16:20 Ir sönen uçgun | |
IR SÖNEN UÇGUN
Aýdym-saz sungaty
(Döwran Täçmämmedowyň Maryda bolan pursatlaryny ýatlap) Döwran Täçmämmedowy ilkinji gezek gören pursadymyň senesi meniň hakydamda galmandyr: güýz ýa ýaz aýlary bolmaly, sebäbi howa çigregräkdi. Dutar ussasy hem sazanda Nurmyrat Akmyradowlara “Essalawmaleýkim!” diýip, bosagadan gyzyl mahmal balaga gaplanan dutarynyň boýnundan gysymlap, uzyn boýly, syrdam, agajet ýaş ýigit girdi-de, bir gapdala çekilip, ýylgyryp, içerde oturanlara göz aýlady. Onuň möwsüme görä geýnen egin-eşikleri: başyndaky gara fetr şlýapasy, egnindäki iňňeden çykma garamtyl makintoş plaş-paltosy ony has hem howalaly hem syratly görkezýärdi; boýnuna oralan gar ýaly ak ýüpek boýunoragy (kaşnesi) we balkyldap duran, ullakan, çyrag ýaly gara gözleri bugdaýreňken açygrak inçemik mährem ýüzüni ýagtyldyp, has hem nurlandyrýardy. Ony gyrmyz don bilen silkme telpekli göz öňüne getirseň, dessanlardaky aşyk Garyba meňzeýärdi. Saglyk-amanlyk soraşylansoň, ahally myhmanyň hormatyna giň saçak ýazyldy. Çaý-nahar iýilensoň, aýdym-saz, bagşy-sazandalar barada birneme söhbet edildi. Soň, öý eýesi, myhmanlaryň Döwranyň dutarynyň düzülmegine sabyrsyzlyk garaşýandyklaryny ýatlatdy. Döwran, atasy—Türkmenistanyň halk artisti Çary Täçmämmedowyň “Dostluk” sazyndan başlap indi iki sagat töweregi “Göroglynyň at oýnadyşyny”, “Hajy golagy”, “Jerenimi”, “Senem geldini”, “ Kepderini”, ”Gyrklary” dynyp, “Saltyklary” boýlap otyrdy. “Saltyklary” çalyp dynanasoň, kebzesinden agyr ýük aýrylan ýaly uludan dem alyp, ellerine dynç bermek maksady bilen saýhally sazlayň biri bolan “Öltüreri” sepläp, hakydasynda indiki çaljak sazlaryny seljerdi. Onýança öý eýesiniň ogullarynyň biri gelip, Döwrany telefona çagyrýandyklaryny aýdyp gitdi. Döwranyň ýarym ýumulgy gözleriniň hanasy çala giňän ýaly bolup gitdi, owadan gözleriniň garasy telefonyň sesi gelen tarapa emaý bilen çalaja öwrülen ýaly etdi-de, gara, gür kirpikli gabaklary emaý bilen aşak inip, gözleriniň garasynyň ýarsyna ýetip saklandy. On iki süňňüni dutaryň owazyna daglap oturan diňleýjileriň nazary bir ýere—Döwranyň gözlerinde jemlendi. Döwran synlanýanyny duýup, ýaňaklary gyzardy, ardynjyrady we çalyp oturan sazyny gyssanman tamamlady. Sazanda dutaryny bir gapdala goýanyna mähetdel, Türkmenistanyň at gazanan artisti Agamyrat Öwezmämmedow köp manyly ýylgyryp: —Inim, öltürmäkeler basymjak baraweri! —diýip, “loh-lohlap” güldi. Döwran çykyp gidensoň, Agamyrat dowam etdirdi: —Döwranjanyň gelinliginiň maryly bolanlygyna begeniň-how, bolmasa zol Aşgabada gatnap ýörmeli bolardyk! Edil şu wagt-a eldeki tokly ýalyjak öz aýajygy bilen Mara gatnapjyk ýör. Öýlenensoň-a, didaryna zar bolarys. Döwranyň gelinligi hem özi ýaly Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň talybydy. Ol gyz maryly bolansoň, tomus-gyş dynç alyş günlerinde Döwranyň bir aýagy Marydady. Döwran söýgülisi bilen ýarym sagada golaý telefonda gürleşensoň, ekezlenip geldi-de, täze hyjuw bilen “Gyzdurdy” bilen “Burnaşakdan”, başlap, “Şirin-şeker” bilen “Balsaýatda” tamamlady. “Gyzdurdyny”, ortalaberende, Agamyrat Öwezmämmedow başyny ýaýkap: “Eýläňe öwrülip diňleseň, Çary aga çalýarmy, Ata Täçmämmet çalýarmy, ýa Döwran—saýgarar ýaly däl”. Döwran “indi boldum” edip, dutarynyň ýüzüni aşak edip ýatyryp goýdy-da, Nurmyrada ýüzlendi: —Hany, Nurmyrat halypa, indi sen dowam edäýsene! —diýdi. Nurmyrat çepbe ilki “Kerem geldini” çalyp, soň “Baba seni” tamamlan badyna, Döwran dutaryny ýerden garbap aldy-da: —Halypam, ýaňky “Baba seniň” soňky bölegini—gutarýan ýerini ýene bir gezek görkezsene! Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy, şojagaz ýerini kimden öwrensemkäm diýip ýördüm—diýip, janlandy. Nurmyrat ýylgyryp: —Inim, şojagaz ýerini öwrenmek üçin men, halypam—Çary suwçyň (Çary Sähetmyradow) ýanyna iki gün gatnadym. Senem gör-dä, ýeňil-ä düşmez. Döwran “Baba seni” Nurmyratdan nokatma-nokat diňläp, bu owadan sazyň iň labyzly ýerini—edil gitaranyňky ýaly, dutaryň ýokarky taryndaky çylşyrymly şelpelerini—akorda meňzeş goşa basuwly owazlaryny dutaryň jüp tarynda bir sagada ýetirmän özleşdirdi. Ol “Baba seniň” iň kyn ýerini öwrenenine begenip, uçaýjak bolýardy. Onýança diňleýjileriň içninden edil Döwran ýaly ýaş ýigit: —Döwran, seň öz düzen sazlaryň barmy? —Aý, men entek kompozitorlyk derejä ýetemog-a; onsoňam, iki atam bilen kakam dagy düzmäge saz goýupdyrlarmy, näme?! —Onda, “Humaralany” çalsana—diýip, ol ýigit bagşyny “sypdyrmady”. Döwran oňa ýylgyryp: —Hä... Indi dutaryňy goýaý diýsene! —diýdi-de, sypaýyçylyk bilen: —Sen göwnüňe alma, dost. Men atamyň sazlaryny ýaýdana-ýaýdana çalýan, Myllly agaň sazlary-ha asla maňa entek irräk gelýär—diýdi-de, ýaňky ýigidiň göwni galmaz ýaly ilki Çary Täçmämmedowyň “Söýgi mukamyny”, soň kakasynyň “Perzent mukamyny” çalyp berdi. Günleriň bir güni Ata Täçmämmediň ýanyna birnäçe bagşy-sazanda—dost-ýarlary myhmançylyga gelip: “Ata, Döwran “Ýandymy” senden gowy çalýar ekeni” diýip, degşipdirler. Ol bu oýna düşünip, çynyrgadan bolýa-da, ogluna ýüzlenýär: “Dutaryňy al-da, geç hany, beýle sen “Ýandymy” çalaýjak ekeniň! Men ony bütin ömrüme çalyp, asyl nusgasynyň yzyndan ýetip bilemok” diýýär. Goşa dutary “Ýandym” üçin düzdiler, Ata Täçmämmet gaçdy, ogly kowdy. Döwran kakasyny yzarlap, ondan “ozaýjak-ozaýjak” bolanda, Ata sazyň hörpüni üýtgedýär. Kakasynyň “Ýandymlaryna” belet Döwran, onuň kölegesi ýaly bolup, haýallamaly ýerinde haýallap, galkynmaly ýerinde bat alyp, ýaňlandyrmaly ýerinde ýaňlandyryp, şelpeleriň hasabyny ýerbe-ýer goýuşdyryp, ilkinji halypasy—kakasynyň söbügini sypdyranok. Iň bir uzak we çylşyrymly sazlaryň biriniň kemini goýman çalyp boalnsoňlar, Ata Täçmämmet oglundan hoşal bolup, çala ýylgyrýar-da: “Berekella oglum, senden tamam hem şeýledi, ýöne ezber sazanda bolmak üçin entek halypalar bilen kö-öp çaý sowatmaly bolarsyň. Bagşy ömürboýy öwrenip geçýär, näçe bildim diýse-de, köp zatlara aňynyň ýetmeýändigine göz ýetirýär. Dümtünip, gözläp otyrkaň bir sazyň kakuwynyň ýa basuwynyň üstünden bararsyň, edil ogul jigiň bolan ýaly begenersiň; ýoldaşlaryňa buşlarsyň; ýöne, ýaňky açylan sazyň syry seniň ynjalykdan gaçyryp, ýene birnäçe syrlary açmaga imrikdirjeginden habaryň ýokdur. Ussatlygyň çygry-çägi ýokdur, bagşy-sazanda hem her gün kämilleşmelidir, kämilligiň ýolunda pellehana goýulan däldir”, diýip, ganat baglan ogluny aňyrsy-bärsi görünmeýän saz ummanyna uçuryp goýberdi. Günleriň bir güni, Mary şäheriniň iç keseller hassahanasynda nobatçylykdakam, agşamara, hassahananyň baş gapysyndan elleri dutarly bäş sany adam girdi. Olary şobada tanadaym: Döwlet Hudaýberen, Kakaly Şükür, Nurmyrat Akmyradow hem Agamyrat Öwezmämmet. Bäşinji ýaş ýigit Döwrandy. Dostlarym ahally myhmany alyp, ilki öýe barypdyrlar, nobatçydygymy eşidip, işime—hassahana gaýdypdyrlar. “Göwün sygsa, göwre sygar” diýleni, bölümiň lukmanlarynyň otagynda hemmämize ýer tapyldy. Bagşylar bir käse çaý içensoňlar, tomaşaçasyz, kiçeňräk konsertiň repertuaryny—meýilnamasyny maslahatlaşyp, ilki bilen ýekelikde saz çaldylar. Nurmyrat, Döwletmyrat, Döwran—hersi, öz saz çalmak gezeklerini geçirensoňlar, goşulyp çalmaklygy göwün etdiler. Bir topar sazdan ilki bilen“Maral geldini” saýladylar Üç dutar hem düzülensoň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwletmyrat Hudaýberenow mylaýym ýylgyryp: —Çalsagam-a, çalarys welin, saza düşünýänleň barja mazasyny alaýmasak... Döwletmyrat howaýy geplemändi—onuň özi meşhur Mylly Täçmyradyň nusgasyny, Nurmyrat bolsa halypasy, meşhur Pürli Saryň şägirdi—Çary Sähetmyradowyň (Çary suwçy) çaltrak tizliginde, Döwran bolsa atasynyň nusgasyny çalmaly boljakdy. Ýagdaýa derrew düşünen Nurmyrat: —Bolýar, men tizligmi haýýalladaýaryn—diýdi. —Inim, onda sen ataň “Maral geldisiniň” başyny başla, biz seň yzyňa düşäýeli—diýip, Döwletmyart myhmana hormat goýdy. —Halypalam, aý, bu-ýa birhiliräg-ä bolýar. Entekler men siziň yzyňyza düşmel-ä— diýip sypaýyçylyk etse-de, özünden ulylaryň garşysyna gidip durmady. Saz tamamlanansoň, dymyşlyk aralaşdy. Diňleýjiler butnaman oturyşlaryna indiki saza garaşýan ýalydy, ýa ansamblyň “Maral geldiň” owazyna melul bolup, aýňalyp bilmän oturanlara meňzeşdi. Ümsümligi Nurmyrat bozdy: —Asyl, sähraň sarç maralyndan özge-de, uz ýörişli, näz-kereşmeli, owsun ýöreýişli Maral hem geljek eken-ow! Üç ägirt halypaň üç dürli şagirtleriniň çalan mukamy jüpüne düşdi—o saza “Maral geldi” diýseňem boljak, Garagumyň ümmülmez çölüniň erkana ýaýnap ýören maralyna-da meňzemän durmady. Indi bir-birine mazaly düşünen sazandalar ahalyň “Haraýym Döndüsiniň” ikisini hem yzly-yzyna sepläp goýberdiler. Soň üç sazandadan ybarat ansambl “Tüni derýa” bilen “Hatyjany” çalyp bolansoňlar, men ýatmazdan öň näsaglardan habar tutaýyn diýip, koridora çykamda, bölümiň näsaglary koridorda hatar tutyşyp otyrlar: erkek adamlar bir gapdalda, aýal-gyzlar beýle gapdalda—konsert diňläp otyrlar. An-ha saňa gerek bolsa tomaşaçy! Olaryň içinden ýaşulyragy: —Dugtorjan, sen näsaglaňdan arkaýyn bolaý, olaryň bu gije ýüregem agyrmaz, dawlenýesem galmaz. Ýekeje haýyş: elektrodutaryň sesini birneme gataldaýyň, gapyňyz ýapyk bolansoň dutaryň owazy haýal gelýär!—diýdi. Bagşylar ýaşulynyň haýyşyny artygy bilen kanagatlandyrdylar: gezekleşdirip, kä elektrodutarda, kä gazma gara tamdyrada näsaglaryň islegleri boýunça konsert ýary gijä çenli dowam etdi. Şol gije Döwran, ussat halypa Durnazar Hudaýberenowyň kebşirläp, kämilleşdiren “Haraýym Döndisiniň” mary nusgasyny öwrenip gitdi. Mara nobatdaky saparlarynda ol, Döwletmyrat Hudaýberenowdan bir gün “Oýany”, ikinji gün bolsa “Neýläýini” öwrendi. Döwletmyrat şonda: “ Hemme şägirtlerim Döwranjan ýaly üşüklije, basym alýan bolaýsady” diýip, buýsançly hem göwnihoşluk bilen aýdypdy. Kakasyndan “ak pata” alan Döwran, ilki bilen kiçigöwünliligi, päkýürekliligi, sadalygy, dogruçyllygy we işeňňirligi tugra edindi. Hawa, ilki adam bolmaly, soň bagşy bolmaly. Döwranyň Türkmen döwlet konserwatoriýasyndaky mugallym-halypalary: Türkmenistanyň halk artistleri—Ýolaman Nurymow, Akmyrat Çaryýew, Orazmyrat Annanepesow dagy hem kakasynyň beren öwüt-ündewini tekrarladylar we türkmeniň milli sungatynyň çylşyrymly ýollarynyň syrlaryny açmaga hemaýat etdiler. Gedemlik, mekirlik, şöhratparazlyk ýaly gylyklar oňa ýat bolansoň, ussatlyga ýetişen bu merdem ýigide “ýyldyz keseli” degmedi. Ir säher radioýaýlymda diktoryň: “Döwran Täçmämmedowyň çalan sazlaryndan “Gelemen”, “Saryýa”, “Ybraýym şa dilli”, “Uçradym”, “Gyzyl injik” halk sazyny diňläň!” diýip, ýene birnäçe sazlaryň adyny yzly-yzyna yglan edýän sesi häli-şindi ýaňlanyp dur. Kakajan BALKANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |