16:31 Ir oýanan zehin | |
IR OÝANAN ZEHIN
Teatr we kino sungaty
● Türkmenistanyň at gazanan artisti Hudaýberdi Baýryýewiň döredijilik ýoly hakda söhbet Sungat ugrundan ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryny üstünlikli tabşyran Hudaýberdi begenjinden uçaýjak bolýardy. Şatlygyny kimdir biri bilen paýlaşasy gelýärdi. Emma del şäherde edil şol pursat tanyş adam tapylmady. Onsoň onuň göz öňüne obalary — Ýylanly etrabynyň (häzirki Gurbansoltan eje etrabynyň) Arap obasy — meşhur bagşy Magtymguly Garlyýewiň ýaşan obasy geldi. Lummurdap duran joşly aýdymdyr saz, birmahal meşhur bagşynyň bereketli saçagyndan hödür edilen, özüne ençeme ýyllap hemra bolan şol bir döwüm çörek ýadyna düşdi... ...Mekdepden gelýän oglanjyk pagsadan salnan jaýdan çykan owaza maýyl bolup aýak çekdi. Jaýyň arka ýüzünde ýolgyrada tamdyra nan ýapyp duran orta ýaşlaryndaky zenan oglanjygyň näme üçin saklanandygy barada pikir hem etmän, tamdyrdan çykaran gyzgyn çöreginden bir döwüm aldy-da, oňa uzatdy. — Al, balam, gyzgynjak çörek, häzir bol, eliňi ýakaýma! Ýoluň gyrasyny jähekläp akyp ýatan suwly salmanyň raýyşynda durup, egninden kellesi üstaşyr atylan içi kitapdyr depderli ýantorbasyny haýallyk bilen eline alan oglanjyk aljyrady. Mährem enäniň ýüzüne gözi düşenden, dodajyklary birhili kemşeren ýaly boldy. Entek mekdebiň bosagasyndan ätläp-ätlemänkä, dünýesini täzelän ejesi ýadyna düşdi. Tamdyrdan çykan çöregi hödürläp duran zenan onuň gözüne ejesi bolup göründi. Ol mährem enäniň uzadan çöregini emaý bilen aldy-da, gözjagazlaryny balkyldadyp, ýoluny dowam etdi. Ol bäş-üç ädim ädenden soň, ýene aýak çekip, yzyna gaňryldy. Nan bişirip duran zenanyň henizem öz yzyndan garap duranyny görüp, elindäki döwüm çöregi emaý bilen torbasyna saldy. Soňam şol duran ýerinden sähel gozganyp, gabat garşysyndaky öýden çykýan owaza diň salyp başlady. Pirli tamdyrdan çykan çörek, onda-da meşhur bagşynyň keremli ojagynyň duzuny özüne siňdiren çörek oglanjyk üçin heýkele öwrüldi. Bagşynyň «Daglar gümmür-gümmürlendi» diýen sesi bolsa sungat atly jadyly ummana çagyryş bolup ýaňlandy. Ol bu ýoldan soňam kän gatnady. Her gezegem bagşynyň öýüniň deňinde saklanardy. Öýden bagşynyň mahmal owazy eşidilse, guşy uçardy. Bagşy-sazanda-da il adamsy-da. Öýde bolýan wagtyndan bolmaýan wagty köp. Bardy-geldi öýden bagşynyň sesi eşidilmese, lapykeç bolardy. Şonda töweregine garanjaklap, bagşynyň bir ýerden çykaýmagyny islärdi. Şol mahal ýene-de şol mährem zenan onuň dadyna ýetişerdi. — Bagşy agaň bu gün öýde ýok, ilerki oba gitdi. Ýa başga bir zat diýerdi. Oglanjyk boýnuny sallap, göwünli-göwünsiz ýoluny dowam ederdi. Bagşynyň hoş labzy, mährem enäniň hödür-keremi — şol bir döwüm çörek ýaş oglanyň hemişelik kalbynda galdy. Etrap merkezindäki mekdep-internatda okan ýyllary hem oba täsirlerini unudyp bilmedi. Internatda okaýarka drama gurnagyna gatnaşyp başlan oglanjyga etrap halk teatrynyň sahnasynda görünmäge hem ýol tapyldy. Göwresi deň-duş oglanlarynyňkydan deşliräk bolansoň, onuň islegine-höwesine bakmadylar. Oňa sahnalaşdyrylýan oýunlarda uly adamlaryň keşbini döretmegi ynandylar. Ine, şeýdibem sungatyň bu ugruna höwes eden oglanyň arzuwlary hasyl bolup başlady. Ýyllar-ýyllara sepleşip, orta mekdebi tamamlan şol oglanjyk, hünär edinmek, bilim almak maksady bilen Aşgabada gitmekçidigini kakasyna ýaňzytdy. — Hünärli bolsaň, hor bolmarsyň. Kesbini ogly dowam etse, ata üçin şondan uly bagt ýok. Kakasynyň bu sözleri näme üçin aýdanyna düşünen Hudaýberdi oňa «Ýok» diýip bilmedi. Bialaç şol mahalky M.Kalinin adyndaky oba hojalyk institutyna resminamalaryny tabşyryp, giriş synaglaryna gatnaşdy. Okuwa kabul etdiler. Bir ýyl okady. Tomusky dynç alyşda deň-duşlary bilen gurluşykda suwagçy bolup işläp başlady. Şol günleriň birinde onuň eline Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky institutynyň teatr we kino aktýorlaryny taýýarlaýan bölümine okuwçylaryň kabul edilýändigi baradaky bildirişli gazet düşýär. Ol hiç kime duýdurmazdan, Daşkende gidýär hem-de şol okuw mekdebine baryp, giriş synaglaryny tabşyrýar. Şeýdibem, özüni oglanlykda jadylan sungat ugrundan sapak alyp başlaýar. Ýaş, gujurly ýigidiň okuwa yhlasy üýtgeşikdi. Ol hakyky sungatyň gapysyndan ätläpdi. Indi ony hiç zat yzyna dönderip biljek däldi. Hudaýberdi okuw mekdebiniň halk teatrynyň sahnasynda az çykyş etmedi. Ullakan şäheriň teatrlarynda goýulýan sahna eserlerine-de tomaşa etmäge wagt tapýardy. Diňe bir tomaşa etmek däl, eýsem, olarda oýnaýan artistleriň döreden keşplerini öwrendi. Öz ýanyndan olara baha bermäge synanyşyklar etdi. Bu bolsa nazaryýetde alnan bilimleriň iş ýüzünde synalmagynda oňat netije berdi. Ol günleri ýatlap, Hudaýberdi aga şeýle diýýär: — Meniň tötänlikde şol kiçijik bildirişi okan günüm ykbalymdaky iň bagtly gündür. Men özümi şeýle atly-abraýly instituta okuwa girip ýalkandym hasap edýärin. Sebäbi bu okuw mekdebiniň gujagyndan meşhur türkmen artistleri — meniň halypalarym Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Orazdurdy Hojaýew dagy çykypdylar. Meniň üçin şol halypalaryň okan okuw mekdebinde okamak hem-ä bagt, hemem uly synagdy. Adam kalbynda ganat baglan arzuwyna ýetmek üçin yhlas etse, bitmejek zat ýok eken. Ol institutda ýokary bahalar bilen okady. Institutyň halk teatrynda goýulýan drama eserleriniň ählisinde diýen ýaly keşp döretdi. Ençeme diploma, hormat hatlaryna mynasyp boldy. 1973-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlan Hudaýberdini Daşogzuň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatryna işe ýolladylar. Teatryň baş režissýory Durdymämmet Öräýew ýaş artiste ençeme keşpleri döretmegi ynanyp, ony synagdan geçirýär. Biri-birine çapraz gelýän keşpler ýaş artisti aljyratmaýar. Hudaýberdiniň artist hökmünde zehinini açýar, tejribesini artdyrýar. Onsoň keşp yzyna keşp döräp başlaýar. Oňa indi has çylşyrymly keşpleri ynanýardylar. Belli rus ýazyjysy N.Gogolyň «Öýleniş» dramasynda Şwakiniň, Azerbaýjan dramaturgy Aliskerowyň «Millioneriň gedaý ogly» eserinde polisiýa başlygynyň, Oraz Akmämmedowyň «Kärsizleriň käri» atly gülküli dramasynda başlygyň, Aşyr Mämiliýewiň «Satylan düýş» dramasynda Hajy