16:46 Isa Mesihe garaşyp... | |
ISA MESIHE GARAŞYP...
Taryhy makalalar
"Maňa bu dünýä salamatlyk getirendir öýtmäň, men salamatlyk däl, gylyç getirdim". Çokundyryjy Ýahýa ylham beren we Ierusalimdäki ybadathanadan gaça duran esseniler agyr kyýamat edebiýatyndan paýlaryna düşenini ýazdylar. Isanyň ölüminden soň kän wagt geçmänkä Teudas atly adam rimli prokuror tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylýança tarykat ýöretdi. Teudas edil Musa ýaly Iordan derýasynyň suwlaryny ikä bölüp bilýändigini öňe sürüpdi. Taryhda diňe “müsürli” diýip tanalýan başga bir wagyzçy çölde yzyna eýerijileri toplap, eýerijileri bilen birlikde Ierusalimiň diwarlaryny gaban ýagdaýynda, ony ýykyp biljekdiklerini öňe sürdi. Rimliler onuň agitasiýasyny eşden batlaryna eýerijilerini urşa sokdular we olary öldürdiler. Taryhçy Iosif bolsa, bize 66-njy ýyldaky jöhit gozgalaňyna çenli döwürde hökümeti täsiri astyna almak niýeti bilen hudaýtarapyn iberilendigini öňe süren birnäçe adamyň ýaşap geçendigini aýdýar. Jöhit ubadathanasynyň ýykylmagyndan soňam harby serkerde Simon Bar Kohba Rime garşy başga bir jöhit gozgalaňyna öňbaşçylyk edip, eýerijileri tarapyndan “Mesih” atlandyrylypdy. Birnäçe hristian Isa Mesihi bular bilen baglanyşyklylykda görmek islänok we onuň döwürdeşlerinden aýratyn dünýädigine ynanýar. Käbir tarapdan alanda, pelsepewi nukdaýnazardan şeýle ýaly hem. Munuň bilen birilikde, olam jöhit ybadathanasynyň ýykyljakdygyny öňünden aýtdy we öňümizdäki günlerde Taňrynyň jöhitleriň dünýewi işlerine gutulgysyz goşuljakdygy hakda ençeme welilikleri öňe sürdi. Häzirki döwrüň okyjylary indi “Täze Ähtiň” bu paragraflaryna düşünjek bolup duranok, emma şol wagtlar Isanyň habarlarynyň merkezinde ýer alýardy. Taňrynyň patyşalygynyň el astyndadygy telim gezek gaýtalanýardy. Isa Mesihiň nähili mesele döretmek isländigini bilmek kyn, ýöne iň azyndan käbir sözleri meçew beriji häsiýetde. Meselem, ol şägirtleriniň öňünde çykyş edip durka, şeýle diýýär: "Maňa bu dünýä salamatlyk getirendir öýtmäň, men salamatlyk däl, gylyç getirdim". (Matta 10:34). Has kinaýaly alymlar Isa Mesihi seslenme döretmek üçin bilgeşleýin jöhit weliliklerini ýerine ýetirmäge girişendir hasaplaýar. Mysal üçin, Isanyň eşek münüp Ýeruşalime gelişi görnüşinden öňünden habar berlipdir we Zekeriýanyň gelmegi bilen baglanyşykly weliligini ýerine ýetiripdir. Ömrüniň soňky döwürlerinde Isanyň Ýeruşalim ybadathanasyna girip, stollary agdaryp, ybadathananyň ýoldan çykandygyny aýtmagy iň soňky derejedäki gozgalaňa baş goşýandygynyň alamatydy. Ybadathana üçin baş ruhanynyň kürsüsi diňe merkezi dini agalyk bolman, eýsem, jöhit dünýäsiniň syýasy merkezidi. Onda öňki Ýuhanna ýaly Isanyň hereketi-de köpler üçin juda radikal häsiýetlidi. Hasam beteri “Täze Ähtdäki” ýazgylardan ygtyýarlylaryň Isanyň eýerijileri tarapyndan Mesihdigine ynanylýandygyny bilýändikleri görnüp dur. Dört “Injiliň” birinde, aslynda garşylyklaýyn derňelende şeýle bolandygyny aýdýar. Isanyň Ýeruşalimdäki işleri hemme taraplaýyn alanda syýasy pitnä meňzeýärdi. Baş ruhany Kaýafyň pikiriçe Isa Mesih syýasy matlaplary bolup biläýjek we patyşalygyň durnuklylygyna ýumruk çeneýän aýrybaşga howply kelleagyrydy. Jöhitler onuň howply adamdygyny aýdyp, kejeňekligine tutup duransoň, Pontiý Pilat Isany haça çüýlemäge razylyk beripdi. Isanyň hakyky niýeti näme bolanda-da, döwürdeşleriniň pikiriçe, ony şu günki görşümiz ýaly parahatçylykly görkezmeýärdi. Ahyrynda Isanyň ybadathanadaky hereketi gahar-gazabyň döremegine sebäp boldy we yzyndan tussag edilmegine we haça çüýlenmegine getirdi. Birinji ýüzýyllygyň jöhit halky üçin Isa Mesih hakyky gozgalaňçydy. Umut ATASEWEN, gadymy dünýä taryhçysy. Şenbe, 31.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |