20:13 «Intizar etdiň meni» / satiriki hekaýa | |
«INTIZAR ETDIÑ MENI»
Satiriki hekaýalar
Gyzykly radiogepleşik berildi. Gepleşigi iki sany diktor näzik duýgy, uly hyjuw bilen okady. Olaryň biri kenaryna sygmaýan Jeýhun ýaly joşup, efire sygman şeýle diýdi: ― Indi radiožurnalymyzyň aýdym-sazly sahypasyny açýarys. Merkezi statistik uprawleniýänyň maşyn-hasaplaýyş stansiýasynyň düýpli gurluşyk boýunça statistik materiallary taýýarlaýan we goýberýän bölüminiň we Ilata durmuş hyzmaty ministrliginiň tehniki taýdan çylşyrymly maşynlar, telewizorlar, radiopriýomnikler, awtotransport, metaldan ýasalan zatlar we agajy işläp bejeriş boýunça bölüminiň işgärleriniň islegleri boýunça «Intizar etdiň meni» diýen aýdymy eşitdirýäris. Oba hojalyk ministrliginiň maldarçylyk uprawleniýesiniň iri şahly mallar, doňuzdarçylyk we guşçulyk bölüminiň işgärleri, şeýle hem Standartlar, ölçeg we çekim priborlary kombinatynyň işgärleri özleriniň bu aýdymyň muşdaklarydygyny bize mälim etdiler. Şu ýerde ikinji diktor sözi birinjinň agzyndan kakyp alyp: ― Beýle bolsa biz muňa gaty şat! Aýdymy eşitdireli ― diýip, höwes bilen aýtdy. Emma birinji diktor: ― Ýok, dur entek. Bu aýdymy diňlemek isleýänler ýene-de bar. Olardan: «Glawneftesnabsbytyň» trasport nebit üpjünçiligi we nebit önülerini satmak boýunça baş uprawleniýesiniň zähmeti goraýyş we tehniki howpsuzlyk bölüminiň işgärleri, şeýle hem... ― diýip, birnäçe kärhananyň adyny sanady, emma «Intizar etdiň meni» diýen aýdym aýdylmady. Şondan soň diktor az salym sägindi-de: ― Gadyrly radiodiňleýjiler, sagat ýigrimi dörtde Moskwany diňläň! ― diýip, gugyldynyň öňýanynda zordan aýdyp ýetişdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||