aganyň, Beki Seýtäkowyň «Doganlar» dramasynda Emin baýyň, Pirguly aganyň keşplerini döredende, hut şeýle boldy. Meşhur sahna ussatlary Artyk Jallyýew, Çary Mommadow, Çary Myradow bilen işleşilen ýyllaryň her biri zehinli artist Hudaýberdi Baýryýewe uly üstünlikler getirdi. Zehinli artist kino sungatynda hem öz güýjüni synap gördi. Bu ugurda onuň ilkinji ädimleri Özbegistanyň Kamyl Ýarmatow adyndaky «özbekfilm» kinostudiýasynyň «Otly kenar» «Gözsüz ýagyş» atly kinofilmlerinde surata düşmekden başlandy. Soňra türkmen kinoçylary tarapyndan surata düşürilen «Zäherlenen söýgi», «Çüýşeden çykan jyn», «Zöhre-Tahyr», «Tentek» ýaly filmlerde dürli keşpleri döretdi. Türkmen kino sungatynyň ýyldyzy, Türkmenistanyň halk artisti Artyk Jallyýew köp ýyllar oňa halypalyk etdi, iş öwretdi. Bu barada Hudaýberdi Baýryýew şeýle ýatlaýar: — Ussat ussat bolýar. Zehinli aktýor Artyk Jallyýew meniň halypam hem-de režissýorymdy. Ol bilenini gaýgyrman öwrederdi, ýaşlara sähelçe bir zat öwredip bilse begenerdi. Ol maňa-da keşp döretmegiň, sahnada özüňi alyp barmagyň inçe syrlaryny öwretdi. Şonuň üçinem men halypany hemişe ýagşylykda ýatlaýaryn. Belli kino ussady Artyk Jallyýew öz şägirdi hakynda şeýle diýerdi: «Hudaýberdi Baýryýewiň aktýorlyk ussatlygyna sözüm ýok. Onuň bilen uzak ýyllaryň dowamynda bile işleşdik, ençeme keşpleri döretmegimiz dogry geldi. Ol maňa hemişe «Halypam» diýip ýüzlenýär. Men özümiň şeýle şägirt ýetişdirendigime buýsanýaryn». Hudaýberdi Baýryýew Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän sahna oýunlarynda çykyş edip, talapkär tomaşaçylaryň göwnüni awlaýan keşpleriň ençemesini döretdi. Ol öz arzyly sungatynyň inçe tärlerini ýaşlara irginsiz öwredýär, olaryň kämilleşmegi üçin zähmetini gaýgyrmaýar. Teatrda işleýän zehinli ýaşlaryň uly topary ony özleriniň halypasy hasaplaýarlar. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Babadurdy Babaýew, Meretdurdy Seýidow, Altyn Toýlyýewa, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Bekmyrat Hallyýew dagynyň indi özleri halypalyga ýetişdiler. Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Hudaýberdi Mätjumaýewiň ýatlamalaryndan: — Men Hudaýberdini mekdep okuwçysy döwründen bäri tanaýaryn. Ýöne welin bir gezek ol sahnada keşbe girip çykyş edende, dogrusy, tanamadym. Oýundan soň onuň bilen duşuşamda: «Şol keşpde oýnan, atdaş, özüňmidiň?» diýsem, ol ýylgyryp: «Hawa, men şol, öz eşigimi geýsem, özüme meňzeýän, sahnada sahna geýimini geýsem, gahrymanyma meňzeýän» diýdi. Hudaýberdi Baýryýewiň sungat äleminde çeken asylly zähmetine mynasyp baha berildi. Oňa Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen hormatly at dakyldy. Hawa, teatr sungatynda öz ýoluny tapan, bu sungaty elli ýyla golaý hemra edinen Hudaýberdi halypa öz ykbalyny teatrdan üzňe göz öňüne getirmeýär. Oňa haýsy keşbi döretmegi ynansalar, edil şol gahrymanyň özi bolup dur. Asla oňa gelişmeýän keşp ýok. Sebäbi onda bu sungata berlen ukyp, wepalylyk bar. Şeýle bolanda, ussatlyk ýüze çykýar. Nowruz GURBANMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |