15:48 Inwentarizasiýa / satiriki hekaýa | |
INWERTARIZASIÝA
Satiriki hekaýalar
Men aýalyma uzak ýyllaryň dowamynda her dürli sowgatlar alyp bererdim. 8-nji mart baýramy golaýlaşdygyça ony hökman bir zat bilen begendirerdim. Ýöne weli, zol sowgat alyp ýörşüme indi öýümizde oturara, ýatara ýer galmasa nätjek. Nirä eliňi ursaň geýim-gejim, mata-marlyk çogup çykyp dur. Şifoneri açdygyň bes, esli zat üstüňe süýşüp gaýdýar. «Ahyrsoňunda şarfymy tapdym-ow» diýip, haýsydyr bir zadyň bir ujundan dyzap çekýäň weli, eliňe iç balagyň bir gonjy gelýär. ― Eje men okuwymdan gijä galýan. Jorabymyň bir taýyny tapdym. Beýlekisini tapamok ― diýip, oglumyz aglap dur. ― Hany, meniň gulakjynym?! ― Saraýa seret. Haltalary başaşak silk-de gözläber! Ýok, mundan ýaşaýyş bolmaz. Men öz söýgüli jenanymy beýle ýagdaýda horlap bilmen. Tä ähli zady ýerbe-ýer edýänçäm maňa dynç almak haram. «Haýwanat dünýäsinem» özüňiz görüň, «Kinosyýahatçylar klubynam». Hoş gal «Ertirlik gimnastika!». Ýöne weli, her gün «Wremýa» üçin hemem iýmek-içmek üçin ikisine bilelikde ýarym sagatlyk wagtyň peýdasyndan geçerin. Men işe başladym. Öýdäki ähli emläge inwentarizasiýa etmäge girişdim. Baý-ba-a-a, bu ýöne bir öý däl-de, tüýs merkezi söwda bazasy ýaly-la. Men özümiň söwda bazasynyň direktory, aýalymam sklad müdiri däldiginden kemsinip ýördüm weli, asyl döşümizi gaýşardyp gezibermeli ekenik-le. Bu bulam-bujarlykdan baş çykaryp, her kimiň gerek zadyny tapyp berýän aýalyma berekella. Asyl onuň saçynda iki-ýeke ak görnüp başlady-la bolasy. Hawa, men inwentarizasiýa başladym. Küti-küti depderler yzly-yzyna dolýardy. Emma zat egsiler ýaly däldi. Zähmet rugsadymyň ýarysy bagyş edilen zähmet we miwesini berdi. Inwentarizasiýa gutardy. Öý giňän ýaly boldy, asyl, giňedem. ― Oglanlaryň enesi, öýümizde bar bolan emlägiň haýsydyr birini aýt. Edil şu pursat tapyp bereýin ― diýip, aýalyma ýüzlendim. ― Bi, kakasy, oňarmarsyň. Bu öýdäki zatlardan baş alyp çykjak bolsaň işden-dertden galmaly bolarsyň ― diýip, aýalym maňa ynam etmejek boldy. Emma men öz eden işimden hoşaldym. ― Haýsydyr bir zady tap diýseň armanym ýok, aýt hany! ― Aýtsam, iň kiçijigimiziň arlygy niredekä? ― diýip, aýalym sallançak üwräp oturan ýerinden aýtdy. ― Arlyk, arlyk!.. Ony häziriň özünde nagt ederin. Men «A» harpy bilen başlanýan zatlar ýazylan depderi açdym. «Atagyzy». Bu däl. «Asawaç»... Tapdym, ine «Arlyk», «Arlyk» sözüniň soňunda ýörite bellikler bardy. Arlyk ― h №17, d №4, t №5. ― Keýwany, oguljygymyzyň arlygy 17-nji haltada. Şol haltanyň içinde aýry-aýry daňylar bardyr. Onuňam 4-nji daňysyny çözseň arlygy taparsyň. ― Seniň ýazgyňda «T №5» diýlen belgi hem bar-la? ― diýip aýalym sorady. ― «T №5» diýildigi 5-nji tekje bolýar ― diýip, jogabyny nagt etdim. Arlygy bolsa derrew getirip berdim. Şol wagt daşarda oýnap ýören oglumyz iligini ýoldurdy geläýdi. Indi ony ýerine çatmalydy. Hany iňňe, sapak nirede? Men derrew işe girişdim. Inwentar kitabyndan derrew «I» harpy, soňam «S» harpy tapdym. Iňňe bilen sapagy ýerinden aldym-da oglumyň iligini özüm ýerine çatyp berdim. ― Eje, meniň aýagym üşeýär ― diýip, gyzjagazymyz içerik girdi. ― Gyzym, ejeňe mundan beýläk azar berme. Ynha, inwentar kitaby. Şunda «J» harpy tapdajyk, jorabyňy özüň gözlen. Eger «J» harpyň yzynda «N» harpy bar bolsa şol jorap nahdyr, eger «Ý» harpy bolsa onda ýüň jorapdyr. «M» harpy möçbersiz jorapdyr. Ine, birdenem oglumyzyň biri daşardan ylgap geldi-de: ― Eje, eje, gurumçy geldi. Maňa şar alyp ber ― diýip, ejesine azar bermäge başlady. ― Öýde, bir ýerde-hä şar bar ýalydy ― diýip, aýalym oýlanmaga başlady. ― Onuň üçin kelläňi agyrtma. Ynha, inwentar kitabyň «Ş» harpynda şar ýok, dişe şarf bar ― diýip, men işe girişdim. Kitabyň «Ç» we «B» harplaryndaky çüýşeleriň we bankalaryň nirelerdedigini çagalara aýtdym. ― Şolary gurumça tabşyryň-da şar alyň, jül-jül alyň, şakyr-şukurlardan bizi dyndaryň. Ýöne alan oýunjaklaryňyzy getirip inwentarizasiýa etdiriň ― diýdim. Şeýle hem köne-küşül zatlardan on ýedi haltasyny arabaça tabşyrdym. ― Wa-ýew, kakasy, öýi ýyldyrym urana dönderdiň-le ― diýip, aýalym elime ýapyşjak boldy. ― Söýgüli jenan, beýtme. Ilki sen şu öýe gelin bolup geleniňde hiç zadymyz ýokdy. Ikimiz nähili bagtlydyk. Diýmek, bagt esgide däl ekeni. Häzir men saňa oňat bir sowgat edeýin ― diýip, aýalymy köşeşdirdim. Şeýle diýip men inwentaryň «M» bölümini açdym. ― Sen şu 9-njy düwünçegi aç ― diýip, aýalyma şol düwünçegi getirip berdim. Köýneklik matalaryň arasyndan bir kişilik simgeçen lowurdap çykdy. Balyk ýaly elinde-de duranok-da. ― Ine, şeýle köýnegi Lýudmila Zykina-da, Edito Pýeha-da geýen däldir ― diýip gomaldym. Aýalym bu matanyň haçan alnandygyny bilmeýän ekeni. Emma ony jygyldykdan hut özi alypdy. Men ýanynda durup 280 manady sanap beripdim. Ondan bäri bäş ýyl geçipdir. Emma şol esgileriň arasynda baslygyp ýatan ekeni. Aýalymyň edähedi şeýle. Goňşy aýallar bir zat edindigi bu-da «dat maňa-da» diýip başlaýar. Emma şol alan zatlaryny weli ulanmaýar. Etiketkasy aýrylmadyk geýim-gejimleriň saraýda çüýräp galýandygyny inwentarizasiýanyň netijesi görkezdi. Indi her ýarym ýyldan rewiziýa geçirip, akt ýazyp, jeza çärelerini ulanyp durjak. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |