14:15 Iñ uly apat - kemis akylly dinçilikdir! | |
IÑ ULY APAT - KEMIS AKYLLY DINÇILIKDIR!
Jemgyýetçilik tankydy
1999-njy ýylyñ ýer titremesinden soñ “7.4 ball bolsa bolmaýarmy?” diýip gygyranlar, "Ýer titreme - Allanyñ näletidir!" diýip, köçä çykanlaram bolupdy... Geçen anna güni Izmirde bolup geçen ýer titreme heläkçiliginden soñam şuña meñzeş akla sygmajak masgaraçylyklar dowam etdi. Bolar-bolmaz twitler (sms-ler) bu jandarlaryñ içlerindäki kinäni we ýigrenji ýene bir gezek aç-açan etdi. Bular adamam däl, haýwanam... Başga tüýsli mahluklar! Şu iki twite serediñ: “Allatagala zynanyñ paýtagtyna duýduryş bermek üçin bu belany inderdi, Lut kowmuna näme bolandygyny unutmañ…” “Egeýiñ ýakasyndaky Izmirde 6.8 ballyk ýer titreme.. Geçdigi bolsun, musulman halky. Ýa Rebbi! Izmirliler ýaly zynahorluga we nebsime däl-de, namazlygyma gul et meni... Omyn!” Käbirleri-de “Ýer titremesi - Allanyñ şol ýerde ýaşaýanlara inderen näletidir!” diýip ýazdy. Bular adamlary Allanyñ ady bilen aldamaga çalyşýan mahluklar! Hakykatda, Hudaýa däl-de, şeýtana uýýarlar! Çünki diñe şeýtan şular ýaly derejede wyždansyz bolup biler! Şeýtanyñ müritleri mümkinçilik tapdyklaryndan demokratiýa, respublikan režime, dünýewilige we siwilizasiýa bolan ýigrençlerini pürküp durýarlar! Bu masgaraçylyk hakyky dindarlary we dinine bagly ähli ynsanlary ynjalykdan gaçyrdy. Din babatda dolu we dogry düşündirýän, aýdyñlaşdyryjy kitaplaryñ awtory ylahyýetçi Nazif Aýyñ bu baradaky pikirini soradym. Ol maña ugradan jogap sms-inde şulary ýazdy: “Ýer titreme we beýleki tebigy heläkçilikleriñ, hamana Allanyñ gazaby ýaly kabul edilmehi ygtykatda mantyga ters gelýär, döwre ters gelýär we dini gymmatlyklara gara sürtýär! Mysal üçin, Mukaddes Käbäniñ ýer titreme, sil we uruşlar ýaly birnäçe sebäpler bilen ýakylyp-ýykylandygyny, emma bu ýakymsyz wakalaryñ Käbäniñ mukaddesligine birjigem şikes ýetirmändigini ýatladýaryn. Mahal-mahal mukaddes topraklarda birnäçe heläkçilikler bolup geçipdir. Tebigy heläkçilikler ýa-da gandöküşikli uruşlar şol sebitleriñ mübärekligine hiç hili zarba indirmändir. Bolup geçen ýakymsyz wakalar şol ýerleriñ ýaramaz şertleri bilen baglanyşdyrylmandyr. Galyberse-de, tebigy heläkçilikler nälete sebäp bolýan bolsa, Hezreti Muhammet (s.a.a) bir gün Uhud dagynda ýer titremä uçramazdy, pygamberimiz (s.a.w) aradan çykansoñ, Medine ýaly mukaddes şähere köp sanly bela-beterler inmezdi. Hatda telim gezek pygamberimiziñ (s.a.w) mesjidine ýyldyrym düşmezdi we mesjidini ýakmazdy. Ösen añ-düşünjeli we medeniýetli adamlaryñ ýaşaýan birnäçe etrabynda boluo geçen tebigy heläkçilikleri şol ýerleriñ käbir nogsanlyklaryna baglanyşdyrýanlar mukaddes topraklardaky bela-beterleriñ hakyky sebäpleri barada ýeke düşündiriş berip biljeklermikä?!. Hemişe aýdyp gelýärin: näme üçin heläkçilik wagtynda "takdyra iman" ýa-da "ýazgyt" ýaly zatlardan, aslynda yslamyñ ynanç maddalarynda bolmadyk tutaryklar bilen döredilen bökdençlikler we bahanalar ýerine ýetirilmegi wajyp rasional işleriñ öñüne geçirilýär diýip? Ýer titremeler tebigy heläkçilikdir we ol ýazgydyñ işi däl! Emma... kemis akylly dinçilik iñ uly heläkçilikdir we munuñ dermany ýokdur!”[/i] (Nazif AÝ) ■ GÜNÜÑ SÖZI “Diniñ bar ýerinde kin(e) bolmaz” diýýänlerine ynanma! Bullar hem dinçi, hem kin(e)çi! Rahmi TURAN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.11.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |