16:37 Instruksiýa / satiriki hekaýa | |
INSTRUKSIÝA
Satiriki hekaýalar
Dury suwly, sergin howaly köl uly-kiçiniň arzuwy. Arman, instruksiýa bar-da. Kenaraly gök baglara bürenip ýatan köl. Ýöne instruksiýa... Derrew eşiklerimizi sypyrdyk. «Duruň» diýip komanda berdiler. Özümizi suwa urmakçy bolanymyzda býurokratik ergenek öňümizde keserdi duruberdi. Tas injigimizi döwüpdi. Lapykeç halda saklanmaga mejbur bolduk. Instruksiýa... — Oglanlar, duruň instruksiýa boýunça hereket edeliň, siz näme etjek bolýaňyz? — diýip, «Saglyk» pioner lageriniň direktory Jejew aga saçyny uruşjak horazyň ýelegi ýaly dim-dik edip öňümizde keserip durdy. Biz müýnli halda ýüzümizi sallap: — Suwa düşjek bolýarys — diýdik. — Kenardaky ýazgyny göreňzokmy, garagyňyz gapykmy? — diýip, Jejew aga daýaw göwresini titredip üstümize abandy. Elindäki instruksiýaly papkany howada galgatdy. Agzyny giň açyp käýemäge durdy. — Maňlaýyňyzdaky gözmi ýa-da gazygyň ýerimi?! — diýip, ol küpürsäp gürledi, igendi. Onuň öz agtyklary ýaly çagalara öwüt-ündew etmän beýdip durşuny görüp tas pyňkyrypdyk. Eger pyňkyraýsaň ol uraýjagam. — Kenardaky ýazgyny görýäs, ýoldaş mugallym. Şonuň ýaly däldigimizi subut etmek üçin suwa düşjek bolýarys-da — diýşip, biz buýsançly äheňde başymyzy galdyryp gürledik we «Sölite suwda belli» diýen ýazga seretdik. — Haý, çagalar, çagalar, siz instruksiýadan gaty daşda gezýäňiz. Entek juda gögele bolýaňyz-ow! Instruksiýa düşüneňzok. Owf! Siz meniň şu tomus saçymy agardarsyňyz-ow, görýän weli — diýip ol telpegini çykardy. Biz gülüşdik. Sebäbi direktorymyz Jejew aganyň saçy ýokdy. Kellesi gyzyl ülje ýaly lowurdap durdy. Hokgeý oýnabermelidi. Eger bal çalaýmasaň siňegem typyp tä gaşyna çenli zybyrdap gaýtjakdy. — Bagrymy tütedersiňiz-ow. Hany, döremän geçenler siz aýdyň, kim ömründe bir gezek ýalňyşýandyr? — diýip, Jejew aga aýaklarynyň arasyny açyp, hamana maşk etjek ýaly, ellerini bykyna diräp, bize jiňkerildi. — Paraşýutçy — diýip, biz jogabyny nagt etdik. — Ýene kim? — diýip, Jejew aga ruhy belent ýagdaýda sorady. — Sapýor, mina gözleýji — diýip, biz ýene hor bolşup jogap berdik. — Ýene kim? — diýip, Jejew aga köle tarap sag eliniň süýem barmagyny çommaltdy. Biz pikir edip sägindik. «Deňizçimikä, suwa çümüjimikä?!» — Bilmersiňiz, barybir. Mäşirik ýaly kelläňizi döwüp durmaň. Özüm aýdaryn. Ederini bilmän, instruksiýany okaman, oň kadalaryny doga edip dakynman suwa düşýän söliteler hem ömründe bir gezejik ýalňyşýandyrlar, han ogullar. Bilip goýuň, mukaýyt boluň, suw ýowuzdyr. Ol ýalňyşyňy bagyşlamaýar. Suwda ýoldaşlyk sudy ýok. Ol seniň eneň ýa ataň däldir. Siziň ýaly söliteler üçin ýazdym şol bildirişi — diýip, Jejew aga hindi towugynyň horazy ýaly gabaryldy. Kenardaky «Sölite suwda belli» diýen ýazgyly tagta seretdi. Jejew aga bizi has golaýyna çagyrdy. Bizem ýüzmäni öwretjekdir öýdüp, onuň daşyna egele bolduk. — Bizi kösemek üçin dünýä inenler, men çynymy aýdýan. Suw siňrikden agansoň puşman başa duşmandyr. Men size az wagtda ýüzmäni öwrederin diýib-ä bilmen. Siziň hemmäňiz ozal suwuň boýunda önüp-ösen. Jeýhun, Murgap, Tejen derýalary, Kaspi deňzi süýji we ajy suwly kenarlar, zeýkeşler, drenažlar siziň göz açyp gören suwlaryňyz. Ýöne welin, men size suwa nähili ýagdaýda düşmelidigini öwrederin. Onuň kada-kanunlarynyň üstünde durup geçmeli bolarys — diýip, direktorymyz sözüne dyngy berdi-de, elindäki küti papkadan bir topar kagyz çykardy. Äýnegini dakynyp ardynjyrap bu epeý adam söze başlajak boldy-da sägindi. Soňra: — Oglanlar, birki sanyňyz ylgap gidiň-de bir stol, bir kürsi getiriň — diýdi. Biz derrew gidip stol-kürsi alyp geldik. Jejew aga söze başlady. — Respublikan OBWOD-nyň Merkezi Sowetiniň pioner lagerinde ýüzmegi öwrenmegi guramak boýunça rekomendasiýasy, ynha, meniň elimde. Häzir şony öwrenmäge başlaýas. Ähliňiz meniň yk tarapyma geçiň. Ýel sesimi eşitdirenok. Komanda: «komanda gulak asyň! Hemmäňiz geýimleriňizi çykaryp, taýyn boluň!» Jejew aganyň sesi ýaňlanyp gitdi. Biz derrew sypyryndyk. — Taýyn! Eşiklerimizi çykaryndyk, ýoldaş direktor — diýip aýtdyk. Şondan soň direktor kagyzlaryny agtaryşdyryp durka bir tagta kagyz elinden sypaýdy, onam ýel aldy ötägitdi. Barybam kagyz köle düşdi. Biz aljak bolşup, şol tarapa daýyrdaşyp ylgadyk. Jejew aganyň tas ýüregi ýarylypdy. — Komanda, duruň, butnamaň! Näbelli suwuňa girmek instruksiýa boýunça gaty gadagan — diýip, ol süýem barmagyny howada çommaltdy. Suwa gaçan kagyzy uzyn syryk bilen çekip aldyk. Ýene öňki ýerimize gelip, Jejew aganyň leksiýasyna gulak asmaga durduk. — Ýüzüp bilmeýän çagalara pioner lagerinde ýüzmegi öwretmek üçin on ýedi sagatlyk programma bellenilipdir. Her hepdede iki-üç gezek okuw geçenimizde bolsa ýüzmegi öwredip bolýar. Onda-da howa ýagdaýy amatly bolsa, on ýedi sapak... Bir smenada... — diýip, Jejew aga instruksiýany esli wagtlap okady. Soňra direktor ýüzmegi öwrenmek üçin, umuman, suwa düşmek üçin ýer saýlamak esasy iş diýip aýtdy. Ol instruksiýa seredip: — Suwa düşüljek deňziň, derýaň, howzuň, kölüň we beýleki suw ýataklarynyň günorta tarapy ýapgyt hem çägesow bolmaly — diýip aýtdy. Biz: «Kölüň içine girip düýbüni barlap göreli, ýoldaş direktor» diýdik. Ol ör-gökden geldi. — Ýok, bolmaz. Näbelli atyň gerşini sypalama diýlişi ýaly, näbelli suwuňa girmeli däl. Oňa instruksiýa rugsat berenok — diýdi. Direktor suwa uzyn syryk sokup gördi-de: — Oh-hoh-ho-ow! Bu kenar juda kert ekeni. Eger men bu ýerde suwa düşmäge rugsat bersem, instruksiýany bozdugym bolar — diýdi. Soňra ol taýagyň ujuna ýapyşan palçygy barlap görüp, seňrigini ýygyrdy-da: — Bu ýerde çäge düşnügi bolmasa nätjek — diýdi. — Samoswal maşyn bilen çäge daşatmaly bolar. Gurluşyk edarasyna zakaz edeýin — diýip, direktor ol işi ap-aňsat etdi goýaýdy. — Bize çäge hökman däl. Suwa düşmäge rugsat edäýiň-dä, ýoldaş direktor — diýşip, özelendik. — Ýok, bolmaz. Betbagtçylygyň üstünden bararsyňyz. Özüňizi strahowaniýe etdirdenem dälsiňiz siz — diýip, Jejew aga çyny bilen aýtdy. — Lagere gelenimiz bäri eýýäm on gün geçdi. Çaltrak rugsat beräýiň-dä — diýip, men aýtdym. — Betbagtçlyga hiç haçan howlukmaly däldir. Diňe büre tutjak bolanyňda çaltlyk gerekdir — diýip, ol gülmän-yşman aýtdy. — Men kölüň düýbüniň nählidigini görüp çykaýyn — diýip, ýoldaşymyz Toýjan kenara tarap ýöredi. — Gaýt yzyňa. Sen ýüzüp beri bilýäňmi?! — diýip, Jejew aga seňrigini ýygryp, Toýjanyň aýagyndan tä depesinde çenli ýigrenç bilen seretdi. Direktoryň jogabyna biz pakyrda berşip gülüşdik. Sebäbi Toýjan Çelekenden gelipdi. Ol Kaspi deňzinde delfin ýaly ýüzýärdi. Direktoryň gahary geldi. Burç ýaly gyzardy. Aljyrady. Şol wagtam köwsarlap gelen ýel onuň elindäki rekomendasiýa ýazylan kagyzlaryň ýene birini ýolup aldy-da, eltip suwuň ýüzüne ýelmedi. Toýjan ylgap baryp, özüni suwa urdy. Tas direktor özünden gidipdi. Geýimli bolmadyk bolsa Toýjanyň yzyndan özüni suwa oklajakdy. «Gan basyşym galýa» diýip, kellesini tutup oturdy. Instruksiýa dargap ýere gaçdy. Herimiz bir kagyzyny aldyk. — Ýoldaş direktor, instruksiýada ine, şeýle ýazgy bar-a. Okaýan: «Öňürti oňat ýüzüp bilýän pioner ýa-da instruktora suwuň düýbüni barlatmaly: ol ýerde çukuryň, köwüň, töňňäniň, köküň, ujy ýiti daşyň, sütüniň we başga-da betbagtçylykly hadysalara sebäp bolup biläýjek zatlaryň ýokdugyny anyklamaly». Toýjan elindäki suwy damyp duran kagyzdan okap jan ýandyrydy. Emma direktor öz diýenini gögertdi. Gepiň gysgasy biz şol tomus lagerde suwa düşüp bilmedik. Bu wakalardan bäri kän ýyl geçdi. Indi biz uly adamlar bolduk. Özümiz çagalara ylym, edep-terbiýe berýäs. Instruksiýa keseli bizde-de ýok däl. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |