20:54 Isanyñ gadym göreşi | |
ISANYÑ GADYM GÖREŞI
Taryhy makalalar
Fariseýler status-kwo üçin garşydaş häsiýete eýe bolsalar-da, sessiz we pelsepewi tarapy agdyklyk edýärdi, topar hökmünde-de radikal däldi. Ýönekeý jöhitleriñ garaýyşlaryna wekilçilik edýänleriñ aglaba bölegini düzýärdiler we ybadathananyñ ýykylmagyndan soñ hahamlar iudeýligiñ esasyny düzdüler. Bu iki topary çaknyşyga salan pelsepewi çekişmeleriñ käbirlerini bilýäris. Mysal üçin, saddukeýler ölümden soñky durmuşa ynanmaýardy, emma fariseýler ynanýardy. Irki jöhit mukaddes ýazgylarynda o dünýäden az söz açylýardy, emma oña garanda täze "Daniýalyñ kitaby" ýaly täze ýazgylarda köp agzalýar we ýönekeý jöhitleriñ arasynda giñden ýaýran pikire öwrülýär. Isanyñ aslynda birinji asyr Jöhüdistanynda uly jedeliñ temasy ýaly bolup görünen bu mesele boýunça saddukeýler bilen çekişmä girendigi aýdylýar. Käbir injilşynas taryhçylar Isanyñam fariseýdigini öñe sürýär, emma Isanyñ Injilde-de fariseýleri telim gezek tankyt edýändigi görkezilýär. Eger ol fariseý bolanam bolsa, öz doganlarynyñ arasynda giñ goldaw tapmandyr. Garyplykda ýaşaýan, ýagşylyga ynanýan, köplenç öýlenmän sallah gezýän fariseýler biraz syrly, hem diýseñ täsin topardy. Ýesseýler birnäçe tarapdan radikal häsiýete eýediler. Olar çölüñ töweregindäki kommunalarda ýaşapdyr we mal-mülklerini şärikdeşlikde peýdalanypdyr. Olar ybadathana bilen jöhit taryhynyñ ullakan gyşarmasy bolan ybadat ýerine hiç gyzyklanma bildirmändir. Iosif Flawiý olary mistiki grek-rim dünýäsindäki Pifagoryñ yzyna eýerijiler bilen deñeşdirýär. Şeýle-de, Injiliñ mukaddes ýazgylaryny ünsli derñänlerini-de bilýäris. Ýesseýler Öli deñziniñ golaý-goltumynda ýaşapdyr we megerem bir mahallar Ölideñiz pergamentlerini ýygnaýan adamlar bolupdyr. Käbir ýesseýler Rim agalygyna garşy has soñrakky gozgalaña goşuldylar we Kumrandaky kowçumlary 66-73-nji ýyllardaky jöhit gozgalañy wagtyndaky çaknyşyklar bilen gurşaldy. Isanyñ durmuşynyñ ýesseý edim-gylymlary bilen örän köp parallelligi bar ýaly bolup görünýär, emma Isa Mesih ýesseý jemgyýetiniñ parçasy däldi. Munuñ bilen birlikde radikal ýaşaýyş-durmuş terzleri we taglymatlary Isa pygamberde birinji derejeli täsiri bolan Çokundyryjy Ýahýany täsiri astyna alyp biler. • Çokundyryjy Ýahýa Köp sanly jöhit günleriñ bir güni dünýäniñ dünýewi patyşalyklarynyñ düýp-teýkary bilen ýom-ýok boljagyna we onuñ ýerine asman patyşalygynyñ geljegine ynanýardy. "Köne Ähtden" "Daniýalyñ kitaby" birnäçe ugruny ýitiren imperiýalaryñ yzyndan Dawut patyşanyñ neslinden gelen Mesihiñ ajaýyp restawrasiýasyny önünden buşlapdy. Jöhit dünýäsindäki syýasy gapma-garşylyklar özlerini dünýewi düzgüni ýakyn wagtda soñlanjagy hakda wagyz beren, özboluşly pygamberler görnüşinde ýüze çykmaga ýakyndy. Çokyndyryjy Ýahýanyñ (Andrea Solario) kellesi bilen Salomeýa, 1507-09. Isa Mesihiñ döwründe bu wagyzçylaryñ iñ meşhury "Täze Ähtiñ" möhüm personažy bolan Çokundyryjy Ýahýady. Bular ýaly wagyzçyny şol döwrüñ syýasatyndan aýry göz öñüne getirip bolmaýar, çünki umuman sozulan strukturanyñ tebigatdan daşary ýollar bilen agdarylmagyny talap edýärdi. Jöhit halky üçin Hudaýyñ gündelik durmuşlaryna goşulmagy möhüm zatdy we bu döwürde birnäçeleri ýene bir gezek hudaýtarapyn düzedişe garaşýardy. Ýuhannanyñ (Ýahýanyñ) wagyz etmegi merkezi agalyga düýpli garşylygyñ bardygyny görkezdi we "Täze Ähtde" saddukeýlerdir fariseýleriñ iudeýligine tokundy. Ýahýa ahyrynda Jeliläniñ hökümdary Irod Antipa tarapyndan tussag astyna alnyp, ölüm bilen jezalandyryldy. Dünýewi çeşmämiz Iosif Flawiniñ aýtmagyna görä, Ýuhannanyñ tussag edilmegi ilki bilen syýasy häsiýete eýedi. Irod Ýuhannanyñ gozgalañ turuzmagyndan gorkýardy. Injilde onuñ Irody aç-açan ýazgarandygy aýdylýar. "Täze Äht" Isanyñ Pereada wagyz berip otyrka, Irod Antipanyñam ony öldürmegi meýilleşdirendigini öñe sürýär. Ýuhannanyñ Isany çokundyrandygy we öñbaşçylygyna täsir edýän ýaly görünendigi üçin muña geñ galyp oturmagyñ hajaty ýok. Isanyñ Ýuhanna bilen gatnaşygy onuñ kyýamat radikalizmine güýçli ýakynlygynyñ bardygyny görkezýär. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Ýekşenbe, 25.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |