna çydap bilmediň süňňüni zygyrdadyp goýberdi. – Buz-aş ber. – Ol bir bölejik buzy agzyna atdy. Birinem ýüzüne çaldy. – Wah-wah. – Ejesi ony görüp, dözümsizlik bilen – Ýandy, ýandy – diýip aýtdy. Bala kakasynyň buzy lezzet bilen çeýneýşine begendi. Ol begenji ýene-de säheljejigem bolsa, uzaldasy geldi. – Eje jan, ylgapjyk çeşme suwunam alyp geläýeýin. Ejesi oglunyň ýüzüne owsunç bilen garady. – Wah, şeýtsen-e. Bizem halys şehit bolduk. Bala çeşmä ylgap gidip, ylgap geldi. Ol gelende kakasynyň agzyndaky, döwük-ýenjik dişleriniň arasynda, üsti agaryp, az-kem çişen garamtyl dili bilen eýläk-beýläk kowup ýören buz bölegem eräp gutarmandy. Ejesi çeşmaniň buz ýaly suwundan saplawy dolduryp başyna çekdi-de, başyny ýaýkady. – Şulam-a buzdan kem däl eken. Içjekmi? Garry aga bir saplaw sowuk suwy başyna ýekdi-de, bir salym ynjaldy. Bala aýaguçda duran ýaglygyň üstüne sowuk suw guýdy-da, çalaja sykdy. Soň bolsa kakasynyň heniz hälki buzuň çygam gitmedik ýüzüne, boýunlaryna, sakalyna, açylyp duran eginlerine çaldy. Kakasy görgüli bir salym demini alman serlip ýatdy-da buzly tüňňüre tarap, misli ömrüniň hazyna seredýän ýaly seretdi. – Agzyny ýap-da, beýlede goýaý. Bala ýerinden turdy. – Degme, ejeň etsin. Sen dökersiň... – Men çaý goýaýaýyn! Häzir bileje çaý içeliň. Ejesi çaý goýlanyny islese-de Balanyň eglenip ýörerini islemedi. – Sygryňam örküni täzelemeli. Çaýyňy içseň iç-de, ylgaryn. Gatygyňam taýýardyr. Oňa öýlänräk gidäý bolmasa. – Bor, eje jan. Bala çaý goýdy, demledi. Orta saçak ýazyp, saçagy süýşürdi. Emma saçaga el uzadyp bilmedi. – Däde jan, çaý içermiň?! Ýaşula azajyk gurbat gelen ýalydy. Ol sowuk suw bir salym göwnüni aldasa-da, çaýyň teşne ýüregine tenekar bolýandygyny düşünýärdi. Şonuň üçin ol başyny atdy. – Içeli. Olar, Bala, kakasy, ejesi bileje çaý içip otyr. Bala daşyna çykarmasa-da begenýärdi. Beýle bagt, mähribanlary bilen äbe-de-jüýje bolup çaý içmek oňa hemişe miýesser edibem duranokdy. – Şu gün aýyň näçesi – diýip, ýaşuly bir küýe batyp oturşyna sorady. Bala tisginip gitdi. – Ýedinji iýun. Ýaşuly ilki işige, soňam penjirelere garady. Penjirelerden bolsa göm-gök syrçaly güne-ýem solan, belent daglar görünýärdi. Ýaşulynyň nämüçindir sag gözüniň öňüne dumanly perde çekilen ýaly boldy. – Gaýrat ediň, indi... Ol başga hiç zat diýmedi. Diňe sag gözünden gaýdan duryja düwme burnunyň gapdaly bilen togarlanyp, ýaşulynyň setreklän çal sakalynyň arasyna taýyp gitdi. – Indi az galdy... Bala kakasynyň bir wagtky, ho-ol Gagariniň Ýeriň emeli hemrasyna atlanyp, asmana uçan gününden, on ikinji aprelden bir gün geçendäki sözüni ýadyna saldy. Şonda kakasy «Ýene altmyş gün aýyň näçesine düşýär» diýip sorapdy. Ejesi bu geplere düşünmedi. Emma Bala bir zat syzýardy. Ýöne ýene-de bir hepdeden nämeleriň gopjagyny aklyna getirip bilmeýärdi. Ol howsalasyny içinde ýygşyrdy-da ýerinden turdy. – Eje jan, men gidibereýinmi? Kör daýza ýarawsyz gözüni duw ak edip, sag dözüni ogluna dikdi. – Nirä? – Men ir-gözinden gatygymy satyp geleýin. Kör daýza ýerinden turdy. – Şeýt, ol sygryň ajyndan, suwsuzlygyndan, ölse ölübersin. Gidiberiň... – Ýok, eje jan, men ugruma suwa-da ýakaryn, örklärinem. Häzir barýan-a. Häzir barýan-a. Kör daýza ogluna gatykly gaplamanyň gulpundan hem-de gapagyndan ap-akja ýaglyk geçirip, berk daňyp berdi. Balanyň özi bolsa syrçaly, gökje kürüşgäni ýuwdy-da, ýaglygyň ujyna berkitdi. Howa howr alyp ýanýardy. Gap-garaja oglanjyk häzir ösgünje, buýra-buýra saçyndanam gara görünýärdi. Ol metjidiň deňine ýetende Babajan işanlara barasy geldi. Oňa birki kürşge gatyk eltesi geldi. Ýöne häzir onuň eglenmäge haky ýokdy. Gatygyny satmalydy. Naharhananyň süýtlerini gaýtarmagy Balalar üçin bir tarapdan erbedem bolmady. Bir-ä daňdan turup, süssenekläp ýörmeli däldi. Soňam gündekini günde satsaň, eliň pulsuz bolanokdy. Her günki satanyňa dükündan öýe näme gerek bolsa alyp bolýardy. Ýöne gatyk satmanyň bir erbet tarapy bardy. Käte gatygyň geçenokdy. Soň oba-oba aýlan gatygyňy süzme halta guýaýmasaň, bu yssyda gök suwy çykyp, turşap galýardy. Balanyň häzirem gorkusy az däldi. Ýöne bu gün onuň bagty getirdi. Bir ýerlerden gelip, dükanyň ýanyndaky ýeke gat jaýda ýaşap belet-belet telegraf sütünlerini çekip ýören daýaw-daýaw ýigitleriň iň saryýagyzy oňa gygyrdy. – Eý, oglan! Bala olar özüne gygyrýandyram öýtmedi. Ol oglanlaryň ýanyna bardy. – Sen bize Sumbardan bir bedre suw getirip berermiň! Bala böwrüni diňledi. – Bir manat bereli. – Manadyňyz gerek däl-läý. Olar dört sanydy. Özlerem her egninde bir adam oturaýmaly örän daýawdy, göbeklerinden ýokarsy ýalaňaç bolansoň, ýiti güne ýanyp, duw-gara bolupdy. Olar ýagyrnylarynyň düwme-düwme derini akdyryp, atanak şekilli sütün ýasaýardylar. Iki sanysy äpet pürsüň gabygyny gyrýardy. Biri ýer gazýardy. Beýlekisi, pul bereýin diýip gygyran gara saçlysy kelte saply palta bilen äpet pürsüň iki-üç ýerinden çapyşdyryp durdy. Bala olaryň hakykatdanam eliniň degmeýändigine ynandy. Gatykly gaplamasyny ullakan daşyň kölegesinde goýdy-da bedrä topuldy. – Eý, onyň näme? – diýip, gara sallysy gabyna baş atyp sorady. – Gatyk satmaga barýan. – O-hoh! Bala kän eglenmän suw alyp geldi-de gatykly gabyna ýapyşdy. – Waý! – Onuň gaplamasy guş ýalydy. Ol ýaglygyny çözdi-de, gabynyň içine seretdi. Soň oglanlaryň ýüzüne garady. Olaryň biri durup bilmedi, pyňkyryp goýberdi. – Ço, bratok? («Näme inijigim?» Bala ýöne ýylgyraýdy. Hälki, ony ilkinji çagyran ony kösäp durmady. Jübüsinden gyzyl onluk çykardy. – Me, sag bol! Bala gözlerine ynanmady. Ol begenjini gizläp bilmän: – Däde, bu kän ahyryn – diýdi. – Ertirem getir. – Bolýar! Bala guş bolup uçup gaýtdy. 2. Babajan işanyň ugry ýokdy. Ol aralarda Garrygala etrabynyň Sumbar boýundaky obalarynyň ählisinde bolup, doga-dileg edip gaýdypdy. Ony gün urana meňzeýärdi. Ysgyny ýokdy. Işdäsi hiç zat alanokdy, burnam myňkyldap durdy. Ol Balanyň gelenine begendi. – Gel, guzym – diýdi. Ýerinden galmaga ragbaty bolmasa-da, oglanjygy işige baryp garşy aldy. – Dädeň, Garryjan nähili? Ganymatlaşýarmy? Bala kakasynyň ýagdaýyny aýtdy. – Bolýar, köşegim, siziň bagtyňyzdan hiç zat bolmasyn. Balanyň ony begendiresi geldi. – Bala jan, men saňa çaý gaýnadyp beräýeýin. Seni ýaman gaty göresim geldi. Onsoň, ýaňy gatyň satmaga Garrygala geçip barýarkam «şu gün seni göreýin» diýip Hudaýjandan dileg etdim. Hudaýjan dilegimi kabul etdi. Gatygymy ýoldajyk satyn aldylar. Onsoň, babam jany göreýin hemem öz elim bilenjik çaý gaýnadyp bereýin diýipjik geldim. Işan ga gaty begendi. – Boýuňa döneýin, guzym. Allam ömrüňi uzak eýlesin, guzym – Onuň Balanyň yhlasyny köýdüresi gelenokdy. – Çaý-ha içesem gelmänem duranok welin, gök çaýymyz gutarypdyr. Şoňa ýaýdanyp durun... Bala işan aganyň taňkasyny suwdan dolduryp, ojakda goýdy. Ojaga odun galady-da, ol ýagşy tutaşansoň dükana eňdi. Işan aga Balanyň getiren çaýyna, tokga-tokga gandyna begendi. – Wah, guzym, ömrüň uzak bolsunda. Meni sylasaň, seni beýik taňry sylasyn. Ol orta çaý gelensoňam alkyşyny goýmady, birden tutuklygy-da açylyp gitdi. – Bolmady, guzym, bolmady. Tapmadym, men. Atam Garry işanyň aýdan alamatyny tapamok. Ýyldyzy welin, elýeterdejik ýanyp dur. Wah... Bala-da özüni azara goýýan şol derdi aýtmasa ynjalmady. – Baba, düýşüňde biri perişdä öwrülip, uçup gitse nähili bolýar-aý. Işan aga agzyna ýetiren käsesini saklady. – Özüň däl gerek? özüň bolmasaň, owarram. – Ol çaýyny uludan owurtlady-da, «goý ol gürrüňi» diýýän ýaly, sag elini galgatdy. – Onuň ýaly düýşi hiç kime aýtma-da ýordurma-da. Balanyň işan agany diňläsi, onuň bilen edil uly adam ýaly gürleşesi gelýärdi. Ýöne Babajan işanyň haly harapdy. Ol öýünde «myhmany» bolansoň, alaçsyz halda dikelip otyrdy. – Baba, şol alamat nähili bolmaly. – Ol işan aganyň agyrly ýerini elläpdi. – Wah ony sen sorama. Kitapda ýazylyşyna görä, ýyldyzy bar-da özi ýok. Bolmaly. Ýyldyzy öçmese bolmaly. Il-halk gowulyk bolsa, uzak ýaşarmyş. Eger bozukluk arman bolsa, haýhat oglum. Onsoň, ol gitse, haçan geljek hezreti Magtymguly ýaly hakyň wekili. Wah, bolmaly... Balanyň gaýdasy, şol ýere barasy gelenokdy. Onuň işan agalarda galasy gelýärdi. Onuň çaýyna-suwuna seredip oturasy gelýärdi. Emma gaýtmalydy. Öýde hemme iş bir şoňa garaşyp durdy. Babajan işan ony işige çenliugratdy. – Guzym, dädeňe-de salam diý, bormy. Aýajygyňa güller bitsin... «Bala üçin kyn günler sowlana dönüpdi. Ol indi daňdan turup süýde gidenokdy. Gurçugyň pilesini ýygnap kolhoza tabşyrypdy. Ejesiniň keselhanadan çykmagy bilen öýüň sygyr sagmak, nahar bişirmek, saçak ýazyp, ýygnamak ýaly hysyrdyly işlerem galypdy. Indi kakasam... Bala şol agyr güni her näçe ýatlamajagam bolsa, ýene ýatlamaly bolýardy. Ahyr soňunda kolhozyň ferma müdüriniň diýeni bolupdy. Garry çopanyň işi etrabyň prokuroryna berlipdi. Garry aga içe-daşa girip-çykyp ýördi. Bir günem ony etrap merkezine, prokroturo çagyrdylar. Emmaýaşuly, diýlen gün gidip bilmedi. Merkezden ýaş oglan gelip gitdi. – Garry Merediň özümi diýip, ol gurçuk minesinden daşky jaýlaryny arassalap ýören Baladan sorady. – Geliberiň! – diýip, Bala ony öýe çagyrdy. – Siz dogtormy? – Ýok, men raýondan... Ol adam tar-tary motoryny kölegeräk ýerde goýdy-da, Bala bilen elleşdi. – Hany Garry Meret? – Öýde, ýatyr. Şol wagt Garry aga düşeginde süýnüp ýatyrdy. Ol hem myhman kä wagt bir aýlanyp gidýän feldşer oglandyr öýdüp kän bir ünsem bermändi. Öňki feldşer harby gulluga çagyrylansoň, «ýerine biri geçipdir» diýip gürrüň edýärdiler. «Doktor» gürrüňi agzalansoň, ol hasam hassasyrapdy. – Ýaşuly, salam! Ýaş ýigit köwşünem çykarman, keçäniň üstünde dyz epdi. Soň ol ýaşulynyň öz salamyny alaryna-da garaşman azymly gürläp başlady. – Men raýon prokuraturasynyň sülçüsi, Almämmedow, näme üçin prokurotura barmadyň. Ýaşulynyň indi näçe gündür adam reňkine gelip başlan ýüzi ak tam boldy. – Wah, meniň bolup ýatyşym şu-da. Ýerimden galyp bilemok-da. Indi, birki gün bäri ýagşy. Öň-ä meýdanymam düşegimdedi. Nädeýin-dä. Almämmedow ýene-de prokrotura çagyrýan hat ýazyp berdi-de, ýerinden turdy. – Indi barmasaň, gaty görme, ýaşuly. Agyr jenaýat hasap edilýändir. Düşündiňmi? Bala agzyny açyp galdy. Kakasynyň hem sözi dodaklarynyň arasynda doňup galdy. – Barmaýan bolsaň, hökman sebäbi bolmaly. Ýa doktoryň «ýarawsyz» diýip haty bolmaly, ýa-da woýenkomadyň. Düşündiňmi? Ertir hökman barmaly. Barmasaň, ol ýaşula haýbat bilen barmagyny çommaltdy. – Milise bilen äkiderler. Soň saňa gaýdyp gelme kyn bolar. Ol hiç kimi gürletmedem. Sebäbinem aýdyp durmady. Şol goýun üçin çagyrylýandygy, onsuzam düşnüklidi. Ol adam gidensoň ýatyp-ýatyp, agşamara ýaşuly özüni ele aldy. – Meniň eşiklerimi taýýarla. Bala ýüküň üstüne, bir burça goýlan agyr sandygyň gapagyny zordan galdyryp, ullakan düwünçegi orta oklady. Ondan kakasynyň ýagşa-ýamana geýýän köýnegini, dejurkasyny hemem kän bir geýilmedik eýran şiwedyndan birmahal tikilen jalbaryny çykardy. Ýükkeçäni galdyryp, onuň aşagyndan peşeneli telpegini, çokaýyny çykardy. Olardan güýe dermanyň ysy gelýärdi. Asyl, içerde onuň ysyndan durar ýaly däldi. Bala olary çalykdyrmak üçin daşara serişdirdi. Soň öz işleri bilen boldy. Ertesi opl ýene-de baryp bilmedi. Kakasyny çaýlap, geýindirip, eşegine mündirip, aýdylan ýere ugradylar. Garry aga garşyky obada gabat gelen adamlaryň ählisi salam berýärdi. – Ahyryýet azabyndan bolsun, ýagşy bolýaňyzmy – diýip soraýardylar. Olam: – Taňry ýalkasyn, şükür – diýip, jogap gaýtarýardy. Emma öz obalarynda welin ony soramaga-da gelýän ýokdy. Muny ol öz kakasyndan birki gaýta sorajagam bolupdy. Emma şeýtan ara düşüp, her sapar ýadyndan çykarýardy. Mazarçylygyň golaýynda, düýn Balanyň ähli gatygyny satyn alan adamlaryň dňinde, ol eşegi saklatdy. Soň ep-esli wagtlap doga okady. – Ata-babalar şu ýerde ýatandyr – diýdi. Mazarlyk baýryň üstündedi. Aşakda bolsa eýýäm howur berip başlan güne öleňler, uzyn-uzyn peller, tut meýdanlary jyzyrdap ýatyrdy. Adamyň öz ykbalyny bilmeýänem bir gowy zat, ýogsa ataly-ogul häzir başga-başga hasratlar barada-da häzir pikir edip biljekdiler. Emma häzir olaryň ol zatlary bilmänem gowudy. – Oý-hoý – diýip, etrap merkezine girilýän ýerde olaryň yzyndan ýeten Täçmyrat atynyň atynyň badyny ýuwaşatdy – Baýarym, däde janym, salowmaleýkim. Garry aga syr bildirmän onuň salamyny aldy. – Baýarym, dädem jan, by, aşaklapsyň-a. Ýaşuly başyny atdy. – Dogtorlyk işim bardy. – Hä-ä! Bolubilýär. – Ol ýaşulynyň nirä, näme üçin barýandygyny bilse-de, at oýnaýardy. Oňa bir ýagdaýy bilmek gerekdi. Häzir onuň saly suw üstündedi. Şonuň üçinem olaryň daşyna çyzyk çekip başlapdy. – Men bu körpämden her gün soraýandyryn, «dädem jana salam aýt» diýýändirin. Eltýär gerek? Ýaşuly baş atdy. Dogrusy, ol häzir Täçmyrada ynandy. Araky un, ýag, et üçin tas minnetdarlyk bildirmegi ýüregine-de düwdi. Şol işde munuňam «eli» bardyr diýip oýlanypdy. Ol agzyny açmanka Täçmyrat ýene-de gepe başlady. – Arada, bu körpäm, «Dädemiň goýunlary tapylypdyr, biri görüpdir» diýdi welin gaty begendim. Onsoň kolhoz başlygynyň ýanyna ýörite bardym. «Ol sürüde bolmasa, bu sürüdedir. Onça goýnuň asmana uçup gidesi ýok» diýdim. Tapylar, ýarawsyz adama azar bermäň» diýdim. Ony ölümiň öýünde razy-da etdim. Emma, näme, hokuwmat-da. Organa çagyrdylar. Ýene, bu günem barmaly. Ýaşuly sesini çykarmady. Täçmyrat hem garaşaşdy. Ahyr soňunda janny barlamak üçin ýene-de sorady. Garry aganyň oglunyň araky, oduna gidip geleninden soň getiren habaryndan soň birneme göwrümi giňäpdi. Ol öz çopanlaryny tanaýardy. Olar ýeke goýna hyýanat etjek adamlar däldi. Asyl, olaryň özem mala, goýna öwrülip gidene ogşaýardylar. Heý, «goýnam» bir goýna hyýanat edermi diýsen-e. Olar özlerine hurş edinmek üçin berilýän hurşluk janlynam öldürmäge göwni gyýman, gaty-guty bilen oňup ýörler ahyryn. Garry aga ol çopanlara ynanýardy.olar başlygyňa-da fermaňa-da ýok diýmez, emma ýeri gelip, ýüp syrygyp toýnakdan geçende çopanyň tarapynda durmalydyr. Sebäbi kyn gününde, başyna iş düşende ony kolhozyň başlygam, ferma müdirem däl-de, ýene çopan goldar. Beýle-beýle işiň, agyr hyýanatyň öz başyndan inderilmejegine bolsa hiç bir çopanyň güwanamasy ýokdur. Ol bilmeýän ýalydyr, emma ol malyň haýsy deräniň ot-çöpüni çeýnäp, haýsy çeşmeden suw içip, haýsy ýatakdan örenini bilip durandyrlar. Şolary bilýärkä, haýsy goýnuň haýsy çopanyňkydygyny bilmezmiň. Käşgä, bir, iki goýun bolsa, aňry gitse-de gulagyndaky tagmany nätjek. Şonuň üçin ol arkaýydy. Ol Allaýar nohurly bilen dogan däldirinöýdenokdy. Onuň kyn gününde arkalaşýany Allaýardy. Onuň ogluna oglum, gyzyna gyzym diýip ýördi. Allaýar üçin gerek bolsa elli goýnuny däl, tutuş sürüsine-de «wah» diýjek däldi. Mürri bilen oňşugy azdy. Mürri juda halal çopandy. Ol sürä-hä däl, örüsine bassaňam halamazdy. Ol kä-te Mürrüniň örüsinden geçer giderdi. Şolam ol çopana ýakanokdy. – Sen garry, meniň süňňümi ýakma diýerdi. – Gel, meniň saçagymy tala, gazanymdaky aşymy äkit, wah, diýsem damagymy çal. Ýöne örime degme. Heleýim bilem örime degseler gyrlyşaryn. Asyl, bir ýyl tas gyrlyşypdylaram. Ol agyr sürüni kolhozyň kontorynyň ýanyna eltip, üç gün saklapdyr. – Ýa ilerki dagdan meni aýryň, ýa-da Garryny. Ol haramzada meniň örimi torç ederçe kim bolupdyr... – Oňa Mürri aga, öridir-dä, hemmesi bir kolhozyň ýeri, sürüler kolhozyňky, tapawudy näme? – diýipdirler, ol bolsa: – Hemmesem gara saçly, uzyn köýnekli, şol bir aýal, emma tapawudy bardyr. Hany, kimiň şýündäki, aýalyna eliňi bir degir, Dädeňi ýaksynlar. Örem şonuň ýalydyr – diýipdir. Şondan soň obada «hemmesem gara saçly, uzyn köýneklidir, ýöne aýalyň aýaldan tapawudy bardyr» şeýle hem «aýalym bilenörime degme»diýen ýaly, nakla meňzeş söz dilden dile geçdi. Indi her kim Mürri çopany görende «gara saçy bolsa-da, uzyn köýnek geýse-de, hemmesi deň aýal däl eken-ow» diýerdiler. Ýa-da, «nädýär, heleýiň bilen örüň abadanmy» diýip degişýärdiler. Ine, olaryň dawasy. Ind-ä olar bar diýeniňde-de biri-birisiniň örüsine depeleşip duranokdylar. Mürri çopanam indi halys garradymy, nämemi, ära beýlekä-de dawa edip duranokdy. Keýpi kök wagt-a: – How, Garry çopan örüňi ald-a – diýip degşenlerinde-da» Alyň, örem siziňki, şol garry heleýem siziňki» diýerdi. Garry aga Mürriden arkaýyndy. Ol Hudaýberdini çal beýniräk görýärdi. Ony güjükligine dalanman it çykan, baýar Baýar görmän çopan çykan görýärdi. Gorkmaly ýeri, çoluk bolup, ýaşlykdan beýnisi çörüň ysyna bekemän, çopanyň minnetini iýmän, özi goýun malyna öwrülmän, bähbit arap, gökden düşen ýaly bolup, çopan taýagyny elleýänlerden gorkýardy. Obada ýelkildäp gezen, göwni düregeý ýetginjek maly horlaýardy. Onuň nebsi, eli batyr bolýardy. Maly janyndan artyk görmeýän adam mala eýe bolmaly däldi. Hudaýberdini ýatlanda ol çolukka Alykişi atly çopan-Baýarynyň birine gürrüň beren hekaýaty ýadyna düşýärdi. Ol çolukka çopan bilen bir tabaga el sokup bilmezdi. Olaryň ýanynda aharynam alyp bilmezdi. Olar şonda geçili diýen ýerde gara ýatak tutunypdylar. Goýna Alykiş jogapkär çopandy. Serwer han atly daýaw pyýada-da onuň yzbassyr çopanydy. Garry bolsa ýaňja çarwa düşen çolukdy. Ol agşamara, dowar ýataga geljek wagty ot ýakyp, ullakan gara gazany atarardy. Içine ýumrugy ýalagrak gowurdaklaryň ýaglyragyndan iküç bölegini atardy. Soň dört-bäş bölegem sogan dogrardy. Üstüne iki bedreräk çeşme suwuny guýardy. Onsoň, hezildir. Aýlanyber töweregiňe, käkiligiň ýumurtgasymy, serçemi, soý-da atyber. Niçikmi, kerkawyň düýbünden turşuja tapsaňam, ajuwa tapsaňam, ýa-da kömelekdir, gurt tapsaňam, atyber. Aňyrdan süri geler. Öňünde-de Alykişi. Ol deräni ýaňlandyryp, gamgyn bir kürt aýdymyny aýdyp gelýändir. Ara daşdyr, ana jan, aglama, Başym ýaşdyr, ana jan, aglama, Bir zalymyň golundan, ana jan, Gözüm ýaşdyr, ana jan, aglama. Uçar guşlar daşdadyr, ana jan, aglama, Salam diýdim, duşdady, ana jan, aglama, Gözlerimde ganly, ana jan, Çeşmedi-de-çeşmedi, ana jan, aglama. Ara daşdyr, ana jan, aglama, Gözüm ýaşdyr, ana jan, aglama... Onuň sesini zaryndan ynsan-a däl, tutuş süri sartdyryp, aglap gelýädir. Ol wagt nämüçindir Garram aglaýardy. Soň göýaşyny süpürip, süriniň öňünden çykar. Alikişi gözüniň ýaşyny gizlemek üçin çolukdan sowlup geçer-de, gazanyň ýanyna baryp, ýa birki sany soýlan käkiligi, ýa-da gögerçini gazana atyp goýberer. Olar geler-de ýuwnarlar, soň namaz okap, birki käse çaý içerdiler. Soň gaty ullakan kerseni öňlerine alyp, dolabara çörek dogrardylar. Gazanyň duzuny görübem, şol tabaga eňtererdiler. Uly kersen agzy-burny bilen doludyr. Emma iki çopan el urmaz. Olar jübülerinden nämedir bir zatjagaz çykaryp, jöweniň dänesi ýalyragyny togalap atardylar. – Al, Bala! – diýip, Alykişi ýüpek ýaly ýumşap, geçisi daga ýaýran ýaly bolup gyşaryp ýatyşyna aýdardy. Garry çem-çümrägem bolsa naharlanardy. Soň gyra çekilerdi. – Bolduňmy? – Boldum. Iki çopan ýüzi egsilmedik çanagyň başyna geçip, ony ýalap goýardylar. Soň düşege gyşarardylar. Aý, bolsa ýap-ýaşyl gök maýsalykdan joralaryny yzyna tirkäp ýöräp barýan öýe ýaňy düşen gelin ýaly, ýalpyldap näzli garap durandyr. Töweregiň gara daglar, Gaýanyň penasynda süri rahat ýatandyr. Bar ýerlerden dag bulajygynyň şirrildisi eşdiler. Haýsydyr bir guş haýkyryp goýberer. Dünýe Alykişiniň aýdym aýdaryna garaşýan ýalydyr. Olam irikgä etmän başlar. Ara daşdyr, ana jan aglam-a, Başym ýaşdyr, ana jan, aglam-a, Bir zalymyň golunda, ana jan, Gözüm ýaşdyr, ana jan, aglama. Ara daşdyr, ah anam, agla-ýa, Ara daşdyr, ah anam, agla-ýa... Onuň özem aglardy. Illerem agladardy. Şeýle gijeleriň birinde ol Serwerhan aga bir gürrüň berdi. – Gadym, jelgalanda bir döwletli, baý bolan. Onuň maly Gürgene sygmandyr. Onuňka bir kişi gelipdir. – Baý aga, maňa bir ýüz sany goýun ber, bäş ýyldan gaýtaryp bereýin – diýipdir. Baý oňa hezzet-hormat edip, öňünde sary ýaga tutuş gowrulan towuk goýupdyr. – Wah, köpeý ogly – diýip, Serwerhan aga agzyny suwartdy. – Kişi towgy zat galdyrman iýip, ýagynam ýalap, tabagy gaýtarypdyr. Baý aga, ony boş gaýtarypdyr. Soňra ýene bir kişi gelip, baýdan ýüz goýny bäş ýyllyk diläpdir. Baý, bu kişiniň öňünde-de towuk gowrup goýupdyr. Bu kişi-de towgy iýip, onyn edipdir. Baý aga ol kişinem boş gaýtyarypdyr. Soň üçünji adam şol dileg bilen gelipdir. Baý oňa-da towuk goýup, nädýärkä diýip synlap oturypdyr. Ol kişi naharyň ýagyna çörek batyryp, agzyna salypdyr. Soňam ganatyndan, boýnundan dadyp, çekilipdir. Baýyň oňa syny oturypdyr-da, ýüz goýny öňüne salyp goýberipdir. Alykişi bir gysym bolup oturan Garra ýüzlendi. – Heý, şundanam bir çopan bolarmy? Mala mährew ýok. Gulagy gepde. Süri nähili, serke näme, habar alaýyn diýenok. Göwni gepde. Garry aga Alykşiniň ol içenjini unutsa-da «Ara daşdyr, enejan, aglagyly» bilen şol rowaýatyny göterip ýördi. Ol Hudaýberdi ýaly çopanlaram baýyň ilki myhmanlary ýalyrak görýärdi. Olaryň gözi açdy. Göwni, ýokarydy. Olaryň göwnüne ýetip, gözüni doýurmak üçin, telim-telim süri gerekdi. Ol Täçmyrada arkaýyn edesi gelýärdi. Şonuň üçin: – Aý, başga bir uç görünjegem ýaly boldy, soňy bolmady, Täşjan – diýdi. Täçmyrada gerek jogabam şoldy. 3. Prokrotura raýonyň merkezinde ýerleşýärdi. Onuň töwereginde eşek daňara ýerem, olaryň tanşam ýokdy. Şonuň üçin Bala ilki eşegini ýabyň boýundaky orsagajyň ýanynda azrajyk otardy. Soň welin ynjalmady. Eşegini belent arça agaçlarynyň ýeňsesinde, ýoldan öten görüp «bu ýerde eşek damaga utanaňokmy?» diýmez ýaly edip, örkledi-de, kakasynyň ýanyna ylgady. Garry aga oglunyň gelenine gaty begendi. Sebäbi koridoryň beýleki ugrunda Baýdy dädesi, Täçmyrat aga bilen Öwelegem otyrdy. – Geldiňmi, hany eşegiň? Bala heniz ýagdaýy aýtmanka, içerden kakasyny çagyrdylar. Bala-da galmady. ol kakasynyň elinden tutdy-da içeri, «sülçi» diýip ýazylan işige girdi. Ullakan otagyň ortasyndaky stoluň ýeňsesinde düýnki ýigit otyrdy. Ol ýazyp oturan hatyndan başyny galdyryp, ýaşula ýer görkezdi. Onuň sag gapdalynda hat ýazýan maşyn, içi suwly aýna gap durdy. – Meredowmy? – Hawa, oglum. Bu söz sülçä ýaramady. Ol ruçkasyny hatynyň üstüne taşlap goýberdi. – Ýaşuly, hany, ataly-ogulsyrap, oglumda-dädem» diýip durmaly, bormy? Bu bir resmi edara. Men soraryn, senem jogap ber. Aldaryn, ýalan sözlärin öýtme. Şu etrapda jenaýat edip, sypyp giden ýokdur. Ýylyň başyndan bäri on dokuz jenaýatyň, on ýedisi açyldy. Munam açaryn. Ýaşuly ýuwdundy. Ol adyny, familiýasyny, doglan ýylyny aýtdy. Bala pasport boýunça kakasynyň adynyň Garry däl-de, Baýramnepesdigini şonda bilip galdy. Özem onunjy ýylda doglan. – Näçe ýyl bäri goýun bakýaň? – Onunjy ýyldan bäri. Ýaşulynyň sözi sülçiniň myrryhyny atlandyrdy. – Başladyňmy, eýýäm? Men näme diýdim? Bala-da kakasy ýalňyşandyr öýtdi. – Näme, eneňden eli taýakly doguldyňmy. Ýaşulynyň müýni ýokdy. – Dokument boýunça ýaşym nädogry ýazylan. Men onunjy ýyldan on iki ýaşymda, guljan işanyň çopanydym. Şondan hesip etseň, indi elli ýyldyr mal yzynda. – Süriňde näçe goýun bardy? – Geçileri hasap etmeseň, ýedi ýüz on ikidir. Sülçi gyssandy. – Süriňi kolhoza tabşyranyňda süriňde näçe malyň bardygyny bilýärdiňmi? – Bilýärdim. Ýöne sürini men sanap tabşyryp bilmedim. – Näme üçin? Ýaşuly ýarawsyz gözüni süpürdi-de elini şoňa ýetirdi. – Geçen gyş gaty sowuk boldy. Ygal üstüne ygal, ygal üstüne ygal. Çolugymam ýok. Onsoň gözümi üşetdim. Ol üşese-de erbet gijäp, içine zäherli aşgar sepilen ýaly, bolýan. Gut haýsy, kybla haýsy bileňok. Tersler aýlandyrýar. Onsoň meniň babasilimem bar, ýeňsämde. Olam sowga, çyga gozgady. Ýerimden galyp bilemok. Yzymdan, on bäş gün diýlende perme geldi. Şoňa çenli un-ha däl, itýalymam ýokdy. Ýeke agza salym çöregimem – Ýaşuly gözüniň ýaşyny eliniň aýasy bilen süpürdi. – Hawa! – Näme, janym ýanypdyr. Perme-de hasapçysymy, ýene biri bar, Öwelek diýip, geldiler-de gygyryp başladylar. Menem dertli adam. Itiň dertli bolmasyn. Gaýgyň ajaýar. Bir gep az, iki gep köp. Tersiräk jogap berdim. Gaharyma, perme öz inim bolansoň bir taýak, ýarym taýak çalnanam bolsa bilmedim. Olaram ýaşkiçilik etmediler. Meni üýşüp ýenjip, elimi-aýagymy daňdylar-da, gapyrgamy döwdüler. Aý, aýtsam, gögermedik ýerim galmady. babasilim agyr zarba pörküldäp, ýarylyp gitdi. Durşum gara gan. Üç gün diýlende bir çopan üstümden geldi. Soň, aý, olar kolhozyň ýolbaşçysy. Olara gerek bolmasa... Ýaşuly sakyndy. – Hawa, toba essapyralla. Küpür geplemäýin. Onda-da mala dözmedim. Bakaýyn diýdim. Ýöne goýny Gamyşlyň uly deresine inderenimde şagalmy, tilkimi, goýnuň gömlen derisini çykarypdyr. Barsam, bir goýn-a, çala-çula iýipdirler. Birinem oda tutup, onam şollugyna böwürsleniň içine taşlap gidipdirler. Şony gördüm-de, çydamadym. Soň, aý, «olar kolhozyň eýesi bolup, malyň hakyky hossary bolup, şeýdýän bolsalar, maňa näme, şolardan artyk gerekmi» diýip, gaharyma «doňzuň guýrugyny dişledim-de»sürini orta eňterdim. Başlygada aýtmadym, «al sürüňi» – Sanap berdimi? – Sanama nirede? Öýe zordan özümi atdym. Soňam Babasilim beterläp, çişip, keselhanada bir aý ýatdym. Ine, şondan soňam bu dert sataşdy. Ýüregim üzülen ýaly, ýerimden galsan-sa... Sülçi näme diýjegini bilmedi. – Seni urany barada dilimiň, şaýadyň barmy? Ýaşuly başyny ýaýkady. – Onda ýaşuly, seniň işiň kyn. Sen näme etseňem, ýüz ýigrimi goýnuň hasabyny bermeli bolarsyň. Başga gürrüň ýok. – Wah – diýip, ýaşuly sargaran ýüzüni sypalady, soňam gussaly başyny birküç gaýta atdy. – Sen onda şonça goýnuň nirä ýok bolanyny bileňok? – Wah, bilsem, aýtmajakmy? Ýöne... – Ol Bala garady. – Bir uj-a bara meňzeýär. Ýöne olam entek bir howaýyrak-da. Delilim ýok, delilim. Sülçi ýazyp oturan kagyzyndan başyny göterdi-de, ruçkasyny ýaşula bakan dikdi. – Näme gep bar? Ýaşuly işige garady. – Bilmedim welin, şol meni ýenjip gaýdan adamlar süriden şonça maly bölüp alyp, o, by çopana paýlap beripdirler. Olaram belli, sürem belli. Men galnyp bilemok. Ýogsamy, öz malymy tanajag-a. Sülçi dilkeldi. – Ýaşuly, men işi entek saklaýyn. Seniň munyň gaty agyr jenaýat. Iň bärkisi alty-ýedi ýyl türme görünýär. Sen gaýrat et, güýjüňi jemle. Bolmasa, bagtyňy ýatyrarlar. Sen özüňe usma. Bir gün, bir gün, saňa. Git, gör, tana. Malyňy al-da gaýt... Ýaşuly güýjüne gelen ýaly boldy. – Bor, köşek – diýdi. – Men seniň diýeniňi edeýin onda. Sülçi bir kagyza gol çekdi-de ýaşula berdi. – Ýene bir hepdeden gelersiň. Emma bir hepdeden gelmek Garry aga nesip etmedi. 4. Garry aga oba adamy däldi. Ol dag bendesi. Dag howasy, mal yşky, köp ýyllyk endik, ony oba geldigi jebegesini daraldyp başlaýardy. Ol häzirem, dag jülgesine düşüleli bäri birhili täzeden dünýä inene dönüpdi. Eşegiň üstünde dikgerip, tüpeňini öňüne kese basyp barşyna: – Ara daşdyr, ah enem, aglama, Gözüm ýaşdyr, ene jan, aglama – diýip, ýuwaşja hiňlenibem goýberýärdi. Gözi bolsa göm-gök bolup, entejik yssynyň ýalnyna badyny aldyrmadyk ýapylaryň, depeleriň gerşine derepişigiň garaýşy ýaly, eläp-eläp garaýardy. Ol daga gitmek kararyna düýn öýlän gelipdi. Agşamy bilen ýatman, ýüpüň aşagynda indi näçe ýyldyr ellenmän ýatan awçy torbasyny çykardy. Onuň içinden ýüzine dürli-dürli çitnik mata ýörmelen, iki gözli, hemem tüpeňiň nili sygar ýaly tegelejik deşik tikilen, ak, ullakan dört burç matadan edilen perdäni aldy-da keçäniň üstüne ýazdy. Soň oňa-da haltada-ky goş-şaýlaryny eňterdi. Onuň birwagtlar awa ürji bolanlygyndan habar berýän gurallary, gap ýarym därisi, iki gap pitigi, düýbi garalyp giden, seçmesi, okly, karteçli haltajyklary, pitik urmak, däri dykmak, oklamak üçin guraljagazlary perdäniň üstünde pytyrap ýatyrdy. Ol zawadda ýasalan peşeňlerini hatara salyşdyrdy. Soň bäş sany okly, bäş sanam karteçli peşeň ýasady. Olaryň aralaryny aýyl-saýyl etmek üçin bir hataryň gözüni boş goýýardy. Hatary okly peşeňlerden dolduransoň, ol goşlaryny ýygnady. Bala buýrup, tüňçe-käsesini ýry, atymlyk çaýyny, gant bilen çöregini aýry ýaglyga doladyp horjunyň bir gözüne saldyrdy. Duzy, otluçöpi donunyň jübüsine saldy. Oduna äkidýän tanapyny, gözi düşäýer ýaly ýerde goýdy. Daga gidiljek sesini eşden Dädiş has ekebyrlanýardy. Ol kakasy peşeňleri oklanda, onuň her bir işine iki gözüni aýyrman seredýärdi. Asyl, awçy haltanam hiç kime aýtdyrman, özi ýüküň aşagyna eltip goýdy. Gepi has çynyrgatmak üçin: – Däde, men ertir daga gidýäs – diýip, mugallymdan rugsadam aldym – diýip, ýalanam sözledi. Bu söz ýaşulynyň gaharyny getirdi. – Näme? Mugallyma aýtdym. Haý, gözüň çyksyn. Diliňi sograryn seniň... Dädiş gep çekip oturmady. – Näm-äý, ogurluga gidýäsmi, dagdyr-da. Il-ä günde-de gidip-gelip ýör. Ine, şu sözem onuň daga gitjek-gitmejegini çöp döwlen ýaly etdi. Ýaşuly Bala haýbat atdy. – Ir turmalysyň, irräk ýat. Gün al-asmana galansoň, dag bolmaz. Bar zat düşnükli boldy. Bala gitjegine begenmedem, gynanmadam. Ýöne Dädiş welintupan turuzdy. – Sizdenem bir däde bolarmy? Söz berip, aldap. – Ol heňkirýärdi özem agzyna geleni samahyldaýardy – Bar oba aýdar çykaryn. – Ol ylgap bardy-da, kümäniň üstüne çykdy. Soňam: – Eý-eý, adamlar-eý, dädem daga gidýändir-eý! – diýip, bogazyna sygdygyndan gygyryp başlady. Garry aganyň haýýaty uçdy. – Wä, wä, haý seniň, haý, seniň. – Ol gazap bilen ýerinden tursa-da, soňuny oňarmady. Bala elini kelemenletdi. – Bar, gap şonuň sesini. Haý, harramzada. Wah, bäbegiň ýansyn, bar zady bulaşdyrdy. Dädişiň gaýta hasam myrryhy atlanýardy. – Eý, adamlar-eý, eşidiň-eý. Meniň dädem Garry kör ogre-eý. Kolhozyň kän goýnuny ogurlad-eý. Kolhozyň kän goýnuny ogurlad-eý. Indem daga barýar-eý. Bala dabanyna basylan ot ýaly bolup kümä çykdy. Garaňkyda eýe ýaly bolup, tutuş oba haýykdyryp duran jigisiniň agzyny tutdy. – Goý, utan, jigim jan! Dädiş bu «adalatsyzlygyň» düýp sebäbi Bala diýip, ýüregi howlap duransoň, sesini goýdy-da, ähli gazabyny ondan çykarmakçy bolýan ýaly, gazap bilen ýumrugyny agasynyň ýüzünden saldy. Bala beýle bolar öýdüp asla-da oýlanmansoň, inisiniň gazaply urgusyna gözünde lars edip ot ýanyp gitdi-de, ýüzi ters öwrüldi. Ol «wäk-keý, uf!» diýdi-de ýüzüni tutup aşak oturdy. Dädiş munuň bilenem oňmady. Ol bir eli bilen agasynyň gulagyndan biri bilenem edil demliginden aldy-da ony süýräp, kümeden aşak oklap goýberdi. – Ýany bilenem siýejin, züwwetdin, bir nejis ýalynjaň oglunam alýar-ow... Indi Dädişiň sesi gyrlypdy. Ol içini ýagşy egsene meňzeýärdi. Şonuň üçin olam, gygyran ýerinde, kümäniň üstünde awuna gonan çaýkel ýaly bolup oturdy. Soň tutuş gijeläp onuň sesi çykmady. Bala demliginden tutulanda tas jany çykypdy. Onuň üçin ýanyp, duran gulagy-da jyzlap duran boýnu-da, daşamy, üýşüp ýatankerpije degip, demini bermän duran böwrem hiçdi. Ol munuň ýaly boýy bir metr küme-hä däl, gaty çapyp barýan eşekdenem daş ýaly gaty takyr ýere ýykylyp görüpdi. Eşek: «men ýyksam toýnagymdanam gaty ýere ýykaryn» diýermişin. Eşekden ýykylmak düýeden ýykylandanam müň esse ýamanmyşyn. Düýe aýdarmyşyn, «men ýyksam per düşege ýykaryn» diýip. Ol onça-munça agyryny, kynçylygy indi görmeli däl. Ýöne jan ýaly inisiniň agasyna el gaýtarmagyny ýüregine sygdyryp bilmedi. – Beýt,eli däldiň! – diýip, ol içine dolan demini zordan çykaryp, hatda ýerinden galybam bilmän aýtdy. Ol süýrenip ýerine geçdi. Daňdana çenli erbet agyrydan çirim edibem bilmedi. Häzirem, kakasy «Aradaşdyr, enem jan, aglama» – hiňlenip barýarka zordan ýöräp, eşege eýerýärdi. – Wah, haramzada-ada! – diýip, ýaşuly birden seslendi-de başyny ýaýkap goýberdi. – Tüýs gurt bagryny iýen diýenleri. Beýle gözi gaty, ýüregi daşdan çaga nireden emele gelýär. – Ol Bala tarap öwrüldi. – Gördüň gerek, ýaňam, agşam şeýtdim-ow-da diýenog-a. Gaýta, «gitmän geçiň, öläýiň» diýýär-ä. Sen ony öldürjekmi?ursaňöçli, öldürseň – hunly. Beýle-de bir netikaza çaga bolar eken-ow. Ol nireden beýle bolýar. – Ol Bala ýene habar gatdy. – Nirede aýrylyşdylar. Bala Öwelegiň aýrylyşan ýoluny görkezdi. – Hawa, bul-a Galamyň ýoly. – Täçmyrat aga-da, – Ol elini öňe uzatdy. – Şol şiremiň aňyrsyndan ilerligine gitdi. Ýaşuly başyny atdy. Olar Baýdy fermanyň giden ugry bilen eňip barýardylar. Bala birden daýandy. – Dur, däde jan! – Ol aşak egildi-de, iki elini ýere diredi. – Ine, şonuň atynyň yzy. Naly Ýaşuly üşerildi. Döwükdir, sag aýagynyň. – Täzemi? – Ýok, täze däl. – Şol öňküdir. Bala töweregine ýene garady. emmaBaýdy dädesiniň atynyň başga bir yzyna gözi düşmedi. Ol diňe süýt günortanlar, Allaýar çopanyň goşuna iniljek ýerde, üşerildi. – Şol yz, däde jan, täzeje... – Yzyna gidipmi? – Gidipdir. Hä-üm! Garry çopan tä goşa barýança sesini çykarmady. Bala bolsa kakasynyň öz jigisi hakynda : «beýle netikaza çaga-da bolar ekenow, ol nireden beýle dogulýar» diýenini kellesinden çykaryp bilenokdy. Ejesiniň gürrüňine görä doňbagyrlyk çagalaryna Garry agadan geçmelidi. Ýöne Balanyň özem kiçiräk wagty erbet haýygypdy. Olaryň ullakan, ak daýaw eşegi bardy. Ony kakasy goýnuň yzyna münýärdi. Ol eşek oba inilende kürreledi. Bogaz eşege Garry aga agyrdan tutup, ep-esli çig kerkaw ýükläp, agyr, iki gözem doly horjunyny basyp, üstündenem özi münip gelipdi. Şonda ejesi: – Heý-waý – heý-waý, ol bogaz janawary nädipsiň. Ol kürre taşlar. Dili-agzy ýogam bolsa, hudaýdan gorkmal-a. Neneň dözdüň. Garry aga onuň ýüzüni alypdy. – Otur, sokul-da. Şol gije ol eşegiň örän owadan, taýçanak ýaly, özem akja kürresi bolupdy. Bala oňa ýaman begendi, kakasyna buşlady. Eşegimiz akja kürre guzlady, buşluk, däde jan! – Gapyl! – diýip, gaty gahary gelen ýaşuly onuň zähresini ýarara getirip badyny aldy. – Haý, pormyň gurasyn. Tapdyň buşluk habary. Eşek kürrejigini emdirip, işikde dört-bäş gün durdy. Soň ýaşuly ýene çarwa çykdy. Ine, şonda – Balanyň gynançdan ýaňa ýüregi awap, başy aýlanyp gitdi. – Şonda Garry aga akja jürräni kümä salyp, daşyndanam adam ogly açyp bilmez ýaly, ýogyn sim bilen çigin-çigin edip, gapyny ýapyp, daga gidipdi. – Degmäň, ot berip gidendirin, iýsin ýatsyn... Bar gün geçdi. Balanyň şol kürre salnan kümäniň töwereginde çarp urup ýörşüne onuň ejesi dözmedi. Näme diýseňem, aýal-da, adamsy «degmäň» diýensoň, degip bilýärmi. Türkmenlerde atasy bir zat diýdigi aýal, üçin-ä bir, kanun, ogul üçin has beýik kanun ahyryn. Iki gün geçdi. Kürräniň iňňildäp, agyr hyklaýan sesi gelýärdi. Bala halys dözmedi. Ol simi açyp bilmäni üçin, Gulçany çagyryp geldi. Gulça simleri almyr bilen zordan açdy. Kürrejigiň çala jany bardy. – Eý, hoý, munyň agzyny... Şonda Bala bu ynsanyň beýle doňbagyrlygyna göz ýaş döküp, haýran galypdy. Kürrejigiň näzik tumşyjygy hem iki gat sim bilen telim gaýta oralyp, gaty berk daňlandy. Sim kürrejigiň derisinden geçip, äzik süňküne ornap gidipdi. Asyl ol görnenokdam. Oglunyň bagyrmasyna kör daýza-da durup bilmedi. Ol agzyna ýaşmagyny çekdi. – Heý-waý, heý-waý, hiý, beýle-de bir naýynsaplyk bolarmy? Simi açdylar. Bala ullakan gözlerini açyp, iň soňky demini alyp ýatan kürrejigi bagryna basyp eňredi. – Ölme, jan doganym, ölme... Kürrejik taýçanagyňky ýaly berdaşly, uzyn aýaklaryny ysgynsyzja kakdy-da, jan berdi. Bala onuň açyk ýatan käse ýaly, soluk gözlerinde öz biçäre meňzini, soňam onuň doýup bilmedik dünýäsiniň elýetmez asmanyny görüp galdy. Kürrejigi, adam jaýlan ýaly edip, jaýlady. Dädiş şonda-da Balanyň üstünden gülüpdi. – Tentek, dädem gelse bir aýdaýyn, tentek. Eşekdir-dä, ölse ölüpdir-dä. Men-ä şu wagt dädem ölse-de gynanmaryn. Şonda ejesiniň aýdan bir sözi Balanyň gulagynda galypdy. – Wah, bularyň başyna bir bela iner. Heý, adamam munça zaýalanarmy, eý, hudaýym. Bularyň başyna bir towky iner, bular adam däl, äjit-mäjit... Şol gürrüňi Kör daýza Bala yzyndan baranda ýene bir gezek ýatlapdy. – Dädeň edenini çekýändir, oglum. Şol ýaşajyk kürrä edenini onuň tutuş nesli bilen çüýrese-de, ýeterlikdir. Çüýrär ol, haýwana kast edişi bilen. Edenini görer... Bala agşamky urgydan soň erbet ýarawsyzdy. Häzir onuň agyrmaýan, syzylamaýan ýeri ýokdy. Emma munça ýol geçselerem kakasy: «Gel, çaga, senem eşegiň yzyna münäý» diýip, oglunyň göwni üçinem aýtmaýardy. Gaýta: «Näme, göwreli heleý ýaly süýrenip gelýäň? Janly bol. Yza galma» diýip, oglunyň azasyny alyp-alyp goýberýärdi. Bu pikir oglanjygyň kellesine-de gelenokdy. Ýadawlyk, ýarawsyzlyk, onuň üstesine-de janyňy alyp barýan suwsuzlyk oglanyň kellesine pikir getirer ýaly däldi. Jan-jan, onuň öz janydy. Itler, özem ýaby ýaly daýaw, owadan itler olary ýatagyň orta ýolunda dyzaşyp, haýbatly üýrüşüp garşy aldy. – Heýt, Toýnak, Gaplaň – diýip, ýaşuly olara endiklije haýbatyny atdy. Itler olary goşa çenli ugratdy. – Waý, waý, kim gelipdir, kim gelipdir! – diýip, Allaýar çopan itlerden gorkusyna eşegiň aýaklarynyň aşagyna giräýjek bolup duran Bala topuldy. – Meniň beýik oglum gelipdir. Çynar boýly oglum gelipdir. Özem meniň eziz gardaşymy alyp gelipdir. – Ol çolugyna gygyrdy. – Haýt, köpeý ogly, Goçy dary getir, mekge getir. Sepeýin aýaklarynyň aşagyna. Öpeýin ýüzlerinden. Ol baryp, Garry aga eşekden düşerine mähetdel, iki eli bilen elleşdi. Soň, Balany gujaklap, eline gaňyrçagyny aldy-da, towsaklap ýören owlaklaryň biriniň boýnundan ildirdi. – Al, oglum, al janym, seniň injiň bolsun. Bala mäläp, elden-aýaldan çykyp barýan owlajygy garsa gujaklady. Owlajyk onuň gujagynda enaýyja dyzanaklady. Soň rahatlandy-da, el ýaly gulaklarynyň biri ýassanyp, başyny Balanyň goluna goýdy. Näme diýse-de, söýünji, uly begenji bar ýaly görünse-de, Bala Allaýar çopanyň ýüzündäki inçejik müýni aňdy. – Hany, öýe gireli gardaşym. Garry aga ýylgyrdy. – Mal nähili? – Şükür. Ol öýe bakan däl-de sürä garşy ugrady. Allaýar çopan oňa zat diýip bilmedi-de, yzyna düşdi. Garry aganyň ýalňyz gözi sürüni iki sapar eledi. Onuň ýüregi birden sarsyp gitdi. Sürüde onuň öz bakan goýunlary bardy. Özlerem, gör-ä, haýwanam bolsa: «Dagamaň, ine, bizi gelip alyp giderler» diýýän ýaly olar özbaşyna topbakdy. Ol sesini çykarmady-da öýe bakan ugrady. Allaýar çopan onuň öňünde halymsyrady. – Dert gurasyn, seni nädäýipdir? – diýip, başlady. Agyr ýatdy diýibem eşitdim. Baryp bilmesemem, dostum uzakda bolsa-da hudaýym, ýanymda, saglygyňy diläp otyrys, biz. Garry aganyň saly gowşady. Allaýar çopanyň sesini çykarmazlygy ony iňkise goýdy. Bir gün gelip, sürä aýlanyp «şu goýunlar meniňki» diýäýmek dilde aňsatdy. Ol çaý içdi. Orta nahar geldi. – Dost, başa iş-ä düşendir – diýip, ýaşuly naharyň şüweleminiň arasynda aýdyp goýberdi. Allaýar çopan, ýa-ha ýaşulynyň çakyny hakykatdanam aňanokdy, ýa-da aňmadyk bolýardy. Ol. – Hawa! – diýip goýberdi-de, elindäki süňkiýalaşdyran boldy. – Habarym ýok, gardaş jan. Ýaşuly gyra çekildi. – Süriňdäki düregeý goýunlaryň kimiňkidigini aňlamadyňmy? Çopanyň gözi süzüldi-de, boýny gaňrylan ýaly boldy. Ol kine edýän görnüşde ellerini serdi . – Siziňki, bilmän näme? – Baýdy jan äkeldi. Aşabatdan, etden gaýdyp gelli diýip. Saklap ber diýdi. Amanat zat, saklap otyryn. Ýaşuly gözlerini süzdi. – Sen indi meniň başyma düşen işden habaryň ýokmy? – Alla kessin, ýok, gardaş jan. – Baý-buw – diýip, ýaşuly başyny ýaýkady. – Onda diňle meni. Ol sözüni jemledi. – Ine, şol dowaryň ellisini getirip seniň süriňe goşupdyrlar. – Ol sürä bakan elini uzatdy. – Ho-ol gyradaky iki top goýun. Çopan baş atdy. – Hawwa, elli goýun, şol düregeý goýunlar, özem. Garry aga ýumrugyny-ýumrugyna urdy. – Meniňem iki aýagymy bir gonja sokup, prokuror türmä gidersiň – diýip otyr. – Türme! – Çopan oýa batdy – Hany onda eýleki dowarlaryň. Garry çopan dikelen ýaly boldy. – Olaram bar! – Baý-bu-uw! – diýip, Allaýar çopan elindäki süňki dazyrdadyp işige, «itler alsyn» diýen manyda taşlap goýberdi. – Heýç habarym ýok, – Ol ýüzüi çynlakaý sypata saldy-da ýyrşanýan görnüşdegözlerini ýyldyratdy. – Onsoňam, gardaş jan, kim aýtsyn ony maňa. Goýunlaryň bärdedigini hudaýsan başga bir men, birem Baýdyjan bilýärdi ahyryn. Asyl, sen nireden eşitdiň. Garry aga-da ýylgyrdy. – Şol jan ýalyja dostuň bir ýerde dilinden sypdyrypdyr. Prokurorly gürrüň çopana hoş ýakanokdy. Şonuň üçinem ol bu gepi tükellemek isledi. Sebäbi il arasynda : «Nohurlylar bölünen goýny alyp gidýärmişin» diýen ýaly bolgusyz geplerem bardy. Onsoňam, onuň ogry şäigem bolup galasy gelenokdy. – Purkurora näme diýdiň? Garry aga bolşy-bolşy ýaly aýtdy. – Meni çagyrdylar. – Balany görkezdi. – Ýokarda Alla, ýerde-de şol oglan şaýatdyr. Men adam satamok. Sülçiniň özi aýtdy. «Dowaryň bar eken-ä, pylan ýerde» diýdi. Menem: «habarym ýok, baryp sorap görmesem» diýdim. Oňa hudaýlygymy sözledim. – Hawa – diýip, çopanam ylalaşdy – Habaryň nireden bolsun! – Men-ä «bar» diýsem. – Garry aga şu ýerde gepi has berkitdi. – Olaram, näme döwlet-dä, oýun edermiň höküment bilen. Maşyna birtopar milisäni mündirip gelse, seniň süriňde-de meniň goýnum bolmasa. – Ol elini serdi. – Ine, gördüm, men indi hudaýlygymy aýdyp bilerin. Allaýar çopanyň gany ýüzüne urdy. Ol oh keltejik gyrkylyp, müçenek bilen gowy bejerilen sakalyny näçe sypasa-da ýüzüniňýüzüniň kaddyny durlap bilmedi. – Hany, bir omyn edip ber, gardaşym. Garry aga gysgajyk töbir galdyrdy. Soň işikden günüň çenini biljek bolup, boýnuny süýndirip daşary garady. – Beý. Bu-ýa şeýle bolupdyr-ow. – Ol tabagy pejik aşagyna süýşürdi. – Indi näme melahat. Garry aga «Kement» oklady. – Malymy sanap ber, alyp gideýin. Barşyma ol sürülerdenem alyp, ýüz ýigrimi goýny göni purkuroryň howlusyna eltip dykmasam, men aýagymy sallap gitmeli. Başga ýol ýok. Senem iýen duzuňy, dostlugyňy haklaryn diýseň, dur dostuň duran ýerinde... Çopan derledi. Ol boýnuny nägilelik bilen towlady. – Iki gardaş ýagy boldy. Arasynda-da bir akmak nohurly masgara boldy. – Ol dikildi. – Gardaş jan, men öň bir ýalňyşdym, indi ýalňyşmaýyn. Goýun seniňki, ýöne lebiz hudaýyňky. Men amanat saklaýan, galanyny hudaý biler. Sen öz gardaşyň bilen hoşlaş. – Ol ýekedyza galyp çugdaşlandy. – Ýöne menem hudaýlygymy sözläýin. Şol goýun, tä ylalaşyga gelip, dawaň arasy açylýança, oňada ýok, saňa-da, al eliňi. Garry aga elini berdi. – Şony etseň maňa ýagşylyk etdigiň. Ýogsa ol wenezzyna ynam barmy. Ýa çalşar, ýa başga sürä goşjak bolar. Allaýar çopan sözüni gaýtalady. – Men şony etdirmäýin, alla kessin. Garry aga ýerinden turdy. – Bar, eşegiňi getir. – Bala gurşan aýagynyň agyrsyna çydap daş çykdy-da, küde bolup ýatan ota güýmenip duran eşegini alyp gaýtdy. Ýaşulyny iki bolup eşege mündirdiler. Allaýar aganyň hälki keýpi ýokdy. Ol şonda-da, şol beren owlajygyny gujagyna alyp, Garry agany ýatakdan bir menzil ötýänçä ugratdy. Ahyrynda-da owlagy Balanyň eline berdi. – Ýaşyň uzyn bolsun, oglum. Horlama bu garry töňňäni. Onuň gadry başgadyr diýip, hoşamaýlap hoşlaşdy. | |
|
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -15: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Derbi dagyn: Morozka - 22.07.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |