06:43 Indi giç | |
INDI GIÇ
Goşgular
Islege görä däl, söýgi oýun däl, Arzuwlarym sürer ýaly goýun däl, Bu gün ykbal gözleriňe boýun däl, Ah çekip, alyp möwç aglamasan-a! Köňül diwaryňda goýmadyň ötük, Taşladyň söýgime "Ýok" sözün çitip, Onsuzam kalbymyň agysy ýetik, Haýyşym, indi hiç aglamasan-a! Hany, şol gözleriň sedasyz gülen, Hany, alçaklygyň şemal deý ýelen, Gowusy, şol kejir näzleriň bilen, Mertlikden alda-da güýç, aglamasan-a! Gözýaşlaryň jiger-bagrym eredýär, Ýürek ejiz, emma, namys ýöredýär, Gör, kalbyma indi özge seredýär, Bilýäň-ä, indi giç, aglamasan-a! Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |